Новости
Pul-karz syýasaty: döwrebaplyk, ösüş we netijelilik

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barylýan düýpli özgertmeler özüniň oňyn netijelerini berýär. Munuň aýdyň mysalyny «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan 2022-nji ýylyň jemlerinden hem görmek bolýar. 

                                                                   

Geçen ýylda ýurduň ykdysady ösüşini häsiýetlendirýän esasy makroykdysady görkeziji bolan jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim boldy, şol sanda senagatda 6,3, söwdada 8,9, oba hojalygynda 5,7 göterime deň boldy. Şeýle ýokary depginli ösüşiň gazanylmagy netijesinde, ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň (býujetiň) girdeji bölegi 125,8 göterim, çykdajy bölegi 99,9 göterim ýerine ýetirildi. Gazanylan üstünlikler türkmen ykdysadyýetiniň bazar ykdysadyýeti şertlerinde üstünlikli ilerleýändigini görkezýär. Bazar, öňi bilen, ähli ykdysady gurallaryň, şol sanda pul-karz syýasatynyň döwrebaplaşdyrylmagyny, ösdürilmegini we kämilleşdirilmegini talap edýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň alyp barýan pul-karz syýasaty ýurduň ykdysady syýasatynyň düzüm bölegi bolmak bilen, durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Ýurtda pul dolanyşygyny kämilleşdirmek, pul birliginiň satyn alyş ukybynyň durnuklylygyny üpjün etmek, karz serişdeleriniň elýeterliligi, ykdysadyýete gönükdirilýän karz serişdeleriniň möçberini artdyrmak, maliýe goldawynyň berilmegi netijesinde kärhanalaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny has-da gowulandyrmak ykdysadyýeti ösdürmekde esasy görkezijiler hasap edilýär.  

                                                                   

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, Merkezi bank tarapyndan pul-karz we walýuta syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, täze pul-karz gurallaryny ornaşdyrmak boýunça köp sanly çäreler durmuşa geçirilýär. Şu meseleleri üstünlikli çözmek üçin dünýäniň ösen döwletleriniň banklarynyň, halkara maliýe guramalarynyň baý tejribesi öwrenilýär we ýurdumyzyň bank önümçiligine giňden ornaşdyrylýar. 

                                                                   

Türkmenistanyň bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça işleriň ykdysadyýetiň ösýän isleg-talabyna laýyklykda amala aşyrylmagy pul dolanyşygynyň hereketini çaltlandyrmaga, ýokary netijeli pul-karz syýasatyny geçirmäge we milli manadymyzyň makroykdysady görkezijilere täsirini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Pul-karz syýasaty ýurduň maýa goýum işjeňligine öz täsirini ýetirýär. Çünki maýa goýumyň mukdar taýdan köpelmegi we hil taýdan täze derejä çykarylmagy milli walýutanyň durnuklylygy, karza bolan islegiň öz wagtynda, doly derejede kanagatlandyrylmagy bilen üznüksiz baglanyşyklydyr. Ýurdumyzyň ykdysadyýetine gönükdirilýän karz serişdeleri yzygiderli artýar. 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna görä, bank ulgamy tarapyndan ykdysadyýete berlen karzlaryň galyndysy 7,6 göterim, hususy bölege berlen karzlaryň galyndysy 28,2 göterim, oba hojalyk önümlerini öndürijilere berlen karz serişdeleriniň galyndysy 1,3 esse, ipoteka karzlarynyň galyndysy 9,4 göterim artdy. Şu maglumatlardan görnüşi ýaly, ýurdumyzyň banklarynyň karz syýasaty täze derejelere çykýar we ykdysady ösüşe täsiri ýokarlanýar. 

                                                                   

Soňky ýyllarda karz edaralary tarapyndan berilýän karzlaryň düzüminde uzak möhletli karzlaryň paýy yzygiderli artýar. Munuň özi karzyň maýa goýum syýasatynda işjeňligini artdyrmak bilen, önümçiligiň ähli ugurlaryna öňdebaryjy, ösen tehnologiýany ornaşdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge we ykdysadyýeti düşewüntli dolandyrmaga zerur bolan amatlyklary döredýär. Şu ýyl ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 37 milliard 400 million manat möçberde maýa goýum goýlar, onuň 20 milliard 800 million manadyny ýa-da 55,6 göterimini önümçilik desgalarynyň gurluşygyna, 16 milliard 600 million manadyny ýa-da 44,4 göterimini bolsa durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdirmek göz öňünde tutulýar. Munuň netijesinde, 3 müňe golaý täze iş ornuny döretmek, daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 19,4 milliard amerikan dollaryna, jemi içerki önümiň ösüş depginini bolsa 6,5 göterime ýetirmek meýilleşdirilýär. Jemi içerki önümde (ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan) hususy pudagyň paýyny 71,3 göterime ýetirmek maksat edinilýär.  

                                                                   

Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň 10 göterim ýokarlanmagy bilen, ilatyň tölege ukyplylygy artýar, ýaşaýyş-durmuş şertleri gowulanýar. Ýurtda öndürilýän önümleriň möçberiniň yzygiderli köpelmegi, olaryň hiliniň halkara talaplara laýyk getirilmegi harytlaryň diňe bir içerki bazarda geçginliligini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä bazarlarynda hem ýokary islege eýe bolmagyny üpjün edýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň eksporty barha ýokarlanýar, importyň ornuny tutýan önümler özümizde öndürilýär we türkmen manadynyň kadaly hereketi üpjün edilýär. 

                                                                   

Ýurdumyzyň ilatynyň ýarysyna golaýy oba ýerlerinde ýaşaýar. Oba ilatyna banklar tarapyndan ýeňillikli şertlerde berilýän karzlar yzygiderli artýar. Oba adamlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri gowulanýar, maşgala girdejileri ýokarlanýar. Şu ýagdaýlary göz öňünde tutup, ýurdumyzyň bank ulgamynyň işgärleri oba ýaşaýjylary bilen köpräk duşuşyklary geçirmegi, olaryň banklaryň hödürleýän hyzmatlaryndan giňden peýdalanmagyny ýola goýmagy we maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmagy öňde duran esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlediler. Bu işleriň maksadalaýyk geçirilmegi pul-karz syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrar we maksatnamalaýyn ösüşi üpjün eder. 

                                                                   

Ýurdumyzyň bank ulgamynda sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy pul dolanyşygynda serişdeleriň aýlanyş tizligini ýokarlandyrýar, hasaplaşyklary geçirmegiň, karzy resmileşdirmegiň wagtyny gysgaldýar, pul-karz gatnaşyklarynda kada-kanunyň berjaý edilişine gözegçiligi ýola goýmaga we ýokary netijeli çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik döredýär. Munuň netijesinde, banklaryň ýurdumyzyň ykdysady ösüşindäki orny barha ýokarlanýar, bäsdeşlige ukyplylygy artýar we banklar tarapyndan geçirilýän pul-karz syýasaty ykdysadyýetiň işjeň hereketlendiriji güýjüne öwrülýär.  

                                                                   

Milli ykdysadyýetde sazlaşykly alnyp barylýan giň gerimli işler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşleriniň yzygiderli ilerlemegine, ilatyň ýaşaýyş şertleriniň has-da gowulanmagyna gönükdirilendir. Ýeri gelende aýtsak, gazanylýan bu üstünlikler barada ýaşlaryň arasynda hem yzygiderli wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Ýakynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda geçirilen “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary” atly maslahatda hem bu barada giňden pikir alşyldy. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşleri ylmy taýdan esaslandyrylyp, oýlanyşykly işlenip düzülen, uzak geljegi nazarlaýan maksatnamalara daýanýar. Şoňa görä-de, anyk netijeler gazanylyp, ösüşli ýol dowam etdirilýär. 

                                                                                                           

Baýramdurdy TAÝHAROW,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň professory.

01.03.2023
Sebitde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak ugrunda

Aşgabat, 28-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň, Daşary işler ministrliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyňdyr wekilleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi — sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň, howpsuzlygyň berk binýady” atly maslahat geçirildi. Wekilçilikli forum BMG-niň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän 77-nji sessiýasynyň 60-njy umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli guraldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, munuň özi ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarydygynyň, döwletimiziň alyp barýan daşary syýasat ugrunyň netijelidiginiň aýdyň beýanydyr. Öňüni alyş diplomatiýasynyň ähmiýetiniň hem-de möhümdiginiň tassyklanmagydyr. Şeýle-de parahatçylygy goldamak we dünýä gurluşy babatda Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite syýasy edaralarynyň ornunyň wajypdygynyň ykrar edilmegidir. 

                                                                   

Nygtalyşy ýaly, halkara gatnaşyklary düzgünleşdirýän edara hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň utgaşdyryjy ornuna ýokary baha berip, Türkmenistan bu gurama bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär we ony daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. 

                                                                   

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, şu geçen ýyllaryň dowamynda ýurdumyz BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen netijeli gatnaşyk edýär, olar bilen bilelikde dürli ulgamlarda möhüm taslamalardyr maksatnamalar amala aşyrylýar. Hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesine daýanyp, häzirki döwürde däbe öwrülen bu gatnaşyklar özüniň çägini giňeldýär, ählumumy ösüşiň täze ugurlaryny hem-de derwaýys meselelerini, şol sanda parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly energetika we ulag, ykdysady, durmuş, ynsanperwer, ekologik meseleleri çözmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly ugurlary öz içine alýar. 

                                                                   

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna berk ygrarly bolan hem-de Garaşsyzlyk ýyllarynda parahatçylyk döredijiligiň uly tejribesini toplan Türkmenistan BMG üçin möhüm we uzak möhletleýin hyzmatdaş bolup durýar.  

                                                                   

Ýurdumyzyň täsin, dünýä tejribesindäki ilkinji Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek berkidilip, amala aşyrylýan daşary syýasy ugruň maksadyny hem-de many-mazmunyny kesgitledi, sebitde howpsuzlygy üpjün etmäge, içerki ösüşi hem-de milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen çalt depginlerde ösdürmek boýunça giň gerimli döwlet maksatnamalaryny höweslendirmäge oňyn täsirini ýetirdi. Häzirki wagtda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeler, has takygy, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, gyzyklanma bildirilýän ýurtlaryň, hyzmatdaşlaryň ählisi bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek, beýleki halklara, olaryň medeniýetlerine we däp-dessurlaryna hormat goýmak ýaly ýörelgeler Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynda hem-de öňüni alyş diplomatiýasynda täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. 

                                                                   

Bitaraplyk syýasatynyň sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönüden-göni ýardam edýändigini iş ýüzünde subut eden türkmen tarapynyň başlangyjy bilen 12-nji dekabryň “Halkara Bitaraplyk güni” diýlip biragyzdan yglan edilmegi tötänden däldir. Öz döwründe munuň özi BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen berkidildi. Hyzmatdaşlygyň geçen ýyllarynyň dowamynda ýurdumyz dünýä gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça beýleki Kararnamalaryň hem ençemesiniň awtory boldy. Şolaryň biri-de soňky döwürde kabul edilen 2023-nji ýyly “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamadyr. Bu resminama BMG-niň esasy maksatlarynyň we wezipeleriniň aýdyň beýanyna öwrüldi. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly ählumumy başlangyç dünýä halklarynyň parahat durmuşda we özara ynanyşmak ýagdaýynda ýaşamagynyň däplerini pugtalandyrmak, gymmatly ýörelgeleri hem-de oňyn dünýägaraýyşlary dikeltmek, parahatçylygyň, ynanyşmagyň medeniýetini halkara gatnaşyklaryň möhüm şerti hökmünde kesgitlemek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilendir. 

                                                                   

Halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy hökmünde ykrar edilýän bu başlangyç BMG-niň Baş sekretarynyň dünýäni gurmagyň Täze gün tertibini kemala getirmek baradaky başlangyjy bilen sazlaşýar. Şol başlangyç ählumumy strategik howplary azaltmak, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga we parahatçylyk döredijilige maýa goýumlary goýmak, sebitdäki öňüni alyş çärelerini goldamak ýaly meseleleri birleşdirýär. 

                                                                   

2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary syýasy ugrunyň goldanylýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Gurama tarapyndan işlenip taýýarlanylan syýasy-hukuk guraly nazara almak hem-de ýurdumyzyň Bitaraplygynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak bilen, bu merkeziň işi sebitiň ýurtlarynyň netijeli syýasy gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Sebit merkezi goňşy döwletleriň hem-de Howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň goldamagynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň çözgüdine laýyklykda tassyklanyldy. 

                                                                   

Şu günki maslahatyň barşynda 15 ýyldan gowrak netijeli işiniň dowamynda sebit merkeziniň özüni häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň köpüsini çözmekde Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamyny Merkezi Aziýa ýurtlary bilen baglanyşdyrýan netijeli binýat hökmünde görkezendigi bellenildi. Türkmenistanyň Hökümeti BMG-niň şu düzüminiň işine, şeýle hem onuň ähli tagallalaryna we başlangyçlaryna, hususan-da, syýasy-diplomatik gatnaşyklary ilerletmek, sebitde gapma-garşylyklaryň öňüni almak, ynanyşmak ýagdaýyny pugtalandyrmak babatdaky tagallalaryna hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Häzirki wagtda sebit merkeziniň binýadynda özara gatnaşyklaryň täze görnüşleri, şol sanda Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa döwletleriniň suw-energetika hyzmatdaşlygynyň hukuk meseleleri boýunça maksatlaýyn iş topary döredildi we üstünlikli hereket edýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly adybir Kararnamasynyň kabul edilmegi BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň kuwwatyny, onuň halkara hukuk esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetli waka boldy. Bellenilişi ýaly, sebitiň ýurtlary bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklar, yzygiderli geçirilýän duşuşyklar, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary taraplaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak boýunça halkara düzümler bilen tagallalary birleşdirmäge taýýardygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. 

                                                                   

Çykyşlarda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda, Watanymyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň, toplumlaýyn ösüş maksatnamalarynyň, oňyn demokratik özgertmeleriň, Türkmenistanyň parahatçylygyň we ählumumy howpsuzlygyň esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm başlangyçlarynyň many-mazmunyny düşündirmek boýunça alnyp barylýan köpçülikleýin wagyz-nesihat işinde jemgyýetçilik guramalarynyň wajyp orny bellenildi. 

                                                                   

Maslahata gatnaşyjylar BMG-niň Baş Assambleýasynyň täze Kararnamasynyň kabul edilmeginiň sebit merkeziniň ygtyýarlyklaryny pugtalandyrmaga, öňüni alyş diplomatiýasynyň täsirli gurallaryny giňden ulanmaga hem-de Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

01.03.2023
Söwda öýleri — milli önümleri tanatmagyň meýdançasy

Söwda ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, döwrebap bazar gurallarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna onda hususy ulgamyň eýeleýän ornunyň pugtalandyrylmagy Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda bu ugurda amala aşyrylýan işler öz oňyn netijesini berýär. Diňe geçen ýylyň dowamynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgininiň 106,6, öndürilen önümleriň 102,6 göterime deň bolmagy hem munuň şeýledigine doly şaýatlyk edýär. Şunda döwletimiziň daşary ýurtlardaky söwda öýleriniň işiniň ilerledilmegine-de möhüm orun degişlidir. 

                                                                   

Söwda öýleri ýurtlaryň arasynda ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda, milli haryt nyşanly önümleriň söwdasyny giňeltmekde ähmiýetli orun eýeleýär. Häzirki wagtda daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagyna degişli söwda öýleriniň 4-si bolup, şolaryň ikisi Russiýa Federasiýasynda, biri Belarus Respublikasynda, ýene biri Türkiýe Respublikasynda hereket edýär. Dürli ýyllarda döredilen bu söwda öýleriniň esasy maksady Türkmenistanda öndürilýän önümleri daşary ýurtlara çykarmak, harytlarymyzy mahabatlandyrmak, müşderileri türkmen önümleri bilen has ýakyndan tanyşdyrmak, dürli döwletleriň işewürleridir telekeçileri bilen ysnyşykly söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmakdan ybaratdyr.  

                                                                   

Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzyň söwda öýleriniň ilkinjisi Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde 2010-njy ýylyň aprelinde döredildi. Bu ýerde «Türkmenistanyň söwda öýi» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti döretmek hakyndaky başlangyç Russiýanyň paýtagtynda 2009-njy ýylyň oktýabrynda geçirilen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň Teswirnamasynda beýan edildi. «Türkmendaşarysöwda» döwlet kärhanasy (paýy 80 göterim) we «Kerwen» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti (paýy 20 göterim) onuň esaslandyryjylary bolup çykyş edýär. Bu söwda öýüniň üsti bilen Russiýada uly islegden peýdalanýan taýýar we ýarym taýýar dokma önümleri, hususan-da, sütükli çalgyçlar, hammam halatlary, taýýar düşekçe toplumlary, gök we miwe önümleri eksport edilýär. Ol öz işini lomaý söwda görnüşinde alyp barmak bilen, bölek söwdany internet sargytlary esasynda eltip bermek hyzmatyny hem ýola goýdy. Şeýle-de ol häzirki wagtda Russiýanyň çäginde hereket edýän zynjyrlaýyn söwda merkezlerini türkmen harytlary bilen üpjün edýär. 

                                                                   

Russiýa Federasiýasynyň geografik taýdan giň çäkde ýerleşendigi nazara alnyp, ilatyň ýurdumyzda öndürilen önümlere islegini doly kanagatlandyrmak maksady bilen, 2020-nji ýylyň dekabrynda Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde ýene bir söwda öýi döredildi. «Türkmen söwda öýi» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti 2021-nji ýylyň mart aýynda işe başlady we Wolga derýasynyň kenaryndaky bu şäherde türkmen harytlarynyň satuwyny amala aşyrýar. 

                                                                   

Belarus Respublikasyndaky «Türkmen-belarus söwda öýi» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti hem Diýarymyzyň daşary ýurtlarda üstünlikli hereket edýän söwda meýdançalarynyň biri bolup, onuň Minsk şäherindäki dükanynda satylýan türkmen harytlary elýeterli bahasy, ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Şoňa görä-de, 2010-njy ýylyň oktýabrynda açylan bu söwda öýi şäher ilatynyň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýar. «Türkmenistanda öndürilen» ýazgyly önümleri diňe bir Belarus Respublikasyna eksport etmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň beýleki goňşy ýurtlara-da iberilmeginiň ýola goýulmagy Türkmen-belarus söwda öýüniň işiniň netijeli häsiýete eýediginden habar berýär. Ol, esasan, çig, ýarym taýýar we taýýar dokma harytlarynyň, bakja önümleriniň eksporty bilen meşgullanyp, häzirki wagtda telekeçilerimiz tarapyndan öndürilýän ýokary hilli plastmassa önümlerini hem-de pomidor goýaltmasyny ýerlemek boýunça-da degişli işleri alyp barýar. 

                                                                   

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäheriniň Söwda edarasy tarapyndan 2012-nji ýylyň fewralynda resmi taýdan hasaba alnan we öz işine başlan «Türkmen-türk söwda öýi» jogapkärçiligi çäklendirilen paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen dokma önümlerini daşary ýurt bazarlarynda araçysyz ýerlemek baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen döredildi. Ol häzirki güne çenli Türkiýäniň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Portugaliýanyň, Belgiýanyň, Germaniýanyň, Polşanyň we Bolgariýanyň kompaniýalary bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk esasynda ýurdumyzyň degişli kärhanalary tarapyndan öndürilýän nah ýüplükleriňdir matalaryň, taýýar öý dokmasy harytlarynyň uly möçberini ýerlemek üçin öz bazaryny we müşderilerini gazanyp, üstünlikli hereket edýär. 

                                                                   

«Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek maksady bilen, geljekde Ýaponiýada Türkmenistanyň söwda öýüni açmagyň meýilleşdirilýändigini aýtmak gerek. Munuň özi haryt öndürijilerimiziň eksport mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagyna, daşary söwda işiniň kämilleşdirilmegine, «Türkmenistanda öndürilen» ýazgyly milli önümlerimiziň dünýä bazarlaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga giň mümkinçilik berýär.  

                                                                                                           

Saparmyrat ANNANIÝAZOW,

                       

«Türkmendaşarysöwda» döwlet kärhanasynyň söwda öýleriniň işini utgaşdyryş bölüminiň başlygy.

01.03.2023
Täze önümçilikler ýola goýulýar

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 10-njy fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» we Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyny tassyklamak hakynda degişli resminama gol çekdi. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzda senagat, durmuş we medeni maksatly döwrebap binalarydyr desgalary gurmak boýunça işler dowam etdiriler. Mejlisde döwlet Baştutanymyz gurluşyk materiallary senagatynyň önümçilik binýadyny berkitmek üçin hereket edýän kärhanalarda çykarylýan önümleriň görnüşini giňeltmek, täze kärhanalary gurmak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtady.  

                                                                   

Geljekde täze zawoddyr fabrikleriň gurulmagy, şäherleriň, şäherçeleriň, obalaryň döredilmegi, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy ýurdumyzyň sarp edijileriniň senagat we gurluşyk önümlerine bolan islegleriniň artmagyna getirýär. Şunda täze gurluşyklaryň ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen üpjün edilmegi, importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek, Diýarymyzyň örän baý ýerli çig mal serişdelerini giňden özleşdirmek örän möhüm bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň gurluşyk senagaty kärhanalary tarapyndan berkligi, seýsmiki durnuklylygy, gowulandyrylan ulanyş häsiýetnamalary bilen tapawutlanýan diwarlyk paneller we armirlenen bloklar, bezeg plitalary, sement, kerpiç, keramzit, magdan däl gurluşyk serişdeleri, metal gurnamalary, ýygnama demir-beton önümleri, plastik we aýna süýümli turbalar öndürilýär. Täze sement zawodlaryny, keramiki-bezeg plitalaryny, sanfaýans önümlerini öndürmek boýunça zawodyň gurluşygy alnyp barylýar. Gurluşyk materiallary senagaty ýurdumyzda güýçli depginde alnyp barylýan gurluşyklary ýerli gurluşyk harytlary bilen üpjün etmäge, bu önümleriň importyny azaltmaga mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Türkmenistany geljek otuz ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna laýyklykda, gurluşyk materiallary senagatynyň çig mal üpjünçiligini ýokarlandyrmak we çig mal binýadyny berkitmek maksady bilen, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy geologiýa-gözleg işlerini geçirmegi göz öňünde tutýar. 2022 — 2025-nji ýyllar aralygynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabyndaky Gyzylgaýa meýdanynda (6-njy magdan meýdançasy) demir magdanlaryna gözleg işlerini geçirip, çig malyň çaklama serişdeleriniň P1 we C2 derejeler boýunça senagat däl gorlaryny artdyrmak bellenilýär. Russiýa Federasiýasynyň Senagat we söwda ministrliginiň I.P.Bardin adyndaky Merkezi gara metallurgiýa ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri 2022-nji ýylda Türkmenistanyň magdanyny seljermek boýunça işi tamamladylar. Şonda ýurduň metallurgiýasyny ösdürmek üçin mümkinçilikleriniň, şeýle-de baý tebigy gorunyň bardygy, Türkmenistanda dag-magdan baýlaşdyryjy zawody gurmagyň geljeginiň ýokarydygy aýdyldy. 

 Şu ýylyň 19-njy ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilişi ýaly, alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň netijesinde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän «Çagyl» ýatagynyň demir magdanlaryny baýlaşdyrmak arkaly zawodlaryň önümçiliginde çig mal hökmünde ulanylýan demir oksidini almak mümkinçiliginiň bardygy anyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu ýatagyň demir magdanlarynyň bar bolan goruny tassyklamak, taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny işläp düzmek üçin maslahat beriji kompaniýany saýlap almak boýunça halkara bäsleşigi geçirmek meýilleşdirilýär. 

                                                                   

 Alnyp barylýan ähli gurluşyklarda sement esasy gurluşyk serişdesi bolup hyzmat edýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlary «Türkmensenagat» agentliginiň we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri bilen bilelikde Tüwergyr dag-magdan sebitiniň tebigy serişdeleriniň mümkinçiliklerini öwrenip, Çagyl käninden düzüminde demir bolan çig maly gazyp almagy ýola goýmaga ýardam etdiler. Ýerli çig mal bolan demir oksidi daşary ýurtlardan getirilýän çig malyň ornuny tutdy. Demir oksidi E 172 asfalt, mozaika beton kerpiçlerini, ýodalary, bezeg plitalaryny, çerepisa we emeli mermer ýaly gurluşyk materiallaryny reňklemekde ulanylýar. Demir oksidi gurluşyk senagatynda lak-reňk materiallarynyň, reňkli aýnanyň, poslama garşy materiallaryň pigmenti hasap edilýär. Demir poladyň we çoýnuň esasy düzüm bölekleri bolup durýar.  

                                                                   

Geljekde ýerli serişdeleriň senagat taýdan işjeň özleşdirilmegi hem-de täze önümçilikleriň ýola goýulmagy ýurdumyzda alnyp barylýan dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň depginini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ýokary hilli önümleriň daşary ýurtlara iberilmegini ýola goýmaga hem mümkinçilik berer. Munuň özi gurluşyk pudagynyň okgunly ösmegine, täze iş orunlarynyň döremegine, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň has-da pugtalanmagyna goşant bolar. 

                                                                                                           

Maýa KELOWA,

                       

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.

28.02.2023
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 27-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere seredildi. 

                                                                   

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatyň ekin meýdanlaryndaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleriň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär, şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde tekizleýiş we geriş çekmek işleri dowam edýär, welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy möwsümine taýýarlyk görülýär. 

                                                                   

Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly taýýar edildi. Welaýatda ýeralmanyň, soganyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edýär, ýazky bag ekmek möwsüminde ekiljek baglaryň ýerlerini taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň geljekki bol hasylyň binýady bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz welaýatda gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak, bugdaýa ideg etmek hem-de gök-bakja ekinlerini ekmek işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň gözegçilikde saklanylmagy babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnama laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi bilen baglylykda häkime degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew şu günler welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, bugdaýa ideg etmek, gowaça ekiljek ýerlerde tekizleýiş we geriş çekmek işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär, ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary möwsüme doly taýýar edildi. Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişi dowam edýär, öňümizdäki bag ekmek möwsüminde ekiljek baglaryň ýerleri taýýarlanylýar, welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça zerur şertler döredilýär. 

                                                                   

Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnama laýyklykda welaýatda meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna jogapkärli hem-de toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy we häkime bugdaý ekilen ýerlerde ideg işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda geçirilmeginiň gözegçilikde saklanylmagyny tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmegi babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda gurulmagy göz öňünde tutulan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işlerini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. 

                                                                   

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, gowaça ekiljek ýerleri sürmek we tekizlemek, ýuwuş suwuny tutmak, ýazky bag ekmek möwsümi boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, owlak-guzy möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça welaýatyň maldarlary üçin zerur şertler döredilýär, ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. 

                                                                   

Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda gurulmagy göz öňünde tutulan dürli maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmekdäki möhüm ornuna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häkime şu günler welaýatyň ekin meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işleriniň, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz häkime ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda gurulmagy meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew şu günler welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan hem-de Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda bugdaýa ideg etmek hem-de şu ýylyň pagta hasyly üçin welaýatyň gowaça ekiljek ýerlerinde sürüm we tekizleýiş, ýazky möwsümde bag ekiljek ýerleri, nahallary kesgitlemek işleri alnyp barylýar. 

                                                                   

Öňümizdäki ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary doly gözden geçirildi. Ýazlyk ýeralmanyň we soganyň ekişi dowam edýär, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine, owlak-guzy möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegine taýýarlyk görülýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bellenilen agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň geljekki bereketli we bol hasylyň girewidigini belledi hem-de welaýatyň gowaça ekiljek ýerlerini ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça işleriň depginlerini ýokarlandyrmagyň möhümdigini aýdyp, häkime bu işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bugdaý meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň, gök-bakja ekinleriniň ekişini talabalaýyk geçirmegiň zerurdygyny belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda gurulmagy göz öňünde tutulan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak işleri, hususan-da, sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär, ýazky oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalaryň gözden geçirilişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar, ýazky bag ekmek möwsüminde ekiljek baglaryň ýerlerini kesgitlemek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. 

                                                                   

Mundan başga-da, häkim welaýatyň ak ekin meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýändigi, ýazlyk ýeralmanyň we soganyň ekişiniň dowam edýändigi, welaýatda owlak-guzy möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça zerur şertleriň döredilýändigi barada habar berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işleriniň depginini güýçlendirmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň, gök-bakja ekinleriniň ekişini guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyny belläp, häkime degişli görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnama laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri alnyp barylýar, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. 

                                                                   

Ýurdumyzda gowaça hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, şu günler welaýatlarda gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak, hususan-da, sürüm we tekizleýiş işleri dowam edýär. Bu işler bilen bir hatarda, gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde, talabalaýyk geçirmek üçin ekiş döwründe ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny, tohumlary möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. 

                                                                   

Ýazlyk ýeralmanyň hem-de soganyň ekişi dowam edýär, ekilmegi meýilleşdirilýän beýleki gök-bakja, oba hojalyk ekinleriň ekiljek ýerlerini, ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde ýazky bag ekmek möwsüminde ekiljek bag nahallaryny, olaryň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Şeýle-de wise-premýer welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy almak möwsümini talabalaýyk geçirmek, ýurdumyzda suw üpjünçiligini gowulandyrmak üçin degişli işleriň geçirilýändigini habar berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda jogapkärli möwsümiň ýetip gelýändigine ünsi çekdi hem-de şu günler alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz gowaça ekiljek meýdanlaryň, gök-bakja we beýleki ekinleriň ekiljek ýerleriniň öňümizdäki möwsüme doly taýýar edilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzda ýazky bag ekmek möwsüminde ekiljek saýaly, pürli, miweli baglaryň, üzümiň nahallaryny, olaryň ekiljek ýerlerini taýýarlamak, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak, bugdaý meýdanlarynda geçirilýän ideg işlerini, welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça işleri gözegçilikde saklamak babatda degişli tabşyryklary berdi.  

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

28.02.2023
Ýedi ýyllyk ýoluň bir ýyllyk menzili

Maksat durmuşdaky iň möhüm närseleriň biridir. Dogry saýlanyp alnan ýol bolsa maksada ýetmegiň ilkinji hem-de iň wajyp şertidir. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam edýän beýik işleriniň baş maksady halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Halkyň bagtyýar durmuşy ýurduň ykdysady kuwwaty bilen berk baglanyşyklydyr. Indi ençeme ýyldan bäri milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi çuňňur oýlanyşykly maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesidir. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 10-njy fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde beýan edilen maglumatlar ýurdumyzyň saýlap alan ykdysady ösüş ýolunyň üstünliklere beslenýändigini tassyklaýan bolsa

 Okgunly ösüşiň dowam etmegi üçin rowaçlyga uzaýan ýoldaky gadamlarymyzy birjik-de gowşatman, yhlasly zähmet çekmek gerek. Hormatly Prezidentimiz mejlisde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, 2023-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny tassyklamak baradaky Karara gol çekdi. Bu resminamada ösüşiň täze belentliklerine uzaýan ýoluň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň paýyna düşýän bölegindäki wezipeler anyk kesgitlenilýär. 

                                                                   

 2023-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda göz öňünde tutulýan esasy wezipeler: 

                                                                   

 ► Jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,5 göterime ýetirmek; 

                                                                   

 ► Milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny we ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek; 

                                                                   

 ► Önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak,  

                                                                   

 ► Täze kärhanalary gurmagyň hasabyna täze iş orunlarynyň 3 müňe golaýyny döretmek; 

                                                                   

 ► Daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 19,4 milliard amerikan dollaryna ýetirmek; 

                                                                   

 ► Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek;  

                                                                   

 ► Jemi içerki önümiň düzüminde (ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan) hususy pudagyň paýyny 71,3 göterime ýetirmek; 

                                                                   

 ► Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak arkaly ilatyň girdejilerini artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak. 

                                                                   

Belent maksat we oňa ýetmek üçin geçilmeli ýoluň ugry kesgitlenilensoň, ýene bir zerurlyk ýüze çykýar. Ol hem maksada ýetmek üçin peýdalanyljak serişdelerdir. Ykdysady ösüşi we halkyň abadançylygyny nazarlaýan Maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň esasy şertleriniň ýene biri-de halk hojalygynyň pudaklaryna gönükdirilýän düýpli maýa goýumlardyr. Ykdysadyýeti ekin ekilen meýdana meňzetsek, maýa goýumlary ýerden bol hasyl almak üçin sarp edilýän serişdelere deňäp bileris. Geçen ýylyň jemlerine bagyşlanan Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyny tassyklamak hakynda resminama gol çekmegi bilen, ýylyň dowamynda ykdysadyýetiň pudaklaryna goýuljak maýa goýumlaryň möçberleri hem-de gurlup, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän taslamalar bilen baglanyşykly wezipeler kesgitlenildi. 

                                                                   

 Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynda meýilleşdirilen wezipeler: 

                                                                   

 ► Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyzyň ykdysadyýetine 37 milliard 400 million manat möçberde düýpli maýa goýumlary goýmak; 

                                                                   

 ► Önümçilik desgalarynyň gurluşygyna 20 milliard 800 million manat möçberde maýa goýumlary gönükdirmek (ýurdumyz boýunça maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 55,6 göterimi); 

                                                                   

 ► Durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna 16 milliard 600 million manat möçberde düýpli maýa goýumlary gönükdirmek (maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 44,4 göterimi); 

                                                                   

 ► Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýaşaýyş jaýlarynyň 1 million 58,5 müň inedördül metrini ulanmaga bermek; 

                                                                   

 ► Aşgabat şäherinde 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň hem-de 4000 orunlyk Medeniýet merkeziniň gurluşygyna başlamak; 

                                                                   

 ► Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumyny, «Parahat-7» ýaşaýyş toplumynda ýaşaýyş jaýlarynyň 23-sini, kuwwatlylygy 150 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desgany ulanmaga bermek;  

                                                                   

 ► Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň — Arkadag şäheriniň birinji tapgyryny, Gökdepe etrabynyň Köpetdag we Owadandepe geňeşlikleriniň çäginde täze obalary, şeýle hem 600 baş ahalteke bedewi üçin döwrebap athanany ulanmaga tabşyrmak; 

                                                                   

 ► Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz ýokary woltly asma elektrik geçiriji ulgamlaryny, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegini, orta mekdepleriň 15-sini we çagalar baglarynyň 3-sini işe girizmek. 

  Belent maksada uzaýan aýdyň ýol kesgitlenilip, ony geçmek üçin gerekli serişdeler taýýar bolansoň, ynam, yhlas hem-de agzybirlik bilen çekiljek zähmet rowaçlyga ýetmek üçin zerur şertleriň üstüni ýetirýär. Hökümet mejlisinde Arkadagly Serdarymyzyň: «Biziň gazanan ähli üstünliklerimiz we ýeten sepgitlerimiz diňe alyp barýan syýasatymyzy halkymyzyň giňden goldamagy, durmuşymyzy gowulandyrmak boýunça geçirýän özgertmelerimize işjeň gatnaşmagy netijesinde mümkin boldy» diýen parasatly sözleri Garaşsyz döwletimiziň üstünliklerine goşant goşanlaryň ählisine tüýs ýürekden minnetdarlygy hem-de ýeňişli ýolumyzyň dowamat dowam bolmagynyň esasy şertini beýan edýär.  

                                                                                                           

Ahmet GELDIÝEW,

                       

«Watan».

, kabul edilen maksatnamalar geljekki rowaçlyklaryň binýadydyr. 

                                                                   

Geçen ýylyň makroykdysady görkezijileri halk hojalygynyň ähli pudaklarynda hem-de sebitlerde durnukly ösüşiň saklanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2022-nji ýylda jemi içerki önümiň 6,2 göterim ýokarlanmagy, hususan-da, senagat toplumynda 6,3 göterim, gurluşyk pudagynda 0,3 göterim, ulag we aragatnaşyk ulgamynda 4,5 göterim, söwdada 8,9 göterim, oba hojalygynda 5,7 göterim, hyzmatlar ulgamynda 7 göterim ösüşiň gazanylmagy ykdysady özgertmeleriň rowaçlanýandygyny görkezýär. Degişli döwürde jemi öndürilen önümiň 11 göterim köpelmegi, bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberiniň 10,8 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň ösüş depgininiň bolsa 32,9 göterim artmagy ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn netijeleriň gazanylýandygyny äşgär edýär.  

                                                                   

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet hakynyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende 10,4 göterim ýokarlanmagy hem-de zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň öz wagtynda maliýeleşdirilmegi «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgä eýermek bilen, ykdysady ösüşiň miweleriniň halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilýändigini tassyklaýar.

28.02.2023
Täze Maksatnama, täze wezipeler

«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçen 2022-nji ýylda gazanylan durmuş-ykdysady ösüşler Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny berkden tutan durnukly ösüşiň türkmen nusgasynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändigine şaýatlyk edýär. Şu ýylyň 10-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde geçen ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barlan işleriň jemleri jemlenip, jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,2 göterim derejede saklanandygy, ähli pudaklarda oňyn önümçilik netijeleriniň gazanylandygy barada aýdyldy. 

                                                                   

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, «Ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» kabul edildi. Bu Maksatnama taýýarlanylanda, ýedi ýyllyk Prezident Maksatnamasyndan, 2023-nji ýylyň Döwlet býujetinden ugur alyndy. Onda şu ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijiler, ykdysadyýetiň ähli pudagy boýunça önümçilik meýilnamalary, welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça durmuş-ykdysady ösüş görkezijileri kesgitlenildi. Şeýle-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly çäreler göz öňünde tutuldy.  

                                                                   

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri 2023-nji ýylda üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edilen bir ýyllyk Maksatnamada halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, durmuş goraglylygyny we iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmek, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüş mümkinçiliklerini giňden ulanmak, milli ykdysadyýetiň senagatlaşma derejesini pugtalandyrmak ýaly meseleler ähmiýetli orny eýeleýär. Onda pudaklaryň we hyzmatlar ulgamynyň depginli ösüşini üpjün etmek, olara sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, ýurduň azyk garaşsyzlygyny berkitmek arkaly ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak, senagat pudagyny innowasion häsiýetde ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar ulgamynyň paýyny ýokarlandyrmak ugrundaky tagallalar-da öz beýanyny tapýar. 

                                                                   

Ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek, bazar gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, döwlete dahylsyz pudagyň ösüşini höweslendirmek, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda telekeçilik işiniň gerimini giňeltmek hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Şonuň üçin-de sebitara hyzmatdaşlygyň täze «Aşgabat görnüşi» esasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýurdumyzyň geoykdysady we geosyýasy ýerleşişiniň amatlyklaryndan peýdalanmak, ekologik abadançylygyny üpjün etmek we «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek ýaly ugurlar Maksatnamada esasy ugurlaryň hatarynda ileri tutulýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda makroykdysady durnuklylygy berkitmek, maliýe bazarlarynyň işini, maliýe serişdelerini çekmegi we gymmatly kagyzlaryň dolanyşygyny kämilleşdirmek, ilatyň girdejilerini yzygiderli artdyrmak, zähmet gatnaşyklarynyň düzgünleşdirilişini döwrebaplaşdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, ilatyň iş we ýaşaýyş jaý üpjünçiligini has-da ýokarlandyrmak babatda işler ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle-de önümleri gaýtadan işlemek we taýýar önümleri öndürmek boýunça kärhanalaryň önümçilik kuwwatlyklarynyň doly ulanylmagyny gazanmak, eksporta niýetlenen önümçilikleri ösdürmek, import edilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri diwersifikasiýalaşdyrmak, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak we olary ösdürmek boýunça çäreler geçirilýär.  

  Mundan başga-da, önümçilik bilen ylmyň baglanyşygyny işjeňleşdirmäge, innowasion tehnologiýalara esaslanýan pudaklara goýulýan maýa goýumlary artdyrmaga, döwletiň maýa goýumlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi dowam etdirmäge, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu işlerde maldarçylygy ösdürmek, mallaryň hem-de guşlaryň baş sanyny köpeltmek, halkara üstaşyr ulag geçelgelerini işjeňleşdirmek arkaly ýük dolanyşygyny artdyrmak, ýurdumyzyň welaýatlarynyň her birinde senagat-önümçilik kysymly erkin ykdysady zolaklary, sebitleriň aýratynlyklaryny hasaba almak bilen, söwda, hyzmat ediş, ulag-logistik, agrosenagat we toplumlaýyn kysymly erkin ykdysady zolaklary döretmek möhüm ähmiýete eýedir.  

                                                                   

Bilim, durmuş-medeni ugurlary ösdürmegiň çäklerinde bilim we ylym ulgamynyň işini kämilleşdirmek, pudaklary ýokary taýýarlykly hünärmenler bilen üpjün etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmak, çagalar sportuny ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýäniň ornuny giňeltmek, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, eneligi we çagalygy goramak, keselleriň öňüni alyş we bejeriş çärelerini talabalaýyk ýola goýmak, ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek ýaly wezipeler-de Maksatnamanyň esasy ugurlary hökmünde öňe çykýar. Şunda milli senetçiligi, halyçylygy, aýdym-saz sungatyny ösdürmek, gadymy medeni mirasymyzy düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak, içerki hem-de halkara syýahatçylygy ösdürmek, ahalteke atlarynyň baş sanyny, olaryň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak, milli itşynaslyk mekdebiniň baý däplerini gorap saklamak, türkmen alabaýlarynyň sanyny köpeltmek boýunça işleri geçirmek bilen bagly maksatlara uly orun berilýär. Bu wezipeleriň ählisi ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyny gazanmaga gönükdirilendir. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, «Ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, şu ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,5 göterime ýetirmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny we ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňe golaý täze iş ornuny döretmek göz öňünde tutulýar. Daşary söwda dolanyşygynyň oňyn aratapawudyny gazanmak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek arkaly jemi içerki önümiň düzüminde (ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan) hususy pudagyň paýyny 71,3 göterime ýetirmek meýilleşdirilýär.  

                                                                   

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetiň pudaklarynda giň möçberli özgertmeleri dowam etdirmäge, önümçilikleri kämilleşdirmäge, ýokary hilli we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge, zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna, harytlardyr hyzmatlaryň içerki bazarlarynyň giňelmegine, eksport edilýän harytlaryň görnüşiniň artmagyna ýardam eder. Bu bolsa döwletiň maliýe binýadyny we önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň raýatlarynyň ýerli önümler bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. 

                                                                                                           

Orazmuhammet AŞYROW,

                       

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Strategik we durnukly ösüş müdirliginiň başlygynyň orunbasary, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty.

28.02.2023
Maýa goýum Maksatnamasy: baş maksat — halkyň abadançylygy

Türkmenistanyň bazar gatnaşyklaryna esaslanýan durmuş-ykdysady strategiýasynda maýa goýum işjeňliginiň artdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylyň 10-njy fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde birnäçe ileri tutulýan ugurlara köp mukdarda maýa goýumlary goýup başlamagy ýylyň esasy wezipeleriniň hatarynda kesgitledi. Bu möhüm ähmiýetli wezipeler şol gün döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynda jikme-jik beýanyny tapdy.  

                                                                   

Ýurdumyzyň maýa goýum syýasatynyň strategik ugurlaryny takyk belleýän agzalan resminama Watanymyzy agrar ýurtdan senagat taýdan ösen döwlete öwürmekde, köpugurly, sanly ykdysadyýete uýgunlaşdyrýan bazar ykdysady özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmakda ösüşiň täze mümkinçiliklerini açmagy göz öňünde tutýar. Maksatnama laýyklykda, 2023-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýete gönükdirilmegi meýilleşdirilýän düýpli maýa goýumlaryň möçberi 37 milliard 400 million manada barabar bolar. 

                                                                   

Maýa goýum Maksatnamasy «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» düzüm bölegi bolup, onda ykdysadyýetiň pudaklaryny has-da ösdürmek üçin ýerine ýetirilmeli çäreler bellenilýär. Hususan-da, senagat pudaklarynyň ösdürilmegine, innowasion häsiýetli bilelikdäki kärhanalaryň işiniň giňden ýola goýulmagyna, import edilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümçilikleriň döredilmegine, agrar özgertmeleri geçirmegiň esasynda azyk howpsuzlygynyň gazanylmagyna, suw serişdelerinden tygşytly peýdalanylmagyna, nebitgaz toplumynyň önümçiliginiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, häzirki zaman täze iş orunlarynyň döredilmegine, ilatyň durmuş goraglylygynyň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berler. 

                                                                   

2023-nji ýylda 20 milliard 800 million manadyň, ýagny maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 55,6 göteriminiň önümçilik desgalarynyň gurluşygyna gönükdirilmegi abadançylygyň maddy binýadyny emele getirýän önümçilik kuwwatynyň ýokarlandyryljakdygyny aňladýar. Durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna bolsa 16 milliard 600 million manat möçberinde düýpli maýa goýumlaryny goýmak bellenilýär. Munuň özi ýurdumyz boýunça maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 44,4 göterimine barabardyr. Durmuş ulgamyna şeýle serişdeleriň goýberilmegi durmuş meseleleriniň netijeli çözgüdini tapmak wezipesi bilen gönüden-göni baglydyr. Bu barada 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde anyk wezipeleriň kesgitlenendigini aýratyn ýatlamak gerek. 

                                                                   

Has dogrusy, zähmet haklaryny artdyrmak, önümçilik kärhanalaryny we beýleki binalary gurmagyň hasabyna ilat üçin goşmaça iş orunlaryny döretmek, ýaşaýyş jaýlaryny, saglyk öýlerini we hassahanalary, çagalar baglaryny, mekdepleri, awtomobil ýollaryny, gaz, suw, elektrik geçirijileri, aragatnaşyk ulgamyny gurmaga iri maýa goýumlary gönükdirmek wezipeleri ýaly, maksatnamalaýyn işler utgaşykly ýerine ýetiriler. 

                                                                   

Şu maksatlarda, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň maýa goýujylary üçin amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek boýunça zerur çäreleriň toplumy amala aşyrylýar. Hususan-da, düýpli maýa goýumlaryny çekmek üçin hukuk, maliýe we beýleki şertleri döredýän degişli kanunçylyk namalary kabul edildi we döwrebaplaşdyrylýar. Munuň özi milli ykdysadyýetde gurluş özgertmelerini geçirmäge, maýa goýumlaryň ykdysady netijeliligini hem-de özüni ödeýiş möhletlerini kadaly derejede ýola goýmaga, raýatlaryň, kärhanalaryň we döwletiň girdejilerini artdyrmaga niýetlenendir. 

                                                                   

Ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmaga pugta meýilli döwletimizde maýa goýum işjeňligini artdyrmagyň üns merkezinde saklanylmagy tebigy ýagdaýdyr, zamananyň talabydyr. Önümçilige sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň hasabyna kärhanalaryň işiniň häsiýetli aýratynlygy düýpli üýtgäp, kabul edýän döwletiň ykdysady ösüşinde daşary ýurt şahamçalarynyň tutýan ornunyň has-da berkemek mümkinçiligi artýar. Bu bolsa maýa goýum syýasatyna oňyn täsirini ýetirýär, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň dowamlylygyny üpjün edýär. Döwletiň sanly ykdysady ösüşiniň ilerlemegi we dünýä hojalygyna goşulyşmagy infrastrukturalary döretmekde, döwrebap maglumat-kommunikasiýa, sanly tehnikalar we tehnologiýalar bilen işleýän edaradyr kärhanalary höweslendirmekde hem-de sanly ykdysadyýete geçmegi goldamakda möhüm orny eýeleýän netijeli maýa goýum syýasatyny alyp barmagy talap edýär. 

                                                                   

Türkmenistanda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary ykdysady taýdan bähbitli bolmak bilen birlikde, sebitdäki we onuň çäklerinden daşyndaky umumy ýagdaýa oňyn täsirini ýetirmäge, durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilendir. Maýa goýumlary çekmek zerurlygy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen bagly meselelerde hem aýdyň ýüze çykýar. Degişli taslamalaryň we maksatnamalaryň maliýeleşdirilmegini üpjün etmek ilkinji nobatdaky şert bolup durýar.  

                                                                   

2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyny amala aşyrmakdan garaşylýan köpugurly netijeleriň gazanylmagy döwletiň strategik ösüş maksatlaryna ýetmegine, bäsdeşlige ukyply, innowasion taýdan ösen ykdysadyýeti kemala getirmäge we doly sanlylaşdyrmaga ýardam eder. Munuň üçin meýilleşdirilen maýa goýum çäreleri ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly we sazlaşykly ösüşini has-da ilerletmegiň, maýa goýumlarynyň tehnologik we üznüksiz ösüş düzümini kämilleşdirmegiň ygtybarly binýadyny goýar. Bu bolsa bütindünýä hojalygyna goşulyşmak ýagdaýlarynyň çaltlandyrylmagyna, ilatyň durmuş goraglylygynyň berkidilmegine we halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsir eder. 

                                                                                                           

Gülälek TANGIÝEWA,

                       

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.

27.02.2023
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik we döredijilik taglymlaryny dünýä ýaýýar

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Bu strategiýa laýyklykda, Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen giň möçberli maksatnamalar we taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. 

                                                                   

20-nji fewralda döwlet Baştutanymyzyň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere seredildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamagyň depginini ýokarlandyrmak, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek babatda tabşyryklary berdi. Şunuň bilen bir hatarda, bugdaýa ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagyny, gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça degişli işleri, suw serişdeleriniň rejeli we netijeli peýdalanylmagyny, ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen bökdençsiz üpjün edilmegini gözegçilikde saklamak tabşyryldy. 

                                                                   

Welaýatlaryň häkimlerine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda gurulmagy göz öňünde tutulan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işlerini yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda anyk tabşyryklar berildi. 

                                                                   

21-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde işini tamamlaýan Natalýa Germany kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda soňky ýyllarda merkeziň öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek boýunça işiniň üstünlikli dowam edendigi, hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň döredilendigi hem-de sebitde anyk maksatnamalaryň durmuşa geçirilendigi bellenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşan uly şahsy goşandy we netijeli işi üçin N.Germana minnetdarlyk bildirdi we pursatdan peýdalanyp, ony BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory wezipesine bellenilmegi bilen gutlady. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwrüň howplaryna hem-de wehimlerine garşy durmak, sebitde howpsuzlygy, durnuklylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ýaly ugurlarda merkeziň işiniň mundan beýläk-de möhüm orny eýelejekdigine ynam bildirip, türkmen tarapynyň tutuş dünýäde parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine BMG bilen bilelikdäki işe üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklady. 

                                                                   

Türkmenistan bilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri hem-de ony ösdürmegiň geljekki ugurlary türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German bilen duşuşygynyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Natalýa German bilen duşuşyk Türkmenistanyň Mejlisinde hem geçirildi. Diplomat bilen dürli pudaklarda işleýän ýolbaşçy zenanlaryň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda bilelikdäki işiň netijeleri we hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

22-nji fewralda Manamada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanymyz Bahreýn Patyşalygynda resmi sapar bilen boldy. 

                                                                   

Ýokary derejedäki gepleşikleriň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyz Bahreýniň Ykdysady ösüş geňeşine baryp gördi. Bu ýerde belent mertebeli myhman üçin Bahreýniň Ykdysady ösüş geňeşi we onuň işiniň aýratynlyklary barada maglumat berýän tanyşdyrylyş çäresi guraldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Bahreýn we onuň işewür toparlary bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi. Ägirt uly kuwwata eýe bolan, özüni jogapkärli hyzmatdaş hökmünde görkezen ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyga bahreýn tarapynyň hem gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy. 

                                                                   

Soňra “Al Gudaýbiýýa” köşgünde ýokary derejedäki ikiçäk gepleşikler geçirildi. Onuň barşynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklara ýokary baha berildi. Taraplar özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny bellediler. Iki döwletiň Baştutanlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna ünsi çekip, Türkmenistanyň we Bahreýniň halklarynyň ýakynlaşmagynyň aýrylmaz şerti hökmünde medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň wajypdygyny nygtadylar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasyny, şeýle hem Mirasdüşer Şazada, Bahreýniň Premýer-ministrini Türkmenistana ýakyn wagtda sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara — Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda howa gatnawy hakynda Ylalaşyga; Miras bilen baglanyşykly senetçilik we däp-dessurlar babatda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Mohammed bin Mubarak Al Halifa adyndaky Diplomatik bilimleri akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda deňiz ulaglary babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda demir ýol ulaglary babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda umumy, tehniki we ýokary bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Standartlaşdyrmak, sertifikatlaşdyrmak, akkreditirlemek we metrologiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Bahreýn Patyşalygynyň Medeniýet we gadymyýet müdirliginiň arasynda 2023 — 2027-nji ýyllar aralygynda medeniýet babatda hyzmatdaşlygy ýerine ýetirmegiň Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Bahreýniň Ösüş bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi. 

                                                                   

Ählumumy deňiz-howa logistikanyň hyzmatdaşy baradaky Şahadatnama laýyklykda, iki ýurduň arasynda ykdysady we söwda gatnaşyklary ösdürmek babatda bilelikdäki isleg göz öňünde tutulyp, Bahreýn Patyşalygy ýurdumyza şu merkeziň başlangyjynyň çäginde hyzmatdaş derejesini hödürleýär. Bu Şahadatnama türkmen tarapyna berildi. Hormatly Prezidentimiziň Bahreýn Patyşalygyna saparynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Maglumat kabul edildi. 

                                                                   

Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, Patyşa Hamad bin Isa Al Halifa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy, sebit we halkara derejede parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam edýän döredijilikli syýasaty durmuşa geçirýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bahreýn Patyşalygynyň ýokary sylagyna — Şeýh Isa bin Salman Al Halifa adyndaky birinji derejeli ordenine mynasyp bolandygyny habar berdi. Bahreýniň Patyşasy döwlet Baştutanymyza dabaraly ýagdaýda, ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda bu hormatly sylagy gowşurdy we jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Öz gezeginde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda we hususyýetçilikde uly kuwwatynyň bardygyny nygtap, bilelikdäki işewürler geňeşini döretmegi, şeýle hem iki ýurduň telekeçileriniň sergilerini geçirmegi teklip etdi. Döwlet Baştutanymyz däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygy barada aýdyp, medeniýet we sport ulgamynda-da ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy höweslendirmegiň möhümdigini belledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Patyşa Hamad bin Isa Al Halifa bildirilen hormat-sarpa — Şeýh Isa bin Salman Al Halifa adyndaky birinji derejeli orden bilen sylaglanandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu ýokary sylaga Türkmenistana we onuň halkyna çuňňur hormatyň, ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezdiginiň nyşany hökmünde garaýandygyny nygtady. 

                                                                   

Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Safiriýýa” köşgüne bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa mähirli garşylady. 

                                                                   

Iki döwletiň Baştutanlary geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny hem-de olaryň anyk maksatlara ýetmäge gönükdirilendigini kanagatlanma bilen belläp, taraplaryň türkmen-bahreýn gatnaşyklaryny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmaga meýillidiklerini tassykladylar. 

                                                                   

Türkmenistanda we Bahreýnde köpasyrlyk däplere eýe bolan atçylygy ösdürmek meselesi hem gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Köşgüň çäginde ýerleşýän atçylyk sport meýdançasynda belent mertebeli myhman üçin arassa ganly arap bedewleriniň, şeýle-de beýleki tohum atlaryň görkezilişi guraldy. Olaryň arasynda meşhur ahalteke bedewleriniň hem bardygy bellärliklidir. 

                                                                   

Döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işindäki hyzmatlarynyň hem-de gadymdan gelýän atçylyk däplerini ösdürmäge goşan goşandynyň ykrarnamasynyň nyşany hökmünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ajaýyp arap tohum atlarynyň ikisi sowgat berildi. Döwlet Baştutanymyz Bahreýniň Patyşasyna minnetdarlyk bildirip, bu ulgamda hünärmenleriň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. 

                                                                   

Şol gün döwlet Baştutanymyz Bahreýniň Milli muzeýine baryp gördi we ol ýerde Bahreýn Patyşalygynyň gadymy taryhyna, medeniýetine we sungatyna bagyşlanan muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdy. 

                                                                   

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça parlamentiň alyp barýan işleri, Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak işleri bilen bagly meseleler mejlisde garalan meseleleriň hatarynda boldy. 

                                                                   

Energiýa serişdelerini rejeli peýdalanmak, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, daşky gurşawy goramak we ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça döwlet strategiýasyny durmuşa geçirmek, Aşgabady mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, dokma pudagyny döwrebaplaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. Şeýle hem ýazyň ilkinji aýyndaky baýramçylyk çärelerine, ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça “Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar” atly halkara bäsleşige we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde geçiriljek halkara internet olimpiadalaryna görülýän taýýarlyk barada habar berildi. 

                                                                   

Mundan başga-da, 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary we innowasion tehnologiýalary çekmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylyşy barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, şunuň bilen baglylykda, birnäçe teklipler, şol sanda degişli kanunçylygy kämilleşdirmek, ýokary tehnologik merkezleri döretmek babatda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek, bu ugurda bilim almak ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklipler taýýarlanyldy. 

                                                                   

Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzda täze bilimleriň, ylmy barlaglaryň, önümçiligiň we tehnologiýalar işewürliginiň bitewüligini özünde jemleýän Halkara innowasion toplumy we ýokary tehnologiýalar boýunça işewürler mekdebini döretmek, şeýle-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy hem-de ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi bilen bilelikde paýtagtymyzda tehnologiýalar hepdeligini geçirmek teklip edilýär. 

                                                                   

Mejlisiň dowamynda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri üstünlikli çözmäge gönükdirilen işler barada habar berildi. Hususan-da, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny “ýaşyl” portlaryň hataryna goşmak, oňa “EсoPort” şahadatnamasyny almak babatda görülýän çäreler barada aýdyldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň Nebit önümleriniň peýdalanylyşyna gözegçilik gullugynyň meseleleri hakyndaky, welaýatlar boýunça 2023-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakyndaky, Türkmenistanda 2023-nji ýylda bag ekmek hakyndaky Kararlara, Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna döwlet Baştutanymyzyň adyndan pul sowgatlaryny bermek hakyndaky Buýruga gol çekdi. 

                                                                   

20-nji fewralda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Şeýh Faýsal bin Nasser bin Hamad Al Tani bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda energetika, ulag we kommunikasiýa, senagat, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlarda türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändigi bellenildi. Aýratyn-da, maýa goýum ugry boýunça hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygy bellenildi. Ýangyç-energetika toplumy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. 

                                                                   

 Şeýle-de medeni-ynsanperwer ulgamyň däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy nygtaldy. 

                                                                   

Şeýh Faýsal bin Nasser bin Hamad Al Tani Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy özi üçin islendik amatly wagtda Katar Döwletine sapar bilen gelmäge çagyrdy. 

                                                                   

25-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz şäheriň birinji tapgyrynyň binalarynyň açylyş dabarasyna jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, şu mynasybetli geçiriljek dabaralarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ruhunyň öz beýanyny tapmalydygyny nygtady. 

                                                                   

Geçen hepde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Dominikan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elwis Antonio Alam Loradan ynanç hatyny kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn, şeýle-de köptaraplaýyn görnüşde, ozaly bilen, iri halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli alnyp barylýan türkmen-dominikan hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alyşmalar boldy. 

                                                                   

Ýurdumyzda Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalygyna saýlaw möwsüminiň çäklerinde dalaşgärleri hödürlemek işi tamamlandy. Häzirki wagtda dalaşgärleri bellige almak işleri dowam edýär, ýakyn günlerde bolsa olaryň saýlawçylar bilen duşuşyklary başlanar. Saýlawlaryň geçirilişine milli synçylar we dürli halkara düzümleriň ýörite çagyrylan wekilleri gözegçilik ederler. 

                                                                   

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy depginli ösdürýändiginiň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine durmuşa geçirýän daşary syýasy strategiýasynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. 

                                                                                                           

(TDH)

27.02.2023
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş sapary

Ahal welaýaty, 25-nji fewral (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. 

                                                                   

Ahal welaýatynyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň gurluşygynda dünýäniň iň gowy tejribesiniň ulanylmagyna hem-de döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň sebitleriniň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşiniň möhüm şertidir. Şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryna taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň toplumlaýyn häsiýete eýedigini bellemek gerek. Şunda senagat zolagyny döretmek, onuň çäklerinde bina ediljek önümçilik kärhanalarynyň häzirki zamanyň ekologik talaplaryna laýyk gelmegini üpjün etmek wajyp wezipedir. 

                                                                   

...Hormatly Arkadagymyz ir bilen täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň şekil taslamalarynyň görkezilýän ýerine geldi. 

                                                                   

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary, binalaryň özboluşly aýratynlyklary, gurluşykda ulanylmagy göz öňünde tutulýan tehnologiýalar barada giňişleýin maglumat berdi. 

                                                                   

Hajy Arkadagymyz Ahal welaýatynyň baş metjidiniň bezeg aýratynlyklarynda ulanylýan serişdeler, metjidiň yşyklandyrylyşy, şeýle hem onuň sütünleri bilen tanşyp, bu desganyň gurluşygynyň we bezeg aýratynlyklarynyň türkmen halkynyň ruhy dünýäsiniň özboluşly ýörelgelerine laýyk gelmelidigini belledi. Şunda ulanylýan serişdeleriň berkligine, göze gelüwliligine möhüm ähmiýet berilmelidir. Metjit gurluşy we bezeg aýratynlyklary babatda türkmen halkynyň yslam dünýäsiniň asylly ýörelgelerine ygrarlydygynyň özboluşly beýanyna öwrülmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. 

                                                                   

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, gurulmagy meýilleşdirilýän awtomenziliň we awtotoplumyň, şonuň ýaly-da, demir ýol menziliniň taslamalary durmuşa geçirilende, halkara derejede bildirilýän talaplardan ugur alynmalydyr, şäher ilaty we onuň myhmanlary üçin ähli amatlyklar, mümkinçilikler göz öňünde tutulmalydyr. Dürli maksatly desgalar bina edilende, olaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, gurluşyklaryň bellenen möhletlerde tamamlanmagy, hemişekileri ýaly, möhüm talap bolup durýar. Şunda gurluşyk işleriniň alnyp barylýan ýerleriniň özboluşly tebigy aýratynlyklary göz öňünde tutulmalydyr. Şonuň ýaly-da, desgalaryň içki we daşky bezeg işlerinde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi sazlaşykly utgaşdyrylmalydyr. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň çäklerinde ulag-aragatnaşyk ulgamyna degişli binalaryň gurluşygynda ulanylýan serişdeleriň berkligine, uzak möhletleýinligine aýratyn üns berilmelidigini belledi. Şunda demir ýollaryň gurluşygynda dünýäniň ösen tejribesiniň, häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ulanylmagyna zerur üns berilmelidir. Taryhyň dowamynda döwletleri baglanyşdyrýan ýollary guran halkymyzyň milli tejribesi ulanylmalydyr. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, hormatly Arkadagymyz bu künjekde, has takygy, Arkadag şäherinden Aşgabada, Awaza çenli aralyga ýokary tizlikli demir ýol şahalaryny gurmak bilen baglanyşykly meseleleriň içgin öwrenilmelidigini belläp, Arkadag şäherini paýtagtymyz we ýurdumyzyň beýleki şäherleri bilen baglanyşdyrýan demir ýol gatnawlarynyň häzirki zaman ülňülerine laýyk gelmelidigini nygtady. Gahryman Arkadagymyz degişli ýolbaşçylara ýüzlenip, ýollaryň ulanyş düzümlerine sanly ulgamy ornaşdyrmagyň şu günüň möhüm talaby bolup durýandygyny aýtdy. 

                                                                   

Şol bir wagtyň özünde, gurulmagy meýilleşdirilýän demir ýol menzilinde ýolagçylar üçin ähli şertleriň döredilmegi zerurdyr. Şunda pyýadalar üçin geçelgeleriň, söwda dükanlarynyň we ýerasty geçelgeleriň gurluşygyna, olaryň abadanlaşdyrylyş derejesine aýratyn üns berilmelidir. Häzirki zamanyň ösen tejribesinden ugur alyp, demir ýol menzilinde otlynyň gelip durjak ýeriniň ýapyk görnüşde bolmagy maksadalaýyk hasaplanýar. Şunda binanyň bezeg aýratynlyklaryna, döwrebap germewleriniň we eskalatorlaryň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Şäher ilatyna we onuň myhmanlaryna edilýän ulag hyzmatlarynyň medeniýetiniň häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelmegi ugrunda ähli zerur tagallalar edilmelidir. Gahryman Arkadagymyz ýol-ulag düzüminiň desgalarynyň taslamalary durmuşa geçirilende, olaryň düzüminde häzirki zaman yşyklandyryş ulgamynyň bolmalydygyna ünsi çekip, bu ugra degişli ähli desgalaryň şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini aýtdy. 

                                                                   

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilýän awtomenziliň şekil taslamasy bilen tanşyp, oňa käbir belliklerini aýtdy. Bellenilişi ýaly, toplumyň taslamasyny Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary taýýarladylar. Hormatly Arkadagymyz bu ugurda alnyp barylýan işlere, degişli taslamalaryň taýýarlanylmagyna ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplarynyň gatnaşmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň ulag ulgamynyň işiniň döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirilmelidigini nygtap, hormatly Arkadagymyz şäherde ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek, ýollarda sürüjiler we ýolagçylar üçin amatly şertleri ýola goýmak meselelerine, ýol yşyklarynyň döwrebap ýagdaýda bolmagyna möhüm üns berilmelidigini aýtdy. 

                                                                   

Şäheriň baş meýdançasynda oturdylan Baýdak sütüniniň uzaklardan seleňläp görünmelidigi hem-de belentlik, gözellik we türkmen halkynyň ruhuna kybap beýiklik bilen utgaşmalydygy bellenildi. Ol halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden we dünýä nusgalyk milli binagärlik ýörelgelerini özünde jemlemelidir. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynda bina edilen dürli maksatly desgalaryň açylyşy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny aýdyp, şäheriň merkezinde ýerleşýän münberiň gurluşygy bilen baglanyşykly, hususan-da, onuň bezeg aýratynlyklarynda ösen tejribäniň ulanylmalydygy baradaky meselä ünsi çekdi. Bu desga täze şäheriň binagärlik keşbine özboluşly bezeg bermelidir. Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam edip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, migrasiýa, gümrük gulluklarynyň işini ýola goýmak, şäherde düzgün-tertip we awtoulaglaryň sazlaşykly hereketine gözegçilik etmek bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini aýtdy. Şunda degişli gulluklaryň sazlaşykly işi üpjün edilmelidir, olaryň işine sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylmagyna zerur üns berilmelidir. 

                                                                   

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň binalarynyň açylyş dabarasyna uly jogapkärçilik bilen çemeleşilmelidigini nygtady hem-de dabaralarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlarynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly gadamlarynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi. 

                                                                   

 Gahryman Arkadagymyz öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

27.02.2023
Beýik ösüşlerden gülleýär diýar

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow:
 

                                                                   

 — Döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde şäherlerimiziň we obalarymyzyň, tutuş ýurdumyzyň keşbi özgerýär. 

                                                                   

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýete eýe bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde halk hojalygynyň ähli ugurlarynda ajaýyp üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň durmuşyndaky beýik özgertmeler, kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegi, täze gurulýan obalardyr şäherler, ýaşaýyş toplumlary — bularyň ählisi, jemgyýetimiziň kämillige tarap özgermegine, ösmegine, halkymyzyň täze zähmet üstünliklerini gazanmagyna kuwwatly itergi berýär. 

                                                                   

Halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda gazanylýan ösüşler ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriň hataryna goşulýandygyny aýdyň görkezýär. Muňa 2022-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde agzalan makroykdysady görkezijiler hem şaýatlyk edýär. Hususan-da, jemi içerki önümiň ösüşi durnukly häsiýete eýe bolup, 6,2  göterime deň boldy. Senagat toplumynda bu görkeziji 6,3 göterim, gurluşyk pudagynda 0,3 göterim, ulag we aragatnaşyk ulgamynda 4,5 göterim, söwdada 8,9 göterim, oba hojalygynda 5,7 göterim, hyzmatlar ulgamynda  7  göterim boldy. 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2022-nji ýylda jemi öndürilen önüm 11 göterim köpeldi, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, geçen ýylda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 10,8 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň ösüş depgini bolsa 32,9  göterim artdy. Bellenilişi ýaly, 2022-nji ýylda tutuş ýurdumyz boýunça önümçilik we durmuş maksatly binalardyr desgalaryň 76-sy ulanmaga berildi. 

                                                                   

Hökümetiň giňişleýin mejlisinde berlen maglumatlardan mälim bolşy ýaly, şu ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 1 million 58,5 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berler. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň maýa goýum Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda we paýtagtymyzda ençeme desgalaryň, binalaryň gurluşygyna badalga berler. Aşgabat şäherinde 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň hem-de 4000 orunlyk Medeniýet merkeziniň gurluşygyna başlamak meýilleşdirilýär. Şeýle hem, birnäçe binalaryň we desgalaryň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar.  

                                                                   

Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumyny, «Parahat-7» ýaşaýyş toplumynda 23 sany ýaşaýyş jaýyny, kuwwatlylygy 150 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desgany ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Şonuň ýaly-da, sebitde iň iri taslamalaryň biri bolan Arkadag şäheriniň birinji tapgyry, Gökdepe etrabynyň Köpetdag we Owadandepe geňeşlikleriniň çäginde täze obalar, şeýle hem 600 baş ahalteke bedewi üçin döwrebap athana ulanmaga tabşyrylar. Şu ýyl Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz ýokary woltly asma elektrik geçiriji ulgamlary, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegini, 15 sany orta mekdebi we 3 sany çagalar bagyny işe girizmek meýilleşdirilýär.  

                                                                   

Ýurdumyz abadançylygyň we rowaçlygyň belentliklerine tarap bedew bady bilen okgunly öňe barýar. Watanymyzyň ykdysady kuwwaty barha artýar. Durmuş ulgamy ykdysadyýeti döwlet tarapyndan kadalaşdyrmagyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ulgamyň döwrebaplaşdyrylmagy, ösüşi işçi güýçleriniň artdyrylmagyny, ýagny iş ýerleriniň köpelmegini şertlendirýär. Ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň çalt depginlerde durmuşa ornaşdyrylmagy bu wezipäniň üstünlikli çözgüdini esaslandyrýar. Şonuň bilen bir hatarda, jemgyýetiň medeni we ruhy ösüşini üpjün edýär. Halk hojalygynyň beýleki ulgamlary bilen bir hatarda, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, durmuş üpjünçiligi we ilaty durmuş taýdan goramak ulgamlary, ýaşaýyş-jemagat hojalygy häzirki wagtda dünýä tejribesiniň gazananlarynyň esasynda kämil binýada eýe bolýar. 

                                                                   

Ylmyň we tehnikanyň gazananlary, şonuň bilen bir hatarda, öňdebaryjy tejribeler, olary başarnykly ulanmak ýurdumyzy, jemgyýetimizi üstünliklere, ösüşlere tarap örän çalt depginlerde äkidiji güýç hökmünde häsiýetlendirilýär. Şu günler ýurdumyzyň islendik künjegine barsaň hem, täze bina edilýän ägirt uly gurluşyklara gözüň düşýär. Eziz   Watanymyzyň mukaddes topragy, ümmülmez sährasy, deňzi-derýasy bereket çeşmesine öwrülýär. Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň has çalt ösýän döwletleriniň hataryna goşuldy. Bu döwürde ýurtda ähli pudaklaryň maliýe-ykdysady mümkinçilikleri artdy. Ýerli çig mal we zähmet serişdeleriniň netijeli ulanylmagy pudaklaryň düşewüntliligini has-da ýokarlandyrdy.  

                                                                   

Eziz Diýarymyzyň oba hojalyk, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk, nebitgaz, ýangyç energetika, dokma we söwda, medeniýet, ylym-bilim ulgamlary uly ösüşlere eýe boldy. Geçen sanlyja ýylyň içinde ýurdumyzyň welaýat merkezleri doly abadanlaşdyrylyp, durmuş-ykdysady taýdan kuwwatly görnüşe getirildi. Täze etraplar, şäherlerdir şäherçeler döredildi. Şäherçeleriň her biri ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, dünýä ülňülerine laýyk gelýän mekdepleri we çagalar baglaryny, sport toplumlaryny, döwrebap saglygy goraýyş we medeniýet edaralaryny, durmuş maksatly beýleki desgalary öz içine alýar. Olarda ulag we inženerçilik desgalary, awtomobil ýollary, suw we gaz ulgamlary, elektrik geçirijiler, aragatnaşyk ulgamlary guruldy.  

                                                                   

Berkarar Diýarymyzda täze döredilýän Arkadag şäheri diňe bir milli ykdysadyýetimiziň däl, medeniýetimiziň hem beýik ösüşlerini dabaralandyryp, dünýä ýaň salýar. Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, Arkadag Binasynyň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Saçly Dursunowa adyndaky Ahal welaýat lukmançylyk  orta hünär okuw mekdebiniň, Ahal welaýatynyň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň döredilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Sungat derejesine ýetirilýän Arkadag şäheri ajaýyplygy, bitirilen beýik işler bilen bitewülikde halkymyzda egsilmez güýji, ruhubelentligi kemala getirýär. Türkmen halkynyň şu güni, şöhratly geljegi onuň agzybirliginde, jebisliginde, hatar-hatar obalary, şäherleri, şäherçeleri, ýaşaýyş toplumlaryny döretmeginde, bir başa gulluk etmeginde jemlenendir. 

                                                                   

Geçen ýylyň 20-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi ulanmaga berildi. Dünýäniň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilen täze desganyň ulanylmaga berilmegi milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de senagatlaşdyrmak, onuň ähli pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny, şol sanda energetika pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak boýunça Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmekde nobatdaky möhüm ädim boldy. 

                                                                   

2022-nji ýylyň dekabr aýynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 27 ýyllyk toýunyň bellenilýän günlerinde Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň çäginde, Aşgabat — Türkmenbaşy awtomobil ýolunyň gaýrasynda gurlan Galkynyş atly täze, döwrebap şäherçe ulanylmaga berildi. Şanly baýramçylygyň bosagasynda Bereket etrabynyň çäginde 300 hojalyga niýetlenen şäherçäniň açylyşy «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň taryhy wakalarynyň biri boldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçen ýylyň 28-nji dekabrynda, Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda paýtagtymyzyň günbatar künjeginde täze, döwrebap ýaşaýyş toplumynyň, umumybilim berýän mekdebiň, çagalar bagynyň, söwda-dynç alyş merkeziniň we beýleki desgalaryň açylyş dabarasy ömürlere bagtyň şuglasyny çaýdy. Bu durmuş maksatly taslama ýurdumyzyň baş şäheriniň çäkleriniň giňelmegi, şäher ilatynyň sanynyň artmagy nazara alnyp işlenip taýýarlanyldy. Häzirki döwürde Aşgabadyň bu künjeginde döwrebap ýol-ulag düzümi, şäher ilatynyň amatly durmuşyny üpjün etmek üçin degişli inženerçilik ulgamy döredildi. Aýratyn bellenmeli zatlaryň biri hem olaryň ählisinde iň täze tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagydyr. Munuň özi amala aşyrylýan beýik işleriň toplumlaýyn we sazlaşykly alnyp barylýandygyny şertlendirýär. 

                                                                   

Önümçiligiň geriminiň giňeldilmegi we döwrebaplaşdyrylmagy, öňden bar bolan senagat desgalarynyň dünýäniň iň ösen tehniki enjamlary bilen gaýtadan enjamlaşdyrylmagy, täze ugurlary ornaşdyrmaga gönükdirilýän iri maýa goýum serişdeleriniň netijeli özleşdirilmegi ýurdumyzyň senagat taýdan kuwwatlanmagyna giň mümkinçilikleri döretdi we ykdysady pudaklaryň işleriniň sazlaşykly ýola goýulmagyna, üstünlikleriň gazanylmagyna netijeli täsir etdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň ösüşini innowasion mazmunda ýola goýmak, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gazanmak, ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmak babatda bitirilýän beýik işler her bir türkmenistanlyny täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurulýan senagat-önümçilik desgalary, durmuş maksatly binalar, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy ýaly onlarça taslamalar boýunça ýetilen belent sepgitler, bilim, ylym, medeniýet ulgamyndaky okgunly ösüşler halkymyzyň röwşen geljegine gönükdirilendir. Watanymyzda şeýle ajaýyp işleri amala aşyrýan Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag bolsun, beýik tutumlary rowaçlyklara beslensin! 

                                                                                                           

Oguljamal GELDYMUHAMMEDOWA,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Dünýä ykdysadyýeti kafedrasynyň professory, ykdysady ylymlaryň doktory.

24.02.2023