Новости
Türkmen ykdysadyýetiniň kuwwaty: dünýä nusgalyk ösüş ýoly (Ýaş žurnalistiň sözi)

Adatça, ýyllary ýyllardan ýakymly ýatlamalary, taryha möhürlenen ýatdan çykmajak wakalary bilen tapawutlandyrýarys. Ol ýatlamalardyr wakalar diňe bir ynsanyň däl, halkyň, döwletiň taryhy senenamasyndan mynasyp orun alyp, geçilen ýola, gazanylan ösüşlere baha bermäge we geljek üçin anyk wezipeleri kesgitlemäge ýardam berýär. Ýazyjy aýtmyşlaýyn, gürrüňiň «demini» çuňdan alsak, biziň bu günki söhbedimiz ata Watanymyzyň iň täze taryhy bolan 2021-nji ýylda halk hojalygynyň pudaklarynda gazanylan ajaýyp üstünliklere gelip direýär. Sözüň doly manysynda, şol ösüşler türkmen ykdysadyýetiniň döredijilik kuwwatyny açyp görkezmek bilen, döwletimiziň bütin dünýädäki abraýyny has-da belende göteren deliller boldy.

Golaýda, has takygy, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň 11-nji fewralynda üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi taryhy wakalara baý boldy. Ata Watanymyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka öwrülen Halk Maslahatynyň mejlisiniň ilkinji gezek Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi bilen bilelikde geçirilendigi bolsa aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Hökümetiň türkmen döwletiniň «altyn» taryhy hökmünde ýatlanyljak «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçen ýubileý ýylynyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde 2021-nji ýylda alnyp barlan işler bilen bir hatarda, geljek 30 ýyl üçin möhüm wezipeleri kesgitlemek we döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etmek babatdaky iňňän wajyp meselelere garaldy. Munda, bir tarapdan, «Hökümet-halk» bitewüligi, jebisligi, beýleki tarapdan bolsa, iň täze taryhymyzyň, şu günümiziň we geljegimiziň üçem sazlaşygy aýdyň beýanyny tapdy.

Gahryman Arkadagymyz bilen indi milli ösüşiň täze tapgyryna — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basýan Watanymyzyň, agzybir türkmen halkymyzyň gazanan ýokary üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini bilelikde geçirilen Hökümet we Halk Maslahatynyň mejlislerinde nygtalan makroykdysady görkezijiler äşgär etdi. Milli Liderimiz Hökümetiň giňişleýin mejlisinde sözlän sözünde 2021-nji ýylda milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depgini esasynda jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,2 göterime deň bolandygyny nygtady. Mejlisde bellenilişi ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 104,1 göterim, çykdajy bölegi bolsa 99,9 göterim berjaý edildi. 2021-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 31,7 milliard manat möçberde maýa goýumlar özleşdirilip, olaryň 46,3 göterimi önümçilik, 53,7 göterimi bolsa, durmuş-medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi. 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 7,7 göterim, bölek söwdanyň möçberi 16,6 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň ösüş depgini bolsa 20,5 göterim artdy. Dünýäde dowam edýän maliýe-ykdysady çökgünlik we koronawirus pandemiýasy şertlerinde şeýle ösüşleriň gazanylmagy häzirki döwürde milli ösüş ýolumyzyň başgalar üçin hem goldanarlyk tejribedigini subut etdi.

Hasabat döwründe ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 10,5 göterim ýokarlandy. Bu babatda hormatly Prezidentimiz ýurtda 2007-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, 2021-nji ýylda ortaça zähmet hakynyň möçberiniň 366,3 göterim ýokarlanandygyny buýsanç bilen belledi. 2008 — 2021-nji ýyllarda pensiýalary we döwlet kömek pullaryny tölemek üçin goýberilen maliýe serişdeleri bolsa 1054 göterim artdy. Munuň özi ata Watanymyzda durmuşa gönükdirilen ykdysady strategiýasynyň we milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Häzirki wagtda milli ykdysadyýetleriň ýekelikde, dünýä hojalygyndan üzňe hereket edip bilmeýändigini, ykdysadyýetiň hemişe daşarky täsirlere sezewar bolýan ulgamdygyny nazara alsak, häzirki zaman ählumumy çökgünlik döwründe köp mukdarda maliýe serişdelerini talap edýän taslamalary durmuşa geçirmegiň örän kyndygyna göz ýetirmek bolar. Emma ykdysady kuwwatymyzyň hem-de içerki mümkinçiliklerimiziň hasabyna degişli döwürde gurluşyk we durkuny täzelemek işleri göz öňünde tutulan jemi 276 desganyň 42-sinde gurluşyk işleri tamamlanan bolsa, häzirki günde olaryň 167-sinde gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz özüniň taryhy çykyşynda: «Men geçen ýyl göz öňünde tutulan 30 desganyň ýerine umumy bahasy 13 milliard manat bolan 73 sany iri desganyň ulanmaga berlendigini aýratyn kanagatlanmak we buýsanç bilen bellemek isleýärin» diýip nygtap geçdi. Ýylyň başynda — 14-nji ýanwarda Akina — Andhoý menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýol ulanmaga berlip, Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamy, Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara aragatnaşyk ulgamlary işe girizildi. Olaryň hatarynda Kerki şäherindäki Halkara howa menzili, «Aşgabat» söwda, dynç alyş we işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýyndan ybarat binalar toplumy, Lebap welaýatynda iri elektrik we gaz basyş stansiýalary hem-de Mary welaýatynda plastmassa turbalaryny öndürýän zawody ýaly iri desgalar bar. Kaka we Babadaýhan dokma toplumlarynyň hem-de umumy bahasy ABŞ-nyň 2 milliard 300 million dollaryna barabar bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň ulanmaga berilmegi hem möhüm ähmiýetli wakalardyr. Çünki diňe agzalan iki dokma toplumynyň işe girizilmegi bilen ýurdumyzda 2,5 müňe golaý täze iş orny döredi. Bu bolsa, gürrüňsiz, ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň artmagyna we ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlanmagyna ýardam berer.

2021-nji ýylyň dowamynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesi mynasybetli ulanyşa girizilen desgalaryň hatarynda häzirki zaman «Arkadag» hem-de «Garagum» myhmanhanalary, Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasy, Türkmenistanyň Maslahatlar we Kabul ediş merkezi, «Senagat», «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik banklarynyň edara binalary, täze Döwlet münberi bar. Bulardan başga-da, paýtagtymyzda «Erkin» we «Laçyn» seýilgähleri, Daşoguz, Balkan we Lebap welaýatlarynyň merkezlerinde «Türkmeniň ak öýi» binalary açyldy. Şeýle hem geçen ýyl Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ýokanç keseller hassahanasy, Magtymguly etrabynda köpugurly hassahana we Bereket etrabynda uly suw howdany, Daşoguz welaýatynda haly fabrigi, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň täze üpjünçilik desgalary ulanmaga berildi. Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli onuň demirgazygynda «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň düýbi tutulyp, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň gurluşygy dowam etdirildi. Munuň özi ýurdumyzda badalga berlen gurluşyklaryň geriminiň näderejede giňdiginden, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şan-şöhratyndan habar berýär.

Bir söz bilen aýdanymyzda, 2021-nji ýyl ösüşiň türkmen nusgasynyň dünýäde ykrar edilen milli ösüş ýoludygyny görkezdi. Muňa ýylyň şanly wakasy — «Fitch Ratings» agentliginiň ýurdumyza «B+durnukly» derejesini bermeginde anyk göz ýetirdik. Dünýäniň iň abraýly agentlikleriniň biri bolan «Fitch Ratings» tarapyndan döwletimize şeýle ýokary baha berilmegi, dünýä hojalygynda durnuksyz ýagdaýlaryň dowam edýändigine garamazdan, durnukly ösýän Garaşsyz ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän ähli taraplar üçin maliýe taýdan berk binýatly ygtybarly hyzmatdaş bolup durýandygyny nobatdaky gezek hemmelere aýan etdi.

Umuman, ýubileý ýylyny uly zähmet üstünlikleri we dünýäni haýrana goýýan belent ösüşleri bilen jemlän döwletimiz täze döwre gadam basmak bilen, geljek üçin anyk maksatlary we wezipeleri kesgitleýär. Muny Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» doly tassyklaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tapgyrlaýyn durmuşa geçiriljek uzak möhletleýin maksatnama türkmen ykdysadyýetiniň kuwwatyny mundan beýläk-de artdyryp, dünýä nusgalyk milli ösüş ýolumyzyň tutuş Ýer ýüzünde dabaralanmagyna doly mümkinçilik berer.

Jumamyrat GUTLYÝEW,

«Nesil».

01.03.2022
Ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadamlary

Geçen hepdäniň wakalary Türkmenistany senagatlaşdyrmaga, ykdysadyýetiň ýokary tehnologiýaly pudaklaryny ösdürmäge, önümçilige innowasiýalary we öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezdi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary görkezijileri gazanmak we halk hojalygy toplumynyň ähli ulgamyny täze sepgitlere çykarmak boýunça öňde goýýan wezipeleri ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagy, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmagy nazarlaýar.

21-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň dowamynda paýtagtymyzy we ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyna hem-de milli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatynyň başynda Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.

Şu ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy belleniler.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Russiýa bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitjekdigini tassyklap, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginde we beýleki döwlet düzümlerinde gepleşikleri geçirmek üçin ýurdumyzyň wekiliýetini şu ýylyň 21-22-nji fewralynda Moskwa şäherine iş saparyna ibermek baradaky Buýruga gol çekdi.

Iş maslahatynda döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň sebitlerinde we paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyklardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berildi. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň gurluşygyna girişmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän taýýarlyk işlerine aýratyn üns berildi.

Habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň öňünde durýan wezipelere laýyklykda, alnyp barylýan gurluşyklary, ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynyň önümçilik zerurlyklaryny hem-de ilatymyzy ýokary hilli senagat önümleri we edara-kärhanalaryň önümçiligine gerek bolan çig mal serişdeleri bilen üpjün etmek maksadyndan ugur alnyp, Täjigistan Respublikasy bilen ýokary derejede gazanylan ylalaşygyň çäklerinde, degişli ministrligiň garamagyndaky “Nebitmaş” döwlet kärhanasynda öndürilýän önümleriň çig maly hökmünde ulanylýan sozulan we guýma alýumin taýýarlamalaryny satyn almak üçin Täjigistan Respublikasyndan 10 müň tonna alýumin satyn almak boýunça işler alnyp barylýar.

Iş maslahatynda ýurdumyzyň obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýyna hem-de hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 19-njy martda geçiriljek köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görmek meselesine hem aýratyn üns berildi.

Milli Liderimiz obasenagat toplumynyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ünsi çekip, meýilleşdirilen oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny nygtady.

22-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar birnäçe iri taslamalary amala aşyrmagyň çäklerinde bilelikdäki işiň köpýyllyk tejribesi bilen berkidilen hem-de uly mümkinçiliklere eýe bolan netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary barada pikir alyşdylar. Türkmenistanyň Tatarystanyň iri kompaniýalary — “KamAZ”, “Tatneft” açyk paýdarlar jemgyýetleri, “KER-Holding”, Kazan dikuçar zawody we beýlekiler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy munuň aýdyň mysalydyr.

Söhbetdeşler taraplaryň ençeme ugurlar boýunça özara gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny tassyklap, ozal gazanylan ylalaşyklary ilerletmek boýunça anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şol ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi bolsa dürli ulgamlarda gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşmaça itergi berer.

23-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, behişdi bedewler bilen didarlaşdy hem-de edebi döredijilik bilen meşgullandy. Munuň özi şöhratly pederlerimiziň yhlasyndan kemal tapan dünýä nusgalyk milli gymmatlyklarymyza aýratyn sarpa goýmagyň, çeper döredijilikde ýetilen sepgitlere, geçilen manyly menzillere zerur ähmiýet bermegiň aýdyň beýanydyr.

Döwlet Baştutanymyz Köpetdagyň etekleriniň ajaýyp künjeginde ýerleşýän toplumda bolan wagtynda bu ýerde, ilki bilen, şu ýylyň 18-nji ýanwarynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine barýan pursadynda täze dünýä inen we atşynaslaryň haýyşy boýunça at dakan taýçanagy bilen didarlaşdy. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz şol wagt bu taýçanaga, ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary bilen baglylykda, Zaman diýip at dakypdy.

Zaman atly taýçanak bilen bir günde bu ýerde bir alabaý hem dünýä indi. Döwlet Baştutanymyz ýakynda ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşiniň täze tapgyryny öz içine alýan we halkymyz bilen bilelikde kabul edilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy” diýen şygaryň hormatyna täze dünýä inen alabaýa Eýýam diýip at goýdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde 2021-nji ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň dabaralandyrylýan pursatlarynda halkymyz tarapyndan sowgat berlen Garaşsyz atly ajaýyp gyr aty bilen didarlaşdy hem-de onuň bilen birsellem gezim etdi. Gezelenç wagtynda adam bilen wepaly dostunyň arasynda sazlaşykly ruhy baglanyşyk duýulýardy.

Köpetdagyň etegindäki tebigy aýratynlyklar, ýazyň ilkinji gününiň hoştap howasy, nurana taýçanagyň hem-de alabaýjygyň özboluşly hereketleri her bir ynsanyň ruhuny göterip, ylhamyny joşdurýar. Hormatly Prezidentimiz bedewler bilen didarlaşyp, milli mirasymyza, alabaýlara guwanyp, togsan dolup, ýere ýyly giden ilkinji günde özüniň durmuş ýoly baradaky ýatlamalaryny, pikir-garaýyşlaryny jemläp, täze eseri döretmäge girişdi.

Ýatlamalary we durmuş tejribesi baradaky pikirlenmeleri özünde jemlejek täze eseriň ilkinji sahypalary bu ýerde ýerleşen iş otagynda döredi. Täze kitap döwlet Baştutanymyzyň neşir edilen eserleriniň üstüni ýetirmek bilen, halkymyza güýç-kuwwat we ylham berer hem-de täze taryhy eýýamyň — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşynyň belent maksatlaryna ýetmekde ruhy gollanma bolar.

24-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmek boýunça geljekki meýilnamalar hem-de özara gyzyklanma bildirilýän, ileri tutulýan ugurlar boýunça geljegi uly bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Işewürlik geňeşiniň agzalary bolup durýan amerikan kompaniýalarynyň indi köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda strategik ähmiýetli ugurlarda üstünlikli işleýändikleri bellenildi. Häzirki wagtda “John Deere” we “Сase” halkara kompaniýalaryň ýokary hilli oba hojalyk tehnikalary ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda, “General Electric” kompaniýasynyň enjamlary elektroenergetika pudagynda, “Boeing” kompaniýasynyň öndürýän uçarlary bolsa raýat awiasiýasynda giňden ulanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz pudagy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, himiýa hem azyk senagaty, ulag we ekologiýa ýaly ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

25-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.

Döwlet düzümlerinde ýolbaşçylaryň we maliýe-ykdysady meseleler boýunça hünärmenleriň gatnaşmagynda geçirilen hünär synagynyň netijeleri, ýurdumyzda ýüpekçiligi mundan beýläk-de ösdürmek, Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan sanly hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegi mejlisde garalan meseleleriň hatarynda boldy.

Mart aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän medeni çäreler, durmuş-medeni maksatly desgalaryň ulanylmaga berilmegine taýýarlyk görmek, ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmegi baş maksat edinýän halkara forumy guramak, şu ýylyň aprel-maý aýlarynda ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara olimpiadalary geçirmek işleri barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyza milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösýändigini hem-de ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň eksportynyň möçberleriniň artýandygyny nazara almak bilen, energetika ulgamynda täze kuwwatlyklary işe girizmek boýunça Energetika ministrligi hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Häzirki wagtda ýönekeý dolanyşykda işleýän Ahal we Daşoguz döwlet elektrik stansiýalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek maksadyndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Şeýle hem Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda Ýaponiýanyň ýeňillikli karz serişdeleriniň hasabyna “Sumitomo Corporation” ýapon kompaniýasy tarapyndan gurlup ulanmaga berlen, kuwwaty 432 megawat bolan Lebap döwlet elektrik stansiýasyny utgaşykly dolanyşyga geçirmegiň mümkinçilikleri öwrenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçirilen seljerme işleriniň netijesinde taýýarlanylan tekliplere seredip, milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, elektrik energetikasy ulgamynda hem iri taslamalar amala aşyrylanda, daşky gurşawy goramak meselelerine örän jogapkärli çemeleşmegiň, serişdeleri tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagynyň möhüm şert bolup durýandygyny nygtady.

Şeýle hem hormatly Prezidentimize Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berildi.

Milli Liderimiz ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň ýokary ekologiýa we howpsuzlyk talaplaryna laýyk derejede döwrebaplaşdyrylmagynyň döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biridigini belläp, ulaglaryň ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelmelidigine hem-de ýük göterijiliginiň ýokary bolmalydygyna ünsi çekdi.

Hökümetiň mejlisinde milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşylandygy we oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýollan hatynyň gowşurylandygy barada hasabat berildi.

Gutlag hatynda HHR-iň Başlygyna Pekine ýakynda bolan iş saparynyň dowamynda ýurdumyzyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik, şeýle hem türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hut özüniň üns berýändigi üçin minnetdarlyk bildirilýär. Döwlet Baştutanymyz HHR-iň Başlygyny we Hytaýyň ähli halkyny XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Pekin öz taryhynda tomusky we gyşky Olimpiadany kabul eden ilkinji şäher hökmünde ýatdan çykmajak pursatlara beslenen görnüşleri dünýä sowgat etdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna bolan iş saparynyň çäklerinde ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, olaryň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de köpugurly esasda ösdürmekdäki ähmiýeti barada hasabat berildi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň bar bolan mümkinçilikleri nazara alyp, döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlary boýunça duşuşyklary we gepleşikleri geçirmek maksady bilen, Russiýa Federasiýasyna bolan iş saparynyň netijeleri barada hem aýdyldy.

Moskwa şäherinde Russiýanyň daşary işler ministri S.Lawrow bilen geçirilen gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýe bolan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň halkara işler boýunça komitetiniň başlygy G.Karasin bilen bolan duşuşygyň dowamynda netijeli parlamentara gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmagyň wajypdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Iş saparynyň çäklerinde russiýaly hyzmatdaşlar bilen birnäçe duşuşyklar geçirildi. Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk etmek, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl ýurdumyzda geçiriljek VI Hazar sammitine hem-de 12-nji martda boljak Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna GDA tarapyndan synçylar toparynyň işini degişli derejede guramaga taýýarlyk meselelerine möhüm üns berildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Moskwa şäherine saparynyň we geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň jemleri boýunça iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleriniň Bilelikdäki beýannamasy kabul edildi, şeýle hem birnäçe resminamalara, şol sanda bu şanly senä bagyşlanan çäreleriň meýilnamasyna gol çekildi.

Milli Liderimiziň amerikaly hyzmatdaşlar bilen netijeli işewür gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada-da hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 24-nji fewralynda “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen bolan telefon arkaly söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada gürrüň edildi.

Mundan başga-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Departamentiniň syýasy meseleler we dünýä gurluşyk meseleleri boýunça saýlawlary geçirmäge kömek bermek baradaky bölüminiň direktory Kreýg Jenness bilen onlaýn görnüşde bolan duşuşygyň netijeleri barada hasabat berildi. Gürrüňdeşligiň dowamynda ýurdumyzyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen strategik gatnaşyklaryna ýokary baha berildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde boljak saýlawlaryna taýýarlyk meselelerine we BMG-niň ýokarda agzalan düzüminiň ägirt uly tejribesini, şol sanda öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary iş ýüzünde ornaşdyrmak boýunça mümkinçilikleri nazara alyp, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy möwsümiň çäklerinde bilelikdäki işiň geljekki ugurlaryna aýratyn üns berildi. Şeýle hem bu ugurda beýleki halkara guramalar, hususan-da, «Türkmenistan — BMG — ÝHHG» görnüşinde köptaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy.

Şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň geçen ýylyň oktýabr aýynda ýurdumyza bolan ýokary derejeli döwlet saparynyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatda türkmen-gazak hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri boýunça hasabat berildi.

Bar bolan köpugurly kuwwaty we geljegi nazara almak bilen, netijeli türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda amala aşyrylýan toplumlaýyn maksatnamalary nazara alyp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi hem-de Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki iş toparlarynyň işini işjeňleşdirmegi, BMG we beýleki halkara guramalar bilen yzygiderli gatnaşyklaryň üpjün edilmegini tabşyrdy.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan enjamlary we himiýa serişdelerini satyn almak hakynda”, “Türkmenistanda 2022-nji ýylda 2300 tonna çig pile öndürmek hakynda” Kararlara gol çekdi hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi hakyndaky Düzgünnamany, demir ýollaryň sowma zolaklarynyň bellenilmeginiň we peýdalanylmagynyň Tertibini tassyklady.

Döwlet Baştutanymyzyň Buýrugy bilen, Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 60 manat möçberinde pul sowgatlary gowşurylar.

26-njy fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda milli Liderimiz dostlukly döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen mähirli gutlady hem-de berk jan saglyk, abadançylyk, Türkiýäniň doganlyk halkynyň bähbidine we gülläp ösmegi ugrundaky ähli başlangyçlarynda täze üstünlikleri arzuw etdi.

Söhbetdeşler giňeldilmegi üçin örän oňaýly şertler döredilýän köpugurly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy ugrunda iki ýurduň eýerýän ýörelgesiniň dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, birek-biregi şanly sene — Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutladylar.

Geçen hepde milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Hökümetiň birnäçe agzalary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça telefon arkaly, şeýle hem onlaýn görnüşde gepleşikleri geçirdiler.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow bilen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary R.Sklýar söwda-ykdysady ulgamda, oba hojalygynda, senagatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini telefon arkaly ara alyp maslahatlaşdylar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we Ösüş boýunça ministrliginiň Günorta we Merkezi Aziýanyň, BMG-niň we Arkalaşygyň işleri boýunça ministri Lord Tarik Ahmadyň onlaýn görnüşde duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky «Gurluşlaýyn dialogyň» çäklerinde abraýly halkara düzümleriň, şol sanda BMG-niň, ÝHHG-niň hem-de ÝB-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.

Taraplar sebitde durnuklylyk we howpsuzlyk meseleleriniň üstünde durup, owgan topragynda abadançylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine hem-de Owganystanyň sebit ähmiýetli giň gerimli ykdysady, energetika we ulag-kommunikasiýa taslamalaryna goşulyşmagynyň mümkinçiliklerine gönükdirilen tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdiler.

Ynsanperwerlik, saglygy goraýyş, bilim hem-de ylym, ýokary tehnologiýalar we innowasion çözgütler babatynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek babatda ylalaşyk gazanyldy.

«Gurluşlaýyn dialogyň» ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Mehmet Muşuň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar söwda we dokma senagaty ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda gatnaşyklary giňeltmegiň, ulag ulgamynda, hususan-da, iki ýurduň söwda gatnaşyklaryny gowulandyrmak üçin üstaşyr ulag geçelgelerini hem-de howa ugurlaryny netijeli ulanmakda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýetini bellediler.

26-njy fewralda paýtagtymyzyň köpugurly işewürlik merkezli “Garagum” myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça “Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň” we ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň kabul edilmegi mynasybetli brifing geçirildi.

Brifinge Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň hem-de Halk Maslahatynyň wekilleri, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, BMG-niň agentlikleriniň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Temmäkä garşy göreşmek boýunça pudagara utgaşdyryjy komitetiň agzalary, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň BSGG-niň Ýewropa sebitinde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýändigini we bu wajyp ugurda giň gerimli işleri alyp barmagyň dowam etdirilýändigini belläp, ýurdumyzy Milli maksatnamanyň we ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasynyň kabul edilmegi bilen gutladylar.

Geçen hepdede Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar şu ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna dalaşgärleri bellige almagy tamamlady. Häzir saýlaw möwsüminiň möhüm tapgyry — iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär.

Dalaşgärler ýurdumyzyň her welaýatyna baryp, Saýlaw kodeksine laýyklykda, özlerine berlen deň hukuklardan we mümkinçiliklerden peýdalanýarlar hem-de saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirýärler, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler, saýlawçylary saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalarynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrýarlar.

Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş geňeşi Türkmenistanyň bu gurama goşulmak baradaky ýüztutmasyny biragyzdan makullady hem-de BSG-niň döredilmegi hakynda Marrakeş ylalaşygynyň XII maddasyna laýyklykda, Türkmenistana BSG-ä goşulýan ýurt (“işjeň synçy”) derejesini bermek baradaky çözgüdi kabul etdi. Guramanyň tertip-kadalaryna laýyklykda, bu derejäniň alynmagy bilen baglylykda, Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy baradaky Iş topary döredildi. Bu waka Bitarap Watanymyzyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan hem-de gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly halkara guramalar we düzümler bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasat ugrunyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary boýunça işgärlere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de üstünlikli amala aşyrylýan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde çekýän tutanýerli zähmetine hem-de ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny we abadançylygyny goramaga goşan uly goşantlaryna hormat hökmünde BSGG-niň ýörite nyşanynyň gowşurylmagy mynasybetli dabaraly ýygnak geçirildi.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan “Saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary boýunça işgärleriň halkara ýyly” diýlip yglan edilen geçen 2021-nji ýyl dünýäniň ähli ilaty üçin ýeňil bolmady. Adamzada uly wehim salýan, häzirki döwrüň täze howpy — täze görnüşli koronawirus pandemiýasy dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde bolmagynda galýar. Şunuň bilen baglylykda, ähli döwletler üçin BSGG-niň çäklerinde öz hereketlerini utgaşdyrmagy örän wajypdyr.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa boýunça sebit edarasynyň ýörite nyşanynyň we hatynyň gowşurylmagy ýurdumyzda raýatlaryň saglygynyň, bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine alnyp barylýan ägirt uly hem-de yzygiderli işleriň ykrar edilmeginiň ýene-de bir subutnamasydyr.

Paýtagtymyzda «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryna hem-de Türkmenistanyň ösüşi bilen baglanyşyklylykda, dünýä jemgyýetçiliginde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ähmiýetine bagyşlanan onlaýn görnüşdäki halkara mediaforum geçirildi. Oňa milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzda işleýän daşary ýurtly žurnalistler, alymlar we jemgyýetçilik işgärleri gatnaşdylar.

Hyzmatdaşlygy, şol sanda dürli ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri baradaky söhbetdeşlige sanly ulgam arkaly Aziýa — Ýuwaş umman teleradioýaýlymlar birleşigi (ABU), “TRT AVAZ”, TASS, “CGTN-Russian” Hytaý Mediakorporasiýasy, “Jaheen,s & Click Media” kompaniýasy, “Mir 24” habarlar teleýaýlymy, “Setanta Sports” halkara telekompaniýasy we beýlekiler goşuldylar.

Foruma gatnaşyjylar media giňişliginde hyzmatdaşlygyň ýola goýlan derejesine ýokary baha berip, dünýäniň halklary bilen dostlukly we ynanyşmak gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna gönükdirilen daşary syýasy ugruna laýyklykda, Türkmenistanyň daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen ykdysady, durmuş we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça täzelikleri, synlary we seljeriş makalalaryny yzygiderli alyşmagy ýola goýandygyny bellediler.

Ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygarynyň türkmen halkynyň däp-dessurlarynyň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň we mirasynyň häzirki döwrüň täzeçillik meýilleri bilen sazlaşýandygy hem-de Türkmenistanyň okgunly ösüşi üçin giň mümkinçilikleri açýandygy nygtaldy.

Şeýle duşuşyklaryň bu ulgamda toplanylan tejribäni we ýetilen sepgitleri ara alyp maslahatlaşmak üçin oňyn mümkinçilikleri döredýändigi, özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna, umumy maksatlar esasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berýändigi baradaky pikirler aýdyldy.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň barlaghanasynda azyk önümlerini taýýarlamakda buýan köküni ulanmagyň tehnologiýasy işlenilip taýýarlanyldy. Bu usul Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň “Bereketli” söwda merkezine teklip edildi. Häzirki wagtda bu ýerde täze önüm öndürilýär we ýerlenilýär. Şeýle hem hünärmenler bu serişdäni “Berzeňňi” mineral suwuna goşmagy göz öňünde tutýarlar.

Bu iş hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça döwletimiziň durmuş ugurly strategiýasynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Bu strategiýa ýurdumyzyň raýatlarynyň abadançylygyna, türkmenistanlylaryň saglygyny goramaga, saglygy goraýyş ulgamyny halkara ölçeglere laýyk getirmäge, epidemiologiýa gözegçiligini güýçlendirmäge gönükdirilendir.

Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, türkmenistanlylaryň ähli babatda abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň gülläp ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan gadamlaryny şöhlelendirdi.

(TDH)

28.02.2022
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 26-njy fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Milli Liderimiz türk kärdeşi bilen mähirli salamlaşyp, Rejep Taýyp Ärdoganyň hem-de onuň maşgalasynyň koronawirus ýokanjyndan sagalandyklaryna örän şatdygyny belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz dostlukly döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen mähirli gutlady hem-de berk jan saglyk, abadançylyk, Türkiýäniň halkynyň bähbidine we ýurduň gülläp ösmegi ugrundaky ähli başlangyçlarynda täze üstünlikleri arzuw etdi.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan hoşniýetli goldaw sözleri hem-de gutlaglary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, köpasyrlyk dostlugyň, ynanyşmagyň we doganlyk halklarymyzyň özara hormat goýmagynyň berk binýadynda ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.

Söhbetdeşler köptaraply gatnaşyklaryň giňeldilmegi üçin örän oňaýly şertler döredilýän hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy ugrunda iki ýurduň eýerýän ýörelgesiniň dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, birek-biregi şanly sene — Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutladylar.

Geçen ýyllaryň dowamynda ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hil taýdan täze derejelere çykdy we häzirki wagtda giň ugurlarda güýçli depginde ösdürilýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de şol gatnaşyklaryň dostluk, doganlyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanandygyny belledi.

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň halkara guramalaryň çäklerinde netijeli özara hereketler bilen sazlaşykly üsti ýetirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz türkmen tarapynyň parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine öňe sürýän halkara başlangyçlaryny hem-de tekliplerini yzygiderli goldaýandygy üçin türk Liderine minnetdarlyk bildirdi.

Söhbetdeşler söwda-ykdysady gatnaşyklaryň oňyn depginini belläp, dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň wajypdygyny nygtadylar. Türkmenistanyň çäklerinde energetika ulgamynda, dokma senagatynda, saglygy goraýyşda hem-de beýleki pudaklarda düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen meşgullanýan türk kompaniýalarynyň alyp barýan köpýyllyk üstünlikli işleri netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Şunda geljegi uly türkmen bazarynda depginli işlemäge gyzyklanma bildirýän öňdebaryjy türk şereketlerini çekmek arkaly, şol hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin örän uly mümkinçiligiň bardygy nygtaldy.

Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň Liderleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi hökmünde ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň ähmiýetli orny eýeleýändigi barada aýdyp, iki ýurduň halklaryny taryhyň, medeniýetiň, ruhy gymmatlyklaryň, köpasyrlyk hoşniýetli däpleriň umumylygynyň baglanyşdyrýandygyny bellediler. Şu ugurlar bu gün täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şunuň bilen bir hatarda, söhbetdeşler ylym we bilim, medeniýet hem-de sungat ulgamlarynda uly mümkinçiligiň bardygyny bellediler.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Baştutanlary sebit hem-de dünýä derejeli möhüm meseleler boýunça pikir alşyp, taraplaryň abraýly halkara guramalaryň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlygy dowam etmegi maksat edinýändigini nygtadylar. Şunda Türkiýäniň ýurdumyzyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatyny hem-de türkmen Lideriniň öňe sürýän, dünýäde parahatçylygy we rowaçlygy üpjün etmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlaryny doly goldaýandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň 12-nji noýabrynda Türki Döwletleriň Guramasynyň döredilmeginiň taryhy ähmiýetini nygtap, bu halkara düzümiň dünýäde geljegi uly bolan abraýly guramalaryň birine öwrüljekdigine ynam bildirdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň bu gurama synçy döwlet hökmünde girmegi baradaky çözgüdiň kabul edilmeginiň guwançly wakadygyny belledi hem-de Türkmenistanyň onuň işine we bu düzümiň Ýaşulular Geňeşine işjeň gatnaşmaga taýýardygyny nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Türki dilli ýurtlaryň parlament assambleýasyna we Türki ýurtlaryň söwda-senagat edarasyna agza hökmünde gatnaşmak mümkinçiligine gyzyklanýandygy barada aýtdy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan birek-birege berk jan saglyk, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdiler.

28.02.2022
Kitap — ruhy hazyna

Hormatly Prezidentimiz ýazýan kitaplary bilen halkymyza egsilmez şatlyk paýlaýar. Çünki ol eserlerde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza, halkymyza çäksiz söýgi bar. Şonuň üçin olar ildeşlerimiziň iň bir söýüp okaýan eserleri, kitap hazynasynyň bezegidir. Golaýda hem Gahryman Arkadagymyz «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabyny halkymyza peşgeş berdi. Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde bu gymmatly eseriň tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär. Kitaba ýurt Baştutanymyzyň geçen ýylda hem-de «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň başynda iri halkara çärelerde sözlän sözleri, çykyşlary, daşary döwletleriň habar beriş serişdelerine beren interwýulary, «Ýaşasyn parahat durmuş!», «Jan Watanym Türkmenistan!» atly goşgulary girizilipdir. Döwlet Baştutanymyzyň TASS agentliginiň sowallaryna jogap berende: «Kitap ýazmagy bolsa men esasy işimiň, döwlete we halkyma gulluk etmegiň aýrylmaz möhüm bölegi hasaplaýaryn» diýen sözleri buýsançly başyňy göge ýetirýär.

Bilşimiz ýaly, milli Liderimiz şol çykyşynda mugallymyň maşgalasynda kemala gelendigi, ata-babalarynyň hem kitaphon adamlar bolandygy hakda aýdanda kitaba, söze nähili belent sarpa goýýandygyny ýene bir ýola kalbymyz bilen duýduk. Şu ýerde hormatly Prezidentimiziň döwlet Baştutany wezipesine girişen ilkinji günlerinde biziň Döwlet kitaphanamyza Şa gadamyny goýandygyny ýatlamak hem iňňän ýakymlydyr.

Gahryman Arkadagymyz milli gymmatlyklarymyza belent sarpa goýup, olara bagyşlap ençeme eserleri döretdi. Ol eserler okyjylaryň gyzgyn söýgüsini gazandy. Ýakynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baranda özüniň täze kitabyny ýazmaga girişdi. Bu hoş habar ähli halkymyz bilen birlikde, biz — kitaphanaçylary hem diýseň begendirdi. Ähli halkymyz bilen birlikde, biz — kitaphanaçylar hem milli Liderimiziň täze kitabyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Gahryman Arkadagymyz söze, kitaba belent sarpa goýşy ýaly, kitaphana işini ösdürmeklige hem uly ähmiýet berýär. Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda täze kitaphanalar gurlup, halkymyza ýokary derejeli hyzmat edilýär. Kitaphana işgärleriniň döredijilikli işlemekleri üçin hem ähli mümkinçilikler, şertler döredilen.

Özüniň ajaýyp eserlerini peşgeş berip, halkymyzyň ruhy hazynasyny has baýlaşdyrýan, kitaphana işini kämilleşdirmekde ýakyndan goldaw-hemaýat berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç, ajaýyp kitaplarynyň höwri köp bolsun!

Bagdagül SAMEDOWA,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň direktory.

28.02.2022
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 25-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli meselelere garaldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine gönükdirilen resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlaryny bermek hakyndaky Buýrugyň taslamasy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oňyn ösüşine, giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine, ýaş nesilleriň watansöýüjilik, zähmetsöýerlik we ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelenilmegine, häzirki döwürde asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgeleriň saklanylmagyna hem-de wagyz edilmegine mynasyp goşant goşýan aýal-gyzlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda zerur şertleriň döredilmeginiň durmuşa geçirilýän syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady.

Milli Liderimiz degişli resminama gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi. Döwlet Baştutanymyz bu Buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary döwlet düzümlerinde ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň maliýe-ykdysady meseleleri boýunça orunbasarlarynyň, degişli müdirlikleriň başlyklarynyň we baş hasapçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen hünär synagynyň netijeleri hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ähli döwlet düzümleriniň işiniň ýokary sowatlylyk derejesinde guralmagynyň wezipeli adamlaryň dolandyryş işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyna baglydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, işgärleriň hünär derejesine baha bermek düzümleriň ýolbaşçylary üçin esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şunda ähli hünärmenleriň işine yzygiderli esasda gözegçilik etmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler işlenip taýýarlanylmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu çäräni şu ýylyň 29-30-njy martynda Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilýär. Daşary ýurt kompaniýalarynyň we öňdebaryjy maliýe düzümleriniň ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ägirt uly gyzyklanmalaryny nazara alyp, bu forumy şol bir wagtyň özünde teleköpri arkaly Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde dowam edýän EKSPO — 2020 Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli bölüminde hem guramak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň bäsdeşlige ukyply pudaklaýyn önümleriň önümçiligini we onuň eksportyny köpugurly esasda ösdürmek syýasatyny üstünlikli alyp barýandygyny belledi. Ýurdumyzda ýangyç-energetika toplumynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin täze mümkinçilikler açylýar.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde bu forumyň aýratyn ähmiýete eýedigini belläp, öňde boljak çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, ýurdumyzda ýüpekçiligi ösdürmek, piläniň öndürilişini artdyrmak hem-de ýokary hilli ýüpek önümçiliginiň çig mal binýadyny pugtalandyrmak we öndürilýän mukdaryny köpeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda ýüpekçiligiň binýady bolan tut nahallarynyň ekilýän meýdanyny giňeltmek üçin zerur çäreler görülýär. “Türkmen ýüpek” paýdarlar jemgyýetinde önüm öndürijileri ýokary hilli çig mal bilen üpjün etmek babatda zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi. Oňa laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi hem-de welaýatlaryň häkimlikleri bilen pile öndürmek boýunça şertnamalary baglaşmak hem-de ýurdumyzyň pile öndürijilerini ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumy bilen üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Şu ýyl ýurdumyz boýunça jemi 2300 tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 300 tonna, Balkan welaýatynda 50 tonna, Daşoguz welaýatynda 500 tonna, Lebap welaýatynda 1010 tonna hem-de Mary welaýatynda 440 tonna pile öndürmek meýilleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan dokma senagatyny ösdürmekde ýüpekçilige möhüm ornuň degişlidigini belläp, pudagy sazlaşykly ösdürmek, ony häzirki zamanyň ýokary derejesine çykarmak, ýüpek önümçiliginde milli ýörelgeleri we öňdebaryjy tehnologiýalary utgaşdyrmak boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz 2022-nji ýylda Türkmenistanda pile öndürmek hakyndaky resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we ýüpekçi kärendeçileriň dokma senagaty üçin wajyp bolan çig maly öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri üçin zerur tagallalary etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, Energetika ministrligi hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösýändigini hem-de ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň eksportynyň möçberleriniň artýandygyny nazara almak bilen, energetika ulgamynda täze kuwwatlyklaryň işe girizilmeginiň talap edilýändigi bellenildi.

Häzirki wagtda ýönekeý dolanyşykda işleýän Ahal we Daşoguz döwlet elektrik stansiýalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek maksady bilen, Energetika ministrligi bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Şeýle hem Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda “Sumitomo Corporation” ýapon kompaniýasy tarapyndan gurlup ulanmaga berlen, kuwwaty 432 megawat bolan Lebap döwlet elektrik stansiýasyny utgaşykly dolanyşyga geçirmegiň mümkinçilikleri hem öwrenilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer seljerme işlerini geçirmegiň netijesinde taýýarlanylan teklipleri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, elektrik energetikasy ulgamynda hem iri taslamalar amala aşyrylanda daşky gurşawy goramak meselelerine örän jogapkärli çemeleşmegiň, serişdeleri tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagynyň möhüm şert bolup durýandygyny nygtady.

Milli Liderimiz bu işde dünýäniň iň gowy tejribesini öwrenmäge we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, möhüm taslamalary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurduň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini azaltmak hem-de milli ykdysadyýeti ösdürmek boýunça 2022-nji ýyl üçin tassyklanan maksatnama laýyklykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly haryt öndürijiler bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň wajypdygyna aýratyn üns çekildi. “Garabogazkarbamid” zawodynyň ammiak önümçiliginiň we Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodynyň önümçilik tehnologiýalarynyň bökdençsiz işini ýola goýmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, daşary ýurtly önüm öndüriji kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň wajypdygyny belläp, wise-premýere bu meselä mundan beýläk-de aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiziň garamagyna «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň enjamlary we himiýa serişdelerini satyn almagy hakyndaky» hem-de «Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak baradaky» Kararlaryň taslamalary hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen resminamalara gol çekip, olary wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we Kararlaryň ýerine ýetirilmegi boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer şu günler Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Ahal — Mary böleginde degişli işleriň batly depginde alnyp barylýandygy, ýol gurluşygynda ýörite tehnikalaryň, ýük ulaglarynyň, ýüküni özi düşürýän demir ýol wagonlarynyň köp sanlysynyň ulanylýandygyny habar berdi.

Desganyň gurluşygyny öz wagtynda we ýokary hil derejesinde ýerine ýetirmek maksady bilen, “Türkmen awtoban” paýdarlar jemgyýetiniň hasabyna goşmaça “KamAZ” kysymly ýük ulaglaryny satyn almak hakyndaky teklip beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň telekeçileriniň tagallasy bilen, ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň häzirki zaman we netijeli ulag düzümini kemala getirmekde ägirt uly ähmiýetli çylşyrymly inženerçilik desgalarynyň gurluşyklarynyň alnyp barylýandygyny belledi.

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň halkara ölçeglere gabat gelmegi, Türkmenistanyň möhüm üstaşyr ulag geçelgesi hökmündäki ornunyň pugtalandyrylmagy üçin zerur tagallalar edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiz ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň ýokary ekologiýa we howpsuzlyk talaplaryna laýyk derejede döwrebaplaşdyrylmagynyň döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biridigini belläp, bu desganyň gurluşygynyň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasy bilen ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde Tatarystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Milli Liderimiz bu babatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň işine möhüm orun degişlidigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Tatarystanyň iri kärhanalary bilen uzak möhletleýin, özara bähbitli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny belläp, “KamAZ” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýurdumyzda ýerine ýetirýän işlerini mysal getirdi. Bu gün milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda özüni gowy tarapdan görkezen bu ýük ulaglary netijeli peýdalanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşygy alnyp barylýan düzümleýin desgalaryň üpjünçilik ýagdaýyna döwletimiziň hemmetaraplaýyn üns berjekdigini aýdyp, ulaglaryň ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelmelidigine hem-de ýük göterijiliginiň ýokary bolmalydygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere alnyp barylýan işleriň hil derejesine we bu ugur boýunça degişli meýilnamanyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmek tabşyryldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa mart aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň tertibi barada hasabat berdi.

2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Halkara zenanlar gününiň, Milli bahar baýramynyň hormatyna dürli medeni çäreleri guramak meýilleşdirilýär.

Milli bahar baýramy mynasybetli esasy çäreleri Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki “Nowruz ýaýlasynda” hem-de welaýatlardaky “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de türkmenistanlylary, aýratyn hem ýaşlary ruhy we estetiki taýdan terbiýelemekde ajaýyp bahar baýramlarynyň ähmiýetini belläp, bu baýramçylyklara bagyşlanyp geçiriljek çärelerde mähriban halkymyzyň ajaýyp däpleriniň, agzybirliginiň we döredijilik güýç-kuwwatynyň öz beýanyny tapmalydygyny nygtady hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer “Bagtyýarlyk baharynyň şekillendiriş sungatyndaky waspy” atly halkara maslahaty we sergini geçirmek bilen baglanyşykly guramaçylyk meseleleri barada hasabat berdi. Halkara zenanlar gününe bagyşlanan bu çärelere şekillendiriş sungatynyň wekilleri gatnaşarlar.

Döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamynda halkara gatnaşyklary giňeltmegiň, ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň daşary ýurtly kärdeşleri bilen özara peýdaly gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň, zehinli ýaşlaryň halkara festiwallara we bäsleşiklere gatnaşmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz bu ugurdaky işleriň milli medeni gymmatlyklary hem-de ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini mundan beýläk-de giňden wagyz etmäge, medeniýet ulgamynyň wekilleriniň hünär ussatlygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendigini nygtap, wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew şu ýylyň aprel-maý aýlarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara olimpiadalary geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermegi netijesinde, bilim ulgamynda uly üstünlikleriň gazanylandygy bellenildi. Bu ulgama halkara tejribe giňden ornaşdyrylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryndan ugur alyp hem-de Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda we ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasynda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň ikinji açyk halkara matematika olimpiadasyny, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde himiýa dersi boýunça halkara internet olimpiadasyny hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň guramagynda nazary mehanika dersi boýunça birinji açyk halkara internet olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Öňümizdäki Halkara olimpiadalara türkmen talyplary bilen bir hatarda beýleki onlarça döwletleriň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň talyplarynyň geçirilýän halkara olimpiadalara işjeň gatnaşmagynyň wajypdygyny belledi. Şol olimpiadalar ýurdumyzyň ýaşlarynyň ugurdaş dersler boýunça giň gözýetimini, oňat taýýarlygyny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, ýakyndaky we alysdaky döwletleriň esasy ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etmelidir.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde meýilleşdirilen aň-paýhas bäsleşikleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini nygtap, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça taýýarlanylan Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky Kararyň taslamasy hödürlendi. Olar Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we halkara guramalar bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy.

Türkmenistanda “Raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakyndaky” Kanunyň kabul edilmeginiň hem-de temmäkä garşy göreşmek boýunça köpugurly maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde häzir Türkmenistan BSGG-niň Ýewropa sebitinde şu ugur boýunça öňdebaryjy orny eýeleýär.

Täze maksatnama temmäkiden azat ýurt hukuk derejesini kesgitlemek boýunça milli standarty döretmäge, bu babatda syýasatyň alnyp barlyşyna we kanunlaryň ýerine ýetirilişine aýratyn üns bermek bilen temmäkä garşy göreşmek ulgamyny berkitmäge, ilatyň arasynda temmäki önümlerine bolan islegi azaltmaga hem-de temmäkini ulanmagyň ýaramaz täsirleri barada ilatyň, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlaryň habardarlyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany makullap, bellenilen çäreleriň amala aşyrylmagynyň halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmaga, abadançylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigini nygtady.

Milli Liderimiz gadymdan bäri sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarly bolan ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini dowam etdirmegiň wajypdygyny belläp, häzirki türkmen jemgyýetinde saglyk üçin zyýanly endikleri aradan aýyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty ösdürmek boýunça maksadalaýyk işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-de alnyp barylýan işler barada hasabat berip, milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşylandygy we oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýollan hatynyň gowşurylandygy barada hasabat berdi.

Gutlag hatynda HHR-iň ýolbaşçysyna Pekine ýakynda bolan iş saparynyň dowamynda ýurdumyzyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik, şeýle hem türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hut özüniň üns berýändigi üçin minnetdarlyk bildirilýär. Döwlet Baştutanymyz hatynda HHR-iň Başlygyny we Hytaýyň ähli halkyny XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Pekin öz taryhynda tomusky we gyşky Olimpiadany kabul eden ilkinji şäher hökmünde ýatdan çykmajak pursatlara beslenen görnüşleri dünýä sowgat etdi.

Şeýle hem wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna bolan iş saparynyň çäklerinde ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, olaryň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de köpugurly esasda ösdürmekdäki ähmiýeti barada hasabat berdi.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň bar bolan mümkinçilikleri nazara alyp, döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlary boýunça duşuşyklary we gepleşikleri geçirmek maksady bilen, Russiýa Federasiýasyna bolan iş saparynyň netijeleri barada hem hasabat berdi.

Moskwa şäherinde Russiýanyň daşary işler ministri S.Lawrow bilen bolan gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýe bolan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu ýyl iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilmeginiň ähmiýetine üns berildi.

Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň halkara işleri boýunça komitetiniň başlygy G.Karasin bilen bolan duşuşygyň dowamynda netijeli parlamentara gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmagyň wajypdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Iş saparynyň çäklerinde russiýaly hyzmatdaşlar bilen birnäçe duşuşyklar geçirildi. Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk etmek, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl ýurdumyzda geçiriljek VI Hazar sammitine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji martda boljak saýlawlaryna GDA tarapyndan synçylar toparynyň işini degişli derejede guramaga taýýarlyk meselelerine möhüm üns berildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Moskwa şäherine saparynyň we geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleriniň Bilelikdäki beýannamasy kabul edildi, şeýle hem birnäçe resminamalara, şol sanda bu şanly senä bagyşlanan çäreleriň meýilnamasyna gol çekildi.

Şeýle hem milli Liderimiziň amerikaly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli işewür gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 24-nji fewralynda “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen bolan telefon arkaly söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada gürrüň edildi.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hasabatynyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Departamentiniň syýasy meseleler we dünýä gurluşyk meseleleri boýunça saýlawlary geçirmäge kömek bermek baradaky bölüminiň direktory Kreýg Jenness bilen onlaýn görnüşde bolan duşuşygyň netijeleri barada hasabat berdi. Gürrüňdeşligiň dowamynda ýurdumyzyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen strategik gatnaşyklaryna ýokary baha berildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde boljak saýlawlaryna taýýarlyk meselelerine we BMG-niň ýokarda agzalan düzüminiň ägirt uly tejribesini, şol sanda öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary iş ýüzünde ornaşdyrmak boýunça mümkinçilikleri nazara alyp, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy möwsümiň çäklerinde bilelikdäki işiň geljekki ugurlaryna aýratyn üns berildi. Şeýle hem bu ugurda beýleki halkara guramalar bilen, hususan-da, Türkmenistan — BMG — ÝHHG görnüşinde köptaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy.

Mundan başga-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri ýokary derejede, şol sanda Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza geçen ýylyň oktýabr aýynda bolan döwlet saparynyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatda türkmen-gazak hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri boýunça hasabat berdi. Şunda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň işine möhüm orun degişlidir.

Soňra bar bolan köpugurly kuwwaty we geljegi nazara almak bilen, netijeli türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň, hususan-da, 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana bolan döwlet saparynyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara topar möhüm orun eýelemelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen-hytaý gatnaşyklary barada aýtdy we onuň strategik, işjeň häsiýete eýedigini hem-de özara peýdaly gatnaşyklary giň ugurlar boýunça ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen belledi.

Milli Liderimiz Hytaýa ýakynda bolan saparyny we onuň dowamynda XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagyny aýratyn ýakymlylyk bilen ýatlaýandygyny aýdyp, şonda HHR-iň Başlygy bilen geçirilen gepleşikleriň netijeli bolandygyny belledi. Ol taraplaryň döwletara hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmak ugrunda mundan beýläk-de zerur tagallalary etmäge bolan taýýarlygyny tassyklady. Döwlet Baştutanymyz bu meseleleri gözegçilikde saklamak babatda wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow däp bolan türkmen-rus dostluk gatnaşyklary barada aýdyp, onuň strategik häsiýete eýedigini belledi. Aýratyn-da, syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk sazlaşykly ösdürilýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara toparyň işi, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler, parlamentara gatnaşyklar, ylym, bilim we medeniýet ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk bu ugruň ösdürilmegini şertlendirýär. Russiýanyň iri sebitleri bilen dürli pudaklaryň arasynda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Şeýle hem Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy köpugurly görnüşde, abraýly sebitara we halkara guramalaryň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Milli Liderimiz aýdylanlary jemläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa ozal gazanylan ylalaşyklary we bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde, özara bähbitli türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça toplumlaýyn işleri dowam etmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ýurdumyzyň ozaldan gelýän ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridigini belläp, taryhy taýdan hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan däp bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, anyk işleri amala aşyrmagy tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-tatar iş toparyna möhüm ornuň degişlidigini belledi. Onuň işi netijeli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine we köpugurly esasda ösdürilmegine hem-de täze, geljegi uly bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy işewür düzümleri, şol sanda dünýä belli amerikan kompaniýalary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň alyp barýan işine hem-de söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm orun eýeleýän dostlukly döwletara türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň berkidilýändigine kanagatlanma bildirdi. ABŞ-nyň işewürlik geňeşiniň agzalary bolup durýan iri kompaniýalary indi birnäçe ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda işleýärler.

Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz Türkmenistanda amala aşyrylýan hem-de ykdysadyýetiň senagatlaşdyrylmagyna, ýokary tehnologiýaly pudaklaryň ösdürilmegine, önümçilige täzeçil tehnologiýalaryň we öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalary nazara alyp, amerikan hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmekde ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi we bu babatda wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary hem-de düzümleri bilen köpugurly gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Dürli ugurlarda amala aşyrylan we häzirki döwürde durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalar munuň aýdyň beýanydyr.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli demokratik özgertmeleriň çäklerinde, hukuk ulgamynda, şol sanda saýlawlary guramakda we geçirmekde toplanan öňdebaryjy tejribeleri öwrenmekde BMG bilen netijeli gatnaşyklaryň berkidilmeginiň ähmiýetli bolup durýandygyny belledi hem-de bu ugurda yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmak boýunça tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Gazagystan Respublikasy bilen taryhy taýdan emele gelen dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar barada aýdyp, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda bar bolan mümkinçilikleri amala aşyrmakda bilelikdäki Hökümetara toparyň işine möhüm ornuň degişlidigini belledi. Munuň özi ählumumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu toparyň işini işjeňleşdirmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Ol anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilmelidir.

Milli Liderimiz Türkiýe Respublikasy bilen iki doganlyk halklaryň köpasyrlyk medeni we ruhy ýakynlygyna esaslanýan däp bolan dostlukly, netijeli gatnaşyklaryň ähmiýetini belläp, häzirki döwürde taraplaryň üýtgewsiz gyzyklanmalary netijesinde döwletara gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny aýtdy. Iki ýurduň arasyndaky özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgeleri ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda sazlaşykly ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Hökümetara türkmen-türk toparynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň kuwwatyny durmuşa geçirmek meseleleriniň üstünde içgin işlemek boýunça tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan edilýän sanly hyzmatlar baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.

Döwlet Baştutanymyzyň 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda tassyklan “Türkmenistanda elektron resminama dolanyşygy ulgamyny we internet web-saýtlaryny döretmek, şeýle hem olary herekete girizmek hakynda” Kararyna laýyklykda, bu düzümiň resmi saýty açyldy. Onuň üsti bilen ýurdumyzyň ilatyna degişli hyzmatlar onlaýn tertipde amala aşyrylýar. Olaryň hatarynda daşary ýurt biometrik pasportlaryny almak, gullugyň ygtyýaryna degişli meseleler boýunça elektron nobaty bellige almak bar. Bu hyzmatlar ulgamy türkmen-rus we iňlis dillerinde hereket edýär. Bu bolsa halkymyza wagty tygşytlamaga we resminamalary özleri üçin amatly wagtda tabşyrmaga mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Açyk gapylar” syýasatyny alyp barýan ýurdumyzyň häzirki döwürde parahatçylyk söýüji merkeze öwrülendigini nygtady. Parahatçylyk söýüjilik ýurdumyzyň daşary syýasatynda we Watanymyzyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynda möhüm orun eýeleýär. Milli Liderimiz Türkmenistanyň döredijilikli daşary syýasat strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekde, şeýle hem dünýä bileleşiginde ýurdumyzyň abraýyny belende götermekde Döwlet migrasiýa gullugynyň möhüm goşandynyň bardygyna ünsi çekdi.

Ýurdumyzyň raýatlaryny we daşary ýurtly myhmanlary degişli hyzmatlar bilen üpjün etmek bu düzümiň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz bu işleriň guramaçylyk derejesiniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidigini we onda öňdebaryjy tejribäniň, täze tehnologiýalaryň işjeň ulanylmalydygyny aýdyp, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna migrasiýa gullugynyň öz üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de demir ýollaryň sowma zolaklarynyň bellenilmegi we peýdalanylmagy babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, bu babatda degişli resminamanyň taslamasyna täzeden seredilendigi, oňa laýyklykda, sowma zolaklar üçin ýerleriň hemişelik peýdalanmaga berilýändigi aýdyldy. Sowma zolaklaryň Türkmenistanyň ýer, şähergurluşyk işi, ekologiýa howpsuzlygy, arassaçylyk, ýangyn howpsuzlygy hakynda we beýleki kanunçylyk namalaryna laýyklykda peýdalanylmalydygy bellenildi. Şeýle hem sowma zolaklaryň möçberleriniň Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna salgylanmagy barada kadalar girizildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we häzirki wagtda ýurdumyzda demir ýol düzümini toplumlaýyn ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berilýändigini nygtap, onuň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň hem-de ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hilini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen resminama gol çekip we ony agentligiň ýolbaşçysyna sanly ulgam arkaly iberip, düzümleýin desgalaryň, şol sanda demir ýollaryň sowma zolaklarynyň kadaly hereket etmegine yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

26.02.2022
BSGG-niň ýörite nyşany Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna berlen ýokary bahadyr

Aşgabat, 24-nji fewral (TDH). Şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary boýunça işgärlere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de üstünlikli amala aşyrylýan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde çekýän tutanýerli zähmetine hem-de ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny, abadançylygyny goramaga goşan uly goşantlaryna hormat hökmünde BSGG-niň ýörite nyşanynyň gowşurylmagy mynasybetli dabaraly ýygnak geçirildi.

Bu şanly waka mynasybetli çärä milli saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylary we işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko gatnaşdylar.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan “Saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary boýunça işgärleriň halkara ýyly” diýlip yglan edilen geçen 2021-nji ýyl dünýäniň ähli ilaty üçin ýeňil bolmady. Saglygy goraýyş ulgamy üçin uly synag bolan COVID-19 pandemiýasy lukmançylyk we durmuş hyzmatlary ulgamlarynyň işgärlerini, öz saglyklaryna howp abanýandygyna garamazdan, jan aýaman zähmet çekmäge mejbur etdi.

Ýygnaga gatnaşyjylar BSGG-niň Ýewropa sebit edarasyna hem-de onuň direktory Hans Klýugä bu ýokary ýörite nyşan üçin hoşallyklaryny beýan edip, ilatyň saglygyny goramagyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatynyň baş maksadydygyny bellediler. “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar bu syýasatyň özenini düzýär.

“Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy döwrüň talaplaryna laýyk getirilýär. Dürli ýokanç keselleriň öňüni almak, olary ýüze çykarmak we bejermek boýunça işler yzygiderli kämilleşdirilýär.

Türkmenistan yzygiderli esasda dünýäniň ýurtlary bilen tejribe alyşýar, saglygy goraýyş bilen bagly halkara çärelere gatnaşýar. Bu gün adamlaryň saglygyny goramak işi öz içine birnäçe kesgitleýji şertleri jemleýän giň gerimli ulgamdan ybaratdyr. Bu şertler döwrebap, dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly enjamlary ornaşdyrylan saglyk merkezlerinden we şypahanalardan, köpçülikleýin sport hereketini, işjeň dynç alyş düzümlerini ösdürmekden, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmekden ybaratdyr.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny özgertmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işlerde halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Abraýly guramalar, ilkinji nobatda, BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, hususan-da, BSGG bu ugurda ýurdumyzyň ygtybarly we uzak möhletli hyzmatdaşlarydyr. Olar bilen bilelikde möhüm taslamalar amala aşyrylýar.

Adamzada uly wehim salýan, häzirki döwrüň täze howpy — koronawirus pandemiýasy dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde bolmagynda galýar. Şunuň bilen baglylykda, ähli döwletler üçin BSGG-niň çäklerinde öz hereketlerini utgaşdyrmagy örän wajypdyr.

Bu gün tutuş dünýäde adamlaryň durmuşyna ýaramaz täsirini ýetiren bu howply ýokanç kesele garşy göreşmekde ýurdumyz öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýy nazara almak bilen, milli Liderimiziň baştutanlygynda bu ýokanjyň Türkmenistanyň çägine aralaşmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça toplumlaýyn öňüni alyş çäreleri geçirilýär. Döwletimiz dünýä jemgyýetçiliginiň alyp barýan işine işjeň goşulyşmak bilen, koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek hem-de döwrüň ählumumy wehimlerine garşy özara ylalaşykly çäreleri taýýarlamak boýunça halkara tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlar bilen çykyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde sanly ulgam arkaly eden çykyşynda koronawirus ýokanjynyň genomyny öwrenmek üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, BSGG-niň öýken sowuklama keseline garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn guralyny, BSGG-niň Ýiti ýokanç keselleri bejeriş we olaryň öňüni alyş usulyýet merkezini, Merkezi Aziýada Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa merkezini döretmek baradaky meseleleri öwrenmäge girişmegi teklip etdi.

Şeýlelikde, türkmen tarapynyň täze başlangyçlary dürli ugurlar boýunça köpçülikleýin ylmy-barlag işlerini geçirmäge uly mümkinçilikleri açýar. Koronawirusyň gelip çykyşyny öwrenmek babatda özara hyzmatdaşlyk, täze görnüşli ýokanjyň döredýän keselleriniň ýüze çykyş görnüşlerini öwrenmek ulgamynda ylmy lukmançylyk jemgyýetçiliginiň işini işjeňleşdirmek, aýratyn howply ýokanç keselleri bejermegiň netijeli usullaryny we serişdelerini gözlemekde bilelikdäki işler şol ugurlaryň hatarynda durýar.

Dünýäniň iri saglygy goraýyş hem-de barlag merkezleriniň alym lukmanlary, bilermenleri we ugurdaş hünärmenleri bilen sanly ulgam arkaly duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan lukmançylyk diplomatiýasynyň netijeliliginiň subutnamasydyr. Munuň özi bu wajyp ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge we tejribe alyşmaga gönüden-göni ýardam berýär.

«Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasy» bu işde Birleşen Milletler Guramasynyň esasy utgaşdyryjy ornuny tassyklaýar. Maksatnama dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň ýörite nyşanynyň we hatynyň gowşurylmagy ýurdumyzda raýatlaryň saglygynyň, bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine alnyp barylýan ägirt uly hem-de yzygiderli işleriň ykrar edilmeginiň ýene-de bir subutnamasy boldy.

25.02.2022
Türkmenistanyň Prezidentiniň we “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň ýolbaşçysynyň telefon arkaly söhbetdeşligi

Aşgabat, 24-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Döwlet Baştutanymyz E.Stýuart bilen mähirli salamlaşyp, dostlukly türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belledi. Onda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine esasy orun berilýär.

Uzak möhletleýin we özara bähbitli esasda ýola goýulýan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen, 2008-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilen “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň alyp barýan işlerine aýratyn üns çekildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmek boýunça geljekki meýilnamalar hem-de özara gyzyklanma bildirilýän, ileri tutulýan ugurlar boýunça geljegi uly bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Işewürlik geňeşiniň agzalary bolup durýan amerikan kompaniýalarynyň indi köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda strategik ähmiýetli ugurlarda üstünlikli işleýändikleri bellenildi.

Bu gün “John Deere” we “Сase” kompaniýalarynyň ýokary hilli oba hojalyk tehnikalary ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda, “General Eleсtriс” kompaniýasynyň enjamlary elektroenergetika pudagynda, “Boeing” kompaniýasynyň öndürýän uçarlary bolsa raýat awiasiýasynda giňden ulanylýar.

Döwlet Baştutanymyz gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen deňhukuklylyk esasynda açyk, işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary ykdysady ugrunyň möhüm ýörelgesidigini belläp, türkmen tarapynyň ABŞ-nyň işewürler toparlarynyň türkmen bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanmasyny goldaýandygyny hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklaýandygyny nygtady.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň durmuşa geçirýän “Açyk gapylar” syýasaty, ykdysady durnuklylyk we ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy hem-de işewürligi ýöretmegiň netijeli guramaçylyk-hukuk guraly munuň üçin oňat şertleri döredýär. Şol işewürlik geljegi uly bazara daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň köp sanlysyny özüne çekýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz pudagy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, himiýa hem-de azyk senagaty, ulag we ekologiýa ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, işewürlik geňeşi tarapyndan guralýan hem-de iki ýurduň döwlet we hususy düzümleriniň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam edýän işewür duşuşyklaryň, dürli maslahatlaryň, sergileriň geçirilmegini yzygiderli dowam etmegiň maksadalaýykdygy nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz bilelikdäki işiň baý tejribesiniň toplanandygyny nazara almak bilen, açylýan mümkinçiliklere oňyn baha berip, Türkmenistanyň täze tekliplere hem-de däp bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça garaýyşlara seretmäge hemişe taýýardygyny belledi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Erik Stýuarta telefon jaňy we “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory hökmünde alyp barýan netijeli işi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de oňa berk jan saglyk, abadançylyk, geljekde-de uly üstünlikleri arzuw etdi.

25.02.2022
Bütindünýä Söwda Guramasy Türkmenistanyň bu düzüme goşulmagynyň möhüm tapgyryny tassyklady

2022-nji ýylyň 23-nji fewralynda Bütindünýä Söwda Guramasynyň merkezi edarasy ýerleşýän Ženewa şäherinde BSG-niň Baş geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň bu gurama goşulmak baradaky ýüztutmasyna garaldy.

Baş geňeşiň agza döwletleri ara alyp maslahatlaşmadan soň, bu ýüztutmany biragyzdan makulladylar hem-de BSG-niň döredilmegi hakynda Marrakeş ylalaşygynyň XII maddasyna laýyklykda, Türkmenistana BSG-ä goşulýan ýurt (“işjeň synçy”) derejesini bermek baradaky çözgüdi kabul etdiler. Guramanyň tertip-kadalaryna laýyklykda, bu derejäniň alynmagy bilen baglylykda, Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy baradaky Iş topary döredildi.

Bu waka Bitarap Watanymyzyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan hem-de gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly halkara guramalar we düzümler bilen deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasat ugrunyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, mälim bolşy ýaly, ozal milli Liderimiziň Karary bilen ýörite Hökümet topary döredildi. Onuň üstüne ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek hem-de degişli teklipleri taýýarlamak wezipesi ýüklenildi.

Şunuň bilen baglylykda, 2020-njy ýylyň iýulynda Türkmenistana BSG-de synçy derejesiniň berlendigini bellemek gerek. Bu bolsa ýurdumyza guramanyň işiniň esasy ugurlary, onuň düzgünleri hem-de köptaraplaýyn söwda gün tertibi bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Mejlisiň işine Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky bölüminiň ýanyndaky Hemişelik wekili gatnaşdy. Ol ýygnananlaryň ünsüni ýurdumyzyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin Daşary söwda strategiýasynyň esasy wezipelerine çekdi. Şolaryň hatarynda milli ykdysadyýetiň önümçilik hem-de eksport kuwwatyny artdyrmak, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň dünýä bazarlaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, işewürlik ýagdaýyny hem-de maýa goýum işini mundan beýläk-de gowulandyrmak bar.

Häzirki döwürde globallaşma meýilleriniň artmagy, aýratyn hem pandemiýa bilen bagly emele gelen ýagdaý hem-de ondan soňky döwrüň kynçylyklary bilen baglylykda, ýurdumyzyň öňünde halkara ykdysady gatnaşyklaryň ulgamyna has işjeň goşulyşmak wezipesi örboýuna galýar. Türkmenistan ony netijeli çözmek maksady bilen guramanyň çäklerindäki hereketlerini işjeňleşdirdi.

Şeýlelikde, BSG-ä goşulýan ýurt derejesi (“işjeň synçy”) bu ugurdaky toplumlaýyn işleri dowam etmäge, Türkmenistanyň daşary söwdadaky ornuny pugtalandyrmaga, ygtybarly hem-de jogapkär hyzmatdaş hökmündäki halkara abraýyny artdyrmaga, maýa goýumlary çekmäge, tutuşlygyna alanyňda, Bütindünýä Söwda Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam eder.

(TDH)

25.02.2022
Türkmenistanyň Ykdysadyýet toplumynda Hormatly Prezidentimiziň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda ýurdumyzyň ykdysadyýet toplumynda Hormatly Prezidentimiziň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Döwlet Baştutanymyzyň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow, ýurdumyzyň maliýe, ykdysadyýet bank toplumynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.

Tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiziň bu kitabynyň Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe ajaýyp sowgat bolandygyny bellediler. Kitapda döwlet Baştutanymyzyň jemgyýetçiligiň öňünde eden çykyşlary ýerleşdirildi. Onda daşary syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym we beýleki ugurlar baradaky pikirler jemlenendir. Şunuň bilen birlikde, täze neşirde ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge degişli teklipler beýan edilýär.

Täze neşiriň häzirki döwrüň halkara durmuşynyň köp sanly çylşyrymly sowallaryna jogap berjekdigi, Türkmenistanyň dünýä derejesinde alyp barýan işlerinde öňe sürýän çuň­ňur oýlanyşykly syýasatyna, ýurdumyzyň ählumumy ulgamda eýeleýän ornuna, öň­de goýýan maksatlaryna we wezipelerine has aýdyň düşünmäge ýardam etjekdigi bellenildi. Şol bir wagtda bu neşir di­ňe bir syýasatşynaslar, diplomatlar, bilermenler we žurnalistler üçin däl-de, daşary syýasat bilen gyzyklanýan ähli raýatlar üçin peýdaly bolar.

Kitapda döwletimiziň häzirki döwrüň ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy saklamak hem-de berkitmek ýaly möhüm wezipelerine anyk, düýpli çemeleşmeleri beýan edilýär, sebit ösüşiniň geljegine baha berilýär, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy esasynda we umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklykda, netijeli döwletara gatnaşyklary höweslendirmek boýunça anyk tekliplerdir başlangyçlar öz beýanyny tapýar.

Milli Liderimiziň pähim-paýhasyndan kemala gelen bu neşirde «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyçda häzirki döwrüň syýasy diplomatik ýagdaýlarynyň nazaryýetine we tejribesine başgaça garalýandygy baradaky pikir öňe sürülýär, onda özara hormat goýmaga, birek-biregiň bähbitleriniň hasaba alynmagyna, bar bolan meselelerdir gapma-garşylyklary çözmegiň usullary hökmünde güýç ulanmakdan ýüz döndermäge esaslanýan halkara gatnaşyklaryň täze gurallary teklip edilýär.

Neşirde sebit meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu babatda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygyndaky, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň sammitlerindäki we beýleki forumlardaky çykyşlary beýan edilýär. Olarda häzirki zaman ösüşiniň möhüm ugurlarynda anyk we ykdysady taýdan esaslandyrylan hyzmatdaşlyga, bilelikdäki köptaraplaýyn taslamalaryň amala aşyrylmagyna girişilmeginiň zerurdygy baradaky pikirler öňe sürülýär.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, ykdysady gatnaşyklaryň syýasylaşdyrylmazlygy, özara bähbide esaslanylmagy, strategik ähmiýetli meýilnamalaryň­dyr taslamalaryň üstünde bilelikde işlemäge hoşniýetli erk-islegiň emele gelen ýagdaýynda döwletleriň öňünde açylýan mümkinçiliklere göz ýetirilmegi şeýle hyzmatdaşlygyň derwaýys ugrudyr. Kitapda häzirki wagtda milli we sebit çäklerinden çykýan türkmen Bitaraplygynyň durnuklylygyň möhüm şerti hökmündäki döredijilik mümkinçiliklerine baha berilýär. Bitaraplyk meýilnamalarydyr maksatlary durmuşa geçirmegiň kämil nusgasyna öwrüldi, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň many-mazmuny bu ugur bilen has sazlaşykly utgaşýar.

Ykdysadyýet toplumynda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän ýylda çap edilen täze kitabynyň Türkmenistanyň her bir raýaty üçin gollanma öwrüljekdigini, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillere bilimleriň çeşmesi hökmünde hyzmat etjekdigini bellediler. Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen ynsanperwer syýasaty üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.



Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi

24.02.2022
Aýdyň geljegiň çelgileri

Düýn Türkmenistanyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik guramalary toplumynda hormatly Prezidentimiziň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bilim ministrliginiň mejlisler jaýynda guralan çärede çykyş edenler täze kitabyň elimize gowuşmagy, Gahryman Arkadagymyza «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşanynyň berilmegi mynasybetli gutlaglaryny beýan etdiler.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çapdan çykarylan «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitaba Gahryman Arkadagymyzyň 2021-nji ýylda, 2022-nji ýylyň başynda ýurdumyzyň durmuşyndaky, şeýle-de halkara derejeli möhüm wakalar, taryhy seneler mynasybetli sözlän sözleri, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beren interwýulary we beýleki çykyşlary girizildi.

Bu kitap hormatly Prezidentimiziň «Jan Watanym Türkmenistan!», «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly goşgulary bilen açylýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işleriň netijesinde ylym, bilim, medeniýet, syýahatçylyk we sport ulgamlarynda uly üstünlikler gazanyldy. Ýaşlar syýasaty bolsa alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Munda esasy maksat ýaş nesilleriň häzirki zaman bilimlerini ele almagyny, saglygyny we hemmetaraplaýyn ösüşini gazanmakdan, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekden, olaryň hukuklaryny hem-de durmuş kepilliklerini üpjün etmekden ybaratdyr.

Tanyşdyrylyş dabarasynda täze kitaba esaslanyp, milli saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de döwrebap ýagdaýa getirmegi dowam etmek, önümçilige ylmyň gazananlaryny giňden ornaşdyrmak, dürli keselleriň, aýratyn-da, ýokanç keselleriň öňüni almagyň, olary anyklamagyň we bejermegiň iň täze usullaryny öwrenmek, ulanmak, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek, umumymilli derejede dürli sport-sagaldyş çärelerini hem-de halkara ýaryşlary geçirmek ýaly içeri syýasatyň strategik ugurlary hakynda pikir alşyldy. Döwlet Baştutanymyzyň milli ykdysadyýetimizde ylmyň, tehnologiýalaryň we sanly innowasiýalaryň ornuny ýokarlandyrmak boýunça öňde goýýan wezipelerine aýratyn üns çekildi.

Bellenilişi ýaly, 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň talyplar we okuwçylar bilen geçiren umumy okuw sapagynda eden çykyşy hem täze kitapda aýratyn orun tutýar. Dabarada milli Liderimiziň: «Hemişe ylym-bilime, pähim-paýhasa, akyl-danalyga teşne boluň! Ylym-bilim ynsany belende göterýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýäris. Uly höwes bilen okamak, öwrenmek, döretmek, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak bolsa bagtyýar ýaşlarymyzyň borjy diýip hasaplaýaryn» diýen öwütlerine ygrarly nesli ýetişdirmek hakynda aýdyldy.

Toplumyň işgärleri hormatly Prezidentimiziň: «Geljekde biz bilim, ylym we saglygy goraýyş ulgamlarynda özgertmeleri gyşarnyksyz dowam ederis. Munuň özi innowasiýalaryň ornuny düýpli artdyrýan tehnologik özgertmeleriň täze akymyna öwrüler» diýen sözlerinden ruhlanyp, mundan beýläk-de yhlasly işlejekdiklerine ynandyrdylar.

24.02.2022
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

Aşgabat, 23-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşdy hem-de edebi döredijilik bilen meşgullandy. Munuň özi şöhratly pederlerimiziň yhlasyndan kemal tapan dünýä nusgalyk milli gymmatlyklarymyza aýratyn sarpa goýmagyň, çeper döredijilikde ýetilen sepgitlere, geçilen manyly menzillere uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Milli Liderimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde ady rowaýata öwrülen we dünýä medeniýetinde mynasyp orun eýeleýän ahalteke bedewleriniň halkara giňişlikdäki abraýy barha belende göterilýär. Soňky ýyllarda ahalteke bedewlerine dünýä alymlary, taryhçylary we atşynaslary tarapyndan uly üns berilýär. Dünýä genji-hazynasynda ahalteke bedewleri türkmenleriň döredijilik zehininiň aýdyň mysaly hökmünde aýratyn orun eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiz «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän ýylda milli senenama boýunça togsan dolup, bahar paslynyň ilkinji gününde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna geldi.

Milli Liderimiziň Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň birinde ýerleşýän topluma gelip görmegi, bir tarapdan, halkymyzyň asylly däpleriniň dowamatlylygyny alamatlandyrýan bolsa, ikinji tarapdan, dünýä gymmatlyklaryna uly goşant goşan ata Watanymyzyň şöhratynyň mundan beýläk-de belende göterilmegine üns berilýändiginiň ýene bir mysalyna öwrüldi.

Mähriban Diýarymyzyň özboluşly tebigy aýratynlyklary, onuň ajaýyplygy, aýratyn-da, gaýtalanmajak sungat eserine çalymdaş gözelligi döredýän ýaz paslynyň ilkinji pursatlary ynsan kalbyna ýakymly täsir edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumda idedilýän atlar, olary degişli derejede saklamak üçin döredilen şertleriň aýratynlygy bilen yzygiderli gyzyklanyp, bu ýerde at seýislemek, tohumçylyk-seçgi işlerini talabalaýyk guramak we atçylyk sportunyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin döredilýän mümkinçilikleriň netijeli peýdalanylmagyna möhüm ähmiýet berýär.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde, ilki bilen, şu ýylyň 18-nji ýanwarynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine barýan pursadynda täze dünýä inen we atşynaslaryň haýyşy boýunça at goýan taýçanagy bilen didarlaşdy. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylandygyndan ugur alyp, bu taýçanaga Zaman diýip at dakypdy...

Bu gün gönüden-göni Arkadag Prezidentimiziň yzygiderli aladasy netijesinde Döwlet tugramyzda orun alan ahalteke bedewiniň şöhratyny dünýä ýaýmak, paýhasly pederlerimiziň döreden milli atşynaslyk däplerini döwrebap ösdürmek üçin toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz täze ýylyň ilkinji günlerinde dünýä inen nurana taýçanaga göwnejaý ideg edilýändigini, onuň sazlaşykly ösýändigini kanagatlanma bilen belledi. Milli Liderimiz “At — myrat” diýlişi ýaly, häzir pederlerimizden miras galan seýisçilik sungatynyň döwrebap dowam edýändigini, behişdi bedewleriň göwnejaý idedilmegine, olaryň tohum arassalygynyň goralyp saklanylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, atşynaslara alyp barýan asylly işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Şol pursatda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň agzalary tarapyndan Zaman atly taýçanak bilen bir günde dünýä inen alabaýa at dakyp bermek haýyş edildi.

Milli taryhy-medeni mirasymyzy aýawly saklamak hem-de dünýä ýaýmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen alabaýlarynyň seçgiçilik işlerini ösdürmek we kämilleşdirmek degişli ugurda geçirilýän giň gerimli işleriň möhüm bölegine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz täze doglan güjügi synlap, alabaýlaryň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ahalteke bedewleri hem-de ajaýyp halylarymyz ýaly, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň hatarynda durýandygyny belledi. Olar türkmeniň sazlaşyk, gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar hakynda düşünjeleriniň nyşanlaryna öwrülip, halkymyzyň medeniýetiniň ähmiýetli bölegini emele getirýär.

Döwlet Baştutanymyz ýakynda ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşiniň täze tapgyryny öz içine alýan we halkymyz bilen bilelikde maslahatlaşylyp kabul edilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýen şygaryň hormatyna täze dünýä inen alabaýa Eýýam diýip at goýdy.

Milli Liderimiz: «Goý, bu alabaý ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň täze eýýamynyň batly gadamlarynyň, halkymyzyň belent ruhunyň nyşanyny özünde jemläp, edermenligiň, wepadarlygyň ajaýyp nusgasyny görkezsin!» diýip, ýagşy arzuwlar etdi.

Häzirki wagtda türkmen alabaýy hem edil ahalteke bedewleri ýaly dünýäde meşhur tohumlaryň biri hasaplanylýar. Ýurdumyzyň seçgiçileriniň alyp barýan işleri hem-de alabaýyň arassa ganlylygyny saklamagy netijesinde ol biziň günlerimize çenli özüniň asyl keşbini saklap geldi. Munuň özi şöhratly pederlerimiziň yhlasyndan dörän milli gymmatlyklarymyzyň dünýä ähmiýetli bolmagynda möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, alabaýlar hem-de ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly degişli işler mynasyp derejede dowam etdirilýär. Munuň özi asylly ýörelgeleriň dowamata atarylýandygyny alamatlandyrýar.

Sahawatly türkmen topragy ähli döwürleriň we halklaryň iň gowy bedewleriniň ýetişdirilýän mekany hökmünde ykrar edildi. Ahalteke bedewleriniň şöhraty taryhy geçmişde hem, häzirki döwürde hem Ýer ýüzüne ýaýrady. Türkmen seýisleri köp asyrlaryň dowamynda ýelden ýüwrük bedewleri terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen, olaryň taýçanaklaryny saýlap alyp hem-de tohum arassalygyny gorap saklap, dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasyna öwrülen atlaryň aýratyn täsin tohumyny döretdiler.

Türkmenler gadymy döwürlerden başlap, bedewlere we alabaýlara tälim bermegiň netijeli tilsimlerini işläp taýýarlapdyrlar. Ahalteke bedewi edermen türkmen ýigitleriniň hakyky, wepaly hemrasy, alabaýlar bolsa edermen goragçylar bolupdyr. Munuň şeýledigine diňe bir köp sanly rowaýatlar we hekaýatlar däl-de, şu günlere çenli saklanyp galan daşary ýurtly awtorlaryň taryhy ýazgylary hem şaýatlyk edýär. Olar türkmen behişdi bedewleriniň haýran galdyryjy wepadarlygy barada ýazgylary galdyrypdyrlar.

Milli Liderimiz olar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugranda, Zaman atly taýçanak birenaýy kişňedi. Munuň özi ýurdumyzda milli gymmatlyklarymyzyň ösdürilmegi, olaryň geljek nesillere ýetirilmegi ugrunda alada edýän Arkadag Prezidentimiziň tagallalaryna hoşallygy aňladýan owaz bolup ýaňlandy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň meýdançasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň dabaralandyrylýan pursatlarynda ata Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine çekýän ýadawsyz zähmeti üçin tüýs ýürekden hoşallygyň nyşany hökmünde halkymyz tarapyndan sowgat berlen Garaşsyz atly ajaýyp gyr at bilen didarlaşdy hem-de onuň bilen birsellem gezim etdi.

At çapyşyklary türkmen toýlarynyň we baýramçylyklarynyň bezegidir. Şowhunly at çapyşyklary, atçylyk sporty boýunça guralýan bäsleşikler ahalteke bedewleriniň hemişe türgenleşdirilen beden taýýarlygynda bolup, uzak aralyklara ýörişlere hem çydamly bolmagyna ýardam beripdir. Biziň günlerimizde sportuň iň gyzykly we özüne çekiji milli görnüşleriniň biri bolan at çapyşyklary uly meşhurlyga eýedir.

Milli Liderimiziň tagallasy we aladasy netijesinde ýurdumyzda ýelden ýüwrük bedewler Watanymyzyň ösüşiň we döredijiligiň täze belentliklerine tarap okgunly hereketini alamatlandyryp, milletimiziň mirasynyň, türkmen halkynyň döredijilik paýhasynyň dowamatlylygynyň hem-de şöhratly pederlerimiziň döreden milli gymmatlyklarynyň ähli döwürde-de ylham çeşmesi bolýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Dag etekleriniň ajaýyp tebigy aýratynlyklary bu ýerde emele gelen amatly howa gurşawy bilen utgaşyp, ynsan kalbynda ýakymly täsirleri galdyrýar.

Döwlet Baştutanymyzyň ahalteke bedewleriniň reňk sazlaşygynda möhüm orun eýeleýän gyr bedew bilen gezim etmegi ynsan bilen bedewiň arasynda köp asyrlaryň dowamynda kemala gelen içki ruhy baglanyşygyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Häzir milli Liderimiziň ýadawsyz tagallasy netijesinde bu baglanyşyk türkmen atşynaslygynyň hem-de atçylyk sportunyň ösdürilmeginiň täze tapgyrynyň rowaçlyklary nazarlaýandygyny äşgär edýär.

Behişdi bedewler okgunly ösýän Garaşsyz Watanymyzyň özboluşly nyşanydyr. Bu bolsa ahalteke bedewleriniň dünýä atçylyk sportunda geçen şöhratly ýoluny mynasyp dowam etmek hem-de başarnyklaryny doly açmak üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Bedewleriň tebigy gözelligi, çalasynlygy, wepadarlygy, ösen aň-paýhasy hem-de aýratyn başarnyklary köp asyrlaryň dowamynda şahyrlar we suratkeşler üçin ylham çeşmesi bolup geldi.

Soňra milli Liderimiz bu ýerdäki iş otagyna bardy. Köpetdagyň etegindäki tebigy aýratynlyklar, ýazyň ilkinji gününiň hoştap howasy, nurana taýçanagyň hem-de alabaýjygyň özboluşly hereketleri her bir ynsanyň ruhuny göterip, ylhamyny joşdurýar. Hormatly Prezidentimiz bedewler bilen didarlaşyp, milli mirasymyza, alabaýlara guwanyp, bahar paslynyň ilkinji gününde özüniň durmuş ýoly baradaky ýatlamalaryny, pikir-garaýyşlaryny jemläp, täze eseri döretmäge girişdi.

Döwlet Baştutanymyz öz döredijiliginde Diýarymyzyň taryhyna, asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgelere, paýhasly pederlerimiziň döreden gymmatlyklaryna hem-de halkymyzyň asylly däp-dessurlaryna aýratyn ähmiýet berýär. Munuň özi milli Liderimiziň köp ýüzýyllyklaryň dowamynda şöhratly ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlyklaryna uly sarpa goýýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleri bilen bir hatarda, Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan ösüşleri, ýeten derejesi hem-de özüniň ömrüniň manyly menzilleri, durmuş ýoly baradaky maglumatlary bir ýere jemläp, täze eseri döretmäge girişmegi ýurduň ykbalyna dahylly ýörelgeleriň dowam edýändiginiň nobatdaky güwäsidir.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, her bir adamyň toplan durmuş tejribesi nesiller üçin bahasyz baýlyk bolup durýar. Munuň özi halypa-şägirtlik ýolunyň, peder-perzent mekdebiniň özboluşly sapagydyr. Bu bolsa ýaşlar üçin örän gymmatly durmuş gollanmasy hasaplanýar.

Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlaryň abraýly habarlar agentlikleriniň wekilleri bilen duşuşanda, kitap ýazmagy esasy işiniň, döwlete we halka gulluk etmegiň möhüm bölegi hasaplaýandygyny belledi. Uly zähmetiň we kämil yhlasyň siňdirilmegi netijesinde binýat bolýan eserlerde öňe sürülýän pikir-garaýyşlar döwletimizi ösdürmegiň möhüm ugry we bagtyýar nesiller üçin ýolgörkeziji çelgi bolup durýar.

Milli Liderimiziň kämil zehini bilen döreýän eserlerde şu gün we geljek üçin örän möhüm başlangyçlar öňe sürülýär. Olarda mukaddes Garaşsyzlygymyz, hemişelik Bitaraplygymyz, ata-babalarymyzyň beýik işleri, türkmen topragynyň gülläp ösüşleri, saz, söz, sungat, medeniýet, parahatçylyk, dost-doganlyk, ynsanperwerlik, milli garaýyşlar, milli duýgy-düşünjeler, döwletlilik, syýasat, adalat, diplomatiýa, taryh hem miras, şu gün hem geljek hakynda söhbet edilýär.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýazmaga girişen täze kitaby hem bu eserleriň üstüni ýetirmek bilen, ösüşiň täze tapgyry — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň geljek 30 ýyly üçin kesgitlenen belent maksatlara üstünlikli ýetmekde halkymyza ruhy goldaw berer.

Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, adamzada söýgi öz halkyňa söýgüden başlanýar, dünýä söýgi öz göbek ganyň daman topragyňa, ata Watanyňa söýgüden başlanýar. Özüňi bilmän, dünýäni tanamak mümkin däldir.

Täze eser geçmişiň şu gün bilen, şu günüň geljek bilen baglanyşygyny özünde jemläp, nesillerde halkymyza we ýurdumyza buýsanjy artdyrar.

Diýarymyzyň ösüş ýoly, edermen halkymyzyň döredýän milli gymmatlyklary, şeýle hem Garaşsyz döwletimiziň soňky ýyllarda dünýä giňişliginde eýeleýän orny we döwleti dolandyrmagyň dünýä nusgalyk milli ýörelgeleri hormatly Prezidentimiziň döredijiliginde möhüm orun eýeleýär. Munuň özi asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlara, onuň häzirki zaman şertlerinde dowamata atarylýandygyna mähir we söýgi bilen garalýandygyny aýan edýän hakykatdyr.

Ýaz paslynyň ilkinji günleriniň ýakymly howasy türkmen topragynyň, aýratyn-da, dag etekleriniň özboluşlylygy bilen utgaşyp, adamlary täze ýeňişlere, uly üstünliklere ruhlandyrýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda beýik maksatlar amal bolýar. Munuň özi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her bir pursadynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

24.02.2022
Ykdysadyýet

IŞ DEPGINI ÝOKARY

Daşoguz şäherindäki motor abatlaýyş kärhanasy welaýatymyzyň iri senagat kärhanalarynyň biri hasaplanýar. Bu ýerde 60-a golaý işçi-hünärmen agzybirlikli zähmet çekýär. Olar oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny düýpli abatlamak,  zerur bolan ätiýaçlyk şaýlary ýasamak bilen meşgullanýarlar. Kärhanada «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji aýynda 220 müň manatlykdan gowrak iş edildi.  Öndürilýän önümleriň arasynda ýetip gelýän ekiş möwsüminde ulanylmagy zerur bolan borona dişleri, çil ýumşadyjylaryň dişi, azalyň lemehleri, dürli ölçegdäki nurbatlar, podşipnikler bar. Kärhananyň işçilerinden ussalar Ýagşygeldi Atanepesow, Döwletmyrat Jumabaýew, Ruslan Ýaňabaýew, Atabaý Amanow, kebşirleýjiler Atagurban Atagurbanow, Ökdem Reýimbaýew dagy öndürijilikli işlemek bilen köplere görelde görkezýärler.

* * *

AGYZ SUW ÜPJÜNÇILIGI GOWULANÝAR

«Daşoguzagyzsuw» birleşigi boýunça «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji aýynda 670 müň kub metrden gowrak arassa içimlik agyz suwy öndürildi. Birleşik öz düzümine Daşoguz hem Köneürgenç şäher agyz suw müdirliklerini, şeýle hem etrap agyz suw bölümleriniň 9 sanysyny birleşdirýär. Olarda dik guýularyň 424 sanysy öndürijilikli işledilýär. Birleşigiň müdirlikleriniň we bölümleriniň suw çeşmelerinde bir gije-gündiziň dowamynda 21902 kub metr arassa agyz suwy öndürilip, sarp edijilere ýetirilýär.

* * *

ÜMZÜGI ILERLEÝÄN KÄRHANA

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem  hususy telekeçilik işi has giň gerime eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň gaýtadan işleýän önümçiligi işjeň ýola goýmak barada berýän maslahatlaryndan ugur alyp, bu babatda döredilen mümkinçiliklerden peýdalanýan telekeçiler pudaga dahylly möhüm wezipeleri durmuşa geçirýärler. Olaryň hatarynda «Çemenli daglar» hususy kärhanasynyň durmuşa geçirýän işleri bellenmäge mynasypdyr. Kärhanada her günde gök we beýleki önümleri salmak üçin niýetlenen gaplaryň 2500-den gowragynyň öndürilýändigini bellemek ýerliklidir. Kärhananyň önümleri welaýatymyzdaky we ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryndaky ýyladyşhanalaryna ugradylýar.

Bu ýerde zähmet çekýän hünärmenler işiň talabalaýyk hil derejesini üpjün etmek üçin yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Bu bolsa her günde gazanylýan netijeleriň  ýokary bolmagyna mümkinçilik berýär. Kärhananyň işçileri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinýärler. Işleriň göwnejaý alnyp barylmagy bolsa, bu maksadyň hasyl boljakdygyna ynam döredýär.

24.02.2022