Işler gyzgalaňly barýar

«Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň Kaka etrabynyň Şükür bagşy adyndaky daýhan birleşiginiň çägindäki ýyladyşhana toplumynda ýetişdirilýän pomidor hasyly saçaklaryň bezegidir. Birnäçe ýyl mundan ozal tapgyrlaýyn gurlup, ulanylmaga berlen bu ýyladyşhana toplumynda ýetişdirilýän önümler ýokumlylygy, datlylygy, durumlylygy bilen tapawutlanýar. Şeýle bolansoň, ýyladyşhana toplumynyň agzybir işçi-hünärmenleriniň çekýän yhlasly zähmeti netijesinde ýetişdirilýän ter önümlere daşarky bazarda hem isleg barha ýokarlanýar.

Ýyladyşhana toplumynyň 30 gektar meýdanynda pomidoryň dürli görnüşlerini ýetişdirmäge we olardan bol hasyl almaga uly ähmiýet berilýär. Bu ýerde ilkinji ýyllarda pomidoryň «Tommimaro muça», «Huanita», «Merlis» ýaly görnüşleri ýetişdirilen bolsa, häzirki wagtda onuň görnüşleri has-da artdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uludan toýlanýan ýylynda ýyladyşhanada pomidoryň, aýratyn-da, «Marwelans», «Altes», «Merlis» ýaly görnüşleri ýetişdirildi. Pomidoryň ilkinji gezek synag edilen birnäçe görnüşlerinden ýokary hasylyň kemala getirilmegi gazanyldy. Şoňa görä-de, häzirki wagtda berekedini bolluk bilen eçilen hasyly ýygnamak işi depginli dowam edýär.

Pomidor ýygymyny guramaçylykly alyp barmakda we sarp edijilere ýetirmekde işleriň sazlaşykly ýola goýulmagynyň ähmiýeti uludyr. Hasyly ýygnamak işine ýygymçy gelin-gyzlaryň ýüzlerçesi agzybirlikde gatnaşýar. Ýygnalan hasyly bellenilen ýere daşamakda ýöriteleşdirilen ulaglaryň hyzmatyndan peýdalanylýar. Işçi-hünärmenleriň çekýän yhlasly zähmeti netijesinde gündelik ýygylýan hasylyň bir bölegi ak bazarlaryň üsti bilen terligine ilata ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak, ilatymyzy özümizde öndürilýän ekologiýa taýdan arassa gök önümler bilen üpjün etmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini, eksportyň möçberini artdyrmak babatynda tagallalaryna saldamly goşant goşýan ýyladyşhana toplumynda şu günler hasyly ýygnamak işleri has gyzyşýar. Munuň özi Täze ýyl baýramçylygynyň ýetip gelýändigi bilen baglylykda, ilatymyzyň toý saçagyny ýokary hilli ter önümler bilen birkemsiz üpjün etmek ugrundaky tagallalar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýyladyşhana toplumynyň işgärleri şeýle asylly işlere saldamly goşant goşýandyklary üçin özlerini juda bagtly saýýarlar.

Aýdo ŞEKEROW,

ýörite habarçymyz. SURATLARDA: ýyladyşhana toplumynda işleriň gyzgalaňly alnyp barylýan pursatlary. Surata düşüren awtor.