Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Ekologiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk ählumumy möhüm wezipedir

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda şu ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň barşynda häzirki wagtda ählumumy gün tertibinde durýan howanyň üýtgemegi, ekologiýa, daşky gurşawy goramak ýaly möhüm meselä aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, hususan-da, ekologiýa taýdan arassa energiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki hereketler ylalaşyldy. Soňky döwürde bu babatda kabul edilen halkara resminamalar bar bolan gurallary pugtalandyrmaga ýardam eder.

YHG agza ýurtlaryň döwlet hem-de hökümet Baştutanlary kabul edilen Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygynyň 14-nji bölümine laýyklykda, daşky gurşaw hem-de howanyň üýtgemegi, howplaryň döremeginiň töwekgelçiliklerini azaltmak ugrunda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, agza döwletleriň bu ulgamdaky sebit hyzmatdaşlygynyň netijeli anyk gurallaryny döretmäge gönükdirilen tagallalaryny birleşdirmek barada ylalaşdylar.

Daşky gurşawy goramak, ösümlik we haýwanat dünýäsine aýawly garamak, ýurdumyzyň ýer-suw serişdelerini rejeli ulanmak döwlet Baştutanymyzyň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Türkmenistan halkara derejede möhüm başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edip, bar bolan ekologiýa meselelerini çözmäge hem-de olaryň öňüni almaga täze çemeleşmeleri teklip edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, “Rio+20” Bütindünýä sammitinde we beýleki iri halkara forumlarda beýan eden oňyn başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe boldy. Milli Liderimiziň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly Tehnologiýalar boýunça sebit merkezini Aşgabatda açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny, şeýle hem Aral deňzi sebiti üçin BMG-niň ýörite Maksatnamasyny işläp taýýarlamak we Aral meselesini Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin suw meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzümini döretmek baradaky teklipleri-de giňden goldanyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynda suw serişdeleri bilen bagly meseleler sebit işleriniň möhüm şerti bolup durýar. Merkezi Aziýa döwletleriniň, olaryň ykdysadyýetleriniň, durmuş ulgamlarynyň ösüşi, adamlaryň abadançylygynyň derejesi we ýaşaýyş-durmuşynyň hili suwdan rejeli we netijeli peýdalanmaga gönüden-göni baglydyr.

Suw möhüm tebigy serişdeleriň biridir. Ol adamyň tutuş ýaşaýyş-durmuşynyň esasyny düzýär. Ýurdumyzda yssy howa şertlerinde ýaşaýjylary arassa agyz suwy bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. “Agyz suwy hakynda” Kanun hem-de “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnama” kabul edildi, Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksi täzelenildi.

Milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, ähli ýerde suw üpjünçilik düzümleriniň gurluşygy alnyp barylýar we öňden barlarynyň durky täzelenilýär. Şeýle hem täze suw howdanlaryny we suw serişdelerini rejeli ulanmak hem-de ekologik howpsuzlygy üpjün etmek boýunça işler işjeňleşdirilýär.

“Altyn asyr” Türkmen kölüniň döredilmegi ekologik abadançylygy üpjün etmäge uly goşant boldy. Munuň özi Garagum sährasynyň howasynyň gowulanmagyna, haýwanat hem-de ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna oňyn täsir etdi. Onda balyklaryň 20-ä golaý görnüşi mesgen tutdy. Şolaryň hatarynda garabalyk, lakga, okun, ýylankelle, çüýbalyk, kepir, ak amur we beýleki balyklar bar. Suwda ýüzýän guşlaryň sany hem artdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Karary bilen tassyklanylan 2019 — 2025-nji ýyllarda kölüň sebitini özleşdirmek boýunça Konsepsiýanyň hem-de ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň möhümdigini bellemek gerek.

Şeýle hem ýurdumyzda ösümlikleri ýetişdirmek arkaly çölleri özleşdirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. “Altyn asyr” Türkmen kölüniň tejribe meýdançasynda şaly ýetişdirmek boýunça synag üstünlikli geçirildi. Ahal welaýatyna degişli meýdanda suwarmak üçin zeýkeş suwlary ulanylyp, agaçlary we oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmek boýunça ylmy barlaglar geçirildi. “Altyn asyr” Türkmen kölüne barýan Baş zeýkeşiň ugrunda hurma, tuýa, sosna, erik, üzüm, mekgejöwen we ýeralma ekinleri ýetişdirilýär.

Türkmenistan BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyny hem-de Pariž Ylalaşygyny tassyklamak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirýär. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan täze, rejelenen görnüşde tassyklanylan Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýada birnäçe çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Şol çäreler ähli pudaklarda, ilkinji nobatda, nebitgaz, ulag, elektrik energetikasy ulgamlarynda, obasenagat toplumynda, gurluşyk senagatynda hem-de ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygynda zyýanly zyňyndylaryň howa aralaşmagynyň derejesini peseltmäge gönükdirilendir.

Ýurdumyz bu ulgamda halkara guramalar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy Ekologiýa Gaznasy we beýleki abraýly halkara düzümler bilen bilelikde milli hem-de sebit derejesinde maksatnamalaryňdyr taslamalaryň onlarçasy durmuşa geçirilýär.

Türkmenistan halkara ähmiýetli täze başlangyçlary öňe sürmek bilen birlikde, milli derejede ekologiýa we suw meseleleri boýunça iri taslamalary amala aşyrmak üçin zerur şertleri döredýär. Ýurdumyzda uly tokaý zolaklaryny döretmek, çölleşmä garşy göreşmek, biologik köpdürlüligi saklamak, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak hem-de beýleki ugurlar boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Tokaý-seýilgäh zolaklaryny, ýaşyl gorag zolaklaryny döretmek, zerur bolan ösümlikleriň tohumlaryny taýýarlamak we nahallaryny ýetişdirmek, tokaýlary tükellemek, barlamak işlerini geçirmek arkaly tebigy mirasy aýawly saklamak hem-de artdyrmak baradaky maksatnama durmuşa geçirilýär.

Tebigaty goramak bilen bagly kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagy, Garagum sährasynyň merkezinde “Altyn asyr” Türkmen kölüniň döredilmegi, öri meýdanlarynyň ulanylmagynyň kadalaşdyrylmagy we beýleki ençeme çäreler ýurdumyzyň hem-de tutuş sebitiň ekologik ýagdaýynyň gowulanmagyna oňyn täsir etdi.

Täsin ekologiýa ulgamyna eýe bolan Garagum sährasynyň serişdelerine aýawly çemeleşmek hem-de onuň çäginde ekologik nukdaýnazardan amatly şertleri döretmek we tebigy baýlyklaryň rejeli ulanylmagy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu babatda durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Şol ýerleriň ösümlik dünýäsini aýawly saklamaga we baýlaşdyrmaga hem-de biologik köpdürlüligi goramaga gönükdirilen taslamalar işlenip taýýarlanyldy. Hususan-da, munuň özi ak we gara sazak, gum akasiýasy, gandym, çomuç, üzärlik, ýandak, siňren, üçdiş, yşgyn, ýowşan ýaly ösümliklere hem-de beýlekilere degişlidir. Häzirki wagtda Garagumda ösümlikleriň 293 görnüşi ösýär.

Sähranyň tebigy künjekleriniň täsin haýwanat we ösümlik dünýäsini öwrenmek boýunça ylmy-barlag işleri dowam etdirilýär. Munuň özi ony ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin hödürlemäge, geljekde bolsa Garagum sährasynyň biosfera goraghanalaryny halkara ulgama goşmaga mümkinçilik berdi.

Mundan başga-da, birnäçe milli maksatnamalar, strategiýalar, konsepsiýalar, şol sanda Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa we Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy hem-de kabul edildi. Olarda ýurdumyzda howanyň gowulanmagyna, biologik köpdürlüligi aýawly saklamaga, suw serişdelerini goramaga, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny kadalaşdyrmaga, çölleşmä garşy göreşmäge ýardam edýän tokaý zolaklarynyň meýdanlaryny giňeltmek göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň bu ulgamdaky strategiýasy öňdebaryjy tejribä, innowasion tehnologiýalara hem-de köpasyrlyk milli däplere esaslanýar.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen ählihalk bag ekmek dabaralaryny geçirmek biziň durmuşymyza mäkäm ornaşdy hem-de ilatyň giň goldawyna mynasyp boldy. Şonuň netijesinde, Aşgabatda we paýtagtymyzyň töwereklerinde, şeýle hem Türkmenistanyň ähli şäherlerinde, obalarynda agaç nahallarynyň millionlarça düýbi oturdylýar. Bag-seýilgäh hem-de tokaý zolaklarynyň meýdany ýylsaýyn giňelýär. Ynsan eli bilen döredilen, gözüňi dokundyrýan gök zolaklar ilatly ýerleri Günüň jöwzasyndan hem-de awtoulaglaryň işlenip çykarylan gazlarynyň, tozanly ýelleriň ýaramaz täsirinden goraýar. Munuň özi, hususan-da, howanyň hiliniň gowulanmagyna ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiziň birnäçe kitaplary ýurdumyzyň tebigatyna we ösümlik dünýäsine bagyşlandy. Döwlet Baştutanymyz Demirgazyk Türkmenistanyň çöl-çägeli, çagylly ýerlerinde ösümlikleriň az bitýändigini we dürli derejede şorlaşandygyny belleýär.

Alymlar bu ýagdaýy Aral deňziniň guran düýbüniň duzly tozanynyň gelmegi bilen baglanyşdyrýarlar. Güýçli ýelleriň täsiri netijesinde, bu tozan uzak aralyklara ýetýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, çölleşen meýdanlary özleşdirmek, olary tokaý zolaklaryna öwürmek, süýşýän çägeleri berkitmek, şorlaşan ýerleri dikeltmek, täze suwarymly meýdanlary dolanyşyga girizmek boýunça uly ylmy mümkinçilikler we tejribe toplanyldy.

Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty tarapyndan çöldäki öri meýdanlaryny gowulandyrmak, ekologik ýagdaýy we ykdysady netijeliligi kadalaşdyrmak maksady bilen, gum ýerlerini oba hojalyk taýdan özleşdirmek boýunça ylmy-önümçilik maslahatlary işlenip taýýarlanyldy.

Aral deňziniň täsir edýän zolagyndaky tozanly ýellere garşy göreşmegiň netijeli usullarynyň biri-de tokaý zolaklaryny döretmek bilen baglanyşyklydyr. Guran deňiz tarapyndan gelýän tozanly ýelleriň akymyny öwrenen alymlaryň geçiren barlaglarynyň netijesinde, çägäniň 90 göteriminiň topragyň ýüzüne düşýändigi anyklanyldy.

Ýeliň ýokary tizlikde bolmagy hem-de termiki ýagdaýlar netijesinde gelýän çäge we duz howanyň has ýokarky gatlaklaryna hem aralaşmaga ukyplydyr. Şunuň bilen baglylykda, tokaýlyklary emele getirýän çöl ösümlikleri — sazak, gandym we çerkez duzly-tozanly ýellerden özboluşly gorag serişdesi hökmünde hyzmat edip biler. Tokaýlary döretmek boýunça işleriň geçirilen ýerleri çylşyrymly toprak-howa şertleri we aýratyn hem ygalyň az düşýändigi (ýylda 100 millimetrden hem az) bilen tapawutlanýandygy sebäpli, esasy agrotehniki çäreler çyglylygy saklamaga, topragyň düzümini hem-de ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilendir.

Aral zolagynda tokaýlaryň döredilmegi ekologik ýagdaýa, biologik köpdürlüligi saklamaga, öri meýdanlarynyň ýagdaýyna oňyn täsir eder we adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döreder.

Aziýanyň merjeni diýlip ykrar edilen hem-de dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň biri bolan Aşgabat ýurdumyzda ekologik maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň mysalydyr. Türkmenistanyň paýtagtyny bagy-bossan şäher diýip atlandyrýarlar. Paýtagtymyz özüniň arassa howasy, täsin baglary we dürli reňkli gülleri hem-de özboluşly suw çüwdürimleri bilen haýran galdyrýar.

Uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, Aşgabat şäherini ösdürmek milli Liderimiziň başyny başlan şähergurluşyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Paýtagtymyzyň häzirki keşbinde binagärlik ulgamynda öňdebaryjy ýörelgeler hem-de innowasion inžener-tehniki çözgütler, milli binagärligiň iň gowy däpleri öz beýanyny tapýar.

Ak mermerli paýtagtymyzy bezeýän suw çüwdürimli ýaşyl seýilgäh zolaklary özboluşly we amatly howa ýagdaýyny döredýär. Olar şäher giňişliginiň, binagärlik ulgamlarynyň görküne görk goşýar.

Şeýlelikde, paýtagtymyzy ösdürmek babatda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan täzeçil konsepsiýasynyň, şol sanda şäherde giň gerimli gurluşyklary amala aşyrmak hem-de ony abadanlaşdyrmak, toplumlaýyn düzümi we tutuşlygyna şäher giňişligini kemala getirmek babatdaky konsepsiýanyň esasyny ekologiýa ýörelgesi düzýär.

Ýurdumyz ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimleri ädýär, ilkinji nobatda bolsa, bu ulgamy kadalaşdyrýan ygtybarly hukuk binýadyny döredýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda tebigy serişdeleriň rejeli ulanylmagyna we daşky gurşawyň goralmagyna döwlet gözegçiligi baradaky düzgün berkidildi.

“Ýaşyl” ykdysadyýet konsepsiýasyndan ugur alnyp, senagat kärhanalaryny tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak boýunça anyk çäreler amala aşyrylýar. Önümçilik düzüminiň täze desgalaryny gurmak, hereket edýänleriniň durkuny täzelemek hem-de döwrebaplaşdyrmak işleri ekologik howpsuzlygyň talaplaryna laýyk gelýän öňdebaryjy tehnologiýalary we tehniki çözgütleri ulanmak arkaly alnyp barylýar.

Bu toplumlaýyn çäreleriň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda tebigaty goramak babatda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň, milli, sebit we halkara derejede amala aşyrylýan hem-de häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli ekologik maksatnamalaryňdyr taslamalaryň esasy ugurlary bolup durýar.

(TDH)