Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýöredýän parasatly syýasaty netijesinde ýurdumyzyň tebigy baýlyklary halkymyzyň we tutuş adamzadyň bähbidine peýdalanmaga gönükdirilýär. Amatly geosyýasy we geoykdysady ýagdaý, ylaýta-da, uglewodorod çig mallarynyň baý gorlary ýurdumyzyň senagat önümleriniňdir energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga giň şertleri döredýär. Şeýle bolansoň, ýurdumyzyň gaz akdyrylýan ugurlaryny giňeltmäge, gaz we nebithimiýa senagatyny ösdürmäge hem uly ähmiýet berilýär.
Tebigy gazyň, gaz kondensatydyr nebitiň düzümindäki uglewodorodlar we beýlekiler ýakyn geljekde möhüm organiki hem-de mineral maddalary öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu babatda döwlet Baştutanymyz anyk wezipeleri öňde goýýar. Tebigy gaz, nebit we gaz kondensaty ýangyç serişdesi bolmak bilen birlikde, möhüm himiki çig mal hökmünde hem hyzmat edýär. Muňa mysal hökmünde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ulanylmaga berlen polipropilen örtüklerini öndürýän kärhanany, Gyýanlydaky polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawody, Garabogaz şäherindäki karbamid zawodyny görkezmek bolar.
«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» amala aşyrmagyň meýilnamalaryna laýyklykda, ýakyn wagtda ýurdumyzda birnäçe önümçilik taslamalaryny durmuşa geçirmek maksat edinilýär. Şol taslamalar gazhimiýa önümleriniň, şol sanda pes dykyzlykly polietileniň, polipropileniň, poliwinilasetatyň, poliwinilhloridiň, metanolyň, suwuk hloruň we beýlekileriň önümçiligini giňeltmäge niýetlenendir. Ýakyn geljekde butadiýen — stirol, kauçuk, polistirol, metiletilenamin, karbamidformaldegid önümlerini öndürýän kärhanalary, şeýle hem nebiti gaýtadan işleýän desgalary gurmak göz öňünde tutulýar. Şunda bir zady aýratyn belläp geçmek gerek, uglewodorod çig mal serişdelerini gaýtadan işlemek arkaly başga-da köpdürli we gymmatly önümleri öndürmek mümkindir. Hususan-da, etilen almak üçin dürli suwuk ýa-da gaz halyndaky çig mal serişdeleri bolan etan, pes oktanly benzinler, suwuklandyrylan gazlar, nebit we beýlekiler ulanylyp bilner. Şeýle hem piroliz hadysasynda etilen bilen bir wagtda ýene-de bir möhüm önüm — propilen alynýar. Propilenden bolsa polipropilenden başga önümler, ýagny onuň esasynda izopropil benzol, izopropil spirti, butil spirti, gliserin we beýlekiler alynýar. Etilenden, ony göni suw bilen täsirleşdirip, dürli maksatlarda giňden ulanylýan etil spirti alynýar. Şunda onuň çykdajysy adaty azyk önümlerinden alynýan spirtiň çykdajysyndan ep-esli azdyr. Uglewodorod çig malyndan alynýan we giňden ulanylýan önümleriň ýene biri asetilendir. Ol hlorpren sintetik kauçugy, uksus kislotasyny, poliwinil spirtini, winilhloridi we beýleki himiki önümleri almakda ulanylýar. Organiki himiýa senagatynda tebigy uglewodorodlardan aromatik maddalar bolan benzol, ksilol, toluol alynýar. Olaryň esasynda bolsa dürli himiki süýümler, boýaglar, plastmassa önümleri we başgalar öndürilýär.
Soňky döwürde ammiagy we metil spirtini öndürmekde tebigy gazyň esasy düzümini tutýan metandan alynýan wodorod we uglerod oksidi ulanylýar. Olaryň bu garyndysyna, adatça, «sintez — gaz» diýilýär. Ol bolsa karbamid önümçiliginiň esasyny düzýär. Uglewodorod çig malynyň möhüm çeşmeleriniň biri-de tebigy gaz bilen bilelikde çykýan gaz kondensatlarydyr. Ýurdumyzyň kondensatlary özüniň himiki düzümi boýunça iki topara, ýagny parafinli we naften — aromatik toparlara bölünýärler. Parafinli gaz kondensatlar piroliz arkaly etilen we propilen almak üçin oňaýly çig mal hasaplanylýar. Naften we aromatik baý kondensatlar bolsa aromatik uglewodorodlary — benzoly, ksiloly, toluoly we başgalary öndürmek üçin çig maldyr. Tebigy gazyň düzüminde käbir organiki däl maddalar hem bar, meselem, kükürtwodorod, geliý. Hususan-da, «Galkynyş» käniniň gazy kükürtwodoroddan arassalananda, köp mukdarda arassa kükürt alnyp, ol kükürt kislotasyny öndürmekde we eksport harydy hökmünde ulanylýar.
Aslynda, gazhimiýa senagatynda uglewodorod çig maly bilen baglanyşykly täze pudagy, ýagny geljegiň ýangyjy bolan wodorod energetikasyny döretmek we ösdürmek göz öňünde tutulýar. Bu ýangyjyň ýokary ulanyş, tehnologik we ekologik taýdan oňyn häsiýetnamalary bar. Bu artykmaçlyk ony senagatda we beýleki pudaklarda netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, wodorod ýangyjy, adaty uglerodly ýangyçlara garanyňda, daşky gurşaw üçin howpsuzdyr.
Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda dünýäde howanyň üýtgemegine, ýagny ozon gatlagynyň dargamagy sebäpli onuň barha maýlamagyna getirýän zyýanly täsirleri azaltmak boýunça uly halkara çäreler amala aşyrylýar. Bilermenleriň maglumatlaryna görä, dünýäde howanyň maýlamagy eýýäm 1oC-den gowrak derejä ýetdi. Metan ýaly parnik gazlarynyň zyňyndylary görnetin azaldylmasa, şu asyryň dowamynda bu görkeziji 2oC-a çenli ýokarlanar diýlip çaklanylýar. Şeýle bolansoň, şu wagtdan howanyň ozon gatlagyny goramak babatda pes uglerodly we wodorod ýangyç çeşmelerine geçmek bilen bagly işlere uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu babatda ösen ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin «Ýol kartasy» tassyklanyldy. Onda daşky gurşaw üçin ekologik taýdan arassa ýangyç bolan wodorod energetikasyny döretmek we bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Wodorod gazynyň esasy häsiýetleri bolsa şulardan ybarat: erkin halynda planetamyzda duş gelmeýär, diňe Günüň düzüminde erkin halyndadyr. Ýer ýüzünde ol birleşmeler görnüşinde, esasan, uglewodorodlarda we suwda bardyr. Adaty erkin wodorod iň ýeňil gazdyr we howadan 14 esse ýeňildir. Kadaly şertlerde onuň bir kilogramy 11 kub metrden gowrak göwrüme eýedir. Bir kilogram wodorod ýananda, 33900 kilokaloriýa energiýa bölünip çykýar. Wodorody senagatda almagyň çig mallary bolan metan gazynda we suwda onuň mukdary, degişlilikde, 25 we 11 göterime deňdir. Şeýle wodorody tebigy gazyň 95 göterimden gowrak mukdaryny tutýan metany konwersiýa etmek arkaly almak usuly tehniki-ykdysady artykmaçlyklar üçin giňden ulanylýar.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda Marynyň, Tejeniň we Garabogazyň azot dökünleri kärhanalarynda ulanylýan wodorod tebigy gazyň düzümindäki metandan alynýar. Wodorod elektroliz usuly bilen suwdan hem alynýar. Ýöne bu usulyň köp elektroenergiýa talap edýändigi sebäpli, onuň özüne düşýän gymmaty has ýokary bolýar. Şonuň üçin onuň umumy wodorod önümçiligindäki paýy 5 göterim töweregidir. Ýöne ol sap arassa wodoroddyr. Diýmek, ýurdumyzyň elektrik energiýasyna baý bolmagy wodorody bu usul bilen hem almagyň mümkinçiligini aradan aýyrmaýar.
Bu ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak, hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Wodorod energetikasy boýunça merkez döredildi. Ol döredilen badyna işjeň herekete başlady. Hususan-da, Daşary işler ministrliginiň ýardam bermeginde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýaponiýanyň «Kawasaki» kompaniýasy, Atom energiýasy boýunça halkara agentlik (IAEA) we beýleki guramalar bilen wideoaragatnaşyk arkaly maslahatlar geçirildi. Şeýle-de merkeziň iş meýilnamasy düzülip, şoňa laýyklykda, geljekki wodorod energetikasy pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Bu ugurda ýörite okuw tejribehanalary, enjamlar we beýleki gerek serişdeler taýýarlanylýar. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen wodorod energetikasynyň ähmiýeti we geljegi barada yzygider çykyşlar guralýar. Wodorod ýangyjyny peýdalanmagyň uly mümkinçilikleri şu ýylyň 23-nji iýunynda paýtagtymyzda onlaýn tertipde geçirilen «Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähetleri» atly halkara maslahatda hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa Hökümet düzümleriniň, ugurdaş ministrlikleriň we dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän missiýalaryň, milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Forumyň işine ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlarydyr talyplary hem onlaýn görnüşde goşuldylar. Maslahatda wodorod energetikasyny ösdürmek we ýaramaz tehnogen täsirler netijesinde howanyň üýtgemeginiň öňüni almak boýunça degişli çäreler bellenildi.
Şeýlelikde, ýurdumyzda uglewodorod serişdeleri esasynda dürli ugurlar boýunça ösdürmek arkaly ekologik taýdan arassa hasaplanýan wodorod energetikasyny döretmek üçin giň mümkinçilikler açylýar.
Hojanepes ÝOWJANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory, tehniki ylymlaryň doktory.