Ösüşleriň ygtybarly binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, ykdysadyýetimizde hususy eýeçiligiň paýyny ýokarlandyrmak, kiçi we orta işewürligi ösdürmäge ýardam bermek hem-de söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini has-da netijeli guramak işleri giň gerime eýe bolýar. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerini giňden ornaşdyrmaga we ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna çykarmaga gönükdirilen işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär. 2021-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz döwletiň düzgünleşdiriji ornuny göz öňünde tutup, bazar edaralaryny we usullaryny doly derejede ösdürmegiň üpjün edilmelidigine, döwlet eýeçiligine degişli desgalary hususylaşdyrmak boýunça netijeli çäreleriň işlenilip taýýarlanylmalydygyna aýratyn ünsi çekdi.

Ýurdumyzda döwlet emlägini hususylaşdyrmaga ygtyýarly edara hökmünde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi kesgitlenildi we bu işiň bäsleşikli ýa-da göni salgyly esasda geçirilmegi kanuny ýagdaýdyr. Döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy döwlet eýeçiligindäki emläkleriň döwlete degişli bolmadyk ýuridik we fiziki şahslara tölegli esasda berilmegidir hem-de döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň esasy ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegi kabul edilýän döwlet maksatnamalarynyň we çözgütleriniň esasynda amala aşyrylýar. Ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijesinde, döwletiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň bäsleşikli şertlerde hususylaşdyrylyp berlen emläkleri satyn alan fiziki şahslar ýa-da döwlete degişli bolmadyk ýuridik şahslar tarapyndan dürli görnüşli önümçilikleriň we hyzmatlaryň ýola goýulmagy özüniň oňyn netijelerini berýär.

Döwlet emlägini hususylaşdyryp alan fiziki şahslara we döwlete degişli bolmadyk ýuridik şahslara ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan, dürli görnüşli önümçilikleriň we hyzmatlaryň döredilmegi we işe girizilmegi üçin ýeňillikli bank karzlary berilýär. Hususylaşdyrylan emläklere goşmaça maýa goýumlaryň özleşdirilmeginiň netijesinde, täze döwrebap önümleriň öndürilmegini we hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegini hem-de goşmaça iş ýerleriniň döredilmegini şertlendirýär. Döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň esasy ýörelgeleri, ýagny, döwletiň emlägi hususylaşdyrylanda raýatlaryň hukuklarynyň deňligi, çäreleriň bäsleşik esasynda geçirilmegi, işgärleriň durmuş goraglylygynyň üpjün edilmegi, hususylaşdyrylmagyň aýanlygy we gözegçiligiň üpjün edilmegi bolup durýar.

Milli Liderimiziň döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak, paýdarlar jemgyýetine öwürmek, olaryň binýadynda hususy kärhanalary döretmek babatyndaky tabşyryklary, ýurdumyzda bazar ykdysadyýetini ösdürmegiň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Bu ugurda alnyp barylýan we durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde ýurdumyzda syýahatçylyk işleriniň hususy ulgama berilmegi hem hyzmatlaryň görnüşleriniň giňelmegine mümkinçilik döredýär. Hususy ulgama balykçylyk pudagynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde, balyklaryň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge, tutmaga we olary gaýtadan işlemäge giň şertler döredildi. Söwda we hyzmat maksatly binalaryň we desgalaryň hususy ulgama satylmagy bilen, bu ugurdaky işleriň geriminiň has-da artmagyna getirdi. Oba hojalyk maksatly önümçilikleriň hususy ulgama satylmagy, ýurdumyzda azyk bolçulygyny emele getirmäge döredilen giň mümkinçilikleriň biri bolup durýar.

Ýurdumyzyň milli ykdysady ösüşinde möhüm orny tutýan hususy ulgamyň işine berilýän ýokary ähmiýetiň we döredilýän giň mümkinçilikleriň barha pugtalandyrylmagy kanuny ýagdaýdyr. Häzirki zaman ösen sanly tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň batly depginlerde ornaşdyrylýan döwründe kabul edilýän çözgütler, ýurdumyzyň uzakmöhletleýin ykdysady ösüşine özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hususy ulgamyň işewürleriniň döwlet tarapyndan berilýän uly goldawlar we döredilýän ýeňillikler üçin milli Liderimize alkyşlary bimöçberdir.

Goý, ata Watanymyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Annamyrat ALTYÝEW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21769