Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 13-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim Ahal welaýatynda täze, möhüm desgalary — ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyryny we Ýaşlyk şäherçesindäki kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desgany gurduryp berendigi, şeýle hem welaýatyň ýaşaýjylaryna döwrebap awtoulaglary sowgat edendigi üçin hormatly Prezidentimize sebitiň bagtyýar ilatynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra häkim welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, hatarara bejergi, ýekelemek we otag işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ideg etmekde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Welaýatyň bugdaý meýdanlarynda-da degişli ideg işleri alnyp barylýar. Galla oragy möwsümine taýýarlyk işleri guramaçylykly dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, tohumlyk bugdaý hasylyny ýygnap almak, daşamak hem-de talabalaýyk saklamak üçin taýýarlyk işleri, ýetişdirilen pile hasylyny ýygnamak we döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça işler geçirilýär. Mundan başga-da, häkim welaýatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi we gowaça, bugdaý ekilen meýdanlardaky agrotehniki çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi, galla oragyna ýokary derejede taýýarlyk görülmegini häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň hilini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, gowaça meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak we hatarara bejergi, ýekelemek, otag işleri alnyp barylýar. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Welaýatyň ak ekin meýdanlarynda ideg işleri geçirilýär. Galla oragy möwsüminiň ýokary hilli geçmegini üpjün etmek maksady bilen, galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary möwsüme taýýarlamak, tohumlyk bugdaýy talabalaýyk ýygnap almak hem-de saklamak üçin zerur işler ýerine ýetirilýär. Welaýatda pile öndürmek boýunça bellenilen meýilnama laýyklykda, häzirki wagtda pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şeýle-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli welaýatda geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň, hususan-da, gowaça hem-de bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň, galla oragy möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Nygtalyşy ýaly, welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi, otag, ýekelemek işleri alnyp barylýar. Bugdaý meýdanlarynda ekine ösüş suwuny tutmak, ideg etmek işleri geçirilýär. Galla oragyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, welaýatdaky galla kabul ediş kärhanalary möwsüme taýýar edildi. Bu işler bilen bir hatarda, tohumlyk ekilen bugdaýy talabalaýyk ýygnamak we saklamak boýunça degişli işler alnyp baryldy. Häzirki wagtda welaýatda pile öndürmek möwsümi dowam edip, pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim welaýatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň gowaça we bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de galla oragy möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmegi babatda birnäçe görkezmeler berildi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, gowaça ekilen meýdanlarda kadaly ösüş almak maksady bilen, hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek, bugdaý meýdanlarynda degişli ideg işleri dowam edýär. Ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak hem-de Watan harmanyna tabşyrmak üçin galla kabul ediş kärhanalary taýýar edildi. Welaýatda pile möwsümi dowam edip, häzirki wagtda ýetişdirilen pile ýygnalyp alynýar. Şeýle-de häkim maý aýynda ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneler mynasybetli welaýatda guraljak dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we gowaça, bugdaý ekilen meýdanlardaky işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, galla oragyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny belläp, welaýatda bu ugurda alnyp barylýan işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatyň gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag işleri geçirilýär. Bu işlerde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmak boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk görülýär. Häzirki wagtda galla kabul ediş kärhanalary, elewatorlar möwsüme doly taýýar edildi. Tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýygnap almak, daşamak we talabalaýyk saklamak, ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap alyp, döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça hem degişli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim welaýatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça we bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi hem-de bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz welaýatda galla oragyny guramaçylykly geçirmek üçin zerur çäreleriň görülmegini tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl üçin welaýatda meýilleşdirilen işleriň bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini aýtdy we bu ugurdaky işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda bol pagta hasylyny ýetişdirmek maksady bilen, häzirki wagtda welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag işleri geçirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri tamamlaýjy tapgyrda barýar. Galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça-da taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şeýle hem tohumlyk bugdaý hasylyny ýygnamak, daşamak, galla kabul ediş kärhanalarynda bellenen tertipde kabul etmek we talabalaýyk saklamak boýunça işler geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda pile möwsümini guramaçylykly geçirmek babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, häzirki wagtda welaýatlarda ýüpek gurçugyna ideg etmek, ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap almak işleri utgaşykly dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin ähli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we talabalaýyk ýerine ýetirilmelidigini belledi hem-de wise-premýere ýurdumyzyň gowaça, bugdaý ekilen meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny, ýetip gelýän galla oragy möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görülmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, häkimlikleriň garamagyndaky edara-kärhanalaryň işiniň talabalaýyk guralmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

14.05.2024
Ýüplükleriň önümçiligi artýar

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Gyzylarbat şäherindäki «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde döwrüň ösen talaplaryna laýyk işler amala aşyrylýar. Bu ýerde ornaşdyrylan önümçiligiň häzirki zaman tehnologiýasy dürli ölçeglerdäki ýüplükleri düwünsiz we ýokary hil derejesinde öndürmäge giň mümkinçilik berýär. Toplumyň bölümlerinde taýýarlanylýan dürli ölçegli nah ýüplükler diňe bir içerki bazaryň däl, Türkiýäniň, Ýewropa ýurtlarynyň bazarlarynyň hem islegli harytlary bolup durýar. Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda toplumda 1 müň 500 tonna ýüplük öndürilip, meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Şeýle hem bu görkeziji, geçen ýylyň hasabat döwri bilen deňeşdirilende, şu islegli önümiň 20 tonnasynyň artyk taýýarlanandygyny aňladýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi ýokary önümçilik görkezijileri bilen garşylamak maksat edinilýän kärhanada geçen dört aýda sarp edijilere iberilen nah ýüplükleriň pul hasabyndaky möçberiniň 23 million manatlyga golaýlamagy aýratyn bellärliklidir. Bu görkeziji, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 8,5 million manatlyk köpdür. Deňeşdirilýän döwürde kärhana boýunça 560 tonnadan gowrak ýüplügiň içerki we daşarky bazarlarda artyk ýerleşdirilmegi balkanly dokmaçylaryň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna önjeýli goşant goşýandygyndan habar berýär.

Hojaberdi BAÝRAMOW.

14.05.2024
Arkadagly ýaş nesil at — myrat bilen geljege!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna baryp gördi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde atçylyk sportuny ösdürmek babatda wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada gyzyklandy hem-de milli atşynaslyk ýörelgelerine höwes bildirýän çagalar bilen duşuşyp, olar bilen atçylyk däpleriniň özboluşly aýratynlyklary hakynda söhbet etdi.

Gahryman Arkadagymyz akademiýanyň ýapyk manežine geldi. Bu ýerde atşynaslyga we atçylyk sportuna höwesli ýaşlar Milli Liderimizi şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Gahryman Arkadagymyz ösüp gelýän ýaş nesliň ata bolan höwesini mübärekläp, olar bilen söhbetdeş boldy. Ýaş nesilleriň bedew atlara bolan söýgüsiniň halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden atşynaslyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowamata atarylýandygynyň mysalydygyny belledi.

Ussat halypa atşynas hormatly Arkadagymyz körpeleriň manežiň içinde bedewlerde gezim edýän pursatlarynda olara atçylyk däpleri, onuň taryhy we bu ugruň häzirki döwürde ösdürilişi barada gürrüň berdi hem-de olaryň höwes edýän ugurlary bilen gyzyklandy. Çagalaryň arasynda seýis, çapyksuwar, atçylyk boýunça ylmy iş alyp barýan hünärmen, atçylyk lukmany bolmaga höwes edýänleriň bardygy aýratyn buýsançlydyr.

Bedewlere çäksiz hormaty bolan Milli Liderimiz atçylyga höwes edýän çagalaryň geljekde ussat atşynaslar bolup ýetişip, ahalteke bedewleriniň şöhratynyň artmagyna, milli atşynaslyk däpleriniň ylmy esasda ösdürilmegine goşant goşjakdyklaryna, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary hem bolup biljekdiklerine ynam bildirdi.

Ahalteke bedewleriniň gadymy mekany hasaplanýan ajaýyp künjekleriň birinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň ägirt uly tagallalarynyň netijesinde innowasion häsiýetli binagärlik çözgütlerine esaslanýan täze şäher emele geldi. Bu şäherde gurlup ulanmaga berlen we häzirki wagtda üstünlikli hereket edýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezinde, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hem-de 600 baş bedewe niýetlenen döwrebap athana toplumynda alnyp barylýan işler pudagyň ylmy esasda ösdürilmegine we onuň netijeli häsiýete eýe bolmagyna kuwwatly itergi berýär.

Akademiýanyň manežinde bedewe atlanyp gezim eden körpeler halypa atşynas Gahryman Arkadagymyzyň manyly hem-de gyzykly gürrüňlerini höwes bilen diňlediler. Şeýle-de olar milli atçylyk sportunyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Bu gün peder ýoluny dowam etdirmäge höwesek çagalar Milli Liderimiz bilen duşuşyp, milli atşynaslygyň dünýäsine degişli gyzykly gürrüňleri diňlediler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň halkymyzyň döreden atşynaslyk ýörelgeleriniň dünýä nusgalykdygy barada aýdanlary körpeleri bu hünäri çuňňur özleşdirmäge we bu ugurda belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrdy.

Soňra ussat atşynas Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow çapyksuwarlyk hünärine höwes bildirýän çagalara sowgatlary gowşurdy. Körpeler sowgatlar üçin hoşallyk bildirip, Milli Liderimizden özleri bilen ýadygärlik surata düşmegini haýyş etdiler.

Hormatly Arkadagymyz çagalaryň haýyşlaryny kanagatlandyryp, olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýaş nesliň milli atşynaslyk ýörelgelerine ygrarly bolmagynyň guwandyryjy ýagdaýdygyny aýdyp, täze, ýaş atşynaslar toparyny döretmek baradaky teklibi öňe sürdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz bu topara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan goldaw berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Milli Liderimiziň öňe süren teklibi uly höwes bilen makullanyldy. Şeýlelikde, halypa atşynas hormatly Arkadagymyz täze toparyň işine ak pata berip, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejebowa atçylyga höwes bildirýän çagalara goldaw bermek we bu ugra höwesli ýaşlary toparyň agzalygyna çekmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Gahryman Arkadagymyz çagalaryň her hepdede ata erk etmek boýunça türgenleşik geçmekleri üçin zerur şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi. Atçylyk bilen meşgullanmaga höwes bildirýän çagalaryň hünär eýesi bolmagyna gazna tarapyndan yzygiderli goldawyň beriljekdigini aýtdy. Bu bolsa halypa atşynas Milli Liderimiziň asylly hünäre söýgüsi bolan çagalar baradaky atalyk aladasynyň aýdyň nyşanydyr.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde “Biz — Arkadagly Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri” atly surat çekmek bäsleşiginiň geçirilýändigini, oňa ahalteke bedewleriniň çeper keşbini şekillendirmäge höwes edýän köp sanly çagalaryň gatnaşýandygyny belledi. Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesilleriň bedewlere bolan söýgüsini alamatlandyrýar.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti Gahryman Arkadagymyzyň şu gün Halkara atçylyk akademiýasyna gelip görmeginiň, şeýle hem ata erk etmegiň öz şahsy tejribesine esaslanýan aýratynlyklary barada öwüt-ündewlerini bermeginiň çagalaryň bu ugra höwesini has-da artdyrandygyny, olaryň ruhuny belende göterendigini nygtady.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti Gahryman Arkadagymyza bu ýere gelip, ata höwesek ýaşlaryň hünärine badalga berendigi hem-de çagalary atşynaslyk dünýäsiniň ak ýoluna atarandygy üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, “At — myrat” diýlişi ýaly, çagalaryň asylly maksatlarynyň Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen amal boljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, halypa atşynas Gahryman Arkadagymyz asylly käre höwes edýän çagalara saýlap alan hünärlerinde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

(TDH)

13.05.2024
Halkymyzyň tutanýerli zähmeti bilen eziz Diýarymyz üstünliklere beslenýär

Geçen hepde möhüm wakalara baý bolup, olar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ösüş depginini we döredijilik kuwwatyny giňden açyp görkezdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ynsanperwer döwlet syýasaty ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilendir.

6-njy maýda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ekinlerden bol hasyl almak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň, galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin taýýarlyk işleriniň ýokary derejede bolmagynyň zerurdygyna aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýakyn wagtda ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň açylyş dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möhüm desgalaryň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy.

Ir bilen döwlet Baştutanymyzyň dikuçary ýörite meýdança gondy. Hormatly Prezidentimiz bu ýerden ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine bardy.

2005-nji ýylda ulanmaga berlen Bäherden sement zawody Merkezi Aziýa sebitinde şeýle kärhanalaryň iň irileriniň biridir. Zawodyň ikinji tapgyrynyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, “Beýik bina” hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy. Şeýle hem bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine Germaniýanyň önümçilik işini meýilnamalaşdyrmak we sement senagaty üçin taslamalary dolandyrmak boýunça hyzmatlary hödürleýän “KHD Humboldt Wedag” iri inženerçilik kompaniýasy çekildi.

250-ä golaý iş orny döredilen täze zawodda ýokary hilli sementiň “PS-400”, “PS-500”, “PS-600” görnüşleri hem-de sulfata durnukly portlandsement öndüriler. Ähli önümçilik işiniň doly awtomatlaşdyrylmagy, zawodyň işgärleriniň ýokary öndürijilikli işi üçin amatly şertleriň döredilmegi bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginde esasy şert bolup durýar. Beýleki desgalarda bolşy ýaly, bu zawodda hem önümçiligiň ekologik taýdan arassalygyna, ähli bellenen kadalaryň berjaý edilmegine aýratyn üns berildi. Bu bolsa ýurdumyzdaky iri senagat desgalarynyň gurluşygyna bildirilýän üýtgewsiz talaplaryň biridir.

Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň ýaşaýjylaryna ýokary hilli ýolagçy hyzmatlaryny ýola goýmak üçin niýetlenen täze, döwrebap awtobuslaryň 200-e golaýyny sowgat berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda ýene bir iri durmuş maksatly desganyň — Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde ýerleşýän, kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi. Täze toplum ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň häzirki zaman ýöriteleşdirilen enjamlary bilen üpjün edilendir.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda jemi 162 öýli, 9 gatly 10 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy we Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesinde 320 orunlyk çagalar bagy gurlar.

8-9-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli dabaralara hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz beýleki belent mertebeli myhmanlar — wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen bilelikde Gyzyl meýdanyň merkezi münberinden harby ýörişi synlady. Asylly däbe görä, döwlet Baştutanlary Aleksandrow bagynda Näbelli esgeriň guburyna gül desselerini goýmak dabarasyna gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz tutuş adamzadyň parahat durmuşy hem-de azatlygy ugrunda Beýik Watançylyk urşunda faşizme garşy söweşlerde wepat bolan gahrymanlary hatyralap, Baky oda gül dessesini goýdy.

Ýurdumyzda Ýeňiş güni dabaraly ýagdaýda bellenildi. Häzirki we geljek nesilleriň nurana ertirleriniň hatyrasyna wepat bolanlary hatyralamak üçin ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylarydyr myhmanlary “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdança ýygnandylar.

“Baky şöhrat” ýadygärligine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ajaýyp gül çemeni goýuldy.

Şanly senäniň öňüsyrasynda Diýarymyzyň ähli sebitlerinde ýaşuly nesliň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi, aýdym-sazly medeni-köpçülikleýin çäreler guraldy. Gazaply ýyllaryň uruş weteranlaryna, şeýle-de tyl zähmetkeşlerine, esgerleriň ýanýoldaşlaryna döwlet Baştutanymyzyň adyndan pul we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

10-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe meseleleri girizildi. Hususan-da, milli kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginde hem-de Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynda awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek, nebitgaz pudagynyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, raýat awiasiýasy ulgamy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak, Germaniýanyň “Deutsche Bahn Holding” kompaniýasy bilen demir ýollar pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly meseleler barada hasabatlar diňlenildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda bugdaýyň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmagyň, ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamagyň, ammarlara, elewatorlara bökdençsiz tabşyrmagyň hem-de bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegiň möhüm ähmiýetini belläp, «Türkmenistanda 2024-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça çäreler hakynda» Karara gol çekdi.

Beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli öňde boljak dabaralara taýýarlyk işleri hakynda-da hasabat berildi. 17-nji maýda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň we beýik türkmen şahyrynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de bu ýerde daşary ýurtlaryň meşhur söz ussatlarynyň, ýazyjy-şahyrlarynyň heýkelleri ýerleşdirilendir. Dabaranyň çäklerinde edebi-çeper kompozisiýalaryň görkezilişini, ýurdumyzyň teatr artistleriniň, medeniýet, sungat ussatlarynyň çykyşlaryny, ýadygärlige gül goýmak çäresini, yşyklaryň we dronlaryň üsti bilen şekilleriň görkezilişini, baýramçylyk feýerwerkini guramak göz öňünde tutulýar.

Dabara Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, oňa medeniýet ministrleri derejesinde geçiriljek halkara maslahata hem-de “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahata gatnaşjak daşary ýurtly myhmanlaryň, TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň wekilleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär.

Ýubileý çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň baş şäherini baýramçylyk äheňinde bezemek boýunça degişli işler geçirilýär.

15 — 17-nji maýda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi geçiriler. Sergä azyk we oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaplamak, saklamak, gaýtadan işlemek boýunça ýöriteleşen kompaniýalaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Onuň çäklerinde täze tehnologiýalaryň, döwrebap enjamlaryň, önümleriň tanyşdyrylyş çäreleri guralar, tejribe alyşmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler.

Ylymlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralara hem taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Olaryň çäklerinde 12-13-nji iýunda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat, 8-nji iýunda bolsa Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Ýaşyl” ykdysadyýetiň möhüm ugurlary: eko-, nano-, bio- we maglumat tehnologiýalary” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler. Mundan başga-da, 12-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bolar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ylym ulgamyna innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna uly üns berilýändigini nygtap, “Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” tassyklamak hakynda” Karara gol çekdi.

Mejlisde abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Ýewropa Bileleşigi bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy muňa aýdyň mysal hökmünde görkezmek bolar. Bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň 14-nji maýynda “Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy: geljegiň hatyrasyna bilelikdäki işler” atly maslahaty geçirmek teklip edilýär. Şeýle hem Ýewropa Bileleşigi tarapyndan amala aşyryljak täze taslamalar bilen tanyşdyrmak boýunça metbugat maslahatyny geçirmek, bu guramanyň ýurdumyzda alyp barýan işleri baradaky sergini guramak meýilleşdirilýär.

16-njy maýda Aşgabatda geçiriljek Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisine taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Halkara Zähmet Guramasy bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça degişli teklipler hödürlenildi. Däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasy» işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, onda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegine ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagy teklip edilýär.

Şu ýylyň 3 — 14-nji iýuny aralygynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde HZG-niň Halkara zähmet maslahatynyň 112-nji mejlisiniň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň wekiliýetiniň Ženewa şäherine saparynyň çäklerinde bu guramanyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen duşuşyklaryň guralmagy maksadalaýyk hasaplanýar. 2024-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, şu ýylyň 14 — 17-nji maýy aralygynda Halkara Zähmet Guramasynyň halkara zähmet kadalary boýunça hünärmenleriniň Türkmenistana saparyny guramak teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek boýunça zerur tagallalary edýändigini belläp, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahaty ýokary derejede guramagy tabşyrdy. Şunuň bilen bir hatarda, Türki medeniýetiň halkara guramasyna agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisine hem gowy taýýarlyk görülmegini üpjün etmek tabşyryldy. Halkara Zähmet Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça degişli tabşyryklar berildi.

Geçen hepdede türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna baryp gördi we atçylyk sportunyň dürli görnüşleriniň häzirki zaman ülňülerine laýyklykda ösdürilişi bilen gyzyklandy.

8-nji maýda Bäherden etrabynyň hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna satyn alnan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “B.Braun” kompaniýasynyň iki sany “Dialog+” kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň mart aýynda döredilen Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygyny goramak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Gaznanyň bank hasaplaryna raýatlardan hem-de edara görnüşli taraplardan pul serişdeleri yzygiderli gelip gowuşýar. Bu serişdeler howandarlyga mätäç çagalara lukmançylyk, bilim hyzmatlaryny bermäge, olaryň doly derejeli dynç almaklary üçin mümkinçilikleri döretmäge, beýleki degişli zerurlyklary kanagatlandyrmaga gönükdirilýär. Ynsanperwerlik kömeginiň dostlukly döwletleriň çylşyrymly durmuş ýagdaýyna düşen çagalaryna hem berilýändigini bellemek gerek.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysynda ýene bir ajaýyp sahypany açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.

(TDH)

13.05.2024
Kiçi we orta telekeçilige döwlet goldawy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda kiçi we orta telekeçilige uly ähmiýet berilýär. Kiçi we orta telekeçilik Türkmenistanyň çig mal serişdeleriň eksportyna bolan baglylygyny peseltmekde, haryt eksportyny giňeltmekde uly goşant goşmaga mümkinçilik berýär. Kiçi we orta telekeçilik durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde, milli ykdysadyýetiň üýtgäp duran içerki we daşarky şertlere çeýeligini artdyrmakda, milli önümçiligiň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmekde ähmiýeti uludyr.

Türkmenistanda kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Kiçi we orta telekeçiligi işjeň ösdürmek, amatly işewürlik gurşawyny döretmek «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» esasy maksatlarynyň hatarynda goýuldy. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bazar ykdysadyýetini, kiçi we orta telekeçiligi işjeň ösdürmek, işewürlik gurşawyny kämilleşdirmek esasy maksatlaryň hatarynda kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi döredilen gününden bäri ýurdumyzda hususy eýeçiligi, şol sanda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegiň täze, innowasion häsiýetli tapgyryna badalga berildi. Bu birleşme häzirki wagtda on müňlerçe hususy telekeçileri özünde jemleýär.

Soňky ýyllaryň dowamynda kiçi we orta telekeçiligi höweslendirmek babatynda möhüm ädimler ädildi. Amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Bularyň hatarynda salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmegini, telekeçilik işini hasaba almak we ygtyýarlylandyrmak tertibiniň ýeňilleşdirilmegini, ýeňillikli karzlaşdyrmany görkezip bolar.

Kabul edilen kadalaşdyryjy namalar kiçi we orta telekeçiligiň işjeňligini artdyrmaga öz täsirini ýetirdi. Şeýlelikde, kiçi we orta telekeçilige degişi hojalyk subýektleri üçin gümrük ýeňillikleri göz öňünde tutulandyr.

Içerki we daşarky bazarlarda milli harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak boýunça möhüm wezipeler «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasy» bilen kesgitlenildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuş-ykdysady wezipeleri çözmäge ukyply telekeçilik gurşawynyň döredilmegi Watanymyzyň bedew bady bilen ýokary derejelere ýetmegine mümkinçilik berýär.

Orazjemal MYRADOWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.

13.05.2024
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 10-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, döwlet durmuşynyň dürli ugurlaryny kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, “Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda” hem-de ýurdumyzyň goşulyşan halkara şertnamasyny tassyklamak bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem Sanitariýa kodeksine, “Bedenterbiýe we sport hakynda”, “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda”, “Tohumçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna döwrüň talaplaryna laýyklykda üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça işler dowam etdirilýär. Parlamentara gatnaşyklary hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin görülýän çäreler barada-da habar berildi. Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen birlikde, Mejlisiň deputatlary ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek, amala aşyrylýan özgertmeleriň taryhy ähmiýetini wagyz etmek bilen bagly dürli çärelere gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylygymyzy halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigi bellenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak, döwlet hyzmatlaryny elektron görnüşe geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021— 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” bellenen çäreleri ýerine ýetirmek maksady bilen, awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek we ornaşdyrmak, olaryň elýeterliligini we kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada habar berildi. Hususan-da, wise-premýer Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginde hem-de Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynda binýatlar ulgamyny döretmegiň we ornaşdyrmagyň tehniki şertleriniňdir tehniki ýumşuň taslamasy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Pensiýa gaznasynyň alyp barýan işini yzygiderli kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu işde sanly hyzmatlaryň gerimini giňeltmegiň, olaryň mümkinçiliginden doly peýdalanmagyň möhüm ähmiýetini belledi hem-de wise-premýere bu ulgamda awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynyň, hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerindäki önümçilik kärhanalarynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek maksady bilen, olar zerur serişdeler bilen yzygiderli üpjün edilýär. Toplumyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak we önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, tehnikalary, enjamlary täzelemek, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly işler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça zerur işleri geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri geçirilýär. Bugdaý meýdanlarynda-da degişli ideg işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, galla kabul ediş kärhanalaryny, kombaýnlary we beýleki tehnikalary galla oragy möwsümine taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýurdumyzda pile öndürmek möwsümi guramaçylykly alnyp barylýar. Ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekilen ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek hem-de ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär. Şeýle hem wise-premýer ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagynyň, gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak işleriniň öz wagtynda geçirilmeginiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak, ideg etmek işleriniň talabalaýyk geçirilmelidigine, galla oragyna häzirden başlap gowy taýýarlyk görülmelidigine ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem wise-premýer «Türkmenistanda 2024-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça çäreler hakynda» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bugdaýyň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmak, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak, ammarlara, elewatorlara bökdençsiz daşamak hem-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenistanda 2024-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça çäreler hakynda» Karara gol çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, bu ugurda degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän dabaralara taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Meýilleşdirilen çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin paýtagtymyzyň binalarynyň daş-töwereginde, seýilgählerde we bag ekilen ýerlerde abadanlaşdyryş işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň baş şäheriniň bezegine möhüm ähmiýet berilýär hem-de onuň esasy köçelerinde baýramçylyk mahabatlary, şygarlardyr nyşanlar ýerleşdirilýär. Türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynyň sütünleriniň biri bolan Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de daşary ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň, ýazyjy-şahyrlarynyň heýkelleri ýerleşdirilen Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň gurluşyk we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işleri doly tamamlandy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzda, şol sanda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň giňden ýaýbaňlandyrylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz halkara derejede bellenilýän bu şanly sene bilen bagly paýtagtymyzda bezeg işlerini geçirmek, abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi wise-premýere tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew şu ýylyň 15 — 17-nji maýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Sergä azyk we oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaplamak, saklamak, gaýtadan işlemek boýunça ýöriteleşen kompaniýalaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Olar tehnologik enjamlary, gaplama, önümçilik serişdelerini we beýlekileri görkezerler. Serginiň çäklerinde täze tehnologiýalaryň, döwrebap enjamlaryň, önümleriň tanyşdyrylyşlary guralar, tejribe alyşmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk önümçiligini pugtalandyrmagyň, içerki bazarda ýokary hilli azyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmegiň we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda geçiriljek halkara serginiň täze tehnologiýalar, döwrebap enjamlar we önümler bilen tanyşmakda, öňdebaryjy tejribeleri alyşmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belläp, wise-premýere onuň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Meýilleşdirilen dabarany ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, degişli işleriň ýerine ýetirilýändigi barada habar berildi. Çäräniň çäklerinde edebi-çeper kompozisiýalaryň görkezilişini hem-de teatr artistleriniň, medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň dürli çykyşlaryny, ýadygärlige gül goýmak çäresini, yşyklaryň we dronlaryň üsti bilen şekilleriň görkezilişini, baýramçylyk feýerwerkini guramak göz öňünde tutulýar. Dabara Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet ministrleri derejesinde geçiriljek halkara maslahata hem-de “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahata gatnaşjak daşary ýurtly myhmanlaryň, TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň wekilleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejede birnäçe dabaraly çäreleriň, maslahatlaryň geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz 17-nji maýda türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasynyň geçiriljekdigini aýdyp, wise-premýere dabarany hem-de halkara çäreleri ýokary derejede guramak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Ylymlar güni mynasybetli geçiriljek halkara ylmy maslahatlara we çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 12-13-nji iýuny aralygynda ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleriniň, daşary ýurtly alymlaryň gatnaşmagynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat geçiriler. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan guraljak halkara ylmy maslahatyň çäklerinde ylmyň we tehnikanyň ileri tutulýan ugurlary boýunça möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem ýurdumyzyň alymlarynyň ylmy gazananlaryny dünýä ýaýmak, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, halkara ylmy-amaly maslahatlar geçiriler. Hususan-da, 8-nji iýunda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Ýaşyl” ykdysadyýetiň möhüm ugurlary: eko-, nano-, bio- we maglumat tehnologiýalary” atly halkara ylmy-amaly maslahaty, 12-nji iýunda bolsa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylym ulgamynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ylymlar güni mynasybetli guraljak «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» hem-de «Ýaşyl» ykdysadyýetiň möhüm ugurlary: eko-, nano-, bio- we maglumat tehnologiýalary» atly halkara ylmy maslahatlaryň guramaçylykly geçirilmegini tabşyrdy. Şeýle hem wise-premýere Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi tarapyndan “Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” işlenip taýýarlanylandygy barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda geçirilýän özgertmeleriň çäklerinde ylmyň tutýan ornuny ýokarlandyrmak, şol sanda biologiýa ylmynyň we biotehnologiýalaryň üsti bilen ekologik taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy, importyň ornuny tutýan hem-de eksporta gönükdirilen önümleri öndürmegiň innowasion tehnologiýalarynyň işlenip düzülişini çaltlandyrmak bu Maksatnamanyň esasy maksadydyr. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ylym ulgamyna innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna uly üns berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz biotehnologiýanyň kömegi bilen ýurdumyzda ösen biosenagaty emele getirmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmek maksady bilen, «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Hormatly Prezidentimiz resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek maslahata taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda Ýewropa Bileleşigi bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy aýdyň mysal hökmünde görkezmek bolar. Bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň 14-nji maýynda “Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy: geljegiň hatyrasyna bilelikdäki işler” atly maslahaty geçirmek teklip edilýär.

Forumyň mowzuklaýyn mejlislerinde ýurdumyz bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, howpsuzlyk, söwda, bilim we “ýaşyl” energetika ulgamlarynda özara hyzmatdaşlyk, bu ugurlarda bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem Ýewropa Bileleşigi tarapyndan bu ugurda amala aşyryljak täze taslamalar bilen tanyşdyrmak boýunça metbugat maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Forumyň çäklerinde “2024 — 2028-nji ýyllarda howanyň üýtgemegine garşy gönükdirilen çäreler we syýasy dialog” atly taslamany amala aşyrmak boýunça Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem şol gün DIM-niň binasynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzda alyp barýan işleri baradaky sergini guramak meýilleşdirilýär.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri şu ýylyň 16-njy maýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň degişli Buýrugyna laýyklykda, bu halkara ähmiýetli çäräni ýokary derejede geçirmek maksady bilen, degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Mejlisiň maksatnamasynyň taslamasy taýýarlanylyp, häzirki wagtda Jemleýji resminamanyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işler dowam edýär. Bu resminamada mejlisiň netijeleri öz beýanyny tapar.

Soňra wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümi bolan Halkara Zähmet Guramasy bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Däp bolan özara hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe degişli teklipler hödürlenildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasy» işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu “Ýol kartasynyň” we onda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegine ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagy teklip edilýär.

Şeýle hem şu ýylyň 3 — 14-nji iýuny aralygynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde Halkara Zähmet Guramasynyň Halkara zähmet maslahatynyň 112-nji mejlisiniň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi habar berildi. HZG-niň Baş direktory Türkmenistanyň wekiliýetini bu mejlise gatnaşmaga çagyrdy. Şunuň bilen baglylykda, Ženewa şäherine saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň Halkara Zähmet Guramasynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen duşuşyklarynyň guralmagy maksadalaýyk hasaplanýar. Mundan başga-da, 2024-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, şu ýylyň 14 — 17-nji maýy aralygynda Halkara Zähmet Guramasynyň halkara zähmet kadalary boýunça hünärmenleriniň Türkmenistana saparyny guramak teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, beýan edilen teklipleri makullady we ýurdumyzyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek boýunça zerur tagallalary edýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Ýewropa Bileleşigi bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýändigini belläp, bu ugurda guraljak maslahaty hem ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisine hem gowy taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň edýän tagallalarynyň abraýly halkara guramalar tarapyndan giňden goldanylýandygyny belläp, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysyna Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň binýadynda Halkara raýat awiasiýasy guramasy (ICAO) we Raýat awiasiýasynyň Ýewropa konferensiýasy (ECAC) tarapyndan bildirilýän talaplara laýyklykda, uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça döwlet inspektorlaryny taýýarlamak hem-de awiasiýa howpsuzlygy boýunça milli gözegçi ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak işini ýola goýmak meýilleşdirilýär. Bu halkara okuwlaryň ýola goýulmagy bilen, diňe türkmen hünärmenlerini däl, eýsem, daşary ýurtly hünärmenleri-de taýýarlamaga mümkinçilik dörediler. Munuň özi bu mekdebiň halkara standartlara laýyk gelýän okuw usulyýetini giňeltmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamakda halkara guramalar bilen ýola goýulýan gatnaşyklary berkitmegiň mundan beýläk-de dowam etdirilmelidigini belledi hem-de Halkara raýat awiasiýasy guramasy we Raýat awiasiýasynyň Ýewropa konferensiýasy tarapyndan okuwlary guramak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Şeýle-de agentligiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, elektrikleşdirmek, dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, hünärmenleri taýýarlamak boýunça işleri hem-de beýleki çäreleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak, logistika, demir ýollary döwrebaplaşdyrmak ulgamynda ýöriteleşen öňdebaryjy kompaniýalary bilen duşuşyklaryň geçirilendigi habar berildi. Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde geçirilen Türkmen-german işewürlik maslahatyndaky çykyşynda “Deutsche Bahn Holding” kompaniýasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli demir ýol ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulýandygyny belläp, agentligiň ýolbaşçysyna Germaniýanyň degişli kompaniýasy bilen demir ýollar pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

11.05.2024
Parahatçylyk we abadançylyk

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda: «Özygtyýarly Watanymyzda parahatçylyk we abadançylyk rowaçlanýar, milli ykdysadyýetimiz depginli ösýär. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgämizden ugur alyp, döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň — ýurdumyzyň her bir raýatynyň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen işlerimizi üstünlikli amala aşyrýarys» diýip belleýär. Munuň şeýledigine 8-nji maý güni bolup geçen taryhy wakalaryň mysalynda-da göz ýetirýäris.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatyndaky ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenilen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, şeýle hem kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Bu desgalar täze iş orunlaryny döretmek bilen bir hatarda, diňe bir Ahal welaýatynyň däl-de, eýsem, tutuş ýurdumyzyň hem durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine uly goşant goşjak iri kärhanalardyr.

Sement gurluşyk üçin iň zerur önümleriň biridir. Häzirki wagtda ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berlen Bäherden, Balkan we Lebap sement zawodlarynda täze innowasion tehnologiýalar esasynda dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän ýokary hilli önümler öndürilýär. «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgyly sement önümleri diňe bir içerki bazarlarda däl, eýsem, dünýä bazarlarynda hem uly islege eýedir.

Bäherden sement zawody 2005-nji ýylda ulanylmaga berildi. Ol Merkezi Aziýa sebitindäki şeýle kärhanalaryň iň irileriniň biridir. Onuň ikinji tapgyrynyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, «Beýik bina» hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy. Şeýle hem bu taslamany durmuşa geçirmäge Germaniýanyň önümçilik işini meýilnamalaşdyrmak we sement senagaty üçin taslamalary dolandyrmak boýunça hyzmatlary hödürleýän «KHD Humboldt Wedag» iri inženerçilik kompaniýasy çekildi.

Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyry edara binasyndan we 48 sany desgadan ybarat bolup, dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän, şol sanda sulfata (duza) durnukly ýokary hilli sement önümleriniň ýylda 1 million tonnasyny öndürmäge niýetlenilendir. Onda 250-ä golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin ähli önümçilik we durmuş şertleri döredilendir. Täze zawod dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu bolsa uly isleg bildirilýän ýokary hilli sementiň «PS-400», «PS-500», «PS-600» görnüşlerini hem-de sulfata durnukly portlandsementi öndürmäge amatly mümkinçilikleri döredýär. Beýleki desgalarda bolşy ýaly, bu zawodda hem önümçiligiň ekologik taýdan arassalygyna, ähli bellenilen kadalaryň berjaý edilmegine aýratyn üns berildi. Çünki daşky gurşawyň goraglylygy ýurdumyzdaky iri senagat desgalarynyň gurluşygynda aýrylmaz şertleriň biridir.

Dabarada Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygynda «KHD Humboldt Wedag» kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirilen inženerçilik hyzmatlarynyň we ornaşdyrylan enjamlaryň Germaniýanyň senagat standartlaryna (DIN), sement senagatynyň standartlaryna, Halkara elektrotehnika komissiýasynyň (IEC) we ISO standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänama gowşuryldy.

Şeýlelikde, milli ykdysadyýetimiziň ýerli çig maldan ýokary hilli önümleri öndürmäge ýöriteleşdirilen täze kärhanasy tiz wagtda gurluşyk senagatynyň esasy önümleriniň biri bolan sementiň ilkinji tonnalaryny sarp edijilere ýetirip başlar. Onuň işe girizilmegi ýurdumyzyň gurluşyk-senagat toplumynyň ösdürilmegine goşulan saldamly goşantdyr. 

Şol gün işe girizilen Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasy bolsa, bir gije-gündiziň dowamynda 30 müň kub metr agyz suwuny arassalamaga niýetlenilendir. Onda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň ösen tehnologiýalary ornaşdyryldy.  Desganyň edara binasynda ýerleşýän dolandyryş merkeziniň işi toplumyň beýleki bölümleriniňki ýaly, doly awtomatlaşdyrylandyr. Merkezde arassalanylan agyz suwuny desgadan bellenilen möçberde ibermek we zerurlyga görä, iberilişi kadalaşdyrmak ýaly çözgütler kabul edilýär. Toplumyň düzümine girýän barlaghanada suwy arassalamak üçin ulanylýan himiki reagentleriň bellenilen kadalara laýyklykda taýýarlanylyşyna (alýuminiý sulfaty we gipohlorit natriý erginlerini garmak) gözegçilik edilýär.

Täze toplum ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilendir. Suw Garagum derýasyndan howdana iberilýär we bu ýerde tebigy usulda çökdürilýär. Soňra ýörite gözeneklerden geçirilip, mehaniki esasda süzülýär. Soňra bolsa suw sorujy bekedinden turba geçirijiler arkaly suw arassalaýjy desga iberilip, bu ýerde kaskad howalandyrma desgasy arkaly kislorod bilen baýlaşdyrylýar, demir, marganes ýaly minerallardan arassalanylýar. Soňra suw himiki usul bilen arassalanylýar we suw sorujy enjam arkaly çäge hem-de kömür süzgüçlerinde süzülýär. Süzülen we doly arassalanylan agyz suwy natriý gipohloridi bilen zyýansyzlandyrylyp, dört sany arassa suw howzuna berilýär. Arassa agyz suwy Ýaşlyk şäherçesine, onuň ýakynyndaky obalara iberilýär. Mundan başga-da, suw sorujy enjamlar bilen arassa agyz suwy Gäwers obasyna, onuň töweregindäki ilatly ýerlere iberilýär. Ekologik howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen, suw arassalamagyň dowamynda emele gelýän çökündiler ýörite enjamlar, şol sanda guratmak we goýaltmak üçin niýetlenilen dekanter enjamy arkaly zyýansyzlandyrylýar.

Barlaghanasynda bolsa daşary ýurtlarda öndürilen ýokary tehnologiýaly enjamlar, şol sanda 50-den gowrak barlagy ýerine ýetirýän, hususan-da, suwdaky dürli himiki elementleri, suwuň gatylygyny anyklamak üçin barlaglary ýerine ýetirýän spektrofotometr enjamy ornaşdyrylypdyr. Turbidimetr enjamynyň kömegi bilen suwuň bulanyklyk derejesi ölçenilýär. Himiki reagentleri taýýarlamak üçin gyzdyryjy magnetiki garyşdyryjy ulanylýar. Şeýle-de barlaghanada analitik agyrlyk ölçeýji terezi, suwuň elektropotensial wodorod geçirijiligini ölçemek üçin PH metr enjamy, bu ýerde ulanylýan çüýşe önümlerini guratmak üçin enjam bar.

Umuman, suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy, dünýäniň ilatynyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi ählumumy Durnukly ösüş maksatlarynyň esasylarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ähli sebitlerini ýokary hilli arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bu işler hem halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilmek bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny şöhratlandyran uly işlerdir.

Goý, hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli we dünýä ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

«Adalat».

11.05.2024
Kiçi we orta telekeçilik döwlet tarapyndan goldanylýar

Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmeklige uly üns berilýär hem-de döwlet tarapyndan goldanylýar. Kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi bolsa bazarlary halkyň sarp edýän köp görnüşli harytlary bilen üpjün etmeklige esas bolup durýar. «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ykdysady ösüşe we durmuş taýdan kämilleşmäge ýardam edýän bazar ykdysadyýetiniň möhüm bölegi hökmünde kiçi we orta telekeçiligiň ösmegi üçin amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny döretmek maksadyndan ugur alýar.

Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin amatly şertleriň döredilmegi, şol sanda kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine maliýe we maddy serişdeleriň berilmegi, kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine hukuk, ykdysady we gaýry maglumatyň, ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň we tehnologiýalaryň elýeterliliginiň üpjün edilmegi, olar tarapyndan durmuş-ykdysady ösüşiň döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilýän maýa goýumlaryň höweslendirilmegi, täze iş orunlarynyň döredilmegi we ilatyň girdejileriniň ýokarlandyrylmagy, kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerinden harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) döwlet tarapyndan satyn alynmagynyň bäsleşik esasynda amala aşyrylmagy, olary maliýeleşdirmegiň ýörite maksatnamalarynyň amala aşyrylmagy, daşary ykdysady işi, sebitara hyzmatdaşlygyny, şeýle hem kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň eksport mümkinçiliginiň ösdürilmegine ýardam edilmegi kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň esasy ugurlarydyr.

Söýün Höwezow,

Türkmenbaşy etrap salgyt bölüminiň barlaglar bölümçesiniň baş salgyt inspektory.

11.05.2024
Parahat durmuşyň goragçylarynyň hormatyna dabaralar

Aşgabat, 9-njy maý (TDH). Şu gün ýurdumyzda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy dabaraly bellenildi. Häzirki nesilleriň parahat ýaşamaklary, olaryň bagtyýar geljegi ugrunda janyny gurban eden ata-babalarymyzyň öňünde baş egýäris.

Adamzadyň taryhyndaky iň ýowuz urşuň ýalynly ýyllarynyň uzak geçmişde galandygyna garamazdan, onuň pajygaly wakalaryny, ýüreklerde galdyran ýaralaryny ýatdan çykarmak mümkin däl. Halkymyzyň merdana ogullarynyň müňlerçesi elhenç söweşlerde janyny orta goýdular. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda görkezen edermenlikleri üçin ildeşlerimiziň ýüzden gowragy Gahryman diýen belent ada mynasyp boldy.

Ýeňşiň gazanylmagynda tylda jan aýaman zähmet çekenleriň gaýratly zähmetiniň ähmiýeti diýseň uludyr. Olar önümçilikde gahrymanlarça işläp, uruşdaky esgerler üçin ýyly eşikleri taýýarladylar, Goranmak gaznasyna şaý-sepleri tabşyrdylar, bugdaý hasylyny soňky dänesine, pagtany soňky hanasyna çenli ýygnadylar, raýdaşlygyň we ynsanperwerligiň belent nusgasyny görkezdiler.

Beýik Ýeňşiň gazanylmagy taryhy nukdaýnazardan, şeýle hem ösüp gelýän ýaş nesli gahrymançylyk, mertlik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Çünki uruş weteranlarynyň we tylda zähmet çekenleriň merdanalygy Watana, halka gulluk etmegiň hakyky nusgasydyr. Olaryň edermenligi ýaşlarymyz üçin görelde mekdebidir. Beýik Watançylyk urşunyň söweşlerinde pederlerimiziň görkezen gahrymançylygy, gaýduwsyzlygy halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ildeşlerimiziň müňlerçesi synmaz erkiň, harby borja ygrarlylygyň, Watana wepalylygyň ajaýyp nusgasyny görkezdiler. Şolaryň hatarynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň garry atasy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar.

Gahrymanlary ýatlamak däbi hemişe-de türkmen jemgyýetiniň mizemez sütünleriniň biridir. Şolaryň arasynda Beýik Watançylyk urşunyň ýowuz söweşlerine gatnaşanlar aýratyn sarpalanylýar. Häzirki döwürde Ýeňiş güni aýratyn dabara bilen bellenilip, ol nesilleriň özara baglanyşygyny, halkymyzyň parahatçylyk we ylalaşyklylyk, ynsanperwerlik, döredijilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda bellenilýän şanly senäniň öňüsyrasynda ýurdumyzyň bilim edaralarynda ýaşuly nesliň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi, mowzuklaýyn sergiler, edebiýat agşamlary, dabaraly nyzamlar, bäsleşikler guraldy.

Uruş weteranlary döwletimiz tarapyndan hemmetaraplaýyn üns-alada bilen gurşalýar, olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulandyrylmagy bilen bagly meseleler hemişelik üns merkezinde saklanýar. Şu ýyl hem gazaply ýyllaryň uruş weteranlaryna, şeýle-de tyl zähmetkeşlerine, esgerleriň ýanýoldaşlaryna döwlet Baştutanymyzyň adyndan pul we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Halkymyzyň wepat bolan gahryman ogullary öwezini dolup bolmajak ýitgidir. Uruşda wepat bolan we öýlerine Ýeňiş bilen dolanyp gelen türkmenistanly esgerleriň atlary watandaşlarymyzyň söweşlerde görkezen edermenlikleri baradaky maglumatlary özünde jemleýän “Hatyra” hem-de “Şöhrat” atly köp jiltli neşirlerde ebedileşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň halkyna we weteranlara iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, 1941 — 1945-nji ýyllar dünýä taryhynyň iň gazaply we hasratly döwri bolup, basybalyjylykly, talaňçylykly uruş millionlarça adamy pida etdi, öwezini dolup bolmajak ýitgilere getirdi, ýüreklere öçmejek ýaralary saldy. 1418 güne çeken gazaply urşuň ilkinji günlerinde biziň watandaşlarymyzyň müňlerçesi fronta meýletin gidip, aldym-berdimli söweş meýdanlarynda doganlyk halklar bilen birlikde jebisleşip, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezdiler hem-de orden-medallar bilen sylaglandylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nusgalyk durmuş mekdebini geçen ýaşuly nesillerimiziň — külli adamzadyň azatlygy we erkinligi ugrunda göreşe çykan, gije-gündiz zähmet çekip, şanly Ýeňşi ýakynlaşdyran edermen watandaşlarymyzyň mertebesini belent tutýarys.

...Irden asylly däbe görä, häzirki we geljek nesilleriň nurana geljeginiň hatyrasyna wepat bolanlary hatyralamak üçin ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary hem-de myhmanlary “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdança ýygnandylar.

Her ýylyň 9-njy maýynda dürli ýaşdaky watandaşlarymyz adamzat taryhyndaky iň zalym uruşdan gaýdyp gelmedikleri hatyralamak üçin bu ýadygärlikler toplumyna gelýärler. Beýik Watançylyk urşunda geljek nesilleriň bagtyýarlygy, abadançylygy ugrunda batyrlarça söweşen hem-de 1945-nji ýylda Beýik Ýeňşi dünýä buşlan gahrymanlaryň sany barha azalýar...

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Hormat garawulynda türkmen halkynyň watansöýüjilik däplerini, şöhratly pederlerimiziň wesýet eden ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän ýaş harby gullukçylar hatara düzüldiler.

“Baky şöhrat” ýadygärligine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ajaýyp gül çemeni goýuldy.

Soňra çärä gatnaşyjylar çuňňur hormat-sarpa bilen ýadygärligiň etegine gül desselerini goýýarlar.

Türkmenistanyň sebitde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilmegi halkymyzyň asylly däpleriniň nesilden-nesle geçirilýändiginiň we pederlerimiziň edermenligine goýulýan hormatyň aýdyň nyşanydyr. Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýermek bilen, Garaşsyz ýurdumyz dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagy, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugrunda ägirt uly tagallalary edýär. Daşary ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, ynanyşmak, özara düşünişmek ýagdaýyny berkitmek üçin zerur işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň döredijilikli başlangyçlary häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Netijeli halkara hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly meýdança bolup hyzmat edýän bu başlangyçlar halkara jemgyýetçilik tarapyndan doly goldanylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeler Watanymyzyň parahatçylygynyň, gülläp ösmeginiň bähbidine gönükdirilendir. Şol özgertmeler paýtagtymyzyň, şäherlerimiziň we obalarymyzyň barha gözelleşýän keşbinde, amatly ýaşaýyş jaýlarynyň, döwrebap bilim, lukmançylyk edaralarynyň, sport toplumlarynyň, senagat kärhanalarynyň we beýlekileriň gurluşygynda aýdyň beýanyny tapýar. Häzirki günde ýetilen sepgitler we gazanylýan üstünlikler üçin biz uruş ýyllarynda söweş meýdanlarynda Watany goran, Ýeňşiň hatyrasyna jan aýaman zähmet çeken watandaşlarymyzyň görkezen edermenlikleriniň öňünde borçludyrys. Weteranlar öz Watanyna, hormatly Prezidentimize, parahat durmuşda ýaşaýan hem-de geljekde täze ösüşlere ýetmek üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan ýaş nesillere buýsanýarlar. Sebäbi olar häzirki nesliň bagtyýar durmuşy üçin söweşdiler.

Uruş ýyllarynda öz janyny pida edip, köp garaşylan Ýeňiş gününi ýakynlaşdyran gahrymanlarymyza tagzym edýäris. Biziň häzirki we geljekki bagtyýar durmuşymyz üçin olara baky şöhrat bolsun!

...Şu gün Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gül goýmak dabaralary geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Ýeňiş gününiň şanyna guralan medeni çäreler ildeşlerimiziň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza buýsanjyny has-da artdyrdy.

10.05.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş güni mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy

Moskwa — Aşgabat, 9-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Bellenilen wagtda hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Kreml binasynyň ýanyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Russiýanyň Prezidenti mähirli garşylady.

Kremlden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Moskwa gelen beýleki belent mertebeli myhmanlar — wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen bilelikde dabaraly harby ýörişiň geçirilýän ýerine — Gyzyl meýdanyň merkezi münberine tarap ugrady.

...Beýik Ýeňiş gazanylandan bäri 79 ýyl wagt geçdi. Gazaply uruş ýyllarynda tutuş adamzat öwezini dolup bolmajak ýitgä sezewar boldy, millionlarça adamyň ömür tanapy kesildi, mukaddes gymmatlyklara, dünýä ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň, ylmyň, edebiýatyň we sungatyň ösüşine düýpli zarba uruldy. Şondan soňky geçen döwür uzaklarda galan gahrymançylykly ýyllaryň şol wakalaryny halk hakydasyndan öçürmän, esgerleriň söweş meýdanlarynda görkezen gaýduwsyzlygyny hem-de batyrlygyny, tylda zähmet çekenleriň edermenligini has aýdyň açyp görkezýär, faşizmiň we nasizmiň derbi-dagyn edilmeginiň dünýä taryhyndaky ähmiýetine has doly göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda umumy wehime hem-de zorluga garşy söweşen millionlarça adamy parahatçylykly durmuş baradaky arzuw jebisleşdirdi. Olar uzak garaşdyran Ýeňşiň ýakynlaşmagyna uly goşant goşdular. Beýleki doganlyk halklary bilen bilelikde türkmenistanly esgerler-de urşuň ýowuz synagyndan mertlik bilen geçdiler. Parahatçylyk we asudalyk, abadan durmuş ugrundaky aldym-berdimli söweşlerde belent ahlak sypatlaryny, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň, hakyky watançylygyň ajaýyp nusgalaryny görkezdiler. Ata-babalarymyzyň şöhratly we gahrymançylykly ýoly Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.

Muňa şu maglumatlar hem şaýatlyk edýär: uruş meýdanlarynda türkmenistanlylaryň 265 müňden gowragy gaýduwsyz söweşdiler. Görkezen edermenlikleri üçin watandaşlarymyzyň 104-si Gahryman diýen belent ada mynasyp boldy, 19-sy bolsa “Şöhrat” ordeniniň doly eýeleri boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň atasy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garry atasy Berdimuhamet Annaýewiň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşmagy aýratyn buýsançly ýagdaýdyr. Gahryman esgeriň durmuş ýoly Watanymyza, halkymyza gulluk etmegiň ajaýyp nusgasydyr. 1943-nji ýylda fronta meýletin gitmek bilen, ol 2-nji ukrain frontunyň 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunda gaýduwsyz söweşipdir. Agyr ýaralanandygy zerarly uruşdan gaýdyp gelenden soňra, mugallymçylyk bilen meşgullanypdyr. Türkmen halkynyň şöhratly oglunyň SSSR-iň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 1949-njy ýylyň 2-nji martyndaky Ukazy bilen, “Hormat nyşany” ordeni hem-de RF-niň Prezidenti Wladimir Putiniň 2018-nji ýylyň iýunynda gol çeken Permanyna laýyklykda, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda öz esgerlik borjuny ýerine ýetirmekde görkezen şahsy gaýduwsyzlygy, batyrlygy, edermenligi üçin Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy — “Edermenligi üçin” diýen medaly bilen sylaglanandygyny bellemek gerek.

2020-nji ýylda Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli Russiýadan Türkmenistana 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagy getirildi, bu baýdak astynda Berdimuhamet Annaýew batyrgaý söweşipdir. Esgerleriň gaýduwsyzlygynyň we deňsiz-taýsyz edermenliginiň aýdyň nyşanyna öwrülen bu gymmatlyk hem-de Berdimuhamet Annaýewe gowşurylan “Edermenligi üçin” diýen medal “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna hemişelik saklamak üçin berildi. Häzirki wagtda bu beýik ynsanyň hem-de halypa mugallymyň, frontçy esgeriň şöhratly durmuş we zähmet ýoly ýaş nesiller üçin watançylygyň, zähmetsöýerligiň, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň nusgasyna öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda Berdimuhamet Annaýewiň agtygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeler durmuşa geçirilýär.

...Ýeňiş güni parahatçylykly, abadan we bagtyýar durmuşy alamatlandyrýan iň gymmatly, mukaddes baýramlaryň biridir. Bu baýram tutuş adamzat üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Ençeme onýyllyklaryň geçendigine garamazdan, uruş ýyllarynyň agyr ýitgileri baradaky hasratly ýatlamalar dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň hem hakydasynda ýaşaýar. Ýeňişden soň geçen 79 ýylyň dowamynda şol ýyllaryň gahrymançylykly ýatlamalary biziň kalplarymyzda saklanýar.

Watanymyzy goran gahrymanlary hoşallyk duýgusy bilen ýatlamak, olaryň şan-şöhrata beslenen durmuş ýoluna hormat-sarpa bilen garamak halkymyzyň mukaddes ýörelgeleriniň biridir. Türkmenistanly esgerleriň görkezen gahrymançylygyna çuňňur sarpanyň nyşany hökmünde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda frontda wepat bolan esgerleriň atlaryny ebedileşdiren “Hatyra” kitaby hem-de ýeňiş bilen öýlerine gaýdyp gelen esgerleriň atlarynyň sanawy getirilen “Şöhrat” kitaby neşir edildi. Häzirki wagtda uly durmuş ýoluny geçen hem-de dünýä halklarynyň erkinligi, garaşsyzlygy ugrunda söweşen, tylda tutanýerli zähmet çekip, Ýeňşi ýakynlaşdyran ýaşuly nesillerimiz hormat-sarpa bilen gurşalýar. Ýöne gynansak-da, olaryň hatary ýyl-ýyldan azalýar...

Türkmenistanda uruş we zähmet weteranlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Her ýyl 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Beýik Ýeňiş güni mynasybetli uruş weteranlaryna, söweşde wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar. Olar üçin köp sanly durmuş ýeňillikleri göz öňünde tutulandyr. Frontçy esgerler, tylda zähmet çeken weteranlar gymmatly öwüt-ündewleri, parasatly maslahatlary bilen jemgyýetimiziň agzybirliginiň pugtalandyrylmagyna, ýaşlaryň watançylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenilmegine uly goşant goşýarlar. Ýaşuly nesiller ýaşlary ata Watana wepaly bolmaga, dost-doganlyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelere ygrarlylyga çagyrýarlar.

2010-njy ýylyň 9-njy maýynda Beýik Ýeňşiň 65 ýyllygy baýram edilende, Gyzyl meýdandan Russiýanyň Ýaragly Güýçleriniň esgerleri bilen bilelikde 1941 — 1945-nji ýyllarda egin-egne berip söweşen halklaryň wekilleri — harby gullukçylary hem geçdiler. Şonda şol ýörişe Türkmenistanyň Aýratyn hormat garawuly batalýonynyň esgerleri-de gatnaşdylar.

Harby ýöriş tamamlanandan soňra, asylly däbe görä, dabaralara gatnaşan döwlet Baştutanlary bilelikde Kreml diwarynyň ýanyndaky Aleksandrow bagyna barýarlar we Näbelli esgeriň guburyna gül desselerini goýýarlar.

Matam sazynyň astynda dostlukly ýurtlaryň Liderleri 2009-njy ýylyň noýabrynda söweşjeň şöhratyň umumymilli toplumy derejesi berlen topluma tarap ugraýarlar. Olaryň öňünden elleri gülli esgerler barýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti tutuş adamzadyň parahat durmuşy hem-de azatlygy ugrunda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda faşizme garşy söweşlerde wepat bolanlary hatyralap, Baky oda gyzyl gülleri goýýar. Ýadygärligiň öňünden Hormat garawulynyň esgerleri dabaraly ýöriş bilen geçýärler.

Bu baýram biziň hemmämiz üçin aýratyn gymmatlydyr. Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş gazanmak üçin ähli doganlyk halklar synmaz ruhy jebisligiň nusgasyny görkezdiler. Häzirki wagtda bu nurana baýramy bellemek bilen, biziň her birimiz Ýer ýüzünde parahatçylygyň hatyrasyna çäksiz gahrymançylyk we edermenlik görkezenleriň ählisine hoşallyk duýgusyny beýan edýäris. Milli gahrymanlarymyzyň edermenlikleri baradaky ýatlamalar biziň kalplarymyzda hemişelik ýaşar, doganlyk halklary has-da jebisleşdirer hem-de döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat eder.

Dabaraly çäreler tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Wnukowo — 2” Halkara howa menziline gelip, bu ýerden Aşgabada ugrady.

Birnäçe wagtdan soňra döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.

10.05.2024
Weteranlar — halkyň guwanjy

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Daşoguz welaýat, Boldumsaz etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri uruş weteranlarynyň öýlerine baryp, asyrlyk ýaşa gadam goýan ýaşulularyň toý şatlygyny goşalandyrdylar. Olara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan pul sylaglary hem-de gymmat bahaly baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Häzir welaýat boýunça bar bolan uruş weteranlarynyň ikisi hem Boldumsaz etrabynda ýaşaýar. Şatlykly pursatlara beslenen toý çäresi, ilki bilen, gubadagly uruş weterany Köşek Soltanmyradowyň döwletli ojagyndan başlandy. Onuň bag-bakja bürenen belent başly öýüniň iç-daşy toý görnüşleri bilen bezenip-beslendi. Bu ojakda dutar-gyjak çalyndy, halypa bagşylaryň hoş owazy belentden ýaňlandy. Köşek Soltanmyradow üçin şu günleriň üýtgeşik gadyr-gymmaty, göwnüni ýagtyldýan şatlygy bar. Ol gutlagly gelenleri mähir bilen garşy alyp, toý saçagynyň başynda oturtdy, hoşallyk sözlerini aýtdy. Ömürboýy sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarlylyk bilen eýerip gelýän weteran bu baýram gününde gujurlanyp, has daýanan ýaly boldy. Köşek aganyň uruşdan soňky ykbaly hukuk goraýjy edaralar bilen baglanyşykly. Ol bu gulluklaryň düzüminde 40 ýyla golaý wagt abraý bilen işledi. Geçen asyryň togsanynjy ýyllarynyň başynda ol hormatly dynç alşa çykdy. Weteranyň 5 ogly, 3 gyzy, 16 agtygy, 24 çowlugy bar.

Ajaýyp sylag-sowgatly, mähirli gutlaglardan doly şeýle duşuşygyň ýene biri Boldumsaz etrabynyň Çowdur geňeşliginde ýaşaýan Ýezek Orazowyň öýünde bolup geçdi. Weteranyň iki gyzy baýramçylyk mynasybetli ýörite gelen myhmanlary uly hormat bilen garşy aldy. Döwletli ojakda toý saçagy giňden ýazyldy. Ýezek aga 1942-nji ýylda urşa gidýär. Görkezen edermenligi üçin söweşjeň ordenleriň üçüsi bilen sylaglanýar. Ol 1947-nji ýylda dogduk obasyna dolanyp gelip, pagta arassalaýjy kärhanada zähmet çekýär. Ýezek aganyň gyzlary Maral bilen Gyzylgül kärende ýerlerinde gowaça ekip, ýylyň-ýylyna ýokary netijeleri gazanýarlar. Weteranyň 8 agtygy, 13 çowlugy bar. Edermenligiň görelde mekdebine öwrülen, uly hormat-sarpanyň eýesi bolan 100 ýaşly uruş weterany bu baýram güni şeýle mähirli gutlaglar üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uruş weteranlary aýratyn alada bilen gurşalyp alnyp, abadan durmuşda ýaşaýarlar. Olar üçin ähli durmuş ýeňillikleri üpjün edilýär. Uruş weteranlarynyň agzybir maşgala ojagynda taýýarlanan tagamlar toý saçaklaryna bezeg berdi. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda Ýeňiş baýramy, Watan gahrymanlarynyň merdi-merdanalygy, mähriban ýurdumyzyň asudalygy, abadançylygy uly buýsanç bilen wasp edildi. Döwletli ojaklary toý şatlygyna beslän aýdym-sazly dabaralar uruş weteranlarynyň goja göwnüni ganatlandyrdy.

Amanmyrat SAPAROW.

10.05.2024