Ösüşiň ýoly

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «ýol» sözi «ösüş» manysynda ýörgünli ulanylýar. Hakykatdan-da, «ýol» diýlende diňe bir ýurdumyzda yzygiderli gurulýan şaýollar, köçeler däl, eýsem, halkymyzyň gaýratyndan, zähmetsöýerliginden, agzybirliginden kemala gelýän depginli ösüş ýoly hem göz öňüňe gelýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sazlaşykly ösüşler gazanylýar. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çuňňur manyly çykyşy ýene bir gezek bütin aýdyňlygy bilen görkezdi. Gahryman Arkadagymyz mejlisde ýurdumyzda gurlan ähli il bähbitli binalardyr desgalar bilen bir hatarda, 7 müň kilometre golaý awtomobil ýollarynyň gurlandygyny hem belledi.

Ýurdumyzyň telekeçileriniň alyp barýan işlerine ýokary baha bermek bilen, milli Liderimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenabat — Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanynyň gurluşygynyň örän uly ähmiýete eýedigini, onuň ýurdumyzy has-da ösdürmekde möhüm taslamalaryň biridigini nygtady. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda demir ýol, howa, deňiz-derýa ýollary hem düýpli ösüşe eýe bolýar. 14-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatynda sanly ulgam arkaly eden taryhy çykyşynda BMG-niň ulagy ösdürmek boýunça ýörite sebitara maksatnamasyny işläp taýýarlamagy teklip etmegi gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilýändigine şaýatlyk edýär.

Diýmek, ýol düşünjesi biziň ýurdumyzda bagtyýarlygyň we ösüşiň ýoluny aňladýar, Watanymyzyň kuwwatlanmagynyň, dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň manysyny özünde jemleýär.

Halkymyzda ýol hakda aýdylan ençeme pähimler bar. Olarda ýoluň mukaddesliginiň, il bagtynyň, eşretli ýaşamagyň beýany bar. Şonuň üçin ýol gurmak hemişe sogaply iş saýylypdyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyz ýol gurmak bilen bagly arzuwlaryna hem ýetdi. Munuň özi türkmen halky bagtyýarlygyň hem ösüşiň ýoly bilen ak ertirlerine tarap ynamly öňe barýar diýmekdir.

Halkymyzy bagtly hem eşretli durmuşyň eýesi eden Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Gülşirin AMANGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uly mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/43474