Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän «Guwlyduz» kärhanasy egsilmez tebigy baýlyklarymyzyň biri bolan nahar duzuny senagat taýdan gaýtadan işlemekde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň öňde goýýan belent wezipelerine mynasyp goşant goşýan döwrebap senagat kärhanalarynyň biridir. Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny halkymyzyň abadan, bolelin ýaşaýyş-durmuşyny üpjün etmäge, ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň dowamly pugtalandyrylmagyna gönükdirmek bolsa, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän giň gerimli özgertmeleriniň esasy maksady bolup durýar. Şonuň üçin ykdysadyýetiň geljegi uly pudaklarynyň biri bolup durýan himiýa senagatynyň baý tebigy serişdelere daýanýan çig mal we önümçilik mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmakda, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmakda guwandyryjy sepgitlere ýetilýär. Gahryman Arkadagymyzyň aladalary bilen geçen ýyllarda «Guwlyduz» kärhanasynda hem döwrebaplaşdyryş işlerini geçirmekde düýpli öňegidişlikler gazanyldy. Kärhananyň binýadynda täze önümhananyň işi ýola goýuldy. Munuň özi kärhananyň ýyllyk önümçilik kuwwatyny nahar duzuny öndürmekde 40 müň tonna, gerdejik görnüşli tehniki duz babatda bolsa 2 müň 500 tonna çenli ýetirmäge şert döretdi. Hususy işewürlerimiz tarapyndan durmuşa geçirilen bu işler «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň baýry önümçilik kärhanasynda öndürilýän önümleriň hil derejesine hem oňyn täsirini ýetirdi.
Nahar duzunyň egsilmez çeşmesi hasaplanýan Guwly köl kärhanany çig mal bilen bökdençsiz üpjün etmegiň berk binýady bolup durýar. Ylmy maglumatlara salgylanyp aýdanyňda, bu tebigy kölüň uzynlygy 60 kilometre, günorta tarapynyň giňligi 5 kilometre, demirgazyk tarapynyň giňligi bolsa 3 kilometre çenli uzalyp gidýär. Şunuň ýaly giňişlige ýaýylyp gidýän tebigy kölde duz alynýan gatlagyň galyňlygy üç metre çenli ýetýär. Üstki iki metre çenli çuňlukdan alynýan duz gatlagynyň üstünden birnäçe ýyllaryň geçmegi bilen, öňki katdyna gelýändigi haýran galdyrýan hakykatdyr. Hut şonuň üçin hem tebigy köl nahar duzunyň egsilmez çeşmesi hasaplanylýar. Bu duz käninde tebigy ýagdaýda toplanýan nahar duzy arassalygy, senagat taýdan işlenilende ýokary hilli duz almakda oňyn şertlere eýedigi bilen hem aýratyn tapawutlanýar.
Ýurt berkararlygy ýyllary içinde kärhananyň hünärmenleriniň, şeýle-de bu ugurda ylmy işleri alyp barýan alymlaryň birleşen tagallalary bilen öndürilýän nahar duzuny kaliý ýodaty bilen baýlaşdyrmak işi ýola goýuldy. Gazanylan bu üstünlik BMG-niň Çagalar gaznasynyň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, ýod ýetmezçiligi zerarly döreýän kesellere gözegçilik etmek boýunça Halkara geňeşiniň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Lukmançylyk ylmynyň köpýyllyk barlaglarynyň netijeleriniň tassyklaýşy ýaly, nahar duzunyň ýodlaşdyrylmagy galkan şekilli mäziň, nerw hem-de kesellere garşy durujylyk ulgamlarynyň kadaly işini gazanmakda wajyp ähmiýetlidir.
Uly üstünliklere eýe bolýan «Guwlyduz» kärhanasynyň zähmet topary «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny hem mynasyp zähmet görkezijilerine besleýär. Ýylyň başyndan bäri kärhana boýunça senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin gazylyp alnan duzuň umumy möçberiniň 48 müň 296 tonnadan geçip, 102 göterim zähmet üstünliginiň gazanylmagy munuň anyk subutnamalarynyň biridir. Bu döwürde önümçi-ligiň dürli pudaklarynda giňden ulanylýan gerdejik görnüşli tehniki duz öndürmekde iş meýilnamasyna 103,9 göterim hötde gelindi. Munuň özi önümiň 42 müň 930 tonnasynyň çykarylandygyny görkezýär. Umumy gaplanan nahar duzy 15 müň 274 tonna ýetip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, önümçiligiň ösüş depgini 156,7 göterime deň boldy. Ýetilýän sepgitler pudagy mundan beýläk-de ösdürmekde Arkadagly Serdarymyzyň edýän aladalaryna kärhananyň hünärmenleriniň hoşallyklarynyň mynasyp beýanydyr.
Nurmämmet HYDYROW,
«Balkan».