Habarlar
Milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegi — ata Watanymyzyň depginli ösüşiniň möhüm şerti

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 8-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli kanunçylygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň we kämilleşdirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Munuň özi ýurdumyzyň syýasy ulgamyny, ykdysadyýetini pugtalandyrmakda yzygiderli çäreleri amala aşyrmaga ýardam berer. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerine hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň “Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň işiniň esasy ugurlary boýunça 2022-nji ýylda bilelikdе ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy hakynda” Kararyna laýyklykda, täze kanunlar işlenip taýýarlanylýar, ozal hereket edýänleri kämilleşdirilýär. 

                                                                   

Şunda 2020-nji ýylda ýurdumyzyň Esasy Kanunyna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilendigini, iki palataly parlament ulgamynyň işiniň hukuk binýadynyň döredilendigini, Konstitusiýanyň hem-de Saýlaw kodeksiniň täze kadalaryna laýyklykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilendigini bellemek ýerlikli bolar. Bu taryhy waka ýurdumyzyň wekilçilikli hem-de kanun çykaryjy edaralarynyň ösüşi ugrunda ädilen täze ädim bolup, olaryň işiniň hil taýdan täze derejelere çykarylmagyna, kabul edilýän kanunlaryň, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hiliniň has-da ýokarlanmagyna ýardam berdi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary hem-de deputatlar demokratik döwletimiziň, adalatly raýat jemgyýetimiziň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek bilen bir hatarda, ýurdumyzda demokratiýany ösdürmek, Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegi bilen bagly möhüm işleri alyp barýarlar. Bulardan başga-da, olar kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek maksady bilen, halkara hem-de parlamentara hyzmatdaşlygyň çäklerinde degişli ministrlikler, BMG-niň düzümleýin edaralary, beýleki abraýly guramalar bilen bilelikde guralan birnäçe iri halkara forumlara, okuw hem-de iş maslahatlaryna gatnaşdylar. 

                                                                   

Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanylýan kanunlar, ilki bilen, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gatnaşmagynda Mejlisde döredilen iş toparlarynda öwrenilýär, soňra bolsa parlamentarileriň nobatdaky mejlislerinde garalýar. 

                                                                   

Geçen ýylyň maý aýynda “Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda” Kanunyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylanda, gyzyklanma bilen pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary hemmetaraplaýyn goldamak üçin amatly hukuk, ykdysady we maliýe şertlerini döretmek boýunça uly işler amala aşyryldy. Şol işleriň hatarynda salgyt ulgamyny kämilleşdirmek, telekeçilik işini hasaba almagyň hem-de ygtyýarlylandyrmagyň tertibini ýönekeýleşdirmek, ýeňillikli karzlaşdyrmak çäreleri bar. 

                                                                   

Bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, olaryň ählumumy ykdysady giňişlige işjeň goşulyşmagyna, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny hem-de ýurdumyzyň kärhanalarynyň maýa goýum işjeňligini goldamaga gönükdirilen täze kanunlary kabul etmek, hereket edýänlerini kämilleşdirmek parlamentarileriň öňünde durýan esasy wezipeleriň hataryna girýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny, ony amala aşyrmagyň usullaryny kesgitleýän, döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň taslamasyny taýýarlamak we amala aşyrmak işinde ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän täze Kanun möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Maddy, maliýe, intellektual, ylmy-tehniki we beýleki serişdeleri birleşdirmek, bähbitleriň we töwekgelçilikleriň deňagramlylygyny üpjün etmek, düzümiň desgalaryny ösdürmek boýunça taslamalary, meýilnamalary hem-de maksatnamalary amala aşyrmak üçin býujetden daşary çeşmeleriň serişdelerini çekmekde hukuk şertlerini döretmek bu resminamanyň maksatlarynyň biridir. 

                                                                   

Umuman, döwletiň we hususyýetçiligiň arasyndaky hyzmatdaşlyk hususy telekeçileriň milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, halkara ölçeglere kybap gelýän önümleri öndürýän döwrebap önümçilikleri döretmäge, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmaga işjeň gatnaşmagyna ýardam etmelidir. 

                                                                   

“Bilim hakynda” (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylanda, deputatlar döwletimiziň ýaşlar syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdiler. Ýaş nesliň sazlaşykly ösmegini, döwrebap bilim almagyny üpjün etmek, watançylyk ruhunda terbiýelemek, Watana bolan söýgini artdyrmak şol syýasatyň baş maksadydyr. 

                                                                   

Häzir ýurdumyzda kompýuterler, okuw-tehniki enjamlar, interaktiw we multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen dürli bilim edaralarynyň gurluşyklary dowam edýär. 12 ýyllyk orta bilime geçilmegi, ylmyň we okuwyň innowasion usullarynyň bilim bermek işine ornaşdyrylmagy abraýly halkara olimpiadalaryň ýeňijileriniň sanyny artdyrmaga, dünýäniň iri ylym-bilim merkezleri, halkara guramalar bilen gatnaşyklary giňeltmäge ýardam berdi. Munuň şeýle bolmagyna esasy dersler bilen bir hatarda, sapaklaryň sanawyna ykdysadyýetiň esaslary, modelirleme we grafika, maglumat-kommunikasiýa hem-de innowasion tehnologiýalar, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä edebiýaty ýaly dersleriň goşulmagy hem amatly şertleri döretdi. Şunuň bilen baglylykda, “Bilim hakynda” Kanunyň rejelenen görnüşiniň ähmiýeti bellenildi. Ol bu möhüm ugurda gatnaşyklaryň hukuk esasyny hem-de döwlet syýasatynyň ýörelgelerini, bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini, onuň işini dolandyrmagyň guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. 

                                                                   

Bilim almaga bolan hukuk adamyň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biridir. Jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni taýdan ösüşiniň binýady hasaplanýan bilimiň kämilleşdirilmegi Türkmenistanyň ösüşiniň esasy ugruny düzýär. Biziň ýurdumyzda ýaş nesli terbiýelemek we bilim bermek ulgamy milli hem-de umumadamzat ruhy-ahlak, medeni, durmuş gymmatlyklaryna, şeýle-de türkmen jemgyýetinde kabul edilen, adamyň, jemgyýetiň, döwletiň bähbidine özüňi alyp barmagyň düzgünlerine we kadalaryna esaslanandyr. 

                                                                   

Soňra parlamentarileriň garamagyna “Firma atlary hakynda” Kanunyň taslamasy hödürlenildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, häzir sebitleri batly depginler bilen senagatlaşdyrmak, oba hojalygyny, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, şeýle hem intellektual eýeçiligiň hukuklaryny goramak boýunça giň gerimli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Dürli guramaçylyk-hukuk görnüşleri bolan täze kärhanalaryň, şol sanda hususy firmalaryň we kompaniýalaryň sany artýar. Umuman, bularyň hemmesi täze kanunçylyk namasynyň derwaýyslygyny şertlendirýär. Ol Türkmenistanyň telekeçilik ýuridik taraplaryna firma atlary dakylanda bildirilýän talaplary kesgitleýär, olaryň hukuklaryny goramakda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. 

                                                                   

Geçen ýylyň oktýabrynda geçirilen maslahatda deputatlar “Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda”, “Poçta aragatnaşygy hakynda”, “Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda”, “Ählumumy ýaşyl ösüş institutyny döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garadylar. Bellenilişi ýaly, bu hukuk namalarynyň esasy wezipeleri raýatlaryň we döwletiň hukuklaryny, bähbitlerini goramakdan, jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga ýardam bermekden hem-de ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekden ybaratdyr. 

                                                                   

“Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny döwlet emlägini ynançly dolandyrmagyň maksatlaryny, usullaryny we tertibini kesgitleýär. Emläk eýesiniň hem-de bu işde ynançly dolandyryjynyň arasynda ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär. 

                                                                   

“Poçta aragatnaşygy hakynda” Kanunyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda, resminamanyň bu ulgamyň işiniň hukuk esasyny tassyklaýandygy, şeýle-de operatorlaryň, poçta aragatnaşygy hyzmatyndan peýdalanyjylaryň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýändigi nygtaldy. 

                                                                   

Döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen baglylykda, “Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda” Kanunyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bellenilişi ýaly, bu resminama daşary ýurt raýatlarynyň, ýurdumyzdaky raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuk ýagdaýyny kesgitleýär, olaryň Türkmenistanda bolmagy, zähmet çekmegi, telekeçilik we beýleki görnüşli işleri alyp barmagy bilen baglanyşykly emele gelýän ýagdaýy kadalaşdyrýar. 

                                                                   

2012-nji ýylyň 20-nji iýunynda Rio-de-Žaneýro şäherinde kabul edilen “Ählumumy ýaşyl ösüş institutyny döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşe goşulmagyň ähmiýetini, adamzadyň geljekki durmuşynda ekologik durnuklylygy tassyklaýan bu resminama goşulýandygy kanunçylyk taýdan tassyklanylýar. 

                                                                   

Şu ýylyň maý aýynyň başynda “Ösümlikleriň karantini hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylanda, deputatlar onuň kabul edilmeginiň ata Watanymyzyň täsin tebigatynyň köpdürlüligini we gözelligini aýawly saklamaga ýardam edýändigini bellediler. Bu Kanun halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, degişli kanunçylygy kämilleşdirmäge hem gönükdirilendir. 

                                                                   

Şu ýylyň iýul aýynda deputatlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan Kanunlaryň taslamalarynyň birnäçesine garadylar. 

                                                                   

«Elektron hökümet hakynda» Kanun ara alnyp maslahatlaşylanda, onuň taslamasynyň elektron hökümetiň işiniň tertibini kadalaşdyrýandygy hem-de onuň “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmäge ýardam bermek maksady bilen işlenip taýýarlanylandygy nygtaldy. Çykyş edenler döwlet dolandyryş we döwlet hyzmat ediş ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagynyň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýandygyny bellediler. 

                                                                   

Sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy döwlet häkimiýetiniň edaralarynyň işiniň açyklygyny ýokarlandyrmaga, olaryň raýatlar üçin elýeterli bolmagyna mümkinçilik berýär diýip, parlamentariler nygtadylar. 

                                                                   

«Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Kanunyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylanda, gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzda ahalteke bedewleri bilen bir hatarda, halkymyzyň taryhy-medeni mirasy bolup durýan türkmen alabaýlarynyň genofonduny aýawly saklap galmak boýunça uly işler ýerine ýetirildi. 

                                                                   

Deputatlar tarapyndan strategik maksatnamalary we oňyn demokratik özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işiň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy halk hojalyk toplumynyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmagyň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz içeri syýasatymyzyň esasy ugurlary barada aýdyp, ýurdumyzda ygtybarly salgyt-býujet we pul-karz syýasatynyň goldanylýandygyny, hususy we döwlet üpjünçilik ulgamlaryna goýulýan maýa goýumlaryň möçberiniň barha artdyrylýandygyny belledi. Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen kynçylyklara garamazdan, Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi ýokary derejede, ýagny 6 göterim möçberde saklanýar. 

                                                                   

Önümçilik hem-de durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerimde dowam edýär. Häzirki wagtda umumy bahasy 38 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 2 müň 900-e golaý iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar. 

                                                                   

Türkmenistanyň Prezidentiniň Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 1 milliard 300 million manatdan hem köp möçberde düýpli maýa goýumlar özleşdirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, geçen ýarym ýylda 30 sany iri desga, meýdany 322 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary, şol sanda umumy bahasy 900 million manada golaý, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berildi. Senagat desgalary, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler we beýleki desgalar göz öňünde tutulan möçberde guruldy. 

                                                                   

Energiýa serişdelerimizi dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça syýasatymyz hem bellän meýilnamalarymyza laýyklykda dowam edýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy, şeýle-de beýleki sebit taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. 

                                                                   

Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmegiň, eksport edilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmagyň, elektron senagaty döretmegiň maksatnamalary hem netijeli amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, ykdysadyýetde döwletiň gatnaşyk paýyny azaltmak we hususy pudagy giňeltmek babatda alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady. 

                                                                   

Şeýlelikde, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan düýpli özgertmeleriň hukuk esasyny döretmek, kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, olaryň dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmagyny üpjün etmek boýunça öňde goýan möhüm wezipeleriniň hatarynda durýar. 

                                                                                                           

(TDH)

29.07.2022
Yk­dy­sa­dy dip­lo­ma­ti­ýa ro­waç­lyk ýo­lun­da

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­satynyň bin­ýat­lyk esas­la­ry ata Wa­ta­ny­myz­da ama­la aşyr­ýan mö­hüm sy­ýa­sy ugur­la­ryn­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Bu sy­ýa­sy ugur­la­ra la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­tan he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne, şeý­le hem beý­le­ki döw­let­le­riň işi­ne ga­tyş­maz­ly­ga, gap­ma-gar­şy­lyk­la­ry pa­ra­hat­çy­lyk­ly ýol bi­len we sy­ýa­sy se­riş­de­ler ar­ka­ly çöz­mä­ge yg­rar­ly bo­lup dur­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň  alyp bar­ýan, bü­tin adam­za­dyň bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li, yn­san­per­wer da­şa­ry sy­ýa­sat ýö­rel­ge­le­ri­niň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne kuw­wat­ly iter­gi ber­ýär. Bu ugur­da ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler se­bit­de we dün­ýä­de sy­ýa­sy dur­nuk­ly­ly­gy ber­kit­mek­de, yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek­de mö­hüm orun eýe­le­ýär. Türk­me­nis­tan dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek ba­bat­da­ky ýö­rel­gä eýer­mek bi­len, bu ugur­da ge­çi­ril­ýän sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik we yk­dy­sa­dy çä­re­le­ri has iş­jeň­leş­dir­ýär. Ýur­du­myz dün­ýä­niň en­çe­me döw­let­le­ri bi­len sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we me­de­ni taý­dan deň­hu­kuk­ly hyz­mat­daş­ly­gy yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dyr­ýar.  

                                                                   

Türk­me­nis­tan mil­li bäh­bit­le­ri­, hal­ka­ra we se­bit de­re­je­sin­däki gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak­da ägirt uly iş­le­ri üs­tün­lik­li ama­la aşyr­ýar. Şun­da go­laý­da gö­zel paý­tag­ty­myz­da Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň baş­tu­tan­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len al­tyn­jy Ha­zar sam­mi­ti­niň äh­mi­ýe­ti örän uludyr. Ýur­du­myz oňyn Bi­ta­rap­lyk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we deň­hu­kuk­ly öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk, mil­li hem-de umu­my bäh­bit­le­riň saz­la­şy­gy esa­syn­da gu­ral­ýan da­şa­ry sy­ýa­sy ug­ry yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len, Ha­zar se­bi­tin­de iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak hem-de ös­dür­mek ug­run­da yzy­gi­der­li çy­kyş ed­ýär. Şeý­le­lik­de, yk­dy­sa­dy ul­gam Ha­zar­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry bo­lup dur­ýar. Bu ul­gam köp­ta­rap­ly­dyr we ulag, lo­gis­ti­ka, kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar, ener­ge­ti­ka, önüm­çi­lik taý­dan ýa­kyn­laş­mak ýa­ly ul­gam­la­ry hem-de beý­le­ki köp ugur­la­ry öz içi­ne al­ýar.  

                                                                   

Döw­le­tiň iş­läp taý­ýar­lan we ama­la aşyr­ýan da­şa­ry yk­dy­sa­dy stra­te­gi­ýa­sy uzak möh­let­le­ýin­dir. «Türk­me­nis­ta­nyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň 2011 — 2030-njy ýyl­lar üçin mil­li Mak­sat­na­ma­synda» ola­ry ama­la aşyr­ma­gyň baş mak­sat­la­ry, esa­sy ugur­la­ry we anyk ýol­la­ry be­ýan edi­len­dir.  

                                                                   

Hä­zir­ki döwür­de dün­ýä ösü­şi­niň tä­ze me­ýil­le­ri­ni, şeý­le hem mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dur­muş-yk­dy­sa­dy şert­le­ri­ni sel­jer­mek esa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň stra­te­gik ugur­la­ry kes­git­len­ildi. Hä­zir­ki za­man glo­bal­laş­ma şert­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy dip­lo­ma­ti­ýa­sy top­lum­la­ýyn we ul­gam­la­ýyn hä­si­ýe­te eýe bo­lup, döw­le­tiň wa­jyp we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Dip­lo­ma­ti­ýa­nyň bu gör­nü­şi döw­let dü­züm­le­ri de­re­je­sin­de hem-de jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry we te­le­ke­çi­ler bi­le­le­şi­gi de­re­je­sin­de ama­la aşy­ryl­ýar. Türk­me­nis­tan­da we da­şa­ry ýurt­lar­da ge­çi­ril­ýän ma­ýa go­ýum fo­rum­la­ry hem-de döw­le­ti­miz­de ön­dü­ril­ýän ha­ryt­la­ryň ser­gi­le­ri ýurdumyzyň yk­dy­sa­dy dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň üs­tün­lik­le­ri­ni dün­ýä aýan ed­ýär. Hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk üçin Türk­me­nis­ta­nyň açyk yk­dy­sa­dy­ýe­ti, hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de onuň tut­ýan or­nu­nyň has ber­ke­me­gi, şeý­le hem döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra gu­ra­ma­la­rynyň iş­le­ri­ne gat­naş­ma­gy­nyň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi bu ugur­da uly öňe­gi­diş­lik­le­ri şert­len­dir­di. Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty içer­ki sy­ýa­sat bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­ bolup, döw­le­tiň dur­muş-yk­dy­sa­dy me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de yk­dy­sa­dy dip­lo­ma­ti­ýa­nyň wa­jyp or­nu­ny tas­syk­la­ýar.  

                                                                   

Geo­sy­ýa­sat yk­dy­sa­dy hä­si­ýet­li iki sa­ny ug­ry kes­git­le­ýär. Sy­ýa­sy bäs­deş­li­gi ara­dan aý­ryp, ýur­duň baý çig mal we ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak­da hyz­mat­daş­lyk üçin amat­ly şert­le­ri dö­red­ýär hem-de geoyk­dy­sa­dy çäk­ler­de yg­ty­bar­ly we üs­ta­şyr dü­züm­le­riň dur­nuk­ly­lyk de­re­je­si­ni üp­jün ed­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň mil­li bäh­bit­le­ri go­ra­mak bo­ýun­ça ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­ri­ne, il­kin­ji no­bat­da, da­şa­ry yk­dy­sa­dy howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek de­giş­li­dir. Söw­da-yk­dy­sa­dy, ener­ge­ti­ka, ulag we eko­lo­gi­ýa dip­lo­ma­ti­ýa­sy döwletimizde ile­ri tut­ulýan esa­sy ugur­la­r bo­lup dur­ýar. 

                                                                   

Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry söw­da-yk­dy­sa­dy dip­lo­ma­ti­ýa­sy döw­le­tiň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ber­kit­me­giň gu­ra­ly hök­mün­de çy­kyş ed­ýär, şeý­le hem dün­ýä ba­za­ryn­da öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry art­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Eks­por­ta gö­nük­di­ri­len önüm­le­ri art­dyr­mak we de­giş­li önüm­çi­lik­le­ri hö­wes­len­dir­mek, Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry ba­zar­la­ra çyk­ma­gy­ny üp­jün ed­ýän şert­le­ri has go­wu­lan­dyr­mak üçin ýö­ri­te Döw­let Mak­sat­na­ma­la­ry ka­bul edil­ýär.  

                                                                   

Ýur­du­myz­da da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­lik­le­ri dö­ret­mek, ola­ryň dü­zü­mi­ni kä­mil­leş­dir­mek, yl­my taý­dan esas­lan­dy­ry­lan ugur­la­ry kes­git­le­mek ba­bat­da uly iş­ler üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­dy. Da­şa­ry söw­da do­la­ny­şy­gy­nyň oňyn ta­pa­wu­dy­ny art­dyr­mak, tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mek, ila­tyň pul gir­de­ji­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak we yk­dy­sa­dy­ýe­tiň hu­su­sy bö­le­gi­niň pa­ýy­ny yzy­gi­der­li art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len 2015-nji ýyl­da Türk­me­nis­tan­da da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ön­dür­mek bo­ýun­ça Döw­let Mak­sat­na­ma­sy ka­bul edil­di. Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň da­şa­ry ýurt­la­ra ibe­ril­ýän möç­ber­le­ri san­ly­ja ýy­lyň için­de has-da art­dy­ryl­dy. Bu bol­sa ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň has hem ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­ny şert­len­dir­ýär.  

                                                                   

Goý, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny has-da ýo­kar­lan­dyr­mak ba­bat­da be­ýik iş­le­ri üs­tün­lik­li do­wam et­dir­ýän  Ar­kadag­ly Ser­da­ry­my­zyň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun! 

                                                                                                           

Nur­mäm­met AL­TY­ÝEW,

                       

Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.

29.07.2022
Tä­ze be­lent­lik­le­ri na­zar­lap

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ama­la aşy­ryl­ýan il-ýurt bäh­bit­li, umu­ma­dam­zat äh­mi­ýet­li uly iş­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň: «Hä­zir­ki dö­wür­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dü­ril­me­gin­de, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­nyň ber­ki­dil­me­gin­de äh­mi­ýet­li­dir» di­ýen pa­ra­sat­ly söz­le­ri­niň Di­ýa­ry­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän oňyn öz­gert­me­ler­de öz be­ýa­ny­ny tap­ýan­dy­gy­na gü­wä geç­ýär. Şol bir wagt­da hor­mat­ly Pre­zi­dentimi­ziň dur­mu­şa ge­çir­ýän öz­gert­me­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de oza­ly bi­len ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň bar­ha art­ýan­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­mek ge­rek. 

                                                                   

Di­ýa­ry­my­zyň yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty­nyň dur­muş ug­ru­na gö­nük­di­ril­me­gi, Wa­ta­ny­my­zyň öz­gert­me­le­riň ösüş ýo­ly bi­len üs­tün­lik­li öňe git­me­gi­ne, hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy­nyň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ýur­du­myz­da ila­tyň gir­de­ji­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän çä­re­le­riň hem ne­ti­je­li­li­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Soň­ky ýyl­la­ryň do­wa­myn­da bu ugur­da ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji aý­lyk hak­la­ry­nyň, pen­si­ýa­la­ryň, döw­let kö­mek pul­la­ry­nyň we ta­lyp hak­la­ry­nyň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ma­gy, döw­le­tiň nyrh sy­ýa­sa­ty, hu­su­sy baş­lan­gyç­la­ry gol­da­mak, şeý­le hem goş­ma­ça dur­muş ýe­ňil­lik­le­ri top­lu­my ne­ti­je­sin­de üp­jün edil­ýär. Döw­le­ti­miz­de halk ho­ja­ly­gy top­lu­my­nyň pu­dak­la­ry­nyň ösü­şi, ozal bar bo­lan hem-de tä­ze dö­re­di­len önüm­çi­lik­le­ri döw­re­bap­laş­dyr­mak ne­ti­je­sin­de ila­ty iş bi­len üp­jün et­me­giň ha­sa­by­na, adam­la­ryň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len giň göw­rüm­li dur­muş mak­sat­na­ma­la­ry­ny ama­la aşyr­mak bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Şu­nuň bi­len bir­lik­de ra­ýat­la­ryň dur­muş taý­dan go­rag­ly­lyk de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga hem uly üns be­ril­ýän­di­gi­ne «Ila­tyň iş bi­len üp­jün­çi­li­gi ha­kyn­da­ky» Ka­nu­nyň ka­bul edil­me­gi gü­wä geç­ýär. Ka­nun bu ugur­da hu­kuk, yk­dy­sa­dy we gu­ra­ma­çy­lyk esas­la­ry­ny kes­git­le­ýär hem-de ra­ýat­la­ryň zäh­met çek­mä­ge bo­lan ka­nu­ny hu­kuk­la­ry­ny üp­jün et­mä­ge hyz­mat ed­ýär.  

                                                                   

Wa­ta­ny­my­zy se­na­gat taý­dan ös­dür­mek we­zi­pe­si döw­let sy­ýa­sa­ty­my­zyň iň bir ile­ri tu­tul­ýan wa­jyp ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Çün­ki mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ösüş­le­ri­ni şu ugur­dan üz­ňe göz öňü­ne ge­tir­mek müm­kin däl­dir. Ýur­duň kuw­wat­ly­ly­gy­ny we dur­nuk­ly ösü­şi­ni il­kin­ji no­bat­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ösüş­le­ri kes­git­le­ýän bol­sa, yk­dy­sa­dy ösüş­le­ri, esa­san, ýur­duň ösen se­na­ga­ty üp­jün ed­ýär. Hut şo­nuň üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bu ugur­da­ky üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýän öz­gert­me­le­ri­niň öze­nin­de Di­ýa­ry­my­zy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek, Wa­ta­ny­my­zyň kuw­wa­ty­ny has-de ber­kit­mek we art­dyr­mak ba­ra­da­ky ta­gal­la­lar ýa­tyr. Ýur­du­my­zyň gur­lu­şyk ma­te­rial­la­ry se­na­ga­ty, hi­mi­ýa pu­da­gy, dok­ma se­na­ga­ty, elekt­ron en­jam­la­ry­nyň dür­li gör­nüş­le­ri­niň önüm­çi­li­gi bo­ýun­ça kär­ha­na­la­ry dö­ret­mek mak­sat­na­ma­sy, ha­ly­çy­lyk, şeý­le hem ba­ly­gy gaý­ta­dan iş­le­ýän pu­dak hä­zir­ki dö­wür­de da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän önüm­le­riň or­nu­ny tut­ma­ga ukyp­ly we eks­port ugur­la­ry­nyň önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry­ny ýo­kar­lan­dyr­ýan esa­sy ugur­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Döw­le­ti­mi­ziň il-ýurt bäh­bi­di­ne gö­nük­di­ri­len öz­gert­me­ler sy­ýa­sa­ty­nyň we­zi­pe­le­ri ýur­du­my­zyň se­bit­le­ri­ni se­na­gat taý­dan ös­dür­me­giň, bag­ty­ýar hal­ky­my­zyň dur­muş de­re­je­si­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi se­na­gat­laş­dyr­ma­gyň esa­sy ugur­la­ry­ny kes­git­le­ýär. Mu­nuň özi Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan il-ýurt bäh­bit­li öz­ger­tme­le­riň, döw­let­li tu­tum­la­ryň hal­kyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şyn­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýan­dy­gy­na bü­tin aý­dyň­ly­gy bi­len gü­wä geç­ýär. Şeý­le hem hor­mat­ly Prezi­den­ti­miz şu we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li ber­jaý edil­me­gi­niň ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň gur­lu­şyn­da hil taý­dan oňyn öz­gert­me­le­riň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na ýar­dam et­jek­di­gi­ni, şol öz­gert­me­le­riň yk­dy­sa­dy­ýet­de ne­ti­je­li ula­nyl­ma­gy­na esas­lan­ýan yzy­gi­der­li ösü­şiň ga­za­nyl­ma­gy­na düýp­li iter­gi ber­jek­di­gi­ni bel­le­ýär. Ýur­du­myz­da se­na­gat önüm­le­ri­niň möç­beri­ni art­dyr­ma­ga, mil­li pu­lu­myz bo­lan ma­na­dyň hüm­me­ti­ni dur­nuk­ly de­re­je­de sak­la­ma­ga oňaý­ly şert­le­riň dö­re­me­gi içer­ki ba­zar­da ha­ryt­la­ryň we hyz­mat­la­ryň nyrh­la­ry­ny pes de­re­je­de sak­la­ma­ga, dur­muş ul­ga­my­na gö­nük­di­ril­ýän düýp­li ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­ma­ga düýp­li iter­gi ber­di.  

                                                                   

Wa­ta­ny­my­zyň ösen se­na­gat­ly ýur­da öw­rül­ýän­di­gi ba­ra­da gür­rüň edi­len­de, gur­lu­şyk se­na­ga­ty­ny ös­dür­me­giň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­mak mak­sa­da­la­ýyk­dyr. Bu ugur­da iş alyp bar­ýan hu­su­sy kom­pa­ni­ýa­la­ryň öz işi­ni döw­re­bap ýo­la goý­ma­gy bi­len bir ha­tar­da, mil­li gur­lu­şyk se­na­ga­ty­na mak­sa­da­la­ýyk or­naş­dy­ryl­ýan tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar gys­ga wag­tyň için­de bu mö­hüm pu­da­gy düýp­li öz­gert­di. Mer­mer paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat mu­nuň aý­dyň my­sa­ly bo­lup, baş şä­he­ri­miz­de ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny gur­ma­gyň iri tas­la­ma­la­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär, ulag we je­ma­gat dü­zü­mi­ni top­lum­la­ýyn döw­re­bap­laş­dyr­mak giň ge­rim­de do­wam ed­ýär.  

                                                                   

Tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de «Türk­me­nis­tan­da 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­nyň» mak­sat­la­ry­na we we­zi­pe­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, döw­let eda­ra­la­ry­ny san­ly ul­ga­ma ge­çir­me­giň dep­gi­ni­ni ýo­kar­lan­dyr­mak gel­je­gi uly ugur­la­ryň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­ýär. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­te san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça öň­de­ba­ry­jy döw­let­le­riň de­re­je­si­ne ýet­mek, elekt­ron se­na­ga­ty­ny dö­ret­mek, ada­myň aň-bi­lim ma­ýa­sy­na, işe­wür­li­gi­ne we mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň soň­ky ga­za­nan­la­ry­na esas­lan­ýan ösen yk­dy­sa­dy­ýe­ti ke­ma­la ge­tir­mek ba­bat­da­ky ama­la aşy­ryl­ýan uly iş­ler halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li pu­dak­la­ryn­da san­ly ul­ga­my, yl­my iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry önüm­çi­li­ge or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ýyn dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­le­riň giň ge­ri­me eýe­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Mu­nuň özi döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk­lyk­da, pu­dak­la­ryň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek­de aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. El­bet­de, halk ho­ja­lyk top­lu­my­nyň äh­li pu­dak­la­ry­nyň uzak­möh­let­le­ýin dur­nuk­ly ösü­şi­ni üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi san­ly ul­ga­ma ge­çir­mek işi­ni do­wam et­mek wa­jyp­dyr. Bu bol­sa Diýarymyzda ýaý­baň­lan­dy­ry­lan ägirt uly öz­gert­me­le­riň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gin­de, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­nyň üp­jün edil­me­gin­de, ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk-de be­lent sep­git­le­ri eýe­le­me­gin­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir.  

                                                                                                           

Ba­har KU­LY­ÝE­WA,

                       

Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.

29.07.2022
Türk­me­nis­ta­nyň ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­nyň Di­ýa­ry­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mä­ge we dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň bäh­bit­le­ri­ne se­bit hem-de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny giň­den ýo­la goý­ma­ga gö­nük­di­ri­len­di­gi dün­ýä aýan ha­ky­kat­dyr. Hä­zir­ki za­man kö­pu­gur­ly ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­ga­my­ny dö­ret­mek bol­sa bu sy­ýa­sa­tyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne Türk­me­nis­tan­da Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­ny tä­ze­den di­kelt­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň my­sa­lyn­da-da aý­dyň göz ýe­tir­mek bol­ýar. Ýur­du­myz­da mö­hüm äh­mi­ýet­li iri hal­ka­ra ulag tas­la­ma­la­ry üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Bu ugur­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän be­ýik iş­le­re hal­ka­ra gu­ra­ma­lar ta­ra­pyn­dan uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Bu ul­ga­myň ös­dü­ril­me­gi bol­sa dün­ýä ho­ja­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň dur­nuk­ly­ly­gy­na we de­ňag­ram­ly­ly­gy­na gö­nü­den-gö­ni oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Şeý­le­lik­de, Türk­me­nis­tan­da De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta we Gün­do­gar — Gün­ba­tar ugur­la­ry bo­ýun­ça köp şa­ha­ly ulag ýol­la­ry­ny dö­ret­mä­ge gö­nük­di­ri­len hem-de dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň giň gol­da­wy­na eýe bo­lan tek­lip­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi örän mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­di­gi bi­len hä­si­ýet­len­ýär. 

                                                                   

Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan Mer­ke­zi Azi­ýa­da pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dur­nuk­ly­ly­gyň ber­ki­dil­me­gin­de mö­hüm or­ny eýe­le­mek bi­len, iri hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet ber­ýär. Oňyn Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­ny kes­git­le­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, se­bit­de sy­ýa­sy dur­nuk­ly­ly­gy gol­da­ma­ga, dost­luk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny we ne­ti­je­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mä­ge ýar­dam ber­ýär. Türk­me­nis­tan­da gys­ga dö­wür­de dün­ýä äh­mi­ýet­li ulag tas­la­ma­la­ry­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy bu ugur­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mek bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Bu bol­sa öz no­ba­tyn­da, hä­zir­ki döw­rüň geo­sy­ýa­sy we geoyk­dy­sa­dy ösüş ze­rur­lyk­la­ry hem-de mak­sat­la­ry bi­len şert­len­di­ri­len­dir.  

                                                                   

Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz­da iň öň­de­ba­ry­jy teh­ni­ka­lar bi­len üp­jün edi­len döw­re­bap ho­wa men­zil top­lum­la­ry, de­mir ýol men­zil­le­ri­niň bi­na­la­ry gu­rul­dy, po­lat ýol­la­ryň hem-de giň aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň müň­ler­çe ki­lo­met­ri çe­kil­di, in­že­ner­çi­lik des­ga­la­ry bolan de­mir ýol we aw­to­mo­bil köp­rü­le­ri ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň Ýew­ra­zi­ýa­nyň uly ýol­la­ry­nyň çat­ry­gyn­da örän amat­ly ýer­leş­me­gi äh­lu­mu­my ösü­şi üp­jün et­mek­de mil­li ulag müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­ga giň ýol aç­ýar. Şo­ňa gö­rä-de, ýur­du­myz hä­zir­ki dö­wür­de ulag ul­ga­myn­da hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn üns ber­ýär. Bu ugur­da döw­le­ti­mi­ziň esa­sy mak­sa­dy dün­ýä gi­ňiş­li­gin­de yl­my taý­dan esas­lan­dy­ry­lan we kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gyň tä­sir­li nus­ga­la­ry­ny dö­ret­mek­den, hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr gat­naw­la­ry­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak üçin ze­rur bo­lan şert­le­ri üp­jün et­mek­den yba­rat­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň ulag ul­ga­my­nyň dün­ýä­niň ulag ul­ga­my­na yzy­gi­der­li go­şu­lyş­ma­gy, Gün­do­gar — Gün­ba­tar we De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta ugur­la­ryn­da ge­çel­ge­le­ri we hal­ka­la­ry bag­la­nyş­dyr­ýan esa­sy uly ýol­la­ryň ug­ry bo­ýun­ça mil­li inf­rast­ruk­tu­ra­nyň has-da gi­ňel­dil­me­gi mö­hüm we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da dur­ýar. 

                                                                   

Türk­me­nis­ta­nyň de­ňiz flo­tu­nyň hem-de äh­li de­giş­li dü­züm­le­ri­niň ös­dü­ril­me­gi stra­te­gi­ki äh­mi­ýe­te eýedir. El­bet­de, Türk­men­ba­şy şä­he­ri­ndäki Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň gu­rul­ma­gy onuň mö­hüm dü­zü­mi bol­dy. Bu Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň des­ga­la­ry bi­len bir ha­tar­da «Bal­kan» gä­mi gur­lu­şyk we gä­mi abat­la­ýyş za­wo­dy hem gu­rul­dy. Döw­re­bap de­ňiz por­ty iri möç­ber­li ýük akym­la­ry­nyň ýol­da bol­ma­gy­nyň wag­ty­ny hem-de ara­ly­gy­ny ep-es­li gys­galt­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rip, Azi­ýa we Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da yk­dy­sa­dy we söw­da hyz­mat­daş­ly­gy hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kar­mak bi­len, Ga­ra deň­ziň ýa­ka­sy­na, Ýew­ro­pa, Ýa­kyn Gün­do­gar, Gü­nor­ta Azi­ýa we Azi­ýa — Ýu­waş um­man se­bi­ti­niň ýurt­la­ry­na çyk­mak üçin has oňaý­ly şert­le­ri dö­red­ýän de­ňiz gat­naw­la­ry­nyň hä­zir­ki­ za­man ul­ga­my­ny ke­ma­la ge­tir­me­giň mö­hüm hal­ka­sy bol­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň de­ňiz de­re­je­sin­den pes­de ýer­leş­ýän dün­ýä­de iň uly port we port gur­lan­da dö­redilip, uçup geç­ýän guş­la­ry go­ra­mak­da mö­hüm äh­mi­ýe­ti bo­lan ada­nyň de­ňiz de­re­je­sin­den pes­de ýer­leş­ýän dün­ýä­de iň uly eme­li ada hök­mün­de Gin­ne­siň Bü­tin­dün­ýä Re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­me­gi, hal­ka­ra kom­pa­ni­ýa­la­ryň gü­wä­na­ma­la­ry­nyň, se­bit­de guş­la­ryň köp­dür­lü­li­gi­ni go­rap sak­la­mak üçin şert­le­riň dö­re­di­len­di­gi hem-de ola­ry go­ra­mak bo­ýun­ça tas­la­ma üçin Maks Plan­kyň Or­ni­to­lo­gi­ýa ins­ti­tu­ty­nyň, şeý­le hem Awst­ri­ýa­nyň Or­ni­to­lo­gi­ýa mer­ke­zi­niň de­giş­li ser­ti­fi­ka­ty­nyň gow­şu­ryl­ma­gy örän gu­wan­dy­ry­jy­dyr.  

                                                                   

Asy­ryň iri tas­la­ma­la­ry­nyň bi­ri bo­lan «Aş­ga­bat — Türk­me­na­bat» ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň gur­lu­şy­gy hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gur­mak sy­ýa­sa­ty­nyň hal­ky­my­zyň eş­ret­li ýa­şaý­şy­ny we Di­ýa­ry­my­zyň ösüş-öz­ge­riş­lik­le­ri­ni na­zar­la­ýan top­lum­la­ýyn giň möç­ber­li mak­sat­na­ma­la­ýyn hä­si­ýe­te we çuň ma­ny-maz­mu­na eýe­di­gi ba­ra­da­ky ha­ky­ka­ty bü­tin aý­dyň­ly­gy bi­len şöh­le­len­dir­ýär. Be­dew bat­ly ösüş­le­re bes­le­nip, ynam­ly öňe bar­ýan ýur­du­myz­da iň döw­re­bap ulag-üs­ta­şyr lo­gis­tik dü­zü­mi­ni hem-de ara­gat­na­şyk we te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek ba­ba­tyn­da al­nyp ba­ryl­ýan giň ge­rim­li iş­ler di­ňe bir mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ösü­şin­de däl, eý­sem, se­bi­tiň ösü­şin­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir.  

                                                                   

Ulag ul­ga­my­nyň halkara ho­ja­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň dur­nuk­ly we de­ňe­çer ösü­şi­ne gö­ni tä­si­ri bo­lan dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň mö­hüm tap­gyr­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny na­zar­da tu­ta­nyň­da, ýur­du­my­zyň ulag sy­ýa­sa­ty­nyň hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gin­de uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­me­gi we bü­tin­dün­ýä yk­rar­na­ma­sy­na eýe bol­ma­gy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bu ugur­da­ky umu­ma­dam­zat bäh­bit­li baş­lan­gyç­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti­niň örän mö­hüm hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. 

                                                                                                           

Mu­ham­met­dur­dy AN­NA­GU­LY­ÝEW,

                       

Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.

29.07.2022
Dur­muş go­rag­ly­ly­gy­nyň san­ly­laş­dy­ryl­ma­gy

Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz­de dur­muş-yk­dy­sa­dy ul­ga­my­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi esa­sy we­zi­pe­le­riň bi­ri hök­mün­de kes­git­le­ni­lip, bi­lim we ylym ul­ga­my­ny ös­dür­mek, sag­ly­gy go­raý­şyň we beý­le­ki ul­gam­la­ryň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­lar ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni mun­dan beý­läk-de ýo­kar­lan­dyr­mak ba­bat­da giň ge­rim­li me­ýil­na­ma­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. 

                                                                   

ХХI asy­ryň ba­şyn­da ýur­du­myz­da dur­muş in­no­wa­si­ýa­la­ry­ny gol­da­ma­gyň ze­rur­ly­gy ýü­ze çyk­dy. 2010-njy ýyl­da tas­syk­la­nan «Türk­me­nis­ta­nyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň 2011 — 2030-njy ýyl­lar üçin mil­li Mak­sat­na­ma­sy» ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy ösü­şi­ni dur­mu­şa gö­nük­di­ri­len in­no­wa­si­ýa nus­ga­sy­na ge­çir­me­giň esa­sy ugur­la­ry­ny kes­git­le­di. Bu res­mi­na­ma­nyň mak­sa­dy­na we we­zi­pe­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, ila­tyň mad­dy hal-ýag­da­ýy­nyň de­re­je­si­ni düýp­li ýo­kar­lan­dyr­mak, ba­zar-yk­dy­sa­dy we ins­ti­tu­sio­nal öz­gert­me­le­ri çuň­laş­dyr­mak, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň in­no­wa­si­ýa ösü­şi­ni ga­zan­mak, dur­muş ul­ga­myn­da hyz­mat­la­ry hil taý­dan kä­mil­leş­dir­me­giň ne­ti­je­sin­de, ada­myň ru­hy taý­dan ösü­şi­niň ýo­ka­ry de­re­je­ler­de bol­ma­gy­ny üp­jün et­mek we beý­le­ki­ler göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu iş­ler ge­ri­mi hem-de äh­mi­ýe­ti ba­ba­tyn­da mak­sat­na­ma­la­ýyn stra­te­gi­ýa hök­mün­de hal­ky­my­zyň dur­muş şert­le­ri­niň düýp­li go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­dir. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýy­lyň 13-nji ma­ýyn­da san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ren Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­sin­de ýur­du­myz­da san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça öň­de dur­ýan gaý­ra­go­ýul­ma­syz we­zi­pe­le­re üns çe­kil­di. 

                                                                   

ХХI asyr­da mag­lu­mat-kom­mu­ni­ka­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň ösü­şi­niň top­la­nan kuw­wa­ty dür­li gör­nüş­li dur­muş-yk­dy­sa­dy ul­gam­lar­da (dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­tin­den baş­lap, ho­ja­ly­gy alyp bar­ma­gyň aý­ra­tyn sub­ýekt­le­ri­ne çen­li) bo­lup ge­çen düýp­li öz­gert­me­le­riň esa­sy se­bä­bi­ni şert­len­dir­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, san­ly­laş­dyr­mak mil­li we äh­lu­mu­my yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ösü­şi­niň esa­sy se­riş­de­si­ne öw­rül­di.  

                                                                   

Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li ul­gam­la­ry­na we pu­dak­la­ry­na san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­nyň» baş ug­ry hem-de ony ösen ýurt­la­ryň de­re­je­si­ne çyk­ma­gyň, bi­lim­le­re we in­no­wa­si­ýa­la­ra da­ýan­ýan yk­dy­sa­dy ösü­şiň dur­nuk­ly dep­gin­le­ri­ni üp­jün et­me­giň mö­hüm şer­ti bo­lup dur­ýar. Bu we­zi­pe­le­riň oňyn çö­zül­me­gi, şeý­le hem BMG ag­za ýurt­la­ryň, şol san­da bi­ziň döw­le­ti­mi­ziň hem ka­bul eden 2030-njy ýy­la çen­li Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. 

                                                                   

«Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syn­da» gu­ra­ma­lar ta­ra­pyn­dan ha­sa­bat­ly­ly­gyň elekt­ron gör­nüş­de al­şyl­ma­gy­ny ýo­la goý­mak, Türk­me­nis­ta­nyň Pen­si­ýa gaz­na­sy­nyň ul­ga­myn­da dur­muş tö­leg­le­ri­ni ama­la aşyr­mak­da äti­ýaç­lan­dy­ry­lan­la­ry ha­sa­ba al­mak­da, ola­ryň mag­lu­mat­la­ry­ny do­lan­dyr­mak­da aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy, bir bi­te­wi mer­kez­leş­di­ri­len ul­ga­myň dö­re­dil­me­gi, Pen­si­ýa gaz­na­sy­nyň eda­ra­la­ryn­da ila­ta In­ter­ne­tiň üs­ti bi­len mag­lu­mat­la­ry ýe­tir­me­gi ýo­la goý­mak ýa­ly we­zi­pe­ler göz öňün­de tu­tul­ýar. Adam­lar üçin pen­si­ýa üp­jün­çi­li­gin­de öz­le­ri­ne da­hyl­ly mag­lu­mat­la­ry uzak ara­dan al­ma­ga müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi, pen­si­ýa äti­ýaç­lan­dyr­ma ul­ga­myn­da äti­ýaç­lan­dyr­ýan­lar üçin ha­sa­bat­la­ry taý­ýar­la­ma­gyň, iber­me­giň we ka­bul et­me­giň, şol san­da uzak ara­dan ka­bul et­me­giň usu­ly­ny kä­mil­leş­dir­mek we In­ter­ne­tiň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni giň­den or­naş­dyr­mak, pen­si­ýa üp­jün­çi­li­gi bo­ýun­ça pu­dak­la­ryň ara­syn­da­ky res­mi­na­ma do­la­ny­şy­gy­ny elekt­ron hem-de aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ul­ga­ma geç­me­giň üs­tün­de iş­le­nil­me­gi ýa­ly gör­kez­me­ler be­ýan edilýär. 

                                                                   

2021-nji ýyl­da ka­bul edi­len «Türk­me­nis­tan­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň 2021 — 2025-nji ýyl­lar üçin Döw­let Mak­sat­na­ma­syn­da» yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pu­dak­la­ry­nyň ösü­şi­ni tiz­leş­dir­mek we ila­ta edil­ýän hyz­mat­la­ry ýe­ňil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len ila­ty dur­muş taý­dan go­ra­mak hyz­mat­la­ry­ny san­ly ul­gam ar­ka­ly ýe­ri­ne ýe­tir­mek, döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk­lyk­da hyz­mat­la­ryň gör­nüş­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek we art­dyr­mak bel­le­ni­len­dir. 

                                                                   

Hä­zir­ki za­man mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry eda­ra-kär­ha­na­la­ryň we adam­la­ryň ara­syn­da bo­lup geç­ýän öza­ra gat­na­şy­gyň hem-de zäh­me­ti gu­ra­ma­gyň usul­la­ry­ny üýt­ged­ýär. Eýe­çi­li­gi­niň gör­nü­şi­ne ga­ra­maz­dan, is­len­dik eda­ra-kär­ha­na­nyň we gu­ra­ma­nyň öňün­de du­ran we­zi­pe­le­ri mag­lu­mat­la­ry iş­jeň öz­leş­dir­mez­den we ola­ry des­sin alyş­maz­dan çöz­mek müm­kin däl­dir. 

                                                                   

Ila­ta edil­ýän dur­muş hyz­mat­la­ry­ny san­ly­laş­dyr­mak esa­syn­da dur­muş go­rag­ly­ly­gy ul­ga­my­nyň ösü­şi­ni üp­jün et­mek şu gün­ki gü­nüň ile­ri tu­tul­ýan mö­hüm we­zi­pe­si bo­lup dur­ýar. Şo­ňa gö­rä-de, onuň işi­ne san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­ma­gyň ze­rur­ly­gy­nyň ýü­ze çyk­ma­gy te­bi­gy­dyr. Mu­nuň özi di­ňe bir dur­muş go­rag­ly­ly­gy ul­ga­my­nyň ösü­şi­ni üp­jün et­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan dur­muş ug­ry hök­mün­de goş­ma­ça iş orun­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­ne hem ýar­dam ber­ýär. Se­bä­bi hä­zir­ki dö­wür­de öň­de­ba­ry­jy san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar esa­syn­da ýur­du­my­zyň ila­ty­ny ýo­ka­ry hil­li on­laýn dur­muş hyz­mat­la­ry bi­len üp­jün et­mek esa­sy we­zi­pe bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dur­muş pu­dak­la­ry­nyň san­ly­laş­dy­ryl­ma­gy iş­gär­le­riň we iş be­ri­ji­le­riň öňün­de tä­ze şert­le­re uý­gun­laş­mak ze­rur­ly­gy­ny goý­ýar. Mun­dan baş­ga-da, san­ly­laş­dyr­mak bi­len bag­ly tä­ze hü­när­ler we iş orun­la­ry dö­re­ýär. Bu bol­sa san­ly­laş­dyr­mak işi­niň oňyn ta­rap­la­ry­ny şert­len­dir­ýär. McKin­sey Glo­bal ins­ti­tu­ty­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, eý­ýäm 2036-njy ýyl­da adam-sa­gat­da aň­la­dy­lan işiň 2-den 50%-e çen­li­si aw­to­mat­laş­dy­ry­lyp bil­ner, 2066-njy ýyl­da bol­sa bu paý 46-dan 99%-e ýe­tip bi­ler. 

                                                                   

Ila­ty dur­muş taý­dan go­ra­mak ul­ga­my­nyň san­ly­laş­dy­ryl­ma­gy mag­lu­mat­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň çe­ýe­li­gi­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­ny ta­lap ed­ýär. En­çe­me asyr­la­ryň do­wa­myn­da ula­nyp ge­lin­ýän usul, ýag­ny ila­ta hö­dür­len­ýän dur­muş hyz­mat­la­ry ba­ra­da­ky we beý­le­ki mag­lu­mat­la­ry, dür­li gör­nüş­li ha­sa­bat­la­ry ka­gyz gör­nü­şin­de çap edil­mek bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, wagt hem-de se­riş­de taý­dan tyg­şyt­ly­ly­gy üp­jün et­mek bi­len bir­lik­de, elekt­ron gör­nü­şe ge­çi­ri­len iş­le­riň ça­ty­lyp goý­lan gör­nü­şin­de ýer tut­ma­ýan­dy­gy ba­bat­da is­len­dik pur­sat­da el­ýe­ter­li­li­gin­de, tä­ze­lik­ler bi­len on­laýn ýag­daý­da ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän­di­gin­de hem ta­pa­wut­ly aý­ra­tyn­ly­gy bar­dyr. 

                                                                   

Elekt­ron res­mi­na­ma do­la­ny­şy­gy mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ryn­dan we te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ryn­dan peý­da­lan­mak ar­ka­ly elekt­ron res­mi­na­ma­la­ry iş­läp taý­ýar­la­mak, iber­mek, ber­mek, al­mak, sak­la­mak, peý­da­lan­mak, go­ra­mak, tä­ze­le­mek, göz­le­mek, ýyg­na­mak, ýaý­rat­mak, ga­ba­mak we ýok et­mek bo­ýun­ça aw­to­mat­laş­dy­ry­lan iş amal­la­ry­nyň je­midir. 

                                                                   

Dur­muş go­rag­ly­ly­gy ul­ga­my­na san­ly döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň gi­ri­zil­me­gi işiň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ila­ty dur­muş taý­dan go­ra­mak ul­ga­my­nyň ne­ti­je­li iş­le­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len mag­lu­mat-kom­mu­ni­ka­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny giň­den peý­da­lan­ma­gyň ha­sa­by­na dür­li dü­züm­le­riň öza­ra gat­na­şyk­la­ry ýo­kar­lan­ýar hem-de we­la­ýat, şä­her we et­rap de­re­je­sin­de çöz­güt­le­ri has tiz ka­bul et­mä­ge, ola­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ne gö­zeg­çi­li­gi ama­la aşyr­ma­ga tä­ze müm­kin­çi­lik­ler dö­re­ýär. 

                                                                   

Ber­ka­rar döw­le­ti­ň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ila­tyň sag­ly­gy ba­ra­da edil­ýän ala­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Diýarymyzda «Sag­lyk» Döw­let Mak­sat­na­ma­sy­nyň re­je­le­nen gör­nü­şi we ony ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li çä­re­le­riň 2021 — 2025-nji ýyl­lar üçin me­ýil­na­ma­sy tas­syk­lanyl­dy. Ýur­du­myz­da ula­nyl­ma­ga be­ril­ýän sag­ly­gy go­ra­ýyş we be­je­riş mer­kez­le­ri luk­man­çy­ly­gyň iň döw­re­bap teh­ni­ki en­jam­la­ry bi­len üp­jün edil­ýär. 

                                                                   

Tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň esa­syn­da dur­muş hyz­mat­la­ry­nyň san­ly­laş­dy­ryl­ma­gy ýo­kanç we bak­te­rial ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak işi­ne, hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­nyň go­ra­gy­na sal­dam­ly go­şant goş­ýar. Ýo­kanç ze­rar­ly jem­gy­ýet­çi­lik ýer­le­rin­de bel­le­ni­len ara­ly­gy ber­jaý et­mek düz­gü­ni­niň gi­ri­zi­len döw­rün­de san­ly­laş­dy­ry­lan hyz­mat­la­ry peý­da­lan­mak aý­ra­tyn mö­hüm­dir. San­ly­laş­dy­ry­lan dur­muş go­rag­ly­ly­gy­na ge­çil­me­gi adam­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak, ýur­duň dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň esas­la­ry­ny dö­ret­mek, ila­tyň ýo­ka­ry dur­muş de­re­je­si­ni ga­zan­mak ba­bat­da­ky iş­le­ri düýp­li ýe­ňil­leş­dir­di. 

                                                                   

Adam ha­kyn­da­ky ala­da­ny döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry hök­mün­de kes­git­le­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun, hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len iş­le­ri mun­dan beý­läk-de ro­waç al­syn! 

                                                                                                           

Ka­ka­gel­di HÜM­MÄ­ÝEW,

                       

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Döw­let gul­lu­gy aka­de­mi­ýa­sy­nyň pro­rek­to­ry.

29.07.2022
Türkmenistanyň Kanuny

Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda 

                                                                   

 I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli: 

                                                                   

1. 2014-nji ýylyň 1-nji martyndaky «Türkmenistanyň Býujet kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 1, 37-nji madda; 2017 ý., № 3, 111-nji madda; 2018 ý., № 4, 94-nji madda; 2020 ý., № 3, 42-nji madda): 

                                                                   

 4-nji we 5-nji maddalarda «2022-nji» diýen sany «2024-nji» diýen sana çalşyrmaly; 

                                                                   

 6-njy maddada «2023-2025-nji» diýen sanlary «2025-2027-nji» diýen sanlara çalşyrmaly; 

                                                                   

 7-nji maddanyň birinji tesiminde «2023-nji» diýen sany «2025-nji» diýen sana çalşyrmaly. 

                                                                   

2. 2014-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň Býujet kodeksiniň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 1, 37-nji madda; 2017 ý., № 1, 34-nji madda, № 4, 147-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda; 2021 ý., № 1, 25-nji madda) 68-nji maddasynyň ikinji bölegine şu mazmunly tesimi goşmaly: 

                                                                   

«Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hasaplaryna gelip gowşan daşary ýurt pulundaky serişdeleriň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilen möçberi Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasyna geçirilip bilner.». 

                                                                   

3. 2000-nji ýylyň 15-nji iýunyndaky «Kärhanalar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2000 ý., № 2, 13-nji madda; 2009 ý., № 2, 33-nji madda; 2012 ý., № 1, 48-nji madda, № 2, 51-nji madda; 2013 ý., № 4, 82-nji madda; 2015 ý., № 1, 31-nji madda; 2016 ý., № 1, 71-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda; 2019 ý., № 2, 35-nji madda; 2020 ý., № 1, 13-nji madda; 2021 ý., № 1, 16-njy madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 136-njy madda): 

                                                                   

 1) 15-nji maddada: 

                                                                   

birinji bölekde «Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de onuň welaýat we Aşgabat şäher Baş maliýe we ykdysadyýet müdirlikleri» diýen sözleri «Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýeti hem-de onuň salgyt edaralary» diýen sözlere çalşyrmaly; 

                                                                   

 dördünji bölekde «eýesi» diýen sözi «saklaýjysy» diýen söze çalşyrmaly; 

                                                                   

 2) 17-nji maddada: 

                                                                   

 birinji bölekde: 

                                                                   

 üçünji tesimde «esaslandyryş resminamalary» diýen sözleri «kärhananyň Tertipnamasy» diýen sözlere çalşyrmaly; 

                                                                   

 üçünji tesimden soň şu mazmunly tesimi goşmaly: 

                                                                   

 «kärhananyň esaslandyryş şertnamasy (şu Kanunyň 12-nji maddasynyň ikinji böleginde sanalyp geçilenlerden başgalar);»; 

                                                                   

 şu mazmunly bölegi goşmaly: 

                                                                   

«4. Kärhanany döwlet belligine almak üçin şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan resminamalardan başga goşmaça resminamalaryň talap edilmegine ýol berilmeýär.»; 

                                                                   

3) 19-njy maddada «Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi» we «amala aşyrýar» diýen sözleri degişlilikde «Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýeti hem-de onuň salgyt edaralary» we «amala aşyrýarlar» diýen sözlere çalşyrmaly; 

                                                                   

 4) 21-nji maddada: 

                                                                   

birinji bölekde «Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine» diýen sözleri «Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýetine ýa-da onuň salgyt edaralaryna» diýen sözlere çalşyrmaly; 

                                                                   

ikinji bölegiň ikinji tesiminde «Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de onuň ministrligiň welaýat we Aşgabat şäher Baş maliýe we ykdysadyýet müdirlikleri» diýen sözleri «Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýeti ýa-da onuň salgyt edaralary» diýen sözlere çalşyrmaly. 

                                                                   

 II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär. 

                                                                   

 Şu Kanunyň I böleginiň 3-nji bendi 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär. 

                                                                   

 Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
 

                                                                   

 Aşgabat şäheri. 2022-nji ýylyň 24-nji iýuly.

29.07.2022
Türkmenistanyň Kanuny

«Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaça we üýtgetmeler girizmek hakynda 

                                                                   

I. 2004-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan kabul edilen «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna (2005-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi namalarynyň ýygyndysy, 2005 ý., HM-80; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2005 ý., № 4, 37-nji madda; 2006 ý., № 3, 12-nji madda; 2007 ý., № 1, 20-nji we 24-nji maddalar, № 2, 48-nji madda, № 4, 68-nji we 74-nji maddalar; Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi namalarynyň ýygyndysy, 2008 ý., HM-96; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 1, 7-nji madda, № 3, 41-nji madda; 2009 ý., № 2, 41-nji madda, № 3, 45-nji madda; 2010 ý., № 1, 19-njy madda, № 2, 34-nji madda, № 3, 64-nji madda; 2011 ý., № 1, 5-nji we 24-nji maddalar, № 2, 45-nji madda, № 3, 59-njy madda; 2012 ý., № 1, 48-nji madda, № 3, 68-nji madda; 2013 ý., № 1, 7-nji madda, № 2, 26-njy madda; 2014 ý., № 1, 24-nji we 49-njy maddalar, № 3, 112-nji madda, № 4, 149-njy madda; 2015 ý., № 2, 48-nji we 71-nji maddalar, № 3, 111-nji madda, № 4, 146-njy madda; 2016 ý., № 1, 52-nji madda, № 3, 118-nji madda, № 4, 144-nji we 165-nji maddalar; 2017 ý., № 2, 77-nji madda, № 3, 111-nji madda, № 4, 135-nji we 147-nji maddalar; 2018 ý., № 2, 42-nji madda, № 4, 95-nji we 107-nji maddalar; 2019 ý., № 2, 34-nji madda, № 4, 94-nji madda; 2020 ý., № 3, 45-nji madda, № 4, 84-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 49-njy we 51-nji maddalar, № 4, 136-njy we 152-nji maddalar; 2022 ý., № 1-2, 22-nji madda) şu goşmaçany we üýtgetmeleri girizmeli: 

                                                                   

 1) 24-nji madda şu mazmunly bölegi goşmaly: 

                                                                   

«7. Ýuridik şahsyň emele gelmegindäki telekeçilik işi bilen meşgullanýan ýuridik şahsy we ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary-hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige almak olaryň salgyt hasabyna goýulmaly ýeri boýunça salgyt edaralary tarapyndan amala aşyrylýar. Bellige almagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.»; 

                                                                   

 2) 119-njy maddadaky tablisanyň «Goşmaça tölegleriň möçberleri» diýen sütüninde: 

                                                                   

 «Türkmenistanyň gümrük çäklerine getirilýän harytlar boýunça» diýen bölümde: 

                                                                   

 «Temmäki önümleri» böleginde «74%-i» we «3» diýen sanlary degişlilikde «93%-i» we «4» diýen sanlara çalşyrmaly; 

                                                                   

«Senagat taýdan öndürilen beýleki temmäki we temmäkiniň senagat çalşyryjylary» böleginde «15,6» diýen sany «19,5» diýen sana çalşyrmaly;  

                                                                   

 3) 187-nji maddanyň bäşinji böleginde: 

                                                                   

 ýedinji tesimi şu görnüşde beýan etmeli: 

                                                                   

«18 ýaşa çenli maýyplygy bolan çagany (şol sanda perzentlige alnan we öweý maýyplygy bolan çagany) terbiýeläp saklaýan ene-atalar ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar (şunda hususy telekeçiler we hünär hyzmatlaryny amala aşyrýan taraplar üçin — salgyt özeniniň Türkmenistanyň kanunçylygy bilen salgytlary we ýygymlary hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk mukdaryň 600 essesi möçberindäki böleginde);». 

                                                                   

II. Şu Kanun «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 3-nji maddasynyň ikinji böleginde bellenilen möhletlerde herekete girizilýär. 

                                                                   

 Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
 

                                                                   

 Aşgabat şäheri. 2022-nji ýylyň 24-nji iýuly.

29.07.2022
Gazhimiýa senagaty: täze önümler we mümkinçilikler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýöredýän parasatly syýasaty netijesinde ýurdumyzyň tebigy baýlyklary halkymyzyň we tutuş adamzadyň bähbidine peýdalanmaga gönükdirilýär. Amatly geosyýasy we geoykdysady ýagdaý, ylaýta-da, uglewodorod çig mallarynyň baý gorlary ýurdumyzyň senagat önümleriniňdir energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga giň şertleri döredýär. Şeýle bolansoň, ýurdumyzyň gaz akdyrylýan ugurlaryny giňeltmäge, gaz we nebithimiýa senagatyny ösdürmäge hem uly ähmiýet berilýär.  

                                                                   

Tebigy gazyň, gaz kondensatydyr nebitiň düzümindäki uglewodorodlar we beýlekiler ýakyn geljekde möhüm organiki hem-de mineral maddalary öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu babatda döwlet Baştutanymyz anyk wezipeleri öňde goýýar. Tebigy gaz, nebit we gaz kondensaty ýangyç serişdesi bolmak bilen birlikde, möhüm himiki çig mal hökmünde hem hyzmat edýär. Muňa mysal hökmünde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ulanylmaga berlen polipropilen örtüklerini öndürýän kärhanany, Gyýanlydaky polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawody, Garabogaz şäherindäki karbamid zawodyny görkezmek bolar.  

                                                                   

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» amala aşyrmagyň meýilnamalaryna laýyklykda, ýakyn wagtda ýurdumyzda birnäçe önümçilik taslamalaryny durmuşa geçirmek maksat edinilýär. Şol taslamalar gazhimiýa önümleriniň, şol sanda pes dykyzlykly polietileniň, polipropileniň, poliwinilasetatyň, poliwinilhloridiň, metanolyň, suwuk hloruň we beýlekileriň önümçiligini giňeltmäge niýetlenendir. Ýakyn geljekde butadiýen — stirol, kauçuk, polistirol, metiletilenamin, karbamidformaldegid önümlerini öndürýän kärhanalary, şeýle hem nebiti gaýtadan işleýän desgalary gurmak göz öňünde tutulýar. Şunda bir zady aýratyn belläp geçmek gerek, uglewodorod çig mal serişdelerini gaýtadan işlemek arkaly başga-da köpdürli we gymmatly önümleri öndürmek mümkindir. Hususan-da, etilen almak üçin dürli suwuk ýa-da gaz halyndaky çig mal serişdeleri bolan etan, pes oktanly benzinler, suwuklandyrylan gazlar, nebit we beýlekiler ulanylyp bilner. Şeýle hem piroliz hadysasynda etilen bilen bir wagtda ýene-de bir möhüm önüm — propilen alynýar. Propilenden bolsa polipropilenden başga önümler, ýagny onuň esasynda izopropil benzol, izopropil spirti, butil spirti, gliserin we beýlekiler alynýar. Etilenden, ony göni suw bilen täsirleşdirip, dürli maksatlarda giňden ulanylýan etil spirti alynýar. Şunda onuň çykdajysy adaty azyk önümlerinden alynýan spirtiň çykdajysyndan ep-esli azdyr. Uglewodorod çig malyndan alynýan we giňden ulanylýan önümleriň ýene biri asetilendir. Ol hlorpren sintetik kauçugy, uksus kislotasyny, poliwinil spirtini, winilhloridi we beýleki himiki önümleri almakda ulanylýar. Organiki himiýa senagatynda tebigy uglewodorodlardan aromatik maddalar bolan benzol, ksilol, toluol alynýar. Olaryň esasynda bolsa dürli himiki süýümler, boýaglar, plastmassa önümleri we başgalar öndürilýär. 

                                                                   

Soňky döwürde ammiagy we metil spirtini öndürmekde tebigy gazyň esasy düzümini tutýan metandan alynýan wodorod we uglerod oksidi ulanylýar. Olaryň bu garyndysyna, adatça, «sintez — gaz» diýilýär. Ol bolsa karbamid önümçiliginiň esasyny düzýär. Uglewodorod çig malynyň möhüm çeşmeleriniň biri-de tebigy gaz bilen bilelikde çykýan gaz kondensatlarydyr. Ýurdumyzyň kondensatlary özüniň himiki düzümi boýunça iki topara, ýagny parafinli we naften — aromatik toparlara bölünýärler. Parafinli gaz kondensatlar piroliz arkaly etilen we propilen almak üçin oňaýly çig mal hasaplanylýar. Naften we aromatik baý kondensatlar bolsa aromatik uglewodorodlary — benzoly, ksiloly, toluoly we başgalary öndürmek üçin çig maldyr. Tebigy gazyň düzüminde käbir organiki däl maddalar hem bar, meselem, kükürtwodorod, geliý. Hususan-da, «Galkynyş» käniniň gazy kükürtwodoroddan arassalananda, köp mukdarda arassa kükürt alnyp, ol kükürt kislotasyny öndürmekde we eksport harydy hökmünde ulanylýar. 

                                                                   

Aslynda, gazhimiýa senagatynda uglewodorod çig maly bilen baglanyşykly täze pudagy, ýagny geljegiň ýangyjy bolan wodorod energetikasyny döretmek we ösdürmek göz öňünde tutulýar. Bu ýangyjyň ýokary ulanyş, tehnologik we ekologik taýdan oňyn häsiýetnamalary bar. Bu artykmaçlyk ony senagatda we beýleki pudaklarda netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, wodorod ýangyjy, adaty uglerodly ýangyçlara garanyňda, daşky gurşaw üçin howpsuzdyr. 

                                                                   

Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda dünýäde howanyň üýtgemegine, ýagny ozon gatlagynyň dargamagy sebäpli onuň barha maýlamagyna getirýän zyýanly täsirleri azaltmak boýunça uly halkara çäreler amala aşyrylýar. Bilermenleriň maglumatlaryna görä, dünýäde howanyň maýlamagy eýýäm 1oC-den gowrak derejä ýetdi. Metan ýaly parnik gazlarynyň zyňyndylary görnetin azaldylmasa, şu asyryň dowamynda bu görkeziji 2oC-a çenli ýokarlanar diýlip çaklanylýar. Şeýle bolansoň, şu wagtdan howanyň ozon gatlagyny goramak babatda pes uglerodly we wodorod ýangyç çeşmelerine geçmek bilen bagly işlere uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu babatda ösen ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin «Ýol kartasy» tassyklanyldy. Onda daşky gurşaw üçin ekologik taýdan arassa ýangyç bolan wodorod energetikasyny döretmek we bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Wodorod gazynyň esasy häsiýetleri bolsa şulardan ybarat: erkin halynda planetamyzda duş gelmeýär, diňe Günüň düzüminde erkin halyndadyr. Ýer ýüzünde ol birleşmeler görnüşinde, esasan, uglewodorodlarda we suwda bardyr. Adaty erkin wodorod iň ýeňil gazdyr we howadan 14 esse ýeňildir. Kadaly şertlerde onuň bir kilogramy 11 kub metrden gowrak göwrüme eýedir. Bir kilogram wodorod ýananda, 33900 kilokaloriýa energiýa bölünip çykýar. Wodorody senagatda almagyň çig mallary bolan metan gazynda we suwda onuň mukdary, degişlilikde, 25 we 11 göterime deňdir. Şeýle wodorody tebigy gazyň 95 göterimden gowrak mukdaryny tutýan metany konwersiýa etmek arkaly almak usuly tehniki-ykdysady artykmaçlyklar üçin giňden ulanylýar.  

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda Marynyň, Tejeniň we Garabogazyň azot dökünleri kärhanalarynda ulanylýan wodorod tebigy gazyň düzümindäki metandan alynýar. Wodorod elektroliz usuly bilen suwdan hem alynýar. Ýöne bu usulyň köp elektroenergiýa talap edýändigi sebäpli, onuň özüne düşýän gymmaty has ýokary bolýar. Şonuň üçin onuň umumy wodorod önümçiligindäki paýy 5 göterim töweregidir. Ýöne ol sap arassa wodoroddyr. Diýmek, ýurdumyzyň elektrik energiýasyna baý bolmagy wodorody bu usul bilen hem almagyň mümkinçiligini aradan aýyrmaýar. 

                                                                   

Bu ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak, hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Wodorod energetikasy boýunça merkez döredildi. Ol döredilen badyna işjeň herekete başlady. Hususan-da, Daşary işler ministrliginiň ýardam bermeginde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýaponiýanyň «Kawasaki» kompaniýasy, Atom energiýasy boýunça halkara agentlik (IAEA) we beýleki guramalar bilen wideoaragatnaşyk arkaly maslahatlar geçirildi. Şeýle-de merkeziň iş meýilnamasy düzülip, şoňa laýyklykda, geljekki wodorod energetikasy pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Bu ugurda ýörite okuw tejribehanalary, enjamlar we beýleki gerek serişdeler taýýarlanylýar. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen wodorod energetikasynyň ähmiýeti we geljegi barada yzygider çykyşlar guralýar. Wodorod ýangyjyny peýdalanmagyň uly mümkinçilikleri şu ýylyň 23-nji iýunynda paýtagtymyzda onlaýn tertipde geçirilen «Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähetleri» atly halkara maslahatda hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa Hökümet düzümleriniň, ugurdaş ministrlikleriň we dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän missiýalaryň, milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Forumyň işine ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlarydyr talyplary hem onlaýn görnüşde goşuldylar. Maslahatda wodorod energetikasyny ösdürmek we ýaramaz tehnogen täsirler netijesinde howanyň üýtgemeginiň öňüni almak boýunça degişli çäreler bellenildi. 

                                                                   

Şeýlelikde, ýurdumyzda uglewodorod serişdeleri esasynda dürli ugurlar boýunça ösdürmek arkaly ekologik taýdan arassa hasaplanýan wodorod energetikasyny döretmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. 

                                                                                                           

Hojanepes ÝOWJANOW,

                       

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory, tehniki ylymlaryň doktory.

28.07.2022
Obasenagat toplumyndaky özgertmeler azyk bolçulygynyň ygtybarly binýadydyr

Obasenagat toplumyny yzygiderli ösdürmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň özi ýurdumyzda azyk bolçulygynyň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary derejesiniň üpjün edilmeginde ähmiýetlidir. Bu pudakda işiň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, dürli görnüşli önümleriň mukdarynyň artdyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. 

                                                                   

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi belent maksatlaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň täze tapgyrynyň başlanýandygyny alamatlandyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň 25-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň döwrüň möhüm talabydygyny belläp, bu işleriň Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, oba ilatynyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün edýändigini nygtady. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny dolandyrmagy mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de düzümleýin özgertmeleri geçirmek, obada täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ýeriň, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ýokary tehnologiýalary we täze ylmy-tehniki gazanylanlary ornaşdyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini çözmek maksady bilen toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz bugdaýdan boşan meýdanlarda sürüm işleriniň ýokary derejede geçirilmegine, welaýatlaryň çäklerinde ýer we suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna, suw howdanlarynyň hem-de akabalaryň öz wagtynda arassalanylmagyna, ýetişdirilen gök-bakja, beýleki önümleriň ýitgisiz ýygnalmagyna, ýurdumyzyň bazarlarynda önüm bolçulygynyň üpjün edilmegine jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Obasenagat toplumynyň ýolbaşçylaryna möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmegi, ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjün edilmegi babatda anyk tabşyryklar berildi.  

                                                                   

Türkmenistanyň suw bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýändigini we ýurdumyzyň halkara bileleşigiň dünýä ähmiýetli wezipeleriň çözgüdine gönükdirilen tagallalaryna mynasyp goşant goşýandygyny bellemek ýerliklidir. Hormatly Prezidentimiziň suw diplomatiýasy bu ähmiýetli durmuş ulgamynda diňe bir uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi däl, eýsem, milli, öňdebaryjy iş tejribeleriniň işlenip taýýarlanylmagyny esasy ugur edinýär. Bu ýörelgäniň tutuş adamzat üçin ähmiýetlidigi şübhesizdir. 

                                                                   

Suwdan rejeli peýdalanmak boýunça müňýyllyklaryň dowamynda baý tejribe toplan türkmen halky ony ählumumy meýilleri nazara almak bilen, häzirki zaman tejribeleri arkaly baýlaşdyrýar. Türkmenistan dünýä ähmiýetli ekologiýa ugurly başlangyçlary öňe sürýär. Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyç şolaryň esasylarynyň biridir. 

                                                                   

Suwdan netijeli peýdalanmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak meseleleri özara baglanyşykly ugurlar hasaplanýar. Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän ekologik çäreler tutuş halk hojalyk toplumyny tebigy serişdelerden peýdalanmagyň täze usulyna geçirmek üçin milli ykdysadyýetimizde möhüm şert bolup durýar. Suw hojalygy düzümleriniň işine suwaryşyň täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylyşyna gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen degişli çäreler durmuşa geçirilýär. 

                                                                   

Ýeterlik suw gorlarynyň döredilmegi Garagum sährasynda “Altyn asyr” Türkmen kölüni gurmak boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan deňi-taýy bolmadyk taslamanyň möhüm maksatlarynyň biridir. Bu köl daşky gurşawa oňyn täsirini ýetirýär we sähranyň biodürlüliginiň artmagyna, kölüň çäklerinde dürli görnüşli balyklaryň köpelmegine, akabalaryň kenarlarynda tokaýlyklaryň döremegine, bu künjegiň haýwanat dünýäsiniň baýlaşmagyna hem-de onda mesgen tutýan guşlaryň sanynyň artmagyna ýardam edýär. Şeýle-de kölüň akabalary Garagum sährasynyň howasynyň ýakymlylyk derejesine oňyn täsirini ýetirýär. 

                                                                   

Garagum sährasynyň jümmüşinde emele gelen täsin suw desgasynyň kenarynda täze obalaryň döremegi çöl ýerleriniň netijeli özleşdirilmegine, maldarçylyk, ekerançylyk we balykçylyk hojalyklarynyň ösdürilmegine giň ýol açýar. “Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” tapgyrlaýyn durmuşa geçirilmegi diňe bir ykdysady däl, eýsem, ekologik nukdaýnazardan hem aýratyn ähmiýetlidir. 

                                                                   

Amyderýanyň suwunyň hapalanmagynyň öňüni almak “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygynyň esasy maksatlarynyň biridir. Bu giň möçberli taslamanyň tutuş Merkezi Aziýa sebiti üçin ähmiýetlidigini bellemek gerek. Munuň özi ýurdumyzyň oba hem-de suw hojalygyny hil taýdan täze derejä çykarmak, sebitiň ekologik ýagdaýyna oňyn täsir etmek babatda aýratyn zerurdyr. 

                                                                   

Ýurdumyzyň we daşary ýurtly hünärmenleriň pikirine görä, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň düşewüntliligi şübhesizdir. Mundan başga-da, wagtyň geçmegi bilen, onuň ykdysady bähbidi has-da artar. Çünki bu täsin gidrotehniki desganyň hereket etmegi oba hojalygynda suw serişdelerini netijeli ulanmak, tebigy baýlyklary saklamak we artdyrmak wezipelerine gönükdirilen uly möçberli çykdajylaryň peselmegine ýardam berer. 

                                                                   

Oba hojalygynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde Türkmenistanda obasenagat toplumyna döwlet tarapyndan berilýän goldawyň bir bitewi toplumy kemala gelýär. Düzümiň döwrebaplaşdyrylmagyna, oba hojalygyna hyzmat edýän edaralaryň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, gaýtadan işleýän senagatyň gurluşygyna we mineral dökünleriň önümçiligine ägirt uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Şeýle hem ýerleriň suw üpjünçilik we meliorasiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna, bu ugurda ylmyň, seçgiçilik, tohumçylyk işiniň ösdürilmegine iri möçberli maliýe serişdeleri bölünip berilýär. 

                                                                   

Möhüm oba hojalyk möwsümi — pagta ýygymy golaýlaşýar. Tutuş ýurdumyz boýunça 580 müň gektara gowaça ekildi. Şunda 1 million 250 müň tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 280 müň, Balkan welaýatynda 10 müň, Daşoguz welaýatynda 275 müň, Lebap welaýatynda 320 müň, Mary welaýatynda 365 müň tonna “ak altyn” hasylyny ýygnamak meýilleşdirildi. Mundan başga-da, ýurdumyzyň telekeçileri oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyndan ýer alyp, pagta önümçiligine girişdiler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli nygtaýşy ýaly, oba hojalyk ekinleriniň kesellere durnukly, ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylan ýokary hilli tohumlarynyň ekilmegi bol hasylyň binýady bolup durýar. Gowaçanyň “Ýolöten-7”, “Ýolöten-39”, “Jeýhun”, “S-2606”, “Daşoguz-120”, “Daşoguz-114”, “Gubadag-3”, “149-F” ýaly ýokary hasylly, tiz ýetişýän we süýüminiň uzynlygy, arassalygy bilen tapawutlanýan görnüşlerine möhüm ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Oba hojalyk önümçiligini köpugurly esasda ösdürmek maksady bilen, zerur işler alnyp barylýar. Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly, Mary we Balkan welaýatlarynda bolsa gant şugundyry ösdürilip ýetişdirilýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň sebitlerinde giň möçberli tarp ýerler özleşdirilýär. Ýeralma, gök-bakja we beýleki dänelik ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin ýer bölekleri bölünip berilýär. Miweçilik, üzümçilik bilen meşgullanýan hojalyklaryň sany artýar. Munuň özi oba hojalygynyň tehniki taýdan ýokary derejede enjamlaşdyrylmagyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki zaman tehnikalaryna, birnäçe ugurlaryň mehanizmleşdirilmegine, awtomatlaşdyrylmagyna bolan isleg ýokarlanýar. 

                                                                   

Ýurdumyzyň alymlary, oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň ýanyndaky ylmy-barlag merkezleriniň işgärleri obasenagat toplumynyň düzümleriniň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Olar tohumçylyk-seçgiçilik işini alyp barýarlar. Ekerançylygyň agrotehniki taýdan kämilleşdirilmegine, täzeçil tehnologiýalaryň synagdan geçirilmegine, amala aşyrylýan çäreleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyna möhüm ähmiýet berýärler. 

                                                                   

Seçgiçi alymlar ekerançylyga dürli görnüşli ekinleriň ýokary hasylly täze görnüşlerini yzygiderli ornaşdyrýarlar. Şolaryň hatarynda bugdaýyň “Türkmenbaşy”, “Bitarap”, “Lebap-1”, “Ýolöten-1”, “Ýolöten-3”, “Miras”, “Garaşsyzlyk”, “Berkarar”, “Bagtyýarlyk”, “Döwletli” ýumşak, “Türkmenbaşy-1”, “Akbaş” gaty görnüşleri hem-de şalynyň “Bereket”, arpanyň “Sona”, mekgejöweniň “Paýtagt”, “Laçyn”, mäşiň “Bereketli” görnüşleri bar. 

                                                                   

Bu gün birža söwdalarynda ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilen önümleriň dünýäniň dürli künjeklerine eksport edilýändigini bellemek gerek. Daşary ýurt bazarlarynda pagta süýümi, goýnuň, geçiniň, düýäniň ýüňi, buýan köki hem-de beýleki oba hojalyk önümleri ýokary hilliligi we bäsdeşlige ukyplylygy bilen uly islegden peýdalanýar. 

                                                                   

Zähmetiň ýokary derejede mehanizmleşdirilmegi, awtomatlaşdyrylmagy önümçiligiň netijeliligini artdyrmakda möhümdir. Oba ýerlerinde işçi-hünärmenleriň çekýän zähmetiniň gymmatyny ýokarlandyrmak, ýaşlaryň işini höweslendirmek, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler oba hojalyk işgärleriniň dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kuwwatly tehnikalary bilen üpjünçiligini gowulandyrýar. Ýokary öndürijilikli tehnikalar bugdaý oragy we pagta ýygymy, ekiş möwsümlerinde, sürüm hem-de beýleki işlerde netijeli peýdalanylýar. 

                                                                   

Häzir pudagyň tehniki we tehnologik babatda döwrebaplaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleler Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda çözülýär. Hususan-da, satyn alnan “John Deere” (ABŞ), “CLAAS” (Germaniýa) ýaly ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary dolandyryşyň telematik sanly ulgamyna tapgyrlaýyn geçirilýär. 

                                                                   

Ýurdumyzyň ýüpekçileri şu möwsümde pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, dokma senagaty üçin gymmatly çig malyň 2 müň 300 tonnadan gowragyny taýýarladylar. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, ýüpekçilik halkymyzyň gadymy halk senetçiliginiň biridir. Asyrlaryň dowamynda ussat ýüpekçiler bu işiň milli däplerini nesilden-nesle geçirip, ýüpekden ajaýyp matalary we halylary dokamagyň inçe syrlaryny biziň günlerimize ýetiripdirler. 

                                                                   

Bu gün tut ekilen meýdanlar giňeldilýär. Munuň özi ekerançylyk meýdanlaryny tozanly ýellerden goraýar we derýalaryň, akabalaryň kenarlaryny berkidip, amatly ekologik gurşawy döredýär. Oba ýerlerinde ýüpekçilik pagta we bugdaý ösdürip ýetişdirmek bilen bir hatarda alnyp barylýar. 

                                                                   

Şeýle-de ýurdumyzda maldarçylyk, guşçulyk, gök ekerançylyk, bagçylyk, üzümçilik, bakjaçylyk ösdürilýär. Bal arylarynyň idedilişi artdyrylýar. Tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işlere hususy pudagyň wekilleriniň işjeň gatnaşýandygyny, bu pudaklarda iri maýa goýum serişdeleriniň özleşdirilýändigini bellemek gerek. Ýyladyşhana hojalyklary geljegi uly ugur hökmünde kesgitlenildi. Olaryň eýeleýän meýdanlary barha giňeldilýär. 

                                                                   

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýokarlandyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda maldarçylyk we guşçulyk toplumlary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalary, ýyladyşhanalary özünde jemleýän obasenagat toplumlary döredilýär. Olaryň işine öňdebaryjy tejribeler, häzirki zaman tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylýar. Et, süýt we çörek önümlerini, azyk harytlaryny öndürýän kärhanalar yzygiderli ulanmaga berilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň 4-nji iýunda geçirilen giňişleýin mejlisinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe içerki bazarlaryň azyk önümleri bilen doly üpjün edilmeginde guşçulyk pudagynda guş etini we ýumurtgany öndürmek maksady bilen, haryt öndürijilere döwlet tarapyndan goldaw berilmegine gönükdirilen resminamalara gol çekmegi bu ugruň işiniň ilerlemegine kuwwatly itergi berdi. Umuman, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutmak boýunça Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmekde amala aşyrylýan işleriň ýurdumyzda unuň, çöregiň hem-de çörek önümleriniň, etiň, süýdüň, ýumurtganyň, gök we bakja önümleriniň artmagyna giň ýol açandygyny bellemek gerek. 

                                                                   

Obasenagat toplumyny ösdürmekde döwlete dahylly bolmadyk pudagyň orny ýyl-ýyldan ýokarlanýar. Munuň özi azyk harytlarynyň importynyň peselmegini hem-de eksport mümkinçilikleriniň artmagyny üpjün edýär. 

                                                                   

Daýhan birleşiklerine, hojalyklara, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, ylmy-barlag institutlaryna, kärendeçilere, telekeçilere we beýlekilere ýeňillikli karz serişdeleriniň berilmegi köp babatda obasenagat toplumynyň düzümleriniň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin zerur mümkinçilikleri döredýär. 

                                                                   

Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine döwletimiziň tebigaty goramak syýasatynda möhüm ornuň degişlidigini, oňa ýurdumyzyň tutuş ilatynyň işjeň gatnaşýandygyny bellemek gerek. Ýaz hem-de güýz möwsümlerinde köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak boýunça ählihalk çäreleriniň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. 

                                                                   

Bu gün ýurdumyzyň dürli künjeklerinde emele gelen giň möçberli tokaý zolaklary, seýilgähler we kenar ýakalaryndaky baglyklar köpýyllyk işleriň aýdyň netijesidir. Diýarymyzyň şäherleriniň we ilatly ýerleriniň töwereklerini, Aşgabadyň Köpetdagyň etegindäki çäklerini tokaý zolaklary gurşap aldy. 

                                                                   

Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 30 ýyllyk maksatnamasynda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň kesgitlenendigini nygtamak gerek. Bu bolsa oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri, sanly tehnologiýalary, suw serişdelerini netijeli peýdalanmagyň täze usullaryny ornaşdyrmagyň döwrüň möhüm talabydygyny görkezýär. 

                                                                   

Mahlasy, bu ugurda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginiň bähbidine ýurdumyzda öndürilýän önümler bilen içerki bazarlarda haryt bolçulygyny pugtalandyrmak boýunça öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berýär. 

                                                                                                           

(TDH)

28.07.2022
Mukaddes duzuň mesgeninde

Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän «Guwlyduz» kärhanasy egsilmez tebigy baýlyklarymyzyň biri bolan nahar duzuny senagat taýdan gaýtadan işlemekde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň öňde goýýan belent wezipelerine mynasyp goşant goşýan döwrebap senagat kärhanalarynyň biridir. Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny halkymyzyň abadan, bolelin ýaşaýyş-durmuşyny üpjün etmäge, ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň dowamly pugtalandyrylmagyna gönükdirmek bolsa, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän giň gerimli özgertmeleriniň esasy maksady bolup durýar. Şonuň üçin ykdysadyýetiň geljegi uly pudaklarynyň biri bolup durýan himiýa senagatynyň baý tebigy serişdelere daýanýan çig mal we önümçilik mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmakda, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmakda guwandyryjy sepgitlere ýetilýär. Gahryman Arkadagymyzyň aladalary bilen geçen ýyllarda «Guwlyduz» kärhanasynda hem döwrebaplaşdyryş işlerini geçirmekde düýpli öňegidişlikler gazanyldy. Kärhananyň binýadynda täze önümhananyň işi ýola goýuldy. Munuň özi kärhananyň ýyllyk önümçilik kuwwatyny nahar duzuny öndürmekde 40 müň tonna, gerdejik görnüşli tehniki duz babatda bolsa 2 müň 500 tonna çenli ýetirmäge şert döretdi. Hususy işewürlerimiz tarapyndan durmuşa geçirilen bu işler «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň baýry önümçilik kärhanasynda öndürilýän önümleriň hil derejesine hem oňyn täsirini ýetirdi.   

                                                                   

Nahar duzunyň egsilmez çeşmesi hasaplanýan Guwly köl kärhanany çig mal bilen bökdençsiz üpjün etmegiň berk binýady bolup durýar. Ylmy maglumatlara salgylanyp aýdanyňda, bu tebigy kölüň uzynlygy 60 kilometre, günorta tarapynyň giňligi 5 kilometre, demirgazyk tarapynyň giňligi bolsa 3 kilometre çenli uzalyp gidýär. Şunuň ýaly giňişlige ýaýylyp gidýän tebigy kölde duz alynýan gatlagyň galyňlygy üç metre çenli ýetýär. Üstki iki metre çenli çuňlukdan alynýan duz gatlagynyň üstünden birnäçe ýyllaryň geçmegi bilen, öňki katdyna gelýändigi haýran galdyrýan hakykatdyr. Hut şonuň üçin hem tebigy köl nahar duzunyň egsilmez çeşmesi hasaplanylýar. Bu duz käninde tebigy ýagdaýda toplanýan nahar duzy arassalygy, senagat taýdan işlenilende ýokary hilli duz almakda oňyn şertlere eýedigi bilen hem aýratyn tapawutlanýar.  

                                                                   

Ýurt berkararlygy ýyllary içinde kärhananyň hünärmenleriniň, şeýle-de bu ugurda ylmy işleri alyp barýan alymlaryň birleşen tagallalary bilen öndürilýän nahar duzuny kaliý ýodaty bilen baýlaşdyrmak işi ýola goýuldy. Gazanylan bu üstünlik BMG-niň Çagalar gaznasynyň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, ýod ýetmezçiligi zerarly döreýän kesellere gözegçilik etmek boýunça Halkara geňeşiniň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Lukmançylyk ylmynyň köpýyllyk barlaglarynyň netijeleriniň tassyklaýşy ýaly, nahar duzunyň ýodlaşdyrylmagy galkan şekilli mäziň, nerw hem-de kesellere garşy durujylyk ulgamlarynyň kadaly işini gazanmakda wajyp ähmiýetlidir. 

                                                                   

Uly üstünliklere eýe bolýan «Guwlyduz» kärhanasynyň zähmet topary «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny hem mynasyp zähmet görkezijilerine besleýär. Ýylyň başyndan bäri kärhana boýunça senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin gazylyp alnan duzuň umumy möçberiniň 48 müň 296 tonnadan geçip, 102 göterim zähmet üstünliginiň gazanylmagy munuň anyk subutnamalarynyň biridir. Bu döwürde önümçi-ligiň dürli pudaklarynda giňden ulanylýan gerdejik görnüşli tehniki duz öndürmekde iş meýilnamasyna 103,9 göterim hötde gelindi. Munuň özi önümiň 42 müň 930 tonnasynyň çykarylandygyny görkezýär. Umumy gaplanan nahar duzy 15 müň 274 tonna ýetip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, önümçiligiň ösüş depgini 156,7 göterime deň boldy. Ýetilýän sepgitler pudagy mundan beýläk-de ösdürmekde Arkadagly Serdarymyzyň edýän aladalaryna kärhananyň hünärmenleriniň hoşallyklarynyň mynasyp beýanydyr.   

                                                                                                           

Nurmämmet HYDYROW,

                       

«Balkan».

28.07.2022
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

2022-nji ýylyň 27-nji iýulynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarowyň ýolbaşçylygynda Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň esasy maksady söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň ýolbaşçylary hökmünde, toparyň onunjy mejlisiniň Teswirnamasynda göz öňünde tutulan meseleleri ara alyp maşlahatlaşmakdan ybarat boldy. 

    Duşuşygyň başynda taraplar mähirli salamlaşdylar we Täjigistan Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministri Juma Daler giriş sözi bilen çykyş etdi.

    Ol öz çykyşynda, Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana bolan sapary barada belläp, onuň çäklerinde ikitaraplaýyn birnäçe ylalaşyklara gol çekilendigini belledi.
 2021-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň 2020-nji ýyl bilen deňeşdireniňde ýokarlanandygyny we 2022-nji ýylda hem ýokarlanmagynyň dowam edýändigini belledi.

      Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow öz çykyşynda, Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara onunjy mejlisiniň geçen wagtyndan (2021-nji ýylyň 28 – 29-njy iýuly) şu günki güne çenli ýerine ýetirilen işler barada gysgaça belläp geçdi. Geçen ýylda, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanşygynyň ýokarlanandygyny aýtdy hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmaga mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda gatnaşyjylar toparyň 2021-njy ýylyň iýulynda Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşanbe şäherinde geçirilen Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň onunjy mejlisiniň çözgütlerine laýyklykda bilelikdäki işleriň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar eksport-import amallarynyň gowulandyrylmagy, özara üpjün edilýän harytlaryň we hyzmatlaryň göwrüminiň artdyrylmagy bilen birlikde söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamyndaky gatnaşyklaryň has hem giňeldilmegine itergi berýän şertleriň kämilleşdirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar. Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda himiýa, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, senagat ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlaryna we özara hereketleriň derwaýys meselelerine seredilip geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar, Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň on birinji mejlisiniň 2022-nji ýylyň 4-nji çärýeginde, Aşgabat şäherinde geçirilmegini teklip etdiler.


Duşuşugyň ahyrynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, dünýä döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda giň mümkinçilikleri, zerur şertleri döredip berýänligi, tutuş dünýäde ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende götermekde bimöçber işleri amala aşyrýanlygy üçin Arkadagly Serdarymyzyň Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler aýdyldy. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak belent başynyň hemişe aman, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.

27.07.2022
Türkmenistanyň Kanuny

Elektron hökümet hakynda 

                                                                   

 Şu Kanun elektron hökümetiň işiniň tertibini kesgitleýär hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. 

                                                                   

 I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER 

                                                                   

 1-nji madda. Esasy düşünjeler 

                                                                   

 Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 

                                                                   

 1) elektron döwlet hyzmaty — maglumat-kommunikasion tehnologiýalardan peýdalanmak arkaly ýerine ýetirilýän döwlet hyzmaty; 

                                                                   

 2) elektron döwlet hyzmatynyň dessury — elektron döwlet hyzmatynyň ýerine ýetirilmeginiň tertibini we oňa bildirilýän talaplary kesgitleýän kadalaşdyryjy hukuk namasy; 

                                                                   

 3) elektron hökümet — maglumat-kommunikasion tehnologiýalardan, şeýle hem pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamyndan peýdalanmak arkaly, döwlet edaralarynyň fiziki we (ýa-da) ýuridik şahslar üçin elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça işiniň üpjün edilmegine gönükdirilen guramaçylyk-hukuk çäreleriniň we tehniki serişdeleriň ulgamy; 

                                                                   

 4) elektron hökümetiň ýeke-täk barabarlandyryjysy — her bir fiziki we ýuridik şahsa, kadastryň we gozgalmaýan emlägiň obýektlerine, geografik we beýleki obýektlere berilýän, olary elektron hökümetde barabarlandyrmaga mümkinçilik berýän gaýtalanmaýan kodlar; 

                                                                   

 5) interaktiw döwlet hyzmaty — sargyt edijiniň we elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edarasynyň arasyndaky iki taraplaýyn özara hyzmatdaşlyk arkaly ýerine ýetirilýän elektron döwlet hyzmaty; 

                                                                   

 6) maglumat döwlet hyzmaty — sargyt edijileriň maglumata bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagyna gönükdirilen, döwlet edarasynyň işi baradaky maglumaty çap etmek we başga bir görnüşde ýaýratmak arkaly ýerine ýetirilýän elektron döwlet hyzmaty; 

                                                                   

 7) pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamy — ähli döwlet edaralarynyň awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamynyň ýeke-täk bir bitewi awtomatlaşdyrylan elektron maglumatlar binýatlar ulgamynyň gurşawyna birikmegini üpjün edýän ulgam; 

                                                                   

 8) sargyt edijiler — döwlet edarasyna sargytnama bilen ýüz tutan fiziki ýa-da ýuridik şahslar; 

                                                                   

 9) sargytnama — sargyt edijiniň elektron döwlet hyzmatynyň ýerine ýetirilmegi barada döwlet edaralaryna iberýän talapnamasy. 

                                                                   

 2-nji madda. Elektron hökümet hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy 

                                                                   

Elektron hökümet hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr. 

                                                                   

 3-nji madda. Elektron hökümetiň esasy wezipeleri 

                                                                   

 Şular elektron hökümetiň esasy wezipeleridir: 

                                                                   

1) döwlet edaralarynyň işiniň netijeliligini, dessinligini we aýdyňlygyny üpjün etmek, olaryň jogapkärçiligini we ýerine ýetirijilik düzgün-nyzamlylygyny güýçlendirmek, ilat we telekeçiligiň subýektleri bilen ikitaraplaýyn aragatnaşygy üpjün etmegiň goşmaça usullaryny döretmek; 

                                                                   

2) Türkmenistanda elektron hökümetiň çygrynda döwlet edaralary bilen özara gatnaşyklary amala aşyrmakda sargyt edijiler üçin mümkinçilikleri döretmek; 

                                                                   

3) döwlet edaralarynyň üstüne ýüklenilen wezipeleriň çygrynda maglumat binýatlaryny, Döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk portalyny hem-de elektron döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk Döwlet sanawyny emele getirmek; 

                                                                   

4) elektron resminama dolanyşygynyň, döwlet edaralarynyň maglumat binýatlarynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmegiň we maglumatlary alyşmagyň tärlerini emele getirmegiň hasabyna ilat bilen özara gatnaşyklar amala aşyrylanda döwlet dolandyryş ulgamynda köpugurly «Bir penjire» ulgamyny ornaşdyrmak; 

                                                                   

5) telekeçiligiň subýektlerini, şol sanda statistiki hasabatlylygy bermegiň, gümrük taýdan resmileşdirmegiň, ygtyýarnamalary, rugsatnamalary, sertifikatlary bermegiň, şeýle hem döwlet edaralaryndan maglumatlary almagyň barşynda elektron resminama dolanyşygyndan peýdalanmaga geçirmek; 

                                                                   

6) telekeçiligiň subýektleri tarapyndan elektron täjirçiligiň, önümi ýerlemegiň ulgamlaryndan peýdalanylmagynyň we satyn alnyşyň bütindünýä Internet maglumat ulgamy arkaly amala aşyrylmagynyň, şeýle hem hasaba almagyň, gözegçiligiň we jemagat hyzmatlary üçin tölegiň awtomatlaşdyrylan ulgamlarynyň ornaşdyrylmagynyň gerimini giňeltmek; 

                                                                   

7) nagt däl elektron tölegler, döwlet tarapyndan satyn alnyşy amala aşyrmak, uzak aralykdan elýeterlilik ulgamlaryny we bank-maliýe ulgamynda işiň beýleki elektron görnüşlerini ösdürmek. 

                                                                   

 4-nji madda. Elektron hökümetiň işiniň esasy ýörelgeleri 

                                                                   

 Şular elektron hökümetiň işiniň esasy ýörelgeleridir: 

                                                                   

 1) döwlet edaralarynyň işiniň açyklygy we aýdyňlygy; 

                                                                   

 2) elektron döwlet hyzmatlarynyň sargyt edijiler üçin deň derejede elýeterliligi; 

                                                                   

 3) elektron döwlet hyzmatlarynyň köpugurly «Bir penjire» ulgamy boýunça amala aşyrylmagy; 

                                                                   

 4) döwlet edaralarynyň resminamalarynyň bir ülňä getirilmegi; 

                                                                   

 5) elektron hökümetiň ýeke-täk barabarlandyryjylaryndan peýdalanylmagy; 

                                                                   

 6) elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň tertibiniň yzygiderli kämilleşdirilmegi; 

                                                                   

 7) maglumat howpsuzlygynyň üpjün edilmegi; 

                                                                   

 8) sargyt edijileriň elektron döwlet hyzmatlaryna deň hukuklylygy. 

                                                                   

 5-nji madda. Elektron hökümetiň işiniň maliýeleşdirilmegi 

                                                                   

Elektron hökümetiň işiniň maliýeleşdirilmegi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň öz serişdeleriniň hasabyna, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar. 

                                                                   

 II BAP. ELEKTRON HÖKÜMETIŇ IŞI BABATDA DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRMESI 

                                                                   

 6-njy madda. Elektron hökümetiň işi babatda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar 

                                                                   

Elektron hökümetiň işi babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän elektron hökümetiň işi babatda ygtyýarly edara (mundan beýläk — ygtyýarly edara), şeýle hem öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde beýleki döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar. 

                                                                   

 7-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy 

                                                                   

 Türkmenistanyň Ministrler Kabineti elektron hökümetiň işi babatda: 

                                                                   

 1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär; 

                                                                   

 2) döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar we olaryň durmuşa geçirilmegine gözegçiligi amala aşyrýar; 

                                                                   

 3) elektron döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk Döwlet sanawyny ýöretmegiň tertibini kesgitleýär; 

                                                                   

 4) pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň hereket etmeginiň tertibini belleýär; 

                                                                   

 5) elektron döwlet hyzmatlarynyň dessuryny tassyklaýar; 

                                                                   

6) elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilişiniň hiline baha bermegiň usulyýetini, şeýle hem elektron hökümetiň taslamalaryny durmuşa geçirmegiň netijeliliginiň maksatlaýyn görkezijilerini tassyklaýar; 

                                                                   

 7) Türkmenistanyň kanunçylygynda onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar. 

                                                                   

 8-nji madda. Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy 

                                                                   

 Ygtyýarly edara elektron hökümetiň işi babatda: 

                                                                   

1) ýeke-täk döwlet syýasatyny amala aşyrýar, elektron hökümetiň işinde ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek we elektron hökümet hakynda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça teklipleriň işlenip düzülmegini amala aşyrýar; 

                                                                   

 2) döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar; 

                                                                   

 3) döwlet edaralarynyň elektron hökümet çygryndaky işini utgaşdyrýar; 

                                                                   

4) elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegi, şeýle hem pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamy baradaky hasabat maglumatlaryny düzýär we işläp taýýarlaýar; 

                                                                   

5) elektron hökümetiň kömekçi hyzmat pudaklarynyň, pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň, Döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk portalynyň hereket etmegini üpjün edýär; 

                                                                   

6) elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmeginiň hiline, şeýle hem elektron hökümetiň taslamalaryny durmuşa geçirmegiň netijeliliginiň maksatlaýyn görkezijileriniň gazanylmagynyň derejesine baha berilmegini amala aşyrýar; 

                                                                   

7) maglumatlary toplamak, saklamak, işläp taýýarlamak, bermek we alyşmak boýunça ülňüleriň we tehniki talaplaryň esasynda elektron hökümetiň tehniki esaslaryny emele getirmek boýunça çäreleri amala aşyrýar; 

                                                                   

8) elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegini we pudagara elektron maglumat alyş-çalyş amallaryny kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp düzýär; 

                                                                   

 9) elektron döwlet hyzmatlarynyň dessurlarynyň ylalaşylmagyny amala aşyrýar; 

                                                                   

 10) elektron döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk Döwlet sanawynyň emele getirilmegine we ýöredilmegine gatnaşýar; 

                                                                   

11) elektron hökümetiň maglumat ulgamlarynyň we maglumat binýatlarynyň maglumat howpsuzlygyny, kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri işläp düzýär we amala aşyrýar; 

                                                                   

 12) işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak boýunça çäreleri amala aşyrýar; 

                                                                   

 13) elektron hökümetiň ösdürilmegine maýa goýumlarynyň çekilmegine gatnaşýar; 

                                                                   

 14) halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrýar; 

                                                                   

15) elektron hökümeti emele getirýän ulgamlaryň (elektron döwlet hyzmaty, elektron görnüşde pudagara özara hyzmatdaşlyk ulgamy, web-saýtlar, maglumat binýatlary we beýlekiler) ygtybarly işjeňligini, elýeterliligini, ätiýaçlylygyny, maglumat howpsuzlygyny we kiberhowpsuzlygyny üpjün edýär; 

                                                                   

16) Döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk portalyna fiziki we ýuridik şahslara hödürlenýän hyzmatlary ýerleşdirmek boýunça işleri durmuşa geçirýär; 

                                                                   

 17) elektron hökümetiň elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkeziniň işini üpjün edýär; 

                                                                   

18) elektron hökümetiň peýdalanyjylaryny barabarlandyrmagyň we autentifikasiýasynyň ýeke-täk maglumatlar ulgamynyň işini üpjün edýär; 

                                                                   

 19) elektron döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk Döwlet sanawyny ýöretmegiň tertibini işläp taýýarlaýar; 

                                                                   

 20) elektron görnüşde pudagara özara hyzmatdaşlyk ulgamynyň hereket etmeginiň tertibini işläp taýýarlaýar; 

                                                                   

 21) döwlet edaralarynyň gatnaşmagynda ýerine ýetirilýän elektron döwlet hyzmatlarynyň dessuryny işläp taýýarlaýar; 

                                                                   

 22) Türkmenistanyň kanunçylygynda onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar. 

                                                                   

 9-njy madda. Döwlet edaralarynyň ygtyýarlylygy 

                                                                   

 Döwlet edaralary elektron hökümetiň işi babatda öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde: 

                                                                   

 1) ýeke-täk döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar; 

                                                                   

 2) döwlet maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna we durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar; 

                                                                   

3) maglumat ulgamlarynyň we maglumat binýatlarynyň, şeýle hem elektron döwlet hyzmatlarynyň ornaşdyrylmagyny, ösdürilmegini we bileleşikli hereketini üpjün edýärler; 

                                                                   

4) ygtyýarly edara bilen ylalaşmak arkaly, öz işleriniň çygyrlarynda elektron döwlet hyzmatlarynyň dessurlaryny işläp taýýarlaýarlar we tassyklaýarlar; 

                                                                   

5) özleri tarapyndan ýerine ýetirilýän elektron döwlet hyzmatlarynyň elektron döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk Döwlet sanawynda bellige alynmagyny hem-de Döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk portalynda ýerleşdirilmegini üpjün edýärler; 

                                                                   

6) sargyt edijileriň elektron döwlet hyzmatlaryny islegleri boýunça saýlap almaklaryna mümkinçiligiň döredilmegini üpjün edýärler; 

                                                                   

7) elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegi üçin, şol sanda mümkinçiligi çäkli adamlar üçin zerur şertleri döredýärler; 

                                                                   

8) elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegi üçin zerur maglumatlary özünde saklaýan maglumat ulgamlarynyň we maglumat binýatlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün edýärler; 

                                                                   

 9) maglumat ulgamlarynyň we maglumat binýatlarynyň maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri amala aşyrýarlar; 

                                                                   

 10) işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak boýunça çäreleri amala aşyrýarlar; 

                                                                   

11) maglumat ulgamlaryny, maglumat binýatlaryny hem-de torlaryny döwlet we beýleki maksatnamalaryň esasynda ösdürmegiň pudaklaýyn meýilnamalaryny (maksatnamalaryny) işläp taýýarlaýarlar; 

                                                                   

12) özleriniň resmi web-saýtlarynyň işjeňligini hem-de täzelenip durulmagyny, şeýle hem olarda elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň tertibi baradaky maglumatyň çap edilmegini üpjün edýärler; 

                                                                   

 13) özleriniň düzüm bölümlerinde maglumat-kommunikasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny üpjün edýärler; 

                                                                   

14) özara hyzmatdaşlygyň dürli görnüşleri arkaly, sargyt edijileriň elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmeginiň barşy barada maglumat almaklaryna mümkinçiligiň döredilmegini üpjün edýärler; 

                                                                   

 15) elektron hökümet hakynda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça teklipleriň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşýarlar; 

                                                                   

16) ilata edilýän sanly hyzmatlaryň ygtybarly işjeňligini, elýeterliligini, ätiýaçlylygyny, maglumat howpsuzlygyny we kiberhowpsuzlygyny üpjün edýärler; 

                                                                   

 17) Türkmenistanyň kanunçylygynda olaryň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýarlar. 

                                                                   

 III BAP. ELEKTRON DÖWLET HYZMATLARYNY ÝERINE ÝETIRMEK 

                                                                   

 10-njy madda. Elektron döwlet hyzmatlaryny köpugurly «Bir penjire» ulgamy boýunça ýerine ýetirmek 

                                                                   

Elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edarasynyň şeýle hyzmaty ýerine ýetirmek üçin beýleki döwlet edaralarynda bar bolan resminamalary hem-de maglumatlary almaly bolan halatlarynda, elektron döwlet hyzmatynyň ýerine ýetirilmegi köpugurly «Bir penjire» ulgamy boýunça amala aşyrylýar. Şunda elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edarasy görkezilen resminamalary we maglumatlary pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamy arkaly, sargyt edijini gatnaşdyrmazdan, özbaşdak alýar. 

                                                                   

 11-nji madda. Döwlet edaralarynyň resminamalarynyň bir ülňä getirilmegini amala aşyrmak 

                                                                   

1. Elektron döwlet hyzmatlary ýerine ýetirilende, şeýle hem pudagara elektron maglumat alyş-çalşygyň barşynda döwlet edaralarynyň ulanýan resminamalary öz aralarynda bir ülňä getirilmelidir. 

                                                                   

2. Resminamalaryň bir ülňä getirilmegi ygtyýarly edara bilen bilelikde gönüden-göni döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar. 

                                                                   

 12-nji madda. Elektron hökümetiň ýeke-täk barabarlandyryjysyndan peýdalanmak 

                                                                   

1. Elektron döwlet hyzmatlary ýerine ýetirilende, şeýle hem pudagara elektron maglumat alyş-çalşygyň barşynda elektron hökümetiň ýeke-täk barabarlandyryjysyndan peýdalanylýar. 

                                                                   

2. Elektron hökümetiň merkezi maglumat binýadynda, şeýle hem elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edaralarynyň maglumat ulgamlarynda we maglumat binýatlarynda maglumatlary saklamak we işläp taýýarlamak elektron hökümetiň ýeke-täk barabarlandyryjysyndan peýdalanmak arkaly amala aşyrylýar. 

                                                                   

3. Elektron hökümetiň ýeke-täk barabarlandyryjylarynyň sanawy, ony emele getirmegiň, ýöretmegiň we peýdalanmagyň tertibi, şeýle hem sargyt edijiniň ol tarapyndan berlen barabarlandyryja laýyklygyny anyklamagyň tertibi elektron hökümetiň işi babatda ygtyýarly edara tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar. 

                                                                   

 13-nji madda. Elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň tertibini kämilleşdirmek 

                                                                   

1. Elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň, şeýle hem elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edaralarynyň özara hyzmatdaşlygynyň tertibi şular arkaly hökmany kämilleşdirilmäge degişlidir: 

                                                                   

1) artykmaç administratiw amallary aradan aýyrmak we (ýa-da) birleşdirmek hem-de döwlet edaralarynyň birmeňzeş wezipeleriniň sanyny azaltmak; 

                                                                   

 2) sargyt edijiler tarapyndan berilýän resminamalaryň sanyny azaltmak; 

                                                                   

 3) pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamyny amatly görnüşe getirmek; 

                                                                   

 4) elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň möhletlerini gysgaltmak. 

                                                                   

2. Elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edaralary elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň tertibiniň yzygiderli kämilleşdirilmegine gönükdirilen çäreleri işläp düzmäge we amala aşyrmaga borçludyrlar. 

                                                                   

 14-nji madda. Maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek 

                                                                   

1. Elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edaralary elektron döwlet hyzmatlary ýerine ýetirilende ulanylýan maglumat ulgamlarynyň we maglumat binýatlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmäge borçludyrlar. 

                                                                   

2. Elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edaralary şahsy maglumatlaryň, şeýle hem döwlet syrlaryny ýa-da kanun arkaly goralýan beýleki bir syry düzýän maglumatlaryň goragyny we ol maglumatlara birugsat aralaşmagyň öňüniň alynmagyny üpjün etmek boýunça zerur guramaçylyk-tehniki çäreleri amala aşyrýarlar. 

                                                                   

3. Elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edaralarynyň maglumat ulgamlarynda we maglumat binýatlarynda saklanylýan şahsy maglumatlar olar özüne degişli bolup durýan sargyt edijiniň razylyk bermegi boýunça işlenip taýýarlanylmagy, berilmegi we alynmagy üçin ulanylýar, kanunçylykda göz öňünde tutulan halatlary muňa degişli däldir. 

                                                                   

 15-nji madda. Elektron döwlet hyzmatlarynyň görnüşleri 

                                                                   

 1. Elektron döwlet hyzmatlary maglumat we interaktiw döwlet hyzmatlary görnüşinde bolup biler. 

                                                                   

2. Sargyt edijileriň maglumata bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagyna gönükdirilen, döwlet edarasynyň işi baradaky maglumaty çap etmek we başga bir görnüşde ýaýratmak arkaly ýerine ýetirilýän elektron döwlet hyzmaty maglumat döwlet hyzmaty bolup durýar. 

                                                                   

3. Sargyt edijiniň we elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edarasynyň arasyndaky iki taraplaýyn özara hyzmatdaşlyk arkaly ýerine ýetirilýän elektron döwlet hyzmaty interaktiw döwlet hyzmaty bolup durýar. 

                                                                   

 16-njy madda. Elektron döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk Döwlet sanawy 

                                                                   

 1. Elektron döwlet hyzmatlary elektron döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk Döwlet sanawynda bellige alynmalydyr. 

                                                                   

2. Elektron döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk Döwlet sanawynda elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin zerur bolan resminamalaryň hem-de maglumatlaryň sanawy we formaty baradaky, şeýle hem olaryň ýerine ýetirilmegi üçin jogapkär döwlet edaralary baradaky maglumat görkezilmelidir. 

                                                                   

Elektron döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk Döwlet sanawyny ýöretmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär. 

                                                                   

 17-nji madda. Elektron döwlet hyzmatlaryna bildirilýän talaplar 

                                                                   

 1. Maglumat döwlet hyzmatlary doly we ygtybarly maglumaty özünde saklamalydyr. 

                                                                   

 2. Interaktiw döwlet hyzmatlary: 

                                                                   

1) maglumatlary toplamak, saklamak, işläp taýýarlamak, bermek we alyşmak çygryndaky kanunçylygyň we kadalaşdyryjy resminamalaryň esasynda döredilmelidir; 

                                                                   

 2) elektron döwlet hyzmatlarynyň dessurynyň esasynda ýerine ýetirilmelidir; 

                                                                   

3) şahsy maglumatlaryň işlenip taýýarlanylmagyny göz öňünde tutýan hyzmatlaryň sargyt edijiler üçin howpsuz görnüşde elýeterli bolmagyny üpjün etmelidir; 

                                                                   

 4) elektron döwlet hyzmaty boýunça sargytnamany ibermäge we hyzmatyň netijesini almaga mümkinçiligi üpjün etmelidir; 

                                                                   

 5) doly, ygtybarly we birugsat aralaşylmagyndan goralýan maglumaty özünde saklamalydyr. 

                                                                   

 18-nji madda. Elektron döwlet hyzmatynyň ýerine ýetirilmegi baradaky sargytnama bildirilýän talaplar 

                                                                   

1. Elektron döwlet hyzmatynyň ýerine ýetirilmegi baradaky sargytnamanyň düzümine, formatyna, barabarlandyryjysyna, resmileşdirilmeginiň we iberilmeginiň tertibine bildirilýän talaplar elektron döwlet hyzmatlarynyň dessury bilen kesgitlenýär. 

                                                                   

2. Sargyt edijiniň barabarlandyrylmagynyň geçirilmegini talap edýän elektron döwlet hyzmatynyň ýerine ýetirilmegi baradaky sargytnama elektron resminama görnüşinde bolmalydyr. 

                                                                   

3. Elektron döwlet hyzmatynyň ýerine ýetirilmegi barada elektron resminama görnüşinde iberilen sargytnama kagyz görnüşinde iberilen sargytnama deňleşdirilýär. 

                                                                   

 19-njy madda. Sargyt edilýän elektron döwlet hyzmaty boýunça berilýän jogaba bildirilýän talaplar 

                                                                   

1. Sargyt edilýän elektron döwlet hyzmaty boýunça berilýän jogabyň düzümine, formatyna, barabarlandyryjysyna, resmileşdirilmeginiň we iberilmeginiň tertibine bildirilýän talaplar elektron döwlet hyzmatlarynyň dessury bilen kesgitlenýär. 

                                                                   

2. Sargyt edilýän elektron döwlet hyzmaty boýunça sargyt edijä iberilýän jogap, kada bolşy ýaly, elektron resminama görnüşinde bolmalydyr we elektron döwlet hyzmatynyň dessurynda bellenen möhletlerde iberilmelidir. 

                                                                   

3. Sargyt edilýän elektron döwlet hyzmaty boýunça sargyt edijä elektron resminama görnüşinde iberilýän jogap kagyz görnüşinde iberilen jogaba deňleşdirilýär. 

                                                                   

 20-nji madda. Elektron döwlet hyzmatlaryndan peýdalanmakda sargyt edijiniň hukuklary 

                                                                   

 1. Sargyt ediji şulara hukuklydyr: 

                                                                   

 1) elektron döwlet hyzmatlaryndan öz wagtynda we elektron döwlet hyzmatlarynyň dessuryna laýyklykda peýdalanmaga; 

                                                                   

 2) elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmeginiň tertibi barada doly we ygtybarly maglumaty almaga; 

                                                                   

3) elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmeginiň barşy baradaky maglumaty özara hyzmatdaşlygyň dürli görnüşleri (resmi web-saýt, telefon, elektron poçta, «gyssagly liniýa» we beýlekiler) arkaly almaga;  

                                                                   

4) elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edaralarynyň çözgütleri, olaryň wezipeli işgärleriniň hereketleri (hereketsizligi) barada tabynlygynyň tertibine görä ýokarda duran edaralara ýa-da wezipeli adamlara, ýa-da kazyýete bellenen tertipde şikaýat etmäge; 

                                                                   

5) ses bermek, teklipleri ibermek ýa-da pikir soraşmagyň degişli nusgalaryny ýazyp doldurmak arkaly, elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilişiniň hiline baha berilmegine gatnaşmaga; 

                                                                   

 6) elektron döwlet hyzmatlarynyň kämilleşdirilmegi boýunça teklipleri girizmäge. 

                                                                   

 2. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, sargyt ediji beýleki hukuklara-da eýe bolup biler. 

                                                                   

 21-nji madda. Elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilişiniň hiline baha bermegi geçirmek 

                                                                   

1. Elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilişiniň hiline baha bermegi geçirmek ygtyýarly edara tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan usulyýet esasynda, şeýle hem jemgyýetçiligiň pikirini öwrenmek arkaly amala aşyrylýar. 

                                                                   

2. Elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edaralary baha berilmeginiň netijelerini göz öňünde tutmak bilen, hyzmatlaryň ýerine ýetirilişiniň hilini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri amala aşyrmaga borçludyrlar. 

                                                                   

 IV BAP. ELEKTRON HÖKÜMETIŇ HEREKET ETMEGINI GURAMAK 

                                                                   

 22-nji madda. Elektron hökümetiň kömekçi hyzmat ediş pudaklary 

                                                                   

 Elektron hökümetiň kömekçi hyzmat ediş pudaklary şulardan ybarat: 

                                                                   

 1) döwlet maglumat binýatlaryndan; 

                                                                   

 2) pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamlaryndan; 

                                                                   

 3) döwlet edaralarynyň maglumat ulgamlaryndan we maglumat binýatlaryndan we olaryň toplumlaryndan; 

                                                                   

 4) döwlet edaralarynyň resmi web-saýtlaryndan we Döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk portalyndan; 

                                                                   

 5) Maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezinden; 

                                                                   

 6) elektron hökümetiň kömekçi hyzmat ediş beýleki pudaklaryndan. 

                                                                   

 23-nji madda. Elektron hökümetiň döwlet maglumat binýatlary 

                                                                   

1. Maglumatyň ýeke-täk merkezleşdirilen çeşmeleri bolup durýan, döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegi we pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamy üçin döwlet edaralarynyň esasy maglumatlary umumylaşdyrylýan we saklanylýan döwlet maglumat gorlary elektron hökümetiň döwlet maglumat binýatlary bolup durýar. 

                                                                   

2. Elektron döwlet hyzmatlary ýerine ýetirilende, şeýle hem pudagara elektron maglumat alyş-çalşygyň barşynda elektron hökümetiň döwlet maglumat binýatlaryndaky maglumat ulanylýar. Elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegi, şeýle hem pudagara elektron maglumat alyş-çalşygy üçin zerur bolan beýleki maglumat döwlet edaralarynyň maglumat ulgamlarynda we maglumat binýatlarynda saklanylyp bilner. 

                                                                   

Elektron hökümetiň döwlet maglumat binýatlaryny döretmegiň, ulanmagyň we saklamagyň tertibi elektron hökümetiň işi babatda ygtyýarly edara tarapyndan işlenip taýýarlanylýar hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar. 

                                                                   

 24-nji madda. Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamy, döwlet edaralarynyň maglumat ulgamlary we maglumat binýatlary we olaryň toplumlary 

                                                                   

1. Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamy elektron döwlet hyzmatlary ýerine ýetirilende döwlet edaralarynyň öz borçlaryny we wezipelerini berjaý etmekleri üçin, olaryň özara hyzmatdaşlygyny üpjün edýär. 

                                                                   

2. Döwlet edaralary tarapyndan maglumat ulgamlary we maglumat binýatlary döredilende, pudagara elektron maglumat alyş-çalşygy üpjün etmek üçin, olaryň elektron hökümetiň döwlet maglumat binýatlary bilen goşulyşmak mümkinçiligi göz öňünde tutulmalydyr. 

                                                                   

3. Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamy maglumaty toplamak, saklamak, işläp taýýarlamak, bermek we alyşmak boýunça bildirilýän talaplaryň esasynda hereket edýär. 

                                                                   

Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň hereket etmeginiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär. 

                                                                   

4. Döwlet edaralarynda ulanylýan resminamalar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, esasan, elektron resminamalar görnüşinde döredilmelidir, iberilmelidir we saklanylmalydyr. 

                                                                   

Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamy arkaly berilýän resminamalaryň we maglumatyň sanawy elektron döwlet hyzmatlarynyň dessurynda bellenilýär. 

                                                                   

5. Elektron hökümetde döwlet edaralarynyň maglumat ulgamlary we maglumat binýatlary maglumatyň toplanylmagyny, saklanylmagyny, gözlenilmegini, işlenip taýýarlanylmagyny, şeýle hem şol edaralaryň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde peýdalanylmagyny üpjün edýär. 

                                                                   

6. Elektron hökümetde döwlet edaralarynyň maglumat ulgamlary we maglumat binýatlary maglumatyň toplanylmagyny, saklanylmagyny, gözlenilmegini, işlenip taýýarlanylmagyny, şeýle hem ol edaralaryň öz aralarynda elektron görnüşde özara hyzmatdaşlyk amallarynyň awtomatlaşdyrylmagyny üpjün edýän toplumlara birigip bilerler. 

                                                                   

 25-nji madda. Döwlet edaralarynyň resmi web-saýtlary we Döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk portaly 

                                                                   

1. Sargyt edijilere elektron döwlet hyzmatlary döwlet edaralarynyň resmi web-saýtlarynyň hem-de döwlet edaralary tarapyndan ýerine ýetirilýän interaktiw döwlet hyzmatlaryna elýeterliligiň ýeke-täk nokady bolup durýan Döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk portalynyň üsti bilen ýerine ýetirilýär. 

                                                                   

2. Elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edaralary elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmeginiň tertibi baradaky maglumaty özleriniň resmi web-saýtlarynda ýerleşdirýärler. 

                                                                   

 V BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER 

                                                                   

 26-njy madda. Jedelleri çözmek 

                                                                   

 Elektron hökümet babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde çözülýär. 

                                                                   

 27-nji madda. Elektron hökümet hakynda kanunçylygyň bozulandygy üçin jogapkärçilik 

                                                                   

 Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde jogapkärçilige eltýär. 

                                                                   

 28-nji madda. Şu Kanunyň herekete girmegi 

                                                                   

 Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär. 

                                                                   

 Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
 

                                                                   

 Aşgabat şäheri. 2022-nji ýylyň 24-nji iýuly.

27.07.2022