Türkmenistan — iri halkara ulag-logistika merkezi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda döwrebap ulag-üstaşyr logistik düzümi döretmek hem-de ulag-kommunikasiýalar ulgamyny ýokary depginler bilen ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän işler diňe bir milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegine däl, eýsem, tutuş sebitiň ösüşine hem kuwwatly itergi berýär. Ýurt Baştutanymyzyň başlangyjy we tagallasy bilen, awtoulag, demir ýol we deňiz gatnawlaryny ulanmak esasynda, «Demirgazyk — Günorta», «Gündogar — Günbatar» ugurlary boýunça ulag ulgamyny ösdürmek boýunça geljegi uly taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu babatda Ýuwaş ummanyndan Hazar we Gara deňizlerine çenli, Ýewropa yklymynyň demirgazygyndan Hindi ummanyna çenli geografik taýdan örän uly giňişligi birleşdirmek baradaky tagallalar aýratyn ähmiýetlidir. 

Uçuşlaryň howpsuzlygyny, Türkmenistanyň howa giňişliginiň üstaşyr geçelgeleriniň netijeli ulanylmagyny üpjün etmek maksady bilen, täze ugurlaryň hasabyna howa gatnawlarynyň depgini has-da artdyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň howa giňişliginde howa gatnawlaryny dolandyrýan gulluk tarapyndan dünýäniň 200-den gowrak awiakompaniýasynyň howa gämilerine hyzmat edilýändigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Ýurdumyz yklym we yklymara awiaýollardaky iri üstaşyr nokada öwrülýär. Şoňa görä-de, Aşgabat Halkara howa menzili Diýarymyzyň baş «howa derwezesi» hasaplanýar.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça taryhy ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Awazada geçirilen konsultatiw duşuşygynda milli Liderimiz ulag babatda sebitara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ünsi çekmek bilen: «Ulag ulgamy Merkezi Aziýa döwletleriniň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky, şeýle hem Merkezi Aziýanyň Ýewraziýa yklymynyň beýleki sebitleri bilen ýük we ýolagçy gatnawlary üçin amatly şertleri bilelikde döretmelidigimize pugta ynanýaryn. Bu wezipe strategik maksadyň gazanylmagy — «Demirgazyk — Günorta» we «Gündogar — Günbatar» ugurlary boýunça ozal bar bolan üstaşyr ulag geçelgeleriniň netijeli işledilmegi hem-de täzeleriniň döredilmegi bilen gönüden-göni baglydyr. Şol ugurlarda Merkezi Aziýa möhüm baglanyşdyryjy halka bolup hyzmat etmäge gönükdirilendir» diýip belledi.

Türkmenistanyň iri halkara logistik merkez hökmünde ulag aragatnaşygynda köpugurlaýyn yklymara ulag infrastrukturasynyň kemala gelmegindäki hyzmaty Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ileri tutulýan durnukly ösüşiň maksatlaryna doly laýyk gelýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli daşary syýasaty ulag ulgamy babatda halkara hyzmatdaşlygy özara bähbitli esaslarda, netijeli alyp barmaga giň mümkinçilikleri açýar. «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» ulag ulgamynyň Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ugurlarynyň biri bolmalydygy barada aýdylýar. Şoňa görä-de, ulag geçelgelerini döretmek boýunça ýurdumyzyň başlangyçlaryny işjeň durmuşa geçirmek we Merkezi Aziýany yklym ähmiýetli iri üstaşyr geçiriş çatrygyna öwürmek üçin zerur bolan ähli işleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Gahryman Arkadagymyzyň ulag diplomatiýasyny ösdürmäge we häzirki zaman üstaşyr ulag geçelgelerini kämilleşdirmek arkaly, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasaty oňyn netijelerini berýär. Ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyçlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Rezolýusiýalaryň birnäçesi kabul edildi.

Häzirki wagtda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» durmuşa geçirilýär. Sanly ykdysadyýete geçmekde bazar özgertmeleriniň üstünlikli amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da ýokarlandyrýar. Şoňa görä-de, döwlet kärhanalary ýuwaş-ýuwaşdan hususylaşdyrylýar ýa-da olaryň eýeçiliginiň görnüşi üýtgedilýär. Şu ýylyň iýulynda ulag we aragatnaşyk toplumynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň eýeçiliginiň görnüşi üýtgedilip, olar agentliklere öwrüldi. Ministrler Kabinetiniň ýanynda ministrligiň hukuklarynda Ulag we kommunikasiýalar agentligi döredildi.

Häzirki döwürde Ýewropa we Aziýa ýurtlaryny birleşdirýän häzirki zaman transkontinental ýollaryň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan döwletimiz sebitiň we tutuş dünýäniň abadançylygynyň hem-de durnukly ösüşiniň bähbitlerine laýyk gelýän özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen, ulag ulgamynda öz kuwwatyndan netijeli peýdalanýar we iri halkara ulag-logistika merkezine öwrülýär.

Parahat ŞAMYRADOW,

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Halkara meseleler baradaky komitetiniň agzasy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/41562