Milli kanunçylyk kämilleşdirilýär

12-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň üçünji mejlisi geçirildi. Onda 30-njy oktýabrda geçirilen Milli Geňeşiň Mejlisiniň 15-nji maslahatynyň barşynda kabul edilen kanunlara garaldy. Şol kadalaşdyryjy hukuk namalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatynyň hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnamanyň esasy ugurlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Onuň işine gatnaşmaga köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem çagyryldy.

Mejlisiň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň, şeýle hem komitetleriň ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi, olar kanunçylyk namalarynyň her biri boýunça netijenamalar bilen tanyşdyrdylar.

Ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan kabul edilen «Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ara alnyp maslahatlaşyldy. «Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanuny biragyzdan makullan Halk Maslahatynyň agzalarynyň gelen netijesine görä, ykdysady strategiýadan ugur almak hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen esasy wezipeleri nazara almak bilen taýýarlanylan bu maliýe-hukuk resminamasy, ilkinji nobatda, ykdysady ösüşiň durnukly depginlerini saklamaga, Türkmenistanyň ägirt uly kuwwatyny amala aşyrmaga, döwlet çykdajylarynyň ýokary netijeliligini üpjün etmäge hem-de türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Soňra «Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna garaldy. «Poçta aragatnaşygy hakynda» täze Kanuny ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly Kanunlara seredildi. Olar boýunça degişli Kararlar kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň kämilleşdirilmeginiň Diýarymyzyň syýasy, ykdysady we durmuş-medeni taýdan ösdürilmegine, «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgä esaslanan ynsanperwer ugruň netijeli amala aşyrylmagyna gönükdirilendigi bellenildi. Mejlisiň dowamynda beýleki möhüm meselelere hem garaldy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň üçünji mejlisiniň garamagyna girizilen kanunlar biragyzdan makullanyldy, olar boýunça degişli Kararlar kabul edildi.


«Aşgabat».




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/46841