Pul-karz syýasaty: döwrebaplyk, ösüş we netijelilik

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barylýan düýpli özgertmeler özüniň oňyn netijelerini berýär. Munuň aýdyň mysalyny «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan 2022-nji ýylyň jemlerinden hem görmek bolýar. 

                                                                   

Geçen ýylda ýurduň ykdysady ösüşini häsiýetlendirýän esasy makroykdysady görkeziji bolan jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim boldy, şol sanda senagatda 6,3, söwdada 8,9, oba hojalygynda 5,7 göterime deň boldy. Şeýle ýokary depginli ösüşiň gazanylmagy netijesinde, ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň (býujetiň) girdeji bölegi 125,8 göterim, çykdajy bölegi 99,9 göterim ýerine ýetirildi. Gazanylan üstünlikler türkmen ykdysadyýetiniň bazar ykdysadyýeti şertlerinde üstünlikli ilerleýändigini görkezýär. Bazar, öňi bilen, ähli ykdysady gurallaryň, şol sanda pul-karz syýasatynyň döwrebaplaşdyrylmagyny, ösdürilmegini we kämilleşdirilmegini talap edýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň alyp barýan pul-karz syýasaty ýurduň ykdysady syýasatynyň düzüm bölegi bolmak bilen, durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Ýurtda pul dolanyşygyny kämilleşdirmek, pul birliginiň satyn alyş ukybynyň durnuklylygyny üpjün etmek, karz serişdeleriniň elýeterliligi, ykdysadyýete gönükdirilýän karz serişdeleriniň möçberini artdyrmak, maliýe goldawynyň berilmegi netijesinde kärhanalaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny has-da gowulandyrmak ykdysadyýeti ösdürmekde esasy görkezijiler hasap edilýär.  

                                                                   

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, Merkezi bank tarapyndan pul-karz we walýuta syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, täze pul-karz gurallaryny ornaşdyrmak boýunça köp sanly çäreler durmuşa geçirilýär. Şu meseleleri üstünlikli çözmek üçin dünýäniň ösen döwletleriniň banklarynyň, halkara maliýe guramalarynyň baý tejribesi öwrenilýär we ýurdumyzyň bank önümçiligine giňden ornaşdyrylýar. 

                                                                   

Türkmenistanyň bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça işleriň ykdysadyýetiň ösýän isleg-talabyna laýyklykda amala aşyrylmagy pul dolanyşygynyň hereketini çaltlandyrmaga, ýokary netijeli pul-karz syýasatyny geçirmäge we milli manadymyzyň makroykdysady görkezijilere täsirini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Pul-karz syýasaty ýurduň maýa goýum işjeňligine öz täsirini ýetirýär. Çünki maýa goýumyň mukdar taýdan köpelmegi we hil taýdan täze derejä çykarylmagy milli walýutanyň durnuklylygy, karza bolan islegiň öz wagtynda, doly derejede kanagatlandyrylmagy bilen üznüksiz baglanyşyklydyr. Ýurdumyzyň ykdysadyýetine gönükdirilýän karz serişdeleri yzygiderli artýar. 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna görä, bank ulgamy tarapyndan ykdysadyýete berlen karzlaryň galyndysy 7,6 göterim, hususy bölege berlen karzlaryň galyndysy 28,2 göterim, oba hojalyk önümlerini öndürijilere berlen karz serişdeleriniň galyndysy 1,3 esse, ipoteka karzlarynyň galyndysy 9,4 göterim artdy. Şu maglumatlardan görnüşi ýaly, ýurdumyzyň banklarynyň karz syýasaty täze derejelere çykýar we ykdysady ösüşe täsiri ýokarlanýar. 

                                                                   

Soňky ýyllarda karz edaralary tarapyndan berilýän karzlaryň düzüminde uzak möhletli karzlaryň paýy yzygiderli artýar. Munuň özi karzyň maýa goýum syýasatynda işjeňligini artdyrmak bilen, önümçiligiň ähli ugurlaryna öňdebaryjy, ösen tehnologiýany ornaşdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge we ykdysadyýeti düşewüntli dolandyrmaga zerur bolan amatlyklary döredýär. Şu ýyl ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 37 milliard 400 million manat möçberde maýa goýum goýlar, onuň 20 milliard 800 million manadyny ýa-da 55,6 göterimini önümçilik desgalarynyň gurluşygyna, 16 milliard 600 million manadyny ýa-da 44,4 göterimini bolsa durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdirmek göz öňünde tutulýar. Munuň netijesinde, 3 müňe golaý täze iş ornuny döretmek, daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 19,4 milliard amerikan dollaryna, jemi içerki önümiň ösüş depginini bolsa 6,5 göterime ýetirmek meýilleşdirilýär. Jemi içerki önümde (ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan) hususy pudagyň paýyny 71,3 göterime ýetirmek maksat edinilýär.  

                                                                   

Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň 10 göterim ýokarlanmagy bilen, ilatyň tölege ukyplylygy artýar, ýaşaýyş-durmuş şertleri gowulanýar. Ýurtda öndürilýän önümleriň möçberiniň yzygiderli köpelmegi, olaryň hiliniň halkara talaplara laýyk getirilmegi harytlaryň diňe bir içerki bazarda geçginliligini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä bazarlarynda hem ýokary islege eýe bolmagyny üpjün edýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň eksporty barha ýokarlanýar, importyň ornuny tutýan önümler özümizde öndürilýär we türkmen manadynyň kadaly hereketi üpjün edilýär. 

                                                                   

Ýurdumyzyň ilatynyň ýarysyna golaýy oba ýerlerinde ýaşaýar. Oba ilatyna banklar tarapyndan ýeňillikli şertlerde berilýän karzlar yzygiderli artýar. Oba adamlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri gowulanýar, maşgala girdejileri ýokarlanýar. Şu ýagdaýlary göz öňünde tutup, ýurdumyzyň bank ulgamynyň işgärleri oba ýaşaýjylary bilen köpräk duşuşyklary geçirmegi, olaryň banklaryň hödürleýän hyzmatlaryndan giňden peýdalanmagyny ýola goýmagy we maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmagy öňde duran esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlediler. Bu işleriň maksadalaýyk geçirilmegi pul-karz syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrar we maksatnamalaýyn ösüşi üpjün eder. 

                                                                   

Ýurdumyzyň bank ulgamynda sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy pul dolanyşygynda serişdeleriň aýlanyş tizligini ýokarlandyrýar, hasaplaşyklary geçirmegiň, karzy resmileşdirmegiň wagtyny gysgaldýar, pul-karz gatnaşyklarynda kada-kanunyň berjaý edilişine gözegçiligi ýola goýmaga we ýokary netijeli çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik döredýär. Munuň netijesinde, banklaryň ýurdumyzyň ykdysady ösüşindäki orny barha ýokarlanýar, bäsdeşlige ukyplylygy artýar we banklar tarapyndan geçirilýän pul-karz syýasaty ykdysadyýetiň işjeň hereketlendiriji güýjüne öwrülýär.  

                                                                   

Milli ykdysadyýetde sazlaşykly alnyp barylýan giň gerimli işler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşleriniň yzygiderli ilerlemegine, ilatyň ýaşaýyş şertleriniň has-da gowulanmagyna gönükdirilendir. Ýeri gelende aýtsak, gazanylýan bu üstünlikler barada ýaşlaryň arasynda hem yzygiderli wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Ýakynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda geçirilen “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary” atly maslahatda hem bu barada giňden pikir alşyldy. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşleri ylmy taýdan esaslandyrylyp, oýlanyşykly işlenip düzülen, uzak geljegi nazarlaýan maksatnamalara daýanýar. Şoňa görä-de, anyk netijeler gazanylyp, ösüşli ýol dowam etdirilýär. 

                                                                                                           

Baýramdurdy TAÝHAROW,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň professory.