Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «ýol» sözi «ösüş» manysynda ýörgünli ulanylýar. Hakykatdan-da, «ýol» diýlende diňe bir ýurdumyzda yzygiderli gurulýan şaýollar, köçeler däl, eýsem, halkymyzyň gaýratyndan, zähmetsöýerliginden, agzybirliginden kemala gelýän depginli ösüş ýoly hem göz öňüňe gelýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sazlaşykly ösüşler gazanylýar. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çuňňur manyly çykyşy ýene bir gezek bütin aýdyňlygy bilen görkezdi. Gahryman Arkadagymyz mejlisde ýurdumyzda gurlan ähli il bähbitli binalardyr desgalar bilen bir hatarda, 7 müň kilometre golaý awtomobil ýollarynyň gurlandygyny hem belledi.
Ýurdumyzyň telekeçileriniň alyp barýan işlerine ýokary baha bermek bilen, milli Liderimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenabat — Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanynyň gurluşygynyň örän uly ähmiýete eýedigini, onuň ýurdumyzy has-da ösdürmekde möhüm taslamalaryň biridigini nygtady. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda demir ýol, howa, deňiz-derýa ýollary hem düýpli ösüşe eýe bolýar. 14-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatynda sanly ulgam arkaly eden taryhy çykyşynda BMG-niň ulagy ösdürmek boýunça ýörite sebitara maksatnamasyny işläp taýýarlamagy teklip etmegi gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilýändigine şaýatlyk edýär.
Diýmek, ýol düşünjesi biziň ýurdumyzda bagtyýarlygyň we ösüşiň ýoluny aňladýar, Watanymyzyň kuwwatlanmagynyň, dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň manysyny özünde jemleýär.
Halkymyzda ýol hakda aýdylan ençeme pähimler bar. Olarda ýoluň mukaddesliginiň, il bagtynyň, eşretli ýaşamagyň beýany bar. Şonuň üçin ýol gurmak hemişe sogaply iş saýylypdyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyz ýol gurmak bilen bagly arzuwlaryna hem ýetdi. Munuň özi türkmen halky bagtyýarlygyň hem ösüşiň ýoly bilen ak ertirlerine tarap ynamly öňe barýar diýmekdir.
Halkymyzy bagtly hem eşretli durmuşyň eýesi eden Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Gülşirin AMANGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uly mugallymy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/43474
Milli Liderimiz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
Aşgabat, 15-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň onlaýn tertipde geçirilen mejlisine gatnaşdy.
Ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibine GDA-nyň çäklerinde dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de birnäçe resminamalary kabul etmäge degişli möhüm meseleleriň birnäçesi girizildi. Şunuň bilen baglylykda, tamamlanyp barýan ýylda bilelikdäki işiň jemleri jemlenildi, geljek döwür üçin ileri tutulýan ugurlar bellenildi.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, özüniň dostlary we hyzmatdaşlary üçin hemişe açykdyr. Häzirki zaman şertlerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän deňhukukly, netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin täsirli gurama bolup durýar.
Türkmenistan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde GDA döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlyga berk ygrarly bolmak bilen, Arkalaşygyň giňişliginde däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlygy täze, anyk mazmun bilen baýlaşdyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA-nyň sammitlerine yzygiderli gatnaşmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda “Binagärlik we şähergurluşyk ýyly” diýlip yglan edilmegi bellärliklidir.
GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň başlyklyk etmeginde geçirilen şu günki mejlisine şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministri Natalýa Gawrilisa, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynda Belarus Respublikasynyň ýolbaşçylaryna şu mejlisi gurandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, GDA-nyň çäklerindäki bilelikdäki çäreler şu ýylda belli bir derejede Arkalaşygyň uly ýubileýiniň — onuň döredilmeginiň 30 ýyllygynyň nyşany astynda geçýär. Elbetde, bu sene häzirki wagtda biziň ähli işimize aýratyn many-mazmun çaýyp, bu işi geçen döwürde toplanan tejribe we şol bir wagtyň özünde GDA-nyň öňümizdäki ýyllardaky geljegi bilen sazlaşdyrmagy talap edýär.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz mälim bolan çylşyrymlylyklara garamazdan, Arkalaşygyň işiniň yzygiderli, bellenen düzgünlere hem-de öňünden tassyklanylan iş tertibine hem-de meýilnamalara laýyklykda alnyp barylýandygyny nygtady.
Bu baradaky gürrüňi dowam edip, milli Liderimiz ykdysady gatnaşyklary ösdürmegi, ählumumy işlerde durnukly orny gazanmak maksady bilen, GDA-nyň umumy senagat, serişdeler, tehnologik kuwwatyndan peýdalanmagy geljekki ýyllaryň möhüm wezipeleriniň hatarynda görkezdi. GDA-nyň ykdysady ösüşiniň 2030-njy ýyla çenli kabul edilen Strategiýasy hyzmatdaşlygyň ugurlaryny anyk kesgitleýär.
Häzirki wagtda esasy wezipe bu resminamanyň üstüni anyk many-mazmun, netijeli işler bilen ýetirmekden ybaratdyr. Strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ulag, ýangyç-energetika toplumy, aragatnaşyk we kommunikasiýalar, senagat taýdan goşulyşmak, söwda, innowasiýalar hem-de tehnologiýalar ýaly ugurlar görkezildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Bular biziň halkara bazarlarda üstünlikli bäsdeşlik edip biljek, geljekki hyzmatdaşlara amatly şertleri teklip edip biljek ulgamlarymyzdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we GDA-nyň ykdysady ugurlaryny we bähbitlerini Arkalaşygyň çäklerinden daşarda ilerletmegiň, serhetdeş ýurtlaryň, goňşy sebitleriň biziň taslamalarymyza goşulyşmagynyň wajypdygyny nygtady. Ilkinji nobatda, munuň özi üstaşyr ulag düzümi döretmäge, energiýa serişdeleriniň iberilişini ösdürmäge hem-de giňeltmäge, täze aragatnaşyk we kommunikasiýalar ulgamlaryny çekmäge degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Arkalaşygyň ýurtlarynyň Demirgazyk — Günorta hem-de Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça durnukly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmäge işjeň gatnaşmagynyň üstünlikli hyzmatdaşlygyň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi.
GDA-nyň döwletleriniň gatnaşmagynda geçirilen dürli halkara forumlarda, Arkalaşygyň öňki sammitlerinde Türkmenistan GDA-nyň Ýewropa ugruna çykmak arkaly Merkezi Aziýa we Hazar ýakasy sebitinde ulag-logistika ugurlaryny döretmek boýunça birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürdi. Bu başlangyçlar GDA-nyň ähli döwletleri tarapyndan düşünmek bilen kabul edildi we goldanyldy. Bu gün bolsa şol meýilnamalara ýeterlik derejede itergi bermek hem-de aýdyňlaşdyrmak zerurdyr.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, 2022-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. GDA-nyň köp döwletleri üçin munuň özi wajyp meseledir. Türkmen tarapy oňa Arkalaşyk boýunça kärdeşleriň gatnaşmagyna hem-de hyzmatdaşlygyň geljeginiň içgin ara alyp maslahatlaşylmagyna umyt edýär.
Türkmenistan ählumumy howpsuzlygyň emele gelen binýadyny bilelikde goramagy, halkara hukugyň we BMG-niň Tertipnamasynyň kadalarynyň berk berjaý edilmegini biziň özara gatnaşyklarymyzyň möhüm ugurlarynyň hatarynda belleýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu wezipäniň hem has derwaýysdygyny nygtady. Dünýädäki prosesleriň barşy, gapma-garşylykly ýagdaýlaryň döremek howpunyň derejesi şol wezipäniň çözülmegine baglydyr.
Şu şertlerde GDA ýurtlary özleriniň syýasy-diplomatik mümkinçiliklerini ulanyp, BMG-de beýleki abraýly halkara we sebit düzümlerinde birleşen we düýpli garaýyşlar bilen çykyş etmelidir. Dünýä syýasatyna hukuga hormat goýmak, dialogyň medeniýetini, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda ynanyşmagy we aýdyňlygy gaýtaryp getirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Mälim bolşy ýaly, şu ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Ýurdumyz bu çözgüdiň başyny başlamak bilen, parahatçylygyň medeniýetini we birek-birege hormat goýmak esasyndaky dialogy pugtalandyrmak, döwletara gatnaşyklarda häzirki döwürde emele gelen ynanyşmagyň ýetmezçiligini aradan aýyrmak maksady bilen, uly halkara işi geçirdi. Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerindäki çäreleri tamamlamak bilen, Aşgabatda “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň hem-de ösüşiň binýady” atly halkara maslahaty geçirmegi meýilleşdirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we GDA ýurtlaryny bu çärä gatnaşmaga çagyrdy.
Halkara gün tertibiniň beýleki birnäçe meseleleri boýunça hem Arkalaşygyň ýurtlarynyň özara gatnaşyklarynyň oňat geljegi bardyr. Bular ählumumy we sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly wajyp wezipelerdir. Bu ugurlar boýunça hem BMG-de we ýöriteleşdirilen halkara forumlarda hereketleri utgaşdyrmagy güýçlendirmek maksadalaýyk hasaplanylýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Häzirki şertlerde koronawirus pandemiýasyna garşy durmagyň hem-de onuň durmuş-ykdysady täsirini azaltmagyň Arkalaşygyň ýurtlarynyň bilelikdäki işiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygy öz-özünden düşnüklidir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz GDA-nyň döwletleriniň arasynda ylmy diplomatiýa, lukmançylyk bileleşikleri ugry boýunça umumy çemeleşmeleri we usullary işläp taýýarlamak üçin özara gatnaşyklaryň has netijeli gurallaryny ýola goýmagyň zerurdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde beýan edilen başlangyçlaryna ünsi çekdi. Olaryň esasy mazmuny täze görnüşli koronawiruslaryň gelip çykyşynyň tebigatyny, şolaryň döredýän keselleriniň ýüze çykmagynyň görnüşlerini öwrenmäge, ýokanç keselleri bejermegiň we olaryň öňüni almagyň täze usullaryny işläp taýýarlamaga hem-de ornaşdyrmaga gönükdirilen täze köptaraply gurallary döretmekden ybaratdyr. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, GDA boýunça hyzmatdaşlary ýurdumyzyň bu tekliplerini goldamaga hem-de olary BMG-niň çäklerinde ilerletmäge çagyrdy.
Medeni-ynsanperwer ulgam Arkalaşygyň döwletleriniň we halklarynyň berk hem-de ygtybarly binýady bolmagynda galýar diýip, milli Liderimiz kanagatlanma bilen belledi we bu ugurda köp işleriň edilendigini we edilýändigini, hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini, täze ulgamlary öz içine alýandygyny nygtady. Iň esasysy bolsa, ol biziň ýurtlarymyzyň halklary tarapyndan doly goldawa eýe bolýar. Türkmenistan ýola goýlan gatnaşyklary saklamaga we pugtalandyrmaga, olary täze görnüşler bilen baýlaşdyrmaga berk ygrarlydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerinde ysnyşykly gatnaşyklary dowam etdirmäge doly taýýardygyny aýtdy.
Bu gün Arkalaşyk özüniň durmuşa ukyplylygyny, wehimleriň hem-de howplaryň hötdesinden gelmegi başarýandygyny görkezýär, döwletara gatnaşyklaryň möhüm guraly bolup hyzmat edýär. Biz bu babatda geljekde bilelikde işlemek üçin esasy şerti görýäris diýip, milli Liderimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz çykyşyny tamamlap, Gazagystan Respublikasyna geljek ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklygy amala aşyrmakda üstünlikleri arzuw etdi hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçysy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewe bilelikdäki işi netijeli utgaşdyrýandygy hem-de şu mejlisiň üstünlikli geçirilmegine goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Sammitiň barşynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy. Şeýle hem guramaçylyk meselelerine garaldy.
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine mejlisde GDA-nyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň kämilleşdirilmegine we olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleriň işlenip taýýarlanylmagyna gönükdirilen wajyp başlangyçlaryny seljermek teklip edildi.
Sammitiň jemleri boýunça ynsanperwer, migrasiýa we özara gatnaşyklaryň beýleki ulgamlary babatda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin çözgütleriň birnäçesi kabul edildi.
Türkmen tarapy GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň “2022-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek hakynda”, “GDA-nyň 30 ýyllygy mynasybetli GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Beýannamasy hakynda”, “Biologik howpsuzlygy üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek barada GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Beýannamasy hakynda”, “Moldowa Respublikasynyň Komrat şäheriniň 2023-nji ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty hökmünde yglan edilmegi hakynda” çözgütlerine gol çekdi.
Şeýlelikde, şu sammit Arkalaşygyň döwletleriniň köpugurly, netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlylygyny ýene-de bir gezek tassyklady. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bu hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine saldamly goşandyny goşýar.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/43477
Aşgabat, 14-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Dabara Türkmenistanyň DIM-niň wekilleri, dostlukly ýurduň diplomatlary, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary, talyplary, ýurdumyzyň döwürleýin neşirleriniň redaktorlary gatnaşdylar. Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäheriniň ylmy merkezleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary tanyşdyrylyş çäresine onlaýn görnüşde goşuldylar.
Dabara gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, bu gezekki tanyşdyrylyş çäresiniň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary bilen geçýän hem-de şanly wakalara — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk senesine beslenen ýylda guralmagy çuňňur many-mazmuna eýedir.
Parahatçylyk döredijilik strategiýasyny işjeň amala aşyrýan Türkmenistan Türkiýe Respublikasy bilen däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, ähli ugurlar, şol sanda ynsanperwer, ylym, bilim we medeniýet ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine uly ähmiýet berýär.
Türk dilindäki täze neşir hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň doganlyk halkyň dilinde çap edilen köp sanly eserleriniň üstüni doldurdy. Munuň özi döwlet Baştutanymyza goýulýan çuňňur hormatyň, türkmen Lideriniň ählumumy parahatçylygy berkarar etmekde we ösüşi gazanmakda bitiren uly hyzmatlarynyň nobatdaky gezek ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.
Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral dabarada çykyş etmek bilen, hormatly Prezidentimiziň “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyň türk dilinde neşir edilmeginiň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejä çykarylandygyny görkezýändigini hem-de hakyky dost-doganlyk we özara bähbitlilik häsiýetine eýe bolan türkmen-türk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna uly goşant boljakdygyny belledi.
Çärä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu eseriniň ýurdumyzyň baş şäheriniň taryhy bilen ýakyndan tanyşmaga, onuň täsin keşbine, binagärlik aýratynlyklaryna baha bermäge mümkinçilik berjekdigi baradaky pikiri beýan etdiler. Paýtagtymyzyň binagärlik keşbinde türkmen halkynyň medeniýeti, däp-dessurlary we ruhy gymmatlyklary öz beýanyny tapýar, bu eser türkmen paýtagtynyň röwşen geljegine nazar aýlamaga hem mümkinçilik berýär. Bularyň ählisi bu neşiriň giň okyjylar köpçüligi üçin örän peýdaly we gyzykly bolmagyny şertlendirýär.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda, gadymy däp-dessurlary saklamakda we olary baýlaşdyrmakda iki ýurduň garaýyşlarynyň meňzeşdigi-de bellenildi. Çykyş edenler Türkmenistan bilen Türkiýäniň gadymy medeniýeti we örän baý milli ýörelgeleri bolan ýurtlardygyny aýratyn bellediler. Biziň döwletlerimizi baý mirasa daýanmak arkaly, taryhy tejribäni hem-de ozalky nesilleriň umumy ruhy baýlyklaryny gorap saklamak bilen, innowasion ösüş ýoly boýunça öňe okgunly hereket etmek hyjuwy birleşdirýär.
“Ak şäherim Aşgabat” atly kitabyň türk diline terjime edilmegi netijesinde, dostlukly ýurduň giň jemgyýetçiliginiň milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan türkmenistanlylaryň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen durmuş ugurly şähergurluşyk strategiýasynyň gerimine baha bermäge mümkinçilik alandygy bellenildi.
Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, onda täze neşiriň çapdan çykmagynyň ýyl-ýyldan berkeýän türkmen-türk gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka bolmak bilen, iki doganlyk halkyň ylmy we medeni gatnaşyklarynyň geljekde hem ösdürilmegine ýardam berjekdigini nygtadylar.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/43315
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna gatnaşdy
Aşgabat, 14-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna onlaýn tertipde gatnaşdy. Bu maslahat şu gün HHR-iň paýtagty Pekin şäherinde öz işine başlady.
“Durnukly ulag, durnukly ösüş” atly utgaşykly tertipde geçirilýän forum ählumumy möçberde durnukly ulagyň ösdürilmegine täze kuwwatly itergi bermäge gönükdirilendir. Munuň özi BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň maksatlaryna ýetmek üçin aýratyn ähmiýete eýedir.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz özüniň döredijilik kuwwatyny umumy abadançylygyň bähbidine ulanmaga çalşyp, abraýly halkara guramalar we düzümler bilen işjeň gatnaşyk edýär hem-de häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýar.
Şu ýylyň 29-njy iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji maslahatynyň 96-njy umumy mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy boýunça kabul edilen “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnama munuň nobatdaky subutnamasydyr.
Dünýäniň 48 döwletiniň awtordaşlygynda kabul edilen bu ýörite Kararnamanyň esasy wezipeleri häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde, hususan-da, ulag ulgamynda ýüze çykýan howplary azaltmak boýunça halkara bileleşigiň tagallalaryny utgaşdyrmakdan hem-de bu ugurda degişli hukuk binýadyny döretmekden ybaratdyr.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen şu ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan bu örän möhüm halkara resminamanyň kabul edilmegi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ýokary derejeli foruma çagyrylmagy ata Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende galýandygynyň, milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň we durmuşa geçirýän oňyn daşary syýasatynyň giňden ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şol syýasat bolsa parahatçylyk söýüjiligiň we deňhukukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýörelgeleri esasynda guralýar.
Bu gün ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biridir. Ol dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýär hem-de Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Bitarap Türkmenistan bu ugurda umumy tagallalary utgaşdyrmak işinde, şol sanda BMG-niň we beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde amala aşyrylýan işlerde işjeň orny eýeläp, iri düzümleýin taslamalaryň başyny başlaýar hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde olary durmuşa geçirip, köp şahaly utgaşykly ulag düzümini kemala getirmäge saldamly goşant goşýar.
Çäk taýdan örän amatly ýerleşýän Türkmenistan soňky ýyllarda sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag-üstaşyr hem-de logistik merkez hökmünde eýeleýän ornuny barha berkidip, özüniň ägirt uly kuwwatyny ählumumy abadançylygyň bähbidine ulanmaga çalyşýar.
Iri halkara forumlar hem ysnyşykly gatnaşyklar, bilelikdäki işiň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak, ulag ulgamynyň ählumumy ösüşine ýardam edýän hyzmatdaşlygyň täze ýollaryny we usullaryny gözlemek üçin netijeli meýdança bolup durýar.
BMG-niň howandarlygynda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň 2016-njy ýylyň noýabrynda hut Aşgabatda geçirilendigini hem-de ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, türkmen tarapynyň teklip eden möhüm çäreleriniň biri bolandygyny ýatlatmalydyrys.
Şu gün bu çäräni Hytaý geçirýär. Ol dürli ýurtlaryň Hökümetleriniň, işewürliginiň, raýat jemgyýetçiliginiň hem-de iri halkara düzümleriň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň giňden wekilçilik etmeginde geçirilýän üç günlük forumyň guramaçylarynyň biri boldy.
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen çakylyk hatynda munuň BMG-ä agza ýurtlaryň arasynda durnukly ösüş ulgamynda tejribe alyşmak hem-de özara gatnaşyklarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmak üçin oňat mümkinçilikdigini nygtady. Hytaý Lideriniň pikirine görä, bu forum COVID-19-a garşy halkara raýdaşlyga, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini bilelikde durmuşa geçirmäge hem-de dünýä ykdysadyýetini dikeltmäge itergi berer.
Bu foruma Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň gatnaşmagy halkara maslahatyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Onuň çykyşy wekilçilikli forumyň işiniň başlanmagyna özboluşly badalga boldy.
BMG-niň ýolbaşçysy maslahata gatnaşyjylary mübärekläp, gozgalýan meseläniň ähmiýetini belledi. Ol ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň zerurlygyna umumy düşünilmelidigini, dünýä ykdysadyýeti üçin häzirki çylşyrymly döwürde döwletler, sebitler we yklymlar üçin özara bähbitli hyzmatdaşlygyň açýan ägirt uly mümkinçiliklerine göz ýetirilmelidigini beýan edýär.
Antoniu Guterriş ählumumy ösüşde durnukly ulag ulgamynyň aýratyn orny barada aýdyp, häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmäge netijeli çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň oňyn ornuny aýratyn belledi.
Nygtalyşy ýaly, hut Türkmenistan öz döwründe BMG-niň howandarlygynda ulag meselesi boýunça ählumumy dialogy ýola goýmak başlangyjy bilen çykyş edip, BMG bilen bilelikde Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirmegi teklip etdi hem-de gurady. 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen forum Durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi hökmünde halkara ulag ulgamyny ösdürmek boýunça giň halkara gatnaşyklaryň täze tapgyryna badalga berdi.
Soňra Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine söz berildi.
HHR-iň Başlygy Hytaý tarapyndan BMG bilen bilelikde geçirilýän Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahata gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, häzirki döwürde ulag ulgamynyň dünýä ykdysadyýetiniň möhüm pudagy bolup durýandygyny belledi. Taryhdan belli bolşy ýaly, gadymy döwürlerde söwda kerwenleri Gündogar bilen Günbatary baglanyşdyryp, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolmagyna öz täsirini ýetiripdir diýip, ol sözüni dowam etdi.
Häzirki döwürde СOVID-19 ýokanjy sebäpli, ulag ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlykda käbir kynçylyklaryň ýüze çykandygyny belläp, HHR-iň Başlygy bu wehimiň garşysyna bilelikde göreş alyp barmagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ol dünýä ýurtlarynyň ulagyň ähli görnüşleri boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, bar bolan mümkinçiliklerden doly peýdalanmak üçin zerur tagallalary etmelidigini aýtdy.
Ulagyň ähli görnüşleri boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň, milli ykdysadyýetleriň pugtalanmagynda bolşy ýaly, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ählumumy hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna goşulmagynda-da aýratyn ähmiýetlidigi nygtaldy.
Si Szinpiniň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ähli ýurtlarda önümçilik kuwwatlyklary täzeçil usullar, sanly ulgam arkaly ösdürilýär. Bu bolsa öňde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine täzeçil, häzirki döwrüň ruhuna laýyk gelýän derejedäki çemeleşmeleriň zerurdygyny aýan edýär. Şunuň bilen baglylykda, sanly ykdysadyýeti ösdürmek, gatnaşyklaryň täze ugurlaryny işläp taýýarlamak, şunda ählumumy internet mümkinçiliklerini işjeň peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berilmelidir.
Şol bir wagtyň özünde ählumumy ekologiýa ýagdaýynyň ünsden düşürilmezligi häzirki döwrüň wajyp meselesidir diýip, HHR-iň Başlygy sözüni dowam etdi we bu ugurda hyzmatdaş ýurtlaryň bilelikdäki tagallalarynyň zerurdygyny nygtady.
Si Szinpin ulag ulgamynyň parahatçylygy, ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm orun eýeleýändigini hem-de dürli ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedigini belläp, Hytaýyň bar bolan mümkinçiliklerini we toplan tejribesini paýlaşmaga taýýardygyny nygtady.
Şu gezekki Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahata gatnaşýan ýokary wezipeli adamlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşyny uly üns bilen diňlediler.
Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy jenap Si Szinpine hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe bu möhüm hem-de wekilçilikli duşuşyga gatnaşmaga çakylyk üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistan ulag ulgamynda ysnyşykly hem-de giň halkara hyzmatdaşlyga berk we yzygiderli ygrarlydyr. Hut biziň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça, BMG-niň we beýleki köp sanly hyzmatdaşlaryň goldaw bermeginde, 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň geçirilendigini bellemek isleýärin diýip, milli Liderimiz aýtdy. Onuň işiniň barşynda häzirki zaman, hakyky ýagdaýlara we isleglere laýyk gelýän hyzmatdaşlyga çemeleşmeler beýan edildi, geljegi uly meýilnamalar göz öňünde tutuldy, täze mümkinçilikler hödürlenildi, möhüm Jemleýji resminama kabul edildi.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, döwlet-hususy hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde ulag ulgamynda köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýan Aşgabat çäresine badalga berilmegi birinji ählumumy maslahatyň möhüm ähmiýetli netijeleriniň biri boldy.
Şu gün bu forumyň geçirilmeginiň zerurlygy durnukly ählumumy ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde ulag meselesi boýunça giň gepleşikleriň şonda binýady goýlan däpleriniň dowamatlylygy we zerurlygy tassyklanylýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanagatlanma bilen belledi.
Çykyşda Türkmenistanyň bu gepleşikleriň yzygiderli tarapdary hem-de işjeň gatnaşyjysy bolmak bilen, syýasy derejede, ilkinji nobatda, BMG-de ençeme ýyllaryň dowamynda durnukly ulag ulgamynda möhüm ähmiýetli, çuň manyly we anyk Kararnamalaryň başyny başlaýandygy nygtaldy.
Baş Assambleýanyň şu mejlisiniň barşynda biz Baş Assambleýanyň “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýuk daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnamasynyň düzgünlerine daýanyp, adatdan daşary ýagdaýlaryň şertlerinde ulag durnuklylygyny pugtalandyrmak boýunça tagallalary güýçlendirmegi dowam ederis diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de bu resminamanyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça şu ýylyň 29-njy iýulynda kabul edilendigini ýatlatdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan tarapyndan BMG-niň ulagy ösdürmek boýunça Ýörite sebitara maksatnamasyny işläp taýýarlamak barada ozal öňe sürlen teklibe gaýdyp gelmegi teklip etdi. Döwlet Baştutanymyzyň pikirine görä, şeýle maksatnamanyň maksatlary we wezipeleri Baş Assambleýanyň ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda yzygiderli kabul edilen dört Kararnamasyndan, 2016-njy ýylda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň Jemleýji resminamasyndan, dünýä derejesinde ulag babatda özara arabaglanyşygy pugtalandyrmak boýunça beýleki köptaraplaýyn resminamalardan ugur alnyp beýan edilmelidir.
Mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz pandemiýa şertlerinde ösüp gelýän ýurtlaryň, ilkinji nobatda, dünýä ummanyna göni çykalgasy bolmadyk döwletleriň aýratyn goragsyzdygyna ünsi çekdi. Ulag gatnawlaryndaky mejbury çäklendirmeler hut şolara has güýçli täsir etdi. Hut şol sebäpli-de, olara çökgünlikden soňky derejä çykmak beýlekilerden kyn boldy.
Bu gün dünýä bileleşigine BMG, halkara edaralar arkaly şu ýagdaýdaky döwletlere kömek we goldaw bermek, şol sanda dünýäniň ulag ulgamyna sazlaşykly goşulyşmagyň pese düşmegini ýeňip geçmekde goldaw bermek wajypdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ulag boýunça netijeli we maksadalaýyk ählumumy gatnaşyklary saklamaga jogapkärli hem-de başlangyçly goşandyny goşmagyny dowam edip, Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde, 2022-nji ýylyň aprel aýynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmegi guramagy meýilleşdirýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisini we halkara edaralary bu möhüm foruma gatnaşmaga çagyryp, öňümizdäki maslahatyň guramaçylarynyň biri hökmünde türkmen tarapynyň islendik çuň many-mazmunly başlangyçlara, tekliplere we maslahatlara açykdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, häzir çökgünligiň täsirini azaltmaga, ykdysady ösüşiň durnukly görkezijilerine çalt çykmaga gönükdirilen utgaşykly, jogapkärli we öňdengörüjilikli çözgütleriň zerurdygyny nygtady.
Biziň pikirimize görä, BMG-niň derejesinde ulag ulgamynda özara gatnaşyklaryň ählumumy strategik meýilnamalary bilen birlikde, kadalary, düzgünleri sazlaşdyrmak, gümrük we migrasiýa işlerini aňsatlaşdyrmak hem-de ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlyga degişli beýleki wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak munuň üçin oňaýly şertleri döreder diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Şeýle ýakynlaşmagyň görnüşleri, olaryň geografik ýagdaýy, tizligi we ugurlary dürli bolup biler. Esasysy bolsa, olaryň özara bähbitleri nazara almak arkaly, netijeli hyzmatdaşlyga ýardam etmegi, durnukly ösüşiň ählumumy meýilnamalaryna goldaw bermegi zerurdyr. Elbetde, olar syýasylaşdyrmakdan azat bolmalydyr.
Türkmenistan özüniň şu maksatlara we ýörelgelere ygrarlydygyny tassyklaýar hem-de olaryň çalt amala aşyrylmagy üçin has ysnyşykly we netijeli hyzmatdaşlyga taýýardyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly çykyşyny tamamlady.
Döwlet Baştutanymyz hemmelere üns berip diňländikleri üçin minnetdarlyk bildirip, maslahata gatnaşyjylaryň ählisine üstünlikleri we netijeli işleri arzuw etdi.
Şu foruma gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi, gozgalan meseleleriň işjeň ara alnyp maslahatlaşylmagy ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň we rowaçlygyň bähbidine durnukly ulag ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän dünýäniň dürli döwletleriniň wezipeleriniň hem-de maksatlarynyň umumylygynyň görkezijisine öwrüldi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/43317
(2021-nji ýylyň 14-nji oktýabry)
Hormatly Başlyk!
Hormatly foruma gatnaşyjylar!
Ilki bilen, onuň Alyhezreti, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy jenap Si Szinpine hem-de onuň Alyhezreti, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary jenap Antoniu Guterrişe Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyň işine gatnaşmaga çakylyk üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň!
Türkmenistan ulag ulgamynda ysnyşykly we giň halkara hyzmatdaşlyga berk we yzygiderli ygrarlydyr. Hut biziň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça, BMG-niň we beýleki köp sanly hyzmatdaşlaryň goldaw bermeginde 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň geçirilendigini bellemek isleýärin. Onuň işiniň barşynda häzirki zaman, hakyky ýagdaýlara we isleglere laýyk gelýän hyzmatdaşlyga çemeleşmeler beýan edildi, geljegi uly meýilnamalar göz öňünde tutuldy, täze mümkinçilikler hödürlenildi, möhüm Jemleýji resminama kabul edildi.
Döwlet-hususy hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde ulag ulgamynda köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýan Aşgabat çäresine badalga berilmegi birinji ählumumy maslahatyň möhüm ähmiýetli netijeleriniň biri boldy.
Şu gün bu forumyň geçirilmeginiň zerurlygy durnukly ählumumy ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde ulag meselesi boýunça giň gepleşikleriň şonda binýady goýlan däpleriniň dowamatlylygy we zerurlygy tassyklanylýar.
Türkmenistan onuň yzygiderli tarapdary hem-de işjeň gatnaşyjysy bolmak bilen, syýasy derejede, ilkinji nobatda, BMG-de ençeme ýyllaryň dowamynda durnukly ulag ulgamynda möhüm ähmiýetli, çuň manyly we anyk kararnamalaryň başyny başlady. Baş Assambleýanyň şu mejlisiniň barşynda biz Baş Assambleýanyň “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnamasynyň düzgünlerine daýanyp, adatdan daşary ýagdaýlaryň şertlerinde ulag durnuklylygyny pugtalandyrmak boýunça tagallalary güýçlendirmegi dowam ederis. Bu resminamanyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça şu ýylyň 29-njy iýulynda kabul edilendigini ýatladýaryn.
Şeýle hem Türkmenistan tarapyndan BMG-niň ulagy ösdürmek boýunça Ýörite sebitara maksatnamasyny işläp taýýarlamak barada ozal öňe sürlen teklibe gaýdyp gelmegi teklip edýäris. Bu maksatnamanyň maksatlary we wezipeleri Baş Assambleýanyň ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hakyndaky dört Kararnamasyndan, 2016-njy ýylda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň Jemleýji resminamasyndan, ählumumy derejede ulag babatda özara arabaglanyşygy pugtalandyrmak boýunça beýleki köptaraplaýyn resminamalardan ugur alnyp beýan edilmelidir diýip hasaplaýarys.
Şu mümkinçilikden peýdalanyp, pandemiýa şertlerinde ösüp gelýän ýurtlaryň, ilkinji nobatda, dünýä ummanyna göni çykalgasy bolmadyk döwletleriň aýratyn goragsyzdygyna siziň ünsüňizi çekesim gelýär. Ulag gatnawlaryndaky mejbury çäklendirmeler hut şolara has güýçli täsir etdi. Hut şol sebäbli-de, olara çökgünlikden soňky derejä çykmak beýlekilerden kyn boldy. Häzirki wagtda dünýä bileleşigine BMG, halkara edaralar arkaly şu ýagdaýdaky döwletlere kömek we goldaw bermek, şol sanda dünýäniň ulag ulgamyna sazlaşykly goşulyşmagyň pese düşmegini ýeňip geçmekde goldaw bermek wajypdyr diýip hasaplaýarys.
Şunuň bilen baglylykda, ulag boýunça netijeli we maksadalaýyk ählumumy gatnaşyklary saklamaga jogapkärli hem-de başlangyçly goşandyny goşmagyny dowam edip, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde, 2022-nji ýylyň aprel aýynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmegi meýilleşdirýär. Gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisiniň, halkara edaralaryň öňümizdäki maslahata gatnaşmagyny göz öňünde tutmagyny haýyş edýärin. Guramaçylar hökmünde biz ony geçirmek boýunça islendik çuň many-mazmunly başlangyçlara, tekliplere we maslahatlara açykdyrys.
Hormatly foruma gatnaşyjylar!
Häzir çökgünligiň täsirini azaltmaga, ykdysady ösüşiň durnukly görkezijilerine çalt çykmaga gönükdirilen utgaşykly, jogapkärli we öňdengörüjilikli çözgütler zerurdyr. Biziň pikirimize görä, BMG-niň derejesinde ulag ulgamynda özara gatnaşyklaryň ählumumy strategik meýilnamalary bilen birlikde, kadalary, düzgünleri sazlaşdyrmak, gümrük we migrasiýa işlerini aňsatlaşdyrmak hem-de ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlyga degişli beýleki derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak munuň üçin oňaýly şertleri döreder.
Şeýle ýakynlaşmagyň görnüşleri, olaryň geografik ýagdaýy, tizligi we ugurlary dürli bolup biler. Esasysy bolsa, olaryň özara bähbitleri nazara almak bilen, netijeli hyzmatdaşlyga ýardam etmegi, durnukly ösüşiň ählumumy meýilnamalaryna goldaw bermegi zerurdyr. Elbetde, olar syýasylaşdyrmakdan azat bolmalydyr.
Türkmenistan özüniň şu maksatlara we ýörelgelere ygrarlydygyny tassyklaýar. Olaryň çalt amala aşyrylmagy üçin has ysnyşykly we netijeli hyzmatdaşlyga taýýardyr.
Üns berip diňländigiňiz üçin minnetdarlyk bildirýärin hem-de maslahata gatnaşyjylaryň ählisine üstünlikleri we netijeli işleri arzuw edýärin.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/43316