Zehinli çagalaryň döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
Ahal welaýaty, 3-nji sentýabr (TDH). Şu gün Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli zehinli çagalaryň arasynda geçirilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti boldy.
Ýurdumyzyň körpe aýdymçylarynyň arasynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen bäsleşikler Watanymyzyň baş baýramyna bagyşlanan esasy baýramçylyk çäreler toplumyny açýar. Bu gözden geçiriliş köp ýyllaryň dowamynda jemgyýetçiligiň uly gyzyklanmasyna eýe bolup, Diýarymyzyň ähli künjeginden ýaş zehinleri ýüze çykarýar.
Bäsleşigiň baş maksady umumybilim berýän we sazçylyk mekdepleriniň, döredijilik merkezleriniň zehinli ýaşlaryny ýüze çykarmakdan hem-de saz sungaty bilen meşgullanmaga çekmekden, olaryň zehinlerine goldaw bermekden, ösüp gelýän ýaş nesliň watançylyk ruhuny ýokarlandyrmakdan, milli sungatymyza söýgüsini artdyrmakdan ybaratdyr. Bäsleşigiň deslapky tapgyrlary şäherlerde, etraplarda, welaýatlarda birnäçe tapgyrda geçirildi hem-de iň zehinliler kesgitlendi. Bäsleşigiň dowamynda çagalaryň çykyşlaryny tomaşaçylaryň köp sanlysy diňledi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň çäklerinde her ýyl geçirilýän ýaş zehinleriň gözden geçirilişi täze başlangyçlary öňe sürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar, çagalary öz zehin-başarnyklaryny ösdürmäge ruhlandyrýar.
Konsert başlanmazyndan ozal, jemleýji tapgyra gatnaşyjylar ykbal çözüji taryhy wakany — Watanymyzyň özygtyýarlygyna eýe bolmagyny ebedileşdiren Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdular.
Soňra “Türkmeniň ak öýi” binasynda bäsleşigiň ýeňijileriniň sungat baýramçylygyna öwrülen jemleýji konserti geçirildi.
Däp bolşy ýaly, dabara Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen başlandy. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigine gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda: “Siziň kalbymyzyň aýdymy, dilimiziň senasy bolan eziz Watanymyzda amala aşyrylýan beýik işleri şirin owazly, çeper many-mazmunly aýdym-sazlaryňyz bilen mynasyp wasp etjekdigiňize, milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýjak täze aýdym-sazlary döretjekdigiňize pugta ynanýaryn” diýip belleýär.
Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Gutlagynda: “Siziň belent joşgun bilen ýerine ýetirýän aýdym-sazlaryňyz biziň halkymyzyň dünýä dolýan ykbalydyr, at-abraýy, mertebe-şanydyr, ýüreklere egsilmez şatlyk paýlaýan täsin sungatdyr. Garaşsyz Watanymyzyň beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň kalbynda sungata söýgini terbiýelemekde we ösdürmekde, zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmakda hem-de kämilleşdirmekde «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň örän uly ähmiýeti bardyr” diýip nygtaýar.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna aýdymçylar, tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlary gatnaşdylar. Olar geljekde milli sungatymyzyň şan-şöhratyny belende götererler. Sahnada ýaýbaňlanan baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar ýerine ýetirijilik ussatlyklary bilen zehinlerini äşgär etdiler hem-de tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldular.
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan jemleýji dabaraly konserti bäsleşige gatnaşyjylaryň toparlaýyn ýerine ýetirmeginde ýaňlanan köpöwüşginli edebi-sazly çykyş açdy. Ol döredijilik gözden geçirilişiniň özboluşly nyşanyna, eziz Watanymyzyň — bagtyýar çagalygyň ýurdunyň senasyna öwrüldi.
Konsert türkmen halkynyň ruhy ýörelgelerini wasp edýän joşgunly çykyşlar bilen dowam etdi, olaryň köpöwüşginliligi “Türkmeniň ak öýi” binasynda uly baýramçylyk ýagdaýyny emele getirdi, şol bir wagtda çagalygyň bagtyýar durmuşynyň beýanyna öwrüldi. Onlarça aýdym we tans çykyşlary ýaýbaňlandy, halk döredijilik eserleri, häzirki zaman mukamlary ýaňlandy. Olar çagalaryň iň gowy arzuwlarynyň we maksatlarynyň hasyl bolýan ýurdy barada bir bitewi sena bolup kalplara doldy.
Bäsleşige gatnaşyjylaryň her bir çykyşy özboluşly tomaşa öwrüldi. Olaryň uly joşgun we ylham bilen ýerine ýetirýän aýdymdyr tanslary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Tomaşaçylaryň ýüzlerçesi sahnada ýaýbaňlanan çykyşlary buýsanç hem-de tolgunmak bilen synlap, ýaşajyk artistlere joşgunly el çarpdylar. Çagalaryň päk kalbyndan joşup çykýan owazlar Watanymyza, öz arzuwlaryny hasyl etmäge giň mümkinçilikler döreden hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallygyň özboluşly çeper beýany bolup ýaňlandy. Körpeler dost-doganlyk, ynsanperwerlik, parahatçylyk, bagtyýar durmuş baradaky aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Şu gezekki konsertiň maksatnamasyna ýaşlaryň täsin ukyp-başarnyklarynyň dürli ugurlaryny açyp görkezýän aýdym-sazlar bilen bir hatarda, milli saz medeniýetimiziň köpöwüşginliligini beýan edýän dürli eserler girizildi. Halk we estrada aýdymlarynyň giňden wagyz edilmegi milli aýdym-saz sungatynyň ösdürilmegine ýardam berýär. Bu bolsa umumymilli çagalar bäsleşiginiň baş maksatlarynyň biridir.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda geçirilýän “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň nobatdaky jemleýji tapgyry türkmen topragynyň zehinlere baýdygyny ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisiniň hem-de köp sanly tomaşaçylaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym konsertiň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.
Çykyşlaryň jemleri boýunça çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi, olara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar hem-de bäsleşigiň ýeňijisiniň diplomy gowşuryldy. Döredijilik gözden geçirilişine gatnaşyjylaryň her birine gymmat bahaly sowgatlar berildi. Olar ýaş zehinleri täze döredijilik üstünliklerine, geljekde-de döredijilik başarnyklaryny kämilleşdirmäge, täze sepgitlere ýetmäge ruhlandyrar.
“Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda döwlet Baştutanymyza ýaş nesil barada edýän hemişelik aladasy, olaryň bagtyýar durmuşy ugrunda döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, geljekde-de Arkadagly Serdarymyzyň wesýetlerine eýerip, oňat okajakdyklaryna, döredijilik bilen işjeň meşgullanjakdyklaryna, zehinlerini ösdürip, Watanymyzyň we onuň baý sungatynyň ösüşine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.