Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmek ilkinji nobatdaky wezipedir

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyna gatnaşdy 

                                                                   

 Aşgabat, 1-nji sentýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli guralan foruma hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. 

                                                                   

Paýtagtymyzdan hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan wekilleriň gatnaşmagynda geçirilen gurultaýyň dowamynda geçen döwürde ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenildi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu guramanyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi we birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy. 

                                                                   

Gurultaýyň ýurdumyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilmeginde çuňňur many bar. Garaşsyz Watanymyzyň geljegi döwletimiziň we jemgyýetimiziň daýanjy hem-de ösüşleriniň kuwwaty bolan ýaşlar bilen berk baglanyşyklydyr. 

                                                                   

Gurultaý açylmazyndan ozal, oňa gatnaşyjylar köşgüň eýwanynda guralan sergi bilen tanyşdylar. Onda Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri we ýeten sepgitleri, halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasy barada giňişleýin maglumat berýän gymmatlyklar bar. 

                                                                   

 Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky gurultaýy açyk diýlip yglan edildi. 

                                                                   

Oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda döwlet Baştutanymyz gurultaýa gatnaşyjylary we ýurdumyzyň ähli ýaşlaryny forumyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de onuň netijeli, üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiziň Gutlagy okalandan soňra, Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. 

                                                                   

 Gurultaýa gatnaşýan wekillere gün tertibi yglan edildi we ol biragyzdan tassyklanyldy. 

                                                                   

Soňra Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ýazmuhammet Öwezberdiýew hasabat bilen çykyş etdi. Onda guramanyň geçen gurultaýdan bäri ýerine ýetiren işleriniň jemi jemlenildi hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilişi barada giňişleýin maglumatlar berildi. Şeýle-de ol Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ähli agzalarynyň adyndan döwletimiziň we jemgyýetimiziň okgunly ösüşine gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Gurultaýyň dowamynda Ýaşlar guramasynyň paýtagtymyzyň hem-de welaýatlarynyň bölümleriniň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi baradaky hemmetaraplaýyn alada Türkmenistanyň durmuş ulgamyny nazarlaýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Forumda edilen çykyşlarda Watanymyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda Ýaşlar guramasynyň we ýaş türkmenistanlylaryň öňünde durýan anyk wezipeler kesgitlenildi. 

                                                                   

Ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, hormatly Prezidentimiziň hemmetaraplaýyn aladasy ýaşlary täze döredijilik üstünliklerine, mähriban Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine gönükdirilen asylly zähmete ruhlandyrýar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Ýaşlar guramasy öňde durýan möhüm wezipeleriň çözgüdine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşer. 

                                                                   

Soňra gün tertibine laýyklykda, guramaçylyk meselelerine garaldy. Gurultaýa gatnaşyjylar Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň täze düzümini we onuň ýolbaşçylaryny saýladylar. Guramanyň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesine Ýazpolat Keriýew, başlygynyň orunbasary wezipesine bolsa Döwletgeldi Durdymuhammedow saýlanyldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Mekan” köşgüne gelmegi şatlykly waka öwrüldi. Arkadagly Serdarymyzyň gurultaýyň işine gatnaşmagy ýurdumyzda ýaşlar syýasatyna döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýany boldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz “Mekan” köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synlady. Onda täze taryhy eýýamda Watanymyzyň durmuşynyň ähli ulgamlarynda alnyp barylýan giň möçberli özgertmeleriň wajyp ugurlary öz beýanyny tapdy. 

 Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gurultaý geçirilýän zala geldi. Oňa gatnaşyjylar Arkadagly Serdarymyzy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Gurultaýyň wekilleriniň we ýurdumyzyň ähli ýaşlarynyň adyndan döwlet Baştutanymyza gurultaýda çykyş etmek haýyşy bilen ýüzlenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ýaşlaryna, gurultaýa gatnaşýan professorlara we mugallymlara ýüzlenip, hemmeleri ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen gutlady hem-de bilim işgärlerine, talypdyr okuwçy ýaşlara berk jan saglyk, uly üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýandygymyzy belledi. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipeleri öňe sürüldi. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglanylýar. 

                                                                   

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabat gelmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrýar. Ýaňy Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň täze düzüminiň saýlawlary geçirildi. Men guramanyň täze ýolbaşçylaryna jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, geçilen ýollar, ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler geljegiň röwşen ýollaryny gurmagyň mizemez binýadydyr. Şu ýörelgeden ugur alyp, ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň obadyr şäherlerini, etrap merkezlerini abadanlaşdyryp, ýokary hilli ýaşaýyş jaýlaryny gurýarys. Iri senagat toplumlaryny döretmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýarys. Bu tutumly işler döwletimiziň Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň esaslaryny berkidýär. Halkymyzyň hal-ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga ýardam berýär. Bitarap Watanymyzyň dünýädäki at-abraýyny ýokarlandyrýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesilleriň düzýändigini belläp, ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garalýandygyny aýtdy. Bagtyýar ýaşlarymyz halk hojalygynyň dürli pudaklarynda milli hem-de döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde yhlasly zähmet çekýärler. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmakda möhüm başlangyçlary öňe sürýärler. Ylym-bilim, telekeçilik we jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanyp, ykdysadyýetimizi ösdürmäge işjeň gatnaşýarlar.  

                                                                   

Garaşsyz döwletimizi 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna laýyklykda, ýaş raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligi gowulandyrylýar. Olaryň telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy, kadaly ösüşi bilen aýrylmaz baglydyr. Şundan ugur alyp, nesilleri halkymyzyň asylly däpleri esasynda terbiýelemegi örän möhüm wezipeleriň biri hasaplaýarys. Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim, beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir. 

                                                                   

Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdeplerini, çagalar baglaryny, dynç alyş-sagaldyş merkezlerini giň gerimde gurup ulanmaga berýäris. Bu bolsa ýaşlarymyza dünýä derejesinde bilim bermäge mümkinçilik döredýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi. 

                                                                   

Ýaşlar ylmyň gazananlaryny özleşdirmäge işjeň gatnaşýarlar. Mekdep okuwçylarymyz we talyp ýaşlarymyz abraýly halkara bäsleşiklerde uly üstünlikleri gazanýarlar. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlaryň okamagy, bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin berk binýadyň döredilendigini aýdyň görkezýär. 

                                                                   

Garaşsyz döwletimizde ýaşlaryň hukuklary hem ygtybarly goralýar. Ýaş maşgalalar üçin durmuş ýeňillikleri giňeldilýär. Olara goldaw bermek, häzirki zaman ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler amala aşyrylýar. Ýaşlara okajak mekdebini, okuwyň dilini, ugruny we görnüşini saýlap almaga doly hukuk berilýär. Olaryň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, hünäre ugrukdyrmak bilen bagly zerur işler durmuşa geçirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňliginiň barha ýokarlanýandygyny belläp, ýurdumyzyň ýaşlar birleşikleri bilen beýleki döwletleriň hem-de halkara Ýaşlar guramalarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berilýändigini aýtdy. Şoňa görä-de, dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlarymyzyň sany barha artýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň dowamynda bedenterbiýäniň we sportuň jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün edýändigini, adam häsiýetini kemala getirmekde möhüm orny eýeleýändigini, adamda özüne ynamy, güýç-kuwwaty, ruhubelentligi terbiýeleýändigini nygtady. Şonuň üçin raýatlarymyzy, aýratyn-da, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen türgenleriniň Garaşsyz Watanymyzyň at-abraýyny ýokarlandyrýandyklaryny belläp, 2024-nji ýylda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda hem milli ýygyndy toparymyzyň üstünlikli çykyş edip, Döwlet baýdagymyzy belende galdyrjakdyklaryna pugta ynam bildirdi.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň ýaşlar syýasaty ulgamynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy kabul edildi. Maksatnamada ýaş nesillerde Watana we şöhratly taryhymyza buýsanjy, ylym-bilime höwesi artdyrmagyň ýaşlar baradaky syýasatyň esasy ugry bolup durýandygy bellenilýär. Häzirki wagtda ýaşlara «Watan» diýen beýik düşünjäniň mukaddesligini düşündirmek, ony gözüň göreji ýaly goramagy we ýürekden söýmegi terbiýelemek örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, berk bedenli, halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny, maşgala gymmatlyklaryny hormatlaýan şahsyýeti kemala getirmäge gönükdirilen çäreleri mundan beýläk-de yzygiderli geçireris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

                                                                   

Parasatly ata-babalarymyz nesillere ajaýyp däpleri miras galdyrypdyrlar. Agzybirlik, zähmetsöýerlik, ýaşuly nesle hormat-sarpa goýmak halkymyzyň asyrlarboýy durmuş kadasyna öwrülip geldi. Biziň ýaşlarymyz şol däpleri dowam etdirmelidirler. Ösüp gelýän nesilleri şu ýörelgeler esasynda terbiýelemek hemmämiziň wezipämiz bolmalydyr. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar  Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwrüň talabyna görä, ýaşlar syýasatynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan kanunlar hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşi tarapyndan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň, ýaşlaryň gatnaşmagynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanunyň rejelenen görnüşiniň taslamasy taýýarlanyldy. 

                                                                   

Onuň baş maksady Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin has amatly hukuk şertlerini döretmek bilen baglanyşyklydyr. Bu Kanunyň kabul edilmegi ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrar hem-de ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleri giňeltmäge ýardam berer diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biz sanlyja günlerden Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyny baýram ederis. Şu günki ýaşlar Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen täze ruhly nesillerdir. Ýaşlar guramasy Watana wepaly nesilleri terbiýelemekde we jebisleşdirmekde, olaryň güýç-kuwwatyny, aň-düşünjesini Garaşsyz ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirmekde öz borjuny üstünlikli ýerine ýetirip gelýär. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz guramanyň öňünde durýan wezipeleri kesgitledi. Şolaryň hatarynda ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy üçin ähli şertleri döretmek; ýaşlarda raýat jogapkärçiligini we zähmete söýgini ösdürmek; ýaşlaryň şahsy-jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek; ýaşlarymyzda öz hukugyny goramak başarnygyny ýokarlandyryp, olaryň jemgyýetçilik birleşmelerine işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek ýaly ugurlar bar. Bu ugurda amala aşyrylýan esasy maksatlar bilen bir hatarda, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek biziň alyp barýan işlerimiziň esasy maksady bolmalydyr; ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertler döredilmelidir. Olaryň arasynda döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilip durulmalydyr. 

                                                                   

Halallyk we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ýaşlaryň baş ýörelgesine öwrülmelidir. Ýaş ynsanda şeýle häsiýetleri terbiýelemek Ýaşlar guramasynyň belent borjy we baş maksady bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu günki ýaşlar bagtyýar döwürde ýaşaýarlar. Ýaşlaryň sagdyn ösüp, bilim almagy üçin döwletimiz ähli mümkinçilikleri döredýär. Ýaşlar okamak, öwrenmek, yhlasly zähmet çekmek bilen, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny belende götermelidirler. 

                                                                   

Her bir döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşi ylym bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, Garaşsyz döwletimizde ylym ulgamyny kämilleşdirmäge uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ugurda ylmy-barlag institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň alyp barýan işlerine möhüm ornuň degişlidigini belledi. 

                                                                   

Ýaşlar — mähriban Watanymyzyň geljegi diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty zähmeti bilen kesgitlenilýär. Şoňa görä-de, Ýaşlar guramasy ýaş nesillerimize zähmet terbiýesini bermekde hem netijeli işleri alyp barmalydyr. Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir ýaş ynsan zähmeti baýdak edinmelidir. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýaşlarynyň ene-ata we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýandygyny nygtady. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz gurultaýa gatnaşyjylary, ähli bilim işgärlerini ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň geçirilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadan, bagtyýar durmuş, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

 Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen kabul edildi. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gurultaýa gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Bu waka gurultaýa gatnaşyjylar tarapyndan uly ruhubelentlik bilen garşylanyldy. 

                                                                   

 Soňra gurultaýa gatnaşýan wekillere söz berildi. 

                                                                   

Ilki bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň “Türkmennebit” döwlet konserniniň şahamçasynyň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni H.Kişjikow çykyş etdi. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we hemmeleri şu günki çäre bilen gutlap, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň has belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýynyň bardygyny belledi. 

                                                                   

Ýaşlar baradaky Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýaşlaryň kämil bilim almagyna, döredijilikli zähmet çekmegine, mukaddes Watana ak ýürekden gulluk etmegine uly mümkinçilikleri döredýär. Arkadagly Serdarymyzyň bilimiň ähmiýeti hem-de Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi, her bir türkmen ýigidiniň we gyzynyň özüni kämilleşdirmäge çalyşmalydyklary barada aýdan dürdäne jümleleri ýaşlaryň bilimde, ylymda, zähmetde ukyp-başarnygyny görkezmäge bolan höwesini has-da artdyrýar diýlip, çykyşda bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigi nygtaldy. 

                                                                   

Şu ýylyň 14-nji iýunynyň türkmen ýaşlarynyň durmuşynda ýatdan çykmajak senä öwrülendigi, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgamda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirilmek meselelerine bagyşlap maslahat geçirendigi aýdyldy. Hormatly Arkadagymyzyň şu taryhy maslahatda ýaşlaryň pikirlerini, tekliplerini diňlemegi olaryň buýsançly başyny göge ýetirdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu gün gol çeken Kanunynyň geljekde jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlary boýunça ýaşlaryň başarnygyny, sagdyn we kämil ösüş derejesiniň giň mümkinçiliklerini açyp görkezmäge, olaryň bähbitlerini, hukuklaryny goramakda, muny iş ýüzünde amala aşyrmakda ägirt uly hukuk resminamasy boljakdygy bellenildi. 

                                                                   

Çykyş edeniň aýdyşy ýaly, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleri ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işleri, Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatyny ýaşlarymyzyň arasynda giňden wagyz etmekde, ýiti zehinli, maksada okgunly ýaşlary ýüze çykarmakda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň şahsy göreldesinden ruhlanýarlar. 

                                                                   

Gurultaýyň wekili çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, alyp barýan giň möçberli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra Lebap welaýat kitaphanasynyň I derejeli usulçysy A.Şamuhammedowa söz berildi. Ol Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda çykyş etmek mümkinçiliginiň dörändigi üçin örän hoşaldygyny nygtady. 

                                                                   

Ol ýurdumyzyň ýaşlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bildirilen ynama buýsanýandyklaryny belläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa amala aşyrylýan oňyn ýaşlar syýasaty üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Onuň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň gurultaýa gatnaşyp, beren öwüt-nesihatlary we bu taryhy gurultaýda ykbal özgerdiji Kanuna gol çekmegi Watanymyzyň baýdak göterijileri bolan bagtyýar ýaşlaryň ruhuny belende göterdi. 

                                                                   

Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda gülläp ösýän Watanymyzda ýaşaýan halkymyz jemgyýetiň ähli ugurlarynda, şol sanda ylym-bilim we medeniýet ulgamynda uly üstünlikleri gazanýar. Ýaşlaryň ýokary derejeli bilim almagy üçin zerur şertler döredilýär. Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýy yzygiderli ýokarlanýar. 

                                                                   

Garaşsyzlyk ýyllarynda sagdyn pikirli, sowatly, dünýäniň ösen talaplaryna laýyk derejede iş alyp barmagy başarýan täze nesil kemala geldi. Bu bolsa ýaşlaryň milli mirasymyzy, medeniýetimizi we sungatymyzy, onuň özboluşly aýratynlyklaryny düýpli öwrenmekde, ony dünýä ýaýmakda örän uly ähmiýete eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, A.Şamuhammedowa Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan terbiýeçilik ähmiýetli eserleriniň ýaşlary terbiýelemekde ýolgörkeziji taglymatdygyny nygtady. Çünki adamzadyň kämilleşmeginde, ýaşlaryň ilhalar ynsanlar bolup kemala gelmeginde kitabyň orny örän uludyr. 

                                                                   

Çykyş edýän döwlet Baştutanymyza ýaş nesilleriň adyndan Watanymyzyň ösüşiň täze derejesine çykmagyna gönükdirilen giň möçberli işleri üçin hoşallyk bildirip, Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, asylly işlerinde we başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby A.Goşanyýazow çykyş edip, döwlet Baştutanymyzy hem-de gurultaýa gatnaşyjylary ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de şu günki gurultaýyň geçirilmegi bilen gutlady. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly taglymatyna laýyklykda, berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly, ruhubelent nesli kemala getirmek babatda alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. 

                                                                   

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, paýtagtymyzda ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän sport meýdançalarynyň, stadionlarynyň, sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň, atçylyk-sport toplumlarynyň, ýöriteleşdirilen sport mekdepleriniň gurlup ulanmaga berilmegi türkmen türgenleriniň daşary döwletlerde geçirilýän halkara ýaryşlarda ýeňiş gazanyp, eziz Diýarymyzyň sport abraýyny ýokary derejelere göterjek milli türgenlerimiziň kemala gelmegini şertlendirýär. 

                                                                   

Berkarar döwletimiz Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolmak bilen, Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň ýokary guramaçylykly geçirilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Biziň türgenlerimiziň Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda hem-de ýurdumyzda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda gazanan taryhy ýeňişleri Türkmenistanda bedenterbiýäniň we sportuň işjeň ösdürilýändiginiň subutnamasydyr. 

                                                                   

A.Goşanyýazowyň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek baradaky çözgüdi kabul etmegi, şeýle-de “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Kanuna gol çekmegi şanly waka boldy. Ol türkmen türgenleriniň iri halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, Watanymyzyň sport abraýyny belent derejelere ýetirjekdiklerine ynandyrdy hem-de Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, alyp barýan tutumly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýanyndaky harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdiriýetiniň çagyryş boýunça harby gullukçysy B.Kadyrowa söz berildi. Ol Watan goragçylarynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna hem-de gurultaýyň wekillerine ýüzlenip, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Bilimler we talyp ýaşlar gününiň hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän şu günki gurultaýyň ähmiýetini belledi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda Milli goşunymyzy, onuň ugurdaş düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça toplumlaýyn işler üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen şu ýylyň 20-nji awgustynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdiriýetiniň täze binalar toplumy açyldy. Häzirki döwrüň ruhuna kybap gelýän “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Kanunyň kabul edilmegi Watan goragçylarynyň ruhuny belende göterdi. 

                                                                   

Harby gullukçy Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň harby gullukçylar üçin edermenligiň, watansöýüjiligiň we harby hünär ussatlygynyň nusgasy bolup durýandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi we Watanymyzy wasp edýän aýdymy ýerine ýetirdi. 

                                                                   

B.Kadyrowyň belleýşi ýaly, bildirilen ynamy ödemek türkmen ýaşlary üçin belent mertebedir. Öz mukaddes borçlaryny yhlas bilen ýerine ýetirýän Watan goragçylary mundan beýläk-de eziz Diýarymyza, mähriban halkymyza ak ýürekden gulluk ederler. Harby gullukçy çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentine, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň täze saýlanan başlygy Ý.Keriýewe söz berildi. Ol ýaş nesilleriň adyndan şu günki gurultaýa gatnaşandygy hem-de onda eden taryhy çykyşy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow pederleriň şöhratly wesýetlerine eýerip, ýurdumyzy täze Galkynyşyň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýar. Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň sazlaşykly, watansöýüjilik we zähmet terbiýesi esasynda ösmegi üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy we Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça ýaş nesilleriň teklipleri nazara alnyp taýýarlanylan Kanuna gol çekilmegi ýurdumyzyň ýaşlarynyň buýsanjyny belende göterdi. Bu taryhy waka ýurdumyzyň ýaş raýatlary hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigini görkezýär. 

                                                                   

Ý.Keriýewiň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýokary döwlet wezipesine girişmegi mynasybetli eden çykyşyndan ruhlanan ýaşlar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda zerur tagallalary edýärler. Gurultaýyň wekilleri Arkadagly Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen ýaşlaryň guramanyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň, ata Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine has-da yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrýarlar. Şunda döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, täze taryhy eýýamyň belent maksatlaryna ýetmek ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gurultaýa gatnaşyjylara jemleýji söz bilen ýüzlenip, hemmeleri Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň geçirilmegi bilen ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlady. 

                                                                   

Ýurdumyzyň ýaş nesillerine iň gowy arzuwlaryny aýdyp, döwlet Baştutanymyz sözüni Gahryman Arkadagymyzyň belent ruha beslenen “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen şygary bilen jemledi. Foruma gatnaşyjylaryň hemmesi bu şygary joşgunly gaýtaladylar. 

                                                                   

 Gurultaýyň işi tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmeler bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady. 

                                                                   

Şeýlelikde, nobatdaky gurultaý türkmen ýaşlarynyň döwlet Baştutanymyzyň daşyna mäkäm jebisleşendiginiň, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň bagtyýar şu gününiň we nurana geljeginiň bähbidine onuň köptaraply mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge höwesiniň aýdyň beýanyna öwrüldi.