“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dostlukly döwletleriň Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammiti geçirildi
Awaza, 14-nji dekabr (TDH). Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda birinji üçtaraplaýyn sammit geçirildi.
Ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygyň meselelerinde işjeň orny eýelemek bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk başlangyçlary öňe sürýär. Parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ykdysadyýet, energetika, ulag, ekologiýa, ynsanperwer ulgamy, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly möhüm ulgamlara degişli bu teklipleriň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan doly goldanylmagy olaryň möhümdigine şaýatlyk edýär.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň yzygiderli geçirilýän ýeri hökmünde çykyş edýär. Bu duşuşyklar we gepleşikler uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna has oňaýly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär.
Soňky ýyllarda halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar edilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda munuň üçin ähli şertler, şol sanda zerur infrastruktura döredildi. Şu gezekki sammitiň Hazaryň kenarynda geçirilmeginiň aýratyn manysy bardyr. Hazar sebiti ägirt uly kuwwata eýe bolup, Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky baglaýjy köprüdir. Munuň özi ugurlaryň giň gerimi boýunça netijeli hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri emele getirýär.
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli daşary syýasaty durmuşa geçirip, ähli döwletler bilen gatnaşyklaryny deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetli erk ýörelgeleri esasynda ýola goýýar. Ata Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bu ugra gyşarnyksyz eýermegini dowam edip, özüniň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen netijeli özara gatnaşyklar üçin hemişe açykdyr. Şolaryň hatarynda doganlyk Türkiýe we Azerbaýjan hem bar. Şol ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny asyrlaryň dowamynda kemala gelen medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar.
Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk, döwletara derejede bolşy ýaly, sebitleýin we halkara giňişlikde hem depginli ösdürilip, strategik häsiýete eýedir. Hyzmatdaşlygyň üçtaraplaýyn görnüşi däp bolan dostlukly, ynanyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmak, özara netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Türkmenistan, Azerbaýjan hem-de Türkiýe hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyna eýedirler. Olaryň geografik we geosyýasy taýdan amatly ýerleşmekleri bu hyzmatdaşlygy has doly derejede amala aşyrmaga şert döredýär. Şoňa görä-de, türkmen tarapynyň başlangyjy bilen geçirilýän şu gezekki sammit aýratyn ähmiýete eýedir we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, sammitiň öňüsyrasynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda üç ýurduň energetika, ulag we daşary işler ministrleriniň derejesinde duşuşyklaryň geçirilendigini bellemek gerek. Olaryň dowamynda sammite taýýarlyk görmek, onuň gün tertibine çykarylan meseleleri we gol çekilmäge taýýarlanylan resminamalary ylalaşmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ir bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Awazadaky Kongresler merkezine geldiler.
Bu ýerde sammitiň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki dostlukly döwletiň Baştutanlary bilen duşuşdy.
Şeýle hem bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow forumyň öňüsyrasynda azerbaýjan we türk kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
Sammitiň resmi banneriniň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, Kongresler merkezinde çäkli düzümde ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewi we Prezident Rejep Taýyp Ärdogany mübärekläp, şu gezekki duşuşygyň şeýle görnüşdäki ilkinji duşuşykdygyny belledi hem-de onuň biziň doganlyk halklarymyzyň we döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze tapgyrynyň binýadyny tutjakdygyna ynam bildirdi.
Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda sammitiň üçtaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga, söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik berjekdigi nygtaldy.
Şeýle hem üç dostlukly ýurduň halkara düzümleriň çäklerinde, hususan-da, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň we beýleki düzümleriň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň ägirt uly kuwwata eýedigi bellenildi. Şunda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň özara bähbitlere, şeýle hem sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, abadançylygy we ösüşi üpjün etmegiň maksatlaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlygy depginli we hemmetaraplaýyn ösdürmegi maksat edinýändikleri tassyklanyldy.
Bellenilişi ýaly, türkmen, azerbaýjan we türk halklaryny taryhyň dowamynda köp zatlar baglanyşdyryp gelýär. Özara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň zerurdygyna düşünmek, dünýä syýasatynyň esasy meýilleri bilen baglylykda, uzak möhletleýin bähbitleriň gabat gelmegi, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly kuwwatyň bolmagy häzirki döwürde ýurtlarymyzyň esaslanýan binýadydyr. Şu günki duşuşyk üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açyp, umumy rowaçlygyň bähbidine tagallalary birleşdirmäge ygrarlylygy görkezýär.
Soňra sammit üç ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentlerini hem-de wekiliýetleriň agzalaryny ýene-de bir gezek mübärekläp, şu gezekki duşuşyga gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin hemmelere minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, şu günki sammit doganlyk döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň bozulmazdygyny, garaýyşlarymyzyň birdigini, hyzmatdaşlyk etmäge we arkalaşmaga taýýardygymyzy tassyklaýar.
Eger men ýurtlarymyzyň Prezidentleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň nusgalykdygyny aýtsam, hakykatdan daş düşdügim bolmaz diýip pikir edýärin. Bu gatnaşyklar aýratyn mähirliligi we ýürekdeşligi, ynanyşmagy, doly açyklygy bilen tapawutlanýar. Bu bolsa bize ähli ugurlarda, ýagny syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda üçtaraplaýyn gatnaşyklarymyzy ynamly hem-de netijeli ösdürmäge we kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.
Häzirki döwürde Türkmenistan, Azerbaýjan Respublikasy we Türkiýe Respublikasy ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy gorap saklamak we pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýärler. Birleşen Milletler Guramasynda, Türki Döwletleriň Guramasynda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynda we beýleki möhüm halkara forumlarda biziň ýurtlarymyzyň sesi ynamly hem-de abraýly ýaňlanýar.
Biziň ýurtlarymyz sebit meselelerinde hem netijeli hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek ýörelgelerini yzygiderli hem-de tutanýerli öňe sürýärler. Olaryň garaýyşlary sebit işlerini ösdürmäge örän oňyn täsirini ýetirýär.
Biz döwletara gatnaşyklarda halkara hukugyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň ykrar edilen kadalarynyň, özara hormatlamak, deňhukuklylyk we adalatlylyk ýörelgeleriniň dabaralanmagy ugrunda çalyşýarys hem-de köp iş edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň şu günki duşuşygyna biz doly esas bilen, ykdysady ulgamda ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygy babatda möhüm waka hökmünde garaýarys diýip, sözüniň dowamynda türkmen-azerbaýjan söwda-ykdysady gatnaşyklaryna ünsi çekdi. Bu gatnaşyklar yzygiderli we özara bähbitli deňhukukly esasda ösdürilip, soňky döwürde düýpli işjeňleşdirildi. Iki tarap hem hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, geljegi uly bolan ugurlara çykmagyň usullaryny işjeň ulanýar. Şu ýylyň 10 aýynyň jemleri boýunça iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygy bäş essä golaý artdy.
Hazar deňzindäki «Dostluk» uglewodorod ýatagyny bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda geçen ýylyň ýanwarynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekilmegi möhüm waka boldy. Bu ýagdaý Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Hazar deňzindäki energetika hyzmatdaşlygynyň düýbünden täze tapgyrydygy bilen tapawutlanýar. Munuň özi pugta halkara hukuk binýady esasynda bilelikde işlemek üçin örän giň mümkinçilikleri açýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. «Dostluk» ýatagynda bilelikde işlemek barada gazanylan ylalaşyklar özara goýulýan çuňňur hormata, hakyky hoşniýetli goňşuçylyga, deňhukuklylyga we birek-biregiň bähbitleriniň hasaba alynýandygyna şaýatlyk edýär.
Türkiýe Respublikasy hem köp ýyllardan bäri Türkmenistanyň örän möhüm söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň depgininiň durnukly ösüşini belledi.
Üç döwletiň mümkinçilikleriniň birleşdirilmegi, bilelikdäki serişdeleriň, geografik, tehnologik mümkinçilikleriň ulanylmagy diňe bir biziň ýurtlarymyzyň milli ykdysadyýetlerini ösdürmäge güýçli ýardam etmän, eýsem, bütin Ýewraziýa giňişliginde geoykdysady düzümlere täze dörediji many-mazmun we häsiýet hem berer diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. Gürrüň, ozaly bilen, energetika hem-de ulag ýaly strategik ugurlar barada barýar.
Halkara energetika hyzmatdaşlygy ulgamynda Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň sazlaşykly, köp görnüşli ulgamyny döretmek ugrunda çykyş edýärler. Munuň özi köptaraply bähbitleri hasaba almak bilen, bu ulgamlaryň ugurlaryny diwersifikasiýa etmäge, olaryň işlemeginiň anyk we aýdyň ülňülerine esaslanmalydyr. Ygtybarlylyk hem-de howpsuzlyk kepillendirmelerine daýanmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Biziň tebigy gazy Türkmenistandan we Azerbaýjandan Türkiýä, soňra bolsa dünýä bazarlaryna ibermekde hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky bilelikdäki başlangyçlarymyza hut şunuň bilen baglylykda seretmelidiris.
Ulag hyzmatdaşlygy beýleki bir örän möhüm ugur bolup durýar. Biz Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda öz ýurtlarymyzyň üstünden geçýän üstaşyr ulag geçelgelerini döretmegiň bilelikdäki strategiýasyna daýanýan üçtaraplaýyn ysnyşykly hyzmatdaşlygyň zerurdygy baradaky pikire goşulýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe täze ulag geçelgesi geljegi uly bolan taslamalaryň birine öwrülip biler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy şu ugur boýunça ýük daşamaga amatly bolmagy üçin, ýeke-täk logistik merkezi döretmek baradaky meselä seretmegi teklip edýär.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, Gündogar — Günbatar ugry boýunça ygtybarly ulag köprüsini döretmekde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň esasy orny eýelemelidigine ynam bildirdi. Bu ugurdaky bilelikdäki tagallalarymyz köp babatda beýleki halkara hyzmatdaşlar, iri maýa goýujylar bilen ylalaşyklary gazanmaga ukyplydyr.
Şeýle hem halkara giňişlikde ylalaşylan ulag diplomatiýasyny has maksadaokgunly alyp barmak zerurdyr. Bu diplomatiýa bolsa ýöriteleşdirilen düzümler bilen işjeň hereketleri göz öňünde tutýar. Hususan-da, gürrüň Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy (ÝYK), bu guramanyň Aziýa we Ýuwaş umman üçin Ykdysady we Durmuş Komissiýasy (ESKATO), Halkara awtomobil ulaglary birleşigi hem-de beýleki düzümler barada barýar.
Söwda, senagat kooperasiýasy ulgamlarynda, beýleki möhüm ugurlarda üçtaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek ýaly düýpli meseleden hem çetde durulmaly däldir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu ugurda hoşniýetli goňşuçylygyň bilelikdäki gowy tejribesine hem-de däplerine daýanyp, biz hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyza talabalaýyk itergi bermäge ukyplydyrys. Işewür bileleşikleriň arasynda täze gatnaşyklary açmalydyrys we işjeň peýdalanmalydyrys, ýurtlarymyzyň çäklerinde taslamalara bilelikdäki maýa goýumlaryny höweslendirmelidiris.
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň ykdysady mümkinçiligi doly netije bermegi üçin ulanylmalydyr. Dünýä ösüşiniň häzirki meýillerine we esasy ugurlaryna, ozaly bilen, onuň tehnologik, sanly, ekologik taraplaryna gönükdirilmelidir. Ýurtlarymyzyň arasynda durnukly ykdysady geçelgeleri döretmäge işjeň girişmegiň wagty geldi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, dünýäde ýönekeý bolmadyk ýagdaýlaryň bolup geçýän häzirki döwründe halklarymyzyň arasyndaky özara düşünişmegi we dostlugy berkitmegiň örän möhümdigini belledi. Şu meselede medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk, döredijilik we ylmy işgärleriň, talyp ýaşlaryň hem-de mekdep okuwçylarynyň, türgenleriň gatnaşyklary aýratyn orny eýelemelidir. Parlamentara hyzmatdaşlyga-da möhüm wezipe degişlidir. Şeýle gatnaşyklary döwlet tarapyndan goldamak geljege goşantdyr. Häzirki döwürde bilelikdäki tagallalarymyz arkaly, şol sanda şu duşuşygyň barşynda emele gelýän däpleriň miras geçmeginiň we dowam etmeginiň berk kepilidir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.
Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz bu hyzmatdaşlygyň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýyl ýazgysyna aýdyň sahypa bolup girjekdigine, hyzmatdaşlygymyzy giňeldip, baýlaşdyrjakdygyna, munuň üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna, türkmen, azerbaýjan we türk halklarynyň bozulmaz doganlygynyň hem-de agzybirliginiň berkdiginiň aýdyň şaýadyna öwrüljekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe söz berdi.
Azerbaýjanyň Baştutany şu ýyl biziň ýurdumyza ikinji gezek sapar bilen gelendigini belläp, döwlet Baştutanymyza sammitiň ýokary guramaçylyk derejesi hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirdi.
Türkmenistanyň durnukly we okgunly ösüş ýoly bilen täze belentliklere tarap hereketiniň şaýady bolýandygymyz, onuň gazananlaryny gözümiz bilen görýändigimiz bizi şatlandyrýar diýip, Prezident Ilham Aliýew belledi.
Nygtalyşy ýaly, Azerbaýjan, Türkmenistan we Türkiýe halklarynyň gelip çykyşy, ruhy we medeni kökleri, umumy ahlak gymmatlyklary bilen baglanyşyklydyr. Biz, hakykatdan-da, halklarymyzyň örän baý taryhy-medeni mirasyna hem-de olaryň adamzat siwilizasiýasyna goşan uly goşandyna buýsanýarys diýip, Azerbaýjan Respublikasynyň Baştutany aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, üç ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesi kanagatlanma bilen bellenildi.
Prezident Ilham Aliýew azerbaýjan-türkmen hyzmatdaşlygy meselesine degip geçmek bilen, 2017-nji ýylda Strategik hyzmatdaşlyk hakynda bilelikdäki Jarnama gol çekilendigini ýatlatdy.
Biziň ýurtlarymyz şeýle hem halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, ÝHHG-niň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler hem-de birek-birege goldaw berýärler.
Häzirki wagtda taryhy gatnaşyklara daýanýan biziň özara hyzmatdaşlygymyz söwda-ykdysady, ulag-logistika we beýleki ulgamlarda döwletara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine ýardam berýär. Şu ýyl Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy bäş esse artdy.
Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, Azerbaýjan, Türkmenistan we Türkiýe ulag we logistika ulgamlarynda, bu ugurda taslamalary durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri gazandylar, munuň özi netijeli hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Azerbaýjan Lideri çykyşynyň ahyrynda şu gezekki üçtaraplaýyn sammitiň ähmiýetini ýene-de bir gezek nygtap, şeýle duşuşyklaryň geljekde hem yzygiderli ýagdaýda geçiriljekdigine hem-de olaryň biziň doganlyk ýurtlarymyzyň arasynda gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam etjekdigine umyt bildirdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana söz berdi.
Belent mertebeli myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy ýakynda bellenilen Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady.
Bellenilişi ýaly, Türkiýe özara bähbitli üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjek şu gezekki sammitiň ähmiýetine uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Rejep Taýyp Ärdogan şu günki duşuşygyň dowamynda gol çekilmegine taýýarlanylan resminamalaryň möhümdigini aýtdy.
Türkiýe şeýle hem halkara düzümleriň, şol sanda Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň TDG-niň Ýaşulular geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy uly ähmiýetli şert bolup durýar.
Energetika we ulag ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Ulag geçelgelerini ösdürmek we netijeli peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlykda ýurtlarymyzyň artykmaçlyklarynyň peýdalanylmagyna uly ähmiýet berilýär. Türk Lideri şeýle hem özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak üçin tagallalary birleşdirmegiň zerurdygy baradaky pikiri beýan etdi.
Prezident Rejep Taýyp Ärdogan ýurtlarymyzda bar bolan strategik mümkinçilikleriň esasynda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi, şol mümkinçilikler umumy bähbitler üçin doly derejede herekete getirilmelidir.
Türkiýäniň Baştutany türki döwletleriň ýaşlarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklaryň höweslendirilmegini hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görkezdi, munuň özi olaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer.
Sözüniň ahyrynda türk Lideri Türkmenistanyň Baştutanyna myhmansöýerlik we sammitiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow duşuşygyň netijelerini jemläp, belent mertebeli myhmanlara üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendikleri hem-de many-mazmunly çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Soňra resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitiniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi, onda üç ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesi kanagatlanma bilen bellenilýär, geljekde hem köptaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, ählumumy we sebit derejelerinde ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýagdaýyny emele getirmek maksady bilen halkara giňişlikde netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga taýýarlyk beýan edilýär.
Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; 2023 — 2025-nji ýyllar üçin ylym, bilim we medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Çarçuwaly maksatnama; Gümrük hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki konsultatiw topary döretmek barada Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Energetika babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hakynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Energetika ministrliginiň we Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Ulaglar babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň we Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Sammit tamamlanandan soňra, üç ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, duşuşygyň jemleri barada habar berdiler. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň şu gezekki duşuşygy, hakykatdan-da, taryhy waka, biziň döwletlerimiziň we halklarymyzyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezdiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Sammitiň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň hem-de gol çekilen resminamalaryň özara bähbitli üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmak we giňeltmek, ony täze, geljegi uly ugurlara çykarmak, dünýädäki häzirki dörän ýagdaýlar bilen baglylykda örän möhüm syýasy, ykdysady, durmuş we ynsanperwer ähmiýete eýe bolýan Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigi bellenildi.
Sammitiň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleri Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline bardylar we Türkmenistandan ugradylar.
Şeýlelikde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçen ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşyk Bitarap Türkmenistanyň taraplaryň özara bähbitlerine, ählumumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine öňdengörüjilikli we başlangyçly çemeleşýändigini ýene-de bir gezek görkezdi. Sammitde ýurdumyzyň öňe süren netijeli teklipleri munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu teklipler hyzmatdaşlygyň köpugurly kuwwatyny has doly derejede durmuşa geçirmäge, taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we doganlyk däplerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk gelýän hil taýdan täze sepgitlere çykarmaga gönükdirilendir.