Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 21-nji maýyndaky Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine, halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna gös-göni täsir edýän resminamanyň — döwletiň geljek ýyl üçin býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça möhüm işler geçirildi. Arkadag Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda zähmet çekýän raýatlarymyzyň zähmet haklaryny, pensiýalary we döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny ýokarlandyrmak boýunça beren tabşyryklaryna laýyklykda, degişli serişdeler, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki tölegler Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde dolulygyna ýeterlikli derejede göz öňünde tutulandyr.
2021-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň eden taryhy çykyşynda öňde kesgitlenilen wezipelerden ugur alnyp, döwlet kömek pullarynyň möçberlerine täzeden seredilmegi, bäş we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren zenanlara berilýän döwlet kömek pullarynyň möçberiniň artdyrylmagy, köp çagaly maşgalalara ýeňillikleriň berilmegi üçin degişli serişdeleriň hem göz öňünde tutulmagy örän buýsandyryjydyr.
Watanymyzda ýokary ykdysady ösüşi, maliýe we durmuş taýdan durnuklylygy, maýa goýum işjeňligini saklap galmak syýasatyny 2022-nji ýylda hem dowam etdirmek göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň maýa goýum syýasaty barada aýdylanda, ol 2022-nji ýylda Milli maksatnamalarda kesgitlenen ileri tutulýan ugurlary hasaba almak bilen, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň anyk netijelerini gazanmaga, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga we onuň gurluş düzümini kämilleşdirmäge, hereket edýän önümçilikleri çalt depginde döwrebaplaşdyrmaga hem-de tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmaga, ýokary tehnologik önümçilikleri döretmäge gönükdirmek meýilleşdirilýär.
2022-nji ýylda köp möçberdäki maýa goýumlaryny nebitgaz, gurluşyk, obasenagat toplumlaryna we durmuş-medeni ulgamlaryna gönükdirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem gaz-himiýa pudagynyň kuwwatlyklarynyň ýokarlandyrylmagy, ösdürilmegi bilen dürli önümleriň önümçiligi artdyrylar. Ulag ulgamynyň ähli pudaklarynda döwrebaplaşdyrmak we mundan beýläk hem ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreler göz öňünde tutulýar. Şähergurluşyk we ýaşaýyş jaý maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge ep-esli möçberde maýa goýumlaryny goýmak göz öňünde tutulýar. 2022-nji ýylda gündelik sarp edilýän harytlary öndürýän önümçiligi has-da ösdürmäge uly üns berler.
Daşary ýurtly maýa goýujylar üçin, şeýle hem ýurdumyzyň içerki maýa goýujylary üçin maýa goýum ýagdaýyny mundan beýläk hem gowulandyrmak boýunça çäreler göz öňünde tutulýar. Senagatlaşmaga we senagaty hil taýdan ýokarlandyrmaga alnan ugur Türkmenistanyň mineral serişdeleriniň baý düzümine esaslanýar. Senagat pudagynda mundan beýläk-de alnyp baryljak işler 2022-nji ýylda himiýa senagatynyň, derman önümçiliginiň, gurluşyk materiallary, ýeňil, azyk senagatlarynyň, balykçylyk pudagynyň we beýleki pudaklaryň mundan beýläk hem ösmegine ýardam eder. Täze kärhanalary döretmek, bar bolan önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak, tehnologik taýdan täzelemek işlerini amala aşyrmak öňde duran wezipeler hökmünde kesgitlenendir.
2022-nji ýylda elektroenergetika pudagy durnukly depginler bilen ösdüriler. Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndaky elektrik bekediniň durkuny täzelemek we giňeltmek, Aşgabat şäherinde energetika enjamlaryny bejermek hem-de hyzmat etmek boýunça merkezi gurmak göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy döretmek taslamasy arkaly elektrik energiýasyny netijeli we ýerlikli ulanmak, 2022-nji ýylda elektrik energiýasynyň öndürilişini has-da ýokarlandyryp, onuň eksport mümkinçiligini artdyrmak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda oba hojalyk pudagynyň ösüşini üpjün etmek üçin ählitaraplaýyn goldawlar berilýär. Gök we bakja önümlerini, dürli miweleri, şeýle hem beýleki oba hojalyk önümlerini öndürmegiň möçberlerini artdyrmak, olaryň käbirlerini eksport etmegi gazanmak ugrunda uly işleri durmuşa geçirmek maksat edinilýär. Şunda oba hojalyk önümlerini, şol sanda maldarçylyk önümlerini öndürmekde we gaýtadan işlemekde telekeçilere uly orun degişli bolar. Telekeçiligi, kiçi we orta telekeçiligi, hususy başlangyçlary höweslendirmek işleri dowam eder.
Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýaşaýyş jaýlaryny, şol sanda raýatlaryň durmuş goraglylygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer ýörelgelerinden we tabşyryklaryndan ugur alyp, aýratyn mätäçlik çekýän adamlar üçin welaýatlaryň etraplarynda we şäherlerinde ýaşaýyş jaýlaryny gurmak hem dowam etdiriler.
Türkmenistanyň ykdysady ösüşi halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagy üçin ygtybarly binýady kemala getirýär. Bu bolsa ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň adam hakyndaky aladalaryna ýugrulan «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň has-da dabaralanmagyna oňyn şertleri döredýär, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşini täze belentliklere ýetirýär.
Serdar ARAZOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary.