Kuwwatly senagatyň täze düzümi

Garaşsyz ýurdumyzda dokma senagaty milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösýän pudaklarynyň birine öwrüldi. Soňky ýyllarda bu pudakda çig maly gaýtadan işläp, ekologiýa taýdan arassa we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply taýýar önümleri öndürýän kärhanalaryň onlarçasy gurlup, ulanylmaga berildi. Şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň öňýanynda açylan Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýyllyk önümçilik kuwwaty 5 müň tonna inçe süýümli pagtany gaýtadan işleýän dokma toplumy işe girizildi. Düýn — 17-nji noýabrda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda dabaraly ýagdaýda açylan döwrebap dokma toplumy hem milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrjak desgalaryň üstüni ýetirdi.

Türkmen topragy gadymy eýýamlardan bäri ösen senetçiligiň we hünärmentçiligiň mekany hökmünde bellidir. Bu ýerde taýýarlanylan dokma önümleri Beýik Ýüpek ýolunyň iň geçginli harytlarynyň hatarynda durupdyr. Bu hakykaty hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň birinji kitabyndaky: «Türkmen parçalary Hytaýda, Hindistanda we dünýäniň beýleki ýurtlarynda islenilýän harytlaryň biri bolupdyr. Ata-babalarymyz iňňän ýokary hilli harytlary taýýarlamagyň ussady bolmak bilen birlikde, uzak ýerler bilen şol harytlaryň söwdasyny hem işjeň ýola goýupdyrlar» diýen taryhy delillere daýanýan jümlelerem tassyklaýar.

Dünýäniň dokma senagatynyň taryhyna nazar aýlasak, XVIII asyrda dokma enjamlarynyň kämilleşmegi pagtany gaýtadan işlemegiň ýeňilleşmegine we Ýewropada senagat öwrülişiginiň başlamagyna itergi berdi. Şondan soňky asyrlarda dokmaçylykda öňdebaryjy orun, esasan, Günbatar döwletlerine degişli bolup, beýleki sebitlere gymmatly çig malyň çeşmesi hökmünde garalýardy. Biziň günlerimizde dokma senagatynyň iri merkezleri çig malyň çeşmelerine ýakynlaşyp, pagtaçylygyň ösen sebitlerinde kemala geldi.

Eziz Watanymyzda hem döwlet tarapyndan pagtaçylygy we onuň bilen utgaşykly dokma pudagyny ösdürmek babatda uly tagallalar edilýär. Ýurdumyzyň tebigy-howa şertlerine laýyklykda, gowaçanyň orta we inçe süýümli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Önümçiligiň innowasion tehnologiýalara esaslanýan döwrebap guralyşynda tebigy pagta süýümi gymmatly çig mal bolup, ol daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň arasynda öňdäki orunlarda durýar. Bu pudagyň kuwwatly gaýtadan işleýän binýadynyň döredilmegi netijesinde Türkmenistan dünýäniň dokma önümlerini öndürýän döwletleriniň arasynda mynasyp öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär.

Häzirki döwürde Diýarymyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmegi hem-de täze önümçilikleri döretmegi ýa-da hereket edýänleriniň ugruny üýtgetmegi göz öňünde tutýan, şeýle hem eksporta niýetlenen önümleriň möçberini artdyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi dokma senagatynyň ähli düzümleriniň sazlaşykly ösmeginiň möhüm şertidir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda gurulýan dokma toplumlarynda Germaniýanyň, Italiýanyň, Şweýsariýanyň, Belgiýanyň we Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz öndürilýän önümleriň halkara hil ölçeglerine hem-de ekologiýa howpsuzlygyna laýyk gelmegine uly üns berilmelidigini nygtaýar. Şu ýörelgä berk eýerilmegi netijesinde ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň önümleri ISO 9001 «Önümçiligi dolandyrmak we hile gözegçilik ulgamy», ISO 14001 «Daşky gurşawy goramak», OHSAS 18001 «Zähmeti goramak we önümçilik howpsuzlygy» güwänamalaryna mynasyp boldy.

Bu günki gün milli dokma senagatynyň ýokary hilli önümleri diňe bir elýeterli bahadan halkymyza hödürlenmek bilen çäklenmän, eýsem, «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgy bilen daşary ýurtlara hem köp möçberde eksport edilýär. Şolaryň hatarynda Gökdepäniň dokma toplumynyň «Gala», Aşgabat dokma toplumynyň «Goza» we Türkmenbaşy dokma toplumynyň «Nusaý», Türkmenbaşy jinsi toplumynyň «Bedew» haryt nyşanly önümleri, Marynyň «Ýeňiş» tikin fabriginiň we beýlekileriň önümleri has-da tapawutlanýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilen ýylynda pagtaçy daýhanlarymyz «ak altynyň» 1 million 250 müň tonnadan gowragyny Watan harmanyna tabşyrdylar. Edermen daýhanlarymyzyň bu zähmet ýeňşiniň yzysüre Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda ýokary önümçilik kuwwatly döwrebap dokma toplumynyň ulanylmaga berilmeginde hem özboluşly many bar. Täze dokma toplumy ýurdumyzyň baýlygy bolan pagtadan ýokary hilli önümleri öndürýän kärhanalaryň üstüni ýetirip, milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşine mynasyp goşant goşar. Bu ýerde müňden gowrak täze iş orunlarynyň döredilmegi sebitiň ilatynyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam eder. Dokma toplumynda öndürilip, dünýäniň dürli ýurtlaryna eksport ediljek ýokary hilli önümler ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrar.

Şeýle taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny barha ýokarlandyryp, halkymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň asylly işleriniň rowaçlyklara beslenýändiginiň nyşanydyr.

Ahmet GELDIÝEW,

«Watan».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/47099