Sanly ykdysadyýetiň kämilleşdirilmegi

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere besleýän möhüm wakalaryň her günde ençemesiniň şaýady bolýarys. Bu taryhy wakalar halkymyzyň hakydasynda we diýarymyzyň taryhynda öçmejek yz goýup, dünýä jemgyýetçiliginiň gyzyklanmasyny barha artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty milli bähbitlerden ugur alýar hem-de umumadamzat bähbitlerine gönükdirilýär.

Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen işjeň daşary ykdysady syýasat ýurdumyza sebit we halkara derejesindäki iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde Türkmenistan dünýä ýurtlary bilen köpugurly özara işjeňligi diwersifikasiýalaşdyrmaga uly üns berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýete aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmeginiň, sanly ykdysadyýetiň hukuk binýadynyň kämilleşmegine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga uly itergi berýändigini bellemek zerurdyr. Bu Kanun elektron resminamalaryň, elektron resminamalaryň dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny, olara bildirilýän esasy talaplary kesgitleýär hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmäge gönükdirilendir.

Ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekdi. Bu Resminama laýyklykda, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Dünýä ýüzünde Türkmenistanyň abraýynyň artmagy ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän, ýurdumyzyň ösüşlerini has-da belentliklere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, döwletli işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin.

Jeren ÝEGENOWA,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21864