Türkmenistanyň bazar gatnaşyklaryna esaslanýan durmuş-ykdysady strategiýasynda maýa goýum işjeňliginiň artdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylyň 10-njy fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde birnäçe ileri tutulýan ugurlara köp mukdarda maýa goýumlary goýup başlamagy ýylyň esasy wezipeleriniň hatarynda kesgitledi. Bu möhüm ähmiýetli wezipeler şol gün döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynda jikme-jik beýanyny tapdy.
Ýurdumyzyň maýa goýum syýasatynyň strategik ugurlaryny takyk belleýän agzalan resminama Watanymyzy agrar ýurtdan senagat taýdan ösen döwlete öwürmekde, köpugurly, sanly ykdysadyýete uýgunlaşdyrýan bazar ykdysady özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmakda ösüşiň täze mümkinçiliklerini açmagy göz öňünde tutýar. Maksatnama laýyklykda, 2023-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýete gönükdirilmegi meýilleşdirilýän düýpli maýa goýumlaryň möçberi 37 milliard 400 million manada barabar bolar.
Maýa goýum Maksatnamasy «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» düzüm bölegi bolup, onda ykdysadyýetiň pudaklaryny has-da ösdürmek üçin ýerine ýetirilmeli çäreler bellenilýär. Hususan-da, senagat pudaklarynyň ösdürilmegine, innowasion häsiýetli bilelikdäki kärhanalaryň işiniň giňden ýola goýulmagyna, import edilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümçilikleriň döredilmegine, agrar özgertmeleri geçirmegiň esasynda azyk howpsuzlygynyň gazanylmagyna, suw serişdelerinden tygşytly peýdalanylmagyna, nebitgaz toplumynyň önümçiliginiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, häzirki zaman täze iş orunlarynyň döredilmegine, ilatyň durmuş goraglylygynyň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berler.
2023-nji ýylda 20 milliard 800 million manadyň, ýagny maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 55,6 göteriminiň önümçilik desgalarynyň gurluşygyna gönükdirilmegi abadançylygyň maddy binýadyny emele getirýän önümçilik kuwwatynyň ýokarlandyryljakdygyny aňladýar. Durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna bolsa 16 milliard 600 million manat möçberinde düýpli maýa goýumlaryny goýmak bellenilýär. Munuň özi ýurdumyz boýunça maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 44,4 göterimine barabardyr. Durmuş ulgamyna şeýle serişdeleriň goýberilmegi durmuş meseleleriniň netijeli çözgüdini tapmak wezipesi bilen gönüden-göni baglydyr. Bu barada 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde anyk wezipeleriň kesgitlenendigini aýratyn ýatlamak gerek.
Has dogrusy, zähmet haklaryny artdyrmak, önümçilik kärhanalaryny we beýleki binalary gurmagyň hasabyna ilat üçin goşmaça iş orunlaryny döretmek, ýaşaýyş jaýlaryny, saglyk öýlerini we hassahanalary, çagalar baglaryny, mekdepleri, awtomobil ýollaryny, gaz, suw, elektrik geçirijileri, aragatnaşyk ulgamyny gurmaga iri maýa goýumlary gönükdirmek wezipeleri ýaly, maksatnamalaýyn işler utgaşykly ýerine ýetiriler.
Şu maksatlarda, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň maýa goýujylary üçin amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek boýunça zerur çäreleriň toplumy amala aşyrylýar. Hususan-da, düýpli maýa goýumlaryny çekmek üçin hukuk, maliýe we beýleki şertleri döredýän degişli kanunçylyk namalary kabul edildi we döwrebaplaşdyrylýar. Munuň özi milli ykdysadyýetde gurluş özgertmelerini geçirmäge, maýa goýumlaryň ykdysady netijeliligini hem-de özüni ödeýiş möhletlerini kadaly derejede ýola goýmaga, raýatlaryň, kärhanalaryň we döwletiň girdejilerini artdyrmaga niýetlenendir.
Ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmaga pugta meýilli döwletimizde maýa goýum işjeňligini artdyrmagyň üns merkezinde saklanylmagy tebigy ýagdaýdyr, zamananyň talabydyr. Önümçilige sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň hasabyna kärhanalaryň işiniň häsiýetli aýratynlygy düýpli üýtgäp, kabul edýän döwletiň ykdysady ösüşinde daşary ýurt şahamçalarynyň tutýan ornunyň has-da berkemek mümkinçiligi artýar. Bu bolsa maýa goýum syýasatyna oňyn täsirini ýetirýär, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň dowamlylygyny üpjün edýär. Döwletiň sanly ykdysady ösüşiniň ilerlemegi we dünýä hojalygyna goşulyşmagy infrastrukturalary döretmekde, döwrebap maglumat-kommunikasiýa, sanly tehnikalar we tehnologiýalar bilen işleýän edaradyr kärhanalary höweslendirmekde hem-de sanly ykdysadyýete geçmegi goldamakda möhüm orny eýeleýän netijeli maýa goýum syýasatyny alyp barmagy talap edýär.
Türkmenistanda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary ykdysady taýdan bähbitli bolmak bilen birlikde, sebitdäki we onuň çäklerinden daşyndaky umumy ýagdaýa oňyn täsirini ýetirmäge, durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilendir. Maýa goýumlary çekmek zerurlygy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen bagly meselelerde hem aýdyň ýüze çykýar. Degişli taslamalaryň we maksatnamalaryň maliýeleşdirilmegini üpjün etmek ilkinji nobatdaky şert bolup durýar.
2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyny amala aşyrmakdan garaşylýan köpugurly netijeleriň gazanylmagy döwletiň strategik ösüş maksatlaryna ýetmegine, bäsdeşlige ukyply, innowasion taýdan ösen ykdysadyýeti kemala getirmäge we doly sanlylaşdyrmaga ýardam eder. Munuň üçin meýilleşdirilen maýa goýum çäreleri ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly we sazlaşykly ösüşini has-da ilerletmegiň, maýa goýumlarynyň tehnologik we üznüksiz ösüş düzümini kämilleşdirmegiň ygtybarly binýadyny goýar. Bu bolsa bütindünýä hojalygyna goşulyşmak ýagdaýlarynyň çaltlandyrylmagyna, ilatyň durmuş goraglylygynyň berkidilmegine we halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsir eder.
Gülälek TANGIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.