Habarlar
Döwrebap özgertmeler — kämillige binýat

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda oba hojalyk toplumynyň maglumat binýadyny has-da berkitmek we ony döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça işler yzygiderli dowam etdirilýär.

Oba hojalyk toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň çäklerinde Döwlet ýer kadastry babatda işiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän «Döwlet ýer kadastry hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi işlenip taýýarlanyldy. Resminamanyň maksady ýurdumyzyň tebigy baýlygy bolan ýer serişdelerini rejeli peýdalanmakdan, ýerleriň toparlaryny, ýer eýelerini, ýerden peýdalanyjylary we ýer kärendeçilerini doly hem öz wagtynda hasaba almakdan, kadastr resminamalaryny döwrebaplaşdyrmakdan, Döwlet ýer kadastrynyň maglumatlar toplumynyň merkezleşdirilen ýeke-täk elektron maglumatlar binýadynyň döredilmegini ýola goýmakdan, şeýle hem bu işleri amala aşyrýan döwlet edaralarynyň işlerini hukuk-guramaçylyk taýdan düzgünleşdirmekden ybarat. Kanun 8 bapdan, 42 maddadan ybarat bolup, onda getirilýän kadalar we düzgünler häzirki zaman kanunçylyk namalaryna bildirilýän talaplara laýyklykda beýan edilýär.

Kanunda beýan edilen esasy düşünjelere döwlet hasaba alyjysy, tehniki ýalňyşlyk, tehniki däl häsiýetli ýalňyşlyk barada täze goşmaça düşündirişler girizildi. Onda Türkmenistanyň ähli ýer gaznasy Döwlet ýer kadastrynyň obýekti, ýerleriň eýeleriniň bolsa bu babatda subýektler bolýandygy beýan edilýär. Kanuna täze girizilen esasy kadalaryň birine görä, döwlet hasaba alyjylary Döwlet ýer kadastrynyň subýektleridirler. Olara ýerleriň hukuk eýelerine özleriniň wekilleriniň üsti bilen şu Kanun bilen düzgünleşdirilýän hukuk gatnaşyklaryna gatnaşmaga ygtyýar berilýär.

«Döwlet ýer kadastry hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde Döwlet ýer kadastryny alyp barmak üçin Döwlet ýer kadastr resminamalarynyň ýeke-täk ulgamynyň peýdalanylmagyny ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Munuň üçin Döwlet ýer kadastr resminamalaryny «esasy», «kömekçi» we «jemleýji» diýen toparlara bölmek bilen, olaryň düzümi, mazmuny we resminamalary ýöretmegiň tertibi ýörite ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan kesgitlenilýär.

Kanunda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, ýagny ygtyýarlandyrylan edaranyň ygtyýarlyklary hem-de ygtyýarlandyrylan edaranyň Ýer serişdeleri gullugynyň hem-de bu gullugyň welaýatlardaky we Aşgabat şäherindäki ýer serişdeleri müdirlikleriniň, olaryň bölümleriniň, ýagny ýerli edaralaryň ýerine ýetirmeli işleri aýdyňlaşdyrylýar.

Döwlet ýer kadastryny alyp barmak işi ýer bölegine bolan hukugyň döwlet tarapyndan bellige alnandygy baradaky maglumatlary, ýer bölekleriniň mukdar we hil häsiýetnamalaryny, topraklaryň bonitirowkasy baradaky maglumatlary, ýerlere ykdysady taýdan baha berilmegini hem-de Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen ýer serişdelerini rejeli peýdalanmak we goramak bilen baglanyşykly beýleki maglumatlary öz içine alýar. Onda göz öňünde tutulan esasy aýratynlyklaryň biri hem daýhan birleşiklerine we beýleki oba hojalyk kärhanalaryna kärendesine berlen suwarymly ýerleriň hem-de kärendä alnan öri meýdanlaryň döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişli däl hasaplanylmagydyr.

Kanuna laýyklykda, ýerleriň döwlet sanawy esasy kadastr resminamasy bolmak bilen, onuň düzümine resminamalary hasaba alyş kitabynyň, Döwlet ýer kadastr kitaplarynyň, ýuridik we fiziki şahslaryň Döwlet ýer kadastr resminamalaryndan maglumatyň berilmegi baradaky ýüz tutmalaryny hasaba alyş kitabynyň degişlidigi kesgitlenilýär. Şeýle hem Döwlet ýer kadastr kitabyna ýer böleginiň kadastr belgisiniň, ýerleriň hukuk eýeleriniň hem-de olar barada zerur bolan ähli esasy we goşmaça maglumatlaryň girizilýändigi bellenilýär.

«Döwlet ýer kadastry hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine laýyklykda, Döwlet ýer kadastr maglumatlar toplumynyň merkezleşdirilen ýeke-täk elektron (sanly) maglumatlar binýady döredilip, maglumatlary toplamak we bermek işini häzirki zaman sanly tehnologiýalar arkaly amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Elektron (sanly) we kagyz göterijilerde kadastr kartalary düzülýär. Kadastr kartalary kartografik maglumatda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň, etraplaryň, zolaklaryň, massiwleriň, kwartallaryň hem-de ýer bölekleriniň çäklerini olaryň degişli belgileri bilen görkezmek üçin döredilýär. Şeýle-de, Türkmenistanyň bütin çäginde ýeke-täk ýer bölekleriniň kadastr belgileriniň ulgamy kesgitlenilýär. Ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan aerokosmiki surata düşürmeler we ýörite programmalar arkaly belli bir ölçege getirilen elektron (sanly) kartalar, programmalar hem-de kartografik we beýleki resminamalar esasynda Türkmenistanyň çäginiň kadastr bölünişigi amala aşyrylýar. Kadastr belgisi Döwlet ýer kadastrynda kybaplaşdyryjy bolup hyzmat edýär. Esasan hem, elektron (sanly) kartalarda kadastr belgileri girizilende degişli belginiň berlen tarapy barada maglumatlary gysga wagtyň dowamynda tapmaga ýardam berýär. Şu maksat bilen, jemi 15 belgiden durýan kadastr belgisini bermek meýilleşdirilýär. Şolardan başdaky birinji belgi welaýatlary we Aşgabat şäherini, yzyndan gelýän iki belgi etraplarydyr şäherleri, ondan soňky gelýän iki belgi geňeşleri we obalary, ondan soňra gelýän dört belgi massiwleridir kwartallary, şolardan soňky gelýän alty belgi bolsa ýer böleklerini hem-de olaryň hukuk eýelerini aňladýar. Mundan başga-da, Kanunda ýer böleklerini döwlet tarapyndan hasaba almagyň, Döwlet ýer kadastrynda resminamalaryň ýöredilmegini we olaryň goralmagyny hem-de aýawly saklanylmagyny üpjün etmegiň, şeýle hem Döwlet ýer kadastr resminamalarynda saklanylýan maglumatlar toplumyny peýdalanmagyň hem-de olar baradaky maglumatlary bermegiň tertibi barada anyk kadalar beýan edilýär.

Islendik ugurda işiň kämil derejä ýetirilmegi üçin onuň kanunçylyk binýadyny berkitmek möhüm wezipe bolup durýar. Ähli ugurlar bilen bir hatarda oba hojalyk pudagynda hem kanunçylygy kämilleşdirmek we täzeçillikleri ornaşdyrmak boýunça uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!

Batyr ORAZMÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary.

25.12.2021
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 24-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, hasabat bermek üçin, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň Oba milli maksatnamasynyň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek, beýleki döwletlere iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen ýerinde tanyşmak, bazarlardaky we dükanlardaky harytlaryň nyrhlaryny görmek, oba ýerlerinde bar bolan soraglary öwrenmek boýunça beren tabşyrygyny ýerine ýetirmek üçin, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna iş saparlarynyň amala aşyrylandygyny, şolaryň dowamynda bazarlaryň, beýleki söwda nokatlarynyň işleri bilen tanşylandygy barada hasabat berdi.

Iş saparynyň dowamynda önümleriň bolçulygy, harytlaryň köpdürlüligi, bahalaryň elýeterliligi ýaly meseleler bilen bagly ýagdaýlar öwrenildi. Önüm öndürijiler, söwda ulgamynyň işgärleri, telekeçilerdir ýönekeý alyjylar we ýerli ilatyň wekilleri bilen duşuşylyp, söhbetdeş bolundy. Ýokarda agzalan maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi seljerilip, welaýat häkimliklerinde degişli maslahatlar geçirildi.

Hasabatyň çäklerinde milli Liderimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilýändigi, şu maksatlar üçin welaýatlaryň ählisinde hem önümleri gyş paslyna çenli saklamak babatda sowadyjylaryň we ýyladyşhanalaryň gurlandygy bellenildi. Telekeçileriň miwe, bakja önümlerini öndürmegi üçin müňlerçe gektar ýer bölünip berildi. Olara tohum, dökün, tehnika satyn almaklary üçin ýeňillikli karzlar berilýär. Häzirki döwürde bazarlarymyzda we beýleki söwda nokatlarynda bolanyňda, bu işleriň netijesi aýdyň duýulýar. Welaýatlaryň ählisiniň bazarlarynda önüm bolçulygynyň döredilendigini, halkymyza hödürlenýän harytlaryň köpdürlüdigini, bahalaryň hem elýeterlidigini görmek bolýar.

Wise-premýer bazarlarda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň däl-de, özümizde öndürilen önümleriň artykmaçlyk edýändigini aýratyn belledi. Ilatymyza häzirki döwürde türkmen telekeçileriniň öndüren towuk, goýun, sygyr etleri we et önümleri, balyk, tüwi, un, ýag, şeker önümleri, ýurdumyzda ýetişdirilen banan, mandarin, hurma, limon, apelsin ýaly sitrus miweleri bilen bilelikde, alma, armyt, şetdaly, garaly, üzüm ýaly miweler, gawun, garpyz, ýeralma ýaly ýokary hilli harytlar hödürlenýär.

Hasabatda nygtalyşy ýaly, welaýatlardaky söwda edaralarynda sanly ulgamyň mümkinçilikleri barha giňden ornaşdyrylýar. Ilata hödürlenýän nagt däl elektron hasaplaşyk şertleri, internet söwdanyň, elektron mahabatlaryň ýola goýluşy, alyjylara eltip bermek hyzmatlary we beýleki işler söwda medeniýetiniň kämilleşdirilýändigine şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzda azyk önümleriniň ähli görnüşlerini öndürmek üçin amatly tebigy we howa şertleri bar. Öndürilen önümleri gaýtadan işlemek, häzirki zaman önümçiligini ýola goýmak üçin täze tehnologiýalar, kämil enjamlar satyn alynýar. Bazar ykdysadyýetiniň şertleri ornaşdyrylýar. Bu giň gerimli işler özüniň oňyn netijesini hem berýär.

Wise-premýer hasabatyny dowam edip, Oba milli maksatnamasynyň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek, beýleki döwletlere iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişini çaltlandyrmak üçin birnäçe teklipleri beýan etdi.

Hususan-da, ilaty özümizde öndürilýän önümler bilen üpjün etmegi kämilleşdirmek, daşary ýurtlara eksporta iberilýän önümleriň möçberini artdyrmak, önüm bolçulygy, haryt köpdürlüligi, bahalaryň elýeterliligi ýaly meseleleri hemişelik gözegçilikde saklamak, önüm öndürijileri höweslendirmek, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini has giňden ornaşdyrmagyň hasabyna söwda hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, amatly bahalardan we tiz hyzmatlary ýola goýmak ýaly işleri geçirmek teklip edilýär.

Mundan başga-da, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyz boýunça edaralarda, kärhanalarda we guramalarda 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň zähmet haklaryny şu ýylyň 15-nji dekabryndan 25-nji dekabry aralygynda doly bermek baradaky tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, bu ugurda zerur işleriň geçirilendigini aýtdy.

Hususan-da, milli Liderimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edara-kärhanalarda şu ýylyň dekabr aýy üçin hasaplanan zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary doly tölenildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýerler E.Orazgeldiýewe we Ç.Gylyjowa ýüzlenip, wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň habar berşi ýaly, ýurdumyzyň bazarlarynda hem-de dükanlarynda azyk harytlarynyň dürli görnüşleriniň bolçulygynyň döredilendigini, emma muňa garamazdan, oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň döwlet strategiýasynyň üstünde işlemegi dowam etdirmegiň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz esasy oba hojalyk önümleriniň möçberleriniň, iri we ownuk şahly mallaryň, guşlaryň baş sanyny, et-süýt önümleriniň önümçiligini artdyrmagyň bu strategiýanyň baş ugurlarydygyny belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda öndürilýän azyk önümleriniň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň we görnüşleriniň köpeldilmeginiň zerurdygyny nygtady. Bu önümler bäsdeşlige ukyby boýunça dünýäde mynasyp orny eýeläp, olaryň içerki bazarda elýeterli bahalardan bolçulygy döredilmelidir hem-de daşary ýurt bazarlaryna-da eksport edilýän möçberleri artdyrylmalydyr.

Şu maksat bilen, ylmy seçgiçiligi we tohumçylygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly üns bermek, innowasion agrotehnologiýalary, ösümlikleriň kesellere durnukly hem-de ýokary hasylly görnüşlerini giňden ornaşdyrmak wajypdyr diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň oba hojalygynda geçirilýän özgertmeleri çaltlandyrmak üçin pudagyň bar bolan ylmy-tehniki mümkinçiligini, innowasiýalary we dünýä tejribesini giňden we netijeli peýdalanmagyň möhümdigini aýdyp, degişli ýolbaşçylara bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň agzalaryna ýüzlenip, Täze ýyl baýramy mynasybetli goşmaça durmuş çärelerini guramak boýunça anyk görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz bu çäreleriň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarda öz beýanyny tapan döwlet syýasaty bilen baglylykda amala aşyrylýandygyny nygtady.

Wise-premýer Ç.Gylyjowa ertirden başlap, geljek ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli bazarlarda we dükanlarda senagat hem-de azyk harytlarynyň baýramçylyk satuwyny guramak, adamlaryň dogan-garyndaşlary we ýakynlary üçin sowgatlary alar ýaly hem-de Täze ýyl baýramyny gowy geçirer ýaly, käbir harytlaryň bahasyny 50 göterime çenli arzanlatmak tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe 31-nji dekabrda we 1-nji ýanwarda raýatlarymyzyň şäher awtobuslarynda mugt gatnadylmagyny guramak tabşyryldy.

Wise-premýer M.Mämmedowa bolsa metbugatda we teleradioýaýlymlarda bu çäräni hem-de arzanladylan bahadan satylýan harytlary giňden mahabatlandyrmak barada görkezme berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa aýry-aýry edaralar boýunça zähmet haklarynyň tölenilmegine gözegçilik etmek tabşyryldy. Şeýle hem beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmegiň, öz önümlerimiziň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmagyň kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmek zerurdyr. Nyrhlary emele getirmek we bazarlarymyzy ýokary hilli ýerli önümler bilen bolelin üpjün etmek üçin öz wagtynda zerur çäreleri görmek wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de bu babatda wise-premýere tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilen işler, şeýle hem şu ýylyň 20 — 22-nji dekabry aralygynda Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi.

Täze guýulary gurmak hem-de ozal hereket edýänlerini abatlamak, uzak wagtyň dowamynda ulanylyp gelinýän känlerden alynýan önümleriň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berýän häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça işleriň geriminiň giňeldilendigi bellenildi. Şeýle hem nebitiň we gazyň baý gorlaryny özünde jemleýän meýdançalary ýüze çykarmak maksady bilen, gözleg-agtaryş işleri alnyp barylýar.

Wise-premýeriň hasabat berşi ýaly, hereket edýän guýulary abatlamak, täze guýulary burawlamak, önümli gatlaklaryň gorlaryny doly seljermek babatda degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň senagat we eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga, innowasion tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ulanmagyň esasynda pudagyň düzümini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen bu toplumyň ösüş maksatnamalaryny yzygiderli durmuşa geçirmegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagynda heniz ulanylmadyk köp sanly mümkinçiliklere wise-premýeriň ünsüni çekip, häzirki zaman halkara ölçeglerini giňden ornaşdyrmagyň hasabyna ýangyç-energetika toplumynyň dolandyryş ulgamyny düýpli özgertmegi tabşyrdy.

Umuman, bularyň ählisi pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, dünýäniň energetika bazarlarynda, şol sanda ýokary tehnologiýaly gazhimiýa önümçiliginde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam bermäge, energiýa serişdelerine artýan islegleri kanagatlandyrmaga gönükdirilendir.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew geljek ýylyň bol hasylynyň binýadyny goýýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem ýurdumyzyň azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyndaky ösümlik ýagyny öndürýän kärhanalaryň ýedisinde pagta çigidini gaýtadan işlemek arkaly arassalanan ýagy öndürmek üçin degişli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, ýerli kärhanalarda öndürilýän arassalanan pagta ýagy söwda nokatlarynyň üsti bilen ilata ýerlenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýokary hilli önümleriň köp görnüşlerini çykarýan, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän täze önümçilikleri döretmegiň hasabyna ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişini mundan beýläk-de berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtady.

Milli Liderimiz şu maksat bilen, hojalygy ýöretmegiň täze, netijeli usullaryny ulanmagyň, pudaklarda hususy ulgamyň paýyny yzygiderli giňeltmegiň, üstünlikli işleýän kärendeçileri goldamagyň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, öňdebaryjy tehnologiýalary we ylmyň gazananlaryny iş tejribesine ornaşdyrmak, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, suw serişdelerini rejeli ulanmak bilen baglanyşykly birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmek, hususan-da, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleriň önümçiligini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň ýakyndan goldaw bermegi netijesinde ýokary öndürijilikli enjamlar bilen üpjün edilýän täze himiýa zawodlary gurulýar, dürli himiýa önümleriniň önümçiligi ýola goýulýar, täze iş orunlarynyň müňlerçesi döredilýär.

Himiýa toplumyny kämilleşdirmekde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna möhüm orun degişlidir. Olar bilen bilelikde himiýa önümlerini çykarýan kiçi we orta önümçilikleri döretmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Balkanabat” ýod zawodynda kaustik sodanyň, hloryň we hlor önümleriniň önümçiligini ýola goýmak göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna — hususy kärhanalara “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen bilelikde “Balkanhimsenagat” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek teklip edilýär. Şol ýerde “Balkanabat” ýod zawodynyň önümhanalarynyň durky täzelenenden soň, senagatda we lukmançylykda uly isleg bildirilýän himiýa önümleriniň öndürilişi ýola goýlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýerli tebigy-çig mal serişdeleriniň esasynda eksport ugurly önümleriň önümçiligi boýunça täze kuwwatlyklary döretmegiň hem-de öňden barlaryny döwrebaplaşdyrmagyň we bu işe milli ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň wekillerini işjeň çekmegiň örän wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere içerki we daşarky bazarlarda islegleriň durnukly artýandygyny nazara almak bilen, ýurdumyzda ýokary hilli himiýa önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmagyň mümkinçiliklerini içgin seljermegi tabşyrdy.

Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda» Permanyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz «Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda» Permana gol çekip, resminamany wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow 2022-nji ýylda ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçirilmegi meýilleşdirilýän sergileriň hem-de maslahatlaryň sanawynyň taslamasy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleri bilen halkara jemgyýetçiligi giňden tanyşdyrmak, daşary ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, milli ykdysadyýetimize maýa goýumlary çekmek, ýokary tehnologiýalary, innowasiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, dürli sergiler we maslahatlar guralýar.

Şunuň bilen baglylykda, Söwda-senagat edarasynyň degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde, 2022-nji ýylda geçirilmegi teklip edilýän sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawynyň taslamasyny taýýarlandygy habar berildi. Şol taslama milli Liderimiziň garamagyna hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeleriň geçirilýändigini, giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny, uly üstünlikleriň gazanylýandygyny nygtady.

Häzir Türkmenistan iri taslamalary hem-de oňyn başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirýän, ýokary tehnologiýalara we innowasiýalara daýanýan, depginli ösýän döwlet hökmünde dünýäde giň meşhurlyga eýe boldy diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň önümleriniň has işjeň öňe ilerledilmegi üçin degişli mahabatyň zerurdygyny aýdyp, meýilleşdirilen ähli çäreleri geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini, özara bähbitli gatnaşyklardan ugur alynmalydygyny tabşyrdy. Şol çäreleriň her biri ähmiýetli, manyly bolmalydyr, Türkmenistanyň umumadamzat ynsanperwer maksatlaryna esaslanan, ösüşlere beslenen syýasatynyň mazmunyny beýan etmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek medeni çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Täze ýyl baýramy hem-de 2022-nji ýylda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli dabaraly maslahatlary, «tegelek stol» maslahatlaryny, döredijilik duşuşyklaryny we sergileri, onlaýn maslahatlary, aýdym-sazly dabaralary, wagyz-nesihat çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar.

1-nji ýanwarda ýurdumyzyň welaýatlarynyň Baş baýdak meýdançalarynda Täze ýyl baýramy mynasybetli Döwlet baýdagyny galdyrmak dabaralaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem aýyň ilkinji on gününde «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň, Döwlet sirkiniň, welaýatlardaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňündäki meýdançalarda Täze ýyl baýramçylyk çäreleri geçiriler. 7-nji ýanwarda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde zehinli çagalara Gulbaba adyndaky çagalar baýragyny gowşurmak dabarasy bolar. Watan goragçylarynyň güni «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda dabaraly çäre hem-de Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde dabaraly konsert bilen belleniler.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäreleriň türkmen halkynyň milli sungatyny, baý mirasyny hemmetaraplaýyn açyp görkezmelidigini nygtap, wise-premýere Täze ýyl dabaralaryny degişli derejede guramak we olary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz geljek ýyl medeniýet ulgamynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky möhüm wezipelere ünsi çekip, çäreleriň degişli meýilnamasy babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň hem-de Türkmenistanyň daşary ýurtlarda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň şu hepdede geçirilen duşuşygynda hormatly Prezidentimiziň saglygy goraýyş meseleleri boýunça dürli halkara maslahatlarda öňe süren başlangyçlarynyň we teklipleriniň wajyp ähmiýete eýedigi aýratyn bellenildi.

Bu ugurda Türkmenistan BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we beýleki halkara guramalar hem-de dünýäniň gyzyklanma bildirýän ýurtlary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyz ählumumy COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek, onuň durmuş-ykdysady we ynsanperwer täsirlerini azaltmak üçin bilelikde tagallalary edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň öňünde durýan wezipeleriň, ilkinji nobatda bolsa, dürli keselleriň öňüni almak, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak boýunça wezipeleriň wajypdygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz dünýäniň saglygy goraýyş ulgamy, ilkinji nobatda, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ugry boýunça ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň hem-de türkmen diplomatlarynyň goldaw bermeginde beýleki döwletleriň tejribesini we olaryň ýokançlara garşy göreşmek boýunça alyp barýan işlerini öwrenmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň ählumumy saglygy goraýyş ulgamynda umumy wehimlere garşy göreşmekde utgaşykly, özara ylalaşykly çözgütleri işläp taýýarlamak boýunça işjeň hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklara çalyşýandygyny tassyklap, ýurdumyzyň öňe sürýän, ileri tutulýan ugurlaryň birnäçesi boýunça özara hyzmatdaşlyklary ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlaryny ilerletmegiň wajypdygyny nygtady.

Şolaryň hatarynda ýokançlaryň tebigatyny we häsiýetini öwrenmek üçin genom lukmançylygy ulgamynda hyzmatdaşlyk, lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek, Merkezi Aziýada Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa sebit merkezini döretmek hem-de Türkmenistanyň oňyn tejribesini dünýäniň lukmançylyk tejribesine ornaşdyrmak bilen baglanyşykly başlangyçlar bar. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça zerur tagallalary etmek barada wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabat bilen çykyş etdi.

Halkara maglumat giňişliginde ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini giňden beýan etmek maksady bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmegiň hem-de esasy halkara habarlar agentlikleri bilen hyzmatdaşlyk etmegiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi bellenildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen maglumat hyzmatdaşlygyny ýola goýmak we ösdürmek üçin dürli ýurtlaryň daşary syýasy edaralary we habar beriş ulgamynda işleýän ýöriteleşdirilen düzümleri bilen degişli işler geçirilýär.

Bu işleriň netijesinde media ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça degişli teklipler taýýarlanyldy. Hususan-da, ýurdumyzda syýasy, söwda-ykdysady, durmuş, medeni we beýleki ugurlarda öňe sürülýän halkara ähmiýetli başlangyçlary dünýä bileleşigine öz wagtynda, yzygiderli we guramaçylykly ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň düzüminde Halkara habarlar merkezini döretmek teklip edilýär.

Halkara habarlar merkeziniň işini üç esasy wezipäni, ýagny Türkmenistan barada maglumatlary döwrebap media tehnologiýalarynyň üsti bilen yzygiderli esasda dünýä jemgyýetçiligine dessin ýaýratmakda, dünýäde bolup geçýän halkara ähmiýetli möhüm syýasy, ykdysady we durmuş wakalary barada anyk maglumatlary ýurdumyzyň habar beriş ulgamynda beýan etmäge hem-de halkara derejede işleýän habar beriş agentlikleri bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak, saklamak we ösdürmek wezipelerini amala aşyrmaga gönükdirmek göz öňünde tutulýar.

Wise-premýer, daşary işler ministri ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn üns bermek bilen, ýakyn goňşy we iri sebit döwletleri bilen habarçylary alyşmak hem agentlikleriň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak boýunça işiň dowam etdirilýändigini belledi.

2022-nji ýylda ýurdumyzda daşary döwletleriň birnäçe iri halkara habar beriş edaralarynyň wekilhanalaryny açmak barada teklipler taýýarlanyldy.

Türkmenistanyň halkara maglumat hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin dünýä derejesinde hereket edýän kadalara we düzgünlere laýyklykda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek zerur bolup durýar. Bu babatda BMG-niň Baş sekretarynyň Ählumumy aragatnaşyk boýunça edarasy bilen oňyn hyzmatdaşlyk saklanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işleriň hem-de esasy halkara täzelikler agentlikleri bilen özara gyzyklanma bildirilýän has ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň örän wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan hödürlenen teklipleri makullap, guramaçylyk meselelerini içgin öwrenmegi hem-de milli kanunçylyga we umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda, zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda ylmy işgärleri taýýarlamak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda ylmy işgärleri taýýarlamak boýunça anyk işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, ylmy-barlag işleri geçirilýär, düzümiň garamagyndaky ýokary okuw mekdeplerinde ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça toplumlaýyn işler talabalaýyk guralýar, milli we dünýäniň öňdebaryjy tejribesi öwrenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu işde esasy wezipäniň okatmagyň hem-de harby-watançylyk terbiýesiniň bitewi ulgamyny işläp taýýarlamakdan we durmuşa geçirmekden ybaratdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň döwrebap tehnikalar bilen üpjünçiliginiň ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyny talap edýändigini nygtap, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň daşary ýurtlarda wekilhanalaryny açmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň halkara ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini netijeli ulanmaga, ýurdumyzyň ulag toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, üstaşyr ýükleriň möçberini artdyrmaga gönükdirilen taýsyz tagallalary netijesinde dünýä we sebit ähmiýetli birnäçe iri taslamalar durmuşa geçirilýär.

2018-nji ýylda «Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň döredilmegi bilen, ulaglaryň ähli görnüşleri arkaly halkara gatnawlarda ýükleri we poçtany daşamak işleri artdyryldy.

Dünýäniň iri logistiki kompaniýalarynyň dürli ýurtlarda öz wekilhanalaryny we şahamçalaryny döretmekde uly tejribesiniň bardygy, munuň bolsa halkara gatnawlarda ýük dolanyşygyny artdyrmaga, daşary ýurtlarda özara hyzmatdaşlygy utgaşdyrmaga we bazarlary öwrenmäge ýardam edýändigi hem-de bu ugurda degişli teklipleriň taýýarlanylandygy habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag we logistika ýaly geljegi uly ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň dünýä ykdysadyýetiniň ýaýbaňlandyrylan hem-de netijeli halkara ulag düzümini talap edýän ählumumylaşmak şertlerinde ýakynlaşmagyň aýrylmaz şerti hökmünde çykyş edýändigini nygtady. Türkmenistan bu ugurda özara hereket etmek meselelerinde işjeň orny eýeläp, iri düzümleýin taslamalary öňe sürýär hem-de şolary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde durmuşa geçirýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz ulag ulgamynda ösüşiň häzirki tapgyrynda binýatlaýyn özgertmeleriň geçirilýändigini, hukuk esasynyň döredilýändigini, döwlet dolandyryşynyň hem-de hojalyk işiniň wezipeleriniň bölünendigini nygtap, daşary ýurtlarda wekilhanalary açmak baradaky teklibi makullady we agentligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryň biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň baş şygarydygyny hem-de şol şygaryň astynda “Öňe, diňe öňe!” diýen çagyryşyň belent ýaňlanýandygyny nygtady we mejlise gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

25.12.2021
Hyzmatlar kämilleşdirilýär

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy, olaryň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamaklary hemişe üns merkezinde bolup, bu babatda bahasyna ýetip bolmajak tutumly işler edildi. Milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmäge maliýe we bank ulgamyny kämilleşdirmäge, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen düýpli özgertmeler bolsa ähli ösüşleriň esasy bolup durýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzda bank işini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny halkara ölçeglerine laýyk getirmek boýunça toplumlaýyn işler dowam etdirilýär. Döwrüň talabyna laýyklykda bank hyzmatlary hem ösýär. Hasaplaşyklaryň tizligini, serişdeleriň dolanyşygyny çaltlandyrmak maksady bilen, bank ulgamynda elektron tölegler ulgamynyň gerimi barha giňelýär. Ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak ugrunda hem netijeli işler alnyp barylýar. Bank ulgamynyň işgärleriniň hünär derejeleri yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Ýurdumyzda dünýä tejribesiniň gazananlaryny nazara almak bilen bank kartlary giňden ornaşdyrylýar. Bank kartlary töleg ulgamynda ulanylýan şahsy töleg guraly bolup, ol harytlaryň ýa-da hyzmatlaryň bahasyny nagt däl görnüşinde tölemäge, bankomatlardan nagt pul almaga, şeýle hem nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmäge ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylmagy, hususan-da, milli ykdysadyýetiň pudaklaryna täze tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy ýurduň maliýe we maýa goýum binýadyny berkitmäge uly mümkinçilik berýär. Şeýle tagallalar bank ulgamynyň ygtybarlylygyny has-da ýokarlandyrýar. Sanly maliýe tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy töwekgelçilikleri aradan aýyrmagyň we maýalary dolandyrmagyň netijeli ulgamyny ýokarlandyrmagyň, korporatiw dolandyrmak ulgamyny ösdürmegiň hem-de işewürlik ýagdaýlaryny kämilleşdirmegiň, bankyň girdejisini we düşewüntliligini artdyrmagyň esasynda durnukly ösüşi üpjün etmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.

Hasaplaşygyň nagt däl görnüşiniň ösmeginde bank kartlarynyň ähmiýeti örän uludyr. Ýurdumyzda müşderilere hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň arasynda milli «Altyn Asyr» bank kartyndan başga-da häzirki wagtda özüniň amatlylygy we bähbitliligi bilen ildeşlerimiziň arasynda gysga wagtda uly meşhurlyga eýe bolan «Maşgala» we «Goýum» bank kartlarynyň üsti bilen islendik bankomatlarda ýa-da töleg terminallarynda nagt däl hasaplaşyklary geçirmek mümkinçilikleri döredilendir. Müşderilere ýokary hilli bank amallary we hyzmatlary hödürlenilýär. Muňa mysal hökmünde «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlaryny görkezmek bolar. Netijede ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň we töleg ulgamynyň kämilleşdirilmegi, häzirkizaman maliýe gatnaşyklarynda döwrebap tehnologiýalaryň giňden peýdalanylmagy halkara bank ulgamynda sazlaşykly gatnaşyklara giň ýol açýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça yzygiderli durmuşa geçirilýän özgertmeler ykdysadyýetmiziň ähli pudaklaryna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Olar banklaryň we müşderileriň özara gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge, hyzmatlaryň hilini we tizligini ýokarlandyrmaga, müşderileriň wagtyny tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

Zybagül ŞIROWA,

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň welaýat şahamçasynyň baş hünärmeni.

25.12.2021
Halal zähmetiň belent sarpasy

Hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda ildeşlerimiziň birnäçesi döwletimiziň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmekde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda çeken halal we yhlasly zähmeti üçin «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy. Olaryň arasynda biziň ildeşlerimiz hem bar. Olar öz ýürek buýsançlaryny biziň bilen paýlaşýarlar.

Şöwket  KERIMBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Lebap welaýaty boýunça bölüminiň müdiri:

— Bu sylag bizi ýene-de has yhlasly we ýokary öndürijilikli işlemäge ruhlandyrdy. Täze ýyl baýramynyň şatlygyna şatlyk goşdy. Baýramçylyk saçagynda naz-nygmatlaryň bolelin bolmagyna hususyýetçilerimiz uly goşant goşýarlar. Telekeçilik ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Biziň welaýatymyzda hem hususy eýeçiligi ösdürmek babatynda giň göwrümli işler ýola goýuldy. Ilki bilen ykdysadyýetiň hususy böleginde, sözüň doly manysynda, senagatçylar gatlagyny döretmek, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan senagat, oba hojalyk, gurluşyk kärhanalaryny döretmek işleri üstünlikli ýaýbaňlandyryldy. Hususy eýeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň hukuk binýady we hojalyk ulgamy döredildi. Hususy eýeçiligi ýeňillikli karzlaşdyrmak işiniň ýola goýulmagy ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň ösüşlerine getirdi. Iň esasy hem döwletimiz bilen hususyýetçiligiň arasyndaky hyzmatdaşlyk talaba laýyk guralýar.

Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, telekeçiligiň ösmegi, bazar gatnaşyklarynyň çuňlaşmagy önüm öndürijileriň arasyndaky bäsleşigiň ýokarlanmagyna getirdi. Biz ýene-de yhlasly zähmetimiz bilen öndürilýän önümleriň diňe bir mukdarynyň artman, eýsem, hiliniň hem gowulanmagyna goşandymyzy goşarys.

Alym  JORAÝEW,
«Her gün» haryt nyşanly önümçiligiň ýolbaşçysy:

— Biziň önümçiligimiz Saýat etrabynyň «Awçy» daýhan birleşiginde ýerleşýär. Hususy kärhanamyz 2016-njy ýylyň iýunyndan bäri önüm öndürýär. Meniň özüm Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy hem bolup durýaryn. Döwrebap tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň hasabyna her gün sygyr süýdüniň 2,5 tonnasy gaýtadan işlenilip, süýt, gatyk, gaýmak, dorog, peýnir önümlerini taýýarlap, ilata ýetirýäris. Kärhanamyzda Türkiýäniň we Niderlandiýanyň döwrebap tehnikalary ulanylyp, süýt önümlerinden başga-da, gowrulan ýeralmanyň bäş görnüşi, tagamly guradylan çörek bölejikleriniň alty görnüşi öndürilýär. Bu önümleri ýörite gaplarda ilata hödürleýäris. Önümleriň arzan we elýeterli bolmagy, tagamynyň daşary ýurtlaryň önümlerinden kem bolmazlygy ugrunda aladalanýarys.

Döwlet tarapyndan hususy kärhanamyzyň işine ýokary baha berilýär. Milli ykdysadyýetiň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandymyz üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan Hormat hatlary berildi, birnäçe gezek hoşallyklar bildirildi. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanmagymy hususy kärhanamyzyň işine berlen ýokary baha diýip hasaplaýaryn. Munuň üçin hormatly Prezidentimize sagbolsun aýdýaryn.

Eziz DOWRANOW,
«Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň esaslandyryjysy:

— Täze ýylyň öňüsyrasynda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanmagym baýramçylyk şatlygymy goşalandyrdy. Häzirki wagtda oba hojalygynda hem hususyýetçiligiň paýy ep-esli ýokarlandy. «Ýigit» hojalyk jemgyýetini döretmegimiziň esasynda ýerden bol önüm almak arzuwlarymyz durýar. Bu arzuwymyzyň şu günlerde üstünlikli amala aşýandygyna begenýäris. Häzirki wagtda tutuş ýurdumyzyň çäginde önümlerimiz bilen tanalýarys. Ýaşaýşymyzyň özeni bolan azyk bolçulygyny döretmäge işjeň gatnaşýarys. Hojalyk jemgyýetimiziň ýyladyşhanalarynda we ekerançylyk ýerlerinde ilat üçin zerur bolan gök we bakja önümlerini, dürli miweleri ýetişdirýäris. Bu bolsa bazarlarymyzdaky önümleriň bolçulygyny döretmäge uly goşant bolýar. Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk önümlerini öndürýänler üçin örän amatly şertleri döredip berýär. Bu bolsa bizi has-da ýokary öndürijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Biz hormatly Prezidentimiziň bize bildirýän ynamyny ödemek üçin gujur-gaýratymyzy aýamarys.

25.12.2021
Telekeçiler işjeňlik görkezýärler

Ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryna geçmekde düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, ykdysadyýetde döwlete dahylsyz pudagyň paýy barha artýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» eziz Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň anyk ugurlaryny durmuşa geçirmekde ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna degişli köp sanly kiçi we iri senagat kärhanalary döredilýär.

Welaýatymyzda hem Türkmenbaşy etrabynda gurluşyk pudagyna degişli dürli önümleri öndürýän «Ak-Gaýa» hojalyk jemgyýetini, Balkanabat şäherindäki «Giň dere», «Zürýada hyzmat» hususy kärhanalaryny şolaryň hatarynda görkezmek bolar. «Parfiýa gurluşyk» hususy kärhanasynyň önümleri hem sarp edijileriň artýan isleglerinden peýdalanýar. «Demir ölçeg» hususy kärhanasy tarapyndan elek- trik enjamlaryny ýokary woltlarda synamak, ölçemek, elektrik enjamlaryny, elektrik howa geçiriji ulgamlary gurnamak hem-de sazlamak, elektrik geçiriji ulgamlar üçin demir gurluşlary öndürmek, yşyklandyryş üçin sütünleri, elektrik enjamlaryny abatlamak işleri üstünlikli alnyp barylýar.

Türkmenbaşy etrabyndaky «Senagat plastik» hojalyk jemgyýeti tarapyndan öndürilýän dürli ölçegdäki ýükasty tekjeler halk hojalyk ýüklerini ýükläp-düşürmekde, ammarlara ýerleşdirmekde hem-de uzak wagtlap saklamakda wajyp ähmiýete eýedir. «Läle plastik» hususy kärhanasy hem ýerli çig maldan gündelik durmuşda giňden peýdalanylýan polietilen torbalaryň, şeýle-de plýonkalaryň önümçiligini üstünlikli alyp barýar.

Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzy gök, bakja önümleri we miweler bilen üpjün etmek barada öňde goýýan wezipesini ýerine ýetirmäge telekeçiler mynasyp goşant goşýarlar. Welaýatymyzyň ýyladyşhanalarynda ýetişdirilýän ýokary hilli önümler terligi bilen alyjylara ýetirilýär.

Hususy işewürler bazar gatnaşyklaryny giňeldip, hususy pudagyň ornuny has-da berkitmek, täze önümçilikleri döretmek, ylmyň täze gazananlaryna, öňdebaryjy tejribelere daýanýan ykdysadyýeti kemala getirmek babatda döwlet derejesinde edýän aladalary üçin hormatly Prezidentimize ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýdýarlar. Olar ýetip

gelýän täze ýyly toý sowgatly garşylap, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny guwandyryjy zähmet görkezijilerine beslemek ugrunda uly tagallalary edýärler.

Toýmämmet HAJYÝEW,

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy.

25.12.2021
Rowaçlyga beslenýän tutumlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan şanly wakalaryň şaýady bolýarys. Bu wakalar durmuşymyzy täze mazmun bilen baýlaşdyryp, nurana geljegimize öz şuglasyny saçýar. Gün-günden gözelleşýän eziz Diýarymyzda beýik işleriň amala aşyrylmagy döwletimiziň at-abraýyny, şan-şöhratyny artdyrýar. 

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli hem ynsanperwer syýasaty netijesinde eziz Diýarymyzy ösüşiň has belent derejelerine götermek boýunça asylly başlangyçlar, halk bähbidine gönükdirilen iri möçberli taslamalar, maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi geljekki ösüşlerimiziň berk binýady bolup hyzmat edýär hem-de nurana ertirlerimiziň kepiline öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň sözleri bilen aýtsak, «Garaşsyz, Bitarap Watanymyz gün-günden rowaçlanyp, ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly barýar».

Häzirki döwürde ýurdumyzda raýatlary durmuş taýdan ygtybarly goramak boýunça tutumly işleriň geçirilýändigini bellemek gerek. Şunuň bilen birlikde, döwletimiziň ösüşleriniň esaslaryny üpjün edýän kanunçylyk-hukuk ulgamy hem kämilleşýär. Raýatlaryň azatlyklaryny, hukuklaryny we bähbitlerini goramak şol işleriň düýp özenini düzýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlaryny ösdürmek babatda badalga berlen özgertmeler hem oňyn netijelerini berýär.

Sanly ulgamy ösdürmek döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur bolup durýar. Ylmyň soňky gazananlaryna esaslanýan, halkara standartlara laýyk gelýän täze, döwrebap innowasion tehnologiýalar we maglumat-aragatnaşyk enjamlary önümçilik, hyzmat ediş we beýleki ulgamlara, pudaklara giňden ornaşdyrylýar. Sanly ulgamyň tizlik, ýokary hil we amatlylyk babatda has netijeli ähmiýete eýe bolan mümkinçilikleri durmuşymyzda öz mynasyp ornuny tapýar.

Halkymyza baky bagtyýarlyk döwrüni peşgeş beren, eziz Diýarymyzy gülledip ösdürmekde, ony ähli babatda dünýä nusgalyk ýurda öwürmekde ýadawsyz aladalary edýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak, beýik işleri rowaç bolsun!

Gurbandurdy GARLYÝEW,

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Balkan welaýat müdirliginiň Türkmenbaşy etrap bölüminiň bellige alyjysy.

25.12.2021
Türkmenistanyň Kanuny

«Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda

I. 2004-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan kabul edilen «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna (2005-nji ýylyň 25-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi namalarynyň ýygyndysy, 2005 ý., HM-80; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2005 ý., № 4, 37-nji madda; 2006 ý., № 3, 12-nji madda; 2007 ý., № 1, 20-nji we 24-nji maddalar, № 2, 48-nji madda, № 4, 68-nji we 74-nji maddalar; Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi namalarynyň ýygyndysy, 2008 ý., HM-96; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 1, 7-nji madda, № 3, 41-nji madda; 2009 ý., № 2, 41-nji madda, № 3, 45-nji madda; 2010 ý., № 1, 19-njy madda, № 2, 34-nji madda, № 3, 64-nji madda; 2011 ý., № 1, 5-nji we 24-nji maddalar, № 2, 45-nji madda, № 3, 59-njy madda; 2012 ý., № 1, 48-nji madda, № 3, 68-nji madda; 2013 ý., № 1, 7-nji madda, № 2, 26-njy madda; 2014 ý., № 1, 24-nji we 49-njy maddalar, № 3, 112-nji madda, № 4, 149-njy madda; 2015 ý., № 2, 48-nji we 71-nji maddalar, № 3, 111-nji madda, № 4, 146-njy madda; 2016 ý., № 1, 52-nji madda, № 3, 118-nji madda, № 4, 144-nji we 165-nji maddalar; 2017 ý., № 2, 77-nji madda, № 3, 111-nji madda, № 4, 135-nji we 147-nji maddalar; 2018 ý., № 2, 42-nji madda, № 4, 95-nji we 107-nji maddalar; 2019 ý., № 2, 34-nji madda, № 4, 94-nji madda; 2020 ý., № 3, 45-nji madda, № 4, 84-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 49-njy we 51-nji maddalar, № 4, 136-njy madda) şu üýtgetmeleri girizmeli:

119-njy maddadaky tablisanyň «Goşmaça tölegleriň möçberleri» diýen sütüninde:

«Öndürilýän harytlar boýunça» diýen bölümde:

«Piwo» böleginde «24%-i» diýen sany «26%-i» diýen sana çalşyrmaly;

«Tebigy üzüm çakyry, güýçli spirtli içgiler, likýorlar we düzüminde alkogol bolan gaýry alkogolly içgiler (üzüm löderesinden başga), şeýle hem düzüminde alkogol bolan çakyr serişdeleri» böleginde «31%-i», «48%-i» we «61%-i» diýen sanlary degişlilikde «34%-i», «53%-i» we «67%-i» diýen sanlara çalşyrmaly;

«Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän harytlar boýunça» diýen bölümde:

«Piwo» böleginde «73%-i» we «7» diýen sanlary degişlilikde «80%-i» we «8» diýen sanlara çalşyrmaly;

«Düzüminde aşakdaky möçberde alkogol bolan üzüm çakyrlary we alkogolly içgiler» böleginde «133%-i», «31» we «48» diýen sanlary degişlilikde «146%-i», «34» we «53» diýen sanlara çalşyrmaly;

«Spirtli içgiler taýýarlanylanda ulanylýan spirt (saglygy goraýyş maksady bilen getirilýänlerinden, şeýle hem döwlet kärhanalary, alyjylar birleşmeleriniň kärhanalary tarapyndan getirilýänlerinden beýlekileri)» böleginde «6» diýen sany «7» diýen sana çalşyrmaly;

172-nji maddanyň birinji böleginde:

ikinji tesimde «şeýle hem» diýen sözlerden soň «aragatnaşyk hyzmatlaryny (hemra arkaly aragatnaşyk hyzmatlary muňa degişli däldir), standartlaşdyrmak, metrologiýa, sertifikatlaşdyrmak çygryndaky hyzmatlary hem-de» diýen sözleri goşmaly;

üçünji tesimde «üçin» diýen sözden soň «, şeýle hem aragatnaşyk hyzmatlaryny (hemra arkaly aragatnaşyk hyzmatlary muňa degişli däldir), standartlaşdyrmak, metrologiýa, sertifikatlaşdyrmak çygryndaky hyzmatlary amala aşyrýan taraplar üçin – bu işden alynýan peýda we oňa degişli ýerlemekden daşarky amallar böleginde» diýen sözleri goşmaly.

II. Şu Kanun «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 3-nji maddasynyň ikinji böleginde bellenilen möhletlerde herekete girizilýär.


Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.


Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 18-nji dekabry.

24.12.2021
Döwrebap ösüş

Sanly dolandyryş ulgamyna geçmek dünýä ýurtlarynyň ykdysadyýetinde bolşy ýaly, ýurdumyzyň ykdysady ösüşleriniň hem aýrylmaz bölegine öwrülýär. Hormatly Prezidentimiz 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasyny we ony ýerine ýetirmegiň Meýilnamasyny tassyklady. Şol esasda ýurdumyzda sanly ulgama tapgyrlaýyn geçmek işleri ýokary derejede alnyp barylýar.

Mälim bolşy ýaly, XX asyr dünýä ykdysadyýetine awtomatiki dolandyryş ulgamyny bagyş etdi. Munuň özi ençeme adamyň gol güýjüni we wagty talap edýän işleriň indi gysga wagtda awtomatik usulda amala aşyrylmagyna şert döretdi. Şondan soňky XXI asyryň başyndan has ýaýbaňlanyp başlan sanly dolandyryş ulgamy diňe bir işleriň tizleşdirilen görnüşde ýerine ýetirilmegi bilen çäklenmän, eýsem işleriň barşyny gözegçilik etmäge mümkinçilik berdi.

Ykdysadyýetde sanly dolandyryş ulgamyna geçmek ýörite bilimli, tejribeli ýaş hünärmenler bilen üpjünçilik meselesiniň çözülmegi bilen bir wagtda alnyp barylýar. Şu günki ýaş hünärmenler, talyp ýaşlar gönüden-göni bilim alýan hünärleri bilen ugurdaş sanly tehnologiýalara erk etmek, bu ugurda dürli oýlap tapyşlary geçirmek bilen hem meşgullanýarlar. Paýtagtymyz Aşgabat şäherini gurmagyň 16-njy tapgyrynda bina edilen ýaşaýyş jaýlarynda talyp ýaşlarymyzyň oýlap tapyşlary esasynda «akylly öý» hyzmatlarynyň ornaşdyrylmagy aýdylanlaryň aýdyň mysalydyr.

Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy dürli pudaklar boýunça ykdysady amallaryň tizleşmegini, özara maglumatlary alyşmagyň takyklygyny, tizligini we ygtybarlylygyny kepillendirýär. Sanly dolandyryş ulgamy edaranyň ýerine ýetirýän ykdysady amallaryny beýleki edaralar bilen şonuň ýaly tizlikde özara alşyp bilmegini üpjün edýär. Munuň özi döwlet we hususy eýeçilik ulgamyna degişli edara-kärhanalaryň özara işini guramaga ýardam edýär. Ýerine ýetirilen iş we hyzmat görnüşleri üçin tölegleriň we hasaplaşyklaryň öz wagtynda ýokary hilli amala aşyrylmagyna mümkinçilik berýär.

Biz ýurdumyzda ykdysady ösüşlere giň ýol açýan, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza uzak ömür, jan saglyk arzuw edýäris

Merjen ŞAMSIÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

24.12.2021
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Ekologiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk ählumumy möhüm wezipedir

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda şu ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň barşynda häzirki wagtda ählumumy gün tertibinde durýan howanyň üýtgemegi, ekologiýa, daşky gurşawy goramak ýaly möhüm meselä aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, hususan-da, ekologiýa taýdan arassa energiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki hereketler ylalaşyldy. Soňky döwürde bu babatda kabul edilen halkara resminamalar bar bolan gurallary pugtalandyrmaga ýardam eder.

YHG agza ýurtlaryň döwlet hem-de hökümet Baştutanlary kabul edilen Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygynyň 14-nji bölümine laýyklykda, daşky gurşaw hem-de howanyň üýtgemegi, howplaryň döremeginiň töwekgelçiliklerini azaltmak ugrunda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, agza döwletleriň bu ulgamdaky sebit hyzmatdaşlygynyň netijeli anyk gurallaryny döretmäge gönükdirilen tagallalaryny birleşdirmek barada ylalaşdylar.

Daşky gurşawy goramak, ösümlik we haýwanat dünýäsine aýawly garamak, ýurdumyzyň ýer-suw serişdelerini rejeli ulanmak döwlet Baştutanymyzyň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Türkmenistan halkara derejede möhüm başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edip, bar bolan ekologiýa meselelerini çözmäge hem-de olaryň öňüni almaga täze çemeleşmeleri teklip edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, “Rio+20” Bütindünýä sammitinde we beýleki iri halkara forumlarda beýan eden oňyn başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe boldy. Milli Liderimiziň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly Tehnologiýalar boýunça sebit merkezini Aşgabatda açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny, şeýle hem Aral deňzi sebiti üçin BMG-niň ýörite Maksatnamasyny işläp taýýarlamak we Aral meselesini Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin suw meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzümini döretmek baradaky teklipleri-de giňden goldanyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynda suw serişdeleri bilen bagly meseleler sebit işleriniň möhüm şerti bolup durýar. Merkezi Aziýa döwletleriniň, olaryň ykdysadyýetleriniň, durmuş ulgamlarynyň ösüşi, adamlaryň abadançylygynyň derejesi we ýaşaýyş-durmuşynyň hili suwdan rejeli we netijeli peýdalanmaga gönüden-göni baglydyr.

Suw möhüm tebigy serişdeleriň biridir. Ol adamyň tutuş ýaşaýyş-durmuşynyň esasyny düzýär. Ýurdumyzda yssy howa şertlerinde ýaşaýjylary arassa agyz suwy bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. “Agyz suwy hakynda” Kanun hem-de “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnama” kabul edildi, Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksi täzelenildi.

Milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, ähli ýerde suw üpjünçilik düzümleriniň gurluşygy alnyp barylýar we öňden barlarynyň durky täzelenilýär. Şeýle hem täze suw howdanlaryny we suw serişdelerini rejeli ulanmak hem-de ekologik howpsuzlygy üpjün etmek boýunça işler işjeňleşdirilýär.

“Altyn asyr” Türkmen kölüniň döredilmegi ekologik abadançylygy üpjün etmäge uly goşant boldy. Munuň özi Garagum sährasynyň howasynyň gowulanmagyna, haýwanat hem-de ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna oňyn täsir etdi. Onda balyklaryň 20-ä golaý görnüşi mesgen tutdy. Şolaryň hatarynda garabalyk, lakga, okun, ýylankelle, çüýbalyk, kepir, ak amur we beýleki balyklar bar. Suwda ýüzýän guşlaryň sany hem artdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Karary bilen tassyklanylan 2019 — 2025-nji ýyllarda kölüň sebitini özleşdirmek boýunça Konsepsiýanyň hem-de ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň möhümdigini bellemek gerek.

Şeýle hem ýurdumyzda ösümlikleri ýetişdirmek arkaly çölleri özleşdirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. “Altyn asyr” Türkmen kölüniň tejribe meýdançasynda şaly ýetişdirmek boýunça synag üstünlikli geçirildi. Ahal welaýatyna degişli meýdanda suwarmak üçin zeýkeş suwlary ulanylyp, agaçlary we oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmek boýunça ylmy barlaglar geçirildi. “Altyn asyr” Türkmen kölüne barýan Baş zeýkeşiň ugrunda hurma, tuýa, sosna, erik, üzüm, mekgejöwen we ýeralma ekinleri ýetişdirilýär.

Türkmenistan BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyny hem-de Pariž Ylalaşygyny tassyklamak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirýär. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan täze, rejelenen görnüşde tassyklanylan Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýada birnäçe çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Şol çäreler ähli pudaklarda, ilkinji nobatda, nebitgaz, ulag, elektrik energetikasy ulgamlarynda, obasenagat toplumynda, gurluşyk senagatynda hem-de ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygynda zyýanly zyňyndylaryň howa aralaşmagynyň derejesini peseltmäge gönükdirilendir.

Ýurdumyz bu ulgamda halkara guramalar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy Ekologiýa Gaznasy we beýleki abraýly halkara düzümler bilen bilelikde milli hem-de sebit derejesinde maksatnamalaryňdyr taslamalaryň onlarçasy durmuşa geçirilýär.

Türkmenistan halkara ähmiýetli täze başlangyçlary öňe sürmek bilen birlikde, milli derejede ekologiýa we suw meseleleri boýunça iri taslamalary amala aşyrmak üçin zerur şertleri döredýär. Ýurdumyzda uly tokaý zolaklaryny döretmek, çölleşmä garşy göreşmek, biologik köpdürlüligi saklamak, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak hem-de beýleki ugurlar boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Tokaý-seýilgäh zolaklaryny, ýaşyl gorag zolaklaryny döretmek, zerur bolan ösümlikleriň tohumlaryny taýýarlamak we nahallaryny ýetişdirmek, tokaýlary tükellemek, barlamak işlerini geçirmek arkaly tebigy mirasy aýawly saklamak hem-de artdyrmak baradaky maksatnama durmuşa geçirilýär.

Tebigaty goramak bilen bagly kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagy, Garagum sährasynyň merkezinde “Altyn asyr” Türkmen kölüniň döredilmegi, öri meýdanlarynyň ulanylmagynyň kadalaşdyrylmagy we beýleki ençeme çäreler ýurdumyzyň hem-de tutuş sebitiň ekologik ýagdaýynyň gowulanmagyna oňyn täsir etdi.

Täsin ekologiýa ulgamyna eýe bolan Garagum sährasynyň serişdelerine aýawly çemeleşmek hem-de onuň çäginde ekologik nukdaýnazardan amatly şertleri döretmek we tebigy baýlyklaryň rejeli ulanylmagy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu babatda durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Şol ýerleriň ösümlik dünýäsini aýawly saklamaga we baýlaşdyrmaga hem-de biologik köpdürlüligi goramaga gönükdirilen taslamalar işlenip taýýarlanyldy. Hususan-da, munuň özi ak we gara sazak, gum akasiýasy, gandym, çomuç, üzärlik, ýandak, siňren, üçdiş, yşgyn, ýowşan ýaly ösümliklere hem-de beýlekilere degişlidir. Häzirki wagtda Garagumda ösümlikleriň 293 görnüşi ösýär.

Sähranyň tebigy künjekleriniň täsin haýwanat we ösümlik dünýäsini öwrenmek boýunça ylmy-barlag işleri dowam etdirilýär. Munuň özi ony ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin hödürlemäge, geljekde bolsa Garagum sährasynyň biosfera goraghanalaryny halkara ulgama goşmaga mümkinçilik berdi.

Mundan başga-da, birnäçe milli maksatnamalar, strategiýalar, konsepsiýalar, şol sanda Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa we Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy hem-de kabul edildi. Olarda ýurdumyzda howanyň gowulanmagyna, biologik köpdürlüligi aýawly saklamaga, suw serişdelerini goramaga, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny kadalaşdyrmaga, çölleşmä garşy göreşmäge ýardam edýän tokaý zolaklarynyň meýdanlaryny giňeltmek göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň bu ulgamdaky strategiýasy öňdebaryjy tejribä, innowasion tehnologiýalara hem-de köpasyrlyk milli däplere esaslanýar.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen ählihalk bag ekmek dabaralaryny geçirmek biziň durmuşymyza mäkäm ornaşdy hem-de ilatyň giň goldawyna mynasyp boldy. Şonuň netijesinde, Aşgabatda we paýtagtymyzyň töwereklerinde, şeýle hem Türkmenistanyň ähli şäherlerinde, obalarynda agaç nahallarynyň millionlarça düýbi oturdylýar. Bag-seýilgäh hem-de tokaý zolaklarynyň meýdany ýylsaýyn giňelýär. Ynsan eli bilen döredilen, gözüňi dokundyrýan gök zolaklar ilatly ýerleri Günüň jöwzasyndan hem-de awtoulaglaryň işlenip çykarylan gazlarynyň, tozanly ýelleriň ýaramaz täsirinden goraýar. Munuň özi, hususan-da, howanyň hiliniň gowulanmagyna ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiziň birnäçe kitaplary ýurdumyzyň tebigatyna we ösümlik dünýäsine bagyşlandy. Döwlet Baştutanymyz Demirgazyk Türkmenistanyň çöl-çägeli, çagylly ýerlerinde ösümlikleriň az bitýändigini we dürli derejede şorlaşandygyny belleýär.

Alymlar bu ýagdaýy Aral deňziniň guran düýbüniň duzly tozanynyň gelmegi bilen baglanyşdyrýarlar. Güýçli ýelleriň täsiri netijesinde, bu tozan uzak aralyklara ýetýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, çölleşen meýdanlary özleşdirmek, olary tokaý zolaklaryna öwürmek, süýşýän çägeleri berkitmek, şorlaşan ýerleri dikeltmek, täze suwarymly meýdanlary dolanyşyga girizmek boýunça uly ylmy mümkinçilikler we tejribe toplanyldy.

Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty tarapyndan çöldäki öri meýdanlaryny gowulandyrmak, ekologik ýagdaýy we ykdysady netijeliligi kadalaşdyrmak maksady bilen, gum ýerlerini oba hojalyk taýdan özleşdirmek boýunça ylmy-önümçilik maslahatlary işlenip taýýarlanyldy.

Aral deňziniň täsir edýän zolagyndaky tozanly ýellere garşy göreşmegiň netijeli usullarynyň biri-de tokaý zolaklaryny döretmek bilen baglanyşyklydyr. Guran deňiz tarapyndan gelýän tozanly ýelleriň akymyny öwrenen alymlaryň geçiren barlaglarynyň netijesinde, çägäniň 90 göteriminiň topragyň ýüzüne düşýändigi anyklanyldy.

Ýeliň ýokary tizlikde bolmagy hem-de termiki ýagdaýlar netijesinde gelýän çäge we duz howanyň has ýokarky gatlaklaryna hem aralaşmaga ukyplydyr. Şunuň bilen baglylykda, tokaýlyklary emele getirýän çöl ösümlikleri — sazak, gandym we çerkez duzly-tozanly ýellerden özboluşly gorag serişdesi hökmünde hyzmat edip biler. Tokaýlary döretmek boýunça işleriň geçirilen ýerleri çylşyrymly toprak-howa şertleri we aýratyn hem ygalyň az düşýändigi (ýylda 100 millimetrden hem az) bilen tapawutlanýandygy sebäpli, esasy agrotehniki çäreler çyglylygy saklamaga, topragyň düzümini hem-de ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilendir.

Aral zolagynda tokaýlaryň döredilmegi ekologik ýagdaýa, biologik köpdürlüligi saklamaga, öri meýdanlarynyň ýagdaýyna oňyn täsir eder we adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döreder.

Aziýanyň merjeni diýlip ykrar edilen hem-de dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň biri bolan Aşgabat ýurdumyzda ekologik maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň mysalydyr. Türkmenistanyň paýtagtyny bagy-bossan şäher diýip atlandyrýarlar. Paýtagtymyz özüniň arassa howasy, täsin baglary we dürli reňkli gülleri hem-de özboluşly suw çüwdürimleri bilen haýran galdyrýar.

Uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, Aşgabat şäherini ösdürmek milli Liderimiziň başyny başlan şähergurluşyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Paýtagtymyzyň häzirki keşbinde binagärlik ulgamynda öňdebaryjy ýörelgeler hem-de innowasion inžener-tehniki çözgütler, milli binagärligiň iň gowy däpleri öz beýanyny tapýar.

Ak mermerli paýtagtymyzy bezeýän suw çüwdürimli ýaşyl seýilgäh zolaklary özboluşly we amatly howa ýagdaýyny döredýär. Olar şäher giňişliginiň, binagärlik ulgamlarynyň görküne görk goşýar.

Şeýlelikde, paýtagtymyzy ösdürmek babatda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan täzeçil konsepsiýasynyň, şol sanda şäherde giň gerimli gurluşyklary amala aşyrmak hem-de ony abadanlaşdyrmak, toplumlaýyn düzümi we tutuşlygyna şäher giňişligini kemala getirmek babatdaky konsepsiýanyň esasyny ekologiýa ýörelgesi düzýär.

Ýurdumyz ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimleri ädýär, ilkinji nobatda bolsa, bu ulgamy kadalaşdyrýan ygtybarly hukuk binýadyny döredýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda tebigy serişdeleriň rejeli ulanylmagyna we daşky gurşawyň goralmagyna döwlet gözegçiligi baradaky düzgün berkidildi.

“Ýaşyl” ykdysadyýet konsepsiýasyndan ugur alnyp, senagat kärhanalaryny tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak boýunça anyk çäreler amala aşyrylýar. Önümçilik düzüminiň täze desgalaryny gurmak, hereket edýänleriniň durkuny täzelemek hem-de döwrebaplaşdyrmak işleri ekologik howpsuzlygyň talaplaryna laýyk gelýän öňdebaryjy tehnologiýalary we tehniki çözgütleri ulanmak arkaly alnyp barylýar.

Bu toplumlaýyn çäreleriň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda tebigaty goramak babatda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň, milli, sebit we halkara derejede amala aşyrylýan hem-de häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli ekologik maksatnamalaryňdyr taslamalaryň esasy ugurlary bolup durýar.

(TDH)

24.12.2021
Işler gyzgalaňly barýar

«Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň Kaka etrabynyň Şükür bagşy adyndaky daýhan birleşiginiň çägindäki ýyladyşhana toplumynda ýetişdirilýän pomidor hasyly saçaklaryň bezegidir. Birnäçe ýyl mundan ozal tapgyrlaýyn gurlup, ulanylmaga berlen bu ýyladyşhana toplumynda ýetişdirilýän önümler ýokumlylygy, datlylygy, durumlylygy bilen tapawutlanýar. Şeýle bolansoň, ýyladyşhana toplumynyň agzybir işçi-hünärmenleriniň çekýän yhlasly zähmeti netijesinde ýetişdirilýän ter önümlere daşarky bazarda hem isleg barha ýokarlanýar.

Ýyladyşhana toplumynyň 30 gektar meýdanynda pomidoryň dürli görnüşlerini ýetişdirmäge we olardan bol hasyl almaga uly ähmiýet berilýär. Bu ýerde ilkinji ýyllarda pomidoryň «Tommimaro muça», «Huanita», «Merlis» ýaly görnüşleri ýetişdirilen bolsa, häzirki wagtda onuň görnüşleri has-da artdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uludan toýlanýan ýylynda ýyladyşhanada pomidoryň, aýratyn-da, «Marwelans», «Altes», «Merlis» ýaly görnüşleri ýetişdirildi. Pomidoryň ilkinji gezek synag edilen birnäçe görnüşlerinden ýokary hasylyň kemala getirilmegi gazanyldy. Şoňa görä-de, häzirki wagtda berekedini bolluk bilen eçilen hasyly ýygnamak işi depginli dowam edýär.

Pomidor ýygymyny guramaçylykly alyp barmakda we sarp edijilere ýetirmekde işleriň sazlaşykly ýola goýulmagynyň ähmiýeti uludyr. Hasyly ýygnamak işine ýygymçy gelin-gyzlaryň ýüzlerçesi agzybirlikde gatnaşýar. Ýygnalan hasyly bellenilen ýere daşamakda ýöriteleşdirilen ulaglaryň hyzmatyndan peýdalanylýar. Işçi-hünärmenleriň çekýän yhlasly zähmeti netijesinde gündelik ýygylýan hasylyň bir bölegi ak bazarlaryň üsti bilen terligine ilata ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak, ilatymyzy özümizde öndürilýän ekologiýa taýdan arassa gök önümler bilen üpjün etmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini, eksportyň möçberini artdyrmak babatynda tagallalaryna saldamly goşant goşýan ýyladyşhana toplumynda şu günler hasyly ýygnamak işleri has gyzyşýar. Munuň özi Täze ýyl baýramçylygynyň ýetip gelýändigi bilen baglylykda, ilatymyzyň toý saçagyny ýokary hilli ter önümler bilen birkemsiz üpjün etmek ugrundaky tagallalar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýyladyşhana toplumynyň işgärleri şeýle asylly işlere saldamly goşant goşýandyklary üçin özlerini juda bagtly saýýarlar.

Aýdo ŞEKEROW,

ýörite habarçymyz. SURATLARDA: ýyladyşhana toplumynda işleriň gyzgalaňly alnyp barylýan pursatlary. Surata düşüren awtor.

24.12.2021
Ösüşleri nazarlaýan tagallalar

Özbaşdak ösüş ýoluna düşenine 30 ýyl bolan döwletimiz bu gün dünýäniň ykdysady taýdan durnukly ösýän döwletleriniň hataryna girýär. Ulag-logistika ulgamy milli ykdysadyýetimizde täze mümkinçilikleri döredýän esasy ugurlaryň biridir. Bu ulgamyň mümkinçilikleri sebitiçi çäklerde bolşy ýaly, halkara ulag we ýük gatnawlaryny güýçlendirmekde-de uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 29-njy oktýabrynda asyryň gurluşygy hasaplanýan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň açylyp, ulanylmaga berilmegi ulag-logistika ulgamynyň ähmiýetini has-da ýokarlandyrdy.

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda awtomobil, demir ýol, howa ulaglary ulgamlaryny ösdürmek, olara täzeçillikleri ornaşdyrmak, ýük gatnawlarynyň amala aşyrylyşyny kämilleşdirmek, howpsuz halkara geçelgeleri döretmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Bu işler hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berýän ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna, beýleki döwletler bilen gatnaşyklarynyň has-da pugtalanmagyna, taraplaryň arasynda ulag ulgamy arkaly syýahatçylyk pudagynyň we daşary-söwda dolanyşygynyň ýokarlanmagyna itergi berýär.

Garaşsyz Türkmenistan ulag-logistika babatda kabul edilen halkara hukuk namalaryndan gelip çykýan wezipeleri gyşarnyksyz durmuşa geçirmek bilen birlikde, bu ugurda täze başlangyçlaryň birnäçesini teklip edýär. Bu babatdan 2021-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly eden çykyşynda öňe sürlen başlangyçlar aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şonda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň pandemiýanyň ýaramaz ykdysady täsirini azaltmak bilen baglylykda, BMG-niň aýry-aýry ugurlar boýunça işini güýçlendirmegi zerur hasaplaýandygyny, adatdan daşary ýagdaýlar şertlerinde halkara ulag ulgamlaryny dikeltmegiň we olaryň durnuklylygyny pugtalandyrmagyň üstünde işjeň işlemegiň möhümdigini belledi.

Hormatly Arkadagymyzyň tagallalarynyň netijesinde sebitiçi we sebitara ählumumy ulag hyzmatdaşlygyny artdyrmak, halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň sanyny köpeltmek, olaryň işini kadalaşdyrmak boýunça çözgütleri işläp taýýarlamak, täze ugurlary döretmek arkaly gadymy döwürlerde yklymlary birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede dikeldilmegini üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň çäginde Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgeleriniň, optiki süýümli elektrik geçirijileriň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamynyň, Türkmenistandan Owganystana çenli demir ýoluň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşyklary güýçli depginlerde alnyp barylýar. Ýakyn geljekde Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman, şeýle-de Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgelerini döretmek maksat edinilýär.

Tamamlanyp barýan ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda ýokary derejede geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitinde sebitde awtomobil, demir ýollaryny gurmak hem-de durkuny täzelemek, olar boýunça anyk teklipleri işläp taýýarlamak üçin ýörite topary döretmek, energetika, üstaşyr ulag we daşarky söwda ugurlarda hyzmatdaşlygyň işini işjeňleşdirmek, şeýle-de guramanyň çäklerinde söwdany ösdürmek boýunça «Ýol kartasyny» işläp taýýarlamagyň meseleleriniň üstünde giňişleýin durlup geçildi. Şunuň bilen birlikde, özara haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artdyrylmagynyň, onuň düzüminiň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň yzygiderli seljermesini geçirmegiň we azyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajypdygy bellenildi. Sammitde kabul edilen taryhy çözgütler ýurdumyzyň we tutuş sebitiň ulag ulgamynda esasy meseleler boýunça ylalaşykly strategiýany işläp taýýarlamak üçin esas bolup çykyş eder.

Ählumumy ösüş ugrunda irginsiz tagallalary edip, dünýä uzaýan dostluk, hyzmatdaşlyk ýollaryny gurýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Gültäç ANNAMÄMMEDOWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.

23.12.2021
Türkmenistanyň Prezidenti daşary syýasy strategiýanyň amala aşyrylyşy boýunça iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 22-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alnyp durmuşa geçirilýän daşary syýasat ýörelgelerine laýyklykda, birnäçe hyzmatdaş döwletler bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny açyp, ilki bilen, birnäçe guramaçylyk meselelerine garady hem-de degişli resminamalara gol çekdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz türkmen wekiliýetiniň ýakynda Pakistan Yslam Respublikasyna we Hindistan Respublikasyna gulluk iş saparlarynyň netijeleri barada hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistan bilen taryhy dostlukly gatnaşyklary saklaýan döwletler bilen hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň öňünde goýýan wezipelerini ýerine ýetirmekde degişli işleriň alnyp barylýandygyny habar berip, hususan-da, Pakistan Yslam Respublikasy hem-de Hindistan Respublikasy bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek babatda işjeň gepleşikleriň geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň wekiliýetiniň 2021-nji ýylyň 18 — 20-nji dekabry aralygynda Nýu-Deli we Yslamabat şäherlerinde gulluk iş saparlarynda bolandyklary hem-de şolaryň dowamynda halkara ähmiýetli duşuşyklara gatnaşyp, degişli gepleşikleri geçirendikleri barada hasabat berildi.

Wise-premýer Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Hindistan» dialogynyň daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygynyň geçirilendigini aýtdy. Onuň çäklerinde garalan esasy meseleler barada habar berip, wise-premýer «Merkezi Aziýa — Hindistan» dialogynyň guramaçylyk-gurluş binýadyny ösdürmek mümkinçilikleriniň üstünde durup geçdi. Bu babatda türkmen tarapynyň ýurdumyzyň işjeň daşary syýasatyna esaslanyp, şu dialogyň çäklerinde yzygiderli hem-de ulgamlaýyn esasda geçirmek üçin daşary işler ministrleriniň derejesindäki mejlisleriniň guralyny hem-de gatnaşyjy döwletleriň ýokary wezipeli wekilleriniň aýratyn ugurlar boýunça duşuşyklaryny, bilermenleriň maslahatlaşmalaryny ýola goýmak baradaky başlangyçlary beýan edildi. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berildi.

Şu başlangyçlaryň Merkezi we Günorta Aziýa sebitleriniň energiýa, ulag we kommunikasiýa ulgamlaryny birikdirýän taslamalary, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman ulag geçelgesiniň taslamalaryny we beýleki möhüm taslamalary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin möhümdigi bellenildi.

Dialogyň çäklerinde Owganystan bilen bagly meselelere hem aýratyn üns berildi. Wise-premýer bu babatda hormatly Prezidentimiziň ýokary syýasy derejede geçirilýän duşuşyklaryň we maslahatlaryň çäklerinde beýan eden nukdaýnazarlaryndan ugur alnyp, birnäçe esasy ýörelgelere esaslanylýandygyny aýtdy. Şol ýörelgeler syýasy ugurda täze owgan häkimiýeti bilen halkara gepleşikleriň ýola goýulmagyny goldamakdan we Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň bu ugurda möhüm ornuny berkitmekden, ýurtdaky ykdysady ýagdaýy durnukly ýola goýmak üçin, onuň ykdysadyýetini dikeltmekden hem-de ösdürmekden, şol sanda onuň energiýa, ulag we aragatnaşyk düzümlerini kämilleşdirmek işine gatnaşmagyndan, owgan halkyna yzygiderli ynsanperwer kömegi bermekden ybaratdyr.

Bu duşuşykda gazanylan ylalaşyklary özünde jemleýän Bilelikdäki Beýannama kabul edildi. Onda Hindistan bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky baglanyşygy ýokarlandyrmak üçin Aşgabat halkara ulag we üstaşyr geçelgesi baradaky Ylalaşyga, «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatyň netijeleriniň ähmiýeti bellenilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen başlangyjynyň halkara guramalaryň çäginde iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň zerurdygy görkezilýär.

Wise-premýer öz hasabatynda saparyň dowamynda Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi we bu ýurduň daşary işler ministri bilen duşuşyklaryň geçirilendigi barada hem aýtdy. Onda Türkmenistanyň Hindistan bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygy aýratyn bellenildi.

Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-hindi hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak üçin ikitaraplaýyn türkmen-hindi pudagara iş toparyny döretmek hem-de bu taslamanyň Dolandyryjy komitetiniň nobatdaky mejlisini geçirmek baradaky başlangyçlar beýan edildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Hindistanyň baş baýramy bolan Respublika güni mynasybetli geçiriljek dabaralara hormatly myhman hökmünde gatnaşmagyna hindi tarapynyň uly ähmiýet berýändigi barada aýdyldy.

Wise-premýer Pakistana bolan saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Yslamabat şäherinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlary boýunça adatdan daşary mejlisine gatnaşandygy barada hem hasabat berdi.

Mejlisde sebit we dünýä ýurtlary tarapyndan Owganystana kömek bermek boýunça öňde durýan wezipelerdir anyk çäreler maslahatlaşyldy. Duşuşygyň dowamynda Owganystana ýardam bermek, onuň ykdysadyýetini dikeltmek meselesinde Türkmenistanyň garaýyşlary beýan edildi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz goňşy Owganystanyň ykdysadyýetini ösdürmek we durmuş ulgamyny dikeltmek ugrunda giň möçberli we uzak möhletleýin işleri amala aşyrýar.

Hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik we optiki-süýümli geçirijilerini gurmak, Owganystana ýeňillikli şertlerde elektrik toguny ibermek, Türkmenistandan owgan tarapyna demir ýoly gurmak, bu goňşy döwlete yzygiderli esasda ynsanperwerlik kömegini bermek, owgan halkyna bilim, saglygy goraýyş babatynda ýardam etmek ýaly amala aşyrylýan anyk işler aýratyn nygtaldy.

Şeýle hem duşuşykda, milli Liderimiziň başlangyjy bilen, şu ýylyň 14-nji dekabrynda türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna we ynsanperwerlik däplerine eýerilip, ýurdumyz tarapyndan Owganystanyň halkyna nebitgaz, senagat, oba hojalyk hem-de beýleki zerur bolan önümlerden ybarat ynsanperwerlik kömeginiň iberilendigi aýdyldy.

Wise-premýer bu mejlisiň netijeleri boýunça Owganystanda ynsanperwerlik ýagdaýy barada Kararnamanyň kabul edilendigini habar berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistana saparynyň dowamynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi we bu ýurduň daşary işler ministri bilen duşuşyklaryň geçirilendigi habar berildi. Şonda Türkmenistanyň Pakistan bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygy aýratyn bellenildi. Onuň dowamynda iki ýurduň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny amala aşyrmak duşuşygyň esasy meseleleri boldy.

Pakistan tarapy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek we baýlaşdyrmak maksady bilen, Bilelikdäki hökümetara toparyň 6-njy mejlisini geçirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini amala aşyrmak üçin ikitaraplaýyn türkmen-pakistan pudagara toparyny döretmek bilen bagly başlangyçlar beýan edildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow türkmen diplomatlarynyň Türkmenistanyň goňşy we ýakyn sebitlerde ýerleşýän hem-de ýurdumyz bilen gadymdan gelýän taryhy dostlukly gatnaşyklary saklaýan döwletler bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatynda öňde goýlan wezipeleri iş ýüzünde doly ýerine ýetirmek üçin ähli zerur bolan çäreleriň mundan beýläk-de amala aşyryljakdygyna milli Liderimizi ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz döwletimiziň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna üýtgewsiz eýermek bilen, ählumumy abadançylyga gönükdirilen işjeň daşary syýasaty alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Pakistan Yslam Respublikasyna we Hindistan Respublikasyna sebitdäki möhüm hem-de ygtybarly hyzmatdaşlarymyz hökmünde garalýandygyny nygtady.

Gadymyýetden gözbaş alýan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege goldaw bermek däplerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Açyklyk we ynanyşmak häsiýetine eýe bolan, dürli derejelerde geçirilýän döwletara gepleşikler bolsa gatnaşyklarymyzyň ýagdaýy boýunça pikir alyşmaga hem-de geljekki ösüşiň ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyz ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde ýakyn hyzmatdaşlyk edýärler. Muňa 19-njy dekabrda Yslamabat şäherinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýyna bagyşlanan nobatdan daşary mejlisine Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşandygyny we onuň netijeleri boýunça degişli Kararnamanyň kabul edilendigini mysal hökmünde görkezmek bolar. Bu Kararnamada Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýynyň gowulanmagy we bu babatda energetika, ulag we aragatnaşyk taslamalaryny, şol sanda owgan halkynyň abadançylygynyň ýokarlanmagy üçin täze mümkinçilikleri berjek Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, ykdysady hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygy bellenilýär. Şeýle hem Kararnamada 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabat şäherinde geçirilen 15-nji sammitiniň we onuň dowamynda kabul edilen Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygynyň Owganystandaky ynsanperwerlik meselelerini çözmekdäki orny öz beýanyny tapdy.

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, Türkmenistanyň wekiliýetiniň 19-njy dekabrda Nýu-Deli şäherinde «Merkezi Aziýa — Hindistan» dialogynyň 3-nji mejlisine hem gatnaşandygyny belläp, onuň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannamanyň kabul edilendigini nygtady. Beýannamada Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hindistanyň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitmekde giň gerimli ykdysady hyzmatdaşlygyň zerurdygy bellenilip, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň ähmiýetine üns çekilýär.

Döwlet Baştutanymyz bu resminamada 11-nji dekabrda Aşgabat şäherinde geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatyň netijeleriniň we onuň dowamynda öňe sürlen başlangyçlaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagynyň möhümdiginiň bellenilýändigini aýtdy.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy hem-de ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny Pakistan we Hindistan bilen bilelikde hem-de köptaraplaýyn görnüşde öňe sürmekde möhüm işleri durmuşa geçirýändigini nygtady.

Türkmenistanyň öňe süren giň gerimli we uzak möhletli ykdysady taslamalarynyň amala aşyrylmagy diňe oňa gatnaşyjy ýurtlaryň durnukly ösüşi üçin şertleri döretmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebitde abadançylygyň üpjün edilmegine hem goşant goşar.

Biz Pakistan Yslam Respublikasy we Hindistan Respublikasy bilen emele gelen köpugurly hyzmatdaşlygymyzy halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de berkitmek ugrunda zerur işleri dowam etdireris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz sözüniň ahyrynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa ýurdumyzyň Bitaraplygy babatda türkmen diplomatiýasynyň syýasatyny mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirmegi tabşyrdy.

23.12.2021