Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge we dünýä bileleşiginiň bähbitlerine sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygyny giňden ýola goýmaga gönükdirilendigi dünýä aýan hakykatdyr. Häzirki zaman köpugurly ulag-kommunikasiýa ulgamyny döretmek bolsa bu syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň şeýledigine Türkmenistanda Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek boýunça alnyp barylýan işleriň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Ýurdumyzda möhüm ähmiýetli iri halkara ulag taslamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Bu ugurda durmuşa geçirilýän beýik işlere halkara guramalar tarapyndan uly ähmiýet berilýär. Bu ulgamyň ösdürilmegi bolsa dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we deňagramlylygyna gönüden-göni oňyn täsirini ýetirýär. Şeýlelikde, Türkmenistanda Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça köp şahaly ulag ýollaryny döretmäge gönükdirilen hem-de dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan teklipleriň durmuşa geçirilmegi örän möhüm ähmiýete eýedigi bilen häsiýetlenýär.
Bitarap Türkmenistan Merkezi Aziýada parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmeginde möhüm orny eýelemek bilen, iri halkara guramalar bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen çäklenmän, eýsem, sebitde syýasy durnuklylygy goldamaga, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we netijeli halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam berýär. Türkmenistanda gysga döwürde dünýä ähmiýetli ulag taslamalarynyň amala aşyrylmagy bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen berk baglanyşyklydyr. Bu bolsa öz nobatynda, häzirki döwrüň geosyýasy we geoykdysady ösüş zerurlyklary hem-de maksatlary bilen şertlendirilendir.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda iň öňdebaryjy tehnikalar bilen üpjün edilen döwrebap howa menzil toplumlary, demir ýol menzilleriniň binalary guruldy, polat ýollaryň hem-de giň awtomobil ýollarynyň müňlerçe kilometri çekildi, inženerçilik desgalary bolan demir ýol we awtomobil köprüleri ulanylmaga berildi. Türkmenistanyň Ýewraziýanyň uly ýollarynyň çatrygynda örän amatly ýerleşmegi ählumumy ösüşi üpjün etmekde milli ulag mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga giň ýol açýar. Şoňa görä-de, ýurdumyz häzirki döwürde ulag ulgamynda halkara gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berýär. Bu ugurda döwletimiziň esasy maksady dünýä giňişliginde ylmy taýdan esaslandyrylan we köpugurly hyzmatdaşlygyň täsirli nusgalaryny döretmekden, halkara ulag-üstaşyr gatnawlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur bolan şertleri üpjün etmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň ulag ulgamynyň dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmagy, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlarynda geçelgeleri we halkalary baglanyşdyrýan esasy uly ýollaryň ugry boýunça milli infrastrukturanyň has-da giňeldilmegi möhüm wezipeleriň hatarynda durýar.
Türkmenistanyň deňiz flotunyň hem-de ähli degişli düzümleriniň ösdürilmegi strategiki ähmiýete eýedir. Elbetde, Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portunyň gurulmagy onuň möhüm düzümi boldy. Bu Halkara deňiz portunyň desgalary bilen bir hatarda «Balkan» gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawody hem guruldy. Döwrebap deňiz porty iri möçberli ýük akymlarynyň ýolda bolmagynyň wagtyny hem-de aralygyny ep-esli gysgaltmaga mümkinçilik berip, Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak bilen, Gara deňziň ýakasyna, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Günorta Aziýa we Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryna çykmak üçin has oňaýly şertleri döredýän deňiz gatnawlarynyň häzirki zaman ulgamyny kemala getirmegiň möhüm halkasy bolmaga gönükdirilendir. Halkara deňiz portunyň deňiz derejesinden pesde ýerleşýän dünýäde iň uly port we port gurlanda döredilip, uçup geçýän guşlary goramakda möhüm ähmiýeti bolan adanyň deňiz derejesinden pesde ýerleşýän dünýäde iň uly emeli ada hökmünde Ginnesiň Bütindünýä Rekordlar kitabyna girizilmegi, halkara kompaniýalaryň güwänamalarynyň, sebitde guşlaryň köpdürlüligini gorap saklamak üçin şertleriň döredilendigi hem-de olary goramak boýunça taslama üçin Maks Plankyň Ornitologiýa institutynyň, şeýle hem Awstriýanyň Ornitologiýa merkeziniň degişli sertifikatynyň gowşurylmagy örän guwandyryjydyr.
Asyryň iri taslamalarynyň biri bolan «Aşgabat — Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy hem hormatly Prezidentimiziň gurmak syýasatynyň halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny we Diýarymyzyň ösüş-özgerişliklerini nazarlaýan toplumlaýyn giň möçberli maksatnamalaýyn häsiýete we çuň many-mazmuna eýedigi baradaky hakykaty bütin aýdyňlygy bilen şöhlelendirýär. Bedew batly ösüşlere beslenip, ynamly öňe barýan ýurdumyzda iň döwrebap ulag-üstaşyr logistik düzümini hem-de aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamyny kämilleşdirmek babatynda alnyp barylýan giň gerimli işler diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde däl, eýsem, sebitiň ösüşinde möhüm ähmiýete eýedir.
Ulag ulgamynyň halkara hojalyk gatnaşyklarynyň durnukly we deňeçer ösüşine göni täsiri bolan dünýä ykdysadyýetiniň möhüm tapgyrlarynyň biri bolup durýandygyny nazarda tutanyňda, ýurdumyzyň ulag syýasatynyň halkara jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretmegi we bütindünýä ykrarnamasyna eýe bolmagy hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň ähmiýetiniň örän möhüm häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär.
Muhammetdurdy ANNAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.