Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatdaky ÇYKYŞY

(Awaza, 2022-nji ýylyň 15-nji awgusty) 

                                                                   

 Hormatly wekiliýetleriň ýolbaşçylary! 

                                                                   

 Hanymlar we jenaplar! 

                                                                   

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilýän deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak baradaky çakylygymyzy kabul edendigiňiz üçin minnetdarlyk bildirýärin! 

                                                                   

Bu foruma otuzdan hem köp döwletden ulag edaralarynyň ýolbaşçylary wekilçilik edýärler. Şeýle hem halkara guramalaryň, maliýe institutlarynyň, bilermenler jemgyýetiniň onlarçasynyň wekiliýetleri gatnaşýarlar. Bu bolsa duşuşygyň ähmiýetini, derwaýyslygyny we öz wagtynda çagyrylandygyny görkezýär. Elbetde, gatnaşyjylaryň şeýle wekilçilikli düzümi Türkmenistana bolan hormatyň şaýadydyr, ýurdumyzyň ulag ulgamyndaky ählumumy hyzmatdaşlyga goşan goşandynyň ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Dünýä ykdysadyýetinde agdyklyk edýän häzirki zaman ýagdaýlaryň seljermesi ulag we kommunikasiýalar ulgamynyň ösdürilmeginiň has möhüm we aýgytly ähmiýete eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär. 

                                                                   

Ulag-üstaşyr gatnawlaryny amatly ýagdaýa getirmek, çig maly we taýýar önümleri daşamagyň häzirki zaman üpjünçilik ulgamyny gurmak, esasan hem, deňiz terminallaryna göni çykalgasy bolmadyk döwletler üçin esasy birleşdiriji şerte öwrülýär. 

                                                                   

Häzirki wagtda dünýä önümçiligindäki ýönekeý bolmadyk ýagdaýlarda hut ulag-kommunikasiýalar düzümi ykdysady gatnaşyklara zerur itergi berip biler. Maýa goýum işjeňligini höweslendirip, belli bir derejede tutuş ählumumy geoykdysady ulgama täze many-mazmun bermäge ukyplydyr. 

                                                                   

Şu nukdaýnazardan, täze ulag-üstaşyr merkezleriniň mümkinçilikleri örän uludyr. Olara ägirt giňişlikler, adam mümkinçilikleri çekilýär, düýpli maýa goýumlary goýulýar. 

                                                                   

Bularyň hemmesi ulag ulgamyny dünýä ykdysadyýetini ösdürmegiň hereketlendirijisiniň birine öwürmäge mümkinçilik döredýär. Ýurtlar bilen sebitleriň arasyndaky ösüş depginindäki tapawutlyklardan, hemmetaraplaýyn peselmeginden we çökmeginden kepillendirýär. 

                                                                   

Türkmenistan XXI asyryň ulag gurluşynyň integrasiýa ösüşiniň giňişlikleriň, sebitleriň, senagat, serişde, adam mümkinçilikleriniň baglanyşygydygyna ynanýar. 

                                                                   

Geljek iň uly halkara we sebit deňiz, derýa, awtomobil we demir ýollaryna hem-de howa merkezlerine çykmak, olaryň amatly utgaşmasy we hersiniň artykmaçlygyndan peýdalanmak bilen birleşdirilen ulag aragatnaşyk ulgamyna degişlidir. 

                                                                   

 Hormatly maslahata gatnaşyjylar! 

                                                                   

Koronawirus pandemiýasy ähli döwletlere diýen ýaly öz täsirini ýetirdi. Dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ösmegine ýaramaz täsir etdi. Ýöne ulag düzüminiň nukdaýnazaryndan, hut deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlar köp zyýan çekdi. Şeýle şertlerde tagallalary birleşdirmek, çalt we aýdyň netijelere ýetmek üçin tutanýerli gönükdirmek zerurlygy ýüze çykdy. 

                                                                   

Bu ýerde iň möhüm ugurlaryň biri BMG-niň çäklerinde umumy iş ýörelgelerini işläp taýýarlamak bolup durýar. Biziň pikirimizçe, ulag meseleleri bütindünýä guramasynyň aýratyn iş ugry hökmünde BMG-niň gün tertibinde hemişelik we berk orny eýelemelidir. Türkmenistanyň bu ugurda işjeň syýasaty ulag meseleleri boýunça gepleşikleri ulgamlaýyn we yzygiderli häsiýetde alyp barmaga gönükdirilendir. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz 2016-njy ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirmek başlangyjy bilen çykyş edipdi. 

                                                                   

Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ulag ulgamynda durnukly ulag we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri boýunça möhüm Rezolýusiýalary kabul edildi. 

                                                                   

Häzirki döwürde dünýä ulaglar ulgamyny ösdürmek, özi-de iň ýokary derejede ösdürmek boýunça dialogyň başlanandygyny we has oýlanyşykly, bitewi häsiýete eýe bolup başlandygyny ynam bilen tassyklap bolar. Oňa döwletler, kompaniýalar, halkara institutlar we guramalar gatnaşýarlar. 

                                                                   

Bu üstünliklere kanuny ýagdaýda guwanmak bilen, Türkmenistan ählumumy ulag dialogyna özüniň başlangyçlar arkaly gatnaşmagyny peseltmez. Mundan başga-da, biziň ýurdumyz ony güýçlendirmäge we giňeltmäge, täze anyk taslamalar we meýilnamalar bilen baýlaşdyrmaga taýýardyr. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynda ulag ulgamynda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň bähbitlerini goramaga gönükdirilen we BMG-niň degişli düzümleri bilen yzygiderli iş alyp barjak ýörite iş toparyny döretmek baradaky meselä seretmegi teklip edýärin. 

                                                                   

Şeýle hem biz Baş Assambleýanyň «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda ornuny ýokarlandyrmak hakyndaky» Rezolýusiýasyny işläp taýýarlamaga girişmäge wagt ýetdi diýip hasap edýäris. 

                                                                   

Şol resminama biziň döwletlerimiziň bähbitlerini öňe sürmäge netijeli itergi bermäge, degişli meseleleriň ähmiýetini açyp görkezmäge we olara düşünmäge ýardam berer. Dünýä bileleşiginiň olary çözmäge eýerýändigini görkezmäge ukyply bolar. Türkmenistan bu resminamany taýýarlamaga girişmäge taýýardyr, ähli netijeli teklipler we başlangyçlar üçin açykdyr. 

                                                                   

 Şu başlangyçlaryň goldanjakdygyna biz bil baglaýarys. 

                                                                   

 Hormatly maslahata gatnaşyjylar! 

                                                                   

Aşgabat prosesi umumydünýä ulag gün tertibiniň örän möhüm we aýrylmaz bölegidir. Ol ählumumy ulag ulgamynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň netijeliligini we yzygiderliligini üpjün etmäge niýetlenendir. Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň kanuny bähbitlerini ykrar etmäge, biziň hyzmatdaşlygymyzyň maksatlaryny we wezipelerini anyklaşdyrmaga gönükdirilendir. 

                                                                   

Şu maslahatyň dowamynda siz deňhukukly, özara bähbitli we hakyky hyzmatdaşlyk esasynda ählumumy ulag akymlarynda strategik çelgileri we goşulyşmagyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitläp bilersiňiz. 

                                                                   

Şu forumyň kabul eden çözgütleriniň we teklipleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 2024-nji ýylda geçirilmegi göz öňünde tutulan üçünji maslahatyna taýýarlyk görmegiň esasyny düzjekdigine ynanýaryn. 

                                                                   

 Türkmenistan öz hyzmatdaşlary we pikirdeşleri bilen bilelikde öňde goýlan bu maksatlara ýetmek üçin aýgytly hereket eder. 

                                                                   

 Maslahata gatnaşýanlaryň ählisine bu ugurda üstünlikleri arzuw edýärin!

16.08.2022
Mawy deňizdäki altyn duralga

Ýewraziýanyň ýüreginde ýerleşýän Watanymyz asyrlaryň dowamynda yklymlary biri-birine baglap, halklaryň arasyndaky söwda-ykdysady hem-de medeni gatnaşyklaryň ösmegine itergi beren Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygy bolupdyr. Keremli topragymyzyň üstünden geçip, Gündogar bilen Günbatary baglanyşdyrýan söwda ýollarynyň bir ugry Hazaryň kenaryna baryp ýetipdir. Gämilere ýüklenen gymmat bahaly harytlar deňiz ýollary arkaly Russiýa, Kawkaza we Eýrana daşalypdyr. Bu gün hem Hazaryň türkmen kenary, hususan-da, Merkezi Aziýanyň «deňiz derwezesi» hökmünde tanalýan Türkmenbaşy Halkara deňiz porty gadymy söwda ýollarynyň täze görnüşde dikeldilmeginde wajyp orny eýeleýär. 

                                                                   

 Strategik ähmiýetli «deňiz derwezesi» 

                                                                   

Ýewropa — Kawkaz — Aziýa söwda ýollarynyň ugrundaky möhüm strategik nokatda ýerleşýän Türkmenbaşy şäheri sebitde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginde uly mümkinçiliklere eýedir. Bu ýeriň tebigy aýratynlyklary ýylyň islendik paslynda gämileri kabul etmäge hem-de goşlary ýüklemek we düşürmek bilen baglanyşykly işleri bökdençsiz amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem ýurdumyzyň döwrebap awtomobil, howa we demir ýol düzümleri arkaly ýükleri Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlaryna hem-de beýleki sebitlere daşamaga oňaýly şertler bar. Bu şertler Hytaýdan we Aziýa-Ýuwaş umman sebitinden gelýän ýükleri Ýewropa hem-de Ýakyn Gündogara daşamakda Hazaryň türkmen kenaryndaky deňiz duralgasynyň ähmiýetini artdyrýar. Hut şonuň üçinem, Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyjy boýunça bu ýerde täze gämi duralgasynyň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň döredilmegini diňe bir ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin däl, eýsem, tutuş sebit we yklym derejesinde uly mümkinçiliklere açylýan «deňiz derwezesi» hökmünde-de häsiýetlendirmek bolar. 

                                                                   

 Sanlar we maglumatlar 

                                                                   

Gurluşygyna 2013-nji ýylda badalga berlen Türkmenbaşy Halkara deňiz porty 2018-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda açylyp, ulanylmaga berildi. Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça söwda gatnaşyklarynyň täze derejä çykarylmagyna ýardam edýän Halkara deňiz portunyň tutýan umumy meýdany 1 million 358 müň inedördül metrden geçýär. Gämi duralgalarynyň meýdany 3600 metre ýetýän portuň ýyllyk ýük geçirijiligi 17 million tonna barabardyr. Bu ýerde ýolagçy we ýük terminaly, konteýner terminaly, umumy ýük terminaly, ürgün ýük terminaly, demir ýol parom terminaly, polipropilen terminaly, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody ýerleşýär. Şeýle hem portuň düzüminde ýükleri barlaýan döwlet gulluklarynyň edara binalary, demir ýol dolandyryş binasy, saglyk merkezi, ýangyn howpsuzlyk binasy, döwrebap myhmanhana, innowasion barlag enjamlary, ýükleri düşüriji we ýükleýji tehnikalar, şeýle hem beýleki inženerçilik-tehniki düzümler bar. 

                                                                   

 Milli ykdysadyýetiň möhüm düzümi 

                                                                   

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň düzümindäki gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody birnäçe ýylyň dowamynda ýurdumyzyň deňiz we derýa ulaglary pudagynyň ösüşine mynasyp goşant goşmak bilen, daşary ýurtlaryň gämileriniň hem näsazlyklaryny we kemçiliklerini bejermekde giňden peýdalanylyp gelinýär. Bu ýerden geçýän üstaşyr ýükler bolsa milli ykdysadyýetimize maýa goýumlary çekmegiň möhüm çeşmesidir. Portuň ulanyşa berilmegi bilen, bu ýerde täze iş orunlarynyň 2 müň 500-den gowragy döredildi. Döwrebap deňiz porty Aziýa hem-de Ýewropa ýurtlarynyň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykarylmagynda aýgytly ähmiýeti bolan taslamadyr. 

                                                                   

 «Ýaşyl port» — tebigatyň abadançylygy 

                                                                   

Hazar deňziniň ekologiýasyny aýawly saklamak maksady bilen, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň taslamasy «Ýaşyl port» halkara ölçeglerine laýyklykda amala aşyryldy. Munuň üçin bu ýerdäki terminallaryň her birinde bioarassalaýyş enjamlary ornaşdyryldy, desgalaryň içinde ýerleşdirilen tehnikalaryň mümkin boldugyndan elektrik energiýasy bilen işlemegi üpjün edilip, tebigat üçin zyýanly zyňyndylary öndürmeýän tilsimatlar bilen enjamlaşdyryldy. Portuň ýakynynda guşlar üçin meýdany 170 gektar bolan emeli ada döredildi. Bu ada guşlaryň dürli görnüşleriniň ýüz müňlerçesiniň ýaşaýan, höwürtgeleýän we gyşlaýan mekanyna öwrüldi.  

                                                                   

 Bagtyýar hem abadan durmuşyň sazlaşygy 

                                                                   

Awtoulagda ýa-da demir ýol ulagynda Türkmenbaşy şäherine tarap barýarkaň, sagyňda kenar ýakasynyň owadan belentlikleri, çepiňde bolsa mawy deňziň kenaryndaky döwrebap port we onda düşlän gämiler hem-de uzakdan göreniňde-de gözüňi dokundyrýan Awazanyň ajaýyp myhmanhanalary ünsüňi çekýär. Diýarymyzyň gözel künjeginde durmuşa geçirilen bu taslamalar berkarar Watanymyzyň özbaşdak ösüş ýoluna düşen döwründe gazanan üstünlikleriniň şöhlelenmesidir. Iň ýokary dünýä ülňülerine laýyk gelýän Halkara deňiz portunda ýük ýazdyrýan we ondan mawy tolkunlary böwsüp, ýola rowana bolýan gämiler, portuň desgalarynda gaýnap-joşýan zähmet hem-de merjen kenarda bina bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky sapaly dynç alyş ykdysady taýdan barha kuwwatlanýan ýurtda höküm sürýän bagtyýar durmuşyň sazlaşygynyň özboluşly nyşanydyr. Häzirki günlerde Hazaryň türkmen kenarynda nobatdaky iri halkara forumyň — deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň geçirilmegi bolsa eziz Watanymyzda umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryň başyny başlamak we olary üstünlikli durmuşa geçirmek ugrundaky   nobatdaky möhüm ädimdir. 

                                                                                                           

Ahmet GELDIÝEW,

                       

«Watan».

16.08.2022
Türkmenistanyň ulag-logistika kuwwatynyň tanyşdyrylyşy

Türkmen deňiz ýakasynda halkara pudaklaýyn maslahatyň çärelerine badalga berildi 

                                                                   

 Awaza, 14-nji awgust (TDH). Şu gün köp sanly daşary ýurtly myhmanlary göwnaçyk kabul edýän türkmen deňiz kenarýakasynda birnäçe serginiň açylyşy boldy. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň çäklerinde guralan sergiler ulag toplumynda we logistikada gazanylan üstünlikleri, hödürlenilýän häzirki zaman hyzmatlarynyň giň gerimli görnüşlerini görkezýär. 

                                                                   

Ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda geçirilýän ugurdaş pudaklaýyn forumlar döwletara söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýän bu ulgamda hyzmatdaşlygyň ýygjamlaşdyrylmagyna gönükdirilendir. 

                                                                   

Häzirki zaman şertlerde ulag-kommunikasiýalar dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we sazlaşyklylygyna gönüden-göni täsir edýän dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň ulag ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlarynyň wajypdygy hem-de şolara uly isleg bildirilýändigi aýdyňdyr. 

                                                                   

Hazarda netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyga, hoşniýetli goňşuçylyga we “Açyk gapylar” syýasaty ýörelgelerine esaslanan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz gadymy Hazaryň köptaraply ägirt uly mümkinçiligini amala aşyrmaga uly goşant goşup, onuň parahatçylygyň, dostlugyň we ylalaşygyň deňzi derejesini pugtalandyrmaga ýardam berýär. 

                                                                   

Şu günki geçirilen çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde myhmanlar we foruma gatnaşyjylar üçin Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde sergi guraldy. Bu sergi raýat awiasiýasynda iri möçberli taslamalar barada gürrüň berýär. 

                                                                   

Gürrüň täze howa menzilleriniň, terminallaryň, inženerçilik-tehniki maksatly desgalaryň gurluşygy bilen birlikde, ozalky bar bolanlarynyň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak barada hem barýar. Mysal üçin, häzirki wagtda paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde angar toplumyny gurmak boýunça işler dowam edýär. 

                                                                   

Bu ýerde paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň welaýat merkezleriniň Halkara howa menzilleriniň, Jebel we Kerki howa menzilleriniň, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň, “Türkmenistan awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, şeýle hem daşary ýurtlaryň birnäçe awiakompaniýalarynyň wekilhanalarynyň sergi bölümleri görkezildi. 

                                                                   

Raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilmegine uly ähmiýet berlip, iň täze uçarlar we dikuçarlar satyn alynýar, ýokary derejeli işgärler taýýarlanylýar, ozalky bar bolan howa menzilleri döwrebaplaşdyrylýar hem-de täze howa menzilleri gurulýar. Ine, 2010-njy we 2018-nji ýyllarda Türkmenbaşy we Türkmenabat şäherlerinde Halkara howa menzilleri ulanylmaga berildi. 2016-njy ýylda Aşgabadyň Halkara howa menziliniň täze toplumynyň açylyş dabarasy geçirildi. 2021-nji ýylyň iýun aýynda Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde Halkara howa menzili ulanylmaga berildi, iýul aýynda bolsa Jebel şäherçesinde täze howa menziliniň gurluşygyna badalga berildi. 


Bu gün paýtagtymyzyň howa menzili bilen birlikde, ýurdumyzyň welaýatlaryndaky howa menzilleri hem islendik görnüşli we islendik ýük göterijiligi bolan uçarlary kabul edip bilýärler. 

                                                                   

Ýurdumyzda gurulýan howa menzilleriniň ählisiniň, ilkinji nobatda, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek we ýolagçylara ýokary derejeli hyzmat etmek babatda häzirki zaman talaplaryna hem-de halkara ölçeglere doly kybap gelýändigini, “Thales” fransuz kompaniýasynyň öňdebaryjy radionawigasiýa enjamlary bilen üpjün edilendigini bellemek gerek. 

                                                                   

Häzirki wagtda dürli ýurtlaryň arasynda howa gatnawlaryny ýola goýmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Munuň özi ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam eder. Howa nawigasiýasy düzümleriniň ösdürilmegi hem-de awiaýolagçylara hyzmat etmekde hil derejesiniň ýokarlandyrylmagy babatda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de, milli awiasiýamyz möhüm orun eýeläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetine köp derejede uly täsirini ýetirýär. 

 Günüň ikinji ýarymynda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň Ýolagçy-parom terminalynyň birinji gaty giň gerimli sergini guramak üçin meýdança öwrüldi. Bu terminal täsin innowasion desga bolup, onuň enjamlaşdyrylyşynda iň öňdebaryjy inženerçilik çözgütleri ulanyldy. 

                                                                   

Günbatar sebite bildirilýän ählumumy gyzyklanma birnäçe wajyp ýagdaýlar bilen şertlendirilendir. Şolaryň hatarynda Hazar deňzi aýratyn orun eýeleýär. Onuň ähmiýetliligi Hazaryň geosyýasy hem-de geoykdysady ýagdaýlaryň esasy merkezleriniň birine okgunly öwrülýändigi nazarda tutulyp, geografiýa taýdan ýerleşmeginiň çäklerinden çykýar. Bu ýerde deňiz, guryýer we howa ýollaryny özünde birleşdirýän dünýä derejeli iri ulag-üstaşyr halkasy kemala gelýär. 

                                                                   

Şoňa görä-de, serginiň baş wezipesi Türkmenistanyň ulag düzümleriniň kuwwatyny, Hazar sebitine ulaglaryň dürli görnüşleri arkaly iri göwrümli we uly agramly ýükleri getirmegiň aýratynlyklaryny, olary Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerine üstaşyr ibermegi, şol sanda biziň ýurdumyzyň çäklerinden geçirip, deňze çykalgasy bolmadyk döwletlere iberilýändigini görkezmekden ybaratdyr. 

                                                                   

Sergi bilen tanyşmaga başlamazdan ozal, öňde boljak halkara maslahata gatnaşyjy daşary ýurtlular we myhmanlar üçin portuň desgalary boýunça tanyşdyryş syýahaty guraldy. Şol ýerde olar häzirki zamanyň öňdebaryjy tejribesi we sanly ulgamlary arkaly terminallaryň alyp barýan işlerini synladylar, şol işler öňde goýlan wezipeleriň takyk, dessine we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün edýär. 

                                                                   

Monitorlaryň ekranlarynda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň aýratynlyklary baradaky wideoşekiller, ýurdumyzyň ulag ulgamy bilen birlikde, tutuş milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň möhüm ýagdaýy bolup durýan onuň ähli terminallarynyň işleýşi görkezilýär. 

                                                                   

Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň düzümine parom, ýolagçy terminallary, “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawody, şeýle hem ulag üpjünçiligi: estakadaly ýol aýrytlary bolan awtoulag ýollary we demir ýollar bilen birlikde, kenar düzümine degişli köp sanly desgalar girýär.  

 Portuň iň uly desgalarynyň biri umumy ýük terminaly bolup, onuň kuwwatlylygy ýylda ortaça 4 million tonna ýük geçirijiliginden ybaratdyr. Ol dürli gurluşyk serişdelerini, polat, demir, agaç materiallary, ulaglary, enjamlary we beýlekileri kabul etmäge hem-de ibermäge niýetlenendir. Bu terminalyň gämi duralgasynyň ýanynda ýük göterijiligi 5 müň tonna bolan birnäçe gämiler bilen bir wagtyň özünde iş alyp baryp bolýar. Ýükleri ýüklemek we düşürmek üçin kuwwatly rels we mobil port kranlary hyzmat edýär. 

                                                                   

Portuň konteýner terminalynyň bir wagtyň özünde 12 gäminiň ýüküni kabul etmäge mümkinçiligi bar. Bu ýerde ýükleri ýüklemek we düşürmek bilen bir hatarda, ýörite ammarlarda dänäni saklamak mümkinçiligi üpjün edildi. Port ýükler bilen iş alyp barmak üçin iň täze enjamlara hem-de ýük götermäge niýetlenen ýörite ulag tehnikasyna eýedir. Mysal üçin, konteýner terminalynda öndürijiligi sagatda 25 TEU bolan “gämi-kenar” (STS) görnüşli duralga ýük ýükleýjileri işleýär. Şu ýerde hem wezipesine ýükleri niýetlenen ugurlary boýunça paýlamak işi girýän baş paýlaýjy merkez bar. 

                                                                   

Ürgün ýük terminaly dürli çig mal serişdelerini, nebithimiýa önümlerini, klinkeri, demir magdanyny, boksiti, alýuminini, kömri, iýmleri, dökünleri, şeýle hem dänäni, gant şekerini, duzy we beýlekileri ýüklemek üçin niýetlenendir, olary saklamak üçin bolsa ammarlar we bunkerler guruldy. 

                                                                   

Gämileri dolandyryş merkezi porta girýän gämileriň nawigasiýasyny howpsuz üpjün etmek üçin guruldy hem-de Halkara deňiz guramasy tarapyndan teklip edilen dünýä ölçegleriniň derejesindäki häzirki zaman nawigasiýa enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. 

                                                                   

Ýolagçy terminalynyň binasy 600 orunlykdyr. Bu ýerde migrasiýa we pasport gözegçiligi, beýleki zerur bolan düzgün-kadalar häzirki zaman derejesinde guralypdyr. Şeýle hem portda myhmanhana, söwda we dynç alyş merkezleri göz öňünde tutulandyr. 

                                                                   

Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň ýolagçy terminalynyň mümkinçilikleri, bu ýerde syýahatçylaryň oňaýlylygy we işgärleriň işlemegi üçin döredilen şertler ugurdaş düzümlere bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär. 

                                                                   

Umuman, awtomobil we ýolagçy parom terminalynyň umumy meýdany 230 müň inedördül metr bolup, onuň duralgasynda birbada iki gämi ýerleşip bilýär. Ol bir ýylda 300 müň ýolagça we 75 müň treýlere hyzmat edip bilýär. 

                                                                   

Polipropileni saklamak we ýüklemek boýunça ýöriteleşdirilen terminal barada aýdylanda bolsa, bu önüm Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän nebit önümleriniň sanawynda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Ol dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar, munuň şeýledigine bolsa, hususan-da, Döwlet haryt-çig mal biržasynda baglaşylýan köp sanly şertnamalar şaýatlyk edýär. Türkmen polipropilenini Ýaponiýa, Russiýa, Türkiýe, Eýran, Özbegistan, Azerbaýjan we beýleki ýurtlar sarp edýär. Eksport harydyň agramly bölegi deňiz bilen daşalýar. 

                                                                   

Bir söz bilen aýdylanda, Halkara deňiz portunyň işi Merkezi Aziýada ulag-üstaşyr geçelgesi hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam edýär. Diýarymyzyň ulag-logistika düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagy Ýewraziýa giňişliginde durnukly ösüşe, howpsuzlygy berkitmek işinde täze gözýetimleri açýar. Bu bolsa asyrlaryň dowamynda ýurtlary hem-de halklary birleşdiren Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde dikeltmekde aýratyn ähmiýete eýedir. 

                                                                   

Munuň aýdyň mysaly hökmünde “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendemirýollary”, “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleriniň sergide görkezen köp sanly diwarlyklaryny agzap bolar. Olarda ýükleri daşamakda we ýolagçylary gatnatmakda islegleriň kanagatlandyrylmagyny, şeýle hem Diýarymyzyň bu ugurda iş alyp barýan wekillerini içerki we daşarky bazarlarda ulag işlerinde we hyzmatlarda bäsdeşlige ukyplylygyny, innowasion işjeňlik üçin şertleri döretmegi üpjün etmäge gönükdirilen ýokary netijeli ulag düzümleriniň kemala gelýändigi beýan edilýär. 

                                                                   

Demirýol ulaglary ulgamynyň teklipleri, döwletiň içinde we halkara gatnawlarynda demir ýollara niýetlenen ulgamlar hem-de enjamlar, şeýle hem utgaşykly gatnawlar ulgamy, ekspeditorlaryň we gatnadyjylaryň hödürleýän hyzmatlarynyň teklipleri, ulag terminallary we beýlekiler üns merkezinde boldy. 

                                                                   

Baý serişde kuwwatyna eýe bolan Türkmenistanyň dünýä ulgamyna işjeň goşulyşmagy häzirki günüň möhüm wezipesidir. Üstaşyr akymlaryň logistikasynda Watanymyzyň kuwwaty Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli polat ýoly bolan Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň esasy böleginiň, Amyderýanyň üstünden gurlan häzirki zaman demirýol we awtomobil köprüleriniň, Aziýa halkara ulag geçelgesiniň ilkinji nobatdakysy bolan Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýolunyň şu ýerde ýerleşýändigi nazara alnanda, haýran galdyrýar. 

                                                                   

Bu ugurlaryň sebitiň ýurtlarynyň dostluk hem-de hyzmatdaşlyk ýoluna, ygtybarly ulag geçelgesine öwrüljekdigi gürrüňsizdir, çünki bu ugurlar ykdysady bähbitden başga-da, deňhukukly gatnaşyklar şertlerinde dünýäniň ykdysady giňişligine oňyn ýagdaýda ýakynlaşmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Üç döwletiň aragatnaşyk ulgamlaryny baglanyşdyrýan Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan halkara geçelgesi bu ýurtlaryň hem-de Ýewraziýa yklymynyň beýleki döwletleriniň arasyndaky haryt dolanyşygyny ençeme esse artdyrmaga mümkinçilik berer. 

                                                                   

Munuň özi täze ulag ýollaryny gurmak hem-de ozal ulanylýan awtoulag ýollaryny abatlamak boýunça giň gerimli taslamalar amala aşyrylýan ýol-ulag düzümleriniň ösdürilmegine-de degişlidir. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň çäklerinde inžener-aragatnaşyk ulgamlaryny doly çalşyrmak, hereket howpsuzlygynyň döwrebap ulgamyny ornaşdyrmak, elektron maglumat tablolaryny, LED-monitorlary gurnamak we beýlekiler göz öňünde tutuldy. 

                                                                   

Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň sergi bölüminde ugurdaş düzümleri gurmakda awtomobil ýollaryny çekmegiň çyzgylary görkezildi. 

                                                                   

Türkmenistany goňşy döwletler bilen baglanyşdyrýan täze awtoulag ýollary we köprüler gurulýar, dünýäniň esasy öndürijileri tarapyndan iberilýän häzirki zaman tehnikalary bilen ulag düzüminiň yzygiderli üsti ýetirilýär. Şol tehnikalar soňky ýyllaryň dowamynda ýol-ulag ulgamynyň taslamalary durmuşa geçirilende işjeň ulanylýar. Monitorlarda topragy dykyzlandyryjy tehnikalaryň dürli görnüşleri, buldozerler, ýer gazyjy enjamlardyr topragy tekizleýji tehnikalar we beýlekiler görkezilip, şolar döwrüň ýokary talaplaryna kybap gelýär. 

                                                                   

Uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşygy dowam edýär. Ýokary tizlikli awtoulag ýoly Türkmenistanyň çäklerinden geçýän ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, serhetdeş Özbegistan bilen ulag gatnaşyklary babatda uly mümkinçilik açylýar. Ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen baglanyşdyrýan awtobanyň Aşgabat — Türkmenbaşy ýoly bilen birleşdirilmeginiň netijesinde bolsa, Hazarda Halkara deňiz portuna ýük akymlarynyň göni çykmagy, ondan aňry bolsa deňziň üsti bilen Kawkaza, Ýewropa tarap, Russiýanyň günortasyna, Eýranyň demirgazygyna, Pars we Oman aýlaglaryna çykalga üpjün ediler. 

                                                                   

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde, sebit we sebitara derejesinde utgaşykly logistika ulgamyny döretmek, Merkezi Aziýany we Ýewropany, Hazar, Gara deňiz we Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogary, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýany baglanyşdyrýan döwletara üstaşyr geçelgelerini kemala getirmek boýunça iri taslamalar amala aşyrylýar. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ulag düzüminiň ýene-de bir möhüm desgasynyň — Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçjek täze awtoulag köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. 

                                                                   

Türkmenistan — Gazagystan ulag ugrunyň möhüm inženerçilik desgasyna öwrüljek täze köpriniň bina edilmegi, oňa barýan ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenbaşy awtoulag ýoly bilen birleşdiriljek ýoluň durkunyň täzelenilmegi Diýarymyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistika hyzmatlarynyň hilini we tiz ýerine ýetirilmegini ep-esli artdyrmaga, halkara ulag-üstaşyr düzümlerini hem-de goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer. 

 Häzirki döwürde döwletimiz ulag geçelgelerini gurup, awtomobil we demir ýollar ulgamyny, howa we deňiz ugurlaryny giňeltmek bilen, sebitde ählumumy parahatçylygyň, durnukly ykdysady rowaçlygyň pugtalanmagyna ýardam edýär. Hut şular hem Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde gaýtadan dikeltmekde ýerine ýetirilýän anyk işlerdir. Şunda tutuş Ýewraziýa giňişliginde ýük daşalyşyny ösdürmek üçin mümkinçilikleri ep-esli artdyrýan gämi gatnawy hem-de port hojalygy möhüm wezipeleri ýerine ýetirýär. 

                                                                   

Mysal üçin, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň sergi bölüminde önümçilik işleriniň tehnologik tapgyrlary görkezilýär. Biziň ýurdumyz üçin düýbünden täze bolan bu kärhana Watanymyzyň gämi gurluşygyny ösdürmek üçin esas boldy. Gämileri ýygnamakdan başga-da, bu ýerde ýük gämilerini, gury ýük daşaýjy gämileri, tirkeg gämilerini we beýlekileri abatlamak boýunça işleriň doly tapgyryny ýerine ýetirmek bolýar. 

                                                                   

Ýylda 10 müň tonna polady işlemäge ukyply zawodda öňdebaryjy tehnologiýalaryň hem-de häzirki zaman awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň ornaşdyrylandygyny bellemek gerek. Mundan başga-da, bu toplumyň kuwwaty her ýylda 4 — 6 gämini gurmaga, şeýle hem 20 — 30 gämini abatlamaga we olara tehniki taýdan hyzmat etmäge mümkinçilik berýär, şol işleri ýerli hünärmenler amala aşyrýarlar. 

                                                                   

Zawodyň taslamasy deňiz gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek babatynda standartlary we kadalary işläp düzmek wezipesini ýerine ýetirmegi maksat edip goýýan IAСS؅— International Assoсiation Сlassifiсation Soсietes-iň (MAKO — Hünär synaglary jemgyýetleriniň halkara assosiasiýasy) halkara ölçegleriniň talaplaryna laýyklykda düzüldi. Dünýä söwda flotunyň möçberiniň 90 göterimden gowragy MAKO jemgyýetleriniň agzalaryna degişlidir. 

                                                                   

Şeýle hem gözden geçirilişe logistika ugurly kompaniýalar — «Türkmen halkara awtoulagly daşaýjylarynyň assosiasiýasy» hojalyk jemgyýeti, «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti gatnaşdylar. Şolaryň işleri bu ulgamda iri möçberli halkara taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglylykda, aýratyn ähmiýete eýedir. Sergä gatnaşyjylaryň ençemesi iň täze tehnologiýalaryň ulanylmagy arkaly iri göwrümli ýükleri daşamakda mümkinçiliklerini görkezdiler. 

                                                                   

BMG-niň dürli düzümleýin bölümleri, halkara guramalar, Döwlet gümrük gullugy we beýlekiler sergi diwarlyklaryny wideogörnüşde görkezdiler. 

                                                                   

Bu wideotanyşdyrylyşlaryň umumy maksady ulag akymlarynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginde, gatnawlaryň ugurlaryna döwletleriň hem-de iri sebitleriň köp sanlysyny goşmakda jemlenip, ol döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge, ýurtlaryň hem-de halklaryň özara düşünişmegine we ýakynlaşmagyna anyk ýardam berer. 

                                                                   

Türkmenbaşy şäheriniň deňiz portunyň ulanylmaga berilmegi bilen, köpugurly hem-de köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmekde iri halkara hem-de sebitleýin guramalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanylyşynyň geriminiň ep-esli giňelýändigi aýdyňdyr. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, 2017-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň umumadamzat derejesinde ähmiýetlidiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Şol resminamanyň awtordaşy bolup, 74 ýurt çykyş etdi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ulag-üstaşyr gatnawlary babatda Kararnamalaryň dördüsini kabul edendigi guwançlydyr. 

                                                                   

Serginiň esasy ugurlarynyň biri ýükleriň daşalyşydyr. Bu bölüme gatnaşýanlar ammarlarda işleriň alnyp barlyşyna syn bermegiň toplumlaýyn ulgamynyň hem-de serişdeleriň we önümleriň içerki önümçilik logistikasynyň, ulag ulgamy, logistika we intralogistika, şeýle hem dünýä bazarlarynda üstünlik gazanmagyň esasy ýagdaýy hasaplanylýan harytlary ulaglar arkaly daşamakda tiz, ýokary hilli we gymmat bolmadyk hyzmatlar üçin IT-çözgütleriň tanyşdyrylyşlaryny görkezdiler. 

                                                                   

Sergide täze tehnologiýalaryň, gologrammalaryň, interaktiw kartalaryň, sensor ekranlaryň, köp sanly multiproýektorlaryň ulanylmagy myhmanlara ulag-aragatnaşyk ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň hem-de taslamalaryň netijelerini örän aýdyň görmäge mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Sergä gelenler ulag-aragatnaşyk toplumynyň gazananlaryna bagyşlanan bölümi gözden geçirenlerinden soňra, ýolagçy-parom terminalynyň ikinji gatyna düşýärler we şol ýerde ýolagçy köprüsi boýunça awtoulaglaryň gämä ýüklenilişini synladylar. 

                                                                   

Şeýlelikde, Türkmenistan dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugry bolan ulag-kommunikasiýa ulgamynda halkara gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly goşant goşýar. Bu ulgam häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetiniň öňdebaryjysydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyz ulag-kommunikasiýa ulgamynda uly kuwwata eýe bolup, birnäçe iri halkara we sebitleýin taslamalaryň başyny başlaýjy bolup çykyş etmek bilen, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegine hem-de giňeldilmegine uly goşant goşýar. 

                                                                   

 * * * 

                                                                   

Şeýle hem şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary we birnäçe halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdiler. 

                                                                   

Geçirilen duşuşyklarda sebitiň we dünýäniň dünýä ykdysady gatnaşyklarynyň ösmegine kuwwatly itergi berjek täze ulag geçelgelerini döretmek we ozal hereket edýänlerini giňeltmek boýunça geljegi uly meýilnamalary nazara almak bilen, däp bolan hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

15.08.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife hem-de ýurduň ähli halkyna milli baýram — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. 

                                                                   

“Biz Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklara ýokary baha berýäris we bu gatnaşyklaryň geljekde hem iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz döwletlerimiziň arasyndaky yzygiderli pugtalanýan we kämilleşýän gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp, netijeli hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Arif Alwä hem-de Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarife tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Pakistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi. 

                                                                   

 Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelo de Souza we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Portugaliýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny we Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini belläp, halklarymyzyň bähbidine türkmen-portugal hyzmatdaşlygynyň geljekde hem bilelikdäki tagallalaryň netijesinde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Marselo Rebelo de Souza tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Portugaliýa Respublikasynyň halkyna bolsa öňe gitmegi hem-de rowaçlyk arzuw etdi. 

                                                                   

 Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola Koreýa Respublikasynyň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. 

                                                                   

“Biz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýäris. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde hem iki ýurduň halklarynyň bähbidine yzygiderli ösdüriljekdigine berk ynanýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belledi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ýun Sok Ýola tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Koreýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňe gitmegi hem-de rowaçlyk arzuw etdi. 

                                                                   

 Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmua we Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modä hem-de ýurduň ähli halkyna Hindistan Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. 

                                                                   

“Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça netijeli we özara bähbitli gatnaşyklar ýola goýuldy. Bu gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn” diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belledi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident hanym Draupadi Murmua hem-de Premýer-ministr Narendra Modä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Hindistan Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi. 

                                                                   

 (TDH)

15.08.2022
Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy­nyň bar­şy bi­len ta­nyş­dy

Ahal we­la­ýa­ty, 13-nji aw­gust (TDH). Şu gün Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy, Türk­me­nis­ta­nyň Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ryp, we­la­ýa­tyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy­nyň bar­şy, ula­nyl­ýan gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­niň gör­nüş­le­ri, bu ýer­de gu­rul­jak bi­na­la­ryň tas­la­ma­la­ry bi­len ta­nyş­dy hem-de ugur­daş eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. 

                                                                   

Ir bi­len Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy tä­ze, hä­zir­ki za­man şä­her­gur­lu­şyk tas­la­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne gel­di. Bu ýer­de hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­my­zy Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry K.Ba­ba­ýew, Ahal we­la­ýa­ty­nyň mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy D.Ora­zow we Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­niň şä­he­ri­niň hä­ki­mi Ş.Dur­dy­ly­ýew gar­şy­lap, gur­lu­şyk meý­dan­ça­syn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler. 

                                                                   

Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­my­zyň ga­ra­ma­gy­na eý­ýäm gu­rul­ýan we gur­lu­şy­gy me­ýil­leş­di­ri­len des­ga­la­ryň tas­la­ma­la­ry hem-de ola­ryň ýer­leş­di­ril­jek ýer­le­ri­niň çyz­gy­la­ry gör­ke­zil­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, gur­lu­şyk­da mil­li bi­na­gär­lik ýö­rel­ge­le­ri bi­len ösen tej­ri­be ut­gaş­dy­ryl­ýar. 

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ýol­la­ryň hem-de meý­dan­ça­la­ryň gy­ra­la­ry­na otur­dyl­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän ger­mew­le­riň, ýe­ras­ty aw­to­mo­bil ge­çel­ge­si­niň be­ze­gin­de ula­nyl­ýan şe­kil­le­riň gör­nüş­le­ri, 350 orun­lyk ça­ga­lar ba­gyn­da ýer­leş­di­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän dür­li haý­wan­la­ryň hem-de ça­ga­la­ryň söý­gü­li er­te­ki­le­ri­niň gah­ry­man­la­ry­nyň heý­kel şe­kil­le­ri bi­len ta­nyş­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz gör­ke­zi­len nus­ga­la­ry syn­lap, ola­ryň her bi­ri­niň öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bol­ma­ly­dy­gy­ny hem-de bu şe­kil­le­riň ça­ga­lar­da ýa­kym­ly duý­gu­la­ry oýar­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di we şe­kil­le­ri hem-de heý­kel­jik­le­ri taý­ýar­la­mak iş­le­ri­ne örän jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­leş­me­li­di­gi­ne ün­si çek­di. 

                                                                   

Soň­ra Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow tä­ze mer­kez­de gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýan we bi­na edil­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän des­ga­la­ryň şe­kil tas­la­ma­la­ry, ola­ryň be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ry hem-de dur­muş mak­sat­ly bi­na­lar­da otur­dyl­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän en­jam­lar, ola­ryň ýer­leş­jek ýer­le­ri­niň çyz­gy­la­ry bi­len ta­nyş­dy. 

                                                                   

Ahal we­la­ýa­ty­nyň mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy D.Ora­zow hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­my­za taý­ýar­la­ny­lan tas­la­ma­lar, tä­ze şä­he­riň des­ga­la­ry­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry hem-de ýer­leş­jek ýer­le­ri­niň çyz­gy­la­ry ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 

                                                                   

Bu ýer­de Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­niň çä­gin­de gu­rul­ma­gy tek­lip edil­ýän mu­ze­ýiň, te­at­ryň za­ly­nyň iç­ki gör­nüş­le­ri­niň, şeý­le hem Ahal we­la­ýat Ça­ga­lar sa­gal­dyş-di­kel­diş mer­ke­zi­ne de­giş­li 100 we 150 orun­lyk ça­ga­lar bag­la­ryn­da or­naş­dy­ryl­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän en­jam­la­ryň gör­nüş­le­ri, bi­na­la­ryň be­ze­gi­ne de­giş­li se­riş­de­ler gör­ke­zil­di. 

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz tä­ze şä­he­ri ýag­ty­lan­dyr­jak ýol yşyk­la­ry­nyň gör­nüş­le­ri, 350 orun­lyk kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­nyň iç­ki we daş­ky be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ry, onuň otag­la­ry­nyň en­jam­laş­dy­ry­ly­şy, şeý­le hem “Tiz kö­mek” mer­ke­zi­niň, Ahal we­la­ýat Enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­ýyş mer­ke­zi­niň hem-de 150 orun­lyk on­ko­lo­gi­ýa mer­ke­zi­niň teh­ni­ki taý­dan en­jam­laş­dy­ry­ly­şy bi­len ta­nyş­dy. 

                                                                   

Soň­ra hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­my­za gu­rul­jak met­ji­diň be­zeg iş­le­rin­de ula­nyl­jak dür­li gör­nüş­li ör­tük daş­la­ry­nyň gör­nüş­le­ri gör­ke­zil­di hem-de olar­da yşyk we Gün şöh­le­si dü­şen­de eme­le gel­ýän öwüş­gin­ler ba­ra­da mag­lu­mat be­ril­di. Mu­nuň özi de­giş­li bi­na­la­ryň be­zeg iş­le­rin­de hä­zir­ki za­man se­riş­de­le­ri­niň ula­nyl­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. 

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz gör­ke­zi­len şe­kil tas­la­ma­la­ry­ny syn­lap, gur­lu­şyk­lar­da ýo­ka­ry hil de­re­je­si­niň üp­jün edil­me­gi­niň we des­ga­la­ryň bel­le­ni­len möh­let­ler­de ula­nyl­ma­ga tab­şy­ryl­ma­gy­nyň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy hem-de bu iş­le­re örän jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­leş­me­gi tab­şyr­dy. Dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­mek üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len, bi­na­la­ryň iç­ki be­ze­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­me­li­dir. Mu­nuň özi tas­la­ma taý­ýar­laý­jy­la­ra hem-de gur­lu­şyk­çy­la­ra bil­di­ril­ýän üýt­gew­siz ta­lap­dyr di­ýip, hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz bel­le­di we bu ýö­rel­gä­ni ne­ti­je­li do­wam et­me­li­di­gi­ne ün­si çek­di. 

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, Kö­pet­da­gyň ete­gin­dä­ki aja­ýyp kün­jek­de Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň tä­ze bi­na­gär­lik çöz­gü­di­niň aý­dyň ne­ti­je­si bo­lan tä­ze şä­he­riň ke­ma­la gel­me­gi ýur­du­my­zyň ösüş­le­riň be­lent­lik­le­ri­ne ta­rap ynam­ly ga­dam ur­ýan­dy­gy­nyň we dur­mu­şy­my­zyň her bir pur­sa­dy­nyň uly ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky be­ýa­ny­na öw­rü­ler. 

                                                                   

Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz mil­li gur­lu­şyk se­na­ga­ty­nyň hä­zir­ki za­man tej­ri­be­le­ri­ni özün­de jem­le­ýän şä­he­riň gu­rul­ma­gy­nyň mö­hüm­di­gi ba­ra­da aý­dyp, bu ýer­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ta­ry­hy äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni bel­le­di. Şun­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýo­ka­ry hil­li we hä­zir­ki za­ma­nyň eko­lo­gi­ýa ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­me­gi wa­jyp­dyr. Kö­pet­da­gyň ete­gin­dä­ki aja­ýyp kün­jek­de ýer­leş­ýän tä­ze şä­her­de amat­ly ho­wa gur­şa­wy­nyň sak­la­nyl­ma­gy hä­zir­ki gü­nüň mö­hüm we­zi­pe­si hök­mün­de kes­git­le­nil­di. 

                                                                   

Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow gör­ke­zi­len tas­la­ma­la­ry, aý­ra­tyn-da, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­na de­giş­li eda­ra­la­ryň en­jam­laş­dy­ryl­ma­gy, ola­ryň üp­jün­çi­lik de­re­je­si bo­ýun­ça be­ýan edi­len tek­lip­le­ri de­giş­li hü­när­men­ler bi­len ara alyp mas­la­hat­laş­ma­gyň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny aýt­dy. Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz gur­lu­şyk iş­le­rin­de mil­li bi­na­gär­lik ýö­rel­ge­le­ri bi­len hä­zir­ki za­ma­nyň ösen tej­ri­be­si­niň ula­nyl­ma­gy­nyň mö­hüm ta­lap bo­lup dur­ýan­dy­gy­na ün­si çek­di. 

                                                                   

Soň­ra Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bu ýer­de Ahal we­la­ýa­ty­nyň mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy D.Ora­zo­wyň we Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­niň şä­he­ri­niň hä­ki­mi Ş.Dur­dy­ly­ýe­wiň gat­naş­ma­gyn­da iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. Iş mas­la­ha­ty­nyň do­wa­myn­da şä­he­riň des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­nyň ýo­ka­ry hil de­re­je­si­ni hem-de ola­ryň öz wag­tyn­da ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re ga­ral­dy. Şeý­le hem ýur­du­my­zyň hu­su­sy gur­lu­şyk kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň alyp bar­ýan iş­le­ri, ola­ryň hä­zir­ki za­man tej­ri­be­sin­den we tä­ze­çil usul­lar­dan peý­da­la­ny­ly­şy ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin ha­sa­bat be­ril­di. 

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gyn­da tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, san­ly ul­ga­myň iş­jeň ula­nyl­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di. Şun­da tä­ze mer­ke­ziň eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­na uly äh­mi­ýet be­ril­me­li­dir. Bil­di­ril­ýän ta­lap­lar berk ber­jaý edil­me­li­dir, gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýan des­ga­la­ryň ýa­na­şyk ýer­le­ri­niň aba­dan­laş­dy­ry­ly­şy­na aý­ra­tyn üns be­ril­me­li­dir.  

                                                                   

Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy bu ba­ra­da­ky gür­rü­ňi do­wam edip, mer­kez­de “akyl­ly şä­her” kon­sep­si­ýa­syn­dan ugur alyn­ma­ly­dy­gy­na ün­si çek­di. Bu kon­sep­si­ýa­nyň esa­sy ug­ry bol­sa bi­na edil­ýän des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gyn­da eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa se­riş­de­le­riň ula­nyl­ma­gyn­dan we ýo­ka­ry eko­lo­gi­ýa de­re­je­si­ni üp­jün et­mek­den yba­rat­dyr. Mer­ke­ziň çäk­le­rin­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän äh­li iş­ler­de şu ýö­rel­ge­ler­den ugur alyn­ma­gy esa­sy ta­lap bo­lup dur­ýar. 

                                                                   

Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedow tä­ze şä­he­riň in­že­ner­çi­lik des­ga­la­ry­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry ba­ra­da aý­dyp, şun­da he­mi­şe bol­şy ýa­ly, ýo­ka­ry hil de­re­je­si­niň üp­jün edil­me­gi­niň, iş­le­riň bel­le­ni­len ter­ti­be la­ýyk­lyk­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­niň, şeý­le hem eko­lo­gi­ýa ta­lap­la­ry­nyň göz öňün­de tu­tul­ma­gy­nyň baş ta­lap­dy­gy­ny ýat­lat­dy. 

                                                                   

Ahal we­la­ýa­ty­nyň mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy D.Ora­zow mer­kez­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ýan­dy­gy we döw­let ta­ra­pyn­dan ze­rur gol­daw­la­ryň be­ril­ýän­di­gi üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za hem-de Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di we öň­de goý­lan we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi ug­run­da äh­li ze­rur ta­gal­la­la­ry­ny gaý­gyr­ma­jak­dyk­la­ry­na ynan­dyr­dy. 

                                                                   

Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy iş mas­la­ha­ty­ny ta­mam­lap, mer­ke­ziň çä­gin­de do­wam ed­ýän gur­lu­şyk iş­le­ri­ni syn­la­dy. Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz ýo­lug­ru­na ýe­ras­ty aw­to­mo­bil ge­çel­ge­si­niň gu­rul­ýan ýe­rin­de sak­lan­dy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bi­len tan­şyp, gur­lu­şyk­lar­da ula­nyl­ýan se­riş­de­le­riň berk­di­gi­ne, ola­ryň ýur­du­my­zyň ho­wa şert­le­ri­ne la­ýyk gel­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­me­li­di­gi­ni bel­le­di. Mu­nuň özi ýol-ulag dü­zü­mi­ne de­giş­li des­ga­la­ryň uzak möh­let­le­ýin­li­gi­ni üp­jün eder. Şol bir wag­tyň özün­de des­ga­la­ryň ýa­na­şyk ýer­le­ri­niň göw­ne­jaý aba­dan­laş­dy­ryl­ma­gy­na mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­me­li­dir. 

                                                                   

Soň­ra hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz ýo­lu­ny do­wam edip, Gök­de­pe et­ra­by­nyň Kä­ri­zek ge­ňeş­li­gi­niň A.An­na­ýew oba­sy­na ba­ryl­ýan Ak­han şa­ýo­lu­nyň çat­ry­gyn­da ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len meş­hur Ak­han bi­na­sy­nyň gur­lu­şy­gy­na ta­rap ug­ra­dy. 

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bu ýer­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri syn­lap, gur­lu­şyk we be­zeg se­riş­de­le­ri­niň bu kün­je­giň ho­wa şert­le­ri­ne la­ýyk gel­me­li­di­gi­ni, onuň gur­lu­şy­gy­nyň hä­zir­ki za­ma­nyň ösen tej­ri­be­si esa­syn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li­di­gi­ni bel­le­di. Onuň gur­lu­şy­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýo­ka­ry hil de­re­je­si­ne eýe bol­ma­gy türk­men hal­ky­nyň mil­li buý­san­jy­na öw­rü­len Ak­han at­ly be­de­we goý­ýan sar­pa­sy­nyň aý­dyň ny­şa­ny bo­lar. Şol bir wag­tyň özün­de ýa­dy­gär­li­giň tö­we­re­gin­de ugur­daş şe­kil­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne, onuň ýa­na­şyk ýer­le­ri­niň hä­zir­ki za­man ta­lap­la­ry­na la­ýyk de­re­je­de aba­dan­laş­dy­ryl­ma­gy­na mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­me­li­dir. 

                                                                   

Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de, şol san­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zin­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň baş mak­sa­dy­nyň hal­ky­myz üçin amat­ly zäh­met, ýa­şa­ýyş we dynç alyş şert­le­ri­ni dö­ret­mek­den yba­rat­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Mu­nuň özi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baştutan­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän we “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen şy­ga­ry baş ýö­rel­ge edin­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­nyň, ýur­du­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. 

                                                                   

Möç­be­ri we maz­mu­ny bo­ýun­ça ägirt uly tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne mer­kez­de iş­le­ýän­le­riň my­na­syp go­şan­dy­nyň bar­dy­gy­ny bel­läp, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz hem­me­le­re iş­le­rin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw edip, bu ýer­den ug­ra­dy.

15.08.2022
Kämillik — baş maksat

Biz «Kämilligiň çägi ýok» söz düzümini häli-şindi ulanýarys. Dogry hem edýäris. «Kämil» diýmeklik iň gowy, iň ökde, ýokary hilli, deňi-taýy ýok, sünnälenen diýen ýaly dürli sözler bilen beýan edilýän bir düşünjäni aňladýar. Özi-de biz, köplenç, bu düşünjäni haýsy-da bolsa bir şahsyýet babatda ulanyp, onuň hemişe gowudan-gowy netijeleri gazanmak üçin elmydama hereketde, gözlegde bolýandygyny aýtmak üçin ulanýarys. 

                                                                   

Eýsem-de bolsa, kämillik düşünjesiniň çygryny giňeldip, ony bütin jemgyýet ýa-da döwlet babatynda ulanyp bolmazmyka?! Bolar, elbetde, bolar, özi-de hut şeýle-de edilmelidir, edil biziň ýurdumyzda edilişi ýaly. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, jemgyýet aýry-aýry adamlardan, şahsyýetlerden emele gelýär. Durmuşda şeýle adamlar gabat gelýär, olary bir görseň, ýene göresiň gelýär. Olaryň oturyp-turşy, gep urşy, daş-töweregindäkilere hormaty, gündelik işine jany-teni bilen ýapyşyşy, hemmeleriň bähbidi üçin öňde goýlan wezipelere, şolaryň çygrynda öz etmeli-bitirmeli işine hökmany borç hökmünde garaýşy — garaz, ondaky ähli zat göwne makul. Oňa seredip, özüňem oňa meňzäsiň gelýär, sebäbi onuň il içinde abraýy-hormaty uly, aýdylyşy ýaly, orny törde, özi sylagly hem gerekli. Türkmençilikde ýaşuly adamlara uly hormat goýulýar. Ine, şol ýaşulular hem şeýle adamy, ýaşy kiçi bolsa-da, sylaýarlar, ony özleri bilen deň saýyp, oňa maslahat salýarlar, geňeşýärler.  

                                                                   

Elbetde, beýle bagt hemme kişä ýetdirmeýär, Onuň üçin ömürboýy azap çekmeli, hemişe kämilleşip gezmeli. Dogrusyny aýtsaň, muňa bir ömür azlyk etse gerek. Türkmende: “Aslyna bak, aslyna” diýen bir gep bar. Özüňe gowy adam diýdirmek, ýa biziň gürrüňini edýän kämilligimize ýetmek üçin, iň esasy-da, iliň şuny ykrar etmegi üçin bütin neberäň bolup, azap etmeli. Atadan ogla, oguldan agtyga geçip gelýän gowy häsiýetleriňi diňe bir dowam etdirmek däl-de, eýsem, olaryň üstüni ýetirmek, kämilleşmek gerek. Diňe şeýle ýagdaýda türkmen aga: “Bu maşgala adam çykýan ýerdir” diýer. Neberäňe “Adam çykýan ýer” diýdirmek, başgaça, gowy adamlardan bolmak aňsat däl. Ömürboýy özüňiň hem nesliň häsiýetini kämilleşdirip gelmeli, şol bir wagtda-da hünäriňi, zehiniňi ösdürmeli, meşhur bagşy-sazandalarymyzyň mysalynda aýdanymyzda, Mylly aga, Sahy Jepbar, Nurberdi Gulow, Pürli aga, Ýagmyr aga we başga-da ençeme ägirtlerimiz ýaly. Olar gijesini gündiz edip, yhlas edendikleri üçin saz dünýäsinde atlary ebedilik ýatlanylýar. Ýene-de sanawy dowam etdirsek, Nury Halmämmedow, Yzzat Gylyjow ýaly ady dünýä dolan sungat adamlarymyz bar. Türkmeniň at-owazasyny arşa göteren hem-de bütin türkmen iline asylly nusga bolan sütün-sütün ärlerimiz-pirlerimiz bardyr. Olar öz işleri bilen häzirki ýaşlara-da nusgadyr.  

                                                                   

Ýaşlar diýeniňde, elbetde, häzirki zaman türkmen jemgyýeti göz öňüňe gelýär, sebäbi ýaşlar geljegimiz, halkyň arzuwy-islegi hut ýaşlara, olaryň nähili adamlar bolup ýetişmeklerine bagly. Häzirki wagtda döwletimizde ýaşlara uly ynam bildirilýär, olaryň hemmetaraplaýyn ylymly-bilimli, ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin döwletimizde edilýän işleri sanap, aňyrsyna çykmak mümkin däl, çünki ähli işler ýaşlaryň geljegine gönükdirilendir. Gündelik çykýan gazet-žurnallardan başlap, kitaplara çenli ähli neşir önümleri, tele-radio gepleşiklerinden başlap, doly metražly kinofilmlere çenli audio-wideo önümleri, kitaphanalar, teatrlar, çagalarymyz üçin mekdepler hem mekdep ýaşyna çenli edaralar, ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim, saglygy goramak, medeniýet, giň önümçiligiň ähli pudaklarynyň çykarýan önümleri, harytlary, gysgaldyp aýdanyňda, maddy hem ruhy gymmatlyklaryň barysy bir maksada — ilki kämil şahsyýetleriň, soňra kämil jemgyýetiň, ahyrsoňunda kämil döwletiň kemala gelmegini gazanmaga gönükdirilendir. Bu örän giň hem dowamly işdir. Munda ähli zat — geçmişem, şu günem, geljegem hasaba alynmalydyr. Hemme zat sünnälenip we kämilleşdirilip, islenilýän hem arzuw edilýän hala getirilmelidir. Dogrusy, munuň üçin bir umumy taglymat gerek. Şol taglymat hem ýurdumyzda birkemsiz işlenilip düzülendir. Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sözleri bilen aýtsak, bu taglymat “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ganatly şygarda jemlenendir. Ýeri gelende bellesek, bu taglymat Gahryman Arkadagymyzyň: “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgesiniň dowamy bolup ýaňlanýar.  

                                                                   

Diýmek, biziň ýurdumyzda peder ýörelgesi, ýoly dowam edýär. Ata-babaňa sygynmak bolsa biziň türkmenlerimizde iň dogry, iň dürs ýol hasap edilýär. Ýurdumyzda döwlet ideologiýasy şahsyýet — jemgyýet — döwlet gatnaşyklarynyň barha kämilleşmegine gönükdirilendir. Munuň üçin Esasy Kanunymyz — Türkmenistanyň Konstitusiýasy bardyr. Konstitusiýamyza laýyklanan beýleki Kanunlarymyz we kanunçylyk namalarymyz bardyr. Olaryň hemmesi halkara standartlara kybap gelýär. Şunuň özi-de türkmen döwletiniň ösüş-özgerişiniň dünýä halklaryna örän düşnükli we kabul ederliklidigini, ýagny köp babatda nusga alarlykdygyny görkezýär. Türkmen tejribesini öwrenmegiň köpler üçin peýdaly boljakdygy bolsa, iri halkara guramalarynyň geçirýän mejlislerinde aýdyldy.  

                                                                   

 Türkmeniň beýik şahyry Magtymgyly Pyragyda şeýle setirler bar: 

                                                                   

 — Magtymguly, owal özüň düzetgil,
Özüňi sen özgelere göz etgil!
 

                                                                   

Manysy — ähli gowy işlerde özgelere görelde görkezmeli. Görelde bolmak üçin hem kämillik gerek. Kämilligiň bolsa, türkmeniň aýdyşy ýaly, çägi ýok.  

                                                                   

Diýmek, biz hemişe öz-özümizi ýonup gezmeli. Türkmen dilinde “Müň ýyldyzyň şuglasy bir Aýyňkyça bolmaz” diýilýän bir nakyl bar. Goý, biziň şahsyýet hökmünde her birimiziň, tutuş jemgyýetimiziň hem-de berkarar döwletimiziň şuglasy kämil şugla bolup, dünýä ýalkym saçsyn! 

                                                                                                           

Seýitguly GELDIÝEW.

                       

“Türkmenistan”.

13.08.2022
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

Balkan welaýaty, 12-nji awgust (TDH). Şu gün Hazaryň kenarynda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi hem-de käbir meselelere garaldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berdi. Wise-premýer 2022-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Ýedi aýyň jemleri boýunça toplumlaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini üpjün edildi. Hasabat döwründe, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,5 göterim artdy. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda oňyn netijeler gazanyldy. 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda bölek-satuw haryt dolanyşygy 10,4 göterim ýokarlandy. Özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary ykdysady strategiýanyň durmuşa geçirilmegi esasynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, eksportyň we importyň artmagynyň hasabyna daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 39 göterim ýokarlandy. 

                                                                   

Ýedi aýyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 103,6 göterim we çykdajy bölegi 97,4 göterim ýerine ýetirildi. Býujetiň serişdeleriniň 81,5 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haklary, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly maliýeleşdirildi. 

                                                                   

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 13,4 milliard manada deň boldy. Ýylyň başyndan bäri Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyz boýunça durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň, inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygy dowam etdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady, maliýe-bank toplumynyň ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy ulgamlarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamlarda sanly tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak hem-de ösdürmek boýunça ýokary netijeleri gazanmagyň zerurdygy nygtaldy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ministrlik tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hasabat döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini we beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça maksadalaýyk işler amala aşyryldy. Sebit we halkara derejede netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglylykda, ýokary derejedäki saparlara, gepleşiklere we duşuşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, aprel aýynda Türkmenistana Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet saparynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň iş saparynyň bolandygy bellenildi. Hasabat döwründe döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasyna we Eýran Yslam Respublikasyna resmi saparlary, Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. 

                                                                   

29-njy iýunda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde altynjy Hazar sammitiniň geçirilmegi möhüm waka boldy. 

                                                                   

Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiziň birnäçe ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirildi. Şeýle hem şu ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanandygy bellenildi. Munuň özi ata Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn geňeşmeler hem yzygiderli geçirilýär. Hasabat döwründe daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen, şol sanda bilelikdäki hökümetara toparlaryň hem-de beýleki degişli düzümleriň çäklerinde özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça duşuşyklar we gepleşikler geçirildi. 

                                                                   

Şeýle-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri 15-16-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri BMG-niň howandarlygynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça çagyrylýan forumyň maksatnamasy barada habar berdi. Maslahata 39 ýurda hem-de 34 halkara gurama wekilçilik edýän wekiller gatnaşar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Bitarap Türkmenistanyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek boýunça işleri yzygiderli dowam etmegiň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, nebiti we gaz kondensatyny çykarmagyň meýilnamasy, şol sanda “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan 100,7 göterim berjaý edildi. Nebit we gaz kondensaty bilen üpjün etmegiň meýilnamasy 111,2 göterim ýerine ýetirildi. Nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 110,2 göterim, benziniň dürli görnüşini öndürmegiň meýilnamasy 117,4 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 112,2 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 125,6 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 115,2 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 115 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 113,6 göterim, “mawy ýangyjy” eksport etmegiň meýilnamasy bolsa 123,6 göterim berjaý edildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça toplumyň öňünde durýan esasy wezipelere ünsi çekdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy bolan ýangyç-energetika toplumynyň işine täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow şu ýylyň ýedi aýynda gurluşyk-senagat we elektrik energetikasy toplumlary, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi hem-de Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hasabat döwründe gurluşyk-senagat toplumynda öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 152,5 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 114,7 göterim amal edildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasyny 167,7 göterim ýerine ýetirdi. Energetika ministrligi boýunça ýylyň başyndan bäri öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 128,4 göterim berjaý edildi. 

                                                                   

Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 112,8 göterime, daşary ýurtlara iberilen elektrik energiýasynyň ösüş depgini bolsa 141,3 göterime barabar boldy. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan hasabat döwründe önüm öndürmegiň we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 181,1 göterim ýerine ýetirildi. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 100,9 göterim amal edildi. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň meýilnamasy 120,3 göterim berjaý edildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere gözegçilik edýän toplumynyň düzümleriniň işini yzygiderli kämilleşdirmek, olaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak meseleleriniň gözegçilikde saklanylmalydygyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. 

                                                                   

Obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 108,1 göterime barabar boldy. Şunda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 108,5 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 104,1 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça bolsa 103,3 göterime deň boldy. Ähli pudaklaýyn düzümler tarapyndan maýa goýumlary özleşdirmek boýunça meýilnama 161,4 göterim ýerine ýetirildi. 

                                                                   

Häzirki wagtda welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär. Güýzlük bugdaý ekişine hem-de öňümizdäki pagta ýygym möwsümine toplumlaýyn taýýarlyk görülýär. Ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek boýunça degişli çäreler geçirilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere oba hojalyk kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmagy üpjün etmek işlerini dowam etdirmegi, olaryň netijeliligini ýokarlandyrmagy tabşyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz bol hasyl almagyň girewi bolan öňümizdäki oba hojalyk möwsümlerine içgin taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belläp, obasenagat toplumyna öňdebaryjy tehnologiýalary, suw tygşytlaýjy usullary giňden ornaşdyrmak boýunça degişli çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän söwda we dokma pudaklarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,5 göterime barabar boldy. Öndürilen önümleriň ösüş depgini 107,9 göterim ýerine ýetirildi. Dokma senagaty ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň öndürilişi 134,3 göterime, nah matalar 129,8 göterime, tikin we trikotaž önümleri 114,7 göterime, gön önümleri 107,7 göterime barabar boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 119,9 göterim ýerine ýetirildi. 

                                                                   

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe 172 birža söwdasy geçirilip, 21 müň 92 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy boýunça şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 113,6 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe sergileriň 11-si hem-de maslahatlaryň 33-si geçirildi. 

                                                                   

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 167,9 göterime hem-de senagat önümleriniň ösüş depgini 109,2 göterime deň boldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, degişli düzümlerde täze önümçilikleri döretmegiň, olaryň kuwwatyny artdyrmagyň, hususy telekeçiligiň işini höweslendirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüşi 112,7 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 111,2 göterim, ýük dolanyşygy boýunça meýilnama bolsa 109,2 göterim ýerine ýetirildi. 

                                                                   

Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüşi 111,2 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 133,5 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 120 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 113,7 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça bolsa 107,5 göterime barabar boldy. 

                                                                   

Şeýle-de agentligiň ýolbaşçysy halkara maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Ol maslahata görülýän taýýarlyk barada habar berip, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Ýolagçy parom terminalynda BMG-niň, Döwlet gümrük gullugynyň hem-de ulag we kommunikasiýalar toplumynyň düzüm birlikleri, «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy, «Türkmen halkara awtoulagly daşaýjylarynyň assosiasiýasy» hojalyk jemgyýeti, «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Türkmen logistika» assosiasiýasy jemgyýetçilik birleşiginiň «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we beýlekiler ulag ulgamynda ýerine ýetirilen işleri we ýetilen sepgitleri, ulag düzümleriniň kuwwatlyklary, alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlyk, ulag ulgamynda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça taslamalary bilen tanyşdyrarlar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulgamyň ähli düzümleriniň işini talabalaýyk alyp barmagyň, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini yzygiderli ýokarlandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda hem-de howa menzilinde we maslahatyň geçýän ýerinde foruma bagyşlanan sergileri ýokary derejede guramagy tabşyrdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hasabat döwründe talyp we okuwçy ýaşlar halkara ders hem-de internet bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, medallary gazandylar. Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara internet olimpiadalary, şeýle-de “Garaşsyzlygyň merjen däneleri”, “Ýylyň terbiýeçisi — 2022”, “Ýylyň mugallymy — 2022”, “Talyp gözeli — 2022” bäsleşikleri geçirildi. 

                                                                   

 Bilim işgärleri hünär derejesini ýokarlandyrdylar. Tomusky dynç alyş möwsüminiň üç tapgyrynda 15 müň 70 çaga dynç aldy. 

                                                                   

 Döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglary dowam edýär. 

                                                                   

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat, ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. 

                                                                   

Ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň ugurlary boýunça meýilnamalaýyn işler dowam etdirildi. Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, buýan köküni gaýtadan işleýän kärhananyň gurluşygyna girişildi. 

                                                                   

 Türkmenbaşy şäherindäki köpugurly, Daşoguz şäherindäki köpugurly we onkologiýa hassahanalary dabaraly açyldy. 

                                                                   

 Hasabat döwründe türgenlerimiz dürli halkara sport ýaryşlaryna gatnaşyp, jemi 87 medal gazandylar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýeriň gözegçilik edýän ulgamlarynda amala aşyrylýan işleriň wajypdygyna aýratyn ünsi çekdi we toplumyň ähli pudaklarynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmagy babatda anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Ýylyň şygary hem-de milli baýramlar, medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylmagy mynasybetli dürli medeni-köpçülikleýin çäreler geçirildi. Birnäçe döredijilik bäsleşikleri yglan edildi. 

                                                                   

Hasabat döwründe teatrlara “Milli” ýa-da “Akademiki” hukuk derejesini bermegiň tertibi, muzeýlere “Milli” hukuk derejesini bermegiň tertibi we şertleri, şeýle-de Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy. 

                                                                   

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk komiteti döredildi we şu güne çenli onuň iki mejlisi geçirildi. 

                                                                   

Hasabat döwründe Medeniýet ministrligi tarapyndan “Türkmen keşdeçilik sungaty” hem-de “Türkmenistanyň gadymyýeti: ylmy barlaglar we ýadygärlikleriň rejelenilişi” atly kitaplar taýýarlanylyp, türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edildi. 

                                                                   

 Köptaraplaýyn we milli hödürnamalary ÝUNESKO-nyň degişli sanawlaryna girizmek boýunça işler alnyp baryldy. 

                                                                   

Aşgabatda teatr festiwaly, Mary welaýatynda Medeniýet hepdeligi üstünlikli geçirildi. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli giň gerimli baýramçylyk dabaralary guraldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýylyň başyndan bäri milli kanunçylygy has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barlan işler barada maglumat berdi. 

                                                                   

Ilki bilen, mejlisiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimize ýakynda Esenguly etrabynda “Arkadagyň nesilleri” atly döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň açylmagy mynasybetli etrabyň bagtyýar çagalarynyň we tutuş ilatynyň hoşallyk sözlerini ýetirdi. Munuň özi Türkmenistanyň bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmündäki derejesiniň ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Şeýle-de kabul edilýän kanunçylyk namalaryny, döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny düşündirmek, milli däpleri hem-de halkymyzyň taryhy-medeni gymmatlyklaryny wagyz etmek, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça işler alnyp barylýar. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew ýurdumyzyň hukuk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. 

                                                                   

Ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň üç mejlisi geçirildi. Olaryň barşynda birnäçe Kanunlar ara alnyp maslahatlaşyldy we makullanyldy. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynda iş saparlarynda bolup, dürli pudaklaryň işgärleri, daýhanlar, ýaşlar bilen duşuşyp, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri, şol sanda zähmet çekmek, okamak, sazlaşykly ösmek üçin döredilýän mümkinçilikler bilen gyzyklanýar hem-de kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça täze wezipeleri kesgitleýär. 

                                                                   

 Geçirilen halkara çäreleriň hatarynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy bar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerini nazara almak bilen, kämilleşdirilýän kadalaşdyryjy hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça işleriň mundan beýläk-de dowam etdirilmeginiň örän wajypdygyny belledi. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, hemmeleri Hazar deňziniň güni bilen gutlady we bu sene mynasybetli guralýan çäreleriň Hazaryň parahatçylygyň we dostlugyň deňzi hökmündäki derejesini pugtalandyrýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňzi boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 15-16-njy awgustynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň Hazaryň kenarynda geçiriljek maslahatynyň ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygy sazlaşykly ösdürmekdäki, Türkmenistanyň halkara forumlaryň geçirilýän merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyrmakdaky ähmiýetini belledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşi barada aýdyp, şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,1 göterim derejesinde bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetimiziň önümçilik pudaklarynyň işini döwrüň talabyna laýyk ýagdaýda alyp barmak, olaryň kuwwatlyklaryny artdyrmak meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunda ýurdumyzyň senagat toplumynyň, oba hojalygynyň, energetika ulgamlarynyň, ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik düzümleriniň işiniň depginini ýokarlandyrmak, gaýtadan işleýän senagatyň kuwwatlyklaryny artdyrmak, şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini, telekeçilik ulgamyny ösdürmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyz ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we ýaşlar syýasaty ugurlarynda, jemgyýetçilik guramalarynda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, bu ulgamlarda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini nygtady. Mundan başga-da, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň 1-nji sentýabrda geçiriljek VII gurultaýynyň ýokary derejesini üpjün etmegiň wajypdygy bellenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň medeni maksatnamasynyň talabalaýyk taýýarlanylmagynyň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreleriň şatlykly pursatlara, ýatda galyjy wakalara beslenmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz sentýabr aýynyň ýurdumyzyň durmuşynda taryhy ähmiýeti bolan şanly wakalara baýdygyny belläp, baýramçylyk mynasybetli geçiriljek çärelere, aýratyn-da, 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Döwlet maslahatyna häzirden gowy taýýarlyk görülmelidigini belledi. Maslahatda berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselelerine serederis, şoňa görä-de, bu maslahaty ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň ýedi aýynda ýurdumyzda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanan göçme mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

13.08.2022
Hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow XXI asyryň täze taryhy şertlerinde dünýäniň bitewüliginden ugur alýan öňdengörüjilikli syýasaty ýöretmek bilen, zeminiň ähli ýurtlarynyň özara sazlaşykly ösüşine ýardam edýän üstaşyr ulag infrastrukturasyny emele getirmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürýär hem-de şol başlangyçlaryň gaýragoýulmazdan durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berýär. Hususan-da, üstaşyr ulag hyzmatdaşlygynda halkara hukuk esaslarynyň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda, 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda halkara hyzmatdaşlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde üstaşyr ulag geçelgeleriniň tutýan ornuna bagyşlanan ýokary derejede halkara maslahat geçirildi. Halkara maslahatyň jemleýji gününde Aşgabat Jarnamasyna gol çekildi. Şondan soň Türkmenistanyň başlangyjy bilen halkara üstaşyr ulag geçelgeleri boýunça ýörite resminama işlenip taýýarlandy. 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG tarapyndan «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriň orny» atly Kararnama 66 döwletiň awtordaşlygynda kabul edildi. 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda 85 döwletiň awtordaşlygynda durnukly köpugurly üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi baradaky Kararnama kabul edildi. Taryhy Kararnamanyň kabul edilmegi netijesinde BMG-niň howandarlygynda 2016-njy ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda jemleýji resminama gol çekildi. 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda nobatdaky gezek 74 döwletiň awtordaşlygynda «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnama kabul edildi. 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin, üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalaryny üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýa kabul edildi we oňa 48 döwlet awtordaş bolup çykyş etdi.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna onlaýn tertibinde gatnaşdy. Bu maslahat HHR-iň paýtagty Pekin şäherinde geçirildi. Halkara maslahatda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy netijesinde Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde, 2022-nji ýylda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmek baradaky teklip öňe sürüldi. Ýeri gelende bellesek, BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde hem BMG-niň çäklerinde işjeňligiň dowamy hökmünde üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmek teklip edildi.  

                                                                   

Häzirki zaman şertlerinde durnukly ösüşi üpjün etmekde guryýer we suw ýollarynyň utgaşykly ulanylmagy uly ähmiýete eýedir. Bu, aýratyn hem, deňze çykalgasy bolmadyk we kiçi adalarda ýerleşýän ösüp barýan döwletleriň çäklerine degişlidir. Şunuň bilen bagly meseleleri çözmekde halkara hyzmatdaşlygy alyp barmak üçin BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2001-nji ýyldaky ýörite Kararnamasy bilen döredilen ýöriteleşdirilen edarasy hereket edýär, ol latyn elipbiýinde, gysgaldylyp, UN-OHRLLS diýlip atlandyrylýar we oňa BMG-niň Ýokary wekili ýolbaşçylyk edýär. 

                                                                   

Bu halkara gurama az derejede ösen ýurtlary, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleri we ösüp gelýän kiçi ada döwletlerini goldamak boýunça işleri alyp barýar. Mälim bolşy ýaly, dünýäde az derejede ösen ýurtlaryň sany 46, deňze çykalgasy bolmadyk, ösüp barýan döwletleriň sany 32 we ösüp barýan kiçi ada döwletleriniň sany 38-dir.  

                                                                   

 BMG-niň Ýokary wekiliniň edarasynyň esasy wezipeleri şulardan ybaratdyr: 

                                                                   

— Baş Sekretara we BMG-niň ähli düzüm birliklerine öňde goýlan maksatlary ulgamlaýyn amala aşyrmak üçin deňze çykalgasy bolmadyk we kiçi adalardaky ýurtlar bileleşiginiň işini ýurt, sebit hem ählumumy derejede ilerletmek, şeýle-de gözegçilik etmek üçin hemaýat bermek; 

                                                                   

— Ykdysady we durmuş geňeşine, şeýle hem Baş Assambleýa Hereketler maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine her ýyl gözegçiligi geçirmäge we gazanylan ösüşe baha bermäge ýardam etmek; 

                                                                   

 — Bütindünýä çarçuwaly Maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça öňde duran çäreleri geçirmäge ýardam etmek; 

                                                                   

— deňze çykalgasy bolmadyk we yzagalak, ösüp barýan ýurtlaryň we kiçi adalarda ýerleşýän ösüp barýan döwletleriň bähbitlerini nazara alyp, BMG-niň degişli düzümleri, raýat jemgyýeti, KHBS, ylmy toparlar, gaznalar bilen hyzmatdaşlykda degişli wagyz işlerini geçirmek; 

                                                                   

— Yzagalak ýurtlar üçin Hereketler maksatnamasyny we deňze çykalgasy bolmadyk yzagalak, ösüp barýan ýurtlar we kiçi adalarda ýerleşýän ösüp barýan döwletler üçin beýleki maksatnamalardyr başlangyçlary durmuşa geçirmekde halkara goldawy, resurslary çekmäge ýardam etmek; 

                                                                   

— deňze çykalgasy bolmadyk yzagalak, ösüp barýan ýurtlara we kiçi adalarda ýerleşýän ösüp barýan döwletlere toparlaýyn maslahat bermek arkaly degerli goldawy bermek. 

                                                                   

 Döwletleriň we sebitleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini ylmy taýdan öwrenmek maksady bilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça halkara ylmy-barlag merkezi hereket edýär. Bu merkez deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň 2003-nji ýylda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde ministrler derejesinde üstaşyr ulag hyzmatdaşlygy boýunça geçirilen halkara maslahatdan soňra döredilipdi. 

                                                                   

2014-nji ýylyň noýabr aýynda Awstriýanyň Wena şäherinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça BMG-niň ikinji maslahaty geçirildi. 2016-njy ýylyň 13-14-nji oktýabrynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň durnukly ulag ulgamy boýunça ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat Boliwiýa döwletiniň Santa-Krus şäherinde geçirildi.  

                                                                   

2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag boýunça maslahaty geçiriler. Bu halkara maslahata Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Bütindünýä Gümrük Guramasynyň, Halkara Awtoulag bileleşiginiň, Halkara elektrik aragatnaşyk bileleşiginiň, TRASEKA-nyň, halkara bank hem maliýe guramalarynyň ýolbaşçylary-da gatnaşarlar. Bu forum 2024-nji ýyla meýilleşdirilýän BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmegiň esasy tapgyrlaryndan biri bolar. 

                                                                   

Türkmenistan açyk deňizlere çykalgasy bolmadyk döwletleriň hataryna girýän-de bolsa, Hazar deňziniň kenarynda ýerleşmegi oňa halkara deňiz gatnawyna işjeň goşulyşmaga mümkinçilik döredýär. Mälim bolşy ýaly, Hazar deňzi, ilkinji nobatda, sebitiň bäş döwletiniň arasynda ýolagçy we ýük gatnawyny amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, oňa birigýän suw ýollarynyň üsti bilen açyk deňizlere hem gämi gatnawyny amala aşyrmaga mümkinçilik bar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan halkara ulag arabaglanyşygynyň esasy halkasy hökmünde özüniň port infrastrukturasyna we deňiz ulaglaryna aýratyn üns berýär. 

                                                                   

Türkmenbaşy şäherinde iri Halkara deňiz portunyň gurulmagy halkara deňiz gatnawlarynda ýurdumyzyň mümkinçiliklerini giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Munuň netijesinde, diňe ýurdumyzyň öz deňiz flotuny giňeltmäge ýa-da ýurdumyza gelýän we ýurdumyzdan äkidilýän ýükleriň mukdaryny artdyrmaga däl, eýsem, daşary ýurt gämilerine hyzmat etmegiň hilini we mümkinçiligini ýokarlandyrmaga, üstaşyr geçirmeleriň möçberini artdyrmaga hem şert döredi.  

                                                                   

2021-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň, halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda «Türkmenistan we halkara guramalar: ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk» ady bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Oňa BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlar boýunça ýokary wekili wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşyp, ulag we aragatnaşyk pudagynda halkara taslamalary durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň ornuny, onuň geosyýasy artykmaçlyklaryny belläp geçdi. 

                                                                   

Türkmenistan iki yklymyň çatrygynda ýerleşýän döwlet bolup, ulagyň ähli görnüşlerini ösdürmek babatda halkara derejede uly mümkinçiliklerden peýdalanýar. Deňiz üsti gatnawlary amala aşyrmakda, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde ýurdumyzyň «deňiz derwezesiniň» mümkinçilikleri örän uludyr. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi, ulag-aragatnaşyk ulgamy ýaly möhüm ugurda ýokary sepgitlere ýetilmegi ösüşleriň ygtybarly kepilidir. 

                                                                                                           

Perhat ÇARYÝEW,

                       

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.

13.08.2022
Guwandyryjy görkezijiler

Milli ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika toplumynyň iri düzümleriniň biri bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň iň baýry ýataklarynda iş alyp barýan «Gumdagnebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen hasabat döwrüni üstünlikli jemlemegi başardylar. Bu ýerde ýanwar — iýul aýlarynda nebit berýän guýulardan döwlete tabşyrylan «gara altynyň» umumy möçberi 280 müň tonnadan hem köp boldy. Munuň özi şu ýylyň geçen ýedi aýynda nebit çykarmak babatda bellenilen meýilnamanyň 111 göterime golaý ýerine ýetirilendigini görkezýär. Gumdagly nebitçiler geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depginini 120 göterimden gowrak ýokarlandyrmagyň hem hötdesinden geldiler. Munuň özi önümçiligiň ösüş depgini babatda tutuş konsern boýunça degişli müdirlikleriň arasynda gazanylan iň ýokary netijedir. 

                                                                   

Kuwwatly desgalardyr enjamlara başarjaň erk edýän müdirligiň hünärmenleriniň irginsiz tagallasy bilen önüm berýän guýulara tehniki hyzmat öz wagtynda ýola goýulýar. Hut şu ýagdaý hem kärhanada bellenilen meýilnamalara hemişe artygy bilen amal edilýändigini görkezýär.  

                                                                                                           

Hojaberdi BAÝRAMOW

12.08.2022
2022-nji ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Şu ýylyň iýul aýynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda guralan köp sanly iş duşuşyklary, syýasy geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri, forumlar, sergiler, maslahatlar Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. «Açyk gapylar» syýasaty we giň halkara gatnaşyklar babatda ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçirilen çäreler ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň, abadançylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. 

                                                                   

Paýtagtymyzda iýul aýynyň ilkinji günlerinde Türkmenistanyň degişli edaralarynyň wekilleriniň hem-de Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen uly wekiliýetiň gatnaşmagynda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň altynjy mejlisi munuň aýdyň subutnamasydyr. Mejlisiň dowamynda iki döwletiň ähli ugurlarda özara gatnaşyklarynyň yzygiderli, işjeň häsiýete eýedigi bellenildi. Şolaryň hatarynda gurluşyk we gurluşyk serişdeleri senagaty, energetika, ulag, azyk senagaty, oba hojalygy, işewürlik we telekeçilik düzümleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň berkidilmegi esasy ulgamlaryň hatarynda görkezildi. Duşuşygyň netijeleri boýunça jemleýji Teswirnama gol çekildi. 

                                                                   

1-nji iýulda türkmen-türk işewürlik maslahaty hem geçirildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, geljek üçin meýilnamalary kesgitlemek bu çäräniň esasy meselesi boldy. Türkiýe Respublikasynyň wekilleri üstünlikli maýa goýum işi üçin ähli şertler döredilen milli bazaryň geljeginiň uludygyny belläp, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we beýleki ulgamlarda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardygyny tassykladylar. 

                                                                   

4-nji iýulda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Merkezi Aziýada “Bitewi saglyk” konsepsiýasyny ilerletmek boýunça utgaşykly görnüşde geçirilen ýokary derejeli konsultatiw duşuşyga Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň, abraýly halkara we sebit guramalarynyň wekilleri, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň hem-de Özbegistanyň esasy bilermenleridir hünärmenleri gatnaşdylar. 

                                                                   

Merkezi Aziýada adamlaryň saglygyny, haýwanat dünýäsini we daşky gurşawy goramaga gönükdirilen “Bitewi saglyk” konsepsiýasyny ara alyp maslahatlaşmak, bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin halkara düzümleri birleşdirmek duşuşygyň esasy maksady boldy. Forumda Merkezi Aziýada saglygy we abadançylygy goldamak ugrunda 2022 —2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasynyň” taslamasy boýunça pikir alşyldy hem-de jemleýji resminama kabul edildi. 

                                                                   

Şol gün Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary Çžan Sýançen bilen geçirilen duşuşykda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy BSG bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň Türkmenistanyň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagyna ýardam edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwletiň milli kanunçylyk binýadyny, daşary söwda çärelerini we düzgünlerini kämilleşdirmek üçin zerur çäreleri görýändigi hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ilatyň, işewür toparlaryň arasynda düşündiriş işleriniň geçirilýändigi nygtaldy. 

                                                                   

5-nji iýulda şol ýerde geçirilen “tegelek stol” söhbetdeşligine halkara guramalaryň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Bütindünýä Söwda Guramasynyň wekiliýeti, Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça hökümet toparynyň agzalary gatnaşdylar. 

                                                                   

Çäräniň barşynda Türkmenistanyň BSG-ä “goşulýan ýurduň” derejesini almagynyň ýurdumyzyň daşary söwdada eýeleýän ornunyň pugtalandyrylmagyna, ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde onuň halkara abraýynyň barha artmagyna, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine hem-de bu gurama bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etjekdigi bellenildi. 

                                                                   

5-nji iýulda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Stiwen Klimou bilen geçirilen duşuşygyň barşynda köp ugurlar, hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar boýunça türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Howpsuzlyk ulgamyndaky taslamalara garamaga hem-de özara gyzyklanma bildirilýän bilelikdäki bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge aýratyn üns berildi. 

                                                                   

Şol gün Aşgabatdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň binasynda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň işi barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty tarapyndan Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde “Men gözelligi döredýärin” şygary astynda “Aşgabat — dizaýn şäherim” atly sergi guraldy. 

                                                                   

Forumda dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri bolan Aşgabady “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy, bu ugurda gazanylan netijeler hem-de meýilleşdirilýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ýüztutmanyň amala aşyrylmagy halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekde türkmen paýtagtynyň hyzmatlarynyň ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüler hem-de ak mermerli şäherimiziň dünýäniň şäherleri bilen özara gatnaşyklaryny giňeltmäge mümkinçilik berer. Şol şäherler medeniýete we döredijilige durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň strategik ugry hökmünde garaýarlar. 

                                                                   

5-6-njy iýulda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRACECA) halkara ulag geçelgesiniň Hökümetara topary, Ýol gurluşykçylaryň hökümetara geňeşi hem-de Ulag diplomatiýasy boýunça halkara merkez bilen bilelikde utgaşykly görnüşde geçirilen çärede döwletimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşiniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň wajyplygy nygtaldy. 

                                                                   

Onuň çäklerinde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy wirtual binýatda Durnukly ulag boýunça dostlar toparyny döretmek çäresini geçirdi. Mejlisiň jemleri boýunça BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň Başlygy Abdulla Şahidiň adyna BMG-ä agza döwletleriň wekilleriniň 90-dan gowragyny birleşdirýän şu topary döretmek barada maglumat berýän hat ugradyldy. 

                                                                   

6-njy iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda taraplaryň energetika, energiýa serişdeleriniň halkara bazarlara iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmak ulgamynda gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygy barada aýdyldy. 

                                                                   

7-nji iýulda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Helsinki Jemleýji Beýannamasyna gol çekmeginiň hem-de ÝHHG bilen hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan utgaşykly görnüşdäki maslahat geçirildi. Ol ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi hem-de ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guraldy. Foruma degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň, merkeziň ýurdumyzdaky hyzmatdaş guramalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Onda Ykdysady, energetika we ekologiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy, halkara gapma-garşylyklaryň öňüni almak we aradan aýyrmak, syýasy hem-de dini ekstremizme, transmilli howplara, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, serhetýaka jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça netijeli gurallary döretmegiň ähmiýeti bellenildi. 

                                                                   

Çykyş edenler Ýewropada parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, Hazar deňzi arkaly netijeli sebit gatnaşyklaryny hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen, gender deňligini ilerletmekde döwletimiziň tagallalaryna we goşandyna ýokary baha berdiler. 

                                                                   

12-nji iýulda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça goşmaça komitetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen sekizinji mejlisinde özara gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de BMG-niň Terrorçylyga garşy ählumumy strategiýasyny amala aşyrmakda umumy goşant hökmünde terrorçylyga, separatizme we ekstremizme garşy göreşmek meselelerinde geljekki gatnaşyklaryň ugurlary kesgitlenildi. 

                                                                   

 Maslahatyň jemleri boýunça goşmaça komitetiň mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi. 

                                                                   

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheil Al Mazrui bilen 13-nji iýulda geçiren duşuşygynda iki ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň arasynda özara ynanyşmak ýagdaýyndaky gepleşikleriň, halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi nygtaldy. Taraplar şeýle-de ähli ugurlar boýunça, aýratyn-da, energetika, senagat, ýokary tehnologiýalar ulgamynda, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini rejeli ulanmak, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. 

                                                                   

15-nji iýulda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Sekretariatynyň Syýasy hem-de dünýä gurluşy meseleleri boýunça departamentiniň wekili Swetlana Galkina bilen geçirilen duşuşykda Birleşen Milletler Guramasy bilen giň ugurlar boýunça gatnaşyklaryň netijeli häsiýeti bellenildi. 

                                                                   

Saýlaw çäreleriniň ýokary standartlaryny üpjün etmek hem-de saýlawlary geçirmekde ýardam bermek, halkara kadalary, usullary öwrenmegiň we uýgunlaşdyrmagyň esasynda hukuk binýadyny kämilleşdirmek, milli saýlaw institutlaryny pugtalandyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hem-de durnukly, elýeterli we netijeli saýlaw tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly mümkinçiligi çäkli adamlar üçin ses bermek serişdelerine doly elýeterliligi üpjün etmekde tejribe alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

18-19-njy iýulda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guralan “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly halkara maslahata ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurt ulag we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, maliýe edaralarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, milli hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 

                                                                   

Utgaşykly görnüşde geçirilen maslahatyň gün tertibine ulag hyzmatlarynyň dünýä bazarynyň ýagdaýy, ýük daşamagyň geografiýasy we depgini, ulaglaryň ähli görnüşleriniň netijeliligini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň mümkinçilikleri, Ýewraziýa giňişliginde üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, töwekgelçiliklere gözegçilik etmek hem-de logistik çykdajylary hasaba almak ýaly meseleler girizildi. Şeýle-de ulag-kommunikasiýa toplumynyň ösdürilmeginde ylmyň we bilimiň ornuna, iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga, hereket edýän ulag geçelgelerini giňeltmäge we täzelerini döretmäge, bu ugurda halkara gatnaşyklary ösdürmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

20-nji iýulda türkmen paýtagtyna gelen Gruziýanyň wekiliýetiniň agzalary bilen gepleşikler geçirildi. Onuň netijeleri boýunça dürli ulgamlarda, hususan-da, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerine degişli hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge täze itergi berýän ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. 

                                                                   

21-nji iýulda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekili Rişard Komenda bilen geçirilen duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy ulgamynda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň işi bellenildi. 

                                                                   

Nygtalyşy ýaly, şu ýyl döwletimiz degişli komitetlere resminamalaryň ikisini — Zenanlar babatda kemsidilmeleriň ähli görnüşlerini aradan aýyrmak hakynda Konwensiýa hem-de Maýyplaryň hukuklary hakynda Konwensiýa boýunça maslahatlaryny durmuşa geçirmek boýunça nobatdaky hasabatlary ibermelidir. Saparyň çäklerinde Adalatçynyň diwanynda, Bilim, Içeri işler ministrliklerinde, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda hem duşuşyklar geçirildi. 

                                                                   

25-nji iýulda Daşary işler ministrliginde geçirilen BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisiniň gün tertibiniň esasy meseleleri şu ýylyň birinji ýarymynda toparyň işiniň netijeleri, geljek ýyl üçin meýilnamalar, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny açmak, umumybilim berýän orta mekdepleriň birnäçesini ÝUNESKO-nyň mekdepler assosiasiýasyna goşmak bilen bagly boldy. 

                                                                   

Şunuň bilen birlikde, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyny hem-de guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyny giňeltmek maksady bilen, deslapky milli we köptaraplaýyn resminamalary taýýarlamak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň gatnaşmagynda ÝUNESKO-nyň “Adam we biosfera” maksatnamasynyň çäklerinde “Aram guşaklygyň Turan çölleri” atly köptaraplaýyn hödürnama, “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemegiň däpleri” hödürnamasy bar. Şeýle-de Aşgabady “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak baradaky maglumat diňlenildi. 

                                                                   

28-nji iýulda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen bilen geçirilen duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi hem-de ulag, energetika, oba hojalygy ýaly ugurlarda bilelikdäki işi dowam etdirmegiň wajypdygy nygtaldy. 

                                                                   

Şol gün ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akmaljon Kuçkarow kabul edildi. Onda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, hususan-da, syýasy, parlamentara, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek, şol sanda maýa goýum taslamalaryny hem-de iki ýurduň arasyndaky söwda ylalaşyklaryny durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda howpsuzlyk boýunça iş toparynyň 30-njy iýulda Daşary işler ministrliginde geçirilen birinji mejlisinde sebit we halkara gün tertibiniň meselelerine garaldy, terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna hem-de bikanun işiň beýleki görnüşlerine garşy durmagyň, kiberjenaýatçylyga garşy göreşmegiň zerurdygy, maglumat howpsuzlygyny pugtalandyrmak boýunça çäreleriň ähmiýeti nygtaldy. Owganystandaky ýagdaýa, onuň syýasy we ykdysady durnuklylygyna, owgan halkynyň abadançylygyna hem-de bitewüligine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, özara gatnaşyklaryň köptaraplaýyn görnüşleriniň bardygy, şol sanda “Merkezi Aziýa — ABŞ” hem-de “Türkmenistan — ABŞ — Owganystan” ýaly görnüşleri bellenildi. 

                                                                   

Umuman, geçen aýyň daşary syýasy wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ählumumy abadançylyga we ösüşe gönükdirilen syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.  

                                                                                                           

(TDH)

12.08.2022
Telekeçilik işiniň ýörelgeleri

Döwlet Baştutanymyzyň: «Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda işlejek kiçi, orta we iri tehnologik kärhanalaryň gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp barlar. Bu bolsa ykdysady kuwwatymyzy berkitmäge oňyn täsir eder» diýen sözlerinden ugur alnyp, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, şol sanda bazar gatnaşyklarynyň esasyny düzýän hususy pudakda netijeli işler amala aşyrylýar. 

                                                                   

Telekeçilikde ýerine ýetirilmeli işleriň hemmetaraplaýyn öwrenilmegine esaslanýan we takyk kesgitlenen hereketleri hem maksatlary özünde jemleýän meýilnamanyň bolmagy esasy şertleriň biridir. Meýilnama menejmentiň wajyp düzüm bölekleriniň biri bolmak bilen, işiň üstünliginiň binýatlaýyn esasy bolup durýar. Telekeçilik işiniň meýilnamasy işlenip düzülende, onuň bazaryň (ykdysady dolanyşygyň) üýtgäp durýan ýagdaýlaryna we şertlerine laýyklykda, öz wagtynda we netijeli özgerdilmäge ukyply bolmagy zerurdyr. 

                                                                   

Türkmenistanyň Raýat kodeksine laýyklykda, fiziki şahslar ýuridik şahsy döretmezden,  telekeçilik işi bilen meşgullanmaga haklydyr. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, telekeçilik işi bilen meşgullanmak hukugy fiziki şahsyň hususy telekeçi hökmünde döwlet tarapyndan bellige alnan pursadyndan ýüze çykýar. Şeýlelikde, hususy telekeçilik işi, diňe döwlet belligine alnan ýagdaýynda kanunalaýyk bolýar. «Telekeçilik işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 9-njy maddasyna laýyklykda, ýuridik şahsyň emele gelmegindäki telekeçilik işi «Kärhanalar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenen tertipde döwlet belligine alynýar. Ýuridik şahsy döretmezden,  telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary — hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige almak olaryň salgyt hasabyna goýulmaly ýeri boýunça salgyt edaralary tarapyndan amala aşyrylýar. Bellige almagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär. Telekeçilik işini bellige almakdan boýun gaçyrylmagy ýa-da ony bellige almagyň tertibiniň we möhletiniň bozulmagy barada kazyýete şikaýat edilip bilner. 

                                                                   

Döwlet belligine aldyrmazdan, telekeçilik işi bilen meşgullanmak hukuk jogapkärçiliginiň degişli görnüşleriniň ýüze çykmagyna getirýär. Şu jähetden, Türkmenistanyň çäklerinde telekeçilik işini amala aşyrmagy maksat edinýän, Türkmenistanyň raýatlary, Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan, ýagny Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralary tarapyndan berlen, degişli rugsatnamasy we ýaşamaga ygtyýarnamasy bolan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar hususy telekeçi hökmünde döwlet belligine alynmaga degişlidir. Türkmenistanyň çäginde doly kämillik ukyby bolan, ýagny 18 ýaşy dolan we kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip bilinmedik ýa-da şu ýaşdan öň nikalaşan fiziki şahslar, eger-de olaryň amala aşyrýan işiniň görnüşinde ýaş çäklendirmesi ýok bolsa, telekeçilik işi bilen meşgullanyp bilýärler. 

                                                                   

Telekeçilik bilen Türkmenistanyň çäklerinde fiziki we ýuridik şahslar meşgullanyp bilýärler. Hususy pudagy mundan beýläk-de ösdürmek, senagaty diwersifikasiýalaşdyrmak, ykdysadyýetiň hemmetaraplaýyn ösüşiniň kuwwatyny artdyrmak, ýurduň ählumumy ykdysady giňişlige netijeli goşulmagyny üpjün etmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýeti ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hereket edýän we döwrüň talaplaryna görä yzygiderli kämilleşdirilýän kanunçylyk binýady, telekeçilik işini hasaba almagyň we güwälendirmegiň ýönekeýleşdirilen tertibi, salgyt salmagyň ýeňilleşdirilen ulgamy, ýeňillikli şertlerde berilýän karzlar we beýleki ençeme hukuk, maliýe we durmuş şertleri ýurdumyzda işewürligiň hem-de kiçi we orta telekeçiligiň giňden ýaýbaňlandyrylmagyna, telekeçiligiň iş ugrunyň köpelmegine hem-de telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän watandaşlarymyzyň sanynyň yzygiderli artmagyna giň ýol açýar. 

                                                                   

Telekeçilik işini alyp barmagyň hukuk binýadyny has-da berkitmekde taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun.  

                                                                                                           

Gurban MYRADOW,

                       

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.

12.08.2022
Ösüşiň täze maksatnamasy

Ýurduň öňe gitmegi öňde goýlan maksatlaryň aýdyňlygyna, anyklygyna hem-de bitewüligine bagly bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzy belent sepgitlere ýetirjek, ösüşleriň aýdyň ýoly bilen öňe alyp gitjek maksatlar bolsa hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 8-nji iýulynda tassyklan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» gözbaş alýar. Maksatnama, esasan-da, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan çäreleri durmuşa geçirmegiň ilkinji nobatdaky wezipelerinden ugur alýar. Jemi 7 bapdan ybarat bolan Prezident maksatnamasynda ýurdumyzda her bir raýatyň abadan durmuşyny kepillendirmek, ilatyň bähbitlerini goramak, raýatlaryň durmuş goraglylygyny we iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmek, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, milli ykdysadyýetiň senagatlaşma derejesini ýokarlandyrmak, pudaklara we hyzmatlar ulgamyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek, senagat pudagyny innowasion häsiýetde ösdürmek, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek, telekeçiligi goldamak, işewürligi kämilleşdirmek, ýeňillikli salgyt salmak boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan çäreler esasynda milli ykdysadyýetiň ösüşinde bu bölegiň paýynyň hem-de ähmiýetiniň ýokarlanmagyna mümkinçilikleri artdyrmak, milli ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçmegini işjeňleşdirmek, ekologik abadançylygy üpjün etmek we «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek ýaly wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksat edinilýär.  

                                                                   

Prezident maksatnamasynda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň häzirki ýagdaýy seljerilip, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durnukly ösdürmegiň döwlet syýasaty kesgitlenilýär. Oňa laýyklykda, jemi içerki önümiň adam başyna düşýän möçberi, zähmet öndürijiligi, ilatyň girdejileri we durmuş şertleri ösen ýurtlaryň derejelerine ýetiriler. Bu bolsa ilatyň ösen isleglerini kanagatlandyrmak we ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak wezipeleriniň üstünlikli çözülmegini üpjün eder.  

                                                                   

Awtoulag ýollarynyň we olaryň ugrundaky desgalaryň gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine, ýol ulgamynyň kämilleşmegine öz täsirini ýetirer hem-de ýurdumyzyň sebitleriniň durmuş-ykdysady ösüşine itergi berer. Şunuň bilen baglylykda, bu maksatnamada Türkmenabat — Gazojak — Daşoguz, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi, Mary — Serhetabat, Gumdag — Esenguly — Etrek — Gidrolum awtoulag ýollarynyň gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar. Bu babatda häzirki wagtda gurluşygy batly depginde dowam edýän Aşgabat — Türkmenabat awtobany örän uly ähmiýete eýedir.  

                                                                   

Ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça 30 müňe golaý goşmaça iş orny dörediler, ýaşaýyş jaýlarynyň adam başyna düşýän umumy meýdany 102,2 göterim artar, şeýle hem ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 40-sy, umumy bilim edaralarynyň 54-si, ýokary hünär bilimi edaralarynyň 4-si, 10 sany döwrebap hassahana gurlar, 7 sany medeniýet öýi bina ediler. Prezident Maksatnamasynda öňde goýlan sepgitlere ýetmek maksady bilen, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga we artdyrmaga, durmuş ulgamyny ösdürmäge 278,9 milliard manatdan gowrak maýa goýumlary gönükdiriler. 

                                                                   

«Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly sözleri durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy özeninde goýýan hormatly Prezidentimiziň kabul eden bu maksatnamasy ýurdumyzyň bedew batly gadamlar bilen öňe gitjekdigini äleme buşlaýar.  

                                                                   

Maksady halkyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmek bolup durýan hormatly Prezidentimiziň bu döwletli tutumlarynyň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine häzirki döwürde alnyp barylýan işler aýdyň güwä geçýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň esasy ýörelgelerinden gözbaş alýan giň gerimli özgertmeleriň üstünliklere beslenmegini, hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.  

                                                                   

 Döwletnazar IŞANGULYÝEW, 

                                                                   

 «Daşoguz habarlary».

11.08.2022