Parahatçylygy we sazlaşykly ösüşi bilen baky Bitarap Türkmenistan bütin dünýäniň ünsüni çekýär. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilýän işler oňa aýdyň şaýatlyk edýär. Eziz Diýarymyzyň häzirki guwandyryjy ösüşleri her bir türkmenistanlyny buýsandyrýar hem-de şeýle guwandyryjy sepgitleri eýelemekde özüniň hem goşant goşmagyna höweslendirýär. Çünki bedew batly ösüşler, ata Watanymyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da belende götermek, jemgyýetiň kadaly we durnukly ösüşini üpjün etmek üçin amala aşyrylýar.
Eziz Diýarymyzyň ykdysady mümkinçilikleriniň netijesinde ýurdumyzyň şäherleriniň, obalarynyň keşbi düýpgöter özgerýär. Çünki ýurdumyzyň ähli sebitlerinde her obanyň, şäheriň, welaýat we etrap merkezleriniň abadançylygyny, gülläp ösüşlerini üpjün etmek baradaky maksatnamalar boýunça toplumlaýyn alnyp barylýan işler halkymyzyň ajaýyp durmuşynyň aýrylmaz bölegidir.
Ynha, ýakynda Balkan welaýatynda bolan taryhy dabaralar, belent desgalaryň açylyşlary halkymyzyň buýsanjyny belende göterdi. Bu belent desgalar ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan yzygider ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň aýdyň beýanyna öwrüldi. Türkmenbaşy şäherinde gurlan ýokanç keseller hassahanasynyň täze binasy, şeýle hem Magtymguly etrabynda açylyp, ulanylmaga berlen lukmançylyk desgasy saglygy goraýyş ulgamynyň häzirki zaman düzüminiň üstüni ýetirdi. Munuň özi ýurdumyzyň ähli sebitleriniň yzygider ösýändigini aýdyň beýan edýär. Şeýle ajaýyp üstünlikler bolsa eziz ildeşlerimiziň buýsanjyny goşalandyryp, olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän il-halk bähbitli özgertmeleriň netijesinde belent maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan we ýiti zehininden kemal tapýan kämil syýasy ýol-ýörelge milli hem-de ruhy gymmatlyklardan ugur alyp, türkmen jemgyýetimiziň geljekki ösüşleriniň möhüm ugurlaryny kesgitlemekde, şol esasda döwlet syýasatynyň ykdysady, medeni we beýleki ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeleriň maksadalaýyk durmuşa geçirilmeginde ygtybarly orun eýeleýär.
Agzybirlik, jebislik we bitewilik ýaly ata-babalarymyzdan gelýän mukaddes ýörelgelerimiz häzirki döwürde döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ykdysady ösüşlerimiziň, üstünliklerimiziň hem rowaçlyklarymyzyň gözbaşy bolan bu mukaddes ýol-ýörelgeleriň bagtyýarlyk döwrümizde has-da ösdürilýändiginiň şaýady bolmak örän guwandyryjydyr.
Dünýäde belent abraýdan peýdalanýan ýurdumyz täze ösüşler, parahatçylygyň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Eziz Watanymyza şeýle ösüşleri bagyş edýän, dünýäde parahatçylyk, hoşniýetlilik, baky Bitaraplyk syýasatyny ýöredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Nurtäç BELEKOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.