Eziz Diýarymyzyň belent üstünlikleri

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen uly ösüşler gazanylýar. Gurlup ulanmaga berilýän belent binalar, desgalar munuň aýdyň mysallarydyr. Şu ýylyň özünde ähli welaýatlarymyzda, paýtagtymyzda beýik binalaryň açylyş dabaralaryna şaýat bolduk. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlydygyny, yzygiderli ösdürilýändigini aýdyň beýan edýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha artýar. Milli ykdysadyýetimiz hakynda aýdanymyzda, ilki bilen, milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, her bir üstünlikleriň oýlanyşykly we beýik işleriň netijesidigini bellemek gerek. Şunda sanly ulgamy ösdürmäge hem aýratyn üns berilýändigini belläsimiz gelýär. Esasan hem bu ugurdan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda uly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Şonuň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda hem sanly ulgam ösdürilýär. Bu bolsa ykdysadyýetiň has-da ýokary derejede ösmegine şert döredýär. Aslynda hem sanly ulgam düşünjesi tiz hem-de ygtybarly işleri alyp gitmegiň usuly hökmünde kabul edildi. Şonuň üçin hem sanly ykdysadyýeti ösdürmekde toplumlaýyn işler ýola goýulýar. Şunda hünärmenleri taýýarlamak hem, elektron enjamlary öndürmek hem esasy maksatlar bolup durýar. Şeýle kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagy netijesinde ýurdumyzda elektron senagaty has-da ösdürilýär.

Hormatly Prezidentimiz sanlylaşdyrmagy milli ykdysadyýetimiziň ulgamlaýyn meselelerini çözmegiň möhüm ugry hökmünde kesgitledi. Sanly ykdysadyýet maglumat tehnologiýalaryna daýanýan ykdysady iş bolup durýar. Tehnologiýa taýdan ösen ýurtlaryň tejribesiniň görkezişi ýaly, sanly ykdysadyýet olara öňe ilerlemäge we dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşulmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi jemgyýetiň hem ösmegine döwrebap mümkinçilikleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiziň beýik işlerinden rowaçlanýan kämil derejeli durmuş özgertmeler syýasaty halkyň abadan hem bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Halkyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän esasy görkezijileriň biri-de, halk hojalygy üçin dürli hünär taýýarlygyny ýola goýmakdan, kämil hünärmenleri ýetişdirmekden ybaratdyr. Hut şonuň üçin hem ylmyň we bilimiň gazananlary ýurdumyzda giňden ornaşdyrylýar. Bu bolsa önümçiligi döwrebap guramaga, netijeli öňegidişlikleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Alnyp barylýan döwlet syýasaty halkara ähmiýetli köpugurly ykdysady wezipeleri çözmäge hem-de ähli pudaklarda ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ylmy kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna döwlet derejesinde aýratyn uly üns berilýär. Döwletiň ylym-bilim kuwwaty we ylmy-tehniki mümkinçilikleri ýurduň innowasion ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösmegine ýardam berýär Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde sanly ykdysadyýete oňat düşünýän, kompýuter tehnologiýalaryny özleşdirýän ýaşlarymyz ylym-bilimiň belentliklerini nazarlaýar. Elbetde, sanly ykdysadyýeti ösdürmekde şeýle kämil hünärmenler zerur bolup durýar. Bu günki gün ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde şeýle kämil hünärmenler taýýarlanylýar. Bu bolsa bu ugruň has-da ösdüriljekdiginden habar berýär.

Beýik maksatlar täze ösüşlere ýetirýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde maksatlaýyn işler ýola goýulýar, ylmy garaýyşlar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti giňden ornaşdyrmakda ägirt uly mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Ýusup GURBANMYRADOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/46961