Täze toplum — döwletli çözgüt

Düýn hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda täze dokma toplumy açyldy

Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen bu döwrebap kärhana ýurdumyzda ozal hereket edýän ugurdaş senagat toplumlarynyň üstüni ýetirdi. Onuň işe girizilmegi Türkmenistanda senagatlaşdyrmak strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädim boldy.

Döwletli çözgütleri bilen halkymyzy yzygiderli begendirýän döwlet Baştutanymyz il-günüň bagtyýar ýaşaýşyna gönükdirilen ýene-de bir tagallany durmuşa geçirdi — Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda täze dokma toplumyny açyp, ulanmaga berdi. Täze dokma toplumy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylymyzda açylan taryhy binalaryň sanawynyň üstüni ýetirdi. Bu kärhana mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýubileý ýyly mynasybetli halkymyza ajaýyp toý sowgady boldy.

Haýsydyr bir täze haryt edinsek ýa-da durmuşymyzda islendik täzelik bolsa, şonuň öňkümizden aýratyn taraplary köp soralagan bolýar. Babadaýhan dokma toplumynda hem özboluşly aýratynlyk näçe diýseň bar. Ol özüniň mümkinçiligi we kuwwaty babatda Aşgabat dokma toplumyndan soň, ýurdumyzda ikinji ýerde durýar. Munuň özi toplumyň önümçilik güýjüniň ägirt uludygynyň alamaty dälmi, eýse?! Kärhana eksport maksatly önümleri öndürmegiň möçberlerini artdyrmak boýunça dokma toplumynyň öňünde goýlan wezipelere doly laýyk gelýär. Ol ýüpek pagtany gaýtadan işlemek mümkinçiligine hem eýe.

Elbetde, uly taryh pursatlardan düzülýär. Şeýle ägirt toplumyň gurulmagy tutuş ýurdumyzyň, aýratyn-da, dokma pudagynyň taryhyna altyn harplar bilen möhürlener. Ýene-de bir üns çekerlik ýagdaý, täze toplumyň gurluşyk işleriniň agramly bölegini türkmen gurluşykçylarynyň ýerine ýetirmegidir.

Ekologiýa taýdan howpsuz önümçilik ulgamly täze dokma toplumynda zähmet çekjek hünärmenler öz ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde taýýarlanyldy. Bu buýsançly ýagdaý. Dokmaçylyk, önümçilik ugurlaryndan ýokary we ýörite orta bilim alýan ýaşlar bu kärhanada önümçilik tejribeligini geçerler. Iş öwrenerler. Belki, özleriniň zähmet ýoluny hem hut şu ýerde başlarlar. Sebäbi täze toplumda ýaş hünärmenler üçin mümkinçilikleriň gapysy hemişe açyk.

Biziň ýurdumyz öz halkyny dokma önümleri bilen üpjün etmekde ady dillere düşen meşhur döwletleriň hatarynda öňdäki orunlara geçdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kemala gelen dokma pudagy şeýle diýmegimize doly esas berýär. Diňe soňky birnäçe ýylyň dowamynda pudagyň düzümine tebigy çig maldan bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän täze kärhanalaryň, ýüpegi gaýtadan işleýän hem-de aýakgap fabrikleriniň, gön işläp bejerýän kärhanalaryň onlarçasy goşuldy. Şu ýylyň 25-nji awgustynda Kaka etrabynda açylan dokma toplumyny mysal getirsek, ýerlikli bolsa gerek. Oňa halkara güwänamalarynyň hem gowşurylandygyny ýatlalyň!

Söwda dükanlaryndaky gözüň ýagyny iýip barýan dokma önümlerini, ýüpek halylarydyr matalaryny synlan kişi, ol isle bu ýerdäki harytlara diňe tomaşa etmäge gelen bolaýsyn, önümlere derrew hyrydar çykýar. Bir sapar däl, muňa köp şaýat bolandyrys. Çünki hödürlenýän önümleriň her biriniň gatyna zähmet adamlarynyň yhlasy, sünnäsi, mähri siňip, has-da öwşün atyp durlar. Iň esasysy bolsa, taýýar önümleriň ýüzündäki «Türkmenistanda öndürildi» diýlen ýazgy müşderileriň islegini has-da artdyrýar.

Döwrümize hyýallaryň hakykata öwrülýän, ertekilerdäki «bolsadylaryň» durmuşa ornaşýan eýýamy diýmäge halys öwrenişipdiris. Bu görýänlerimiz erteki däl, hakykatyň özi diýsek, tüýs jüpüne düşer. Babadaýhan etrabynda binýat edilen täze dokma toplumy, onuň ähmiýeti barada diňe bir ýazgynyň çäginde gürrüň berip geçmek mümkin däl.

Buýsanç-begençden ýüzlerine nur çaýylan dokmaçylarymyzyň ruhlary bu gün has-da belentde. Olaryň hemmesi şeýle bir ýokary tizlikde bolup geçýän ösüş-özgertmeler babatda: «Bitirene berekella! Başynda duran Gahryman Arkadagymyza alkyş bolsun!» diýip, ýürek sözlerini beýan edýärler.

Atamyrat ÝAZWELIÝEW,

«Nesil».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/47116