Söwda öýleri — milli önümleri tanatmagyň meýdançasy

Söwda ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, döwrebap bazar gurallarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna onda hususy ulgamyň eýeleýän ornunyň pugtalandyrylmagy Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda bu ugurda amala aşyrylýan işler öz oňyn netijesini berýär. Diňe geçen ýylyň dowamynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgininiň 106,6, öndürilen önümleriň 102,6 göterime deň bolmagy hem munuň şeýledigine doly şaýatlyk edýär. Şunda döwletimiziň daşary ýurtlardaky söwda öýleriniň işiniň ilerledilmegine-de möhüm orun degişlidir. 

                                                                   

Söwda öýleri ýurtlaryň arasynda ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda, milli haryt nyşanly önümleriň söwdasyny giňeltmekde ähmiýetli orun eýeleýär. Häzirki wagtda daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagyna degişli söwda öýleriniň 4-si bolup, şolaryň ikisi Russiýa Federasiýasynda, biri Belarus Respublikasynda, ýene biri Türkiýe Respublikasynda hereket edýär. Dürli ýyllarda döredilen bu söwda öýleriniň esasy maksady Türkmenistanda öndürilýän önümleri daşary ýurtlara çykarmak, harytlarymyzy mahabatlandyrmak, müşderileri türkmen önümleri bilen has ýakyndan tanyşdyrmak, dürli döwletleriň işewürleridir telekeçileri bilen ysnyşykly söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmakdan ybaratdyr.  

                                                                   

Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzyň söwda öýleriniň ilkinjisi Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde 2010-njy ýylyň aprelinde döredildi. Bu ýerde «Türkmenistanyň söwda öýi» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti döretmek hakyndaky başlangyç Russiýanyň paýtagtynda 2009-njy ýylyň oktýabrynda geçirilen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň Teswirnamasynda beýan edildi. «Türkmendaşarysöwda» döwlet kärhanasy (paýy 80 göterim) we «Kerwen» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti (paýy 20 göterim) onuň esaslandyryjylary bolup çykyş edýär. Bu söwda öýüniň üsti bilen Russiýada uly islegden peýdalanýan taýýar we ýarym taýýar dokma önümleri, hususan-da, sütükli çalgyçlar, hammam halatlary, taýýar düşekçe toplumlary, gök we miwe önümleri eksport edilýär. Ol öz işini lomaý söwda görnüşinde alyp barmak bilen, bölek söwdany internet sargytlary esasynda eltip bermek hyzmatyny hem ýola goýdy. Şeýle-de ol häzirki wagtda Russiýanyň çäginde hereket edýän zynjyrlaýyn söwda merkezlerini türkmen harytlary bilen üpjün edýär. 

                                                                   

Russiýa Federasiýasynyň geografik taýdan giň çäkde ýerleşendigi nazara alnyp, ilatyň ýurdumyzda öndürilen önümlere islegini doly kanagatlandyrmak maksady bilen, 2020-nji ýylyň dekabrynda Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde ýene bir söwda öýi döredildi. «Türkmen söwda öýi» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti 2021-nji ýylyň mart aýynda işe başlady we Wolga derýasynyň kenaryndaky bu şäherde türkmen harytlarynyň satuwyny amala aşyrýar. 

                                                                   

Belarus Respublikasyndaky «Türkmen-belarus söwda öýi» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti hem Diýarymyzyň daşary ýurtlarda üstünlikli hereket edýän söwda meýdançalarynyň biri bolup, onuň Minsk şäherindäki dükanynda satylýan türkmen harytlary elýeterli bahasy, ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Şoňa görä-de, 2010-njy ýylyň oktýabrynda açylan bu söwda öýi şäher ilatynyň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýar. «Türkmenistanda öndürilen» ýazgyly önümleri diňe bir Belarus Respublikasyna eksport etmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň beýleki goňşy ýurtlara-da iberilmeginiň ýola goýulmagy Türkmen-belarus söwda öýüniň işiniň netijeli häsiýete eýediginden habar berýär. Ol, esasan, çig, ýarym taýýar we taýýar dokma harytlarynyň, bakja önümleriniň eksporty bilen meşgullanyp, häzirki wagtda telekeçilerimiz tarapyndan öndürilýän ýokary hilli plastmassa önümlerini hem-de pomidor goýaltmasyny ýerlemek boýunça-da degişli işleri alyp barýar. 

                                                                   

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäheriniň Söwda edarasy tarapyndan 2012-nji ýylyň fewralynda resmi taýdan hasaba alnan we öz işine başlan «Türkmen-türk söwda öýi» jogapkärçiligi çäklendirilen paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen dokma önümlerini daşary ýurt bazarlarynda araçysyz ýerlemek baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen döredildi. Ol häzirki güne çenli Türkiýäniň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Portugaliýanyň, Belgiýanyň, Germaniýanyň, Polşanyň we Bolgariýanyň kompaniýalary bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk esasynda ýurdumyzyň degişli kärhanalary tarapyndan öndürilýän nah ýüplükleriňdir matalaryň, taýýar öý dokmasy harytlarynyň uly möçberini ýerlemek üçin öz bazaryny we müşderilerini gazanyp, üstünlikli hereket edýär. 

                                                                   

«Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek maksady bilen, geljekde Ýaponiýada Türkmenistanyň söwda öýüni açmagyň meýilleşdirilýändigini aýtmak gerek. Munuň özi haryt öndürijilerimiziň eksport mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagyna, daşary söwda işiniň kämilleşdirilmegine, «Türkmenistanda öndürilen» ýazgyly milli önümlerimiziň dünýä bazarlaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga giň mümkinçilik berýär.  

                                                                                                           

Saparmyrat ANNANIÝAZOW,

                       

«Türkmendaşarysöwda» döwlet kärhanasynyň söwda öýleriniň işini utgaşdyryş bölüminiň başlygy.