Geçen hepdäniň esasy wakalarynyň biri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň her ýylyň başynda Mejlisiň deputatlary bilen geçirýän duşuşygy bolup, onuň barşynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda ýurdumyzyň öňünde durýan möhüm wezipeleri nazara almak bilen, ýakyn geljek üçin kanunçykaryjylyk babatda milli parlamentiň işiniň esasy ugurlary kesgitlenildi.
Döwlet Baştutanymyzyň maksatnamalaýyn çykyşynda ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeler bilen baglylykda Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, ykdysady kuwwatyny artdyrmak hem-de halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak bu ugurda geçirilýän işiň esasy wezipeleri hökmünde bellenildi.
Bu, ilkinji nobatda, Prezident Maksatnamasynda göz öňünde tutulan özgertmeleriň hukuk esaslaryny döretmäge, bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, gönükdirilen täze kanunçylyk namalaryny kabul etmek we hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek bolup durýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda telekeçilige döwlet tarapyndan giň goldaw bermegiň, paýdarlar jemgyýetlerini döretmegiň, içerki bazary ýurdumyzda öndürilen ekologiýa taýdan arassa önümler bilen doly üpjün etmegiň möhümdigini aýratyn belledi.
Döwlet serişdelerini netijeli ulanmak, býujet-salgyt, pul-karz gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, maliýe bazarlaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmek zerur bolup durýar.
Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürijilere goldaw bermek, goşmaça iş orunlaryny döretmek boýunça kanunçylygy kämilleşdirmek parlamentiň işiniň möhüm ugry hökmünde görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz deputatlaryň ünsüni ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetinde ygtybarly hukuk esaslarynyň döredilmegine çekip, döwrebap jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmagyň, durmuş şertlerini gowulandyrmak, tehnologiýalar bilen bagly töwekgelçilikleri azaltmagyň hem-de internet ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin elektron usuly ornaşdyrmagyň ähmiýetini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gazylyp alynýan tebigy serişdeleriň we çig malyň ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmegi hem-de olary gaýtadan işlemegi, ýokary goşmaça bahaly taýýar önümleriň çykarylmagyny milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlary hökmünde kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, maýalary çekmek, kärhanalary hasaba alyş ulgamyny kämilleşdirmek, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen we bäsdeşlige ukyply önümleri çykarýan bilelikdäki kärhanalary döretmek, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin amatly hukuk şertleri üpjün edilmelidir.
Milli Liderimiz öz maksatnamalaýyn çykyşynda saglygy goraýyş, ilatyň arassaçylyk-epidemiologiýa abadançylygyny üpjün etmek, maşgala gatnaşyklary, ýaşlar syýasaty, raýatlaryň durmuş goraglylygy, olaryň işlemäge, bilim almaga bolan konstitusion hukuklaryny üpjün etmek babatda kanunlary kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak bilen bagly meseleleri hem gozgady.
Ýangyç-energetika, suw we ýer serişdelerini netijeli peýdalanmak babatda täze ölçegleri girizmek boýunça anyk wezipeler kesgitlenildi.
Daşky gurşawy goramak, atçylygy has-da ösdürmek boýunça täze kanunlary kabul etmek hem-de hereket edýän kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler ozalkysy ýaly zerur bolmagynda galýar.
Milli Liderimiz Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň parahatçylyk söýüjilikli ugruny üpjün etmegiň hukuk gurallaryny kämilleşdirmek barada aýtmak bilen, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi saklamakda halkara bileleşigiň tagallalaryna hemmetaraplaýyn ýardam etmek meselelerine ünsi çekdi.
Geçirilýän konstitusion özgertmeleriň çäklerinde, ýurdumyzyň saýlaw ulgamy boýunça kanunçylygy kämilleşdirmek, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeliligini artdyrmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň öňümizdäki saýlawlary barada durup geçip, olaryň ozalkylardan bütinleý tapawutlanýandygyny belledi. Göni däl diýlip atlandyrylýan şeýle saýlawlar ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýär.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary hem ilkinji gezek geçirilýär. Halkara hukuga laýyklykda, bu saýlawlar demokratik saýlaw hukuklarynyň düzümine girýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow syýasy ulgamy kämilleşdirmek, ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak boýunça wezipelerden ugur almak arkaly, bu saýlawlary ýokary derejede, açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýynda geçirmegiň möhümdigini belledi.
Rowaçlyklaryň ýyly boljak parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, nesip bolsa, biz eziz Watanymyza çäksiz buýsanyp, öňde goýan uly maksatlarymyza hem-de belent sepgitlerimize ynam bilen ýeteris. Çünki Garaşsyz, Bitarap döwletimiz arzuw-maksatlaryň hasyl bolýan ýurdudyr, gülläp ösüşiň we bagtyýarlygyň mekanydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Geçen hepdäniň wakalary barada gürrüňi dowam etmek bilen, milli Liderimiziň 22-nji fewralda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktorynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine garalandygyny aýtmak gerek.
Garalan meseleleriň hatarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, Aşgabady abadanlaşdyrmagyň barşy, dürli maksatly desgalaryň taslamalaryny hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň hormatyna guralmagy meýilleşdirilýän dabaralaryň maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagy bilen bagly meseleler boldy. Şeýle hem ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, dürli önümleriň bolçulygyny üpjün etmek hem-de ýurdumyzyň telekeçileriniň bu ugurda wezipeleriň üstünlikli çözülmegine goşandy hakynda habar berildi.
Milli Liderimiz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi, baýramçylyk çärelerinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan beýik işleriň, ýetilen sepgitleriň we gazanylýan üstünlikleriň öz beýanyny tapmagy ugrunda zerur tagallalary görmegi berk talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň, aýratyn-da, dürli maksatly desgalaryň gurluşyklarynyň ýokary hil derejesine eýe bolmagynyň möhüm talapdygyna ünsi çekdi. Şunda desgalaryň gurluşyklarynyň bellenilen möhletde tamamlanmagyna hem-de olaryň milli binagärlik ýörelgeleriniň häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişe, bugdaý ekilen ýerlerde agrotehniki işleriň, ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň ähli agrotehniki talaplara laýyklykda ýokary hilli geçirilmegi, ýüpekçi kärendeçileriň pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi üçin ähli şertleriň döredilmeginiň zerurdygyny belledi. Ýazky bag ekmek möwsümini geçirmek babatda aýratyn tabşyryklar berildi.
Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk görmek, şol sanda Mary welaýatynda we paýtagtymyzda geçirilmegi göz öňünde tutulýan baýramçylyk çäreleriniň hem-de dabaralarynyň maksatnamasyny işläp taýýarlamak maslahatda garalan meseleleriň biri boldy. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän 600 baş bedew üçin niýetlenilen athananyň taslamasy hödürlenildi. Umumy meýdany 15,4 gektara barabar bolan bu toplumda tohum bedewleri idetmek hem-de ahalteke bedewleriniň häsiýetli aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek üçin ähli şertler dörediler.
Milli Liderimiz sährada aýry-aýry topar bolup gezip ýören meýdan atlarynyň taryhda näme maksat bilen ulanylandygyny kesgitlemek we bu ýagdaýlary ylmy taýdan öwrenmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi hem-de bu ugurda netijeli işleri geçirmegi tabşyrdy.
23-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sanly ulgam merkezine baryp, bu ýerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy. Hususan-da, bu merkeziň alyp barýan işiniň esasy ugurlary ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hem-de olaryň garamagyndaky düzümlerde, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmekden ybaratdyr.
Milli Liderimiz ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanynda döredilen Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugynyň işini kämilleşdirmek, türkmenistanlylara hödürlenilýän täze aragatnaşyk hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak, düýpli programmalaýyn önümleri döretmek we goldamak ulgamynda ýaş hünärmenleri taýýarlamak hem-de olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin zerur şertleri döretmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň amala aşyrylmagy bilen baglylykda, bu gullugyň esasy wezipesi işleri döwrebap derejede guramakdan, merkezleşdirilen gözegçiligi amala aşyrmakdan ybaratdyr.
24-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şäheri gurmagyň binagärlik taslamalary, şol sanda “Aşgabat-siti” täze ýaşaýyş toplumy üçin işlenilip taýýarlanylan hem-de paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyrynda “Altyn kölüň” kenarynda guruljak döwrebap desgalaryň taslamalary hödürlenildi.
Şolaryň hatarynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň, medeniýet hem-de sungat mekdebiniň, mejlisler we konsertler zalynyň, okuwçylar üçin niýetlenen umumy ýaşaýyş jaýlarynyň, üsti ýapyk sport toplumynyň binalarynyň hem-de açyk sport meýdançasynyň taslamalary bar. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň Köpetdagyň belent gerşinde bina edilýän ýadygärligi, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tanyşdyrylyşyň dowamynda “Daşkent” seýilgähiniň, Halkara sagaldyş-dikeldiş we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binasynyň, paýtagtymyzy ösdürmegiň 18-nji tapgyrynyň çäklerinde Köşi ýaşaýyş toplumynda bina ediljek durmuş maksatly binalaryň taslamalary we gurluşyklary ýerine ýetirmegiň tapgyrlary barada habar berildi.
Şanly sene mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çäreleriniň hatarynda täze desgalaryň ulanylmaga tabşyrylmagy, “Ak şäherim — Aşgabat” atly ХХ halkara köpugurly sergi, döredijilik bäsleşikleri, konsertler, halkara onlaýn duşuşyklar, media-forumlar, sport çäreleri, at çapyşyklar bar. Şäheriň gününiň öň ýanynda “Aşgabat bahary” gysga göwrümli çeper filmleriň festiwaly jemleniler.
Milli Liderimiziň garamagyna Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli nyşanyň şekil taslamalary hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň netijelerini jemläp, Garaşsyz Watanymyzyň abraýyny köp babatda onuň paýtagtynyň kesgitleýändigini belledi. Ak mermerli Aşgabat Garaşsyz döwletimiziň ykdysady we syýasy ösüşiniň depginini, jemgyýetiň medeni hem-de ruhy durmuşynyň derejesini, aň-paýhas kuwwatyny aýdyň görkezýän şäherdir.
Döwlet Baştutanymyz seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine, sport hem-de çagalaryň oýun meýdançalarynyň gurluşygyna we ulanylyşyna hem-de umuman, adamlaryň amatly we işjeň dynç almagy üçin şertlere, şäheriň ekologiýa abadançylygyna uly üns berilmelidigini aýtdy.
Şeýle hem milli Liderimiz şanly senäniň öň ýanynda, 24-nji maýda paýtagtymyzy ösdürmäge öz zähmeti bilen uly goşant goşan adamlara dabaraly ýagdaýda döwlet sylaglarynyň gowşuryljakdygyny habar berdi. 25-nji maýda bolsa paýtagtymyzyň demirgazygynda täze ýaşaýyş toplumynyň düýbi tutular. Şeýle hem şol gün täze gurlan “Garagum” myhmanhanasy dabaraly açylar.
26-njy fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda garalan meseleleriň hatarynda Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilýän goşa baýrama taýýarlyk görmek bilen bagly mesele boldy. Şol waka mynasybetli paýtagtymyzda täze, amatly awtobuslaryň 400-si işe giriziler. Şäher içindäki ähli awtobuslaryň baýram gününde ýolagçylara mugt hyzmat etjekdigi bellärliklidir.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji maýda ilkinji bolup dünýä inen çagalaryň ene-atalaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlaryň gowşuryljakdygyny aýtdy hem-de körpelere özboluşly atlary dakmagy — oglanjyga Paýtagt ýa-da Aşgabat, eger gyzjagaz dünýä inse, Merjen ýa-da Maýa adynyň dakylmagyny teklip etdi.
Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Karara gol çekdi. Resminama bilen Türkmenistanyň syýasy durmuşynyň, durmuş-ykdysady, tehnologiýa we medeni taýdan ösüşiniň merkezi bolan Aşgabadyň abraýyny halkara jemgyýetçilikde giňden wagyz etmäge gönükdirilen şanly çäreleri geçirmek baradaky toparyň düzümi we meýilnamasy tassyklanyldy.
Hökümetiň mejlisinde garalan beýleki meseleleriň hatarynda ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak we ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini amala aşyrmak, ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin bölümlerindäki işleriň ýagdaýy, obasenagat toplumynda özgertmeleriň barşy baradaky meseleler boldy.
Şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek sergä we maslahata görülýän taýýarlyk işleri, Halkara zenanlar güni mynasybetli çäreleriň meýilnamasy hem-de döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen düzümine 7 — 14 ýaş aralygyndaky mekdep okuwçylary girjek Türkmenistanyň “Altyn nesil” çagalar guramasyny döretmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ykdysady Hyznatdaşlyk Guramasynyň (YHG) ýokary derejeli 14-nji mejlisiniň işine türkmen tarapynyň gatnaşmagyna taýýarlyk görlüşi barada habar berildi. Bu mejlisi Türkiýe Respublikasy 2021-nji ýylyň 4-nji martynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirer.
Şu ýylda YHG-ä başlyklyk etmegi Türkmenistan kabul eder. Şunuň bilen baglylykda, degişli konsepsiýanyň taslamasy işlenilip düzülip, onda birnäçe möhüm wezipeler kesgitlenildi. Şu ýylyň mart aýynda YHG-nyň Baş sekretarynyň Türkmenistana saparyna garaşylýar. Şol saparyň dowamynda Aşgabatda YHG-nyň gününde bu guramanyň ýokary derejeli 15-nji duşuşygyny geçirmek baradaky meselä garalar.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, döwletara gatnaşyklaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna hem-de köpugurly esasda ösdürilmegine, täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, döwletleriň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň maksatlaryna, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine gabat gelýän maýa goýum mümkinçiliklerini has işjeň amala aşyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam bermek ýurdumyzyň şu ýylda YHG-ä başlyklyk etmeginiň esasy ugurlarydyr.
Mejlisde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara zenanlar güni mynasybetli eziz Diýarymyzyň aýal-gyzlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak hakyndaky Buýruga gol çekdi.
Türkmen alabaýynyň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmak milli itşynaslygy ösdürmek we kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek hakynda” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, bu baýramçylyk her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen birlikde dabaraly ýagdaýda belleniler.
Halkara derejeli wakalaryň hatarynda Merkezi Aziýa döwletleriniň — Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň ýokary wezipeli zenanlarynyň diologynyň çäklerinde, bu ýurtlaryň milli parlamentleriniň wekilleriniň konsultatiw duşuşygy boldy. Onlaýn forumyň gün tertibi BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) düzümi bolan Zenanlaryň ýagdaýy baradaky komissiýanyň 65-nji mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri öz içine aldy. Şeýle hem 2021-nji ýyl üçin Hereketleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi.
BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (BMG ÝYK) Içerki ulag boýunça Komitetiniň 83-nji mejlisiniň çäklerinde, Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan «Hazar deňzi sebitinde pandemiýa döwründe ulag we söwda gatnaşyklarynyň durnuklylygy» diýen mowzuk boýunça onlaýn görnüşde duşuşyk gurady. Merkezi Aziýa we Hazarýaka döwletleriň ilçileriniň hem-de wekilleriniň, şeýle-de halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda guralan wideoduşuşygyň barşynda ulag-logistika ulgamynyň birleşdirilmeginiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy 2021-nji ýylda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ulag ministrleriniň maslahatynyň geçirilmegine görülýän taýýarlyk barada hem habar berdi.
Mejlisiň wekilleri wideoaragatnaşyk arkaly Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament assambleýasynyň mejlisine gatnaşdylar. Bu çärä 57 ýurtdan parlamentarileriň 270-e golaýy gatnaşdy.
Mejlise gatnaşyjylar halkara gün tertibiniň meseleleriniň giň ugurlary, hususan-da, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, dawalaryň öňüni almak hem-de şolary kadalaşdyrmak, COVID-19 pandemiýasynyň ykdysady we ekologiýa netijelerini aradan aýyrmak hem-de gender deňligini üpjün etmek, zenanlaryň ykdysady hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Aşgabatda wideoaragatnaşyk arkaly Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň mejlisi geçirildi. Oňa pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň hem-de iki döwletiň işewür toparlarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, özara haryt dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmaga ýardam etjek çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de birnäçe anyk wezipeleri kesgitlediler. Obasenagat toplumy, maşyngurluşyk, dokma we ýeňil senagaty, gurluşyk senagaty, ulag-kommunikasiýa hem-de beýleki birnäçe pudaklar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň mejlisiniň jemleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.
Umuman, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynda anyk maksatlary gazanmakda milli Liderimiziň strategiýasynyň öňdengörüjiliklidigini ýene-de bir gezek tassyklady. Şol strategiýa eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmakdan, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
(TDH).
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/22045?type=feed