Türkmenistan döwletimizde durmuş-ykdysady ulgamynyň kämilleşdirilmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenilip, bilim we ylym ulgamyny ösdürmek, saglygy goraýşyň we beýleki ulgamlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalar ýerine ýetirilýär. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda giň gerimli meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar.
ХХI asyryň başynda ýurdumyzda durmuş innowasiýalaryny goldamagyň zerurlygy ýüze çykdy. 2010-njy ýylda tassyklanan «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin milli Maksatnamasy» ýurdumyzyň ykdysady ösüşini durmuşa gönükdirilen innowasiýa nusgasyna geçirmegiň esasy ugurlaryny kesgitledi. Bu resminamanyň maksadyna we wezipelerine laýyklykda, ilatyň maddy hal-ýagdaýynyň derejesini düýpli ýokarlandyrmak, bazar-ykdysady we institusional özgertmeleri çuňlaşdyrmak, milli ykdysadyýetiň innowasiýa ösüşini gazanmak, durmuş ulgamynda hyzmatlary hil taýdan kämilleşdirmegiň netijesinde, adamyň ruhy taýdan ösüşiniň ýokary derejelerde bolmagyny üpjün etmek we beýlekiler göz öňünde tutulýar. Bu işler gerimi hem-de ähmiýeti babatynda maksatnamalaýyn strategiýa hökmünde halkymyzyň durmuş şertleriniň düýpli gowulandyrylmagyna gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 13-nji maýynda sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere üns çekildi.
ХХI asyrda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ösüşiniň toplanan kuwwaty dürli görnüşli durmuş-ykdysady ulgamlarda (dünýä ykdysadyýetinden başlap, hojalygy alyp barmagyň aýratyn subýektlerine çenli) bolup geçen düýpli özgertmeleriň esasy sebäbini şertlendirdi. Şunuň bilen baglylykda, sanlylaşdyrmak milli we ählumumy ykdysadyýetiň ösüşiniň esasy serişdesine öwrüldi.
Milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryna we pudaklaryna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» baş ugry hem-de ony ösen ýurtlaryň derejesine çykmagyň, bilimlere we innowasiýalara daýanýan ykdysady ösüşiň durnukly depginlerini üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar. Bu wezipeleriň oňyn çözülmegi, şeýle hem BMG agza ýurtlaryň, şol sanda biziň döwletimiziň hem kabul eden 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlarynyň ýerine ýetirilmegine ýardam berýär.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» guramalar tarapyndan hasabatlylygyň elektron görnüşde alşylmagyny ýola goýmak, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ulgamynda durmuş töleglerini amala aşyrmakda ätiýaçlandyrylanlary hasaba almakda, olaryň maglumatlaryny dolandyrmakda awtomatlaşdyrylan ulgamyň mümkinçilikleriniň artdyrylmagy, bir bitewi merkezleşdirilen ulgamyň döredilmegi, Pensiýa gaznasynyň edaralarynda ilata Internetiň üsti bilen maglumatlary ýetirmegi ýola goýmak ýaly wezipeler göz öňünde tutulýar. Adamlar üçin pensiýa üpjünçiliginde özlerine dahylly maglumatlary uzak aradan almaga mümkinçilikleriň döredilmegi, pensiýa ätiýaçlandyrma ulgamynda ätiýaçlandyrýanlar üçin hasabatlary taýýarlamagyň, ibermegiň we kabul etmegiň, şol sanda uzak aradan kabul etmegiň usulyny kämilleşdirmek we Internetiň mümkinçiliklerini giňden ornaşdyrmak, pensiýa üpjünçiligi boýunça pudaklaryň arasyndaky resminama dolanyşygyny elektron hem-de awtomatlaşdyrylan ulgama geçmegiň üstünde işlenilmegi ýaly görkezmeler beýan edilýär.
2021-nji ýylda kabul edilen «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasynda» ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşini tizleşdirmek we ilata edilýän hyzmatlary ýeňilleşdirmek maksady bilen ilaty durmuş taýdan goramak hyzmatlaryny sanly ulgam arkaly ýerine ýetirmek, döwrüň talabyna laýyklykda hyzmatlaryň görnüşlerini kämilleşdirmek we artdyrmak bellenilendir.
Häzirki zaman maglumat tehnologiýalary edara-kärhanalaryň we adamlaryň arasynda bolup geçýän özara gatnaşygyň hem-de zähmeti guramagyň usullaryny üýtgedýär. Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, islendik edara-kärhananyň we guramanyň öňünde duran wezipeleri maglumatlary işjeň özleşdirmezden we olary dessin alyşmazdan çözmek mümkin däldir.
Ilata edilýän durmuş hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak esasynda durmuş goraglylygy ulgamynyň ösüşini üpjün etmek şu günki günüň ileri tutulýan möhüm wezipesi bolup durýar. Şoňa görä-de, onuň işine sanly ulgamy ornaşdyrmagyň zerurlygynyň ýüze çykmagy tebigydyr. Munuň özi diňe bir durmuş goraglylygy ulgamynyň ösüşini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan durmuş ugry hökmünde goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine hem ýardam berýär. Sebäbi häzirki döwürde öňdebaryjy sanly tehnologiýalar esasynda ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli onlaýn durmuş hyzmatlary bilen üpjün etmek esasy wezipe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň durmuş pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagy işgärleriň we iş berijileriň öňünde täze şertlere uýgunlaşmak zerurlygyny goýýar. Mundan başga-da, sanlylaşdyrmak bilen bagly täze hünärler we iş orunlary döreýär. Bu bolsa sanlylaşdyrmak işiniň oňyn taraplaryny şertlendirýär. McKinsey Global institutynyň maglumatlaryna görä, eýýäm 2036-njy ýylda adam-sagatda aňladylan işiň 2-den 50%-e çenlisi awtomatlaşdyrylyp bilner, 2066-njy ýylda bolsa bu paý 46-dan 99%-e ýetip biler.
Ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy maglumatlary işläp taýýarlamagyň çeýeliginiň ýokarlandyrylmagyny talap edýär. Ençeme asyrlaryň dowamynda ulanyp gelinýän usul, ýagny ilata hödürlenýän durmuş hyzmatlary baradaky we beýleki maglumatlary, dürli görnüşli hasabatlary kagyz görnüşinde çap edilmek bilen deňeşdirilende, wagt hem-de serişde taýdan tygşytlylygy üpjün etmek bilen birlikde, elektron görnüşe geçirilen işleriň çatylyp goýlan görnüşinde ýer tutmaýandygy babatda islendik pursatda elýeterliliginde, täzelikler bilen onlaýn ýagdaýda tanyşmaga mümkinçilik berýändiginde hem tapawutly aýratynlygy bardyr.
Elektron resminama dolanyşygy maglumat tehnologiýalaryndan we telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlaryndan peýdalanmak arkaly elektron resminamalary işläp taýýarlamak, ibermek, bermek, almak, saklamak, peýdalanmak, goramak, täzelemek, gözlemek, ýygnamak, ýaýratmak, gabamak we ýok etmek boýunça awtomatlaşdyrylan iş amallarynyň jemidir.
Durmuş goraglylygy ulgamyna sanly döwrebap tehnologiýalaryň girizilmegi işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň netijeli işlemegine gönükdirilen maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna dürli düzümleriň özara gatnaşyklary ýokarlanýar hem-de welaýat, şäher we etrap derejesinde çözgütleri has tiz kabul etmäge, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmaga täze mümkinçilikler döreýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň saglygy barada edilýän alada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Diýarymyzda «Saglyk» Döwlet Maksatnamasynyň rejelenen görnüşi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy. Ýurdumyzda ulanylmaga berilýän saglygy goraýyş we bejeriş merkezleri lukmançylygyň iň döwrebap tehniki enjamlary bilen üpjün edilýär.
Täzeçil tehnologiýalaryň esasynda durmuş hyzmatlarynyň sanlylaşdyrylmagy ýokanç we bakterial keselleriň öňüni almak işine, halkymyzyň saglygynyň goragyna saldamly goşant goşýar. Ýokanç zerarly jemgyýetçilik ýerlerinde bellenilen aralygy berjaý etmek düzgüniniň girizilen döwründe sanlylaşdyrylan hyzmatlary peýdalanmak aýratyn möhümdir. Sanlylaşdyrylan durmuş goraglylygyna geçilmegi adamlaryň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, ýurduň durnukly ykdysady ösüşiniň esaslaryny döretmek, ilatyň ýokary durmuş derejesini gazanmak babatdaky işleri düýpli ýeňilleşdirdi.
Adam hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitleýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň jany sag, ömri uzak bolsun, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn!
Kakageldi HÜMMÄÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň prorektory.