Durnukly ösüşiň bähbidine täzeçil teklipler

Türkmenistan halkara gatnaşyklaryň esasy meseleleriniň biri bolan ählumumy parahatçylygy saklamak, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek babatda dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýän anyk başlangyçlardyr teklipler bilen çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 23-nji sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisindäki sanly ulgam arkaly çykyşy hem munuň aýdyň güwäsi boldy. Şol mejlisde milli Liderimiziň öňe süren täze başlangyçlary häzirki zaman dünýäsinde ýüze çykýan hadysalaryň çözgüdini işläp taýýarlamakda halkara gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri bilen doly derejede sazlaşýar.

76-njy mejlisiň çäklerinde eden çykyşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş taryhyň häzirki tapgyrynda dünýä bileleşiginiň bir wagtda meseleleriň birnäçe toplumy, ýagny pandemiýa, ýaragly dawalardyr gapma-garşylyklar, howanyň üýtgemegi, deňsizlik bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny aýratyn nygtady. Türkmenistan ylmy diplomatiýanyň ýörelgelerine esaslanyp, pandemiýadan üstün çykmagyň ilkinji şertleriniň biri hökmünde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmek ugrunda toplumlaýyn işleri yzygiderli amala aşyrýar. Biziň döwletimiz BMG-niň täze görnüşli koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek boýunça işlenip taýýarlanylan strategiýalarydyr meýilnamalary esasynda saglygy goraýyş babatda adatdan daşary ýagdaýlara täsir edilmegini, ählumumy taýýarlygyň berkidilmegini hem-de köpçülikleýin durnuklylygy esasy wezipeleriň biri hasaplaýar. Şundan ugur alyp, döwlet Baştutanymyz Baş Assambleýanyň 76-njy mejlisinde bu howpa garşy göreşmekde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen, birnäçe halkara we sebit gurallaryny esaslandyrmak boýunça teklipleri öňe sürdi.

Halkara syýasatda geçen asyryň ortalaryndan başlap has derwaýys häsiýete eýe bolan we häzirki döwürde uly üns berilýän meseleleriň biri-de tebigaty goramak hem-de ekologiýa bilen baglanyşyklydyr. Baş Assambleýanyň 76-njy mejlisiniň ilkinji günlerinde onuň münberinden çykyş eden görnükli ýolbaşçylardyr syýasatşynaslaryň bellemeklerine görä, bu mejlisiň gün tertibiniň esasy meselesi tebigaty halas etmek bilen bagly bolup, onuň howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak boýunça meýilleşdirilen uly göwrümli halkara forumlar bilen bir wagtda geçirilýändigi üns çekilmäge mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň dowamynda Aral deňzi meselesini gozgap, ýurdumyzyň sebit boýunça hyzmatdaşlar bilen bilelikde BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň döredilmegi ugrunda tagalla etjekdigini belledi. Şunda Aral meselesiniň Türkmenistan tarapyndan geçen ýyllaryň dowamynda guralan halkara forumlardyr mejlislerde yzygiderli öňe çykarylýandygyny, bu babatda türkmen tarapynyň teklipleri esasynda BMG-niň degişli Kararnamalarynyň kabul edilendigini aýtmak gerek.

Halkara gatnaşyklar ulgamynyň häzirki tapgyrynda özara ynamyň ýetmezçiligi ýiti meseleleriň biri bolmagynda galmak bilen, onuň dünýä bileleşiginiň ählumumy parahatçylygyň we durnuklylygyň institusional esaslarynyň gowşamagyna getirýändigi 76-njy mejlisiň dowamynda edilen çykyşlaryň aglabasynda nygtaldy. 2021-nji ýylyň tutuş dünýäde, Türkmenistanyň başlangyjy bilen, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýändigi ähli döwletleriň tagallalaryny birleşdirmekde öňdengörüjilikli daşary syýasatyň netijesi bolup, bu ugurdaky degişli Kararnama öz wagtynda işlenip taýýarlanan resminamadyr. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan işlenip düzülen howpsuzlygyň bitewüligi we bölünmezligi hakynda konsepsiýanyň esasy ýörelgeleridir maksatlary türkmen tarapynyň iri halkara forumlarda öňe sürýän başlangyçlarynda öz beýanyny tapýar. Bu ugurda şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäreleriniň mynasyp jemlenmesine öwrüljekdigini ynamly aýtmak bolar.

Sebitiň durnukly ösüşine gönüden-göni täsirini ýetirýän goňşy Owganystandaky ýagdaýlar BMG-niň strategik gün tertibinde ileri tutulýan meseleleriň hataryna girýär. Soňky ýyllarda ýurdumyz Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin täze syýasy-diplomatik gurallary işläp taýýarlamak üçin tagallalary birleşdirmek, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda bu ýurduň ykdysadyýetini dikeltmek boýunça uzak möhletleýin maksatnamany işläp taýýarlamak teklibi bilen çykyş etdi hem-de özüniň syýasy giňişlikde zerur bolan gepleşikleri üpjün etmäge taýýardygyny äşgär etdi. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýyň tizden-tiz kadalaşdyrylmagynyň tarapdarydygyny ýene bir gezek aýratyn nygtap, bu ugurda kabul ederlikli çözgütleriň işlenip taýýarlanylmalydygyna dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekdi.

Ynsanperwer ugurdaky meseleler hem Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz 2021 — 2025-nji ýyllarda BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzasy hökmünde, Türkmenistanyň onuň ýaşlaryň işi, däp bolan maşgala gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we beýleki ugurlar boýunça durmuş goraglylygynyň ylalaşykly çemeleşmelerini hem-de hereketlerini işläp taýýarlamak babatda baş utgaşdyryjy edara hökmündäki ornunyň berkidilmegine ýardam bermäge taýýardygyny belledi. Ýeri gelende nygtasak, ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň çäklerinde, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, gender deňligi, bosgunlaryň hukuklary, enäniň hem-de çaganyň saglygyny berkitmek, mümkinçilikleri çäkli adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek, ýaşlar syýasaty ýaly meseleler boýunça iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär we anyk işler durmuşa geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisindäki taryhy çykyşyndan görnüşi ýaly, üstünlikli amala aşyrylýan döredijilikli we ynsanperwer daşary syýasatymyz döwletimiziň dünýä giňişligindäki ornuny ýokarlandyrmaga we pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň çözgüdini tapmak babatdaky başlangyçlarymyzyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi Bitarap Türkmenistanyň halkara syýasatdaky ähmiýetli ornuny has-da berkidýär.

Esen AÝDOGDYÝEW,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/41567