Düýn hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda täze dokma toplumy açyldy
Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen bu döwrebap kärhana ýurdumyzda ozal hereket edýän ugurdaş senagat toplumlarynyň üstüni ýetirdi. Onuň işe girizilmegi Türkmenistanda senagatlaşdyrmak strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädim boldy.
Döwletli çözgütleri bilen halkymyzy yzygiderli begendirýän döwlet Baştutanymyz il-günüň bagtyýar ýaşaýşyna gönükdirilen ýene-de bir tagallany durmuşa geçirdi — Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda täze dokma toplumyny açyp, ulanmaga berdi. Täze dokma toplumy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylymyzda açylan taryhy binalaryň sanawynyň üstüni ýetirdi. Bu kärhana mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýubileý ýyly mynasybetli halkymyza ajaýyp toý sowgady boldy.
Haýsydyr bir täze haryt edinsek ýa-da durmuşymyzda islendik täzelik bolsa, şonuň öňkümizden aýratyn taraplary köp soralagan bolýar. Babadaýhan dokma toplumynda hem özboluşly aýratynlyk näçe diýseň bar. Ol özüniň mümkinçiligi we kuwwaty babatda Aşgabat dokma toplumyndan soň, ýurdumyzda ikinji ýerde durýar. Munuň özi toplumyň önümçilik güýjüniň ägirt uludygynyň alamaty dälmi, eýse?! Kärhana eksport maksatly önümleri öndürmegiň möçberlerini artdyrmak boýunça dokma toplumynyň öňünde goýlan wezipelere doly laýyk gelýär. Ol ýüpek pagtany gaýtadan işlemek mümkinçiligine hem eýe.
Elbetde, uly taryh pursatlardan düzülýär. Şeýle ägirt toplumyň gurulmagy tutuş ýurdumyzyň, aýratyn-da, dokma pudagynyň taryhyna altyn harplar bilen möhürlener. Ýene-de bir üns çekerlik ýagdaý, täze toplumyň gurluşyk işleriniň agramly bölegini türkmen gurluşykçylarynyň ýerine ýetirmegidir.
Ekologiýa taýdan howpsuz önümçilik ulgamly täze dokma toplumynda zähmet çekjek hünärmenler öz ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde taýýarlanyldy. Bu buýsançly ýagdaý. Dokmaçylyk, önümçilik ugurlaryndan ýokary we ýörite orta bilim alýan ýaşlar bu kärhanada önümçilik tejribeligini geçerler. Iş öwrenerler. Belki, özleriniň zähmet ýoluny hem hut şu ýerde başlarlar. Sebäbi täze toplumda ýaş hünärmenler üçin mümkinçilikleriň gapysy hemişe açyk.
Biziň ýurdumyz öz halkyny dokma önümleri bilen üpjün etmekde ady dillere düşen meşhur döwletleriň hatarynda öňdäki orunlara geçdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kemala gelen dokma pudagy şeýle diýmegimize doly esas berýär. Diňe soňky birnäçe ýylyň dowamynda pudagyň düzümine tebigy çig maldan bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän täze kärhanalaryň, ýüpegi gaýtadan işleýän hem-de aýakgap fabrikleriniň, gön işläp bejerýän kärhanalaryň onlarçasy goşuldy. Şu ýylyň 25-nji awgustynda Kaka etrabynda açylan dokma toplumyny mysal getirsek, ýerlikli bolsa gerek. Oňa halkara güwänamalarynyň hem gowşurylandygyny ýatlalyň!
Söwda dükanlaryndaky gözüň ýagyny iýip barýan dokma önümlerini, ýüpek halylarydyr matalaryny synlan kişi, ol isle bu ýerdäki harytlara diňe tomaşa etmäge gelen bolaýsyn, önümlere derrew hyrydar çykýar. Bir sapar däl, muňa köp şaýat bolandyrys. Çünki hödürlenýän önümleriň her biriniň gatyna zähmet adamlarynyň yhlasy, sünnäsi, mähri siňip, has-da öwşün atyp durlar. Iň esasysy bolsa, taýýar önümleriň ýüzündäki «Türkmenistanda öndürildi» diýlen ýazgy müşderileriň islegini has-da artdyrýar.
Döwrümize hyýallaryň hakykata öwrülýän, ertekilerdäki «bolsadylaryň» durmuşa ornaşýan eýýamy diýmäge halys öwrenişipdiris. Bu görýänlerimiz erteki däl, hakykatyň özi diýsek, tüýs jüpüne düşer. Babadaýhan etrabynda binýat edilen täze dokma toplumy, onuň ähmiýeti barada diňe bir ýazgynyň çäginde gürrüň berip geçmek mümkin däl.
Buýsanç-begençden ýüzlerine nur çaýylan dokmaçylarymyzyň ruhlary bu gün has-da belentde. Olaryň hemmesi şeýle bir ýokary tizlikde bolup geçýän ösüş-özgertmeler babatda: «Bitirene berekella! Başynda duran Gahryman Arkadagymyza alkyş bolsun!» diýip, ýürek sözlerini beýan edýärler.
Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
«Nesil».
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/47116
TÄZE KÄRHANANYŇ OWADAN HALYLARY
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp Gubadag etrabynyň merkezinde açylan täze halyçylyk kärhanasynda halyçylar joşgunly zähmeti dowam etdirýärler. Toparyň hünärmenleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny öndürijilikli zähmete, netijeli işlere besleýärler. Olaryň irginsiz zähmeti bilen dokalýan owadan gölli, dürli reňkli nagyşlar bilen bezelen halylaryň sany barha artýar.
Täze kärhanada halyçy gelin-gyzlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli oňaýly şertler döredilipdir. 860 inedördül metre barabar bolan esasy önümçilik bölüminde häzirki zaman ölçeglerine laýyk gelýän haly dokaýan enjamlaryň 40-sy oturdylypdyr. Täze önümçilikde halyçy gelin-gyzlaryň 150-si zähmet çekýär. Bu ýerde döwrebap ulgamlar arkaly howanyň zerur ýylylyk derejesi saklanýar we tämizlenip durulýar. Mundan başga-da, kärhanada ussahana, çig maly we taýýar önümleri saklar ýaly ammarlaryň ikisi hem-de beýleki kömekçi jaýlar ýerleşýär. Bu önümhanada haly we haly önümleriniň muzeýiniň bolmagy hem örän guwandyryjydyr. Çünki öz mirasyňy, milli sungatyňy, onuň taryhyny öwrenmek hemmeler üçin gyzykly we täsirli bolsa gerek. Şeýle bolansoň, özleri üçin döredilýän amatly şertlerden, aladalardan ruhlanýan täze kärhananyň halyçy gelin-gyzlary hormatly Prezidentimize tükeniksiz alkyş aýdyp, iş depginlerini has-da artdyrýarlar.
Täze halyçylyk önümhanasynda her aýda el halylarynyň we haly önümleriniň 130 — 150 inedördül metri dokalýar. Kärhanada Maýsa Kakalakowa, Aýnabat Jumaýewa, Güljemal Atalowa, Sona Gölbaýewa, Täzegül Pürenowa, Hurma Töräýewa, Maral Otuzowa ýaly halyçylar we toparyň başga-da birnäçe agzalary özlerine tabşyrylan her bir işi jogapkärçilik, ruhubelentlik bilen ýerine ýetirip, ýokary hilli halylary dokamagyň hötdesinden gelýärler. Bu halyçylar gadymy nagyşlary täzeden dikeltmek, olary ýaşlara öwretmek ýaly wajyp wezipelere hem uly üns berýärler.
Öz habarçymyz.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/47125
Golaýda döwlet Baştutanymyzyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň işine ak pata bermegi güngünden ösýän döwletimiziň taryhyna ýazylan şanly wakalaryň biri boldy.
Türkmeniň owaldaahyrda keramatly saýýan zatlarynyň biri — ýol. Uzak ýola ugrana, haýyr işi ýüregine düwene ak ýol arzuw edilýär. Hatda sözüň dogrulygynyň kepili hökmünde il arasynda: «Ak ýolda durun» diýilýänini hälişindi eşitmek bolýar.
Ýol — ulusiliň ýöreýän ýeri. Gadymda kerwenleriň, dünýä jahankeşdeleriniň hut biziň topragymyzda düşläp geçendigine taryh şaýat. Dünýä syýahatçylary haýsy tarapa rowana bolsalar, köplenç, türkmen topragynyň üstünden ýol salypdyrlar. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň üsti bilen aýdyň bilmek bolýar. Mälim bolşy ýaly, geçmişde beýikbeýik medeniýetleriň döreýiş, ösüş taryhy hem ýol düşünjesi bilen baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilýändigine şaýat bolmak bizi diýseň buýsandyrýar.
Milli Liderimiziň atababalarymyzyň ruhy siňen topragymyz, Diýarymyz hakdaky watançylyk sapaklary bilen birlikde, şunuň ýaly döwrebap ýollary gurdurmagy kalbyňy Watana söýgüden pürepürleýär.
Bu gün hormatly Prezidentimiziň dünýä hemde nesillere nusgalyk ýoly ösüşleriň nyşany hökmünde bagtyýar durmuşymyz bilen sazlaşyp, bizi ajaýyp geljege alyp barýar. Ilýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri bitirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, beýik tutumlary rowaç bolsun!
Bägül KAKALYÝEWA.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/46914