Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş sapary

Ahal welaýaty, 25-nji fewral (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. 

                                                                   

Ahal welaýatynyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň gurluşygynda dünýäniň iň gowy tejribesiniň ulanylmagyna hem-de döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň sebitleriniň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşiniň möhüm şertidir. Şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryna taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň toplumlaýyn häsiýete eýedigini bellemek gerek. Şunda senagat zolagyny döretmek, onuň çäklerinde bina ediljek önümçilik kärhanalarynyň häzirki zamanyň ekologik talaplaryna laýyk gelmegini üpjün etmek wajyp wezipedir. 

                                                                   

...Hormatly Arkadagymyz ir bilen täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň şekil taslamalarynyň görkezilýän ýerine geldi. 

                                                                   

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary, binalaryň özboluşly aýratynlyklary, gurluşykda ulanylmagy göz öňünde tutulýan tehnologiýalar barada giňişleýin maglumat berdi. 

                                                                   

Hajy Arkadagymyz Ahal welaýatynyň baş metjidiniň bezeg aýratynlyklarynda ulanylýan serişdeler, metjidiň yşyklandyrylyşy, şeýle hem onuň sütünleri bilen tanşyp, bu desganyň gurluşygynyň we bezeg aýratynlyklarynyň türkmen halkynyň ruhy dünýäsiniň özboluşly ýörelgelerine laýyk gelmelidigini belledi. Şunda ulanylýan serişdeleriň berkligine, göze gelüwliligine möhüm ähmiýet berilmelidir. Metjit gurluşy we bezeg aýratynlyklary babatda türkmen halkynyň yslam dünýäsiniň asylly ýörelgelerine ygrarlydygynyň özboluşly beýanyna öwrülmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. 

                                                                   

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, gurulmagy meýilleşdirilýän awtomenziliň we awtotoplumyň, şonuň ýaly-da, demir ýol menziliniň taslamalary durmuşa geçirilende, halkara derejede bildirilýän talaplardan ugur alynmalydyr, şäher ilaty we onuň myhmanlary üçin ähli amatlyklar, mümkinçilikler göz öňünde tutulmalydyr. Dürli maksatly desgalar bina edilende, olaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, gurluşyklaryň bellenen möhletlerde tamamlanmagy, hemişekileri ýaly, möhüm talap bolup durýar. Şunda gurluşyk işleriniň alnyp barylýan ýerleriniň özboluşly tebigy aýratynlyklary göz öňünde tutulmalydyr. Şonuň ýaly-da, desgalaryň içki we daşky bezeg işlerinde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi sazlaşykly utgaşdyrylmalydyr. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň çäklerinde ulag-aragatnaşyk ulgamyna degişli binalaryň gurluşygynda ulanylýan serişdeleriň berkligine, uzak möhletleýinligine aýratyn üns berilmelidigini belledi. Şunda demir ýollaryň gurluşygynda dünýäniň ösen tejribesiniň, häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ulanylmagyna zerur üns berilmelidir. Taryhyň dowamynda döwletleri baglanyşdyrýan ýollary guran halkymyzyň milli tejribesi ulanylmalydyr. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, hormatly Arkadagymyz bu künjekde, has takygy, Arkadag şäherinden Aşgabada, Awaza çenli aralyga ýokary tizlikli demir ýol şahalaryny gurmak bilen baglanyşykly meseleleriň içgin öwrenilmelidigini belläp, Arkadag şäherini paýtagtymyz we ýurdumyzyň beýleki şäherleri bilen baglanyşdyrýan demir ýol gatnawlarynyň häzirki zaman ülňülerine laýyk gelmelidigini nygtady. Gahryman Arkadagymyz degişli ýolbaşçylara ýüzlenip, ýollaryň ulanyş düzümlerine sanly ulgamy ornaşdyrmagyň şu günüň möhüm talaby bolup durýandygyny aýtdy. 

                                                                   

Şol bir wagtyň özünde, gurulmagy meýilleşdirilýän demir ýol menzilinde ýolagçylar üçin ähli şertleriň döredilmegi zerurdyr. Şunda pyýadalar üçin geçelgeleriň, söwda dükanlarynyň we ýerasty geçelgeleriň gurluşygyna, olaryň abadanlaşdyrylyş derejesine aýratyn üns berilmelidir. Häzirki zamanyň ösen tejribesinden ugur alyp, demir ýol menzilinde otlynyň gelip durjak ýeriniň ýapyk görnüşde bolmagy maksadalaýyk hasaplanýar. Şunda binanyň bezeg aýratynlyklaryna, döwrebap germewleriniň we eskalatorlaryň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Şäher ilatyna we onuň myhmanlaryna edilýän ulag hyzmatlarynyň medeniýetiniň häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelmegi ugrunda ähli zerur tagallalar edilmelidir. Gahryman Arkadagymyz ýol-ulag düzüminiň desgalarynyň taslamalary durmuşa geçirilende, olaryň düzüminde häzirki zaman yşyklandyryş ulgamynyň bolmalydygyna ünsi çekip, bu ugra degişli ähli desgalaryň şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini aýtdy. 

                                                                   

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilýän awtomenziliň şekil taslamasy bilen tanşyp, oňa käbir belliklerini aýtdy. Bellenilişi ýaly, toplumyň taslamasyny Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary taýýarladylar. Hormatly Arkadagymyz bu ugurda alnyp barylýan işlere, degişli taslamalaryň taýýarlanylmagyna ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplarynyň gatnaşmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň ulag ulgamynyň işiniň döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirilmelidigini nygtap, hormatly Arkadagymyz şäherde ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek, ýollarda sürüjiler we ýolagçylar üçin amatly şertleri ýola goýmak meselelerine, ýol yşyklarynyň döwrebap ýagdaýda bolmagyna möhüm üns berilmelidigini aýtdy. 

                                                                   

Şäheriň baş meýdançasynda oturdylan Baýdak sütüniniň uzaklardan seleňläp görünmelidigi hem-de belentlik, gözellik we türkmen halkynyň ruhuna kybap beýiklik bilen utgaşmalydygy bellenildi. Ol halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden we dünýä nusgalyk milli binagärlik ýörelgelerini özünde jemlemelidir. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynda bina edilen dürli maksatly desgalaryň açylyşy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny aýdyp, şäheriň merkezinde ýerleşýän münberiň gurluşygy bilen baglanyşykly, hususan-da, onuň bezeg aýratynlyklarynda ösen tejribäniň ulanylmalydygy baradaky meselä ünsi çekdi. Bu desga täze şäheriň binagärlik keşbine özboluşly bezeg bermelidir. Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam edip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, migrasiýa, gümrük gulluklarynyň işini ýola goýmak, şäherde düzgün-tertip we awtoulaglaryň sazlaşykly hereketine gözegçilik etmek bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini aýtdy. Şunda degişli gulluklaryň sazlaşykly işi üpjün edilmelidir, olaryň işine sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylmagyna zerur üns berilmelidir. 

                                                                   

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň binalarynyň açylyş dabarasyna uly jogapkärçilik bilen çemeleşilmelidigini nygtady hem-de dabaralarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlarynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly gadamlarynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi. 

                                                                   

 Gahryman Arkadagymyz öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.