Aşgabat, 22-nji noýabr (TDH). Şu gün Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň türkmen tarapynyň başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň hem-de hytaý tarapynyň başlygy, HKP MK-nyň Syýasy býurosynyň hemişelik toparynyň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Han Çženiň ýolbaşçylygynda sanly ulgam arkaly komitetiň 5-nji mejlisi geçirildi.
Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi hem-de özara hereketleriň geriminiň giňeldilmegi boýunça pikir alşyldy. Şu ýylyň başyndan bäri geçirilen möhüm, ikitaraplaýyn çäreleriň Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine düýpli itergi berendigi bellenildi.
Taraplar köpugurly diplomatiýanyň, hususan-da, BMG-niň hem-de beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki, «Hytaý + Merkezi Aziýa» görnüşdäki netijeli hyzmatdaşlygy nygtadylar.
Komitetiň türkmen tarapyndan ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, iki ýurduň Liderleri tarapyndan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegi babatda kesgitlenilen wezipeleriň durmuşa geçirilmegi nukdaýnazaryndan, sanly ykdysadyýet, maliýe-bank ulgamy, pes uglerodly «ýaşyl» ösüş, ulag hem-de logistika, aragatnaşyk torlary, himiýa senagaty, oba hojalygy, energiýa we suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de beýlekiler hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe sürülýär.
Energetika, ulag we söwda ulgamlary ikitaraplaýyn däp bolan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarydyr. Taraplar ulag-aragatnaşyk pudagynda alnyp barylýan gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagy hem-de «Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi» boýunça ösüş strategiýasynyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen utgaşdyrylmagy babatda durmuşa geçirilýän işleriň ýygjamlaşdyrylmagy ugrunda ulag we logistika ulgamynyň netijeli hereket etmeginiň iki ýurduň ykdysadyýetiniň ösdürilmeginiň möhüm şertidigini bellediler.
Komitetiň mejlisiniň dowamynda nebitgaz ulgamynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi, hususan-da, türkmen tebigy gazynyň Hytaýa eksport edilmegi bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, özara düşünişmegiň çuňlaşdyrylmagy türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi. Ylym we bilim ulgamyndaky taslamalar, saglygy goraýyş, ýokary tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlary bolmagynda galýar.
Mejlisiň jemleri boýunça şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Şolaryň hatarynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetiniň 5-nji mejlisiniň Teswirnamasy; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda bäş ýyl üçin (2021 — 2025-nji ýyllar) hyzmatdaşlyk hakynda Maksatnama; Halkara kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek babatynda hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyk; Biologik howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça Türkmenistanyň Hokümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlygyň Maksatnamasy bar.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/47732
Aşgabat, 22-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.
Gün tertibine paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilişi, welaýatlaryň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişiniň barşy, şeýle hem milli senenamamyzyň şanly senelerini baýram etmäge taýýarlyk görlüşi bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Milli Liderimiz iş maslahatyny açyp, sanly ulgam arkaly, ilki bilen, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowy we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowy çagyrdy.
Häkim ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn işler, öňde boljak halkara çärelere hem-de Halkara Bitaraplyk gününi baýram etmäge taýýarlyk görlüşi, gyş möwsüminiň ýetip gelendigini göz öňünde tutup, ýyladyş ulgamlarynyň zerur ulanyş ýagdaýynda saklanylyşy barada hasabat berdi.
Aşgabat şäheriniň häkimi şeýle hem arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek boýunça amala aşyrylýan çäreler, hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, jemagat hojalygy ulgamy üçin gelip gowşan döwrebap tehnikalaryň nobatdaky tapgyrynyň netijeli işledilişi barada hasabat berdi.
Soňra wise-premýer gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy bilen birlikde, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, jemagat hojalygy pudagynyň edara-kärhanalarynyň maksatlaýyn wezipelerini berjaý etmek ugrunda häzirki wagtda ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, paýtagtymyzda geçiriljek halkara çärelere we Halkara Bitaraplyk gününe, Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.
Milli Liderimiz hasabatlary diňläp, Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek boýunça wezipeleri çözmäge oýlanyşykly, geljegi nazara alyp, toplumlaýyn çemeleşmelidigini, şäheriň öz belent derejesi bilen ähli babatda nusgalyk bolmalydygyny, hususan-da, munuň adamlaryň ýaşamagy üçin has oňaýly şertleriň döredilmegine degişlidigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bellenen meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirmegiň wajypdygy barada aýdyp, Aşgabady abadanlaşdyrmak boýunça işleri berk gözegçilikde saklamagy talap etdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, paýtagtymyzda arassaçylyk kadalaryny saklamak üçin niýetlenilen ýörite tehnikalar has netijeli işledilmelidir.
Hormatly Prezidentimiz ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we saglygy goraýyş edaralarynyň ýylylyk bilen üpjün edilişine, umuman, paýtagtymyzyň energiýa we gaz üpjünçiligini gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiz Aşgabat şäheriniň häkimine hem-de wise-premýere paýtagtymyzda şu hepdede göz öňünde tutulýan möhüm ähmiýetli halkara çäreleri ýokary derejede geçirmäge, Halkara Bitaraplyk gününe we Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görlüşini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň oba zähmetkeşleriniň yhlasly we tutanýerli zähmeti bilen “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny uly zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrandyklaryny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu günler daýhanlaryň tagallasy bilen ösdürilip ýetişdirilen “ak altyny” iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, saçaklarymyzyň berekedi hasaplanýan ak bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin ak ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ideg etmek, geljek ýylyň bol hasylynyň düýbüni tutmak işlerini guramak, bu işlerde tehnikalary we gurallary netijeli peýdalanmak, olary ýazky ekiş möwsümine doly taýýarlamak babatda görülýän çäreler hem-de oba hojalyk pudagynda möwsümleýin işleriň netijeleri boýunça daýhanlar bilen öndürilen önüm üçin hasaplaşyklaryň geçirilişi bilen gyzyklandy.
Soňra Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow welaýatda işleriň ýagdaýy, hususan-da, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginini güýçlendirmek boýunça görülýän çäreler, oba hojalyk tehnikalaryny öndürijilikli ulanmak, meýdanlarda pagtanyň galan hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnamak hem-de hasyly kabul ediş bölümlerine bökdençsiz daşamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Mundan başga-da, güýzlük bugdaýyň boý alan maýsalaryna agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek, olara öz wagtynda ösüş suwuny tutmak boýunça işleriň agrotehnikanyň talaplaryna laýyk dowam etdirilýändigi habar berildi.
Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin welaýatyň oba hojalyk meýdanlarynda ýeralmanyň hem-de beýleki gök ekinleriň hasylyny ýygnamak işleri bellenen möhlete laýyklykda, tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
Mundan başga-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin görülýän çäreler barada hasabat berildi.
Şeýle hem welaýatyň gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy bilen bagly meselelere üns çekildi.
Kärendeçi pagtaçylar meýdanda galan hasyly soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin yhlasly zähmet çekýärler. Daýhanlary täze ýeňişlere ruhlandyrmak maksady bilen, olary goldamagyň we höweslendirmegiň netijeli ulgamynyň ýola goýlandygy, şol sanda önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň geçirilişi barada habar berildi.
Häkim Halkara Bitaraplyk gününi hem-de Täze ýyl baýramyny welaýat we etrap derejesinde mynasyp bellemek üçin alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hem aýtdy.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew günbatar sebitde işleriň ýagdaýy, hususan-da, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän çäreler hakynda hasabat berdi.
Ýetişdirilen “ak altyny” soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, kombaýnlaryň güýji bilen ýygnalýan pagtanyň mukdaryny artdyrmak, tutuşlygyna alanyňda, ýygym möwsümini üstünlikli jemlemek üçin degişli düzümleriň işleriniň sazlaşykly utgaşdyrylýandygy, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalara hem-de harmanhanalara daşamakda tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegine gözegçilik edilýändigi barada habar berildi.
Häkim welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ösüş suwunyň bellenilen agrotehniki möhletlerde tutulmagyny üpjün etmek, ak ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ideg etmek, bu işde oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny bökdençsiz işletmek babatda alnyp barylýan işler barada hem hasabat berdi.
Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler, olaryň bellenilen agrotehniki möhletlerde tamamlanmagy, ýeralmanyň, gant şugundyrynyň, gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.
2022-nji ýylyň bereketli hasylynyň düýbüni tutmak işlerini talabalaýyk geçirmek maksady bilen, ähli oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny abatlamak hem-de ýazky ekiş möwsümine doly taýýarlamak işleri ýokary depginde dowam edýär.
Hasabatda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny», Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen çäreler, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleriň görülýändigi habar berildi. Şonuň ýaly-da, daýhanlaryň zähmetine hak tölemek işleri öz wagtynda geçirilýär.
Mundan başga-da, häkim Halkara Bitaraplyk gününe hem-de hemmeleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan Täze ýyl baýramyna taýýarlyk çärelerine ünsi çekdi.
Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatyň gowaça meýdanlarynda tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan işler barada aýdyp, daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen ýetişdirilen pagta hasylyny doly möçberde we ýitgisiz ýygnap almak üçin pagta ýygyjy kombaýnlaryň hem-de pagta daşaýan tehnikalaryň güýjünden ýerlikli peýdalanmak, gaýtadan işleýän kärhanalaryň bökdençsiz işledilmegini ýola goýmak boýunça hemme zerur çäreleriň görülýändigini habar berdi.
Şol bir wagtda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, güýzlük bugdaýa ideg etmek hem-de suw tutmak işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Häkim ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak, ilaty zerur önümler bilen bolelin üpjün etmek üçin ýetişdirilen şalynyň, ýeralmanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ýygnamak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak boýunça işleriň geçirilişi, ähli oba hojalyk tehnikalarydyr gurallaryny abatlap, ekiş möwsümine doly taýýarlamak işleriniň talabalaýyk alnyp barylýandygy barada aýdyldy.
Şunuň bilen bir hatarda, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» hem-de Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, hemmetaraplaýyn işler amala aşyrylýar. Önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna aýratyn üns berilýär. Şeýle hem oba zähmetkeşleri bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär.
Bulardan başga-da, häkim Halkara Bitaraplyk gününe, ýetip gelýän Täze ýyl baýramyna welaýat we etrap derejesinde taýýarlyk görmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi.
Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde işleriň ýagdaýy, hususan-da, meýdanlarda galan pagtanyň ýygymy hem-de geljek ýyl hasyl almak maksady bilen, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda güýzlük bugdaýyň maýsalaryna edilýän idegiň barşy barada hasabat berdi.
Welaýatyň häkimi milli Liderimize “ak altyny” soňky hanasyna çenli ýygnamak boýunça geçirilýän işler barada habar berdi. Munuň özi pagta ýygymynda ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegi hem-de ýygnalan hasyly harmanhanalara we pagta arassalaýjy kärhanalara bökdençsiz daşalmagy bilen şertlendirilendir.
Habar berlişi ýaly, bugdaýa suw tutmak we ideg etmek işleri agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilýär. Ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak hem-de halkymyzy zerur önümler bilen bolelin üpjün etmek maksadyndan ugur alyp, ýetişdirilen güýzlük ýeralmany, beýleki oba hojalyk önümlerini ýygnamak işleri dowam etdirilýär.
Welaýatyň häkimi geljekki hasylyň düýbüni tutmak hem-de möwsüme degişli tehnikalary we enjamlary taýýarlamak boýunça geçirilýän işleriň barşy barada hasabat berdi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde şu ýyl üçin kesgitlenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi barada-da habar berildi.
Häkim önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşyk depginini artdyrmak boýunça işleriň barşy hakynda hem hasabat berdi. Şol desgalarda işler ähli bildirilýän talaplary nazara almak bilen geçirilýär. Daýhanlaryň zähmetine hak tölemek boýunça işler öz wagtynda amala aşyrylýar.
Ýetip gelýän Halkara Bitaraplyk gününe taýýarlyk görmek hem-de Täze ýyl baýramyny welaýat we etrap derejesinde mynasyp garşylamak boýunça geçirilýän işlere-de aýratyn üns berildi.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şol sanda gowaça meýdanlarynda pagtany ýitgisiz ýygnap almak, ýygymda kombaýnlary, pagta daşaýan tehnikalary netijeli ulanmak, pagta arassalaýjy kärhanalary talabalaýyk işletmek, bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek, güýzlük bugdaýa öz wagtynda we guramaçylykly ideg etmek, bu işde oba hojalyk tehnikalaryny bökdençsiz peýdalanmak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Häkim ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek babatda ilatymyzyň zerur önümlere bolan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ýygnap almak boýunça görülýän çäreler barada-da habar berdi. Şeýle-de geljek ýylyň hasylynyň düýbüni mäkäm tutmak işlerini alyp barmakda ähli oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny abatlap, ýazky ekiş möwsümine doly taýýarlamak işleriniň talabalaýyk ýola goýlandygy barada aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi, önümçilik hem-de durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak üçin ähli tagallalar edilýär. Şeýle hem ýygnalan hasyl üçin daýhanlar bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär.
Häkim sebitde Halkara Bitaraplyk gününe, Täze ýyl baýramyna welaýat we etrap derejesinde taýýarlyk görmek boýunça görülýän çäreler barada-da aýtdy.
Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berildi. Wise-premýer ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Wise-premýeriň habar berşi ýaly, häzirki wagtda sebitlerde “ak altyny” soňky hanasyna çenli ýygnamak işleri gyzgalaňly dowam edýär. Häzir ýurdumyz boýunça 1 million 262 müň 574 tonna pagta ýygnalyp, bellenilen meýilnama 101,01 göterim berjaý edildi. Şeýle hem welaýatlarda döredilen mümkinçilikleriň netijesinde şu günler ýurdumyz boýunça tabşyrylan pagta hasyly üçin daýhanlar bilen hasaplaşyk işleri geçirilýär.
Şunuň bilen bir wagtda welaýatlarda güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça zerur agrotehniki çäreler ýerine ýetirilýär, güýzlük ýeralmany, käşiri, mäşi, noýbany we künjini ýygnamak boýunça işler geçirilýär. Oba hojalyk tehnikalarydyr enjamlary öz wagtynda abatlanylyp, taýýarlyk ýagdaýyna getirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ähmiýetini belläp, wise-premýere hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenmek bilen, oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak üçin sebitlerde bar bolan mümkinçilikleri doly ulanmagyň möhümdigini nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ekerançylyk işlerini öz wagtynda tamamlamagyň, meýdanlarda galan pagtany tiz wagtda ýygnamagyň, güýzlük bugdaýa ideg edilende, agrotehnikanyň kadalaryny gyşarnyksyz berjaý etmegiň zerurdygyny belledi. Munuň özi geljek ýylda bol hasyl almagyň girewi bolup durýar.
Oba hojalyk tehnikalarynyň ulanyş ýagdaýynyň, beýleki serişdeleriň taýýarlygynyň üpjün edilmegine aýratyn üns berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja önümleriniň, beýleki azyklyk ekinleriň hasylyny gysga möhletde ýygnap almak üçin ähli tagallalar edilmelidir. Ýurdumyzyň ilatyny ter gök önümleri bilen üpjün etmek üçin etraplarda we welaýatlarda bar bolan mümkinçilikleri doly peýdalanmaly diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, welaýatlaryň häkimlerine bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi bilen gyzyklanyp, olaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary gurmak boýunça işler meýilleşdirilen möhletlere laýyklykda alnyp barylmalydyr. Mundan başga-da, ýygnalan hasyl üçin daýhanlar bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda doly geçirilmelidigine üns çekilip, bu babatda wise-premýere hem-de häkimlere birnäçe tabşyryklar berildi.
Döwlet Baştutanymyz Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyl baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini nygtap, degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara ata Watanymyzyň rowaçlygynyň hem-de mähriban halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/47733
Ýakynda Şotlandiýanyň Glazgo şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagy ýurdumyzyň adamzadyň durnukly ösüşini we ekologik howpsuzlygy üpjün etmek boýunça halkara guramalar bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyga uly üns berýändiginiň aýdyň beýanydyr. Şu nukdaýnazardan, dünýä jemgyýetçiliginiň daşky gurşawy goramagyň meselelerini çözmäge gönükdirilen tagallalaryna Türkmenistanyň tebigaty goramak, ekologiýa meselelerini çözmek babatda ähmiýetli maksatnamalary durmuşa geçirmek arkaly öz saldamly goşandyny goşýandygyny ýene bir ýola görkezdi.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir döwlet maksatnamasynyň esasynda halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň wajyp meseleleri durýar. Daşky gurşawdaky tebigy deňagramlylygy saklamazdan, şeýle maksada ýetmek mümkin däl. Häzirki wagtda ekologik abadançylygy üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.
Türkmenistan BMG-niň tebigaty goramak baradaky ylalaşyklaryny, şol sanda Hazaryň deňiz gurşawyny goramak, Howanyň üýtgemegi, Çölleşmä garşy göreş, Biologik dürlülik, Ozon gatlagyny goramak, Howply galyndylaryň serhetüsti daşalyşyna we olaryň çykarylyşyna gözegçilik etmek, Habara elýeterlilik, kararlary kabul etmek işine jemgyýetçiligiň gatnaşmagy hem-de daşky gurşawa dahylly meseleler boýunça adyl kazyýetlige elýeterlilik, Serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri peýdalanmak, Ýabany haýwanlaryň göçýän görnüşlerini gorap saklamak bilen baglanyşykly Konwensiýalaryň hem-de howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygynyň tarapdary bolmak bilen, olardan gelip çykýan borçnamalary yzygiderli amala aşyrýar. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümleri bilen bilelikde, milli we sebit derejelerinde ekologik maksatnamalaryň taslamalarynyň onlarçasy durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawy goramak we ekologik howpsuzlygy üpjün etmek babatda alyp barýan syýasatynyň çäklerinde, şu ýylyň 25-nji iýunynda «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» kabul edildi hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasy tassyklandy. Bu möhüm resminamada köp mukdarda agaç nahallarynyň ekilip, tokaý zolaklarynyň giň gerimde döredilmegi bellenilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmakda giň mümkinçilikler açylar.
Pariž ylalaşygy BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly Konwensiýasynyň 21-nji maslahatynyň netijeleri boýunça 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul edildi. Ony bu Konwensiýanyň 197 agzasynyň ählisi goldady. Bitarap Türkmenistan 2016-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Howa boýunça Pariž ylalaşygyny ykrar etdi. Bütin dünýäniň wekilleriniň toparlary ekologiýa babatda düzedip bolmajak netijeleriň öňüni almak maksady bilen, adamzada Ýer ýüzünde ortaça temperaturanyň ýokarlanmagyny senagatyň ösmedik eýýamynyň degişli görkezijisinden 1,5-2°C çäklerde saklamagy zerur hasaplaýar. Munuň üçin bolsa, ilkinji nobatda, her bir döwletiň öz ekoulgamyny durnukly saklamagy wajypdyr.
Hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, «Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasy» kabul edildi. Resminamada bellenilişi ýaly, tebigy tokaýlaryň goralmagy, olaryň çäkleriniň giňeldilmegi, şeýle-de emeli tokaýlary döretmek hem-de ýurduň ilatynyň we degişli gurluşlaryň bu meseläniň wajyplygyna ünsüni çekmek örän ähmiýetli wezipedir. Tebigy ekoulgamlar Ýer ýüzünde ýaşaýyş üçin zerur şertleri üpjün edýär: howany we suwy arassalaýar, howany durnuklaşdyrýar hem-de ýumşadýar, topragyň hasyllylygyny dikeldýär, galyndylary täzeden işläp taýýarlaýar.
Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde ýylda millionlarça düýp bag nahallaryny ekmek indi däbe öwrüldi. Bu asylly iş geçen ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli nahallaryň 25 million düýbi oturdyldy. Şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeginde oturdylýan bag nahallarynyň sany 30 milliona çenli artdyryldy. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda ählihalk güýzki bag ekmek dabarasy guramaçylykly geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisinde eden çykyşynda ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselelerine, hususan-da, Aral meselesiniň ulgamlaýyn we toplumlaýyn çemeleşmek esasynda çözülmegine aýratyn ünsi çekdi. Türkmenistan beýleki birnäçe halkara forumlarda hem Aral deňziniň guramagynyň öňüni almak babatda anyk başlangyçlary we teklipleri öňe sürýär. Şeýle möhüm teklipleriň hatarynda BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak, Aral meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin suw meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzümini esaslandyrmak baradaky garaýyşlary aýratyn bellärliklidir.
Aral deňzi sebitinde durmuş-ykdysady we ekologik ýagdaýy gowulandyrmak, onuň ýaramaz täsirini azaltmak maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasyny işläp taýýarlamak we onuň durmuşa geçirilmegine gözegçilik etmek boýunça Pudagara topar döredildi hem-de Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasynyň Konsepsiýasy tassyklandy.
Ýurdumyz energiýa serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna, şol sanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine baý ýurt bolmak bilen, olary milli ykdysadyýetimiziň energetika ulgamyna ornaşdyrmak üçin ähli zerur şertleri döredýär. Şu ýyl Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi tarapyndan «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Kanunyň kabul edilmegi Gün, ýel, suw energiýasy ýaly tebigy çeşmeleri giňden peýdalanmaga we daşky gurşawy goramak hem-de önümçilige ekologik taýdan arassa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýaly «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen işleri amala aşyrmaga mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz milli parlamentiň ýolbaşçylaryna ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda, şol sanda daşky gurşawy goramak, ekologiýa babatda alnyp barylýan giň möçberli işleriň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek we ony umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyk getirmek bilen baglanyşykly yzygiderli tabşyryklar berýär. Olardan ugur alnyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi daşky gurşawy goramak çygrynda «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Tebigaty goramak hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Galyndylar hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny kabul etdi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň şu ýylyň 30-njy oktýabrynda geçirilen 6-njy çagyrylyşynyň 15-nji maslahatynda kabul edilen Türkmenistanyň «Ählumumy ýaşyl ösüş institutyny döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşulmak hakynda» Kanuny ýurdumyzda tebigaty goramak we uýgunlaşmak işlerini amala aşyrmak boýunça esasy resminama bolup durýar.
Azat SEÝDIBAÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň başlygy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/47731
«Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda
I. 2013-nji ýylyň 18-nji dekabryndaky «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 88-nji madda; 2014 ý., № 4, 148-nji madda; 2015 ý., № 1, 32-nji madda, № 2, 69-njy madda; 2016 ý., № 1, 68-nji madda, № 4, 165-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda, № 4, 97-nji madda; 2019 ý., № 2, 36-njy madda; 2020 ý., № 3, 46-njy madda, № 4, 85-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:
1) 6-njy maddada:
birinji bölegiň 8-nji bendinde «böleginde» diýen sözi «böleginiň birinji tesiminde» diýen sözlere çalşyrmaly;
ikinji bölege şu mazmunly tesimi goşmaly:
«Şu bölegiň birinji tesiminde göz öňünde tutulan Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, milli howpsuzlyk edaralarynyň, serhet we içerki goşunlarynyň, döwletiň bilim berýän edaralarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň, Ylymlar akademiýasynyň hem-de pudaklaýyn akademiýalaryň merkezleriniň esasy iş ugurlary bilen bagly bolmadyk döwlet emlägi eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň obýekti bolup biler.»;
2) 12-nji maddanyň 13-nji bendinde «şahadatnamany» diýen sözden soň, «we paýdarlar jemgyýetiniň esaslyk maýasyndaky döwlete degişli gymmatly kagyzlaryň paýyna eýeçilik hukugynyň geçendigini tassyklaýan resminamany» diýen sözleri goşmaly;
3) 16-njy madda şu mazmunly bölegi goşmaly:
«9. Ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertipde hususylaşdyrmagyň obýektleriniň satylmagyny amala aşyrmak boýunça işleri guramak we zerur bolan resminamalaryň dolanyşygy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda sanly elektron görnüşinde amala aşyrylyp bilner.»;
4) 18-nji maddanyň ikinji böleginiň ikinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:
«Eger-de hususylaşdyrylmaga degişli döwlet emlägi karz serişdeleriniň hasabyna emele getirilen (gurlan) bolsa, şeýle hem ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilen ýüztutmanyň ýanyna goşulýan resminamalaryň sanawyndaky resminamalary resmileşdirmek boýunça bergiler bar bolsa, onda şeýle emlägiň hususylaşdyrylmagyndan alnan serişdeler karzyň (karz boýunça hasaplanan göterimleriň hasaba alynmagy bilen), resminamalary resmileşdirmek boýunça bergileriň üzülişmegine gönükdirilýär, olaryň artan bölegi bolsa, şu bölegiň birinji tesimine laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýörite hasabyna geçirilýär.»;
5) 19-njy maddanyň ikinji böleginde «şeýle hem» diýen sözlerden soň «ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilen ýüztutmanyň ýanyna goşulýan resminamalaryň sanawyndaky resminamalary resmileşdirmek boýunça bergiler,» diýen sözleri goşmaly.
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 13-nji noýabry.
*Elektron neşir edilen gazetiň salgysy - maglumaty ýükläp almak üçin: "Türkmenistan gazeti" 22.11.2021ý.
Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda
I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçany girizmeli:
1. 2004-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan kabul edilen «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynda (2005-nji ýylyň 25-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi namalarynyň ýygyndysy, 2005 ý., HM-80; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2005 ý., № 4, 37-nji madda; 2006 ý., № 3, 12-nji madda; 2007 ý., № 1, 20-nji we 24-nji maddalar, № 2, 48-nji madda, № 4, 68-nji we 74-nji maddalar; Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi namalarynyň ýygyndysy, 2008 ý., HM-96; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 1, 7-nji madda, № 3, 41-nji madda; 2009 ý., № 2, 41-nji madda, № 3, 45-nji madda; 2010 ý., № 1, 19-njy madda, № 2, 34-nji madda, № 3, 64-nji madda; 2011 ý., № 1, 5-nji we 24-nji maddalar, № 2, 45-nji madda, № 3, 59-njy madda; 2012 ý., № 1, 48-nji madda, № 3, 68-nji madda; 2013 ý., № 1, 7-nji madda, № 2, 26-njy madda; 2014 ý., № 1, 24-nji we 49-njy maddalar, № 3, 112-nji madda, № 4, 149-njy madda; 2015 ý., № 2, 48-nji we 71-nji maddalar, № 3, 111-nji madda, № 4, 146-njy madda; 2016 ý., № 1, 52-nji madda, № 3, 118-nji madda, № 4, 144-nji we 165-nji maddalar; 2017 ý., № 2, 77-nji madda, № 3, 111-nji madda, № 4, 135-nji we 147-nji maddalar; 2018 ý., № 2, 42-nji madda, № 4, 95-nji we 107-nji maddalar; 2019 ý., № 2, 34-nji madda, № 4, 94-nji madda; 2020 ý., № 3, 45-nji madda, № 4, 84-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 49-njy we 51-nji maddalar):
1) 84-nji maddanyň birinji böleginiň sekizinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:
«salgyt edarasynda hasaba durmazdan, telekeçilik işi bilen meşgullanýan taraplary we salgyt salmagyň ýönekeýleşdirilen ulgamy bellenilen işleriň görnüşleri üçin girdeji salgydynyň bellenen ululygynyň tölenendigine şaýatlyk edýän tassyknamanyň möhletiniň tamamlanandygyna garamazdan, telekeçilik işini dowam etdirýän taraplary, şeýle hem tassyknamada görkezilen işleriň görnüşlerinden başga, girdeji salgydynyň bellenen ululygy ýokary bolan işler bilen meşgullanýan taraplary ýüze çykarmak;»;
2) 95-nji maddanyň ikinji böleginiň soňky tesiminde «ýeňillikli» diýen sözi «ýönekeýleşdirilen» diýen söze çalşyrmaly;
3) 200-nji maddada:
adynda we birinji bölekde «ýeňillikli» diýen sözi «ýönekeýleşdirilen» diýen söze çalşyrmaly;
ikinji, üçünji we dördünji bölekleri şu görnüşde beýan etmeli:
«2. Salgyt salmagyň ýönekeýleşdirilen ulgamy girdeji salgydynyň bellenen ululygyny, şeýle-de telekeçilik işlerinden alnan umumy girdejiden tölenilýän girdeji salgydyny (umumy girdejiden tölenilýän girdeji salgydy), şu Bitewi kanunyň 188-nji we 189-njy maddalarynda bellenen aýyrmalaryň möçberini azaltmazdan, göz öňünde tutýar. Şunda 187-nji maddanyň bäşinji böleginde bellenen ýeňillikler ulanylmaýar.
3. Girdeji salgydynyň bellenen ululygy telekeçilik işleriniň her bir görnüşi boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
Telekeçilik işleriniň birnäçe görnüşleri amala aşyrylanda, girdeji salgydynyň bellenen ululygynyň iň ulusy tölenilýär.
Girdeji salgydynyň bellenen ululygy salgyt töleýjiniň telekeçilik işlerini amala aşyrmagy niýet edýän döwri başlanmanka tölenilýär. Bu döwür üç aýdan az bolmaly däldir.
Salgyt töleýjiniň amala aşyrýan işini wagtlaýynça duruzmagy – şu döwür üçin girdeji salgydynyň bellenen ululygyny tölemek boýunça borçnamalarynyň ýerine ýetirilmeginiň aradan aýrylmagyna, girdeji salgydynyň bellenen ululygy tölenilen döwürde bolsa, onuň möçberiniň üýtgemegine getirmeýär.
Girdeji salgydynyň bellenen ululygynyň hasaplanan möçberi şu ýagdaýlarda üýtgedilip bilner:
salgyt töleýji tarapyndan görkezilen döwürde işiň girdeji salgydynyň bellenen ululygynyň has ýokary derejesi bellenen görnüşi amala aşyrylanda;
salgyt töleýji tarapyndan hususy telekeçi hökmündäki iş bes edilende.
Girdeji salgydynyň bellenen ululygy salgyt töleýji aradan çykan halatynda onuň hukuk oruntutaryna gaýtarylyp berlip ýa-da salgytlar, şeýle hem maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri boýunça bergileri üzmegiň hasabyna hasaplaşyga alnyp bilner. Görkezilenler artyk tölenilen umumy girdejiden tölenilýän girdeji salgydyna hem degişlidir.
Girdeji salgydynyň bellenen ululygyny gaýtadan hasaplamak degişlilikde, işiň täze görnüşini amala aşyrmak başlanmazdan ýa-da işiň bes edilmezinden öň, salgyt töleýjiniň salgyt edarasyna berilýän arzasynyň esasynda geçirilýär.
Salgyt töleýjiniň hasaba duran ýerindäki salgyt edarasy salgyt töleýjä Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bellenen nusga boýunça girdeji salgydynyň bellenen ululygyny töländigine şaýatlyk edýän resminamany (tassyknama) berýär (uzaldýar). Tassyknama salgyt töleýjiniň telekeçilik işlerini amala aşyrmagy niýet edýän döwri başlanmanka berilýär (uzaldylýar).
Tassyknama salgyt töleýjiniň telekeçilik işini amala aşyrmagy maksat edinýän döwrüniň başlanmagyna çenli, on günden giç bolmadyk möhletde salgyt babatda hasapda goýlan ýerindäki salgyt edarasyna onuň berýän arzasy esasynda berilýär (uzaldylýar).
Bu möhleti bozmak bilen tassyknamanyň güýjüni uzaltmak (täzesini bermek) üçin salgyt töleýji salgyt edarasyna ýüz tutan halatynda, bar bolan (ýa-da öň berlen) tassyknamada görkezilen döwrüň tamamlanýan möhletinden soňky seneden başlap, tassyknamanyň güýji uzaldylmalydyr (täzesi berilmelidir). Şunda girdeji salgydynyň bellenen ululygynyň wagtynda tölenilmezligi şu Bitewi kanunyň 70-nji maddasyna laýyklykda puşmana töleginiň ulanylmagyna getirýär.
4. Umumy girdejiden tölenilýän girdeji salgydy şu maddanyň birinji böleginde görkezilen telekeçilik işleriniň görnüşleri boýunça harytlary (işleri, hyzmatlary) ýerlemekden alynýan girdejini, şeýle-de şu maddanyň bäşinji we altynjy böleklerinde bellenen ýerlemekden daşarky amallardan alnan aýry-aýry girdejileri we çykdajylary (ýitgileri) öz içine alýan umumy girdejiniň jeminden hasaplanýar.
Harytlary (işleri, hyzmatlary) ýerlemekden alnan girdejini kesgitlemek maksady üçin, şu Bitewi kanunyň 186-njy maddasynyň we 187-nji maddanyň ikinji we üçünji bölekleriniň düzgünleri ulanylýar.
Umumy girdejiden tölenilýän girdeji salgydyny hasaplamak üçin şu bölege we şu maddanyň bäşinji we altynjy böleklerine laýyklykda kesgitlenýän umumy girdeji salgyt özeni bolup durýar.»;
bäşinji bölegiň dokuzynjy tesiminde «haryt-material» diýen sözleri «haryt-maddy» diýen sözlere çalşyrmaly;
ýedinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«7. Umumy girdejiden tölenilýän girdeji salgydynyň möçberi umumy girdejiniň 2 göterimi möçberinde bellenilýär.»;
dokuzynjy bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«9. Hasabat (salgyt) döwri üçin umumy girdejiden tölenilýän girdeji salgydy şu maddanyň dördünji bölegine laýyklykda hasaplanýan salgyt özenini şu maddanyň ýedinji böleginde kesgitlenen salgyt möçberine köpeltmek arkaly kesgitlenýär.»;
onunjy bölekde:
birinji we ikinji tesimlerde «1-nji bölüminde» we «goşmaça patent tölegi» diýen sözleri degişlilikde «birinji böleginde» we «umumy girdejiden tölenilýän girdeji salgydy» diýen sözlere çalşyrmaly;
üçünji tesimde «(goşmaça patent tölegi)» diýen sözleri aýyrmaly.
2. 1999-njy ýylyň 23-nji noýabryndaky «Paýdarlar jemgyýetleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1999 ý., № 4, 55-nji madda; 2009 ý., № 2, 33-nji madda; 2012 ý., № 1, 48-nji madda; 2015 ý., № 1, 30-njy madda, № 2, 66-njy madda) 12-nji maddasynyň birinji böleginiň ikinji tesiminde «kanunçylykdan bellenen iň az iş hakynyň azyndan» diýen sözleri «Türkmenistanyň kanunçylygy bilen salgytlary we ýygymlary hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk mukdarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly.
3. 2000-nji ýylyň 15-nji iýunyndaky «Kärhanalar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2000 ý., № 2, 13-nji madda; 2009 ý., № 2, 33-nji madda; 2012 ý., № 1, 48-nji madda, № 2, 51-nji madda; 2013 ý., № 4, 82-nji madda; 2015 ý., № 1, 31-nji madda; 2016 ý., № 1, 71-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda; 2019 ý., № 2, 35-nji madda; 2020 ý., № 1, 13-nji madda; 2021 ý., № 1, 16-njy madda):
1) 11-nji maddanyň ikinji böleginde «hukuk kämillikli fiziki we edara görnüşindäki taraplar» we «taraplary» diýen sözleri degişlilikde «ýuridik şahslar we kämillik ukyby bolan fiziki şahslar» we «şahslary» diýen sözlere çalşyrmaly;
2) 12-nji maddada:
üçünji bölegiň üçünji we dördünji tesimlerini birleşdirmeli we şu görnüşde beýan etmeli:
«esaslandyryjylaryň sanawy, eger esaslandyryjy ýuridik şahs bolsa, onda onuň adyny, hukuk salgysyny görkezmek bilen, eger esaslandyryjy fiziki şahs bolsa, onda onuň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny, ýaşaýan ýerini we şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň maglumatlaryny görkezmek bilen;»;
bäşinji bölegiň ikinji tesiminde «edara görnüşindäki taraplar degişli edara görnüşindäki tarapyň» diýen sözleri «ýuridik şahslar degişli ýuridik şahsyň» diýen sözlere çalşyrmaly;
3) 13-nji maddada:
birinji bölekde «edara görnüşindäki tarap» diýen sözleri «ýuridik şahs» diýen sözlere çalşyrmaly;
ikinji bölegiň üçünji we dördünji tesimlerini birleşdirmeli we şu görnüşde beýan etmeli:
«esaslandyryjylaryň (gatnaşyjylaryň) sanawy, eger esaslandyryjy ýuridik şahs bolsa, onda onuň adyny, hukuk salgysyny görkezmek bilen, eger esaslandyryjy fiziki şahs bolsa, onda onuň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny, ýaşaýan ýerini we şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň maglumatlaryny görkezmek bilen;»;
4) 15-nji maddada:
birinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«1. Kärhanalaryň döwlet belligi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de onuň welaýat we Aşgabat şäher Baş maliýe we ykdysadyýet müdirlikleri tarapyndan amala aşyrylýar.»;
dördünji bölekde «edara görnüşindäki taraplaryň» diýen sözleri «Ýuridik şahslaryň» diýen sözlere çalşyrmaly;
bäşinji bölekde «edara görnüşindäki taraplaryň Ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmäni on gün möhletde» diýen sözleri «Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan maglumatlary üç iş güni möhletde» diýen sözlere çalşyrmaly;
5) 17-nji maddanyň ikinji böleginde:
dördünji we bäşinji tesimleri birleşdirmeli we şu görnüşde beýan etmeli:
«esaslandyryjylaryň sanawy, eger esaslandyryjy ýuridik şahs bolsa, onda onuň adyny, hukuk salgysyny görkezmek bilen, eger esaslandyryjy fiziki şahs bolsa, onda onuň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny, ýaşaýan ýerini we şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň maglumatlaryny görkezmek bilen.»;
altynjy, ýedinji we sekizinji tesimleri aýyrmaly;
6) 21-nji maddanyň ikinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:
«2. Kärhananyň adynyň, onuň eýesiniň ýa-da hukuk salgysynyň, esaslandyryjylaryň düzüminiň, onuň guramaçylyk-hukuk görnüşiniň üýtgedilmegini göz öňünde tutýan esaslandyryş resminamalaryndaky üýtgetmeler diňe kärhananyň gaýtadan bellige alynmagy geçirilen pursadyndan güýje girýär.
Kärhananyň gaýtadan bellige alynmagy kärhanany döwlet belligine almak üçin göz öňünde tutulan tertipde we möhletlerde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de onuň welaýat we Aşgabat şäher Baş maliýe we ykdysadyýet müdirlikleri tarapyndan amala aşyrylýar.»;
7) 23-nji maddada:
birinji bölekde «edara görnüşindäki taraplaryň» diýen sözleri «Ýuridik şahslaryň» diýen sözlere çalşyrmaly;
ikinji bölekde:
birinji tesimde we «a» bentde «Şahamçasy» we «şahamçasy» diýen sözleri degişlilikde «Şahamçany» we «şahamçany» diýen sözlere çalşyrmaly;
«b», «ç» we «e» bentleri güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli;
üçünji bölegi aýyrmaly;
8) 24-nji maddanyň birinji böleginiň ýedinji tesiminde «şereketi» diýen sözi «jemgyýeti» diýen söze çalşyrmaly;
9) 29-njy maddada;
adynda we mazmunynda «şereketi», «şereketiniň», «şereketine», «şereketini», «şereketiň» we «şereketleri» diýen sözleri degişlilikde «jemgyýeti», «jemgyýetiniň», «jemgyýetine», «jemgyýetini», «jemgyýetiň» we «jemgyýetleri» diýen sözlere çalşyrmaly;
birinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«1. Bilelikdäki işi amala aşyrmak üçin iki we şondan köp fiziki we (ýa-da) ýuridik şahslaryň birleşigi hojalyk jemgyýeti hasaplanylýar.»;
üçünji bölekde «edara görnüşindäki taraplaryň» diýen sözleri «ýuridik şahslaryň» diýen sözlere çalşyrmaly;
10) Kanunyň ýazgysynda edara görnüşindäki taraplaryň ýeke-täk döwlet sanawyna, edara görnüşindäki tarapa, edara görnüşindäki taraplara, fiziki tarapa we fiziki taraplara salgylanmalary degişlilikde Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyna, ýuridik şahsa, ýuridik şahslara, fiziki şahsa we fiziki şahslara salgylanmalara çalşyrmaly.
4. 2011-nji ýylyň 1-nji oktýabryndaky «Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 4, 74-nji madda; 2013 ý., № 3, 59-njy madda; 2014 ý., № 1, 49-njy madda; 2015 ý., № 1, 45-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda; 2020 ý., № 1, 15-nji madda, № 4, 83-nji madda) 8-nji maddasynyň üçünji böleginiň 3-nji bendinde «degişli patentiň» diýen sözleri «salgyt salmagyň ýönekeýleşdirilen ulgamy bellenilen işleriň görnüşleri üçin girdeji salgydynyň bellenen ululygynyň tölenendigine şaýatlyk edýän tassyknamasynyň» diýen sözlere çalşyrmaly.
5. 2015-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky «Demir ýol ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 20-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda; 2019 ý., № 2, 36-njy madda):
8-nji maddada:
2-nji bende şu mazmunly kiçi bentleri goşmaly:
«g) Demir ýollaryň sowma zolaklarynyň bellenilmeginiň we peýdalanylmagynyň tertibini;
h) Demir ýollaryň we demir ýol ulagynyň beýleki obýektleriniň gorag zolaklarynyň bellenilmeginiň tertibini;»;
4-nji bendi güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli;
13-nji maddanyň üçünji böleginiň ikinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:
«Demir ýollaryň sowma zolaklarynyň bellenilmeginiň we peýdalanylmagynyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.».
6. 2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndаky «Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 4, 105-nji madda; 2019 ý., № 1, 14-nji madda, № 4, 70-nji madda):
14-nji maddanyň bäşinji böleginiň ikinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:
«Pes alkogolly içgileriň belgilenmesinde içginiň bir günde ulanylmagy maslahat berilýän möçberi barada ýazgy bolmalydyr.»;
18-nji maddanyň 6-njy bendini şu görnüşde beýan etmeli:
«6) bedenterbiýe-sagaldyş we sport obýektlerinden, saglygy goraýyş edaralaryndan we medeniýet edaralaryndan, menzillerden, ýolagçy platformalaryndan, howa menzillerinden, deňiz we derýa portlaryndan, ulag ýangyç guýuş beketlerinden, harby maksatly obýektlerden ýigrimi bäş metre çenli aralykda ýerleşýän söwda obýektlerine (paçsyz söwda dükanlary muňa degişli däldir). Şu bentde we şu maddanyň 1-nji bendinde bellenen aralygy kesgitlemek Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar;»;
21-nji maddanyň üçünji böleginde «aýratyn ammar jaýlarynyň bolmagy hakyndaky» diýen sözleri aýyrmaly;
24-nji maddanyň altynjy böleginiň 5-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:
«5) şu Kanunyň 14-nji maddasynyň dokuzynjy böleginde görkezilen gaplara gaplanylan;».
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 13-nji noýabry.
*Elektron neşir edilen gazetiň salgysy - maglumaty ýükläp almak üçin: "Türkmenistan gazeti" 22.11.2021ý.
«Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda
I. 2008-nji ýylyň 25-nji iýunyndaky «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (2019-njy ýylyň 30-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde) (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 4, 87-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 49-njy madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:
1-nji maddanyň 4-nji bendinde «ygtyýarnamanyň talaplary» diýen sözleri «ygtyýarnama talaplary» diýen sözlere çalşyrmaly;
8-nji maddanyň birinji böleginde:
4-nji, 6-njy we 7-nji bentlerde «ygtyýarnamanyň talaplarynyň», «ygtyýarnamalylar», «ygtyýarlylandyrylmaga» we «tertibini» diýen sözleri degişlilikde «ygtyýarnama talaplarynyň», «Ygtyýarnamalylar», «Ygtyýarlylandyrylmaga» we «tertibi boýunça gözükdirijini» diýen sözlere çalşyrmaly;
6-njy bentden soň şu mazmunly bendi goşmaly:
«61) Ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan berlen arzada we resminamalarda özi hakda bar bolan maglumatlaryň dolulygyna we dogrulygyna, ygtyýarnama talaplarynyň we şertleriniň ýerine ýetirilmeginiň mümkinçiligine barlaglary geçirmegiň tertibi boýunça gözükdirijini tassyklaýar;»;
18-nji maddada:
birinji bölekde «ygtyýarnamanyň talaplarynyň» we «ygtyýarnamanyň talaplaryny» diýen sözleri degişlilikde «ygtyýarnama talaplarynyň» we «ygtyýarnama talaplaryny» diýen sözlere çalşyrmaly;
şu mazmunly bölegi goşmaly:
«6. Ygtyýarlylandyryjy edara şu maddada göz öňünde tutulan barlaglary amala aşyrmak üçin şu Kanunyň 8-nji maddasynyň birinji böleginiň 6-njy, 61-njy we 7-nji bentlerinde göz öňünde tutulan gözükdirijileri goldanyp, şu aşakdakylary işläp taýýarlaýar hem tassyklaýar:
1) Ygtyýarnamalylar tarapyndan ygtyýarnama talaplarynyň we şertleriniň ýerine ýetirilişine barlaglary geçirmegiň tertibini;
2) Ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan berlen arzada we resminamalarda özi hakda bar bolan maglumatlaryň dolulygyna we dogrulygyna, ygtyýarnama talaplarynyň we şertleriniň ýerine ýetirilmeginiň mümkinçiligine barlaglary geçirmegiň tertibini;
3) Ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň ygtyýarnamasyz amala aşyrylmagy boýunça barlaglary geçirmegiň tertibini.».
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 13-nji noýabry.
*Elektron neşir edilen gazetiň salgysy - maglumaty ýükläp almak üçin: "Türkmenistan gazeti" 22.11.2021ý.