Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 10-njy fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» we Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyny tassyklamak hakynda degişli resminama gol çekdi. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzda senagat, durmuş we medeni maksatly döwrebap binalarydyr desgalary gurmak boýunça işler dowam etdiriler. Mejlisde döwlet Baştutanymyz gurluşyk materiallary senagatynyň önümçilik binýadyny berkitmek üçin hereket edýän kärhanalarda çykarylýan önümleriň görnüşini giňeltmek, täze kärhanalary gurmak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtady.
Geljekde täze zawoddyr fabrikleriň gurulmagy, şäherleriň, şäherçeleriň, obalaryň döredilmegi, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy ýurdumyzyň sarp edijileriniň senagat we gurluşyk önümlerine bolan islegleriniň artmagyna getirýär. Şunda täze gurluşyklaryň ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen üpjün edilmegi, importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek, Diýarymyzyň örän baý ýerli çig mal serişdelerini giňden özleşdirmek örän möhüm bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň gurluşyk senagaty kärhanalary tarapyndan berkligi, seýsmiki durnuklylygy, gowulandyrylan ulanyş häsiýetnamalary bilen tapawutlanýan diwarlyk paneller we armirlenen bloklar, bezeg plitalary, sement, kerpiç, keramzit, magdan däl gurluşyk serişdeleri, metal gurnamalary, ýygnama demir-beton önümleri, plastik we aýna süýümli turbalar öndürilýär. Täze sement zawodlaryny, keramiki-bezeg plitalaryny, sanfaýans önümlerini öndürmek boýunça zawodyň gurluşygy alnyp barylýar. Gurluşyk materiallary senagaty ýurdumyzda güýçli depginde alnyp barylýan gurluşyklary ýerli gurluşyk harytlary bilen üpjün etmäge, bu önümleriň importyny azaltmaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistany geljek otuz ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna laýyklykda, gurluşyk materiallary senagatynyň çig mal üpjünçiligini ýokarlandyrmak we çig mal binýadyny berkitmek maksady bilen, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy geologiýa-gözleg işlerini geçirmegi göz öňünde tutýar. 2022 — 2025-nji ýyllar aralygynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabyndaky Gyzylgaýa meýdanynda (6-njy magdan meýdançasy) demir magdanlaryna gözleg işlerini geçirip, çig malyň çaklama serişdeleriniň P1 we C2 derejeler boýunça senagat däl gorlaryny artdyrmak bellenilýär. Russiýa Federasiýasynyň Senagat we söwda ministrliginiň I.P.Bardin adyndaky Merkezi gara metallurgiýa ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri 2022-nji ýylda Türkmenistanyň magdanyny seljermek boýunça işi tamamladylar. Şonda ýurduň metallurgiýasyny ösdürmek üçin mümkinçilikleriniň, şeýle-de baý tebigy gorunyň bardygy, Türkmenistanda dag-magdan baýlaşdyryjy zawody gurmagyň geljeginiň ýokarydygy aýdyldy.
Şu ýylyň 19-njy ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilişi ýaly, alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň netijesinde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän «Çagyl» ýatagynyň demir magdanlaryny baýlaşdyrmak arkaly zawodlaryň önümçiliginde çig mal hökmünde ulanylýan demir oksidini almak mümkinçiliginiň bardygy anyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu ýatagyň demir magdanlarynyň bar bolan goruny tassyklamak, taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny işläp düzmek üçin maslahat beriji kompaniýany saýlap almak boýunça halkara bäsleşigi geçirmek meýilleşdirilýär.
Alnyp barylýan ähli gurluşyklarda sement esasy gurluşyk serişdesi bolup hyzmat edýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlary «Türkmensenagat» agentliginiň we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri bilen bilelikde Tüwergyr dag-magdan sebitiniň tebigy serişdeleriniň mümkinçiliklerini öwrenip, Çagyl käninden düzüminde demir bolan çig maly gazyp almagy ýola goýmaga ýardam etdiler. Ýerli çig mal bolan demir oksidi daşary ýurtlardan getirilýän çig malyň ornuny tutdy. Demir oksidi E 172 asfalt, mozaika beton kerpiçlerini, ýodalary, bezeg plitalaryny, çerepisa we emeli mermer ýaly gurluşyk materiallaryny reňklemekde ulanylýar. Demir oksidi gurluşyk senagatynda lak-reňk materiallarynyň, reňkli aýnanyň, poslama garşy materiallaryň pigmenti hasap edilýär. Demir poladyň we çoýnuň esasy düzüm bölekleri bolup durýar.
Geljekde ýerli serişdeleriň senagat taýdan işjeň özleşdirilmegi hem-de täze önümçilikleriň ýola goýulmagy ýurdumyzda alnyp barylýan dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň depginini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ýokary hilli önümleriň daşary ýurtlara iberilmegini ýola goýmaga hem mümkinçilik berer. Munuň özi gurluşyk pudagynyň okgunly ösmegine, täze iş orunlarynyň döremegine, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň has-da pugtalanmagyna goşant bolar.
Maýa KELOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.