Dünýäniň iň iri energetika döwletleriniň biri hökmünde Türkmenistan özüniň ägirt uly tebigy we ykdysady mümkinçiliklerini häzirki we geljekki nesilleriň bähbitleri üçin ulanmagyň ýokary nusgasyny görkezýär.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenilişi ýaly, tebigy gazyň gorlaryny çalt depginler bilen özleşdirmek, «mawy ýangyjyň» çykarylyşyny düýpli artdyrmak, ulgama ýokary netijeli innowasion tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmak nebitgaz pudagyny ösdürmegiň esasy wezipeleri bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 18-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň çäginde ýerleşýän «Gadyn» gaz käniniň gaz ýygnaýjy bekediniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Elbetde, munuň özi Türkmenistanyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim boldy. Dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini doly derejede ulanmak milli ykdysady kuwwaty ýokarlandyrmaga, halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýle hem, halkara gatnaşyklary tejribesinde bu desga döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli we işjeň häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň beýanydyr. Häzirki döwürde Hytaý Halk Respublikasy ýangyç-energetika pudagynda Türkmenistanyň işjeň hyzmatdaşlarynyň biridir. Her ýylda onlarça milliard kub metr möçberde «mawy ýangyjy» akdyrýan Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý halkara gaz geçirijisi türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň üstünlige beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy hem gyzgalaňly dowam edýär. Bilşimiz ýaly, 2010-njy ýylda başy başlanan TOPH taslamasynyň halkara möçberli taslamalaryň hataryna kesgitli goşuljakdygy ikuçsyzdyr. Ilkinji nobatda, ol sebitiň ýurtlarynyň durnukly ösmegine, durmuş we ykdysady taýdan galkynmagyna ýardam eder, şeýle hem olaryň energetika howpsuzlygyny üpjün eder. TOPH diňe bir hyzmatdaş ýurtlary energiýa serişdeleri bilen üpjün etmek üçin däl-de, eýsem, Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmekde, bütin sebitde onlarça müň goşmaça iş orunlaryny döretmekde, ýaşaýyş-durmuş düzümini ösdürmekde, syýasy durnuklylygy saklamakda we berkitmekde aýgytly ähmiýete eýedir.
Ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasaty Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan giň goldawa eýe bolup, durnukly energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar. Çünki Türkmenistanyň daşary syýasy konsepsiýasynyň esasy ýörelgesi dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda ýurdumyz dünýä döwletleriniň bähbidine «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär, sebit we halkara derejesindäki iri taslamalaryň başyny başlap, häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça netijeli teklipleri öňe sürýär. Durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde energetika ulgamynyň halkara derejesinde ygtybarlylygynyň hem-de durnuklylygynyň üpjün edilmegini ileri tutýar. Türkmenistanyň başlangyçlary bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň orny» atly Kararnamalaryň iki gezek kabul edilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Ýurdumyz Energetika Hartiýasynyň agzasy bolmak bilen, soňky ýyllarda energiýa ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyny barha pugtalandyrýar. 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň başlyklygyna saýlanylmagy we bu wezipäniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň energiýa serişdeleriniň umumadamzadyň bähbitlerine ulanmak baradaky tagallalarynyň halkara derejesindäki ýene bir gezek ykrar edilmesine öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyz geografiýa taýdan amatly ýerleşmek bilen, sebitiň örän möhüm ulag halkasyna öwrüldi. Munuň üçin umumy ykrar edilen ölçeglere laýyk gelýän ulag düzümi döredilýär, ýokary tizlikli awtomobil ýollary çekilýär, halkara demir ýollary, menzilleri gurulýar. Diňe bir ýurduň içinde däl-de, goňşy döwletleri hem birleşdirýän demir ýol we awtomobil köprüleri gurulýar. Bu ýollar energiýa serişdelerini ygtybarly esaslarda halkara bazarlaryna çykarmaga mümkinçilik berýär.
Goý, milli ykdysadyýetimiziň köpugurly ösüşine gönükdirilen maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Babamyrat SEÝFULLAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.