Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça
BÄSLEŞIK
1. LOT № 267.
Ýol hojalygyny abat saklaýyş we ulanyş müdirliginiň hasabynda duran ýerasty pyýada geçelgelerinde, köprülerde abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
2. LOT № 287.
Ministrlik üçin ofset kagyzyny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.
3. LOT № 317.
"Daşoguzwelaýatagyzsuw" birleşiginiň garamagyndaky etrap agyz suw bölümlerine gerek bolan harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.
4. LOT № 324.
Balkanabat şäherindäki inçekesel hassahanasynyň binasyny düýpli abatlamak üçin gerek gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
5. LOT № 326.
Jemagat hojalygy birleşiginiň tabynlygyndaky Jemagat hojalygy müdirliklerine gaz ölçeýji enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
6. LOT № 331.
Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň çägindäki täze, döwrebap obasynyň geňeşliginiň edara binasynyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.
7. LOT № 342.
Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň binasynyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak üçin çim otuny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi.
8. LOT № 344.
Gidrometoerologiýa baradaky gullugyň edara binasynyň daş ýüzündäki wideodiwar üçin ätiýaçlyk şaýlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi.
9. LOT № 345.
Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň edara binasynyň ýyladyjy we sowadyjy ulgamy ätiýaçlyk şaýlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi.
10. LOT № 354.
Jemagat hojalygy birleşiginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň hasabynda duran ýyladyş desgalaryna gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.
11. LOT № 364.
Aşgabat şäheriniň etraplarynyň çäklerinde ýerleşýän sport, çagalar meýdançalarynyň durkuny täzelemek hem-de sport enjamlaryny gurnamak üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
12. LOT № 378.
Ministrligiň garamagyndaky binalarda we desgalarda abatlaýyş işlerini geçirmek üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.
13. LOT № 381.
Türkmenabat şäheriniň prokuraturasynyň edara binasynyň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.
14. LOT № 382.
Kerki etrap kazyýetiniň edara binasynyň gurluşyk işleri üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.
15. LOT № 386.
Olimpiýa şäherçesiniň dizel generatorlaryna gerek ätiýaçlyk şaýlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
16. LOT № 389.
Olimpiýa şäherçesiniň maglumat tehnologiýasy ulgamyna gerek bolan ätiýaçlyk şaýlary hem-de ygtyýarnamaly programmalary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
17. LOT № 391.
Olimpiýa şäherçesiniň merkezi ýyladyş we sowadyş desgasynyň bug gazanlaryna gerek ätiýaçlyk şaýlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
18. LOT № 392.
Olimpiýa şäherçesiniň binalaryna we desgalaryna daşky elektrik enjamlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
19. LOT № 394.
Olimpiýa şäherçesiniň suw çüwdürimlerine gerek bolan ätiýaçlyk şaýlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
20. LOT № 395.
Olimpiýa şäherçesindäki binalaryň we desgalaryň sowadyjy (çiller) ulgamyna (WRW ulgamyna, preseinsion ulgamyna we split ulgamyna) ätiýaçlyk şaýlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
21. LOT № 407.
Ministligiň zerurlygy üçin “Gaz-66” we “Zil-131” kysymly awtoulaglaryň hereketlendirijilerini satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.
22. LOT № 421.
Şabat etrabynda täze ýaşaýyş jaý desgalar toplumyny gurmak, Daşoguz şäheriniň çäginde gurulýan ýaşaýyş jaý we desgalar toplumyna barýan ýollary hem-de içerki ýollaryň (№1-28) abadanlaşdyryş işleri üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.
23. LOT № 431.
Parahat-7 ýaşaýyş toplumynyň günortasynda, B.Annanow köçesiniň günbatar tarapyndaky 25 gektar ýer böleginde ekilen baglara suwaryş ulgamyny çekmek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
24. LOT № 436.
Türkmengala etrabynda kuwwatlygy bir gije-gündizde 25 müň kub metr bolan agyz suw arassalaýjy desgany gurmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.
25. LOT № 453.
“Türkmenbaşyagyzsuw” müdirligine gerek bolan enjamlary we ätiýaçlyk şaýlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
26. LOT № 458.
Ministrligiň zerurlygy üçin awto tekerleri we serişdeleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.
27. LOT № 464.
Balkan welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň garamagyndaky etrap-şäher Jemagat hojalygy müdirlikleriniň hasabynda duran ätiýaçlyk şaýlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
28. LOT № 471.
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky suw howdanynyň gurluşygy üçin gerek bolan gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi.
29. LOT № 473.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň zerurlygy üçin yşyklandyryş çyralaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi.
30. LOT № 493.
"Galkan " gyş sport merkezi üçin çillerleri we oňa degişli ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.
32. LOT № 510.
Bölümleriniň içki gaz ulgamlary üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.
33. LOT № 536.
Ministrlige wideogözegçilik enjamlaryny we serişdelerini satyn almak.
Satyn alyjyTürkmenistanyň Goranmak ministrligi.
34. LOT № 543.
Akdepe etrabynyň 59-njy orta mekdebini düýpli abatlamak üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.
35. LOT № 546.
Awaza etrabynyň Parahat köçesiniň ugrunda ýerleşýän 200 öýli 4 gatly 8 sany ýaşaýyş jaýlarynyň suw geçirijilerinde we gazanhanasynda abatlaýyş işlerini geçirmek üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi
36. LOT № 549.
Köşi ýaşaýyş toplumynyň günbatarynda 68 sany ýaşaýyş jaýlar toplumynyň daşky eltiji inžener ulgamlaryny gurmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
37. LOT № 552.
Bereket etrap prokuraturasynyň täze edara binasy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
38. LOT № 553.
Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň çägindäki täze, döwrebap obasynyň içerki ýollarynyň gurluşygyna gerek bolan gurluşyk harytlaryny we enjamlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.
39. LOT № 554.
Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň çägindäki täze, döwrebap obasynyň içerki ýollarynyň gurluşygynda ulanjak ýol belgiler üçin metal direglerini satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.
40. LOT № 555.
Ak bugdaý etrabynyň Bereket obasynyň suw geçiriji ulgamynyň gurluşygyna gerek bolan harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.
Bäsleşik 2024-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda sagat 10:00 geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar baradaky maglumatlary aşakdaky salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmalar esasynda alyp bilersiňiz. Resminamalar 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 19-na sagat 13:00 çenli kabul edilýär we resminamalar sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň e.fineconomic.gov.tm internet sahypasyna tabşyrylmaly.
Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy - Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi. Telefon belgileri: 39-46-39; 39-46-38.
Maglumatlar e.fineconomic.gov.tm internet sahypasynda hem ýerleşdirildi.