Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Belent mertebeli Prezidentimiz! 

                                                                   

Sizi ýetip gelýän Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleriňiziň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris. 

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylar bolan bize iberen Gutlagyňyz, mähirli we süýji arzuwlaryňyz, bäsleşigiň ýokary guramaçylykda geçirilmegi babatda beren goldaw-hemaýatlaryňyz üçin Size çäksiz sagbolsun aýdýarys. Bu şatlykly günde biziň adymyza aýdan mähirli sözleriňiz bizi örän şatlandyrdy hem-de buýsandyrdy, bagtyýarlyga beslenen bu pursatlar hiç haçan biziň ýadymyzdan çykmaz.  

                                                                   

 Hormatly Prezidentimiz! 

                                                                   

Siz Gahryman Arkadagymyzyň döwletimizi we jemgyýetimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek ugrundaky nusgalyk işlerini mynasyp dowam etdirip, mähriban halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagynyň bähbidine tutumly işleri amala aşyrýarsyňyz, toplumlaýyn özgertmeleri, milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýärsiňiz. Siziň baştutanlygyňyzda döwletimizi we jemgyýetimizi gülledip ösdürmäge, täzelenişe, ösüş-özgerişe gönükdirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ykdysadyýetimiziň döwrebaplaşdyrylmagyna, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna ýardam berýän syýasy, ykdysady, medeni, ylmy-tehniki özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar hem-de netijeli dowam etdirilýär. Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, orta we ýokary okuw mekdeplerini, çagalar baglaryny, saglyk merkezlerini, önümçilik we durmuş maksatly iri kärhanalary, häzirki zaman ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny öz içine alýan döwrebap etraplar, şäherdir obalar kemala gelýär. 

                                                                   

Siziň rowaçlyga, abadançylyga gönükdirilen tutumly işleriňiz diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem bähbitlerine hyzmat edýär, ata Watanymyzyň halkara abraýyny, şan-şöhratyny belende göterýär.  

                                                                   

 Mertebesi belent döwlet Baştutanymyz! 

                                                                   

Siziň: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gün beýik taryhy döwre gadam basyp, gurmak we döretmek ýoly bilen öňe barýar. Bütin durky bilen Watan mukaddesligine uýýan, şöhratly geçmişimize, häzirki günümize hem-de nurana ertirimize buýsanýan ýaşlar biziň geljegimizdir» diýen çuň manyly sözleriňiz ýaş nesil baradaky aladaňyzyň aýdyň beýanydyr. Siz ýaş nesliň döwrebap bilim we terbiýe almagy, aýdym-saz, çeper döredijilik, sport bilen meşgullanmagy, giň dünýägaraýyşly, ýokary ahlakly, ruhubelent adamlar, ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli şertleri döredýärsiňiz. Siziň taýsyz tagallalaryňyz bilen eziz Diýarymyzyň ähli şäherdir obalarynda orta mekdepleri, çagalar baglaryny, dynç alyş we sagaldyş merkezlerini, sport desgalaryny, medeni-durmuş maksatly binalary gurmakda nusgalyk tejribeler mynasyp dowam etdirilýär.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasatly öwüt-ündewleri, atalyk sargytlary, Arkadagly Serdarymyz, Siziň alyp barýan nusgalyk işleriňiz has-da yhlasly okamaga, aýdym-saz, döredijilik äleminde täze üstünliklere ruhlandyrýar. Biz ajaýyp döwrümize, eşretli durmuşymyza, eziz Watanymyza, merdana halkymyza, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz, Size çäksiz sarpamyzy, guwanjymyzy we buýsanjymyzy kalbymyzdan joşup çykýan aýdym-sazlarymyzda beýan edýäris.  

                                                                   

 Hormatly Prezidentimiz! 

                                                                   

Siz zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylar bolan biziň çykyşlarymyza örän ýokary baha berdiňiz we bizi gymmat bahaly sowgatlar bilen sylagladyňyz. Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwerliginden gözbaş alýan Siziň bu belent sahawatyňyz, çagalara söýgiňiz, sungata, çeper döredijilige goýýan sarpaňyz, Watany, zähmeti, sungaty söýmäge, ruhubelentlige çagyryşyňyz bize ylham berýär. Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyz, Siziň şahsy göreldeleriňiz biziň üçin nusgalykdyr.  

                                                                   

 Belent mertebeli Prezidentimiz! 

                                                                   

Siziň ajaýyp geljegimize alyp barýan aýdyň ýoluňyzda hemişe öň hatarlarda bolup, yhlasly okajakdygymyza, döredijilik zehinimizi baýlaşdyrjakdygymyza, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda amala aşyrýan beýik işleriňize mynasyp goşandymyzy goşjakdygymyza Sizi ynandyrýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, tutumly işleriňiziň rowaç, mertebäňiziň hemişe belent bolmagyny arzuw edýäris. 

                                                                   

 Sizi çuňňur hormatlamak bilen,  

                                                                                                           

zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylar.

05.09.2022
Bagtyýar çagalygyň Watany wasp edilýär

Zehinli çagalaryň döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry 

                                                                   

 Ahal welaýaty, 3-nji sentýabr (TDH). Şu gün Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli zehinli çagalaryň arasynda geçirilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti boldy. 

                                                                   

Ýurdumyzyň körpe aýdymçylarynyň arasynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen bäsleşikler Watanymyzyň baş baýramyna bagyşlanan esasy baýramçylyk çäreler toplumyny açýar. Bu gözden geçiriliş köp ýyllaryň dowamynda jemgyýetçiligiň uly gyzyklanmasyna eýe bolup, Diýarymyzyň ähli künjeginden ýaş zehinleri ýüze çykarýar. 

                                                                   

Bäsleşigiň baş maksady umumybilim berýän we sazçylyk mekdepleriniň, döredijilik merkezleriniň zehinli ýaşlaryny ýüze çykarmakdan hem-de saz sungaty bilen meşgullanmaga çekmekden, olaryň zehinlerine goldaw bermekden, ösüp gelýän ýaş nesliň watançylyk ruhuny ýokarlandyrmakdan, milli sungatymyza söýgüsini artdyrmakdan ybaratdyr. Bäsleşigiň deslapky tapgyrlary şäherlerde, etraplarda, welaýatlarda birnäçe tapgyrda geçirildi hem-de iň zehinliler kesgitlendi. Bäsleşigiň dowamynda çagalaryň çykyşlaryny tomaşaçylaryň köp sanlysy diňledi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň çäklerinde her ýyl geçirilýän ýaş zehinleriň gözden geçirilişi täze başlangyçlary öňe sürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar, çagalary öz zehin-başarnyklaryny ösdürmäge ruhlandyrýar. 

                                                                   

Konsert başlanmazyndan ozal, jemleýji tapgyra gatnaşyjylar ykbal çözüji taryhy wakany — Watanymyzyň özygtyýarlygyna eýe bolmagyny ebedileşdiren Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdular. 

                                                                   

 Soňra “Türkmeniň ak öýi” binasynda bäsleşigiň ýeňijileriniň sungat baýramçylygyna öwrülen jemleýji konserti geçirildi. 

                                                                   

Däp bolşy ýaly, dabara Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen başlandy. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigine gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda: “Siziň kalbymyzyň aýdymy, dilimiziň senasy bolan eziz Watanymyzda amala aşyrylýan beýik işleri şirin owazly, çeper many-mazmunly aýdym-sazlaryňyz bilen mynasyp wasp etjekdigiňize, milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýjak täze aýdym-sazlary döretjekdigiňize pugta ynanýaryn” diýip belleýär. 

                                                                   

Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Gutlagynda: “Siziň belent joşgun bilen ýerine ýetirýän aýdym-sazlaryňyz biziň halkymyzyň dünýä dolýan ykbalydyr, at-abraýy, mertebe-şanydyr, ýüreklere egsilmez şatlyk paýlaýan täsin sungatdyr. Garaşsyz Watanymyzyň beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň kalbynda sungata söýgini terbiýelemekde we ösdürmekde, zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmakda hem-de kämilleşdirmekde «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň örän uly ähmiýeti bardyr” diýip nygtaýar. 

                                                                   

Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna aýdymçylar, tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlary gatnaşdylar. Olar geljekde milli sungatymyzyň şan-şöhratyny belende götererler. Sahnada ýaýbaňlanan baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar ýerine ýetirijilik ussatlyklary bilen zehinlerini äşgär etdiler hem-de tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldular. 

                                                                   

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan jemleýji dabaraly konserti bäsleşige gatnaşyjylaryň toparlaýyn ýerine ýetirmeginde ýaňlanan köpöwüşginli edebi-sazly çykyş açdy. Ol döredijilik gözden geçirilişiniň özboluşly nyşanyna, eziz Watanymyzyň — bagtyýar çagalygyň ýurdunyň senasyna öwrüldi. 

                                                                   

Konsert türkmen halkynyň ruhy ýörelgelerini wasp edýän joşgunly çykyşlar bilen dowam etdi, olaryň köpöwüşginliligi “Türkmeniň ak öýi” binasynda uly baýramçylyk ýagdaýyny emele getirdi, şol bir wagtda çagalygyň bagtyýar durmuşynyň beýanyna öwrüldi. Onlarça aýdym we tans çykyşlary ýaýbaňlandy, halk döredijilik eserleri, häzirki zaman mukamlary ýaňlandy. Olar çagalaryň iň gowy arzuwlarynyň we maksatlarynyň hasyl bolýan ýurdy barada bir bitewi sena bolup kalplara doldy. 

                                                                   

Bäsleşige gatnaşyjylaryň her bir çykyşy özboluşly tomaşa öwrüldi. Olaryň uly joşgun we ylham bilen ýerine ýetirýän aýdymdyr tanslary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Tomaşaçylaryň ýüzlerçesi sahnada ýaýbaňlanan çykyşlary buýsanç hem-de tolgunmak bilen synlap, ýaşajyk artistlere joşgunly el çarpdylar. Çagalaryň päk kalbyndan joşup çykýan owazlar Watanymyza, öz arzuwlaryny hasyl etmäge giň mümkinçilikler döreden hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallygyň özboluşly çeper beýany bolup ýaňlandy. Körpeler dost-doganlyk, ynsanperwerlik, parahatçylyk, bagtyýar durmuş baradaky aýdymlary ýerine ýetirdiler. 

                                                                   

Şu gezekki konsertiň maksatnamasyna ýaşlaryň täsin ukyp-başarnyklarynyň dürli ugurlaryny açyp görkezýän aýdym-sazlar bilen bir hatarda, milli saz medeniýetimiziň köpöwüşginliligini beýan edýän dürli eserler girizildi. Halk we estrada aýdymlarynyň giňden wagyz edilmegi milli aýdym-saz sungatynyň ösdürilmegine ýardam berýär. Bu bolsa umumymilli çagalar bäsleşiginiň baş maksatlarynyň biridir. 

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda geçirilýän “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň nobatdaky jemleýji tapgyry türkmen topragynyň zehinlere baýdygyny ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisiniň hem-de köp sanly tomaşaçylaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym konsertiň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi. 

                                                                   

Çykyşlaryň jemleri boýunça çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi, olara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar hem-de bäsleşigiň ýeňijisiniň diplomy gowşuryldy. Döredijilik gözden geçirilişine gatnaşyjylaryň her birine gymmat bahaly sowgatlar berildi. Olar ýaş zehinleri täze döredijilik üstünliklerine, geljekde-de döredijilik başarnyklaryny kämilleşdirmäge, täze sepgitlere ýetmäge ruhlandyrar. 

                                                                   

“Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda döwlet Baştutanymyza ýaş nesil barada edýän hemişelik aladasy, olaryň bagtyýar durmuşy ugrunda döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, geljekde-de Arkadagly Serdarymyzyň wesýetlerine eýerip, oňat okajakdyklaryna, döredijilik bilen işjeň meşgullanjakdyklaryna, zehinlerini ösdürip, Watanymyzyň we onuň baý sungatynyň ösüşine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

05.09.2022
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Mary welaýatyna iş sapary

Mary welaýaty, 3-nji sentýabr (TDH). Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz sebitdäki işleriň ýagdaýy, bejergi alýan çagalaryň saglygyny berkitmek ugrunda welaýatyň çagalar hassahanasynda alnyp barylýan işler, täze gurlan ýaşaýyş jaýlarynda ilatyň amatly ýaşamagy we dynç almagy üçin döredilen şertler bilen tanyşdy, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplarydyr mugallymlary bilen duşuşdy, Mary şäherindäki Gurbanguly hajy metjidine baryp gördi. 

                                                                   

Häzirki wagtda durmuş ugurly desgalaryň, hususan-da, saglygy goraýyş ulgamyna degişli merkezleriň gurulmagyna, olaryň ýokary halkara görkezijilere kybap derejede enjamlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz welaýatyň çagalar hassahanasynda bejergi alýan çagalaryň saglyk ýagdaýy bilen gyzyklandy hem-de olaryň ene-atalary bilen söhbetdeş boldy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bejergi alýan çagalaryň doly sagalýança gözegçilikde saklanjakdygyny, olara zerur goldawlaryň beriljekdigini aýtdy. Gahryman Arkadagymyz bu çagalara Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan degişli ýardam beriljekdigini belledi hem-de ene-atalara çagalarynyň tiz sagalmaklary baradaky arzuwlaryny beýan etdi. 

                                                                   

Hassahanada operasiýa taýýarlyk üçin degişli bejergini alýan çaga hormatly Arkadagymyza täze öwrenen goşgusyny okap berdi. Munuň özi çagalaryň saglygy hakyndaky alada hoşallygyň nyşany bolup ýaňlandy. 

                                                                   

Onuň ejesi çagalaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň saglygy barada döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýändigi üçin lukman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdy. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz hassahanada operasiýa geçirilmegine taýýarlyk görülýän bölümde bejergi alýan çagalaryň ýene-de biriniň ýanyna bardy. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz çaganyň ene-atasy bilen gürrüňdeşliginiň dowamynda olaryň çagalarynyň doly derejeli sagalmagy ugrunda zerur tagallalaryň ediljekdigini aýdyp, çagajyga tiz sagalmagyny arzuw etdi. Lukman Arkadagymyz bölümiň nobatdaky otagyna bardy. Bu ýerde bejergi alýan çaga we onuň ejesi yzygiderli alada üçin mähriban Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow çagalar hassahanasynda bejergi alýan körpelere sowgatlary gowşuryp, döwletimiziň geljekde-de hassahanalarda lukmançylyk kömegini alýan çagalaryň saglygy bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegini üns merkezinde saklajakdygyny aýtdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde bejergi alýan çagalara we olaryň ene-atalaryna hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, çagalaryň tiz sagaljakdyklaryna ynam bildirdi we olar bilen hoşlaşdy. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy hassahananyň işgärlerine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Drager” kompaniýasynyň “Savina 300” kysymly emeli dem beriş enjamyny gowşurdy. 

                                                                   

Bu enjam hassahananyň reanimasiýa bölüminde näsag bäbeklere we çagalara emeli dem bermek üçin ulanylýar. Enjam ýokary hilliligi, ulanyşda amatlylygy bilen tapawutlanýar. Ol ýokary basyşyň kömegi bilen dem alyş ýollaryna howanyň, kislorodyň we derman serişdeleriniň barmagyny üpjün edýär. Şol bir wagtyň özünde bu enjam adamyň ganynyň düzümini kislorod bilen baýlaşdyrýar. Şeýle-de emeli dem beriş enjamy öýkenlerde gaz goýberiş ukybyny üpjün edýär, näsagyň dem alşynyň sazlaşygyny ýola goýýar. Mundan başga-da, enjamyň üsti bilen näsaga geçirilen ähli bejergiler baradaky maglumatlar alty aýyň dowamynda saklanýar. 

                                                                   

Bu lukmançylyk enjamynyň häzirki wagtda sebitde ýeke-täkdigini bellemeli. Munuň özi ýurdumyzda hereket edýän we täze gurulýan lukmançylyk edaralarynyň enjamlaşdyrylyşy babatda häzirki zamanyň ýokary görkezijilerine doly laýyk gelýändigini görkezýär. Lukman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça başyny başlan asylly işleriniň hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň baş şertini emele getirýär. 

                                                                   

Hassahananyň lukmanlary dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijisiniň iň kämil enjamynyň hassahana berlendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalary gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. 

                                                                   

Soňra hajy Arkadagymyz Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň merkezinde ulanmaga berilýän 4 gatly 48 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde hormatly Arkadagymyzy etrabyň ýaşaýjylary, täze jaýa göçüp gelmek bagty miýesser eden maşgalalar uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Aýdym-sazly çykyşlar dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy. 

 Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşýanlary şanly waka hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýetip gelýän 31 ýyllyk baýramy bilen gutlady. Täze ýaşaýyş jaýynyň açylmagy baýramçylygyň öňüsyrasynda geçirilýän dabaralaryň üstüni ýetirdi. Häzirki wagtda halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly, berk bedenli bolmaklary ugrunda zerur tagallalar edilýär. Bu bolsa “Il saglygy — ýurt baýlygy” diýen şygaryň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär diýip, hajy Arkadagymyz aýtdy. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzda “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary esasy ýörelge edinen durmuş ugurly döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde adamlar we olaryň saglygy, şeýle-de ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere zerur ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýy bilen tanşyp durmak asylly däbe öwrüldi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda durmuş ulgamyna degişli giň möçberli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny, medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşyklarynyň yzygiderli dowam etdirilýändigini, olarda ýokary derejeli ýaşamak, göwnejaý dynç almak üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini belledi. Şunda döredilýän mümkinçilikleriň tutuş halkymyz üçin elýeterli bolmagyna aýratyn üns berilýär. 

                                                                   

Hajy Arkadagymyz ýurdumyzda mümkinçiligi çäkli bolan adamlar üçin hem ýokary derejeli ýaşaýşyň üpjün edilmegi ugrunda döwlet derejesinde tagalla edilýändigini aýdyp, şu günki açylýan döwrebap ýaşaýyş jaýynyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna gurulmagynyň ähli adamlar hakdaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülendiginiň nyşanydygyny nygtady. 

                                                                   

Bu ýerde guralan dabara gatnaşýan kümüş saçly eneleriň biri hormatly Arkadagymyza halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edýändigi, asylly işleriň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýändigi üçin ähli eneleriň adyndan hoşallyk sözlerini aýtdy. 

                                                                   

Hajy Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, adamlar, olaryň bagtyýar durmuşy hakyndaky aladanyň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanjakdygyny belledi. 

 Soňra hormatly Arkadagymyz mümkinçiligi çäkli bolan adamlar üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýynda döredilen şertler bilen tanyşlygyň barşynda täze jaýa göçüp gelmek bagty miýesser eden etrabyň Çaşgyn geňeşliginiň ýaşaýjysy Ý.Çaryýewiň öýüne baryp gördi. 

                                                                   

Öý eýeleri hormatly Arkadagymyzy mähirli garşylap, edilýän aladalar üçin hormatly Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza hoşallyk bildirdiler. Öý eýesi 2006-njy ýylda maşgala gurandygyny, bir oglunyň bardygyny, bu gün bolsa hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ulanmaga berlen täze jaýa göçüp gelmek bagtynyň miýesser edendigini uly buýsanç bilen gürrüň berdi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz öý eýeleriniň iş, durmuş şertleri, hal-ýagdaýlary bilen içgin gyzyklanyp, adamlar, şol sanda mümkinçiligi çäkli raýatlar hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwrülendigini belledi we şeýle maşgalalara kömek-goldawlaryň yzygiderli beriljekdigini aýtdy. Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, hemmetaraplaýyn ösen we ykdysady taýdan kuwwatly döwletimizde halkymyzyň durmuş üpjünçiligine möhüm ähmiýet berilýär. Soňra hajy Arkadagymyz öý eýesi bilen bilelikde täze jaýyň otaglary bilen tanyşdy. Öýüň enjamlaşdyrylyşy, otaglaryň ýerleşdirilişi bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär. Öýüň otaglarynda, aşhanasynda mümkinçiligi çäkli adamlara niýetlenen oňaýly şertler döredildi. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz bu ýerde öý eýesine haýyr-sahawat gaznasyndan täze arabany, şeýle-de maşgala agzalaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan toý sowgatlaryny gowşurdy. Öý eýeleri özlerine bildirilen uly hormat üçin hoşallygyň nyşany hökmünde hajy Arkadagymyza toý düwünçegini gowşurdylar. Gahryman Arkadagymyz öý eýeleriniň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi. 

 Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy dabara gatnaşanlara üstünlikleri arzuw etdi we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna tarap ugrady. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz, ilki bilen, institutyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan serginiň gymmatlyklary bilen tanyşdy. Institutyň rektory bu ýokary okuw mekdebiniň 25 ýylyň dowamynda geçen ýoly, gazanan üstünlikleri, şeýle-de talyplaryň dürli derejedäki ders bäsleşiklerinde mynasyp bolan diplomlary we degişli resminamalar barada giňişleýin maglumat berdi. Munuň özi institutyň amaly hem-de usulyýet okuwlaryny guramakda gazanýan üstünlikleriniň aýdyň nyşanyna öwrüldi. 

                                                                   

Alym Arkadagymyz institutyň mejlisler zalynda mugallymlaryň we talyplaryň öňünde çykyş etdi. Energetika institutynyň döwrebap, häzirki zaman binasy 2010-njy ýylda ulanmaga berildi. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty ýurdumyzyň çalt depginlerde ösýän energetikasy, senagaty üçin bilimiň öňdebaryjy usullary esasynda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak maksady bilen döredildi. 

 Şu ýylyň 12-nji awgustynda bu institutyň döredilenine 25 ýyl bolandygyny aýdyp, hormatly Arkadagymyz hemmeleri bu şanly sene bilen gutlady. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramynyň bellenilýän aýyna gadam basylan döwürde ýurdumyzyň ähli ýerinde milli baýramçylygymyz bilen bagly dabaralar geçirilip başlandy. Hormatly Arkadagymyz pursatdan peýdalanyp, mugallymlary hem-de talyplary ýetip gelýän Garaşsyzlyk güni bilen gutlady. 

                                                                   

Ýurdumyzda Garaşsyzlygymyzyň 31 ýylynda örän köp işler bitirildi. Türkmenistanyň dünýä bileleşigindäki orny, halkara abraýy, syýasatda, ykdysadyýetde, medeni ulgamda gazanylan üstünlikler barada näçe aýtsaň, aýdyp oturmaly. Olaryň netijelerini her bir raýatymyz duýýandyr, şol sanda siz hem olary gündelik durmuşyňyzda görýänsiňiz diýip, alym Arkadagymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Elektrik energiýasy ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryny ösdürmek üçin iň esasy binýatlaýyn zerurlyk bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy eden çykyşynda elektrik energiýasy, energetika ulgamy, onuň şu güni, geljekki mümkinçilikleri barada gürrüň berdi. Durmuşda elektrik energiýasyndan peýdalanmaýan adam ýok. Bagtyýar, eşretli ýaşaýşy energetika pudagyndan üzňelikde göz öňüne getirip bolmaýar. Sebäbi bu gün elektrik energiýasy bilen herekete gelýän, işleýän abzallar, enjamlar biziň gündelik durmuşymyza ykjam ornaşdy. 

                                                                   

Energetika pudagy bolmasa, beýleki pudaklary hem ösdürmek mümkin däl. Ine, durmuşymyzda şunuň ýaly möhüm orny bolan elektrik energiýasyny öndürmäge, ony sarp edijilere ýetirmäge dahylly adamlar bolandygyňyz üçinem siz saýlap alan hünäriňize, käriňize buýsanmalysyňyz. Yhlasly okamalysyňyz, ak ýürekden zähmet çekmelisiňiz diýip, hormatly Arkadagymyz ýaşlara öwüt-ündewlerini berdi. 

                                                                   

Garaşsyzlyk ýyllarynda energetika pudagyna ykdysadyýetimiziň möhüm ugry hökmünde garalyp, ony ösdürmäge aýratyn üns berildi. Döwrebap, iň kämil tehnologiýalar esasynda işleýän, dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň öndüren enjamlary oturdylan täze elektrik stansiýalarynyň onlarçasy guruldy. Ozaldan işläp gelýänleriniň durky täzelendi. Ýurdumyzyň ähli ýerinde elektrik geçirijileriň müňlerçe kilometri çekildi. 

                                                                   

Häzirki wagtda Türkmenistan özüniň elektrik energiýasyna bolan isleglerini doly kanagatlandyrýar, ony daşary ýurtlara eksport edýär. Türkmenistanyň energiýa ulgamynda Mary döwlet elektrik stansiýasyndan başga-da, Aşgabatda, Ahalda, Balkanabatda, Lebapda, Daşoguzda hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda täze, kuwwatly elektrik beketleri hereket edýär. 

                                                                   

Ýurdumyzda energetika pudagynyň ösüşiniň taryhy Murgap derýasynda 1,2 megawat kuwwaty bolan Hindiguş gidroelektrik stansiýasynyň gurulmagy bilen başlanýar. Ýeri gelende bellesem, onuň gurluşynyň örän täsin taryhy bar. Ol öz döwründe Russiýa imperiýasynyň iň kuwwatly elektrik stansiýasy bolupdyr. Dünýäde şonuň ýaly 110 ýyla golaý taryhy bolan, başda oturdylan enjamlary bilen işläp duran elektrik stansiýasy başga ýokdur. Ony “tehniki pikiriň ýadygärligi” diýip atlandyrmak mümkin. “Özboluşly muzeý” diýip atlandyrsagam bolýar. Onuň bilen gyzyklanýanlaram, gelip görmäge isleg bildirýänlerem köp. Meniň pikirimçe, institutyň talyplaryna-da ony görkezmek gerek. Munuň özi ýurdumyzda energetika ulgamynyň ösüşleriniň nähili ýokarydygyna göz ýetirmäge, häzirki kuwwatly elektrik stansiýalarymyza buýsanjy artdyrmaga mümkinçilik berer diýip, alym Arkadagymyz aýtdy. 

                                                                   

Biz Türkmenistanda düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmäge, halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilen her bir işe başlamazdan ozal, onuň ylmy esaslaryny öwrenýäris, hukuk binýadyny kesgitleýäris we döredýäris. Ýurdumyzyň energetika pudagynyň ösüşleri hem ylmy esaslara, berk hukuk binýadyna, takyk işlenip düzülen maksatnamalara daýanýar. Olaryň häzirki wagtda hereket edýänleriniň käbirini agzap geçmek isleýärin diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Ýurdumyzda «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy», «Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň Milli strategiýasy», «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu resminamalar energetika pudagynda durmuşa geçirilýän işleriň hukuk, ykdysady, guramaçylyk we durmuş esaslaryny, wezipelerini, borçlaryny kesgitleýär. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady ulgamyna netijeli goşulandygyny belläp, ýurdumyzda ösen senagat ulgamynyň döredilendigini we onuň barha kämilleşdirilýändigini aýtdy. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli ýokarlanýar. Şunuň bilen baglylykda, elektrik energetika pudagynda hem iri maýa goýumlary özleşdirilip, bu pudak döwrebap ösdürilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, elektroenergetika senagatynyň kuwwatyny artdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we ulgamyň ähli düzümlerini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. 

                                                                   

Dünýäniň ähli ýurtlarynda çalt depginler bilen ösýän senagat pudaklary elektrik energiýasyny köp sarp edýändigi bilen häsiýetlendirilýär. Şonuň ýaly-da, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň özgermegi netijesinde durmuşda ulanylýan enjamlaryň görnüşleri we sanlary artýar. Özüňizem görýänsiňiz, bu gün her hojalykda birnäçe sowadyjylar, telewizorlar, kondisionerler we beýleki enjamlar ulanylýar. Bular bolsa elektrik energiýasynyň öndürilişiniň ýokarlandyrylmagyny hem-de ygtybarlylygyny talap edýär diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady hojalygyna barha işjeň goşulyşmagynyň, senagatda elektrik energiýasyny sarp edýän senagat enjamlarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň, täze önümçilikleriň, döwrebap obadyr şäherleriň döredilmeginiň, telekeçilik işlerine giň ýol açylmagynyň, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän önümçilikleriň döredilmeginiň elektrik energiýasyny köp öndürmegi talap edýändigini belläp, hormatly Arkadagymyz içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen dünýäniň dürli ýurtlarynyň sarp edijilerine-de elýeterli etmek üçin elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmak, täze energiýa kuwwatlyklaryny döretmek, paýlaýjy ulgamlaryň tehniki ýagdaýlaryny gowulandyrmak, hereket edýän bitewi milli energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek arkaly, welaýatlarymyzyň energiýa ulgamlarynyň özara ätiýaçlandyrylmagyny üpjün etmek üçin zerur işler alnyp barylýar. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda gurulýan medeni-durmuş maksatly binalaryň kadaly işlemegi üçin döredilýän amatlyklaryň hatarynda, ilkinji nobatda, olaryň ygtybarly we bökdençsiz elektrik üpjünçiligine köp zadyň bagly bolup durýandygyny belläp, elektrik energiýasyna bolan islegiň barha artmagynyň pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyny talap edýändigini aýtdy. 

                                                                   

Pudagyň öňünde durýan möhüm wezipäni çözmek üçin, «Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» kabul edildi. Konsepsiýa laýyklykda, ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda gaz turbinaly elektrik stansiýalaryny gurmak meýilleşdirildi. Şonuň netijesinde, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda gysga döwrüň içinde dürli kuwwatlykly gaz turbinaly elektrik stansiýalarynyň 6-sy gurlup ulanmaga berildi. Olar sarp edijileriň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarly bolmagyna ýardam edýär. 

                                                                   

Has takygy, häzirki wagtda ýurdumyzda kuwwatlylygy 6943,2 megawata deň bolan jemi 12 sany elektrik stansiýasy bolup, olarda 51 sany turbina desgasy bar. Gaz turbinalar — 39 sany, bug turbinalar — 12 sany. Siziň köpiňiziň geljekde işlemeli ýerleriňiz bolan şol elektrik stansiýalary barada biraz jikme-jik gürrüň bereýin diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde gurlan, utgaşykly dolanyşykda işleýän döwrebap, kuwwatly elektrik stansiýasy täze tehnologiýalaryň, tehniki mümkinçilikleriň durmuşa geçirilendigi, ekologik talaplaryň berjaý edilendigi bilen tapawutlanýar. Mary döwlet elektrik stansiýasy türkmen energetikasynyň kerwenbaşysy bolup, onuň birinji energoblogy 1973-nji ýylda ulanyşa girizildi. 1987-nji ýylda onuň 8-nji energoblogynyň ulanyşa girizilmegi bilen, stansiýanyň bellenilen kuwwatlylygy 1685 megawata deň boldy. Mary döwlet elektrik stansiýasy şol döwürde Orta Aziýada iň uly elektrik stansiýasy bolmak bilen, ýurdumyzyň hem-de goňşy döwletleriň sarp edijileriniň elektrik energiýasyna bolan islegini doly kanagatlandyrdy. 

                                                                   

2014-nji ýylyň oktýabrynda 3 sany gaz turbinasy hem-de 2018-nji ýylyň sentýabrynda utgaşykly dolanyşykda işleýän täze elektrik stansiýasy işe girizildi. Onuň netijesinde elektrik stansiýasynyň jemi kuwwatlylygy 2985,7 megawata çenli ýokarlandy. Bu döwrebap elektrik stansiýasynda ABŞ-nyň dünýä meşhur «General Electric» kompaniýasynyň gaz turbinalarynyň 4-si we bug turbinalarynyň 2-si oturdyldy. Gaz turbinalaryndan çykýan zyýanly gazlaryň gyzgynlygyny bug turbinalarynda ulanmak arkaly goşmaça elektrik energiýasynyň öndürilmegi bu stansiýanyň işiniň aýratynlygydyr. 

                                                                   

Bu tehnologiýanyň amatlydygyny sanlar arkaly subut etmek mümkin. Eger ýönekeý yzygiderlilikdäki elektrostansiýanyň peýdaly hereketiniň görkezijisi, ortaça, 34,2 göterime deň bolsa, utgaşykly yzygiderlilikde peýdaly hereketiniň görkezijisi bir ýarym esseden gowrak ýokarlanyp, 56 göterimden gowrak bolýar. Bu döwrebap tehnologiýanyň pudaga ornaşdyrylmagy ýurdumyzda galyndysyz önümçiligi guramaga, daşky gurşawa zyňylýan zyýanly galyndylaryň möçberini ep-esli azaltmaga şert döretdi. Mundan başga-da, elektrik energiýasyny öndürmek üçin sarp edilýän tebigy gazy tygşytlamaga mümkinçilik berdi. 

                                                                   

Bu kuwwatly elektrik stansiýasynda ähli işler kompýuterleşdirildi. Munuň özi dolandyryş merkezinden ähli tehnologik işlere netijeli gözegçilik edilmegini üpjün edýär. Stansiýanyň işe girizilmegi daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini goşmaça 3 milliard kilowat-sagada çenli artdyrmaga mümkinçilik berdi. Täze iş orunlary döredi, hünärmenlerimiziň iş tejribesi baýlaşdy. Bugly-gazly elektrik stansiýalary diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem, ekologik taýdan hem özüne çekijidir. Çünki onda ýanan önümler bolan kömürturşy gazynyň howa goýberilişi 2-3 esse azalýar diýip, alym Arkadagymyz belledi. 

                                                                   

Utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasynda dünýäniň abraýly guramalary tarapyndan «Ýokary tehnologiýaly desga», «Ýaşyl» ykdysadyýetli desga», «Energotygşytlaýjy desga» atly birnäçe halkara güwänamalar gowşuryldy. Bular ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylýandygyna, bu işleriň dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Ahal döwlet elektrik stansiýasy 2010-njy ýylda işe girizildi. Onda iki sany gaz turbina desgasy gurnaldy. Bu gaz turbinalary diňe bir tebigy gazda işlemän, dizel ýangyjynda hem işleýärler. Bu elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. 2013-nji we 2014-nji ýyllarda dürli kuwwatlykly jemi 5 sany gaz turbinalarynyň işe girizilmegi bilen, stansiýanyň umumy kuwwatlylygy 648,1 megawata deň boldy. 

                                                                   

Aşgabat döwlet elektrik stansiýasy 2006-njy ýylda ulanyşa girizildi. Ol Aşgabadyň günorta böleginde ýerleşýär. Bu ýerde iki sany gaz turbina desgasy gurnaldy. 2016-njy ýylda Aşgabat döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde güýjenmesi 220 kilowolt bolan açyk paýlaýjy gurluş ulanmaga berildi. Bu desgalaryň gurulmagy bilen, Aşgabat şäheriniň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygy ýokarlandy diýip, alym Arkadagymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Büzmeýin döwlet elektrik stansiýasy 1957-nji ýylda ulanyşa girizildi. Onuň düzümine jemi kuwwatlylygy 173 megawat bolan 7 sany bug turbina desgalary girýärdi. Häzirki wagtda olaryň ornuna iki sany gaz turbina desgasy gurnaldy. Bu gün stansiýanyň umumy kuwwatlylygy 246,6 megawata deňdir diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy. 

                                                                   

Derweze döwlet elektrik stansiýasy 2015-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda işe girizildi. Bu ýerde dört sany gaz turbina desgasy gurnaldy. Elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. 

                                                                   

Awaza döwlet elektrik stansiýasy 2010-njy ýylyň 12-nji aprelinde işe girizildi. Onda jemi kuwwatlylygy 254,2 megawata deň bolan iki sany gaz turbinasy gurnaldy. Olar hem tebigy gazda we dizel ýangyjynda işläp bilýärler. Taslama boýunça gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygyndan başga-da, 15 sany podstansiýa guruldy. Bu işler güýçli depginlerde gurulýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmäge şert döretdi. 

                                                                   

Balkanabat döwlet elektrik stansiýasynyň 2003-nji ýylyň noýabr aýynda ulanyşa tabşyrylandygyny, bu stansiýada her biriniň kuwwatlylygy 42,13 megawat bolan üç sany gaz turbinalaryň gurnalandygyny belläp, hormatly Arkadagymyz Balkan welaýatynyň batly depginlerde ösýän nebitgaz we himiýa toplumlaryny elektrik togy bilen ygtybarly üpjün etmek üçin 2010-njy ýylda Balkanabat döwlet elektrik stansiýasynda ýene iki sany gaz turbina desgasynyň işe girizilendigini, şeýlelikde, Balkanabat döwlet elektrik stansiýasynyň kuwwatlylygynyň 380,6 megawata deň bolandygyny nygtady. 

                                                                   

Daşoguz döwlet elektrik stansiýasy 2007-nji ýylda ulanyşa girizildi. Bu ýerde hem iki sany gaz turbina desgasy gurnaldy. Elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi Daşoguz welaýatynyň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga hem-de ikinji garaşsyz energetika çeşmesini edinmäge mümkinçilik berdi. Elektrik stansiýasy Daşoguz welaýatynyň elektrik energiýasyna bolan isleglerini artykmajy bilen kanagatlandyrýar. Elektrik energiýasynyň artykmaç öndürilen bölegi şol ýerden Özbegistan Respublikasyna eksport edilýär. 

                                                                   

Lebap döwlet elektrik stansiýasy 2014-nji ýylyň 7-nji maýynda ulanyşa tabşyryldy. Bu stansiýada üç sany gaz turbina gurnaldy. Lebap welaýatyndan başga-da, daşary ýurtlara eksport edilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak hem-de welaýatyň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, 2021-nji ýylda stansiýanyň çäginde täze gaz turbinalary guruldy. Stansiýanyň taslama kuwwatlylygy 581,6 megawata ýetdi. 

                                                                   

Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynda ýerleşýän “Watan” döwlet elektrik stansiýasy 2016-njy ýylyň 7-nji iýulynda işe girizildi. Bu elektrik stansiýasynda iki sany gaz turbinasy gurnaldy. Elektrik stansiýasynyň gurulmagy Lebap welaýatynyň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiligini gowulandyrdy diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. 

                                                                   

Türkmenbaşy ýylylyk elektrik merkezi deňiz suwunda işleýän özboluşly elektrik stansiýasy bolup, bug gazanlarynda ulanylýan suw iki sany senagat bugardyjy desgasynyň kömegi bilen deňiz suwundan arassalanyp alynýar. 

                                                                   

Seýdi ýylylyk elektrik merkezi Türkmenistan Garaşsyzlygyny alandan soňra gurlan ilkinji elektrik stansiýasy bolup, onuň 1-nji energoblogy 1992-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanyşa girizildi. 2004-nji ýylda onuň 2-nji energoblogynyň işe girizilmegi bilen, ýylylyk elektrik merkeziniň bellenilen kuwwatlylygy 160 megawata deň boldy. 

                                                                   

Görşüňiz ýaly, elektrik stansiýalarynyň ählisi-de Garaşsyzlyk ýyllarynda täze gurlan ýa-da düýpli durky täzelenen desgalar. Olar, hakykatdan-da, Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren miweleridir. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi barada aýtmak bilen, bu merkeziň şu ýylyň 20-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlendigini belledi. Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň sebitde deňi-taýy ýokdur. Dünýäniň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilen täze desganyň ulanmaga berilmegi milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de senagatlaşdyrmak, onuň ähli pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny, şol sanda energetika pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak boýunça Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmekde nobatdaky möhüm ädim boldy. 

                                                                   

Häzirki wagta çenli pudagyň önümçiliginde ulanylýan energetika enjamlary daşary ýurtlarda abatlanyp gelýärdi, munuň üçin gyzyl pul harçlanýardy. Merkeziň ulanyşa berilmegi bilen, bu ýagdaýlar aradan aýrylýar. Bu merkez degişli enjamlary ýokary hil derejesinde, bellenen möhletlerde abatlamaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa ony ulanmagyň netijeliligini, uzak möhletleýinligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Şeýle-de ol pudagyň ykdysady görkezijileriniň depginli ösüşini üpjün edýär, ulgamyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine goşant goşýar diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Bu merkez ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gurlan kuwwatly energetika desgalarynyň esasy enjamlaryny abatlamaga niýetlenendir. Munuň özi şeýle hyzmatlar üçin sarp edilýän wagty we serişdeleri azaltmaga, degişli ugurda ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna-da ýardam berýär. Bu ýerde işlemek üçin ähli amatly şertler üpjün edildi. Abatlaýyş, hyzmat ediş işleriniň guralyşy ekologik talaplara doly laýyk gelýär. Döwrebap merkeziň gurulmagy bilen, bu ýerde 120-den gowrak täze iş orny döredildi. Merkezde işlejek hünärmenler daşary ýurtlarda hünär kämilleşdiriş okuwyny geçdiler. 

                                                                   

Geljekde-de işgärleriň hünär taýýarlygyny, şol sanda daşary ýurtlardaky ugurdaş desgalarda okuw-iş tejribeliklerini guramak arkaly kämilleşdirmek hem-de tejribe alyşmak üçin ähli zerur şertler dörediler. Bu merkezde energetika enjamlaryny abatlamak we hyzmat etmek boýunça toplumlaýyn esasda oňyn çözgütler durmuşa geçirildi. Gaz turbina enjamlaryny abatlamak we döwrebaplaşdyrmak üçin bu ýerde «General Electric» kompaniýasynyň ýokary öndürijilikli tehnologiýasy peýdalanylýar. Munuň özi ýangyjyň netijeli sarp edilişini ýokarlandyrmagyň hasabyna serişdeleri tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Bu innowasion çözgüt enjamlaryň ulanyş möhletini uzaltmaga-da ýardam edýär. 

                                                                   

Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezine «General Electric» kompaniýasynyň tehnologiýalaryny ulanmaga rugsat berilýändigi baradaky güwänama, täze desganyň Merkezi Aziýada şu ugurdaky ýeke-täk hyzmat ediş merkezidigi, onuň iň döwrebap taslamadygy hem-de inženerçilik toplumydygy baradaky «The London Energy Club» kompaniýasynyň güwänamasy, durnukly we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygy baradaky güwänama, «Duisburg-Essen» uniwersitetiniň (GFR) Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezine ekologik taýdan arassa we daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän desgadygy baradaky güwänamasy ýaly halkara derejeli resminamalar gowşuryldy diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. 

                                                                   

Şular ýaly iri taslamalaryň yzygiderli amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetini yzygiderli ösdürmek biziň baş wezipämiz bolup durýar. 

                                                                   

Energetika pudagynyň işi elektrik energiýasyny öndürmekden we ony sarp edijilere ýetirmekden ybaratdyr. Elektrik energiýasyny sarp edijilere bökdençsiz ýetirmek barada aýdylanda, hereket edýän bitewi energiýa ulgamyny kämilleşdirmek we ony halkalaýyn birikdirmek baş maksat hökmünde kesgitlendi. Munuň üçin ýokary woltly asma elektrik geçirijileri we elektrik beketleri gurulýar. Şeýle gurluşyklaryň çäklerinde Ahal — Balkan elektrik geçiriji ulgamy işe girizildi. 

                                                                   

Ahal — Balkan ýokary woltly, iki zynjyrly täze asma elektrik geçirijisi ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslamanyň birinji tapgyrydyr. Ol Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşmagy esasynda Aziýanyň Ösüş bankynyň uzak möhletleýin karz serişdeleriniň hasabyna amala aşyryldy. Onuň işe girizilmegi halkalaýyn energoulgamyň döredilmegi bilen baglanyşykly ýene-de bir öňe ädilen ädim boldy diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz ugurlary boýunça halkalaýyn energiýa ulgamynyň taslamasynyň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň bir bitewi energiýa ulgamyny döretmäge mümkinçilik berýär. Ony, nesip bolsa, 2023-nji ýylda işe girizmegi meýilleşdirýäris. Şu ýylda Daşoguz welaýatynda saparda bolanynda, hormatly Prezidentimiz Balkan — Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Işleriň gidişinden çen tutanyňda, onuň bellenilen möhletde ýerine ýetiriljekdigini ynamly aýdyp bolar. 

                                                                   

Geljekde Aşgabat — Mary aralygynda hereket edýän elektrik geçirijisini hem döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu işler ýurdumyzyň halkalaýyn energoulgamyny döretmek boýunça başy başlanan iri möçberli taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Taslamanyň baş maksady elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmakdan hem-de Aşgabadyň we welaýatlaryň energiýa ulgamlaryny bitewi energetiki halka birikdirmek arkaly, içerki sarp edijileri energiýa bilen üpjün etmegiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. 

                                                                   

Bu işleriň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň energoulgamynyň ähli böleklerini özara ätiýaçlandyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem ol ýurdumyzyň energetika howpsuzlygyny we garaşsyzlygyny berkider, önümçiligiň netijeliligini, elektrik energiýasynyň sarp edilişini, daşary ýurtlara iberilişini we ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary göterilmegini üpjün eder. Bu ulgam sebitiň ýurtlarynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, olaryň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga giň ýol açar diýip, hormatly Arkadagymyz belledi. 

                                                                   

Elektrik energetika pudagynyň ösüşi elektrik energiýasynyň daşary ýurt bazarlaryna ýerlenilmegi bilen hem bagly bolýar. Energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen daşary ýurt bazarlaryna çykarmak üçin elektrik energiýasynyň öndürilişi artdyrylýar, geçiriji ulgamlar kämilleşdirilýär. Türkmenistan dostlukly owgan halkyna ýurtda parahatçylykly durmuşy ýola goýmakda yzygiderli kömek berip gelýär. Owganystan bilen döwletara gatnaşyklarda elektroenergetika pudagyndaky hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. 

                                                                   

Parahatçylykly ösüşiň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bähbidine Ymamnazar — Andhoý we Serhetabat — Hyrat ugurlary boýunça goňşy ýurda türkmen elektrik energiýasynyň millionlarça kilowat-sagady iberildi. Türkmenistandan iberilýän elektrik togunyň owgan halkynyň durmuşynyň gowulanmagynda, täze önümçilikleriň, iş orunlarynyň açylmagyna nähili uly goldawdygyna olar gowy düşünýärler. Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgam bu ugurda Türkmenistan tarapyndan uzak ýyllaryň dowamynda durmuşa geçirilip gelinýän işleriň üstüni ýetirdi. 2018-nji ýylyň 26-njy iýulynda türkmen elektrik energiýasyny Owganystanyň demirgazyk etraplaryna ibermegiň ýene-de bir ugruny açypdyk diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Şol gün geçirijilik kuwwatlylygy sagatda 100 megawata barabar bolan Rabatkaşan — Kalaýnau elektrik geçiriji ulgamy işe girizildi. Bu taslamany amala aşyrmagyň çäginde türkmen hünärmenleri tarapyndan elektrik üpjünçilik desgalarynyň birnäçesi, şol sanda elektrik bekedi, umumy uzynlygy 112 kilometr bolan elektrik geçiriji ulgam guruldy. Bu döwletli iş iki ýurduň arasynda ozal hereket edýän Ymamnazar — Andhoý we Serhetabat — Hyrat ugurlaryndan başga-da, energiýanyň goşmaça iberilmegi meýilleşdirilýän Kerki — Hamýap — Garkyn, Marçak (Türkmenistan) — Marçak (Owganystan) we Rabatkaşan — Kalaýnau ugurlarynyň başyny başlady. 

                                                                   

Goňşy döwletde elektrik üpjünçilik desgalarynyň, şol sanda podstansiýalaryň eýýäm birnäçesi guruldy. 2019-njy ýylda bolsa owgan tarapyna ynsanperwerlik kömegi hökmünde kuwwatly elektroenergetika enjamy iberildi. 2020-nji ýylyň 1-nji fewralynda Mary döwlet elektrik stansiýasyndan Hyrat şäherine çenli güýjenmesi 220 kilowolt bolan elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygyna girişildi. Munuň özi şol ugruň ähli düzümleýin desgalaryny energiýa bilen üpjün etmekden başga-da, ony Owganystanyň üsti bilen Pakistana hem-de Günorta Aziýanyň beýleki ýurtlaryna ibermäge mümkinçilik döreder. 

                                                                   

Häzirki wagtda Serhetabat — Hyrat — Turgundy hem-de Rabatkaşan — Kalaýnau ugurlary boýunça elektrik energiýasynyň iberilýän möçberini artdyrmak boýunça işler amala aşyrylýar. Hereket edýän eksport ugurlary bilen bir hatarda, elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermegiň täze ugurlary hem işlenilýär. 

                                                                   

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi bilen ugurdaşlykda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň gurulýandygyny bilýänsiňiz. Bu taslamanyň türkmen böleginiň gurluşygy tamamlandy. Taslamany doly ýerine ýetirmek üçin ýene-de täze elektrik stansiýalaryny, elektrik geçirijileri, häzirki zaman transformator kiçi beketlerini we paýlaýjy ulgamlary gurmak zerurlygy döreýär diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz häzirki wagtda elektrik energiýasynyň Owganystandan başga-da, Eýrana, Özbegistana we Gyrgyzystana hem eksport edilýändigini, şu ýylda onuň möçberini 9 milliard kilowat-sagada ýetirmegiň meýilleşdirilýändigini belledi. Bu görkeziji, 2013-nji ýyldaka garanyňda, 3,3 esse ýokarydyr. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow energetika senagatynyň ösdürilmegini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, pudagyň kuwwatlyklarynyň mundan beýläk-de giňeldilmegine, eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär diýip, alym Arkadagymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, energetika ulgamyny ösdürmek üçin geljekde etmeli işlerimiz hem degişli resminamalar bilen aýdyň kesgitlenendir. Munuň üçin uzak ýyllara niýetlenen, ulgamyň yzygiderli ösüşleri göz öňünde tutulan maksatnamalar işlenip taýýarlanyldy. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» kabul edildi. Olarda her ýylda etmeli işlerimiz anyk bellenilendir. 

                                                                   

Ýurdumyzda hereket edýän energokuwwatlyklary artdyrmak we ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, Ahal welaýatynda ýerleşýän Ahal we Derweze döwlet elektrik stansiýalaryny, Balkan welaýatyndaky Awaza döwlet elektrik stansiýasyny, Daşoguz welaýatynda ýerleşýän Daşoguz döwlet elektrik stansiýasyny, Lebapda ýerleşýän “Watan” we Lebap döwlet elektrik stansiýalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek hem-de Mary we Lebap welaýatlarynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýalaryny gurmak meýilleşdirilýär diýlip, Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda bellenilýär. 

                                                                   

Häzir tutuş dünýäde energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmaga, “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Türkmenistanda hem şu babatda örän giň mümkinçilikler bar. Geljekde bu ugurlary ösdürmäge möhüm ähmiýet berler. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» durmuşa geçirilmeginiň çäginde kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýalaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa sebitde täze gurulýan döwrebap obanyň ekologik taýdan arassa elektrik üpjünçiligini amala aşyrmaga mümkinçilik berer. 

                                                                   

Institutda «Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň döredilmegi guwançly ýagdaýdyr diýip, alym Arkadagymyz belledi. Onuň barlaghanalarynda fotoelektrik özgerdijiler tehnologiýasy; Gün energiýasynyň konsentrasiýasy we geliotehnika; bioenergetika we biomassalar önümçiligi tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak; elektrik energiýasynyň akkumulýasiýasynyň tehnologiýasy we beýleki ugurlar boýunça ylmy-barlag işleriniň geçirilmeginiň oňyn başlangyçdygyny belläp, hormatly Arkadagymyz bu institutda Türkmenistanda ilkinji Gün-ýel garyşyk kuwwatly elektrik bekediniň taslamasynyň taýýarlanylmagynyň ähmiýetlidigini aýtdy. Şeýle toplum Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde gurlar. 

                                                                   

Elektrik energetikasy pudagy tarapyndan geljekde-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini önümçilige ornaşdyrmak boýunça degişli işler dowam etdiriler. Ýurdumyzda Gün energiýasyny öndürýän Gün panelleriniň önümçiligini giňden ýola goýmak we durmuşa ornaşdyrmak boýunça degişli işleri geçirmäge-de wagt ýetdi. Bu işlerde ýaş alymlara, ýaş energetiklere bil baglanylýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda: «Garaşsyz döwletimiziň elektrik energetikasy pudagyna köp möçberde maýa goýumlar gönükdiriler. Türkmen energiýa serişdelerini daşarky bazarlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek üçin elektrik energiýasynyň öndürilişi artdyrylar we ony ibermegiň ulgamy kämilleşdiriler” diýmek bilen, ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň esasy wezipelerini kesgitledi. Şol wezipeler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öz beýanyny tapdy. Häzir Ahal, Derweze, Awaza, Daşoguz, Lebap döwlet elektrik stansiýalarynyň gaz turbina desgalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek, Seýdi şäherinde gaz turbinaly elektrik stansiýasyny hem-de Mary welaýatynyň Oguz han etrabynda utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasyny gurmak boýunça teklipleriň taýýarlanylýandygyny bellemek gerek diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, 2028-nji ýylda elektrik energiýasynyň umumy öndürilişini 37,5 milliard kilowat-sagada ýetirip, 2022-nji ýyla garanyňda, onuň möçberini 22,5 göterim artdyrmak bellenilendir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» düýpli maýa goýumlaryň hasabyna Ahal welaýatynda 1412 kilometr, Balkan welaýatynda 347 kilometr, Daşoguz welaýatynda 301 kilometr, Lebap welaýatynda 474 kilometr, Mary welaýatynda 750 kilometr elektrik geçirijilerini gurmak göz öňünde tutuldy. 

                                                                   

Görşüňiz ýaly, energetika pudagynda amala aşyrylýan iri taslamalaryň ählisi-de sebit we halkara ähmiýetlidir. Şunda Türkmenistan daşky gurşawy goramak meselesine örän jogapkärli çemeleşýär. Energiýa tygşytlaýjy, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak, ýokary netijeli, ygtybarly enjamlary ulanmak biziň amala aşyrýan durmuş-ykdysady maksatnamalarymyzyň esasy ugrudyr. Şeýle-de hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň alyp barýan energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga gönükdirilen çäreleriň yzygiderli geçirilýändigini belledi. Senagat desgalary, şol sanda energetika desgalary gurlanda, daşky gurşawa bölünip çykýan zyýanly galyndylaryň mukdaryny azaltmaga ýardam edýän döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. 

                                                                   

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri bolan Gün we ýel elektroenergetikasy boýunça taslamalaryň hem geljegi uludyr. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde milli hünärmenlerimiz öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen işleşseler, olaryň baý tejribelerinden peýdalansalar maksadalaýyk bolar diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Görşüňiz ýaly, ýurdumyzyň energetika pudagyny ösdürmek boýunça geljekde ägirt uly işleri bitirmeli. Dünýäde ylmyň we tehnikanyň täze gazananlary, kämil tehnologiýalar ýüze çykýar. Sanly ulgamyň mümkinçilikleri durmuşymyza barha giňden ornaşýar. Döwür bilen aýakdaş gitmek üçin türkmen ýaşlaryna örän köp zat baglydyr. Häzirki bagtyýar döwrümiziň ýaşlary ertir ýurdy beýgeltjek, türkmen döwletini gülletjek oglan-gyzlardyr. Ýaşlaryň joşguny, Watana bolan söýgüsi, halal zähmete yhlasy, şu güne buýsanjy, röwşen geljege ynamy, dostluga, söýgä bolan sarpasy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy täze taryhy eýýamda möhüm orna mynasyp bolmalydyr. 

                                                                   

Ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdynlygy, hünärli, kämil şahsyýet bolmagy, döredijilik ukyby, pikirlenmek başarnygy jemgyýetimiziň kämilleşmegine hem-de döwletimiziň ösüşine uly itergi berýän güýçdür. Islendik döwletiň ykdysady kuwwaty diňe bir tebigy baýlyklary bilen däl, eýsem, ýetişdirip bilýän kämil nesilleri bilen kesgitlenilýär. Türkmenistan hem bu ugurda kuwwatly döwlet diýip arkaýyn aýdyp bileris diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşynyň dowamynda ýaşlaryň ylmyň soňky gazanan innowasion, sanly tehnologiýalaryndan oňat baş çykarmaklaryny gazanmagyň, döwrebap bilim almaklaryny üpjün etmegiň, olara “Watan” diýen beýik düşünjäniň mukaddesdigini düşündirmegiň wajypdygyny belläp, bu ýörelgeleriň Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň özenini düzýändigine ünsi çekdi. Ýaşlar syýasatynyň esasy maksady bolsa ýaş nesliň kemala gelmegi, şahsyýet hökmünde ösmegi, olaryň aň-paýhas, döredijilik hem-de ruhy mümkinçiliklerini jemgyýetimiziň we döwletimiziň bähbitlerine gönükdirmekleri üçin has amatly şertleri döretmekden ybaratdyr. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny amala aşyrmak üçin bu ulgamda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýändigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň teklibi boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty hem-de Mejlisi tarapyndan «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilendigini belledi. 

                                                                   

Bu Kanun taýýarlanylanda, ýaşlaryň öz pikirleri, teklipleri göz öňünde tutuldy. Türkmen oba hojalyk institutynda, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ýaş mugallymlar, talyplar bilen geçirilen duşuşyklaryň aýratyn täsirli bolandygyny belläp, alym Arkadagymyz bu gün bolsa talyplaryň pikirlerini diňlemekçidigini aýtdy. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýyly şanly wakalara hem-de zähmet üstünliklerine besleýär. Olarda ýaşlarymyzyň bitirýän işleriniň hem aýratyn orny bar. Işçi, daýhan, telekeçi, hünärmen ýaşlar gowy işlemek, talyplar bolsa gowy okamak bilen üstünliklere goşant goşýarlar. Şol üstünlikler XXI asyrda ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün edýär. Ata Watanymyzyň geljegi gurulýar. 

                                                                   

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ähli ösüşleriň, şöhratly üstünlikleriň binýadydygyny belläp, alym Arkadagymyz döwletimiziň we halkymyzyň ýeten belent derejeleriniň Garaşsyzlygymyz hem Bitaraplygymyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny aýtdy. 

                                                                   

Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygynyň şanly baýramynyň bellenilmeginiň öň ýanynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň geçirilmegi hem siziň durmuşyňyzda taryhy wakadyr. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, türkmen ýaşlarynyň geljekde ýerine ýetirmeli işleri barada anyk wezipeleri kesgitledi hem-de olara uly ynam bildirdi. 

                                                                   

Alym Arkadagymyz talyp ýaşlaryň bu wezipeleri abraý bilen berjaý edip, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga, hemişelik Bitaraplygyny berkitmäge, ýurdumyzy gülledip ösdürmäge mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynanýandygyny belledi. Ýaşlar Türkmenistanyň baý energetiki mümkinçilikleriniň bardygyna buýsanmalydyr. 

                                                                   

“Siz halkymyz üçin, ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin aýratyn möhüm bolan energetika ulgamynda işlemäge mümkinçilik alan bagtly ýaşlarsyňyz!” diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni jemledi. 

                                                                   

Duşuşyga gatnaşan mugallymlar we talyplar häzirki zaman ylmyny kämilleşdirmek, sanly bilimi ösdürmek ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin hormatly Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, talyp ýaşlaryň ýurdumyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan durnukly hem-de hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşmaklary, olaryň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede bilim-terbiýe almaklary ugrunda döwlet tarapyndan zerur tagallalar edilýär. Çykyş edenler Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki eýeleýän ornunyň berkidilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini guwanç bilen bellediler. Olar hemmetaraplaýyn bilim almak, dünýä ylmyna çuňňur aralaşmak we häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalaryny ulanmak üçin döredilen mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, Watanymyz üçin ýokary bilimli hünärmenler bolup ýetişjekdiklerine ynandyrdylar. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşlar üçin minnetdarlyk bildirip, ata Watanymyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda türkmen halkynyň toplan baý durmuş tejribesini hem-de asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli ruhy gymmatlyklary nazara almak bilen, ýaşlaryň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülmelidigini belledi we institutyň mugallymlaryna, talyplaryna özüniň sowgatlaryny gowşurdy. 

                                                                   

Soňra Gahryman Arkadagymyz hemmelere üstünlik arzuw edip, bu ýerden Mary şäheriniň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Gurbanguly hajy metjidine tarap ugrady. 

                                                                   

Metjidiň ýanynda hajy Arkadagymyzy Türkmenistanyň müftüsi, Mary welaýatynyň baş ymamy we Gurbanguly hajy metjidiniň ymamy garşyladylar. Hajy Arkadagymyz din wekilleri bilen gürrüňdeş bolup, ýurdumyzda gadymy milli däp-dessurlarymyzyň täze taryhy döwürde mynasyp dowam etdirilýändigini belledi. 

Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Mary welaýatyna amala aşyran saparynyň dowamynda çagalar hassahanasynda bejergi alýan çagalar we olaryň ene-atalary bilen gürrüňdeş bolandygyny, täze ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasyna gatnaşandygyny, talyp ýaşlar bilen duşuşandygyny aýtdy. Munuň özi ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giň gerimli özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. 

                                                                   

Din wekilleri ilat arasynda bolup, halkyň hal-ýagdaýy bilen içgin gyzyklanýandygy, raýatlarymyzyň durmuşynyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ösüp gelýän ýaş nesliň mynasyp derejede terbiýelenilmegine uly üns berýändigi üçin hajy Arkadagymyza tutuş halkymyzyň adyndan hoşallyk sözlerini aýtdylar. 

                                                                   

Soňra hajy Arkadagymyz yslam dünýäsinde mukaddes künjek saýylýan Mekgeden özüne ýadygärlik sowgat hökmünde iberilen keramatly Käbäniň ýazgysy bolan örtükden, hormatly Arkadagymyzyň Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyran saparynyň çäklerinde haj parzyny berjaý eden wagtynda çuňňur hormatyň nyşany hökmünde sowgat berlen teperrikden, şeýle-de Arkadagly Serdarymyzyň mukaddes Käbede umra hajyny berjaý eden pursatlarynda sowgat berlen teperrikden ybarat bolan mukaddesliklere togap etdi. 

                                                                   

Gurbanguly hajy metjidinde hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň bagtyýarlygynyň hem-de ýurdumyzyň ösüşiniň bähbidine ähli asylly başlangyçlarynyň üstünliklere beslenmegi dileg edildi. 

                                                                   

Häzirki wagtda hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň ýadawsyz tagallalary netijesinde bu milli ýörelgeler mynasyp dowam etdirilýär hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Hajy Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, biz şu günümizi we geljegimizi ynsanperwer kadalar, şöhratly ata-babalarymyzyň miras goýan belent ahlak gymmatlyklary esasynda gurýarys. 

                                                                   

Soňra ýurdumyzyň müftüsi keramatly Gurhandan süreleri okap, Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine hajy Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegini Beýik Biribardan dileg etdi. 

                                                                   

Hajy Arkadagymyz döwletimiziň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýandyklary üçin hormatly ýaşululara minnetdarlyk bildirdi we bu ýerden ugrady.

05.09.2022
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara

Mähriban çagalar!
Eziz körpeler!
 

                                                                   

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň uly baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň çäklerinde guralýan Türkmenistanyň zehinli çagalarynyň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly döredijilik bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň kalbymyzyň aýdymy, dilimiziň senasy bolan eziz Watanymyzda amala aşyrylýan beýik işleri şirin owazly, çeper many-mazmunly aýdym-sazlaryňyz bilen mynasyp wasp etjekdigiňize, milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýjak täze aýdym-sazlary döretjekdigiňize pugta ynanýaryn. 

                                                                   

 Mähriban körpeler! 

                                                                   

Türkmen halky dünýäniň iň baý taryhly hem-de medeniýetli halklarynyň biridir. Ata-babalarymyz gadymy döwürlerden bäri paýhasyny we zehinini, yhlasyny hem söýgüsini, begenjini hem-de buýsanjyny, arzuw-hyýallaryny aýdymdyr sazlara siňdirip, türkmen halkyny şahandaz, göwnaçyk millet hökmünde dünýä tanadypdyrlar. Bu gün gadymy Jeýhun bilen bahry Hazaryň arasynda — keremli Watanymyzda toýlarymyz uludan tutulyp, aýdymçydyr bagşylarymyzyň gözel Diýarymyzy, tebigatymyzy, şöhratly taryhymyzy we milli gymmatlyklarymyzy belentden wasp edýän joşgunly aýdymlary, dutardyr gyjagyň, gargy tüýdügiňdir türkmen gopuzynyň bendi ediji mahmal owazlary, deprekleriň we tebilleriň nagralary toý-baýramlarymyza gaýtalanmajak öwüşgin çaýýar, parahatçylygy, dostlugy, gözelligi hem-de nepisligi dabaralandyrýar. 

                                                                   

Sungat äleminiň ýaş ýyldyzlary hökmünde siz çaga kalbyňyzdan joşup çykýan ajaýyp sungat eserleriňiz bilen Garaşsyz Diýarymyzyň, zähmetsöýer halkymyzyň, ajaýyp tebigatymyzyň waspyny belentden ýetirip, Gorkut atadyr Berbat Merwezi, Aşyk Aýdyňdyr Babagammar, Şükür bagşydyr Mylly aga ýaly beýik sungat ussatlarymyzyň ýoluny mynasyp dowam etdirýärsiňiz. Siziň belent joşgunda ýerine ýetirýän aýdym-sazlaryňyz biziň halkymyzyň dünýä dolýan ykbalydyr, at-abraýy, mertebe-şanydyr, ýüreklere egsilmez şatlyk paýlaýan täsin sungatdyr. Garaşsyz Watanymyzyň beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň kalbynda sungata söýgini terbiýelemekde we ösdürmekde, zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmakda hem-de kämilleşdirmekde «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň örän uly ähmiýeti bardyr. 

                                                                   

Täze taryhy döwürde siziň ylymly-bilimli, zehinli, ahlak we beden taýdan sagdyn kemala gelmegiňiz, dostlugy, parahatçylygy, bagtyýarlygy wasp edýän ajaýyp sungat eserleriňiziň belentden ýaňlanyp durmagy, şadyýan gülküleriňiziň Zemini doldurmagy döwlet syýasatynda ileri tutýan esasy maksadymyzdyr. 

                                                                   

 Eziz körpeler! 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk işleriniň netijesinde Türkmenistan bagtly çagalygyň ýurduna we arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesine öwrüldi. Giň möçberli özgertmeler, belent tutumlar köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň, dostlugyň, hoşniýetliligiň belent ruhunda terbiýelenilmegine gönükdirilip, bu ugurdaky işleri üstünlikli dowam etdirýäris. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda, Garaşsyz Diýarymyzyň şäherdir obalarynda häzirki zaman kompýuterleri, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen çagalar baglaryny, orta mekdepleri gurup, siziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegiňiz, döwrebap bilim-terbiýe almagyňyz, sport, döredijilik bilen meşgullanmagyňyz, zehiniňizi kämilleşdirmegiňiz üçin zerur bolan ähli tagallalary edýäris. Geljekde-de bagtyýar çagalarymyzyň döwrebap bilim almagy, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin amala aşyrýan özgertmelerimizi üstünlikli dowam etdireris. 

                                                                   

 Milli aýdym-saz sungatymyzyň ýaşajyk ýyldyzlary!
Bagtyýar körpeler!
 

                                                                   

Sizi zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bäsleşikde siziň her biriňize üstünlikleriň hemra bolmagyny, geljekde Watanymyzyň, halkymyzyň abraýyna abraý, şöhratyna şöhrat goşjak sungat äleminiň ýyldyzlary bolup ýetişmegiňizi arzuw edýärin. 

                                                                   

Goý, dostlugy, parahatçylygy we bagtyýarlygy wasp edýän ajaýyp sungat eserleriňiz — şirin aýdymlaryňyz, joşgunly sazlaryňyz Ýer ýüzüne giňden ýaýylsyn! Size berk jan saglyk, egsilmez bagt, okuwda, durmuşda, aýdym-saz äleminde uly üstünlikleri arzuw edýärin. 

                                                                                                           

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.

03.09.2022
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 2-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlaryny mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge gönükdirilen milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şeýle-de kabul edilýän kanunlary, döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň mazmunyny düşündirmek, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, halkymyzyň taryhy-medeni gymmatlyklaryny wagyz etmek, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek babatda degişli işler alnyp barylýar. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy döwlet Baştutanymyzy hem-de ähli türkmenistanlylary “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen gutlady. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwletimiziň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça işleriň mundan beýläk-de dowam etdirilmeginiň örän wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň geçirilmeginiň, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” (rejelenen görnüşi) Kanunyň kabul edilmeginiň taryhy ähmiýetli wakadygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, gurultaýda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli düzümler bilen sazlaşykly işleriň ýola goýulmalydygy barada aýdyldy. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew ýurdumyzyň hukuk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Halk Maslahatynyň agzalary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edip, döwlet ýaşlar syýasatynyň maksatlary hem-de wezipeleri, durmuşa geçirilýän taryhy özgertmeler, kabul edilýän kanunçylyk namalary barada gürrüň berýärler. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Halk Maslahatynyň ähli agzalarynyň adyndan “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen gutlap, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky gurultaýynyň taryhy ähmiýetini nygtady. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan bu forumyň döwlet ýaşlar syýasatynyň has-da ilerlemeginde wajyp orna mynasypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, gurultaýyň barşynda kabul edilen Kanunyň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň dürli ulgamlarynda ukyplaryny doly ýüze çykarmak üçin ýaşlara giň mümkinçilikleri döredýändigine üns çekildi. 

                                                                   

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýaşlary hemmetaraplaýyn düşünjeli, ylymly-bilimli bolmalydyr, dünýä ylmyna çuňňur aralaşmalydyr, öňdebaryjy tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarmalydyr. Bularyň ählisi kanunçylyk esasda berkidilmegini talap edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ösüp gelýän nesli gadymdan gelýän milli däplere görä, watançylyk ruhunda terbiýelemäge uly üns bermegiň wajypdygyny belläp, degişli maslahatlary berdi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwlet emlägine degişli birnäçe desgalary hususylaşdyrmak boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet emlägini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek hem-de oňaýly işewürlik gurşawyny döretmek maksady bilen görülýän çäreler barada habar berildi. 

                                                                   

Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler bilen bilelikde döwletiň garamagyndan aýyrmak we hususylaşdyrmak üçin kärhanalardyr edaralar boýunça seljermeler geçirildi. Onuň netijeleri boýunça degişli teklipler taýýarlanyldy. Şol tekliplere laýyklykda, bäsleşikli söwda arkaly Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine, Türkmen döwlet neşirýat gullugyna, Aşgabat şäheriniň, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine degişli desgalaryň birnäçesini hususylaşdyrmak göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny işjeň ornaşdyrmagyň, halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň kärhanalaryny dolandyrmak boýunça eýeçiligiň dürli düzümlerini döretmegiň, desgalary tapgyrlaýyn hususylaşdyrmak arkaly düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ykdysady strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda görülýän çäreleriň milli ykdysadyýetde döwlete dahylsyz ulgamyň paýynyň artdyrylmagyna ýardam etmelidigini belledi we öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçiligi üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýurdumyzyň gury ýerlerinde nebite geljegi uly ygtyýarlylandyrylan toplumlary öwrenmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu babatda “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, gury ýerlerde nebit işlerini geçirmek hem-de täze nebitgaz taslamalaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmek maksady bilen, degişli döwlet edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan ýörite topary döretmek arkaly Türkmenistanyň çäginiň gury ýerlerinde nebite baý bolan, ygtyýarlylandyrylan toplumlary kesgitlemek hem-de “Türkmennebit” döwlet konserniniň gyzyklanma bildirýän kompaniýalary bilen toplumlara daşary ýurt maýadarlaryny çekmek boýunça gepleşikleri geçirmek teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini giňden ulanmagyň, pudaga maýa goýumlary çekmegiň Türkmenistanda amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam edýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagyndaky özgertmeleri çaltlandyrmagyň döwrüň talabydygyna ünsi çekip, bu babatda işleri dowam etmek barada wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra wise-premýer “Türkmengaz” döwlet konsernini zerur enjamlar bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. “Döwletabatgazçykaryş” hem-de “Lebapgazçykaryş” müdirlikleriniň önümçilik desgalarynyň birnäçesinde könelişen we hatardan çykan enjamlary çalyşmak, abatlaýyş işlerini geçirmek üçin degişli enjamlary satyn almak zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna “Türkmengaz” döwlet konserniniň kompressorlary we ätiýaçlyk şaýlary satyn almagy hakynda” Kararyň taslamasy hödürlenildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, nebitgaz senagatynyň durnukly we netijeli işlemeginiň düzümiň hem-de önümçilik kuwwatlyklarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, netijeli tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen gönüden-göni baglydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resminamany talabalaýyk ýerine ýetirmegi üpjün etmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda pagta ýygymyna taýýarlyk görlüşi hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Şu gün tutuş ýurdumyz boýunça agrotehniki kadalaryň berjaý edilmegi bilen, möhüm oba hojalyk möwsümine — güýzlük bugdaý ekişine girişilendigi barada hasabat berildi. Ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary netijeli işletmek, gallaçylary ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün etmek boýunça degişli işler geçirildi. Ekerançylyk ýerleriniň suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça çäreleriň görülýändigi barada hem hasabat berildi. 

                                                                   

Şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynda gowaça ideg etmek işleri bilen bir hatarda, pagta ýygymy möwsümine guramaçylykly başlanmagyny üpjün etmek boýunça degişli çäreler durmuşa geçirilýär. “Ak altyn” hasylyny bellenilen möhletde we ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň çig maly üznüksiz kabul etmegi üçin degişli işler alnyp barylýar. Pagtany ýygnamakda we daşamakda kombaýnlary, ýük awtoulaglaryny, traktorlary, tirkegli traktorlary netijeli ulanmak maksat edinilýär. Wise-premýer döwlet Baştutanymyza il içinde hormatlanýan ýaşulularyň gatnaşmagynda pagta ýygymyna başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygynda örän möhüm we jogapkärli möwsüm bolan pagta ýygymynyň ýetip gelendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 7-nji sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa 14-nji sentýabrda pagta ýygymyny başlamaga ak pata berdi. Hormatly Prezidentimiz hormatly ýaşululardan ýygymy “Bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. 

                                                                   

“Harmanyňyza bereket, merdana pagtaçy daýhanlar!” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we ýurdumyzyň edermen pagtaçylaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, Aşgabat şäheriniň çäginde ýerasty suwlaryň derejesini peseltmek hem-de lagym we ýagyn suwlaryny akdyryjy ýerasty zeýkeş inženerçilik ulgamlaryny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Paýtagtymyzyň çalt depginler bilen ösmegi, ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de durmuş maksatly binalaryňdyr desgalaryň yzygiderli gurulmagy netijesinde ygtybarly inženerçilik ulgamlaryny döretmek, ýerasty suwlaryň derejesini peseltmek zerur bolup durýar. Öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, zeýkeş-aragatnaşyk ötügini we lagym suwuny arassalaýjy desgany gurmak işleri amala aşyryldy. 

                                                                   

Mundan başga-da, häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň günorta tarapynda sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu inženerçilik desgalarynyň işe girizilmegi bilen, paýtagtymyzyň ýerasty suwlarynyň derejesi peselip, şäheriň gidromelioratiw ýagdaýyny kadaly saklamak, zeý we sil suwlaryndan goraglylygyny üpjün etmek, lagym we ýagyş suwlaryny şäheriň daşyna çykarmak mümkinçilikleri döredildi. 

                                                                   

Wise-premýer degişli hünärmenler tarapyndan paýtagtymyzyň günbatar hem-de demirgazyk böleklerinde ýerasty suwlaryň derejesini kesgitlemek boýunça tehniki hasabatlaryň taýýarlanylandygyny habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ygtybarly zeýkeş ulgamyny döretmek maksady bilen, degişli teklipler hödürlenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýerasty suwlaryň derejesini peseltmek boýunça alnyp barylýan işleriň wajypdygyny nygtady. Munuň özi inženerçilik-tehniki ulgamlaryň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga hem-de Aşgabatda durmuş-üpjünçilik meseleleriniň birnäçesini toplumlaýyn çözmäge mümkinçilik berer. 

                                                                   

Soňra wise-premýer Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň “Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasynda düýpli abatlaýyş-bejeriş işlerini geçirmek hem-de bu işler üçin zerur bolan serişdeleri satyn almak boýunça geçirilen halkara bäsleşigiň netijeleri barada hasabat berdi. Geçirilen bäsleşigiň jemleri boýunça Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Dost gurluşyk, söwda, önümçilik” hojalyk jemgyýetiniň teklibi has amatly hasaplandy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şu hojalyk jemgyýeti bilen degişli şertnamany baglaşmak baradaky teklip hödürlenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow beýan edilen teklibi makullap, ýurdumyzda isleg bildirilýän gurluşyk serişdelerini öndürmäge ýöriteleşdirilen iri kärhanalaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmegiň wajypdygyna aýratyn ünsi çekdi. 

                                                                   

Soňra wise-premýer hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärliginiň durkuny döwrebap täzelemek hem-de ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça taýýarlanan teklipler barada hasabat berdi. Bu desgadaky işlere şu ýylyň sentýabr aýynda başlamak we ony Gündogaryň beýik akyldary hem-de nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylyň maý aýynda tamamlamak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, bu möhüm desgada işleriň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew telekeçiligi ösdürmek üçin şertleri döretmek babatda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan önümçilik maksatly desgalaryň gurulmagy netijesinde milli ykdysadyýetimizde hususy ulgamyň tutýan orny yzygiderli artýar. 

                                                                   

Şu maksatnamada ykdysady zolaklary döretmek boýunça bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda hereket edýän senagat zolagynyň golaýynda täze senagat zolagyny döretmek baradaky teklip hödürlenildi. Bu senagat zolagynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümleri öndürýän kärhanalary döretmek göz öňünde tutulýar. Bu ugurda kesgitlenen işleriň amala aşyrylmagy milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, hususy ulgamyň işjeňligini ýokarlandyrmaga, içerki we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, milli ykdysadyýetimizde hususy pudagyň tutýan ornuny artdyrmaga ýardam eder. Senagat zolagynda ýokary tehnologiýaly döwrebap kärhanalaryň işe girizilmegi bilen, onuň eksport kuwwatyny artdyrmak üçin mümkinçilikler dörediler. Ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilmegi importyň möçberlerini azaltmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen birlikde, täze kärhanalaryň işe girizilmegi 10 müňden gowrak iş orunlaryny döretmäge ýardam eder. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda hem-de dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde hususy ulgama möhüm ornuň degişlidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet tarapyndan geçirilýän çäreleriň ýurdumyzda telekeçilik işini işjeňleşdirmek arkaly ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň ýokary depginlerini üpjün etmäge gönükdirilendigini aýdyp, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa «Garaşsyz Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde» atly halkara maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli çäreleriň meýilnamasyny hödürledi. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna gabatlanan forum berkarar döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini giňden wagyz etmek hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen geçirilýär. 

                                                                   

5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde guraljak halkara maslahatyň barşynda Döwlet habarlar agentliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, gazet-žurnallaryň redaksiýalarynyň wekilleri daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ozal baglaşylan halkara resminamalaryň ýerine ýetirilişi, geljekki edilmeli işler we öňde duran wezipeler barada pikir alşarlar. Onuň işine sanly ulgam arkaly daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. 

                                                                   

 Çäräniň çäklerinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan sergini guramak meýilleşdirilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri wagyz etmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu halkara çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow “Türkmenistanda seýsmologiýa ylmyny toplumlaýyn ösdürmegiň 2022 — 2026-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” taslamasy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň häzirki zaman seýsmotektoniki ýagdaýynyň ösýän şertlerinde mümkin bolan ýertitreme zolaklaryny öwrenmek boýunça işleri güýçlendirmek, ýer gabygynyň seýsmiki, geodinamiki, elektromagnit, gidrodinamiki we geohimiki ölçeglerine gözegçilik etmek hem-de baha bermek boýunça ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Ylymlar akademiýasy tarapyndan “Türkmenistanda seýsmologiýa ylmyny toplumlaýyn ösdürmegiň 2022 — 2026-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. 

                                                                   

Bu maksatnama ýurdumyzda seýsmiki howpa we seýsmiki töwekgelçilige baha bermek boýunça amala aşyrylýan işleriň çäklerinde ylmyň ornuny ýokarlandyrmaga, düýpli we amaly seýsmiki ylmy barlaglary alyp barmaga, seýsmiki howply zolaklary ýüze çykarmak maksady bilen, maglumatlary toplamaga gönükdirilendir. Bularyň ählisi ilatyň goraglylygyny üpjün etmek ugrunda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge, ýaşlary ylmy-tehnologik işlere giňden çekmäge, ylmy gözlegleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna “Türkmenistanda seýsmologiýa ylmyny toplumlaýyn ösdürmegiň 2022 — 2026-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň taslamasy hödürlenildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, sebitimiziň seýsmologik ýagdaýyny nazara almak bilen, bu möhüm ugurda ylmy gözlegleri seljermegiň we işjeňleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow göz öňünde tutulan çäreleriň mümkin bolan töwekgelçiliklerini öwrenmäge hem-de giň ekologik we tehnogen heläkçilikleriň öňüni almaga ýardam etjekdigini belläp, bu maksatnamanyň düzgünlerini has kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere anyk görkezmeler berildi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň bilim, sport we ýaşlar syýasaty ulgamlarynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna taýýarlanan birnäçe teklipler, hususan-da, ÝUNESKO we onuň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça teklip hödürlenildi. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 2017 — 2021-nji ýyllaryň dowamynda bu komitetiň agzasy bolmak bilen, onuň işine işjeň gatnaşdy. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Türkmenistanyň dalaşgärligini bu komitetiň düzüminde 2023 — 2027-nji ýyllar üçin agzalyga hödürlemek hem-de geljek ýyllarda ýurdumyzda bedenterbiýe we sport meselelerine jogapkär ministrleriň halkara maslahatyny geçirmegiň mümkinçiliklerine seretmek teklip edilýär. 

                                                                   

Şunuň bilen bir hatarda, ÝUNESKO bilen ylym-bilim ulgamynda özara gatnaşyklary giňeltmek, Birleşen Milletler Guramasynyň bu iri ýöriteleşdirilen edarasy tarapyndan geçirilýän çärelere talyp ýaşlary çekmek boýunça teklipler beýan edildi. Mundan başga-da, şu ýylyň 16 — 19-njy sentýabry aralygynda Nýu-Ýork şäherinde ÝUNESKO-nyň guramagynda geçiriljek Bilim ulgamyny özgertmek boýunça bütindünýä sammitiniň işine Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. 

                                                                   

Sport ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde Halkara Olimpiýa Komiteti hem-de Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 2 — 5-nji oktýabrynda Kamboja Patyşalygynyň Pnompen şäherinde geçiriljek Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 41-nji Baş Assambleýasyna Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy baradaky teklip beýan edildi. Şeýle-de ýakyn ýyllarda ýurdumyzda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň nobatdaky mejlisini geçirmek teklip edilýär. 

                                                                   

Häzirki wagtda abraýly halkara sport guramalary, hususan-da, Bütindünýä dopinge garşy göreş agentligi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin açylýan täze mümkinçilikler öwrenilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Halkara sport lukmançylygy federasiýasynyň agzalygyna girmegi boýunça degişli taýýarlyk işleri geçirilýär. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde, hususan-da, GDA-nyň ugurdaş geňeşi bilen bedenterbiýe we sport ulgamynda özara gatnaşyklar netijeli häsiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek boýunça anyk teklipler beýan edildi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda 2023 — 2025-nji ýyllaryň dowamynda sebit we dünýä derejesindäki sport ýaryşlaryny geçirmegiň mümkinçiligine garamak teklip edilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň bilim, sport ulgamyny we ýaşlar syýasatyny döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlemek bilen, bu ugurlarda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde işjeň orny eýeleýändigini nygtady. Şu maksatlar bilen, ýurdumyz BMG-niň ugurdaş düzümleri, beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürip, özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek, olaryň many-mazmunyny baýlaşdyrmak boýunça anyk teklipler bilen çykyş edýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz innowasion ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýandygyny belledi. Ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap sport düzüminiň döredilmegi halkara derejeli iri ýaryşlary geçirmek üçin amatly şertleri üpjün edýär. 

                                                                   

Ýaşlar babatda, şol sanda bilim, ylym, medeniýet we sport ulgamlarynda däp bolan gatnaşyklary höweslendirmek arkaly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin hem oňat mümkinçilikler bar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şular barada aýtmak bilen, wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurlardaky işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy. Munuň özi bu möhüm ulgamlarda netijeli halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň derejesini pugtalandyrmaga ýardam berer. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň ulag-logistika mümkinçiligini netijeli durmuşa geçirmek, ugurdaş düzümleri has-da ösdürmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek, üstaşyr ýük daşalyşynyň mukdaryny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bu ulgamda öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen, daşary ýurtlardan Türkmenistana gelýän hem-de ýurduň çäklerinden üstaşyr geçýän awtoulag serişdeleriniň we motosiklleriň eýelerinden alynýan ýygymlaryň hem-de tölegleriň möçberlerini halkara tejribelere, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça degişli işler geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, halkara ýük daşamalar ulgamynda häzirki zaman talaplaryndan ugur alnyp, birnäçe teklipler, şol sanda multimodal ulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge degişli teklipler taýýarlanyldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gatnawlaryň yklymüsti ýollarynyň strategik çatrygynda ýerleşen Türkmenistanyň bu ulgamda bar bolan uly mümkinçilikleri has doly derejede ulanmagy maksat edinýändigini nygtady. Ýurdumyz netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça yzygiderli çäreleri görüp, oňyn başlangyçlary öňe sürmek bilen, köpugurly sebit hem-de ählumumy ulag-aragatnaşyk düzüminiň kemala getirilmegine anyk goşandyny goşýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz üstaşyr geçirmek we beýleki ugurdaş işleri güýçlendirmegiň hem-de sanly ulgam arkaly ösdürmegiň bu ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmekde, goşulyşma işlerini çuňlaşdyrmakda esasy ýagdaýlaryň biri bolup durýandygyny nygtap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda toplumlaýyn işleri dowam etdirip, hemme degişli meseleleri içgin seljermegi tabşyrdy. 

                                                                   

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy, pudaklary ösdürmäge gönükdirilen çözgütler kabul edildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

03.09.2022
«Garaşsyz Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde» atly halkara maslahat geçiriler

5-nji sentýabrda «Garaşsyz Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde» atly halkara maslahat geçiriler. Oňa görülýän taýýarlyk barada Hökümetiň 2-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa hormatly Prezidentimize hasabat berdi. 

                                                                   

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygyna gabatlanan forumyň maksady ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini giňden wagyz etmekden hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde guraljak halkara maslahatyň barşynda Döwlet habarlar agentliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, gazet-žurnallaryň redaksiýalarynyň wekilleri daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ozal baglaşylan ikitaraplaýyn resminamalaryň ýerine ýetirilişi we geljekde öňde duran wezipeler barada pikir alşarlar. Onuň işine sanly ulgam arkaly daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. 

                                                                   

 Çäräniň çäklerinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan sergini guramak hem meýilleşdirilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Watanymyzyň gazanan üstünliklerini we ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri wagyz etmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetini nygtap, halkara maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                                                           

«Türkmenistan»

03.09.2022
Ylmyň hem önümçiligiň sazlaşygy

Ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny halk hojalygynyň ähli pudaklaryna ornaşdyrmak, ylym bilen önümçiligiň arabaglanyşygyny pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeler syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu ugurda döredilen mümkinçilikler öňde goýlan wajyp wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam edýär.  

                                                                   

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, orta möhletleýin döwürde ylym ulgamynyň özgerişiniň dowam etdirilmegi we düýpli ylmy gözlegleriň esasynda pudaklaýyn ylmy işleriň alnyp barylmagy göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň binýadynda amaly ylmy işleriň geçirilmegi, ylym bilen önümçiligi utgaşdyrýan, önümçilik pudaklarynyň ylmy esasynda ösdürilmegine we usuly kadalarynyň kämilleşdirilmegine içgin gatnaşýan ylmy-önümçilik binýadynyň döredilmegi, ylmy-barlaglary we innowasion işläp düzmeleri täjirleşdirmek we tehnologik auditi geçirmek işleriniň ýola goýulmagy meýilleşdirilýär. 

                                                                   

Milli maksatnamamyzda bellenilen ýokarda agzalan wezipeleri çözmek üçin ýurdumyzda innowasion tehnologiýalary işläp düzmek we olary önümçilige ornaşdyrmak ugrunda iş alyp barýan Tehnologiýalar merkeziniň, ylmy-barlag institutlarynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy ylmy-barlag merkezleriniň mümkinçiliklerini peýdalanmak zerurdyr. Häzirki wagtda hut şundan ugur alnyp, ylmy üstünlikleri we innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga ýardam etmek üçin ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralary tarapyndan degişli işler alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda şu ýylyň 1-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň binýadynda işe girizilen Tehnologiýalaryň transfer merkezini görkezip bileris. Bu merkeziň işe girizilmegi ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça geçirilýän ylmy-barlag işleriniň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak babatda amala aşyrylýan çärelere aýdyň mysaldyr. 

                                                                   

Tehnologiýalaryň transfer merkeziniň baş maksady ylmy-barlag we innowasion işläp düzmeleri täjirleşdirmekden we tehnologik audit işlerini geçirmekden ybaratdyr. Şoňa görä-de, merkez tehnologiýalaryň transferiniň ulgamyny döretmek, olara daşary ýurtlaryň innowasion ulgamlaryny birleşdirmek, şeýle hem innowasion ulgamlary döretmek boýunça halkara maksatnamalara we taslamalara gatnaşmak wezipelerinden ugur alýar. Ýagny bu merkez tehnologiýalaryň transferi çygrynda araçylyk işi — tehnologik brokerçilik bilen meşgullanýar hem-de şol ugurdaky hyzmatlary täjirçilik esasynda amala aşyrýar. Munuň özi ylmy işleriň netijelerini täjirleşdirmegiň mümkinçiliklerine baha bermäge, täjirleşdirmek üçin ýokary mümkinçiligi bolan ylmy işleriň netijelerini ýüze çykarmaga, ylmy işleriň netijelerini täjirleşdirmek üçin strategiýany işläp düzmäge, ylmy işleriň netijelerine bolan hukuklary goramagy we intellektual eýeçiligi ýüze çykarmagy ýola goýmaga şert döredýär.  

                                                                   

Bulardan başga-da, Tehnologiýalaryň transfer merkezi startaplary — täzeçil işewürlik başlangyçlaryny döretmäge, olara maýa goýumlary çekmäge ýardam eder. Munuň özi işewürlik serişdeleriniň üsti arkaly Tehnologiýalaryň transfer merkeziniň ýurdumyzda ylym bilen önümçiligi birleşdirmek ugrunda netijeli işleri alyp barýandygyna we bu işleri geljekde-de mynasyp dowam etdirjekdigine şaýatlyk edýär. 

                                                                                                           

Isa BABAÝEW,

                       

TYA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň maglumat howpsuzlygy we aragatnaşyk tehnologiýalary barlaghanasynyň müdiri.

02.09.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmek ilkinji nobatdaky wezipedir

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyna gatnaşdy 

                                                                   

 Aşgabat, 1-nji sentýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli guralan foruma hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. 

                                                                   

Paýtagtymyzdan hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan wekilleriň gatnaşmagynda geçirilen gurultaýyň dowamynda geçen döwürde ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenildi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu guramanyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi we birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy. 

                                                                   

Gurultaýyň ýurdumyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilmeginde çuňňur many bar. Garaşsyz Watanymyzyň geljegi döwletimiziň we jemgyýetimiziň daýanjy hem-de ösüşleriniň kuwwaty bolan ýaşlar bilen berk baglanyşyklydyr. 

                                                                   

Gurultaý açylmazyndan ozal, oňa gatnaşyjylar köşgüň eýwanynda guralan sergi bilen tanyşdylar. Onda Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri we ýeten sepgitleri, halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasy barada giňişleýin maglumat berýän gymmatlyklar bar. 

                                                                   

 Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky gurultaýy açyk diýlip yglan edildi. 

                                                                   

Oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda döwlet Baştutanymyz gurultaýa gatnaşyjylary we ýurdumyzyň ähli ýaşlaryny forumyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de onuň netijeli, üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiziň Gutlagy okalandan soňra, Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. 

                                                                   

 Gurultaýa gatnaşýan wekillere gün tertibi yglan edildi we ol biragyzdan tassyklanyldy. 

                                                                   

Soňra Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ýazmuhammet Öwezberdiýew hasabat bilen çykyş etdi. Onda guramanyň geçen gurultaýdan bäri ýerine ýetiren işleriniň jemi jemlenildi hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilişi barada giňişleýin maglumatlar berildi. Şeýle-de ol Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ähli agzalarynyň adyndan döwletimiziň we jemgyýetimiziň okgunly ösüşine gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Gurultaýyň dowamynda Ýaşlar guramasynyň paýtagtymyzyň hem-de welaýatlarynyň bölümleriniň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi baradaky hemmetaraplaýyn alada Türkmenistanyň durmuş ulgamyny nazarlaýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Forumda edilen çykyşlarda Watanymyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda Ýaşlar guramasynyň we ýaş türkmenistanlylaryň öňünde durýan anyk wezipeler kesgitlenildi. 

                                                                   

Ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, hormatly Prezidentimiziň hemmetaraplaýyn aladasy ýaşlary täze döredijilik üstünliklerine, mähriban Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine gönükdirilen asylly zähmete ruhlandyrýar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Ýaşlar guramasy öňde durýan möhüm wezipeleriň çözgüdine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşer. 

                                                                   

Soňra gün tertibine laýyklykda, guramaçylyk meselelerine garaldy. Gurultaýa gatnaşyjylar Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň täze düzümini we onuň ýolbaşçylaryny saýladylar. Guramanyň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesine Ýazpolat Keriýew, başlygynyň orunbasary wezipesine bolsa Döwletgeldi Durdymuhammedow saýlanyldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Mekan” köşgüne gelmegi şatlykly waka öwrüldi. Arkadagly Serdarymyzyň gurultaýyň işine gatnaşmagy ýurdumyzda ýaşlar syýasatyna döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýany boldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz “Mekan” köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synlady. Onda täze taryhy eýýamda Watanymyzyň durmuşynyň ähli ulgamlarynda alnyp barylýan giň möçberli özgertmeleriň wajyp ugurlary öz beýanyny tapdy. 

 Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gurultaý geçirilýän zala geldi. Oňa gatnaşyjylar Arkadagly Serdarymyzy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Gurultaýyň wekilleriniň we ýurdumyzyň ähli ýaşlarynyň adyndan döwlet Baştutanymyza gurultaýda çykyş etmek haýyşy bilen ýüzlenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ýaşlaryna, gurultaýa gatnaşýan professorlara we mugallymlara ýüzlenip, hemmeleri ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen gutlady hem-de bilim işgärlerine, talypdyr okuwçy ýaşlara berk jan saglyk, uly üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýandygymyzy belledi. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipeleri öňe sürüldi. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglanylýar. 

                                                                   

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabat gelmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrýar. Ýaňy Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň täze düzüminiň saýlawlary geçirildi. Men guramanyň täze ýolbaşçylaryna jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, geçilen ýollar, ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler geljegiň röwşen ýollaryny gurmagyň mizemez binýadydyr. Şu ýörelgeden ugur alyp, ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň obadyr şäherlerini, etrap merkezlerini abadanlaşdyryp, ýokary hilli ýaşaýyş jaýlaryny gurýarys. Iri senagat toplumlaryny döretmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýarys. Bu tutumly işler döwletimiziň Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň esaslaryny berkidýär. Halkymyzyň hal-ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga ýardam berýär. Bitarap Watanymyzyň dünýädäki at-abraýyny ýokarlandyrýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesilleriň düzýändigini belläp, ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garalýandygyny aýtdy. Bagtyýar ýaşlarymyz halk hojalygynyň dürli pudaklarynda milli hem-de döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde yhlasly zähmet çekýärler. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmakda möhüm başlangyçlary öňe sürýärler. Ylym-bilim, telekeçilik we jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanyp, ykdysadyýetimizi ösdürmäge işjeň gatnaşýarlar.  

                                                                   

Garaşsyz döwletimizi 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna laýyklykda, ýaş raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligi gowulandyrylýar. Olaryň telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy, kadaly ösüşi bilen aýrylmaz baglydyr. Şundan ugur alyp, nesilleri halkymyzyň asylly däpleri esasynda terbiýelemegi örän möhüm wezipeleriň biri hasaplaýarys. Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim, beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir. 

                                                                   

Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdeplerini, çagalar baglaryny, dynç alyş-sagaldyş merkezlerini giň gerimde gurup ulanmaga berýäris. Bu bolsa ýaşlarymyza dünýä derejesinde bilim bermäge mümkinçilik döredýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi. 

                                                                   

Ýaşlar ylmyň gazananlaryny özleşdirmäge işjeň gatnaşýarlar. Mekdep okuwçylarymyz we talyp ýaşlarymyz abraýly halkara bäsleşiklerde uly üstünlikleri gazanýarlar. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlaryň okamagy, bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin berk binýadyň döredilendigini aýdyň görkezýär. 

                                                                   

Garaşsyz döwletimizde ýaşlaryň hukuklary hem ygtybarly goralýar. Ýaş maşgalalar üçin durmuş ýeňillikleri giňeldilýär. Olara goldaw bermek, häzirki zaman ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler amala aşyrylýar. Ýaşlara okajak mekdebini, okuwyň dilini, ugruny we görnüşini saýlap almaga doly hukuk berilýär. Olaryň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, hünäre ugrukdyrmak bilen bagly zerur işler durmuşa geçirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňliginiň barha ýokarlanýandygyny belläp, ýurdumyzyň ýaşlar birleşikleri bilen beýleki döwletleriň hem-de halkara Ýaşlar guramalarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berilýändigini aýtdy. Şoňa görä-de, dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlarymyzyň sany barha artýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň dowamynda bedenterbiýäniň we sportuň jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün edýändigini, adam häsiýetini kemala getirmekde möhüm orny eýeleýändigini, adamda özüne ynamy, güýç-kuwwaty, ruhubelentligi terbiýeleýändigini nygtady. Şonuň üçin raýatlarymyzy, aýratyn-da, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen türgenleriniň Garaşsyz Watanymyzyň at-abraýyny ýokarlandyrýandyklaryny belläp, 2024-nji ýylda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda hem milli ýygyndy toparymyzyň üstünlikli çykyş edip, Döwlet baýdagymyzy belende galdyrjakdyklaryna pugta ynam bildirdi.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň ýaşlar syýasaty ulgamynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy kabul edildi. Maksatnamada ýaş nesillerde Watana we şöhratly taryhymyza buýsanjy, ylym-bilime höwesi artdyrmagyň ýaşlar baradaky syýasatyň esasy ugry bolup durýandygy bellenilýär. Häzirki wagtda ýaşlara «Watan» diýen beýik düşünjäniň mukaddesligini düşündirmek, ony gözüň göreji ýaly goramagy we ýürekden söýmegi terbiýelemek örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, berk bedenli, halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny, maşgala gymmatlyklaryny hormatlaýan şahsyýeti kemala getirmäge gönükdirilen çäreleri mundan beýläk-de yzygiderli geçireris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

                                                                   

Parasatly ata-babalarymyz nesillere ajaýyp däpleri miras galdyrypdyrlar. Agzybirlik, zähmetsöýerlik, ýaşuly nesle hormat-sarpa goýmak halkymyzyň asyrlarboýy durmuş kadasyna öwrülip geldi. Biziň ýaşlarymyz şol däpleri dowam etdirmelidirler. Ösüp gelýän nesilleri şu ýörelgeler esasynda terbiýelemek hemmämiziň wezipämiz bolmalydyr. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar  Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwrüň talabyna görä, ýaşlar syýasatynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan kanunlar hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşi tarapyndan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň, ýaşlaryň gatnaşmagynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanunyň rejelenen görnüşiniň taslamasy taýýarlanyldy. 

                                                                   

Onuň baş maksady Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin has amatly hukuk şertlerini döretmek bilen baglanyşyklydyr. Bu Kanunyň kabul edilmegi ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrar hem-de ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleri giňeltmäge ýardam berer diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biz sanlyja günlerden Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyny baýram ederis. Şu günki ýaşlar Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen täze ruhly nesillerdir. Ýaşlar guramasy Watana wepaly nesilleri terbiýelemekde we jebisleşdirmekde, olaryň güýç-kuwwatyny, aň-düşünjesini Garaşsyz ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirmekde öz borjuny üstünlikli ýerine ýetirip gelýär. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz guramanyň öňünde durýan wezipeleri kesgitledi. Şolaryň hatarynda ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy üçin ähli şertleri döretmek; ýaşlarda raýat jogapkärçiligini we zähmete söýgini ösdürmek; ýaşlaryň şahsy-jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek; ýaşlarymyzda öz hukugyny goramak başarnygyny ýokarlandyryp, olaryň jemgyýetçilik birleşmelerine işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek ýaly ugurlar bar. Bu ugurda amala aşyrylýan esasy maksatlar bilen bir hatarda, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek biziň alyp barýan işlerimiziň esasy maksady bolmalydyr; ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertler döredilmelidir. Olaryň arasynda döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilip durulmalydyr. 

                                                                   

Halallyk we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ýaşlaryň baş ýörelgesine öwrülmelidir. Ýaş ynsanda şeýle häsiýetleri terbiýelemek Ýaşlar guramasynyň belent borjy we baş maksady bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu günki ýaşlar bagtyýar döwürde ýaşaýarlar. Ýaşlaryň sagdyn ösüp, bilim almagy üçin döwletimiz ähli mümkinçilikleri döredýär. Ýaşlar okamak, öwrenmek, yhlasly zähmet çekmek bilen, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny belende götermelidirler. 

                                                                   

Her bir döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşi ylym bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, Garaşsyz döwletimizde ylym ulgamyny kämilleşdirmäge uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ugurda ylmy-barlag institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň alyp barýan işlerine möhüm ornuň degişlidigini belledi. 

                                                                   

Ýaşlar — mähriban Watanymyzyň geljegi diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty zähmeti bilen kesgitlenilýär. Şoňa görä-de, Ýaşlar guramasy ýaş nesillerimize zähmet terbiýesini bermekde hem netijeli işleri alyp barmalydyr. Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir ýaş ynsan zähmeti baýdak edinmelidir. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýaşlarynyň ene-ata we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýandygyny nygtady. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz gurultaýa gatnaşyjylary, ähli bilim işgärlerini ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň geçirilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadan, bagtyýar durmuş, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

 Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen kabul edildi. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gurultaýa gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Bu waka gurultaýa gatnaşyjylar tarapyndan uly ruhubelentlik bilen garşylanyldy. 

                                                                   

 Soňra gurultaýa gatnaşýan wekillere söz berildi. 

                                                                   

Ilki bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň “Türkmennebit” döwlet konserniniň şahamçasynyň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni H.Kişjikow çykyş etdi. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we hemmeleri şu günki çäre bilen gutlap, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň has belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýynyň bardygyny belledi. 

                                                                   

Ýaşlar baradaky Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýaşlaryň kämil bilim almagyna, döredijilikli zähmet çekmegine, mukaddes Watana ak ýürekden gulluk etmegine uly mümkinçilikleri döredýär. Arkadagly Serdarymyzyň bilimiň ähmiýeti hem-de Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi, her bir türkmen ýigidiniň we gyzynyň özüni kämilleşdirmäge çalyşmalydyklary barada aýdan dürdäne jümleleri ýaşlaryň bilimde, ylymda, zähmetde ukyp-başarnygyny görkezmäge bolan höwesini has-da artdyrýar diýlip, çykyşda bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigi nygtaldy. 

                                                                   

Şu ýylyň 14-nji iýunynyň türkmen ýaşlarynyň durmuşynda ýatdan çykmajak senä öwrülendigi, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgamda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirilmek meselelerine bagyşlap maslahat geçirendigi aýdyldy. Hormatly Arkadagymyzyň şu taryhy maslahatda ýaşlaryň pikirlerini, tekliplerini diňlemegi olaryň buýsançly başyny göge ýetirdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu gün gol çeken Kanunynyň geljekde jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlary boýunça ýaşlaryň başarnygyny, sagdyn we kämil ösüş derejesiniň giň mümkinçiliklerini açyp görkezmäge, olaryň bähbitlerini, hukuklaryny goramakda, muny iş ýüzünde amala aşyrmakda ägirt uly hukuk resminamasy boljakdygy bellenildi. 

                                                                   

Çykyş edeniň aýdyşy ýaly, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleri ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işleri, Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatyny ýaşlarymyzyň arasynda giňden wagyz etmekde, ýiti zehinli, maksada okgunly ýaşlary ýüze çykarmakda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň şahsy göreldesinden ruhlanýarlar. 

                                                                   

Gurultaýyň wekili çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, alyp barýan giň möçberli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra Lebap welaýat kitaphanasynyň I derejeli usulçysy A.Şamuhammedowa söz berildi. Ol Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda çykyş etmek mümkinçiliginiň dörändigi üçin örän hoşaldygyny nygtady. 

                                                                   

Ol ýurdumyzyň ýaşlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bildirilen ynama buýsanýandyklaryny belläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa amala aşyrylýan oňyn ýaşlar syýasaty üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Onuň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň gurultaýa gatnaşyp, beren öwüt-nesihatlary we bu taryhy gurultaýda ykbal özgerdiji Kanuna gol çekmegi Watanymyzyň baýdak göterijileri bolan bagtyýar ýaşlaryň ruhuny belende göterdi. 

                                                                   

Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda gülläp ösýän Watanymyzda ýaşaýan halkymyz jemgyýetiň ähli ugurlarynda, şol sanda ylym-bilim we medeniýet ulgamynda uly üstünlikleri gazanýar. Ýaşlaryň ýokary derejeli bilim almagy üçin zerur şertler döredilýär. Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýy yzygiderli ýokarlanýar. 

                                                                   

Garaşsyzlyk ýyllarynda sagdyn pikirli, sowatly, dünýäniň ösen talaplaryna laýyk derejede iş alyp barmagy başarýan täze nesil kemala geldi. Bu bolsa ýaşlaryň milli mirasymyzy, medeniýetimizi we sungatymyzy, onuň özboluşly aýratynlyklaryny düýpli öwrenmekde, ony dünýä ýaýmakda örän uly ähmiýete eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, A.Şamuhammedowa Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan terbiýeçilik ähmiýetli eserleriniň ýaşlary terbiýelemekde ýolgörkeziji taglymatdygyny nygtady. Çünki adamzadyň kämilleşmeginde, ýaşlaryň ilhalar ynsanlar bolup kemala gelmeginde kitabyň orny örän uludyr. 

                                                                   

Çykyş edýän döwlet Baştutanymyza ýaş nesilleriň adyndan Watanymyzyň ösüşiň täze derejesine çykmagyna gönükdirilen giň möçberli işleri üçin hoşallyk bildirip, Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, asylly işlerinde we başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby A.Goşanyýazow çykyş edip, döwlet Baştutanymyzy hem-de gurultaýa gatnaşyjylary ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de şu günki gurultaýyň geçirilmegi bilen gutlady. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly taglymatyna laýyklykda, berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly, ruhubelent nesli kemala getirmek babatda alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. 

                                                                   

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, paýtagtymyzda ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän sport meýdançalarynyň, stadionlarynyň, sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň, atçylyk-sport toplumlarynyň, ýöriteleşdirilen sport mekdepleriniň gurlup ulanmaga berilmegi türkmen türgenleriniň daşary döwletlerde geçirilýän halkara ýaryşlarda ýeňiş gazanyp, eziz Diýarymyzyň sport abraýyny ýokary derejelere göterjek milli türgenlerimiziň kemala gelmegini şertlendirýär. 

                                                                   

Berkarar döwletimiz Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolmak bilen, Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň ýokary guramaçylykly geçirilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Biziň türgenlerimiziň Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda hem-de ýurdumyzda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda gazanan taryhy ýeňişleri Türkmenistanda bedenterbiýäniň we sportuň işjeň ösdürilýändiginiň subutnamasydyr. 

                                                                   

A.Goşanyýazowyň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek baradaky çözgüdi kabul etmegi, şeýle-de “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Kanuna gol çekmegi şanly waka boldy. Ol türkmen türgenleriniň iri halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, Watanymyzyň sport abraýyny belent derejelere ýetirjekdiklerine ynandyrdy hem-de Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, alyp barýan tutumly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýanyndaky harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdiriýetiniň çagyryş boýunça harby gullukçysy B.Kadyrowa söz berildi. Ol Watan goragçylarynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna hem-de gurultaýyň wekillerine ýüzlenip, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Bilimler we talyp ýaşlar gününiň hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän şu günki gurultaýyň ähmiýetini belledi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda Milli goşunymyzy, onuň ugurdaş düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça toplumlaýyn işler üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen şu ýylyň 20-nji awgustynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdiriýetiniň täze binalar toplumy açyldy. Häzirki döwrüň ruhuna kybap gelýän “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Kanunyň kabul edilmegi Watan goragçylarynyň ruhuny belende göterdi. 

                                                                   

Harby gullukçy Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň harby gullukçylar üçin edermenligiň, watansöýüjiligiň we harby hünär ussatlygynyň nusgasy bolup durýandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi we Watanymyzy wasp edýän aýdymy ýerine ýetirdi. 

                                                                   

B.Kadyrowyň belleýşi ýaly, bildirilen ynamy ödemek türkmen ýaşlary üçin belent mertebedir. Öz mukaddes borçlaryny yhlas bilen ýerine ýetirýän Watan goragçylary mundan beýläk-de eziz Diýarymyza, mähriban halkymyza ak ýürekden gulluk ederler. Harby gullukçy çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentine, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň täze saýlanan başlygy Ý.Keriýewe söz berildi. Ol ýaş nesilleriň adyndan şu günki gurultaýa gatnaşandygy hem-de onda eden taryhy çykyşy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow pederleriň şöhratly wesýetlerine eýerip, ýurdumyzy täze Galkynyşyň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýar. Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň sazlaşykly, watansöýüjilik we zähmet terbiýesi esasynda ösmegi üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy we Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça ýaş nesilleriň teklipleri nazara alnyp taýýarlanylan Kanuna gol çekilmegi ýurdumyzyň ýaşlarynyň buýsanjyny belende göterdi. Bu taryhy waka ýurdumyzyň ýaş raýatlary hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigini görkezýär. 

                                                                   

Ý.Keriýewiň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýokary döwlet wezipesine girişmegi mynasybetli eden çykyşyndan ruhlanan ýaşlar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda zerur tagallalary edýärler. Gurultaýyň wekilleri Arkadagly Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen ýaşlaryň guramanyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň, ata Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine has-da yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrýarlar. Şunda döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, täze taryhy eýýamyň belent maksatlaryna ýetmek ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gurultaýa gatnaşyjylara jemleýji söz bilen ýüzlenip, hemmeleri Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň geçirilmegi bilen ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlady. 

                                                                   

Ýurdumyzyň ýaş nesillerine iň gowy arzuwlaryny aýdyp, döwlet Baştutanymyz sözüni Gahryman Arkadagymyzyň belent ruha beslenen “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen şygary bilen jemledi. Foruma gatnaşyjylaryň hemmesi bu şygary joşgunly gaýtaladylar. 

                                                                   

 Gurultaýyň işi tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmeler bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady. 

                                                                   

Şeýlelikde, nobatdaky gurultaý türkmen ýaşlarynyň döwlet Baştutanymyzyň daşyna mäkäm jebisleşendiginiň, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň bagtyýar şu gününiň we nurana geljeginiň bähbidine onuň köptaraply mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge höwesiniň aýdyň beýanyna öwrüldi.

02.09.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyndaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabry) 

                                                                   

 Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar ýaşlary!
Hormatly professor-mugallymlar!
Gadyrly gurultaýa gatnaşyjylar!
 

                                                                   

Şu gün ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär. Men siziň ähliňizi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň bu şanly senesi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ähli bilim işgärlerine, talyp we okuwçy ýaşlarymyza berk jan saglyk hem-de uly üstünlikleri arzuw edýärin. 

                                                                   

Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýduk. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipelerini öňe sürdük. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys. 

                                                                   

 Hormatly adamlar! 

                                                                   

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabat gelmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrýar. Ýaňy Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň täze düzüminiň saýlawlary geçirildi. Men guramanyň täze ýolbaşçylaryna jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw edýärin. 

                                                                   

Geçilen ýollar, ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler geljegiň röwşen ýollaryny gurmagyň mizemez binýadydyr. Biz şu ýörelgeden ugur alyp, ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Ýurdumyzyň obadyr şäherlerini, etrap merkezlerini abadanlaşdyryp, ýokary hilli ýaşaýyş jaýlaryny gurýarys. Iri senagat toplumlaryny döretmek boýunça giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär. Bu tutumly işler döwletimiziň Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň esaslaryny berkidýär. Halkymyzyň hal-ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga ýardam berýär. Bitarap Watanymyzyň dünýädäki at-abraýyny ýokarlandyrýar. 

                                                                   

 Hormatly ýaş nesliň wekilleri! 

                                                                   

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesiller düzýär. Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Bagtyýar ýaşlarymyz halk hojalygynyň dürli pudaklarynda milli hem-de döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde yhlasly zähmet çekýärler. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmakda möhüm başlangyçlary öňe sürýärler. Ylym-bilim, telekeçilik we jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanyp, ykdysadyýetimizi ösdürmäge işjeň gatnaşýarlar.  

                                                                   

Garaşsyz döwletimizi 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna laýyklykda, biz ýaş raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligini gowulandyrýarys. Olaryň telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmek boýunça hem netijeli işleri alyp barýarys. 

                                                                   

 Eziz ýaşlar! 

                                                                   

Beýik geljegimiz siziň bagtyýarlygyňyz, kadaly ösüşiňiz bilen aýrylmaz baglydyr. Şundan ugur alyp, nesilleri halkymyzyň asylly däpleri esasynda terbiýelemegi örän möhüm wezipeleriň biri hasaplaýarys. 

                                                                   

Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir. Şoňa görä-de, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdeplerini, çagalar baglaryny, dynç alyş-sagaldyş merkezlerini giň gerimde gurup ulanmaga berýäris. Bu bolsa ýaşlarymyza dünýä derejesinde bilim bermäge mümkinçilik döredýär. 

                                                                   

 Eziz watandaşlar! 

                                                                   

Ýaşlar ylmyň gazananlaryny özleşdirmäge işjeň gatnaşýarlar. Mekdep okuwçylarymyz we talyp ýaşlarymyz abraýly halkara bäsleşiklerde uly üstünlikleri gazanýarlar. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlaryň okamagy, bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin berk binýadyň döredilýändigini aýdyň görkezýär. 

                                                                   

Garaşsyz döwletimizde ýaşlaryň hukuklary hem ygtybarly goralýar. Ýaş maşgalalar üçin durmuş ýeňillikleri giňeldilýär. Olara goldaw bermek, häzirki zaman ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler amala aşyrylýar. Ýaşlara okajak mekdebini, okuwyň dilini, ugruny we görnüşini saýlap almaga doly hukuk berilýär. Olaryň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, hünäre ugrukdyrmak bilen bagly zerur işler hem durmuşa geçirilýär. 

                                                                   

Häzirki wagtda ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligi barha ýokarlanýar. Biz ýurdumyzyň ýaşlar birleşikleri bilen beýleki döwletleriň hem-de halkara Ýaşlar guramalarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýäris. Şoňa görä-de, dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlarymyzyň sany barha artýar. Geljekde-de hemmetaraplaýyn ösen, ylymly-bilimli, hünärine ussat ýaşlary ýetişdirmek üçin döwletimiz ähli şertleri döreder. 

                                                                   

 Mähriban ýaşlar! 

                                                                   

Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär, adam häsiýetini kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär. Adamda özüne ynamy, güýç-kuwwaty, ruhubelentligi terbiýeleýär. Şonuň üçin raýatlarymyzy, aýratyn-da, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. 

                                                                   

Ykbalyny sporta baglan ýaş türgenlerimiz Garaşsyz Watanymyzyň at-abraýyny ýokarlandyrýarlar. 2024-nji ýylda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda hem ýygyndy toparlarymyzyň üstünlikli çykyş edip, Döwlet baýdagymyzy belende galdyrjakdyklaryna pugta ynanýaryn. 

                                                                   

 Eziz watandaşlar! 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Maksatnamada ýaş nesillerde Watana we şöhratly taryhymyza buýsanjy, ylym-bilime höwesi artdyrmagyň ýaşlar baradaky syýasatyň esasy ugry bolup durýandygy bellenilýär. 

                                                                   

Häzirki wagtda ýaşlara «Watan» diýen beýik düşünjäniň mukaddesligini düşündirmek, ony gözüň göreji ýaly goramagy we ýürekden söýmegi terbiýelemek örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, berk bedenli, halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny we maşgala gymmatlyklaryny hormatlaýan şahsyýeti kemala getirmäge gönükdirilen çäreleri mundan beýläk-de yzygiderli geçireris. 

                                                                   

Parasatly ata-babalarymyz nesillere ajaýyp däpleri miras galdyrypdyrlar. Agzybirlik, zähmetsöýerlik, ýaşuly nesle hormat-sarpa goýmak halkymyzyň asyrlarboýy durmuş kadasyna öwrülip geldi. Biziň ýaşlarymyz şol däpleri dowam etdirmelidirler. Ösüp gelýän nesilleri şu ýörelgeler esasynda terbiýelemek hemmämiziň wezipämiz bolmalydyr. 

                                                                   

 Hormatly adamlar! 

                                                                   

Döwrüň talabyna görä, ýaşlar syýasatynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan kanunlar hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşi tarapyndan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň hem-de ýaşlaryň gatnaşmagynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanunyň rejelenen görnüşiniň taslamasy taýýarlanyldy. Onuň maksady Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin has amatly hukuk şertlerini döretmek bilen baglanyşyklydyr. 

                                                                   

Bu Kanunyň kabul edilmegi ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrar hem-de ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleri giňeltmäge ýardam berer. 

                                                                   

 Hormatly adamlar! 

                                                                   

Biz sanlyja günlerden Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyny baýram ederis. Şu günki ýaşlar Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen täze ruhly nesillerdir. Ýaşlar guramasy Watana wepaly nesilleri terbiýelemekde we jebisleşdirmekde, olaryň güýç-kuwwatyny, aň-düşünjesini Garaşsyz ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirmekde öz borjuny üstünlikli ýerine ýetirip gelýär. 

                                                                   

 Häzirki wagtda biz bu guramanyň öňünde şu wezipeleri goýýarys: 

                                                                   

1) Ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy üçin ähli şertleri döretmeli. 

                                                                   

 2) Ýaşlarda raýat jogapkärçiligini we zähmete söýgini ösdürmeli. 

                                                                   

 3) Ýaşlaryň şahsy-jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamaly we höweslendirmeli. 

                                                                   

4) Ýaşlarymyzda öz hukugyny goramak başarnygyny ýokarlandyryp, olaryň jemgyýetçilik birleşmelerine işjeň gatnaşmagyny üpjün etmeli. 

                                                                   

5) Giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek biziň alyp barýan işlerimiziň esasy maksady bolmaly. 

                                                                   

6) Ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döretmeli. Olaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirip durmaly. 

                                                                   

7) Halallyk we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ýaşlaryň baş ýörelgesine öwrülmelidir. Ýaş ynsanda şeýle häsiýetleri terbiýelemek Ýaşlar guramasynyň belent borjy we baş maksady bolmalydyr. 

                                                                   

 Mähriban ýaşlar! 

                                                                   

Siz bagtyýar döwürde ýaşaýarsyňyz. Siziň sagdyn ösüp, bilim almagyňyz üçin döwletimiz ähli mümkinçilikleri döredýär. Siz okamak, öwrenmek, yhlasly zähmet çekmek bilen, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny belende götermelisiňiz! 

                                                                   

Her bir döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşi ylym bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, Garaşsyz döwletimizde ylym ulgamyny kämilleşdirmäge uly üns berýäris. Bu ugurda ylmy-barlag institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň alyp barýan işlerine möhüm orun degişlidir. 

                                                                   

 Eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar! 

                                                                   

Ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty zähmeti bilen kesgitlenýär. Şoňa görä-de, Ýaşlar guramasy ýaş nesillerimize zähmet terbiýesini bermekde hem netijeli işleri alyp barmalydyr. Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir ýaş ynsan zähmeti baýdak edinmelidir. 

                                                                   

Men ýurdumyzyň ýaşlarynyň ene-ata we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn.  

                                                                   

 Mähriban ýaşlar! 

                                                                   

Sizi we hemme bilim işgärlerini ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň geçirilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan, bagtyýar durmuş, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

02.09.2022
Ilatyň bähbidi ileri tutulýar

Ilaty ähli amatlylyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» her bir raýatyň paýyna düşýän ýaşaýyş jaýynyň meýdanynyň 25,6 inedördül metre ýetirilmegi göz öňünde tutulýar. Bu ugurda şu wagta çenli amala aşyrylan işler meýilleşdirilen sepgide ýetmek üçin aýgytly ädimleriň ädilendiginden habar berýär. Kerki etrabynda 500 maşgala, Halaç, Saýat we Çärjew etraplarynyň hersinde 1000 maşgala niýetlenilen ýaşaýyş jaýly we dolandyryş edaralary hem-de durmuşy ähmiýetli binalary boljak şäherçeleriň gurluşygy dowam edýär. Obalarda berilýän mellek ýerleriniň hasabyna täze ilatly ýerler döreýär.  

                                                                   

Türkmenabat şäheri hem täze gurulýan ýaşaýyş toplumlarynyň we aýry-aýry gurulýan jaýlaryň hasabyna gün-günden gözelleşýär we giňelýär. Ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bellenilýän ýylynda 6-njy gurluşyk materiallary zawodynyň şäherçesinde hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri üçin 32 sany kottejiň gurlup, ulanylmaga tabşyrylandygy bellärliklidir. Hersi 6 otagdan ybarat 2 gatly jaýlaryň peýdaly meýdanynyň 262 inedördül metre barabardygy öňde goýlan maksatlara tapgyrma-tapgyr ýetmäge ugur alnandygyny görkezýär. Ýakyn günlerde ýene-de 100 sany kottejiň ulanylmaga tabşyryljakdygy hem bu aýdylanlara şaýatlyk edýär. Üstesine-de, Türkmenabat Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda 40 sany 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny hem munuň üstüne goşmaly. 

                                                                   

Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna goýberilýän pul serişdeleriniň hem wagtynda özleşdirilýändigini bellemek ýerlikli bolar. Şu ýyl welaýatymyz boýunça goýberilen 182 million 820 müň manatlyk düýpli maýa goýumlarynyň ýarysyndan gowragy, has takygy, 94 million 830 müň manady bu pudagyň paýyna düşýär. Eýýäm onuň ep-esli böleginiň özleşdirilendigi hem bu ugra ünsüň has güýçlendirilendiginiň alamatydyr. Bu bolsa öňde goýlan maksada bellenilen möhletlerde ýetiljekdiginiň güwäsidir. 

                                                                   

Ýokarda beýan edilenler «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýaşaýyş jaý gurluşygynda möhüm sepgit boljakdygyndan habar berýär. Şol sebäpli bagtyýar ildeşlerimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp-köp sagbolsun aýdýarlar. 

                                                                                                           

Gözel AÝDOGDYÝEWA,

                       

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Lebap welaýat müdirliginiň döwlet sanawyny alyp barýan döwlet bellige alyjysy.

01.09.2022
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!
Mähriban talyplar, eziz okuwçylar!
 

                                                                   

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň jemgyýetçilik durmuşynda uly orun tutýan ajaýyp baýram — Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2022-2023-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu baýramçylygyň ýokary ruhubelentlik döredip, ösüşleriň aýdyň ýolundan öňe barýan eziz Watanymyza söýgimizi has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli baýramlarymyzy we şanly senelerimizi agzybirlikde, jebislikde garşy alýarys. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde eziz Diýarymyzyň ähli şäherdir obalarynda baý mazmunly, aýdym-sazly baýramçylyk çärelerini geçirip, häzirki zaman multimedia enjamlary, sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze, döwrebap orta mekdepleri hem-de çagalar baglaryny dabaraly açýarys. Bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpelerimize «Bilimli» atly kompýuterleri ýadygärlik sowgady hökmünde gowşurýarys. Mugallym we terbiýeçi hünärini ele alan ýaşlara ilkinji zähmet ýoluna ak pata berýäris. Munuň özi bilimler baýramynyň jemgyýetçilik ähmiýetini ýokarlandyrmak bilen, milli agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrýar, täze üstünlikleri gazanmaga, belent sepgitlere ýetmäge güýç-kuwwat berýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzyň «Ylym we bilim biziň ýolumyzdyr» diýen taglymatyndan ugur alyp, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri depginli dowam etdirýäris. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», beýleki milli maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirýäris. Durmuş ulgamyna degişli desgalar bilen bir hatarda, täze bilim edaralaryny gurýarys. On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim işini dünýä ölçeglerinde has-da kämilleşdirýäris, sanly bilimi ösdürýäris. 

                                                                   

Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän alada öz miwesini hem berýär. Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlar kemala gelýär. Soňky ýyllarda halkara ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýan talyplarymyzyň, mekdep okuwçylarymyzyň sany has-da artýar. 

                                                                   

Dünýäniň dürli künjeklerinde Watanymyza, halkymyza mynasyp wekilçilik edip, üstünlikli çykyş edýän zehinli ýaşlarymyz biziň milli guwanjymyzdyr. Siz belent watansöýüjilik duýgyňyz, tutanýerliligiňiz we erjelligiňiz bilen ylym-bilim dünýäsine çuňdan aralaşmalysyňyz. Asyrdan-asyra, nesilden-nesle geçirilip, kämil derejä ýetirilen milli ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirip, watansöýüjilikde, tämiz ahlaklylykda, beden we ruhy taýdan sagdynlykda ýokary derejelere ýetmelisiňiz. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe okamak, öwrenmek, döredijilikli, yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, mertebesini öňküden-de belende götermelisiňiz. 

                                                                   

 Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri! 

                                                                   

Türkmen halky özüniň uzak asyrlyk taryhy ýolunda egsilmez genji-hazyna öwrülen maddy we ruhy gymmatlyklary, bilim mirasyny, watansöýüjilige, ynsanperwerlige, ene-ata, jemgyýete, dünýä, durmuşa bolan beýik söýgä ýugrulan milli terbiýe mekdebini döredipdir. Garaşsyz Diýarymyzyň Merw, Nusaý, Ürgenç, Abiwerd, Sarahs, Dehistan ýaly gadymy şäherleri ilkinji ylymlaryň we bilimleriň, medeniýetleriň hem-de sungatlaryň gülläp ösen merkezleri hökmünde dünýä meşhur bolupdyr. Täze taryhy döwürde milli ýörelgelerimizi dabaralandyrmak, okamak, öwrenmek, zähmet çekmek, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak biziň esasy maksadymyzdyr. 

                                                                   

Mugallymlaryň we bilim işgärleriniň gözbaşyny gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýan milli ýörelgelerimizi, halypa-şägirtlik ýoluny mynasyp dowam etdirmek, yhlasly, döredijilikli zähmet çekmek bilen, mukaddes käriň abraýyny, ýurdumyzyň bilim kuwwatyny artdyrjakdyklaryna, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesilleri terbiýeläp, bilimler ýurdy hökmünde Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrjakdyklaryna pugta ynanýaryn. 

                                                                   

 Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!
Mähriban talyplar, eziz okuwçylar!
 

                                                                   

Sizi Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, okuwda, işde uly üstünlikleri, maşgala abadançylygyny, rowaçlyk arzuw edýärin. 

                                                                                                           

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.

01.09.2022
Energetika — ykdysadyýetiň ygtybarly pudagy

Dünýäniň iň iri energetika döwletleriniň biri hökmünde Türkmenistan özüniň ägirt uly tebigy we ykdysady mümkinçiliklerini häzirki we geljekki nesilleriň bähbitleri üçin ulanmagyň ýokary nusgasyny görkezýär. 

                                                                   

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenilişi ýaly, tebigy gazyň gorlaryny çalt depginler bilen özleşdirmek, «mawy ýangyjyň» çykarylyşyny düýpli artdyrmak, ulgama ýokary netijeli innowasion tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmak nebitgaz pudagyny ösdürmegiň esasy wezipeleri bolup durýar. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 18-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň çäginde ýerleşýän «Gadyn» gaz käniniň gaz ýygnaýjy bekediniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Elbetde, munuň özi Türkmenistanyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim boldy. Dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini doly derejede ulanmak milli ykdysady kuwwaty ýokarlandyrmaga, halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýle hem, halkara gatnaşyklary tejribesinde bu desga döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli we işjeň häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň beýanydyr. Häzirki döwürde Hytaý Halk Respublikasy ýangyç-energetika pudagynda Türkmenistanyň işjeň hyzmatdaşlarynyň biridir. Her ýylda onlarça milliard kub metr möçberde «mawy ýangyjy» akdyrýan Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý halkara gaz geçirijisi türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň üstünlige beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.  

                                                                   

Häzirki wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy hem gyzgalaňly dowam edýär. Bilşimiz ýaly, 2010-njy ýylda başy başlanan TOPH taslamasynyň halkara möçberli taslamalaryň hataryna kesgitli goşuljakdygy ikuçsyzdyr. Ilkinji nobatda, ol sebitiň ýurtlarynyň durnukly ösmegine, durmuş we ykdysady taýdan galkynmagyna ýardam eder, şeýle hem olaryň energetika howpsuzlygyny üpjün eder.  TOPH diňe bir hyzmatdaş ýurtlary energiýa serişdeleri bilen üpjün etmek üçin däl-de, eýsem, Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmekde, bütin sebitde onlarça müň goşmaça iş orunlaryny döretmekde, ýaşaýyş-durmuş düzümini ösdürmekde, syýasy durnuklylygy saklamakda we berkitmekde aýgytly ähmiýete eýedir. 

                                                                   

Ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasaty Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan giň goldawa eýe bolup, durnukly energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar. Çünki Türkmenistanyň daşary syýasy konsepsiýasynyň esasy ýörelgesi dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda ýurdumyz dünýä döwletleriniň bähbidine «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär, sebit we halkara derejesindäki iri taslamalaryň başyny başlap, häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça netijeli teklipleri öňe sürýär. Durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde energetika ulgamynyň halkara derejesinde ygtybarlylygynyň hem-de durnuklylygynyň üpjün edilmegini ileri tutýar. Türkmenistanyň başlangyçlary bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň orny» atly Kararnamalaryň iki gezek kabul edilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.  

                                                                   

Ýurdumyz Energetika Hartiýasynyň agzasy bolmak bilen, soňky ýyllarda energiýa ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyny barha pugtalandyrýar. 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň başlyklygyna saýlanylmagy we bu wezipäniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň energiýa serişdeleriniň umumadamzadyň bähbitlerine ulanmak baradaky tagallalarynyň halkara derejesindäki ýene bir gezek ykrar edilmesine öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyz geografiýa taýdan amatly ýerleşmek bilen, sebitiň örän möhüm ulag halkasyna öwrüldi. Munuň üçin umumy ykrar edilen ölçeglere laýyk gelýän ulag düzümi döredilýär, ýokary tizlikli awtomobil ýollary çekilýär, halkara demir ýollary, menzilleri gurulýar. Diňe bir ýurduň içinde däl-de, goňşy döwletleri hem birleşdirýän demir ýol we awtomobil köprüleri gurulýar. Bu ýollar energiýa serişdelerini ygtybarly esaslarda halkara bazarlaryna çykarmaga mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Goý, milli ykdysadyýetimiziň köpugurly ösüşine gönükdirilen maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! 

                                                                                                           

Babamyrat SEÝFULLAÝEW,

                       

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.

01.09.2022