Habarlar
Hormatly Prezidentimiz Aşgabatdaky taslamalar bilen tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, gurluşygy “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasyna ynanylan Maslahatlar merkeziniň, kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň hem-de Hökümet münberiniň gurluşyklarynyň barşy bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz şu saparynyň dowamynda Aşgabadyň günorta böleginde Çandybil şaýolunyň ugrunda bina edilýän iri desgalara tarap ugrady. Döwlet Baştutanymyzyň gelen ilkinji desgasy halkara forumlary geçirmek meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Maslahatlar merkezi boldy.

Bu belent toplumyň gurluşygy “Bouygues Batiment Internasional” fransuz kompaniýasyna ynanyldy. Täze gurulýan binada ýokary derejede mejlisleri we duşuşyklary geçirmek, şeýle hem hormatly myhmanlary kabul etmek üçin ähli şertler göz öňünde tutular.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşygy batly depginlerde dowam edýän Maslahatlar merkeziniň daşky keşbini gözden geçirip, desgada alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gurluşyk meýdançasynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi hem-de Maslahatlar merkeziniň daşky we içerki gurluşynyň çyzgylaryny görkezdi.

Soňra milli Liderimiz gurluşygy dowam edýän kaşaň “Arkadag” myhmanhana baryp gördi. Bu desgany hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga tabşyrmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow desgada işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, ähli ölçegler boýunça—gurluşygyň hilinden başlap, timarlaýyş işlerine çenli gurulýan toplumyň ýokary halkara ölçeglerine kybap gelmelidigine ünsi çekdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümet münberiniň gurulýan ýerine tarap ugrady. Bu desga hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga tabşyrmak meýilleşdirilýär.

Köpetdagyň eteginde gurulýan münberden günsaýyn gözelleşýän ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi açylýar.

Hökümet münberi öz ölçegleri bilen uly täsir galdyrýar. Tutýan meýdany 20 müň inedördül metrden gowrak bolan desga Gündogaryň köşk ymarat gurluşygy usuly boýunça bina edilip, 2 müň orunlyk myhmanlar üçin münberi öz içine alýar.

Münberiň öňünde meýdança gurlup, onda dabaraly ýörişler hem-de giň gerimli çäreler, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmegi mynasybetli dabara geçiriler.



https://www.atavatan-turkmenistan.com/umumy/hormatly-prezidentimiz-asgabatdaky-taslamalar-bilen-tanysdy/


19.01.2021
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW PAÝTAGTYMYZYŇ TÄZE DESGALARYNYŇ GURLUŞYKLARYNDA IŞLERIŇ BARŞY BILEN TANYŞDY

AŞGABAT, 18-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, gurluşygy “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasyna ynanylan Maslahatlar merkeziniň, kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň hem-de Hökümet münberiniň gurluşyklarynyň barşy bilen tanyşdy.
Dünýä meşhur bu kompaniýanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuşa geçirilen iri möçberli gurluşyk taslamalarynyň ençemesine işjeň gatnaşmagy döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň hem-de Türkmenistanyň we Fransiýanyň uzak möhletleýin, özara bähbitlilik esasynda ýola goýýan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmegi maksat edinýändiginiň aýdyň görkezijisidir.
Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makron Türkmenistanyň Milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen gutlag hatynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň syýasy, medeni we ykdysady ulgamlarda işjeň ösdürilmeginiň dowam edýändigini kanagatlanma bilen nygtady.
Bellenilişi ýaly, geçen ýylyň iýun aýynda geçirilen ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň dördünji mejlisi özara hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryna syn bermäge mümkinçilik berdi hem-de iki dostlukly ýurduň dürli düzümleriniň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam etdi.
Milli Liderimiziň ynam bildirýän fransuz kompaniýalarynyň öz üstlerine ýüklenilen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin hemme çäreleri görýändigi aýratyn nygtaldy.
Emmanuel Makron öz hatynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Kararnamany kabul eden pursadyndan başlap, Fransiýanyň Türkmenistanyň Bitaraplygyny üýtgewsiz goldaýandygyny belledi hem-de däp bolan hyzmatdaşlygyň has-da çuňlaşdyryljakdygyna umyt bildirdi.
Gurluşyk pudagy türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň öňden gelýän we däp bolan ugrudyr. Aşgabadyň ýüzüniň tuwagyna öwrülen dürli maksatly iri desgalaryň “Bouygues Batiment International” kompaniýasy tarapyndan ulanylmaga tabşyrylandygy şol gatnaşyklaryň netijelidiginiň subutnamasydyr.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek meselelerini hemişe berk gözegçilikde saklaýandygyny bellemek gerek. Paýtagtymyzyň keşbinde Watanymyzyň ýokary durmuş-ykdysady derejesi, intellektual kuwwaty, halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri aýdyň beýanyny tapýar.
Ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti her ýyl täze özboluşly binalar we desgalar bilen ýetirilip, Türkmenistanyň aýratyn buýsanjyna, depginli ösüşiniň görkezijisine öwrülýär.
Döwlet Baştutanymyz dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda işleriň ýagdaýy, täze ýaşaýyş, dolandyryş, senagat toplumlarynyň, ýol-ulag we durmuş düzümlerine degişli desgalaryň iri möçberli taslamalarynyň durmuşa geçirilişi bilen giňişleýin tanyşmak üçin wagt tapyp, täze gurluşyklary hut özi yzygiderli gözden geçirýär.
Ýaşaýşyň ýokary ölçeglerini üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryň görülmegi netijesinde, Aşgabat dünýäniň iň owadan we amatly şäherleriniň biri, iri çäreleri geçirmek hem-de köp sanly daşary ýurtly myhmanlary mynasyp garşylamak üçin ähli şertler döredilýän sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezi derejesini barha pugtalandyrýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähmiýetli gurluşyk taslamalarynyň başyny başlap, olary durmuşa geçirmegiň ähli tapgyrlaryny — taýýarlanylyşyndan başlap, amala aşyrylyşyna çenli hemme işleri hemişe üns merkezinde saklap, öňde goýlan wezipeleri çözmäge täzeçil, toplumlaýyn we oýlanyşykly çemeleşmegiň wajypdygyny belleýär.
Döwlet Baştutanymyz şu saparynyň dowamynda Aşgabadyň günorta böleginde Çandybil şaýolunyň ugrunda bina edilýän iri desgalara tarap ugrady. Döwlet Baştutanymyzyň gelen ilkinji desgasy halkara forumlary geçirmek meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Maslahatlar merkezi boldy. Bu toplumyň gurluşygy “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasyna ynanyldy. Täze gurulýan binada ýokary derejede mejlisleri we duşuşyklary geçirmek, şeýle hem hormatly myhmanlary kabul etmek üçin ähli şertler göz öňünde tutular.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşygy batly depginlerde dowam edýän Maslahatlar merkeziniň daşky keşbini gözden geçirip, desgada alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gurluşyk meýdançasynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi hem-de Maslahatlar merkeziniň daşky we içerki gurluşynyň çyzgylaryny görkezdi.
Döwlet Baştutanymyz taslamalar bilen tanşyp, gurluşykda ulanylýan timarlaýyş we gurluşyk serişdeleriniň häsiýetnamalaryna aýratyn üns bermegiň zerurdygyny aýtdy. Şol serişdeler daşky keşbi, mäkämligi we dowamlylygy bilen tapawutlanmalydyr.
Milli Liderimiz Maslahatlar merkezi ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna halkymyz üçin ajaýyp sowgat bolar diýip, geçirilýän işleriň ýokary hilli bolmagyny hem-de dünýäniň şähergurluşygynyň ölçeglerine we milli binagärligiň däplerine kybap gelmeginiň üpjün edilmegini tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow täze Maslahatlar merkeziniň ýurdumyzyň işjeň syýasy durmuşynyň jemlenýän ýerine öwrülmelidigini bellemek bilen, meýilleşdirilen ýokary derejeli duşuşyklary we maslahatlary geçirmek üçin ähli şertleri döretmegiň möhümdigini aýtdy, munuň özi dünýä giňişliginde Türkmenistanyň abraýynyň has-da artmagyna ýardam eder.
Soňra milli Liderimiz gurluşygy dowam edýän kaşaň “Arkadag” myhmanhanasyna baryp gördi. Bu desgany hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga tabşyrmak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow desgada işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, onuň ähli ölçegler boýunça — gurluşygyň hilinden başlap, timarlaýyş işlerine çenli ýokary halkara ölçeglere kybap gelmelidigine ünsi çekdi.
Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde we paýtagtymyzda gurulýan durmuş maksatly desgalaryň bina edilmegine häzirki zaman talaplary bildirilýär. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, durmuş maksatly binalaryň taslamalary taýýarlanylanda we olaryň gurluşygynda häzirki zamanyň ösen tejribeleri bilen milli binagärlik ýörelgelerini utgaşdyrmagyň esasy ugur edinilýändigini aýdyň görkezýär.
Milli Liderimiz döwrebap binanyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen içgin gyzyklanyp, olaryň bildirilýän talaplara doly laýyk gelmegi hem-de bellenen möhletlerde tamamlanmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.
Binanyň içki we daşky bezelişi, myhmanhana otaglarynyň gurluşynyň işlenip taýýarlanylyşy aýratyn, milli öwüşgine eýe bolmalydyr. Munuň özi myhmanhananyň hyzmatlaryndan peýdalanjak daşary ýurtly myhmanlara türkmen halkynyň özboluşly däpleri bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik döreder.
Myhmanhana toplumynda oňaýly ýaşamak we dynç almak üçin döredilýän şertler Gündogaryň gadymdan gelýän myhmansöýerlik däplerine doly kybap gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
Täze myhmanhananyň ýerleşýän ýerini nazara alyp, onuň ýurdumyza gelýän jahankeşdelerde oňyn täsin galdyrmagy we myhmanlaryň paýtagtymyzyň günorta künjeginiň ajaýyp ýerlerini synlap bilmekleri üçin ýokary derejeli şertler üpjün edilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Mundan başga-da, täze gurulmagy meýilleşdirilýän durmuş maksatly binalarda, aýratyn-da, döwrebap myhmanhanalarda halkara derejeli çäreleri geçirmek mümkinçiliginiň döredilmegi zerurdyr diýip, milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanhananyň ýerleşýän ýeriniň ekologiýa ýagdaýyna aýratyn ähmiýet berilmelidigini belläp, bu ýerlerde tokaý zolaklarynyň döredilmegi, myhmanhananyň çäginiň bagy-bossanlyga bürenmegi we binanyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň zerurdygyna ünsi çekdi.
Türkmen halkynyň myhmansöýerlik däpleri dünýä nusgalykdyr. Asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgelerine laýyklykda, türkmen halky myhmanlaryna we gadyrly dostlaryna kalbynyň töründen orun berýär. Halkymyzyň döreden nusgalyk ýörelgeleri täze gurulýan myhmanhanalarda öz beýanyny tapmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz desganyň gurluşygynyň ýokary hil derejesine eýe boljakdygyna ynam bildirdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümet münberiniň gurulýan ýerine tarap ugrady. Bu desgany hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga tabşyrmak meýilleşdirilýär.
Köpetdagyň eteginde gurulýan münberden günsaýyn gözelleşýän ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi açylýar.
Hökümet münberi öz ölçegleri bilen uly täsir galdyrýar. Tutýan meýdany 20 müň inedördül metrden gowrak bolan desga Gündogaryň köşk-ymarat gurluşygy usuly boýunça bina edilip, myhmanlar üçin 2 müň orunlyk münberi öz içine alýar.
Münberiň öňünde meýdança gurlup, onda dabaraly ýörişler hem-de giň gerimli çäreler, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmegi mynasybetli dabaralar geçiriler.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew Hökümet münberinde alnyp barylýan gurluşyk-abadanlaşdyryş işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere birnäçe tabşyryklary hem-de gurluşygyň ýokary hilini hem-de bellenilen möhletde tamamlanmagyny üpjün etmek barada görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow Hökümet münberinde Watan goragçylarynyň dabaraly ýörişini ýokary derejede guramak maksady bilen, bu ýerde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz harby ýörişleri geçirmäge taýýarlyk görlende Hökümet münberiniň öňündäki meýdançadan ýöriteleşdirilen tehnikalaryň guramaçylykly geçmegi üçin zerur bolan ähli şertleriň üpjün edilmegini tabşyrdy. Şol tehnikalar Milli Goşunymyzyň güýjüni we kuwwatyny, onuň häzirki zaman tehniki üpjünçiligini açyp görkezýär.
Şeýle hem bu ýerde türkmen halkynyň milli buýsanjy hasaplanylýan behişdi bedewleriň çykyşlary üçin ähli şertler göz öňünde tutulmalydyr. Ahalteke bedewi taryhymyzda mynasyp orny eýeläp, türkmen jigitleriniň ençeme nesillerine wepaly gulluk edip gelýär. Bedew olar üçin wepaly ýoldaş we dost bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ajaýyp ahalteke bedewleriniň köp sanly myhmanlaryň öňünde gözelligini görkezmegi üçin ähli şertleri döretmegi tabşyrdy.
Wise-premýer M.Mämmedowa şu ýyl şanly senäni — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamaga görülýän taýýarlyk, hususan-da, degişli medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini aýdyp, bu ýerde dabaraly ýörişler bilen bir hatarda, giň gerimli medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak üçin ähli şertleriň döredilmelidigini belledi.
Dabaralar häzirki zaman derejesinde, türkmen halkynyň ruhuna, onuň däplerine, baý milli mirasyna laýyklykda guralmalydyr. Çäreler geçirilende, agşamky yşyklandyryş ulgamy, öňdebaryjy tehnologiýalary göz öňünde tutmak gerek diýip, milli Liderimiz bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Okgunly ösýän Türkmenistanyň täze taryhynyň başlangyç nokadyna öwrülen mukaddes Garaşsyzlygyň 30 ýyllygynyň giňden baýram edilmegine berilýän uly ähmiýeti nazara almak bilen, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümet münberiniň açylyş dabarasyna örän jogapkärli taýýarlyk görmek barada görkezme berdi.
Milli Liderimiz potratçynyň ünsüni gurluşygyň hiline hem-de desgany bellenilen möhletde ulanmaga bermegiň möhümdigine çekdi. Şeýle hem milli binagärligiň däplerini ulanmak, geçirilýän işleriň bildirilýän talaplara kybap gelmegini üpjün etmek barada tabşyryklar berildi.
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz boýunça amala aşyran iş saparynyň netijelerini jemläp, täze gurulýan desgalaryň şäheriň şu bölegindäki ajaýyp binagärlik toplumyna sazlaşykly goşulyp, bu ýerde ozal gurlan desgalar hem-de gözel tebigat bilen utgaşmalydygyny belledi.
Bu talap, elbetde, binagärleriň hem-de taslama düzüjileriň öňünde çylşyrymly döredijilik wezipelerini goýýar. Olaryň üstünlikli çözülmegi ak mermerli paýtagtymyzy, onuň gözel keşbini has-da özgertmäge ýardam edýär.
Şeýle hem täze binalar we desgalar gurlanda, olaryň oýlanyşykly ulanylmagyny göz öňünde tutup, toplumlaýyn ýaşaýyş-durmuş, inžener-tehniki hem-de ösen ulag-kommunikasiýa düzüminiň talabalaýyk bolmalydygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmekde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.



https://metbugat.gov.tm/blog?id=2276

19.01.2021
Türkmenistanyň Ykdysadyýet toplumynda Hormatly Prezidentimiziň taryhy başlangyçlaryna bagyşlanan maslahat geçirildi

2021-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Ykdysadyýet toplumynda «Türkmenleriň döwletlilik ýörelgesi, asylly işler Arkadagyň göreldesi» atly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň bu ulgama gözegçilik edýän orunbasary, ýurdumyzyň maliýe, ykdysady we bank toplumynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.

Maslahatda çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygaryna eýe bolan 2021-nji ýyl hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, ilkinji günlerinden başlap taryhy wakalara, dünýä ýaň salan beýik işlere beslenýär. Ýakynda has takygy, üstümizdäki ýylyň 14-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşmagynda Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň, Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy optiki süýümli halkara aragatnaşyk ulgamlarynyň açylmagy hem munuň anyk subutnamalary boldy. Bu taryhy wakalaryň ählisiniň özeninde bolsa, ilkinji nobatda, adam hakdaky aladanyň durandygy açyk aýdyň duýulýar. Sahawaty türkmen topragyndan uzaýan bu dostluk ýollary, röwşenlik paýlaýan elektrik geçirijileri, optiki-süýümli halkara aragatnaşyk we üstaşyr akymlary doganlyk owgan halkyna nur, rysgal-bereket bolup dolýar. «Kyýamat güni goňşudan» diýen parasatly pederlerimiziň ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk söýüjilik ýaly asylly ýol-ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän türkmen halkynyň ýürek ýylysy goňşy owgan halkyny mähir bolup çoýýar. Şonuň bilen birlikde, bu taryhy wakalar «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäni öňe sürýän milli Liderimiziň daşary syýasat babatda hem, ilkinji nobatda, umumadamzat bähbitlerini, Ýer ýüzünde parahatçylygyň we howpsuzlygyň berkidilmeginiň esasynda, durnukly ösüşiň gazanylmagyny ileri tutýandygyny nobatdaky gezek bütin dünýä äşgär etdi. Bu taryhy pursatlara şaýat bolanlar hem, ony teleýaýlymlar arkaly synlanlar hem ulanmaga berlen täze, iri taslamalaryň doganlyk owgan halkyny galkyndyrandygyny, olaryň asuda ýaşaýşa, abadan durmuşa, röwşen geljege bolan umytlaryny has-da artdyrandygyny äşgär duýdylar. Şonuň üçin-de, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan tutuş dünýä-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinden başlap, türkmen halkynyň durmuşa geçirýän bu nusgalyk işleri giň halkara jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi. Bellenilişi ýaly, bu iri taslamalar, ilkinji nobatda, owgan halkynyň durmuş düzümleriniň rowaçlanmagynda, ýurduň ykdysadyýetini kuwwatlandyrmak boýunça täze mümkinçilikleriň açylmagynda örän uly ähmiýete eýedir. Maslahatda parahatçylygyň hem-de birek-birek bilen ynamly gatnaşyklary alyp barmagyň türkmeniň ata-baba döwletlilik ýörelgesi bolup gelýändigi, bu günki günde gadymy Beýik Ýüpek ýoluny zamanabap derejede gaýtadan dikeldýän Türkmenistanyň 2021-nji ýyla halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna mahsus beýik işleri bilen dünýä nusgalyk görelde görkezýändigi aýratyn nygtalyp bellenildi.

Çykyş edenler şol beýik işleriň gözbaşynda duran Watny beýgeldip, beýgelmek düşünjesine eýerýän alym Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, umumadamzat bähbitli ynsanperwer başlangyçlarynyň, il ähmiýetli, ýurt bähbitli alyp barýan parasatly syýasatlary mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi



19.01.2021
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde, ministrligiň ýolbaşçylary we wekilleri bilen Halkara Pul Gaznasynyň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi

2021-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda, ministrligiň ýolbaşçylarynyň degişli müdirlikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) wekiliýeti bilen göni wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistanyň halkara maliýe guramalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy has-da ösdürilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Yslam ösüş banky ýaly iri halkara maliýe guramalary we düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Ýurdumyzda ykdysady ösüşi alamatlandyrýan esasy makroykdysady görkezijileriniň derejesi durnukly saklanylýar, pul-karz syýasaty kämilleşdirilýär, önümçilik hem-de eksport ugurly we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän pudaklara yzygiderli goldaw berilýär. Halkara maliýe edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlyklar yzygiderli ösdürilýär.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde, ministrligiň ýolbaşçylarynyň we degişli müdirlikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) wekiliýeti bilen göni wideoaragatnaşykda geçirilen duşuşyk hem biziň aýdanlarymyza doly şaýatlyk edýär.

Duşuşykda gaznanyň işgärleriniň saparynyň maksatlary, ýurdumyzyň soňky ykdysady ösüşleri, çaklamalary we strategiki meýilnamalary ara alyp maslahatlaşyldy şeýle-de duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen HPG-niň arasyndaky Ylalaşygyň IV maddasyna laýyklykda göz öňünde tutulýan maslahatlara taýýarlyk boýunça meselelere seredildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň halkara maliýe guramalary we düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde we ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözlerini beýan etdiler. Mähriban Watanymyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesini belende götermekde bimöçber işleri amala aşyrýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň hemişe aman, il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagyny arzuw etdiler.



Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi


18.01.2021
Goňşa barýan ýol

Taryh taryhy wakalardan döreýär.

Beýik döwür beýik işlerden hasyl bolýar.

Beýik işleri beýik adamlar amala aşyrýarlar.

Sanlyja gün ozal, 14-nji ýanwarda türkmen gündogary taryhy wakalaryň merkezine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki Ruhyýet köşgünde teleköpri arkaly döwletli-derejeli tutumlaryň birbada üçüsine — Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki — Şibirgan elektrik geçirijisiniň, Serhetabat — Turgundy, Ymamnazar — Akina ugurlary boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň işe girizilmegine ak pata berdi. Dabara wideoaragatnaşyk arkaly Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani hem gatnaşdy.

Munuň özi şol bir wagtyň özünde türkmen Lideriniň başlangyjy bilen dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen, biziň ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary berlen 2021-nji ýylyň şan-şöhratly wakalarynyň hem badalgasyna öwrüldi. Şeýlelikde, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň toý kerweni ýola düşdi.

Eýsem, taryha ýazylan bu wakalar diňe demir ýol, elektrik geçiriji, optiki-süýümli aragatnaşyk düzümleriniň işe girizilmeginden ybaratmy?! Aslynda, bu desgalar bitirilen we bitirilýän işiň diňe göze görünýän bölegi ahyry — göýä uzyn hem möwçli derýanyň ýaplary, berdaşly daragtyň şahalary ýaly! Bu wakalaryň düýp gözbaşlary, asyl kökleri barada pikir öwreniňde, has düýpli esaslar bilen ýüzbe-ýüz bolýarsyň.

Munuň özi «Ýakyn goňşuçylyk — alys geljek» ýörelgesine daýanyp, doganlyk ýurtlarymyzyň uzak möhletleýin ösüşine kuwwatly itergi bermek we bu ösüşi üpjün etmek ýaly umumy maksadyň amala aşyrylmagydyr.

Türkmen döwletiniň Ýer ýüzüniň bu böleginde ygtybarly, çalt depginler bilen ösýän, sazlaşykly energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamyny döretmek, şeýdibem häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmak, netijeli sebitara we yklymara hyzmatdaşlyga badalga bermek strategiýasynyň rowaçlanmagydyr.

«Biz Owganystany parahat we gülläp ösýän ýurt, sebitiň ähli döwletleriniň hoşniýetli goňşusy we hyzmatdaşy hökmünde görmek isleýäris» diýýän hormatly Prezidentimiziň bu babatdaky anykdan aýgytly tagallalarynyň dowam etdirilmegidir.

Bu taslamalaryň owgan halkynda öz güýçlerine ynam, bitewi hem abadan geljege umyt döretmekdäki ähmiýetiniň özi nämä degmeýär?!

Bularyň ählisi bolsa gelip-gelip, bir akabada — milli Liderimiziň jahan degresinde, dünýä derejesinde ykrar tapan PARAHATÇYLYK we YNANYŞMAK taglymatynda jemlenýär. Bu sözler biziň üçin diňe bir şygar däl, onda döwrüň çyragyny, belent maksatlaryň myradyny görýäris.

Taryhy wakalar şol günüň ertesi, 15-nji ýanwarda Çärjew etrabynda, Garagumuň altyn öwüşginli alaňlarynyň arasynda «mawy altynyň» berekedini özünde jemläp ýatan «Malaý» gaz käninde gaz gysyjy desganyň açylmagy bilen dowam etdi.

Gadymy kitaplarda: “Iki halkyň arasyndaky bir sözde müň kelamyň güýji bardyr” diýilýär. Diýmek, halklaryň durmuşy bilen dahylly her bir wakanyň söhbedi-de ömürlere, ykballara barabardyr.

1. DEMIR ÝOLUM — ÖMÜR ÝOLUM

Ine, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Akina menzilinden Andhoý şäherine tarap ilkinji otly ýola düşýär. Özi-de ýük wagonlarynyňdyr ýurdumyzyň eksport önümleriniň — dizel ýangyjydyr mineral dökünler, ösümlik önümleri guýlan çelekleriň 20-sini hatarlan otly Beýik Ýüpek ýolunyň mas ýüklenen kerwenlerini ýada salýar. Onuň belent zogy-da hyýalyňda kerwen jaňynyň düňňürdisi bilen utgaşýar. Kerwen jaňynyň sesi bolsa hemişe-de parahatçylygyň owazy, berekediň buşlugy hasaplanypdyr.

Ýol bolsun, täze kerwen!

Dost-dogan illere bereket elt!

Kerkiden ugran kerwen Andhoýa ýetdi

Asyl-ha, şatlykly wakalaryň bir häsiýetli aýratynlygy bar: olar öň başdan geçirilen, özleri bilen ruhdaş pursatlaryň ählisini şol tereň täsiri bilen gaýtalap bilýär. Ruhyýet köşgünde äpet monitorlar arkaly Akina — Andhoý demir ýolunyň dabaraly açylyşyny, owgan doganlarymyzyň ony uly şatlyk hem joşgun bilen garşylaýşyny synlap oturyşymyza, 2013-nji ýylyň 5-nji iýunynda Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýolunyň düýbüniň tutulyşyna gatnaşan, soňra 2016-njy ýylyň 28-nji noýabrynda onuň dabaraly açylyşyna şaýat bolan, dostlukly Akinada owgan gardaşlarymyzyň guwanjyny paýlaşmak miýesser eden pursatlary ýatlaýarys. Olar gyzykly kinofilmiň görnüşleri deýin, birin-birin aňyňda aýlanyp, bitewi sazlaşygy döredýär.

Uzynlygy 88 kilometr bolup, 85 kilometri ýurdumyzyň çäginde, galan 3 kilometri Ymamnazar — Akina serhetýaka nokatlarynyň arasynda ýerleşýän bu polat ýoluň açylyşy Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň ilkinji tapgyrynyň üstünlikli durmuşa geçirilmesi hökmünde taryha ýazyldy. Şeýlelikde, iki gadymy goňşy el-ele berip, hyzmatdaşlygyň täze dünýäsine derwezesini açdy.

Ýollara uzamak mahsus. Birleşmek, birleşdirmek mahsus. 2019-njy ýylyň 25-nji iýulynda goňşy ýurduň Farýap welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina menzilinde 10 kilometre barabar bolan demir ýol şahasynyň açylmagy, şeýle hem Akina — Andhoý demir ýolunyň gurluşygyna badalga berilmegi, bu gün bolsa onuň ulanyşa girizilmegi şol döwletli işleriň mynasyp dowamyna öwrüldi.

Şeýlelikde, Kerki — Ymamnazar — Akina — Andhoý demir ýoly bu gün ýurtlaryň halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna has işjeň goşulmagy, täze bazarlara çykmagy üçin täze giňişlikleri açýar. Ol Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümini ösdürmeginde, şäherleri, kärhanalary gurmagynda, iş orunlaryny döretmeginde hem juda ähmiýetlidir. Bulardan hem başga, ol Owganystan üçin Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň bazarlaryna çykmak mümkinçiligini döredýär. Bu ýurdy sebitiň ulag ulgamynyň möhüm düzüm bölegine öwürýär. Netijede, Owganystan Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça Merkezi Aziýanyň çäginden geçýän halkara ulag geçelgeleriniň möhüm bölegine öwrülmek mümkinçiligine eýe bolýar.

Dabarada bellenilişi ýaly, Owganystanyň demir ýol müdirliginiň geçiren seljermesine laýyklykda, bu ýol boýunça daşalýan ýükleriň möçberi birinji ýylda 20 göterim hem-de ikinji ýylda 50 göterim artar. Munuň özi ýük daşamalarynyň tizliginiň artmagyna getirer, iş orunlary peýda bolar.

Demir ýol diýmek diňe bir relslerden ybarat däl. Ol köp serişdedir adam güýjüni, irginsiz zähmeti talap edýän iş. Täze taslamanyň üstünlikli amal edilmeginde ýol gurluşykçylarymyzyň zähmetidir olaryň döwrebap tehnikalary, enjamlary, işleriň sowatly, göwnejaý guralmagy möhüm orny eýeledi. Demir ýoly çekmekden başga-da, 30 kilometrlik ýoluň ugrunda ätiýaçlyk we gapdal ýollary guruldy, konteýner terminallary hem-de beýleki kömekçi desgalar bina edildi we enjamlaşdyryldy.

Bu ýoluň gurluşygy geljekde hem dowam etdiriler.

***

“XVII asyrda döräp, XIX asyrda bolsa doly aýaga galan polat relsler bu gün dünýäniň ýüküni çekýär” diýen jümle Zeminiň ähli künjegi üçin mahsusdyr. Şol bir wagtda dünýäniň senagat öwrülişiginiň demir ýollaryň çekilmegi bilen baglylykda bolup geçendigi-de hakykatdyr. Munuň şeýledigine häzirki wagtda tutuş dünýädäki umumy ýük dolanyşygynyň 60 göteriminden gowragynyň demir ýoluň paýyna düşýändigi hem anyk delildir. Rahatlygy, ykjamlygy, ygtybarlylygy bilen demir ýollar ýolagçy gatnawynda hem möhüm ähmiýete eýe.

Türkmenistanyň demir ýol babatdaky hyzmatdaşlygy giň gerimlidir, dowamlydyr. Muny Owganystan bilen bilelikde amala aşyrylýan taslamalar hem aýdyň görkezýär.

Serhetabat — Turgundy — Hyrat: ýol gurluşygy dowam edýär

Ýatlamalar 2017-nji ýylyň 29-njy noýabryna alyp gidýär. Şol gün bereketli Pendi sähralary bilen gadymy Hindiguş daglarynyň aralygynda — türkmen-owgan serhet ýakasynda ýene-de bir döwletli tutumyň şaýady bolupdyk. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň iň günorta künjeginde Serhetabat — Turgundy demir ýol şahasynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna, has anygy, gaýtadan gurulmagyna badalga bermek bilen, tyllaýy güýz gününi taryhyň altyn sahypasyna öwürdi.

Owgan topragynda demir ýoly çekjek türkmen gurluşykçylaryny, ýörite niýetlenen ýol gurujy maşynlary, ýük göterijileri, soňra bolsa dürli tehnikalary we gurluşyk serişdelerini, rels-şypally gözenekleri we beýlekileri özünde jemlän wagonlaryň 42-si hatar gurap, goňşy ýurda tarap geçip gitdi...

Şondan soňra üç aýa ýetirmän, zor-zeberdest türkmen gurluşykçylary eltiji ýollar bilen birlikde, onuň düzümlerini hem gurnadylar. Ýoluň umumy uzynlygy 13 kilometrdir. Ol gapdal ýollaryň 6-syny, ýük ýüklemek, düşürmek üçin niýetlenen ýollaryň hem 7-sini öz içine alýar.

Ýeri gelende aýtsak, 2007-nji ýylyň iýunynda hem Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna türkmen hünärmenleri Serhetabat — Turgundy demir ýolunda umumy bahasy 550 müň amerikan dollaryna deň bolan düýpli abatlaýyş işini geçiripdiler.

Demir ýol şahasynyň täzeden gurulmagy bolsa bu geçelgäniň mümkinçiliklerini iki esseden-de agdyk ýokarlandyrdy. Anyk aýdylanda, ýoluň geçirijilik kuwwatlylygy, gurluşyk işleri geçirilmezden öň, her günde 25 sany wagon bolan bolsa, täze ýol işe girizilenden soň, bu görkeziji her günde 50 — 75 sany wagona çenli baryp ýetdi. Ýükler, esasan hem Russiýa, Baltika ýurtlary, Gazagystan, Täjigistan we beýleki döwletlerden gelip, üstaşyr geçýär.

Häzirki wagtda Hyrat — Turgundy demir ýolunyň gurluşygy hem alnyp barylýar. Onuň uzynlygy 173 kilometre deň bolar. Demir ýoluň ugrunda menzilleriň 4-sini, kommunikasiýa we duýduryş ulgamlaryny, perrony gurmak meýilleşdirilýär. Diýmek, Serhetabat — Turgundy demir ýoly doganlyk ýurduň jümmüşine ümzük atýar. «Aňry tarapdan hem Eýranyň demir ýolunyň Hyrada birleşdirilip, demir ýol halkasynyň döredilmegi ýeneki ösüş-özgerişleriň badalgasyna öwrüler» diýip, owganystanly hünärmenler guwançly gürrüň berýärler.

***

“Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly diýlip yglan edilen 2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna girişilmegi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň, ugurdaş optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň düýbüniň tutulmagy bilen bagly taryhy dabaralar boldy. Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň açylyşy-da şu senä gabatlanypdy. Taryhy wakalar mynasybetli, doganlyk ýurduň ady dessanlara ýaraşyk beren gadymy Hyrat şäherinde bolmak miýesser edipdi.

Hyradyň «Möwlana Jelaletdin Balh» kongresler merkezinde guralan tutumly dabarada görkezilen wideogörnüşler täsirliligi bilen ýatda galdy. Onda ylma teşne owgan ýigidiniň gazetleriň birinde degişli bildirişi gören dessine, mähetdel etmän, Aşgabatdaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine okuwa girmek üçin synag tabşyryşy, nesibesi duşup, yhlasy gowşup, bu ýokary okuw mekdebinde türkmen deň-duşlary bilen el-ele, egin-egne berip, hünär öwrenişi beýan edilýär. Ol okuwyny tamamlandan soňra, paýtagtyň demir ýol menzilinden “polat kerwene” goşulyp, Serhetabat — Turgundy ugry bilen, göni dogduk mekanyna — Hyrada dolanyp barýar. Uly joşgun, uly hyjuw bilen TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynda işe başlaýar...

Sanlyja minuda sygdyrylan şu pursatlardan görnüşi ýaly, milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan ägirt uly taslamalar goňşy ýurtda ýaş nesliň bagtly ykbaly, arzuw-umytlary, röwşen geljegi bilen baglanyşdyrylýar.

“Lapis Lazuli” geçelgesi: Beýik Ýüpek ýoluny yzlap

Biziň Bitaraplyk syýasatymyz adamzadyň geljegi üçin ýokary jogapkärçilik ýörelgelerine daýanýar. Ol umumadamzat bähbitlerini ileri tutýar. Bu hakykat Türkmenistanyň dostlukly ýurtlar bilen yzygiderli amala aşyrýan ýol-ulag taslamalarynda hem aýdyňlygy bilen açylýar.

2017-nji ýylyň 14-15-nji noýabrynda paýtagtymyzda Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň 7-nji maslahaty (RECCA VII) geçirilip, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň arasynda Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga (“Lapis Lazuli”) gol çekildi. Hünärmenleriň belleýşi ýaly, Owganystany Merkezi Aziýadan aýratyn sebit hökmünde göz öňüne getirmek mümkin däl. Bu sebitiň üsti bilen bolsa onuň Hazarýaka we Kawkaz, Ýakyn Gündogar, Ýewropa sebitlerine çykalga edinmäge mümkinçiligi bar. Diýmek, deňze çykalgasy bolmadyk Owganystan üçin bu bäştaraplaýyn halkara ulag geçelgesiniň ähmiýeti örän uludyr.

2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda Lazurit geçelgesiniň ulag taslamasynyň mümkinçiliklerini ulanmak meseleleri boýunça geçirilen wideomaslahatyň barşynda milli Liderimiz täze teklipleri öňe sürdi.

Ine, onsoň, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň 14-nji ýanwarda täze desgalaryň işe giriziliş dabarasynda sözlän sözünde bir asyrdan gowrak wagtdan soň, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen öňden gelýän gatnaşyklaryny dikeltmegiň Owganystan üçin uly hormatdygy, şunda hem Türkmenistanyň işjeň orny eýeleýändigi barada aýdanlaryna düşünmek kyn däldir.

***

Dünýäde ýol goýanlar taryha girýär.

Dünýäde diwar däl-de, köpri guranlar at-abraýa eýe bolýar.

Halkymyz «Müň içitden bir geçit» diýýär.

Sebitden sebite, yklymdan yklyma möhüm geçelgeleri, ýollary gurmak babatynda alnyp barylýan uly-uly işler, müňlerçe ýyl mundan ozal bolşy ýaly, şu günki günde hem Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregidigini aýan-aýdyň tassyklaýar. Bu gadymy ýoly Gahryman Arkadagymyz anyk taslamalar bilen gaýtadan dikeldýär.

Kakamyrat REJEBOW.

“Türkmenistan”.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18375

18.01.2021
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysyna minnetdarlyk hatyny iberdi

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji jenap Maýkl Iranä mähirli salamyny we minnetdarlyk hatyny ýollady.

Hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 45 kilograma çenli agram derejesinde türkmenistanly türgen Ýulduz Jumabaýewanyň itekläp götermekde altyn medalyň we silterläp götermekde kümüş medalyň eýesi bolandygy baradaky hoş habary ýazan Maýkl Iraniniň hatyny uly kanagatlanma we şatlyk duýgusy bilen kabul edendigini belledi.

“Ildeşimiziň sportuň agyr atletika görnüşi boýunça altyn hem-de kümüş medallara mynasyp bolmagy bizi diýseň begendirdi we guwandyrdy. Mundan başga-da, türgenimiziň itekläp götermekde 104 kilogram agram bilen we jemi 179 kilogram agram bilen ýaşlaryň arasynda dünýä rekordyny täzelemegi bizi has-da buýsandyrdy” diýip, milli Liderimiz öz hatynda nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek hem-de bu ugurda giň halkara hyzmatdaşlygy alyp barmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Taryh üçin gysga döwrüň içinde ýurdumyzda halkara sport çärelerini ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berýän hem-de dünýä ölçeglerine kybap gelýän döwrebap sport toplumlary we desgalary, şol sanda sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi gurlup, ulanylmaga berildi.

Olimpiýa hereketiniň belent ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, soňky ýyllarda ýurdumyzda iri möçberli halkara sport çäreleriniň birnäçesi geçirildi.

Muňa mysal edip, 2017-nji ýylda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, 2018-nji ýylda geçirilen «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisini we Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny hem-de sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilen Aziýa çempionatlaryny görkezmek bolar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

“Biz şu ýyl hem Welotrek boýunça dünýä çempionatyny hem-de tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşyň saýlama tapgyryny, şeýle hem öňümizdäki 2022-nji ýylda Sambo boýunça dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmek boýunça degişli taýýarlyk işlerini alyp barýarys” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň hatynda nygtalýar.

Milli Liderimiz Türkmenistan bilen Halkara agyr atletika federasiýasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirmek bilen, ýurdumyzyň geljekde hem agyr atletika boýunça ýaryşlary ýene-de kabul etmäge taýýardygyny mälim etdi.

Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Maýkl Iranini özüne amatly bolan wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. “Biz gadymy türkmen topragynda Sizi hormatly we gadyrly myhman hökmünde görmäge örän şat bolarys” diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji jenap Maýkl Iranä berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny hem-de alyp barýan ähli asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

(TDH).



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18382?type=feed

18.01.2021
Durmuş ähmiýetli ykdysady ösüşler

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 13-nji ýanwarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda şanly baýramçylyga gabatlanyp, Ahal welaýatynda ulanmaga beriljek desgalardaky işleriň barşy barada habar berildi. Hormatly Prezidentimiziň sebitleýin syýasaty welaýatlar üçin deň ösüş şertlerini döredýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ilat üçin ýokary hilli durmuş derejesini üpjün etmegi nazarlaýan bu sebit syýasatynda ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda goýulýar. Sebitleriň ykdysadyýetiniň toplumlaýyn ösdürilmegi babatynda uzak möhletleýin taslamalar, täze özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Ykdysady syýasatyň täze ugry ykdysady taýdan maksadalaýykdygy we uzak möhletleýin bähbitler nukdaýnazaryndan ähli ykdysady hem-de dolandyryş çözgütlerini kabul etmegi, ykdysady kuwwaty artdyrmak üçin amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmegi göz öňünde tutýar. Ykdysadyýetiň netijeli hususy ulgamyny döretmek hem-de bäsdeşlik esasynda döwlet-hususy gatnaşyklary ösdürmek hem möhümdir. Senagatlaşdyrmaga tarap alnan ugur diňe ykdysady däl-de, eýsem, durmuş ähmiýetli bolup durýar. Häzirki döwürde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň esasy bölegini öz kärhanalarymyzda öndürmek meselesi baş wezipeleriň biri bolup durýar. Ykdysady ösüşi, doly we öndürijilikli iş üpjünçiligi we ähli adamlar üçin mynasyp iş orunlaryny döretmeklige ýardam etmek ugry Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipeleri bilen baglanyşykly bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen kabul edilen we amala aşyrylýan maksatnamalaryň we meýilnamalaryň çäklerinde gurulýan kärhanalaryň, desgalaryň, binalaryň ulanmaga berilmeginiň netijesinde, müňlerçe täze iş orunlary döredilýär. Ýeňil senagatda taýýar önümleriň, şol sanda getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň görnüşlerini giňeltmek we täzelemek boýunça işler hem yzygiderli häsiýete eýe bolýar. Dokma senagatynyň önümçiliginiň depginli ösmegi, harytlaryň çykarylyşynyň artdyrylmagy ýeňil senagatyň eksport mümkinçiligini pugtalandyrýar.

Iş maslahatynyň barşynda şu ýyl ulanylmaga beriljek desgalaryň arasynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan hem-de Kaka etraplarynda ýokary halkara ülňüleri esasynda enjamlaşdyrylýan dokma toplumlarynyň bardygy habar berildi. Her biri 5 müň tonna inçe süýümli pagtany gaýtadan işlemäge niýetlenen täze döwrebap senagat toplumlarynyň gurluşygyna 2018-nji ýylda badalga berlipdi. Bu pudagyň depginli ösüşi welaýatyň ilatyny, esasan-da, aýal-gyzlaryny iş bilen üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir.

Häzirki döwürde milli binagärlik äheňlerinde öňdebaryjy dünýä tejribelerine laýyk gelýän ähli amatlyklary bolan ajaýyp ýaşaýyş jaýlary, döwrebap önümçilik we medeni-durmuş maksatly täze-täze binalar we desgalar, awtomobil we demir ýollary, seýilgähler gurlup, ulanmaga berilýär. Ýurdumyzda durnukly ösüşiň ýene bir wajyp maksady bolan üpjünçilik ulgamlary pudaklaryny gurmak boýunça hem uly möçberli işler alnyp barylýar. Halkara ähmiýetli demir ýollarynyň, gara ýollaryň, deňiz portunyň, howa menzilleriniň gurulmagy, senagatda gaýtadan işleýän pudaklaryň ýokary depginler bilen ösdürilmegi, innowasiýa häsiýetli iri kärhanalaryň gurulmagy we ulanmaga berilmegi durmuş-ykdysady ösüşiň oňyn görkezijileridir.

Hormatly Prezidentimiziň özgertmeler maksatnamasyna laýyklykda amala aşyrylýan gurluşyk işleri halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyryp, olaryň asuda, abadan, eşretli durmuşda ýaşamaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri we medeniýetli dynç almaklary üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, gurluşyk senagatyna ägirt uly serişdeleri goýbermek bilen, ýurdumyzyň geljegini gurýarys, onuň ösmegi üçin ygtybarly esasy döredýäris. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen tagallalary netijesinde iri taslamalary amala aşyrmak maksady bilen, durmuş-ykdysady ulgama goýberilýän uly möçberli maliýe serişdeleri özygtyýarly Watanymyzyň bagtyýar geljegine gönükdirilen maýa goýumlarydyr.

Nesip bolsa, halkymyzyň agzybirligi, jemgyýetiň jebisligi, bir maksada gulluk edip, milli Liderimiziň daşynda jemlenmegi bilen, biz öz beýik maksatlarymyza ýeteris. Bizi beýik ýeňişlere ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, döwletli işleri rowaç bolsun!

Bahar JEPBAROWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18335

18.01.2021
Arkadagly Watan ösüşlere beslenýär

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda gülläp ösýän ýurdumyzda garşylaýan her bir günümiz, aýymyz, ýylymyz ajaýyp üstünliklere beslenip, eşretli günlere ulaşýar. Biz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» adyna eýe bolan ýylymyzy garşyladyk. Bu ýyl parahatçylygyň, ynsanperwerligiň gadyr-gymmatyny ýene bir ýola bütin dünýä ýaýjak ýyl bolar. Elbetde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilendigini-de buýsanç bilen nygtamalydyrys.

Täze üstünliklere gönezlik

Halkymyzda gazanylan üstünlikler geljekde täze sepgitlere ýetmäge gönezlik hasaplanyp, olaryň gadyr-gymmatyna aýratyn sarpa goýulýar. Hut şu jähetden hem her bir ulgamda gazanylan ýeňişler gadam goýan Täze 2021-nji ýylymyzda has belent sepgitlere ýetmäge badalgadyr. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylymyza ser salanymyzda, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda gazanylan üstünlikler, oňyn özgertmeler, guwandyryjy beýik işler Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Şolardan haýsy birini ýatlanymyzda hem bizi täze zähmet üstünliklerine galkyndyrýar. Elbetde, şol ýetilen sepgitleriň her biri biziň üçin guwandyryjydyr. Ýöne biz ynsana ak ýol açýan bilim hakynda gürrüň etmegi makul bildik. Hormatly Prezidentimiziň “Bilim ähli ösüşleriň özenidir” diýip parasatly belleýşi ýaly, haýsy bir ýetilen belent sepgitler barada söz açylsa, onuň düýp özeninde hökmany suratda bilimiň, ylmyň gazananlarynyň bardygyna magat göz ýetirýärsiň.

Ýurdumyzyň bilim ulgamy dogrusynda gürrüň açylanda, türkmen halkymyzyň buýsanmaga haky bardyr. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ýaş neslimize dünýä ülňülerine laýyk bilim berilmegi, olar baradaky aladalaryň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugruna öwrülmegi halk bähbitli işleriň iň bir naýbaşysy bolsa gerek. Sebäbi her bir maşgalanyň hem, ýurduň hem geljegi şu günki ýetişip gelýän nesle bagly. Akylly-başly, edep-terbiýeli, bilimli-ylymly, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän hünärmen bolup ýetişen perzentli öý bagtlydyr, şeýle ogul-gyzlaryň ýetişýän ýurdy hem berkarardyr, has bagtyýar ertirlere gadamlary batlydyr.

Ylym-bilime aýratyn üns berýän, ýaşlaryň giň gözýetimli, kämil bolup ýetişmekleri üçin çuňňur alada edýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden buýsanýarys. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky üstünlikler her ýylymyzyň aýratyn öwüşgini bolup, kalbymyzy çoýýar. Hut soňky ýyllarda ýurdumyzda çuňňur bilimli ýaş neslimiz ýetişdi. Olaryň dünýä ýurtlarynda geçirilýän halkara ders, taslama, zehin, sport bäsleşiklerinde iň öňdäki orunlary eýeläp, altyn, kümüş, bürünç medallara, tapawutlanan diplomlara mynasyp bolmagy buýsançly başymyzy göge ýetirýär.

Häzirki wagtda sanly bilim ulgamyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmekde, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmekde, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Şu ýerde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde hem bu konsepsiýany durmuşa geçirmek bilen baglylykda degişli işleriň alnyp barylýandygyny nygtamak isleýäris. Mugallymlaryň sapak ýazgylarynyň, okuw-görkezme esbaplarynyň elektron görnüşiniň taýýarlanmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: “Bilim syýasatymyzyň iň möhüm bölegi dünýäniň esasy ylym we bilim merkezleri bilen halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmakdan ybaratdyr” diýmek bilen, ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekleriniň wajypdygyny belläp, dil öwrenmäge giň mümkinçilikleri döretdi. Berkarar döwletimizde çagalar bagyndan başlap ene dilimizi we dünýä dillerini öwretmek ýörite meýilnama esasynda alnyp barylýar. Ondan daşary hem ýokary okuw mekdeplerimizde dünýä dilleriniň ençemesi öwrenilýär. Ýörite daşary ýurt dillerini okatmaga niýetlenen mekdeplerimiz hem hereket edýär. Görşümiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen daşary ýurt dillerini has çuň we kämil öwrenmäge ähli mümkinçilikler döredildi. Ine, ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky gazanýan üstünlikleriniň birje ülşi barada gürrüň açdyk. Bularyň bary bolsa, ýeneki üstünliklere gönezlik we badalgadyr.

Sakasy — saglyk

Türkmen halkymyzda ynsan saglygyna berilýän ünsüň juda ýokarda goýulýandygyna bu ugurdaky pähimlere, tymsallara, rowaýatlara nazar aýlanyňda hem göz ýetirmek bolýar. Aslynda, türkmen aga her bir işiň sakasyny saglykda görýär. Şonuň üçin-de ata-babalarymyz «Saglyk bolsa, galan zadyň bir alajy bolar» diýip, her bir işi jäht tutupdyrlar. Pederlerimiz heniz perzentleri dünýä inmezinden öň onuň saglygy hakynda alada edipdirler. Hut şonuň üçin hem halkymyzda “Saglygym — baýlygym”, “Saglyk — başymyň täji”, “Saglyk — öýüň soltany” diýen ýaly onlarça pähimleriň döredilmegi hem ýöne ýerden däldir. Ine, alyslardan aşyp gelýän halkymyzyň bu ýörelgesini Gahryman Arkadagymyz has belent derejelere ýetirip, ynsan saglygy hakyndaky aladalary döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwürdi.

Elbetde, biziň saglyk hakynda hem aýratyn söhbet açmagymyz ýöne ýerden däldir. Ähli ösüşleriň özeninde ylym-bilim durýan bolsa, onuň hem gözbaşynda saglyk durýandyr. Ine, şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň saglyk ulgamyndaky ösüşlere aýratyn ähmiýet berip, halkymyzyň saglygyny berkitmekde uly işleriň geçirilmegine giň ýol açdy. Dünýäniň ösen döwletlerinden getirilen ýokary derejeli saglyk enjamlary bilen üpjün edilen onlarça anyklaýyş we bejeriş desgalarynyň ulanmaga berilmegi, dürli ugurlar boýunça hassahanalaryň açylmagy, dynç alyş merkezleriniň ulanmaga berilmegi — bularyň bary halkymyzyň saglygy hakyndaky aladadyr.

Ynsan haçan özi hakynda edilýän aladalary duýup ýaşanda, özüni bagtly saýýar. Şol bagtyýarlygy peşgeş beren milli Liderimize alkyş aýdýarys. Saglyk hakynda gürrüň edilende, hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyny hem agzaman geçmek bolmaz. Türkmen halkymyz — sähraýy halk. Olar derman otlaryň ynsan saglygyna edýän peýdasyna berk ynanyp, olary durmuşlaryndan aýyrman ýaşapdyrlar. Şonuň üçin-de, hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň her bir jildini ýüzlerine sylyp, ony ýakyn gollanma hökmünde ulanýan halkymyz şeýle kitaplaryň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýärler.

Parahatçylygyň aýdyň ýoly

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda her bir ýylymyzyň özboluşly atlandyrylmagy indi däbe öwrüldi. Buýsanç bilen garşylan Täze ýylymyzyň hem “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylmagy halkymyzyň köňül guşuny ganatlandyrdy. Sebäbi halkymyzyň aňynda, ruhunda parahatçylyga, ynanyşmaga bolan söýgi aýratyn orun eýeleýär. Ol söýgi öz gözbaşyny juda alyslardan, has dogrusy nesilbaşymyz bolan Oguz han atamyzdan alyp gaýdýar. Şeýle asylly ýollary asyrlaryň dowamynda berkiden ata-babalarymyz ony durmuş ýörelgeleriniň aýrylmaz bir bölegine öwrüp gelipdirler.

Aslynda parahatçylyk we ynanyşmak biri-biri bilen berk baglanyşyklydyr. Ynanyşmagyň bolan ýerinde parahatçylyk bolýandyr. Hut şonuň üçin hem halkymyzda birek-birege ynanyşmak ýörelgesi ýöredilýär.

Elbetde, ähli adamzat üçin parahatçylygyň, abadan durmuşyň höziri başgadyr. Hut şonuň üçin-de, BMG-niň belent münberinden öňe sürülýän teklipleriň agramly böleginiň, halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň rowaçlanmagy netijesinde, Ýer ýüzünde parahatçylygyň höküm sürmegi baradadyr diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Umumadamzadyň parahatçylygy, ösüşi nazarlanýan beýik başlangyçlaryň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan beýan edilmegi mähriban halkymyzyň kalbynda, ruhy dünýäsinde ýaşaýan parahatçylyk söýüjilik ýörelgämiziň rowaçlanýandygyna buýsanjyny artdyrýar.

Asmanda ak kepderileriň ganat ýaýyp ýörenine, reýhan bolup açylan güllere nazaryň düşende, erkana bökjekleşýän çagalaryň şadyýan seslerini, ajaýyp aýdymyň owazyny eşideniňde özüňi parahat durmuşyň gujagynda duýýarsyň. Bu pursatlar parahatçylygyň we bagtyýarlygyň keşbidir.

Ogulkeýik PAŞŞYÝEWA,

«Mugallymlar gazeti».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18359

18.01.2021
Kuwwatly desga işe girizildi

Mähriban Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly uly dabaralara beslenýär. Täze ýylyň ilkinji günlerinde şeýle dabaralaryň biri Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän Malaý gaz käninde kuwwatlylygy ýylda tebigy gazyň 30 milliard kub metrini akdyrmaga barabar bolan täze gaz gysyjy desganyň işe girizilmegi bilen baglanyşykly bolup geçdi. Desganyň ýerleşen ýeri hakyky toý-baýramçylyga öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň dabaraly ýagdaýda ak pata bermegi bilen işe girizilen kuwwatly desga Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň geljekki ösüşlerine güýçli itergi berer.

Geçen ýyllarda bu känden tebigy gazyň uly möçberleri gazylyp alyndy. Malaýdan Türkmenistan ― Hytaý gaz geçirijisine tebigy gaz akdyrylýar. Bu ýerde gurlan kuwwatly gaz gysyjy desga tebigy gazyň has doly gazylyp alynmagyny üpjün eder. Bu iri taslama hormatly Prezidentimiziň gol çeken taryhy Kararyna laýyklykda, buýrujy «Türkmengaz» döwlet konserni bilen gurluşygyň baş potratçysy «Petro Gaz LLP» (Beýik Britaniýa) kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnamanyň esasynda durmuşa geçirildi.

Iri desganyň «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygy şübhesizdir. Desga önümçilik bölümleriniň ikisinden ybarat bolup, onuň «A» sehi Malaý gaz käniniň özleşdirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Ol gaz käniniň düşýän basyşynyň we göwrüminiň derejesini saklamaga niýetlenilendir. Munuň üçin gaz gysyjy enjamlaryň toplumlary gurnaldy. Desganyň «B» sehi bolsa «Döwletabat» we «Galkynyş» gaz känlerinden gelýän tebigy gazy Malaý — Bagtyýarlyk gaz geçirijisine ýokary basyş bilen akdyrmaga niýetlenilýär. Onda 6 sany gaz gysyjy enjamlaryň kämil toplumlary otyrdyldy.

Geçen ýyl Türkmenistanda durmuş we önümçilik maksatly örän iri möçberli desgalar işe girizildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem işe girizilýän desgalaryň sany barha artyp ugrady. Malaýdaky kuwwatly gaz gysyjy desga 2021-nji ýylda açylýan desgalaryň iň naýbaşylarynyň biridir. Nesip bolsa şeýle dabaralaryň yzy ýene-de dabaralara ulaşar.

«Bereketli toprak».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18351

18.01.2021
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky şu aşakdaky goýumlary halkymyza hödürleýär:

1. «Talap edilýänçä» goýumy — goýuma serişdeler nagt we nagt däl görnüşinde çäklendirilmedik möçberde möhletsiz kabul edilýär, göterim derejesi 1% ýyllyk.

2. «Gadamy beýik gahryman» goýumy — 3 aý, 6 aý, 9 aý, 12 aý göterimi ýyllyk 11%, üstüni dolduryp bolýan goýum. Bu goýum Beýik Watançylyk urşuna we owgan urşuna gatnaşan raýatlar üçin niýetlenen. Goýuma goýulan puluň iň pes möçberi 100 (bir ýüz) manat bolup, goýuma pul serişdeleri nagt görnüşinde kabul edilýär.

3. «Gojalara hemaýat» goýumy — ýyllyk 9% göterimli 3 aý, 6 aý, 9 aý, 12 aý möhleti bilen pensiýadaky raýatlar üçin niýetlenilen. Goýuma goýulan puluň iň pes möçberi 200 (iki ýüz) manat bolup, goýuma pul serişdeleri nagt görnüşinde kabul edilýär.

4. «Galkynan daýhan» goýumy — goýum 1 ýyllyk möhlete ýyllyk 10% göterimi bilen açylýar. Bu goýuma serişdeler nagt we nagt däl pul görnüşinde 20000 (ýigrimi müň) manatdan az bolmadyk möçberde kabul edilýär.

5. «Altyn asyryň altyn daýhany» goýumy — goýum 3 aý möhletli, ýyllyk 8% göterim, üsti doldurylmaýan. Goýum nagt we nagt däl görnüşinde kabul edilýär.

6. «Möhletli» goýumy — goýuma ýyllyk 8% göterim bilen nagt görnüşinde 1 ýyl möhleti bilen serişdeler kabul edilýär. Goýuma goýulan puluň möçberi 200 (iki ýüz) manatdan az bolmaly däl we goýumyň aňrybaşy çägi ýokdur.

7. «Ruhubelent nesiller» goýumy — goýuma ata-eneleriň we garyndaşlyk gatnaşygyna garamazdan, islendik raýatlar tarapyndan islendik ýaşdan başlap 16 ýaşa çenli çagalaryň adyna ýyllyk 6% göterimi bilen nagt serişdeler kabul edilýär. Goýuma goýulan ilkinji puluň iň pes möçberi 100 (ýüz) manat bolmaly. Goýumyň üstüne goşmaça serişdeler kabul edilýär.

8. «Altyn asyra daýhan gadamy» goýumy — bu möhletli goýum bolup, oba hojalyk önüm öndürijiler üçin niýetlenen. Goýumyň möhleti 1 ýyl, göterim derejesi 8% ýyllyk. Goýum nagt we nagt däl görnüşinde kabul edilýär.

9. «Pagtaçylara sowgat» goýumy — bir ýyl möhlete ýyllyk 10% göterim bilen nagt däl görnüşinde açylýar we goýumyň möçberi çäklendirilmeýär. Pul serişdesiniň 50% göterimine çenlisini möhletinden öň yzyna alyp we üstüni doldurup bolýar.

10. «Goýum bank karty» goýumy — goýuma ýyllyk 5% göterim bilen nagt görnüşinde üstüni dolup bolýan şertinde kabul edilýär. Goýumçynyň goýum karty açylandan soň, milli manatda çäklendirilmedik möçberde nagt görnüşinde serişdeler kabul edilýär. Goýumda pul serişdeleriniň duran döwründe goşmaça pul serişdelerini goýmak, üstüni doldurmaklyga rugsat berilýär.

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky, «Goýum bank karty» bank kart önümini ulanmak arkaly ýurdumyzyň ähli ýerlerinde töleg terminallarynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde geçirilen tölegleriň jemine 1% möçberinde pul sylagy «Cash back» berilýär.

11. «Rowaçlyk» goýumy — goýum ýyllyk 12% göterim bilen çaganyň adyna dünýä inen gününden başlap 18 ýaşyna çenli açylýar. Goýuma çäklendirilmedik möçberde pul serişdeleri nagt we bank kartynyň üsti bilen ýakyn garyndaşlaryndan nagt däl görnüşinde kabul edilýär. Çaganyň üç ýaşyna çenli goýuma goşmaça pul serişdelerini goýmaklyga we üstüni doldurmaklyga rugsat berilýär.

HORMATLY ILDEŞLER !

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky bilen hyzmatdaşlyk siziň üçin amatly hem-de bähbitli bolar!

Habarlaşmak üçin aşakdaky telefon belgilere jaň edip bilersiňiz: 38-02-23, 38-01-43, 38-02-28, 38-02-83.

Şeýle hem Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň ähli şahamçalaryna ýüz tutup bilersiňiz!



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18275

16.01.2021
Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Lebap welaýaty, 15-nji ýanwar (TDH). Şu gün Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Çärjew etrabynyň “Malaý” gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Bu waka Türkmenistanyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim boldy. Gaz pudagynyň eksport kuwwatyny artdyrmak şol strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biridir. Dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini doly derejede ulanmak ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, mähriban halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etmelidir. Şunuň bilen birlikde, bu ulgamda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary durnukly ösüşiň, ählumumy rowaçlygyň we abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär. Bitarap Türkmenistanyň häzirki zamanyň wajyp wezipelerini çözmäge gönükdirilen syýasaty döwletleriň hem-de halklaryň arasyndaky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar.

14-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de OYR-niň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň gatnaşmagynda Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) elektrik geçiriji ulgamyň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat —Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Lebap welaýatynyň nebitgaz düzüminiň üstüni ýetiren täze senagat desgasynyň hem «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda öz işine başlaýandygy bellärliklidir.

Hut şu ýerde — nebitiň we gazyň iri ýataklarynyň üsti açylan gündogar sebitde Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi başlanýar. Bu desgada Ýewraziýa yklymynyň halklaryny müňýyllyklaryň dowamynda baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek baradaky pikir öz beýanyny tapýar. Bu energiýa geçiriji XXI asyryň ägirt uly inžener-tehniki desgalarynyň biridir. Halkara gatnaşyklaryň tejribesinde bu taslama hoşmeýilli erk-islegiň, netijeli hem-de oňyn döwletara hyzmatdaşlygyň ajaýyp nusgasyna öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, gaz geçirijä tebigy gazyň eksport akymlary çig mal çeşmeleriniň birnäçesinden amala aşyrylýar. Şolaryň hatarynda Garagumuň günortasynda, Lebap welaýatynyň edara ediş merkezi Türkmenabat şäherinden, takmynan, 70 kilometrlikde ýerleşýän “Malaý” gaz ýatagy hem bar.

Şu gün bu ýerde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Köp sanly dabara gatnaşyjylar eziz Diýarymyzyň iň täze taryhyna altyn sahypalar bilen ýazyljak bu waka sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň dikuçary täze desganyň öňündäki meýdança gonýar. Ýygnananlar milli Liderimizi ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň Başlygy, Lebap welaýatynyň häkimi mübärekleýärler.

Döwlet Baştutanymyz haly ýodajygy boýunça ýöräp, dabaranyň geçirilýän ýerine tarap ugrady. Ýodajygyň iki tarapynda nebitgaz senagatynyň işgärleri, elleri baýdajykly, howa şarly we gülli ýaşlar düzüldiler.

Gündogar sebitiň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda aýdym-sazly we tansly çykyş dabaranyň baýramçylyk öwüşginini has-da artdyrdy.

Tolgundyryjy pursat gelip ýetýär: ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz toý bagyny kesýär — täze möhüm senagat desgasy açylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylaryň hem-de myhmanlaryň ýygnanan binasyna tarap ugraýar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda hökümetiň agzalary, Mejlisiň deputatlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, pudagyň işgärleri bar. Olaryň ählisi ör turup, şowhunly el çarpyşmalary bilen milli Liderimizi mübärekleýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş edip, ýygnananlary hem-de tutuş türkmen halkyny täze, 2021-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinde şu günki taryhy ähmiýetli waka — «Malaý» käninde gurlan döwrebap gaz gysyjy desganyň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmagy we daşary ýurt maýadarlar üçin hyzmatdaşlyga amatly şertleriň döredilmegi ýurdumyzyň dünýäde iri energetika döwlet hökmünde ykrar edilmegine getirdi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen tebigy gazyny halkara bazarlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda bu hyzmatdaşlyk oýlanyşykly, işjeň we maksada okgunly alnyp barylýar. Netijede, gymmatly çig mal bolan tebigy gazy özara bähbitli esasda ýerlemegiň hem-de girdeji gazanmagyň täze bazarlary peýda bolýar.

Biziň syýasatymyz ýurdumyzyň uly baýlygy bolan uglewodorod serişdelerini dünýäde parahatçylygy berkitmegiň, abadan ýaşaýşyň we gülläp ösüşiň bähbidine ulanmakdyr. Öňde goýlan bu belent maksatlara ýetmek ugrunda gysga wagtyň içinde möhüm ähmiýetli taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Garagum sährasynyň Lebap welaýatyna degişli çäginde ýerleşýän «Malaý» ýatagyndan indi köp ýyllardan, ýagny, 1986-njy ýyldan bäri tebigy gaz çykarylyp gelinýär. Bu toplum ýurdumyzyň diňe bir gündogar welaýatynyň ilatly ýerlerini, şeýle hem dürli maksatly desgalary «mawy ýangyç» bilen üpjün etmän, eýsem, asyrymyzyň iri taslamasy bolan Türkmenistan —–Özbegistan — Gazagystan — Hytaý transmilli gaz geçirijisine hem harytlyk önüm berýär. Bu halkara energiýa magistraly bilen «Malaý» känini uzynlygy 188 kilometr bolan Malaý — Bagtyýarlyk gaz geçirijisi birleşdirýär.

Bu ýerde guýularyň önüm berijiligini artdyrmakda, käniň tebigy gaz goruny has doly peýdalanmakda işe girizilýän täze desganyň ähmiýeti örän uludyr. Täze gurlan desganyň «A» we «B» önümçilik sehleri bolup, «A» sehiniň wezipesi «Malaý» gaz känini doly özleşdirmekden ybaratdyr. «B» sehi bolsa «Galkynyş» we «Döwletabat» känleriniň gazyny Malaý — Bagtyýarlyk gaz geçirijisine ýokary basyş bilen akdyrmaga niýetlenendir.

Bu täze desgada dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan öndürilen 6 sany kuwwatly gaz gysyjy enjamlar toplumy oturdyldy. Şol enjamlar kämil kompýuterleriň üsti bilen dolandyrylýar.

Ýylda üstünden 30 milliard kub metre çenli tebigy gazy geçirmäge ukyply bolan desgada ygtybarly enjamlar hem-de öňdebaryjy tehnologik çözgütler ornaşdyryldy.

Umumy meýdany 12 gektara golaý bolan täze beketde gaz gysyjy enjamlar toplumyndan başga-da, sowadyjy we arassalaýjy desgalar, ýokary hem-de pes basyşly fakel hojalygy, azot we kislorod öndürýän stansiýa, ätiýaçdaky dizel elektrik stansiýasy ýerleşýär. Şonuň ýaly-da, bu ýerde merkezi dolandyryş operator hem-de mehaniki bejeriş we ýangyn howpsuzlyk binalary, edara binasy, ýangyna garşy suw howuzlary göz öňünde tutuldy. Döwrebap desganyň işe girizilmegi bilen 60-a golaý täze iş orny döredi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly taryhy ösüşlere, uly rowaçlyklara beslenýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Täze, 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinde geçirilýän bu dabaraly çäräniň hem aýratyn möhüm ähmiýeti bar. Sebäbi Türkmenistan gurýan we döredýän, iri taslamalary amala aşyrýan döwlet hökmünde özüni giňden tanadýar.

Häzirki döwürde dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, durnukly ösýän ýurdumyzda durmuşa geçirilýän şeýle taslamalar, ulanmaga berilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalardyr binalar hem-de önümçilikler milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan we bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Biz eziz Diýarymyzda şular ýaly iri desgalaryň gurluşygynda ekologiýa talaplaryna, döwrebap innowasiýalara, ösen tehnologiýalara möhüm ähmiýet berýäris. Hut şonuň netijesinde hem daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde gurýan iri senagat, nebitgaz we himiýa önümçiliklerimiz abraýly halkara guramalaryň ýokary hil derejesine, innowasion çözgütlerine hem-de ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýändigi baradaky güwänamalaryna mynasyp bolýar. Munuň özi, elbetde, buýsandyryjy ýagdaýdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün açylyp, ulanmaga berilýän iri senagat desgasynyň hem diňe bir biziň häzirki ösüşlerimize mynasyp goşant goşmak bilen çäklenmän, eýsem, geljekki nesillerimize hem uzak ýyllaryň dowamynda ygtybarly hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Milli Liderimiz ýygnananlary şu günki taryhy waka — «Malaý» käninde gurlan gaz gysyjy desganyň ulanmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy dabara gatnaşyjylarda uly ruhubelentlik döretdi hem-de şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Soňra “CNPC International Turkmenistan” kompaniýasynyň baş direktory jenap Li Şulýana söz berildi. Ol Hytaýyň milli nebit-gaz korporasiýasynyň işgärleriniň adyndan ýygnananlary “Malaý” gaz käninde täze gaz gysyjy desganyň üstünlikli ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermegi bilen amala aşyrylan bu iri taslama şol gaz käniniň ikinji tapgyryna täze mümkinçilikleri açýar. Munuň özi gaz pudagynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga we degişlilikde, Türkmenistanyň dünýäniň nebitgaz bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam eder.

“Malaý” gaz käniniň golaýynda “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäk ýerleşýär. Şol ýerde 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki döwürdäki aýdyň beýanyna öwrülen Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisini resmi taýdan işe girizmek dabarasy boldy.

Häzirki wagta çenli “Türkmengaz” döwlet konserni we “CNPC International Turkmenistan” kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanylýan ýataklardan hyzmatdaşlaryň bilelikdäki tagallasy bilen, Ýuwaş ummanyň kenaryna çenli tebigy gazyň jemi 290 milliard kub metri iberildi.

Tebigy gazyň gorlary boýunça Merkezi Aziýada birinji orna we dünýäde dördünji orna eýe bolan Türkmenistan dünýäniň energetika döwletidir. Nebitgaz ulgamynda ählumumy we sebit derejesindäki hyzmatdaşlykda Türkmenistana möhüm orun degişlidir diýip, myhman aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, “CNPC International Turkmenistan” kompaniýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasatyna ýokary baha berdi. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmekde ýokary depginler, uglewodorod serişdelerini gözlemekde we işläp taýýarlamakda, tebigy gazy daşary ýurtlara ibermekde hem-de gazhimiýa senagatynda ägirt uly üstünlikler gazanyldy.

Türkmenistanyň iň ygtybarly we uzak möhletli hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) mundan beýläk-de tehnologik alyşmalary pugtalandyrmaga hem-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr diýip, jenap Li Şulýan aýtdy.

Myhman şu ajaýyp waka bilen dabara gatnaşyjylary ýene-de bir gezek gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de tutuş türkmen halkyna berk jan saglyk, bagtyýar we abadan durmuş arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz HHR-iň wekillerine geçirýän uly işleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň özlerini ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaşlar hökmünde görkezen daşary ýurtlaryň nebitgaz kompaniýalary bilen uzak möhletli özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belledi.

Şeýle giň gerimli taslamanyň bir ýyl sekiz aýyň dowamynda amala aşyrylmagy onuň «Asyryň gurluşygy» diýlip atlandyrylmagyny şertlendirdi. Türkmen gazy dostlukly hytaý halkynyň müňlerçe öýlerine ýylylyk getirdi, senagat kärhanalaryny zerur bolan möçberde ýangyç bilen üpjün etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli senagat taslamalary daşky gurşawy goramak meseleleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howanyň üýtgemegi hakyndaky Kioto teswirnamasyny we bug gazlarynyň howa zyňylmagynyň azaldylmagyny göz öňünde tutýan beýleki halkara ylalaşyklary tassyklady. Şundan ugur almak bilen, ähli ulgamlara hem-de pudaklara, şol sanda nebitgaz senagatyna döwrebap, ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär.

Şu täze desganyň hem bu talaplara laýyk gelmegi türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ählumumy Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda işjeňleşýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçene ýüzlenip, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin diplomat tarapyndan bu ugurda ähli tagallalaryň ediljekdigine ynam bildirdi.

Soňra ýygnananlara Türkmenistana bagyşlanan hem-de ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň kuwwatly ösüşiniň esasy ugurlary, gaz gysyjy desga barada gürrüň berýän wideofilm hödürlenildi.

Ýurdumyz tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeläp, ählumumy energetika howpsuzlygynyň häzirki zaman binýadyny döretmäge işjeň gatnaşýar, energiýa serişdelerini ibermegiň köpşahaly ulgamyny döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn strategiýany üstünlikli durmuşa geçirýär.

Şu meseleler boýunça döwletimiziň garaýyşlaryny BMG-niň belent münberinden ençeme gezek beýan eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli başlangyçlary halkara bileleşigiň doly goldawyna we ykrarnamasyna mynasyp boldy. Munuň özi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynda berkidildi.

Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek nukdaýnazaryndan hem-de daşky gurşawy goramak ulgamynda möhüm wezipeleri çözmek babatda möhüm ähmiýete eýe bolan iri taslamalaryň ençemesiniň başyny başlady.

Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy bar. Ol diňe bir ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik bermän, eýsem, goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagyna, sebitde energetika howpsuzlygyny we ykdysady durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, XXI asyryň ägirt uly taslamasynyň — Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy energetika ulgamynda üstünlikli türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň aýdyň mysalydyr. Bu gaz geçiriji özüne üç ugry (A, B we С) ugry birleşdirýär.

Hytaýyň çäginde oňa uzynlygy 10 müň kilometre golaý bolan Gündogar — Günbatar gaz geçirijisi birleşýär. Häzirki wagtda Merkezi Aziýadan gelýän gaz HHR-iň 25 welaýatyna we awtonom etraplaryna, şeýle hem Gonkong aýratyn edara ediş etrabyna gelip gowuşýar. Munuň özi gazdan 500 milliona golaý adamyň peýdalanýandygyny aňladýar.

“Türkmengaz” döwlet konserni transmilli gaz geçirijä “mawy ýangyjy” esasy iberiji bolup durýar.

2007-nji ýylda Önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşyga laýyklykda, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) “Amyderýa” gaz kompaniýasy tarapyndan özleşdirilýän “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäkdäki ýatagy ekologiýa taýdan arassa çig malyň ikinji uly çeşmesi bolup durýar.

Hytaýly hyzmatdaşlar tarapyndan Amyderýanyň sag kenarynda uglewodorod çig malyny gözlemek, gorlaryna baha bermek hem-de senagat taýdan özleşdirmek bilen baglanyşykly geologiýa-gözleg we burawlaýyş işleriniň uly möçberleri ýerine ýetirildi. Bu ýerde tebigy gazyň we gaz kondensatynyň uly gorlary bolan ýataklaryň 20-den gowragy ýüze çykaryldy.

«Samandepe» ýatagynda we Hojambaz etrabynda ýylda umumy kuwwatlylygy 14 milliard kub metr harytlyk gazy öndürýän gazy gaýtadan işleýän zawodlaryň ikisi, beýleki önümçilik, logistik hem-de durmuş düzümleri guruldy.

2014-nji ýylda Amyderýanyň sag kenaryndaky iri ýataklarda gözleg hem-de işläp bejeriş işleri üçin ulanylýan esasy tehnologiýalar HHR-iň ylmy-tehniki ösüş babatyndaky Milli baýragyna mynasyp boldy. Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy bolsa 10-dan gowrak pudaklaýyn hem-de milli sylaglara, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynyň raýat gurluşygy, ylym we tehnika ulgamyndaky iň abraýly “Zhan Tianyou” baýragyna mynasyp boldy.

“Bagtyýarlygyň” ilkinji daşary ýurt taslamasy bolandygyny bellemek gerek. Şol ýerde «PetroChina» kompaniýasy tarapyndan “Sanly gaz ýatagy” platformasy guruldy. Häzirki wagtda ol özüne 125-den gowrak ulanyş guýusyny birleşdirýär.

Turba geçirijiniň işe girizilen pursadyndan bäri şu ýylyň ýanwaryndaky ýagdaýa görä, Merkezi Aziýadan Hytaýa 336 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi. Şunda Türkmenistan iberilen “mawy ýangyjyň” 85 göterimini üpjün etdi.

Gürrüňimizi dowam etdirip, “Gazprom” bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň arasynda tebigy gazy satyn almak barada baglaşylan bäş ýyllyk şertnamanyň çäklerinde Russiýa Federasiýasyna hem Orta Aziýa — Merkez gaz geçirijisi boýunça gaz iberilýändigini bellemek gerek.

Diýarymyzyň ähli gaz magistrallaryny bütewi ulgama birleşdiren Gündogar — Günbatar gaz geçirijisiniň gurluşygy ýurdumyzyň gaz ulag ulgamyny ösdürmegiň ýolunda uly ädim boldy. Şunuň netijesinde, “Döwletabat” hem-de “Galkynyş” ýaly ägirt uly tebigy gaz ýataklary bar bolan Mary welaýatyndan gazy rewers görnüşinde Ahal we Balkan welaýatlaryna ibermäge mümkinçilik döredi. Mundan başga-da, Gündogar — Günbatar gaz geçirijisi türkmen energiýa serişdelerini Hazaryň üsti bilen halkara bazarlara eksport etmekde ulanylyp bilner.

Hazar deňziniň türkmen bölegindäki hem-de Hazar deňziniň kenar ýakasyndaky, şonuň ýaly-da Merkezi Garagumdaky geljegi uly nebitgaz ýataklaryny, şeýle hem ägirt uly “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan çalt özleşdirmegiň taslamalaryny durmuşa geçirmek dowam etdirilýär. Dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan “Galkynyşyň” gorlary, “Ýaşlar” hem-de “Garaköl” ýataklary bilen bilelikde, häzirki wagtda 27 trillion kub metr möçberinde kesgitlenilýär.

Ozal bu ýerde ýylda harytlyk gazyň 30 milliard kub metrini öndürmäge mümkinçilik berýän desgalaryň toplumy ulanmaga berlipdi, häzirki wagtda TOPH gaz geçirijisini “mawy ýangyç” bilen üpjün etmäge niýetlenen şoňa meňzeş we şonuň ýaly kuwwatlykdaky toplumlar gurulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça nebitiň we gazyň, beýleki tebigy serişdeleriň täze gorlaryny ýüze çykarmaga gönükdirilen geologiýa-gözleg işleriniň gerimi giňelýär. Ýurdumyzyň gündogar sebitiniň çig mal binýadyny berkitmek bu işleriň esasy ugurlarynyň biridir.

Şunuň bilen baglylykda, täze önümli gatlaklaryň ýüze çykarylmagy mümkin bolan öňki ýataklaryň çäklerinde, şeýle hem golaýda ýerleşýän geljegi uly meýdançalarda geofiziki barlaglar hem-de gözleg-buraw işleri amala aşyrylýar.

2019-njy ýylda “Malaý” ýatagynyň golaýynda açylan «Täjibaý» ýatagy şeýle mysallaryň biridir. “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň hünärmenleriniň geçiren ilkinji buraw guýulary gazyň senagat akymyny berdi.

Şu sebitde uglewodorodlar uly bolmadyk çuňluklarda jemlenendir hem-de özleşdirmäge örän elýeterlidir.

Seýsmiki barlaglaryň we gözleg burawlaryň şunuň ýaly toplumy Naýyp hem-de Bagaja ýataklarynyň töwereklerinde hem bellenendir. Şolaryň binýadynda gazy gaýtadan işleýän, şol sanda suwuklandyrylan gaz öndürýän kuwwatly toplumlar işleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tutuş halk hojalyk toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberlerini we görnüşlerini artdyrmaga gönükdirilen ykdysady strategiýasyna laýyklykda, soňky ýyllaryň dowamynda uglewodorod çig malyny düýpli gaýtadan işlemäge ýöriteleşen örän iri döwrebap senagat desgalary ulanylmaga tabşyryldy.

Hususan-da, bular ýokary dykyzlykly polietilen hem-de dürli görnüşli polipropilen çykarýan Gyýanlydaky polimer zawodydyr, şeýle hem Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän dünýädäki ilkinji zawoddyr. Bu desgalar Ýaponiýanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň esasy kompaniýalarynyň we banklarynyň gatnaşmagynda guruldy.

Geljekde täze gazhimiýa toplumlaryny ýurdumyzyň her welaýatynda, şol sanda polietilen we polipropilen, kauçuk we polistirol, poliwinilasetat, metanol we beýlekileri öndürjek toplumlary gurmak meýilleşdirilýär.

Umuman, ylmy-tehniki ösüşiň soňky gazananlarynyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we enjamlaryň işjeň ulanylmagy pudagyň kuwwatyny artdyrmagy üpjün edýär, dünýäniň energetika döwleti hökmünde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrýar.

Ine-de, esasy pursat ýetip gelýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmagynda sensor panelindäki ýörite goýberiş düwmesine basyp, gaz gysyjy bekedi ulanyşa girizýär.

Zalda oturdylan uly monitorda şol pursatda görkezilip duran tehnologik gurluşda bu ýerden ugradylan harytlyk gazyň magistral gaz geçiriji ulgama baryp gowşandygyny aňladýan görkezijiniň yşygy işläp başlaýar.

Bu taslama “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar — “Petro Gas LLP” (Beýik Britaniýa) bilen bilelikde amala aşyryldy. Gaz gysyjy enjamlar dünýäde meşhur “Dresser-Rand S.A.” kompaniýasy (Fransiýa) tarapyndan getirildi.

Gije-gündiziň dowamynda 45 million kub metr gazy akdyrmaga niýetlenen enjamlaryň her biriniň kuwwaty 32 MWt barabardyr. Açylyş dabarasynyň barşynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, gaz gysyjy desganyň gurluşygyna türkmen hünärmenleri-de gatnaşdylar. Olar ähli gurluşyk-gurnama işleriniň 80 göterimden gowragyny ýerine ýetirdiler.

Soňra milli Liderimiz şu günki wakadan ýadygärlik hökmünde Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrýar.

Bekediň hünärmenleri işgärleriň zähmet çekmegine amatly şertler döredilen gazhimiýa pudagynyň döwrebap önümçilik desgasynyň bina edilendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Watanymyzyň bähbidi üçin ak ýürekden zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.

Döwlet Baştutanymyz toplumyň işgärlerine işlerinde üstünlikleri arzuw edip, olara täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Dabara tamamlanandan soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, dikuçara mündi. Dikuçar Türkmenabat şäheriniň howa menziline tarap ugur aldy. Şol ýerden milli Liderimiz Aşgabada ugrady.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18317?type=feed

16.01.2021