Ykdysadyýet

TÄZE KÄRHANANYŇ OWADAN HALYLARY

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp Gubadag etrabynyň merkezinde açylan täze halyçylyk kärhanasynda halyçylar joşgunly zähmeti dowam etdirýärler. Toparyň hünärmenleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny öndürijilikli zähmete, netijeli işlere besleýärler. Olaryň irginsiz zähmeti bilen dokalýan owadan gölli, dürli reňkli nagyşlar bilen bezelen halylaryň sany barha artýar.

Täze kärhanada halyçy gelin-gyzlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli oňaýly şertler döredilipdir. 860 inedördül metre barabar bolan esasy önümçilik bölüminde häzirki zaman ölçeglerine laýyk gelýän haly dokaýan enjamlaryň 40-sy oturdylypdyr. Täze önümçilikde halyçy gelin-gyzlaryň 150-si zähmet çekýär. Bu ýerde döwrebap ulgamlar arkaly howanyň zerur ýylylyk derejesi saklanýar we tämizlenip durulýar. Mundan başga-da, kärhanada ussahana, çig maly we taýýar önümleri saklar ýaly ammarlaryň ikisi hem-de beýleki kömekçi jaýlar ýerleşýär. Bu önümhanada haly we haly önümleriniň muzeýiniň bolmagy hem örän guwandyryjydyr. Çünki öz mirasyňy, milli sungatyňy, onuň taryhyny öwrenmek hemmeler üçin gyzykly we täsirli bolsa gerek. Şeýle bolansoň, özleri üçin döredilýän amatly şertlerden, aladalardan ruhlanýan täze kärhananyň halyçy gelin-gyzlary hormatly Prezidentimize tükeniksiz alkyş aýdyp, iş depginlerini has-da artdyrýarlar.

Täze halyçylyk önümhanasynda her aýda el halylarynyň we haly önümleriniň 130 — 150 inedördül metri dokalýar. Kärhanada Maýsa Kakalakowa, Aýnabat Jumaýewa, Güljemal Atalowa, Sona Gölbaýewa, Täzegül Pürenowa, Hurma Töräýewa, Maral Otuzowa ýaly halyçylar we toparyň başga-da birnäçe agzalary özlerine tabşyrylan her bir işi jogapkärçilik, ruhubelentlik bilen ýerine ýetirip, ýokary hilli halylary dokamagyň hötdesinden gelýärler. Bu halyçylar gadymy nagyşlary täzeden dikeltmek, olary ýaşlara öwretmek ýaly wajyp wezipelere hem uly üns berýärler.

Öz habarçymyz.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/47125