Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan döwletimiz täze pudaklary döretmek, senagatda we durmuş-medeni ulgamda özboluşly desgalaryň birnäçesini gurmak bilen, öz ykdysadyýetini üstünlikli ösdürýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň maksatlary, meseleleri we esasy ugurlary, şeýle-de maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň jemi içerki önümi emele getirmekde goşýan goşandyny artdyrmagyň, milli ykdysadyýetde sanly ulgamy kämilleşdirmegiň çäreleri kesgitlendi.
Sanly ykdysadyýet sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyna esaslanýan ykdysady gatnaşyklaryň ulgamy bolmak bilen, ol wagtyň we harajatlaryň tygşytlanylmagy bilen bir hatarda, girdejileriň täze çeşmelerini ýüze çykarmaga şert döredýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynyň hem-de durmuş ulgamynyň maglumat tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Häzirki wagtda bu konsepsiýany durmuşa geçirmek boýunça ähli möhüm ugurlar boýunça işler giňden ýaýbaňlandyryldy.
Ýurdumyzy sanly ulgam esasynda ösdürmegi maksat edinmek üç tapgyrdan ybarat bolup durýar. Konsepsiýa laýyklykda, tapgyrlaryň üçüsinde-de ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlaryna maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary binýat bolup durýar hem-de ol geljekki ösüşiň belentliklerini nazarlaýar. Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek hem dowam edýär. Ol halkara hukuk-kadalaryna laýyklykda halkara ülňüleriň hil derejesini-de öz içine alýar.
Ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça hem netijeli işler amala aşyrylýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň bank ulgamynda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň karz edaralarynda müşderilere täze tehnologiýalara esaslanýan hyzmatlary amala aşyrmagyň gerimi giňeýär. Dünýä ykdysadyýetine amatly goşulyşýan Türkmenistan döwletimiz üçin bank ulgamynyň işini sanlylaşdyrmak wezipesi strategik wezipe hökmünde kesgitlendi. Ýurdumyzda nagt däl tölegleriň möçberini artdyrmak hem-de pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin milli karz edaralary tarapyndan halkara tejribesiniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary has-da ýaýbaňlandyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Häzirki wagtda «lnternet-bank» ulgamy arkaly ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlary üçin tölegleri (agyz suwy, elektrik energiýasy, tebigy gaz, lagym, ýylylyk, ýaşaýyş jaý üçin tölegler we beýlekiler) amala aşyrmak, ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçy petekleriniň nagt däl görnüşde satylmagyny giňeltmek boýunça işler ýola goýulýar.
Türkmenistanda dürli ulgamlarda sanly ykdysadyýetiň düzüm bölekleri üstünlikli hereket edýär. Şunuň bilen baglylykda biziň ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda dünýä tejribesini öwrenmek möhümdir.
Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň kemala gelmegi senagat we maliýe işinde maglumat we sanly serişdeleriň ähmiýetiniň güýçlenmegi bilen häsiýetlendirilýär. Häzirki wagtda sanly tehnologiýalara geçmek ähli ugurlary gurşap alýar. Ylmy barlaglaryň görkezişi ýaly, munuň üçin infrastrukturany döretmek, institusional gurşawy emele getirmek, sanly tehnologiýalar bilen işlemek medeniýetini ösdürmek, işgärler kuwwatyny güýçlendirmek zerurdyr.
Geçen ýylda ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyryldy. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça pudagara topary döretmek hakynda» kabul eden Kararyny sanly ykdysadyýeti geçmegiň şertlerini döretmek üçin möhüm çäreleriň hatarynda görkezmek bolar.
Ykdysadyýetiň möhüm pudagy bolan senagatda sanly ulgamy ornaşdyrmak möhüm ähmiýete eýedir. Senagat pudagynda intellektual maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bu pudagyň ösüşi üçin giň mümkinçilikleri açýar. Senagat pudagyna degişli önümçilikleriň ähli tapgyrlarynda innowasiýa çözgütleriniň ornaşdyrylmagynyň netijesinde gözegçiligiň güýçlendirilmegi, ýitgileriň azaldylmagy, önümleriň özüne düşýän gymmatynyň peseldilmegi, zähmet öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagy, önümçiligiň netijeliliginiň we howpsuzlygynyň artdyrylmagy pudagyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýär.
Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan ykdysady özgertmeleri netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň sanly ulgama geçmegi, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda durmuşa geçirilýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş seritlerini gowulandyrmaga we ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen özgertmeleri geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaçlansyn!
Jeren AKMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.