Döwrebap özgertmeler — kämillige binýat

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda oba hojalyk toplumynyň maglumat binýadyny has-da berkitmek we ony döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça işler yzygiderli dowam etdirilýär.

Oba hojalyk toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň çäklerinde Döwlet ýer kadastry babatda işiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän «Döwlet ýer kadastry hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi işlenip taýýarlanyldy. Resminamanyň maksady ýurdumyzyň tebigy baýlygy bolan ýer serişdelerini rejeli peýdalanmakdan, ýerleriň toparlaryny, ýer eýelerini, ýerden peýdalanyjylary we ýer kärendeçilerini doly hem öz wagtynda hasaba almakdan, kadastr resminamalaryny döwrebaplaşdyrmakdan, Döwlet ýer kadastrynyň maglumatlar toplumynyň merkezleşdirilen ýeke-täk elektron maglumatlar binýadynyň döredilmegini ýola goýmakdan, şeýle hem bu işleri amala aşyrýan döwlet edaralarynyň işlerini hukuk-guramaçylyk taýdan düzgünleşdirmekden ybarat. Kanun 8 bapdan, 42 maddadan ybarat bolup, onda getirilýän kadalar we düzgünler häzirki zaman kanunçylyk namalaryna bildirilýän talaplara laýyklykda beýan edilýär.

Kanunda beýan edilen esasy düşünjelere döwlet hasaba alyjysy, tehniki ýalňyşlyk, tehniki däl häsiýetli ýalňyşlyk barada täze goşmaça düşündirişler girizildi. Onda Türkmenistanyň ähli ýer gaznasy Döwlet ýer kadastrynyň obýekti, ýerleriň eýeleriniň bolsa bu babatda subýektler bolýandygy beýan edilýär. Kanuna täze girizilen esasy kadalaryň birine görä, döwlet hasaba alyjylary Döwlet ýer kadastrynyň subýektleridirler. Olara ýerleriň hukuk eýelerine özleriniň wekilleriniň üsti bilen şu Kanun bilen düzgünleşdirilýän hukuk gatnaşyklaryna gatnaşmaga ygtyýar berilýär.

«Döwlet ýer kadastry hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde Döwlet ýer kadastryny alyp barmak üçin Döwlet ýer kadastr resminamalarynyň ýeke-täk ulgamynyň peýdalanylmagyny ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Munuň üçin Döwlet ýer kadastr resminamalaryny «esasy», «kömekçi» we «jemleýji» diýen toparlara bölmek bilen, olaryň düzümi, mazmuny we resminamalary ýöretmegiň tertibi ýörite ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan kesgitlenilýär.

Kanunda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, ýagny ygtyýarlandyrylan edaranyň ygtyýarlyklary hem-de ygtyýarlandyrylan edaranyň Ýer serişdeleri gullugynyň hem-de bu gullugyň welaýatlardaky we Aşgabat şäherindäki ýer serişdeleri müdirlikleriniň, olaryň bölümleriniň, ýagny ýerli edaralaryň ýerine ýetirmeli işleri aýdyňlaşdyrylýar.

Döwlet ýer kadastryny alyp barmak işi ýer bölegine bolan hukugyň döwlet tarapyndan bellige alnandygy baradaky maglumatlary, ýer bölekleriniň mukdar we hil häsiýetnamalaryny, topraklaryň bonitirowkasy baradaky maglumatlary, ýerlere ykdysady taýdan baha berilmegini hem-de Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen ýer serişdelerini rejeli peýdalanmak we goramak bilen baglanyşykly beýleki maglumatlary öz içine alýar. Onda göz öňünde tutulan esasy aýratynlyklaryň biri hem daýhan birleşiklerine we beýleki oba hojalyk kärhanalaryna kärendesine berlen suwarymly ýerleriň hem-de kärendä alnan öri meýdanlaryň döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişli däl hasaplanylmagydyr.

Kanuna laýyklykda, ýerleriň döwlet sanawy esasy kadastr resminamasy bolmak bilen, onuň düzümine resminamalary hasaba alyş kitabynyň, Döwlet ýer kadastr kitaplarynyň, ýuridik we fiziki şahslaryň Döwlet ýer kadastr resminamalaryndan maglumatyň berilmegi baradaky ýüz tutmalaryny hasaba alyş kitabynyň degişlidigi kesgitlenilýär. Şeýle hem Döwlet ýer kadastr kitabyna ýer böleginiň kadastr belgisiniň, ýerleriň hukuk eýeleriniň hem-de olar barada zerur bolan ähli esasy we goşmaça maglumatlaryň girizilýändigi bellenilýär.

«Döwlet ýer kadastry hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine laýyklykda, Döwlet ýer kadastr maglumatlar toplumynyň merkezleşdirilen ýeke-täk elektron (sanly) maglumatlar binýady döredilip, maglumatlary toplamak we bermek işini häzirki zaman sanly tehnologiýalar arkaly amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Elektron (sanly) we kagyz göterijilerde kadastr kartalary düzülýär. Kadastr kartalary kartografik maglumatda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň, etraplaryň, zolaklaryň, massiwleriň, kwartallaryň hem-de ýer bölekleriniň çäklerini olaryň degişli belgileri bilen görkezmek üçin döredilýär. Şeýle-de, Türkmenistanyň bütin çäginde ýeke-täk ýer bölekleriniň kadastr belgileriniň ulgamy kesgitlenilýär. Ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan aerokosmiki surata düşürmeler we ýörite programmalar arkaly belli bir ölçege getirilen elektron (sanly) kartalar, programmalar hem-de kartografik we beýleki resminamalar esasynda Türkmenistanyň çäginiň kadastr bölünişigi amala aşyrylýar. Kadastr belgisi Döwlet ýer kadastrynda kybaplaşdyryjy bolup hyzmat edýär. Esasan hem, elektron (sanly) kartalarda kadastr belgileri girizilende degişli belginiň berlen tarapy barada maglumatlary gysga wagtyň dowamynda tapmaga ýardam berýär. Şu maksat bilen, jemi 15 belgiden durýan kadastr belgisini bermek meýilleşdirilýär. Şolardan başdaky birinji belgi welaýatlary we Aşgabat şäherini, yzyndan gelýän iki belgi etraplarydyr şäherleri, ondan soňky gelýän iki belgi geňeşleri we obalary, ondan soňra gelýän dört belgi massiwleridir kwartallary, şolardan soňky gelýän alty belgi bolsa ýer böleklerini hem-de olaryň hukuk eýelerini aňladýar. Mundan başga-da, Kanunda ýer böleklerini döwlet tarapyndan hasaba almagyň, Döwlet ýer kadastrynda resminamalaryň ýöredilmegini we olaryň goralmagyny hem-de aýawly saklanylmagyny üpjün etmegiň, şeýle hem Döwlet ýer kadastr resminamalarynda saklanylýan maglumatlar toplumyny peýdalanmagyň hem-de olar baradaky maglumatlary bermegiň tertibi barada anyk kadalar beýan edilýär.

Islendik ugurda işiň kämil derejä ýetirilmegi üçin onuň kanunçylyk binýadyny berkitmek möhüm wezipe bolup durýar. Ähli ugurlar bilen bir hatarda oba hojalyk pudagynda hem kanunçylygy kämilleşdirmek we täzeçillikleri ornaşdyrmak boýunça uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!

Batyr ORAZMÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary.