Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Tebigy gazy gaýtadan işlemekde, onuň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmakda alnyp barylýan işler häzirki zamanyň ösen tejribesine we ylmyň soňky gazananlaryna daýanýar. Uglewodorod çig malynyň uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzda nebiti we gazy gaýtadan işläp taýýarlamaga ýöriteleşdirilen täze önümçilikler döredilýär. Türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ugurlary hem köpeldilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda barha öňe barýan berkarar döwletimizde halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeler juda begendirýär. ªolaryň hatarynda nebitgaz ulgamynda alnyp barylýan işler mynasyp orun eýeleýär hem-de «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatymyzyň rowaçlyklara beslenýändigini aýdyň görkezýär.
Bagty BERDIÝEWA,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.