Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli uly işler hormatly Prezidentimiziň: «Häzirki döwürde alnyp barylýan işler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmeginde, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkidilmeginde ähmiýetlidir» diýen parasatly sözleriniň Diýarymyzda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmelerde öz beýanyny tapýandygyna güwä geçýär. Şol bir wagtda hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän özgertmeleriniň netijesinde ozaly bilen berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygyny aýratyn bellemek gerek.
Diýarymyzyň ykdysady syýasatynyň durmuş ugruna gönükdirilmegi, Watanymyzyň özgertmeleriň ösüş ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda ilatyň girdejilerini ýokarlandyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreleriň hem netijeliligini bellemek gerek. Soňky ýyllaryň dowamynda bu ugurda ýokary görkeziji aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň yzygiderli ýokarlanmagy, döwletiň nyrh syýasaty, hususy başlangyçlary goldamak, şeýle hem goşmaça durmuş ýeňillikleri toplumy netijesinde üpjün edilýär. Döwletimizde halk hojalygy toplumynyň pudaklarynyň ösüşi, ozal bar bolan hem-de täze döredilen önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak netijesinde ilaty iş bilen üpjün etmegiň hasabyna, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň göwrümli durmuş maksatnamalaryny amala aşyrmak bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şunuň bilen birlikde raýatlaryň durmuş taýdan goraglylyk derejesini ýokarlandyrmaga hem uly üns berilýändigine «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakyndaky» Kanunyň kabul edilmegi güwä geçýär. Kanun bu ugurda hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de raýatlaryň zähmet çekmäge bolan kanuny hukuklaryny üpjün etmäge hyzmat edýär.
Watanymyzy senagat taýdan ösdürmek wezipesi döwlet syýasatymyzyň iň bir ileri tutulýan wajyp ugurlarynyň biridir. Çünki milli ykdysadyýetiň ösüşlerini şu ugurdan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däldir. Ýurduň kuwwatlylygyny we durnukly ösüşini ilkinji nobatda milli ykdysadyýetiň ösüşleri kesgitleýän bolsa, ykdysady ösüşleri, esasan, ýurduň ösen senagaty üpjün edýär. Hut şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky üstünlikli durmuşa geçirýän özgertmeleriniň özeninde Diýarymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, Watanymyzyň kuwwatyny has-de berkitmek we artdyrmak baradaky tagallalar ýatyr. Ýurdumyzyň gurluşyk materiallary senagaty, himiýa pudagy, dokma senagaty, elektron enjamlarynyň dürli görnüşleriniň önümçiligi boýunça kärhanalary döretmek maksatnamasy, halyçylyk, şeýle hem balygy gaýtadan işleýän pudak häzirki döwürde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutmaga ukyply we eksport ugurlarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrýan esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Döwletimiziň il-ýurt bähbidine gönükdirilen özgertmeler syýasatynyň wezipeleri ýurdumyzyň sebitlerini senagat taýdan ösdürmegiň, bagtyýar halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmagyň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli özgertmeleriň, döwletli tutumlaryň halkyň ýaşaýyş-durmuşynda öz beýanyny tapýandygyna bütin aýdyňlygy bilen güwä geçýär. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şu wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeginiň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň gurluşynda hil taýdan oňyn özgertmeleriň amala aşyrylmagyna ýardam etjekdigini, şol özgertmeleriň ykdysadyýetde netijeli ulanylmagyna esaslanýan yzygiderli ösüşiň gazanylmagyna düýpli itergi berjekdigini belleýär. Ýurdumyzda senagat önümleriniň möçberini artdyrmaga, milli pulumyz bolan manadyň hümmetini durnukly derejede saklamaga oňaýly şertleriň döremegi içerki bazarda harytlaryň we hyzmatlaryň nyrhlaryny pes derejede saklamaga, durmuş ulgamyna gönükdirilýän düýpli maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmaga düýpli itergi berdi.
Watanymyzyň ösen senagatly ýurda öwrülýändigi barada gürrüň edilende, gurluşyk senagatyny ösdürmegiň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwletimiziň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtamak maksadalaýykdyr. Bu ugurda iş alyp barýan hususy kompaniýalaryň öz işini döwrebap ýola goýmagy bilen bir hatarda, milli gurluşyk senagatyna maksadalaýyk ornaşdyrylýan täze tehnologiýalar gysga wagtyň içinde bu möhüm pudagy düýpli özgertdi. Mermer paýtagtymyz Aşgabat munuň aýdyň mysaly bolup, baş şäherimizde ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär, ulag we jemagat düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak giň gerimde dowam edýär.
Täze taryhy döwürde «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» maksatlaryna we wezipelerine laýyklykda, döwlet edaralaryny sanly ulgama geçirmegiň depginini ýokarlandyrmak geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezilýär. Milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetmek, elektron senagatyny döretmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürligine we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek babatdaky amala aşyrylýan uly işler halk hojalygynyň ähli pudaklarynda sanly ulgamy, ylmy işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn durmuşa geçirilýän işleriň giň gerime eýedigine şaýatlyk edýär. Munuň özi döwrüň talabyna laýyklykda, pudaklaryň işini kämilleşdirmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Elbetde, halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň uzakmöhletleýin durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, milli ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek işini dowam etmek wajypdyr. Bu bolsa Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginde, ýurdumyzyň mundan beýläk-de belent sepgitleri eýelemeginde möhüm ähmiýete eýedir.
Bahar KULYÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.