Ösüşleriň täze tapgyry

Ine, indi birnäçe ýyldan bäri oktýabr aýynyň üçünji ýekşenbesinde ýurdumyzda Senagat işgärleriniň güni giňden bellenilýär. Döwlet derejesinde bellenilýän bu hünär baýramçylygy milli ykdysadyýeti ösdürmekde, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän dürli görnüşli önümleri öndürmekde Garaşsyz Türkmenistanyň senagat toplumynyň ykrarnamasyny alamatlandyrýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň senagat pudagy okgunly ösüp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň senagaty mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen strategik ugrunyň netijeli häsiýete eýedigini tassyklaýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri, şol sanda maşyngurluşyk, gurluşyk we himiýa senagaty, elektrik energetikasy we elektron senagaty boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Mundan başga-da, nebiti gaýtadan işleýän senagat, dokma pudagy hem-de beýleki ulgamlar innowasion esasda döwrebaplaşdyrylýar. Hut şol pudaklarda ýokary hilli we bäsdeşlige ukyply senagat önümleri öndürilýär. Galyberse-de, biz häzir ýurdumyzda ilatyň sarp edýän harytlarynyň ähli görnüşleriniň diýen ýaly öndürilýändigini ynamly aýdyp bileris.

Eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda Aşgabatda geçirilen ýurdumyzyň halk hojalygynyň gazananlarynyň sergisi hem-de golaýda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde açylan «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň giňden gatnaşmagy munuň şeýledigine şaýatlyk edýär.

Mälim bolşy ýaly, senagat pudaklarynyň durnukly ösüşi maşyngurluşygynyň ýagdaýyna gönüden-göni baglydyr. Olaryň önümleriniň aglaba bölegi nebiti gaýtadan işleýän senagata hyzmat etmekde, gurluşykda, beýleki senagat, hojalyk we durmuş isleglerini kanagatlandyrmakda ulanylýar.

Ýurdumyzyň maşyngurluşyk zawodlary nebit nasoslaryny, nebit önümlerini gaplara we tankerlere guýmak üçin niýetlenen enjamlary, elektrik kabellerini, ýeňil azyk senagaty hem-de oba hojalygy üçin yşyklandyryş enjamlaryny we beýleki önümleri öndürýärler. Owadandepede gurlan Türkmenistandaky ilkinji «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasy gurluşykda ulanylýan metal önümlerini çykarýar. Munuň özi daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberini ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda ýylda armatur önümleriniň 30 müň tonnasyny çykarmaga niýetlenen täze metallurgiýa zawody gurulýar. Kärhanada alýumin önümleri we beýlekiler öndüriler.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek baradaky maksatnama üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýerli çig maldan gurluşyk serişdelerini öndürýän tehnologik kärhanalaryň sany yzygiderli artdyrylýar. Döwrebap tehnologik enjamlar bilen üpjün edilen täze senagat kärhanalary gurulýar, hereket edýänleriniň bolsa durky täzelenýär hem-de döwrebaplaşdyrylýar. Bu işleri utgaşdyrmak we çaltlandyrmak maksady bilen, 2020-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi döredildi. Onuň işi ýurdumyzyň gurluşyk meýdançalaryny zerur bolan serişdeler bilen üpjün etmäge gönükdirilendir.

Bu pudagyň kärhanalarynda öndürilýän sement, magdan däl we örtük serişdeleri, metal önümleri, aýna, gurnama demirbeton önümleri, keramzit, kaolin, gips ýaly zerur bolan gurluşyk serişdeleri, maşyngurluşyk önümleri diňe bir içerki bazarlara iberilmän, eýsem, daşary ýurtlara hem eksport edilýär.

Şunda sement önümçiligi senagat kärhanalarynyň işiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda Bäherden zawody we onuň Keletedäki önümhanasy, Balkan we Lebap sement zawodlary gurlup ulanmaga berildi. Ýokary hilli türkmen sementine bolan islegler dünýä bazarlarynda barha artýar.

Aýna we aýna önümlerine hem islegler yzygiderli ýokarlanýar. Şu babatda Merkezi Aziýada iri kärhanalaryň biri bolan «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini giňeltmek hem-de eksportyň möçberini artdyrmak boýunça wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine saldamly goşandyny goşýar. Bu ýerde her ýyl garaldylan aýnanyň 1 million inedördül metri, laminirlenen aýnanyň 100 müň inedördül metri, taplanan aýnanyň 300 müň inedördül metri, aýna paketleriniň 400 müň inedördül metri öndürilýär. Kärhana, şeýle hem aýna gap-gaçlarynyň 35 görnüşiniň önümçiligini ýola goýdy.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň sebitlerinde gurluşyk senagatynyň beýleki kärhanalaryň hem ençemesi peýda boldy. Mysal üçin, Balkan welaýatynda gips kartonyny hem-de gurluşyk we timarlaýyş işleri üçin niýetlenen gury garyndylary çykarmak bilen meşgullanýan kärhanalar işläp başlady. Lebap we Ahal welaýatlarynda keramiki önümleri öndürýän zawodlar ulanmaga berildi. Aşgabatda bolsa timarlaýyş işlerini ýerine ýetirmek üçin niýetlenen metal önümlerini öndürýän kärhana işläp başlady.

Mineral dökünleri, natriý sulfatyny, ýod, brom we brom önümlerini, tehniki uglerody hem-de beýlekileri öndürýän himiýa senagaty milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly, okgunly ösýän pudaklarynyň biridir. Öndürilýän mineral dökünleriň möçberleriniň we görnüşleriniň artdyrylmagy ýurdumyzyň oba hojalygynyň bu önümlere bolan isleglerini doly kanagatlandyrmaga hem-de olaryň eksportyny ýola goýmaga mümkinçilik berdi. Türkmenistan azyklyk duzuna bolan islegleri doly üpjün edýär. «Guwlyduz» kärhanasynda öndürilýän ýodlaşdyrylan azyklyk duzy ÝUNISEF-iň Güwänamasyna mynasyp boldy.

Ýurdumyzyň gazhimiýa senagatynyň döredilmegi hem Türkmenistanda tebigy gazyň ägirt uly gorlarynyň bolmagy bilen şertlendirilendir. Möhüm ähmiýetli desgalaryň hatarynda karbamid we ammiak öndürýän iri toplumlary görkezmek bolar. Granulirlenen polietileni we polipropileni öndürýän gazhimiýa toplumynyň, tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň işe girizilmegi bu pudagyň okgunly ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Önümleriň köp görnüşlerini, şol sanda dürli plastik önümleri hem-de dürli diametrdäki turbalary öndürýän kärhanalaryň önümleri tebigy gazy ulanmak arkaly iň täze tehnologiýalaryň özleşdirilýändigine şaýatlyk edýär. «Türkmenturba» zawody munuň aýdyň mysaly bolup biler. Bu zawod plastmas we aýna süýümli turba önümlerini öndürýär.

Türkmenistanda elektron enjamlary öndürýän senagat hem çalt depginler bilen ösdürilýär. Türkmen önüm öndürijileri täze enjamlaryň we abzallaryň, hojalykda ulanylýan önümlerden başlap, kompýuterlere çenli önümleriň çykarylyşyny ýola goýdular. Mysal üçin, ýokarda agzalan «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisinde ýurdumyzyň kiçi we orta işewürleriniň wekili — «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti öz elektron önümlerini üstünlikli hödürleýär. Bu kärhana smart-telewizorlaryň dürli görnüşlerini öndürýär we daşary ýurtlara iberýär. Mundan başga-da, kompaniýa LED lampalary çykarýar, kompýuterleri, planşetleri, telefonlary ýygnamak, öndürmek bilen meşgullanýar.

Bütindünýä sergisine gatnaşyjylar, şeýle hem öndürilýän pagta süýümini, dürli ýüpek önümleriň we matalaryň, tikin hem-de dokma önümleriniň ýurdumyzyň eksport harytlarynyň esasy bölegini tutýandygyna göz ýetirmäge mümkinçilik aldylar. Munuň özi bolsa, ýurdumyzyň kuwwatly dokma senagaty bolan döwletleriň birine öwrülýändigine şaýatlyk edýär. Ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen pudagyň kärhanalary daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň görnüşlerini hem-de ýokary hilli dokma önümleriniň möçberlerini yzygiderli artdyrýar.

Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň işgärleri milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmak işine, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagyna, Türkmenistanyň dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna çykarylmagyna saldamly goşant goşýarlar.

Jumanazar GARAJAÝEW,

«Aşgabat» gazetiniň syýasy synçysy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/43413