Rowaçlygyň ganatynda

«Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Arkadag Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak we sanly ulgama geçmek, ykdysadyýetiň pudaklaryny döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça täzeçe işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň belent tutumlary ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi, Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri, ýeten derejesi we halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşy bilen berk baglydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrüň talabyna laýyk gelýän täze kärhanalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Şeýle-de hereket edýän pudaklaýyn edara-kärhanalaryň kämilleşdirilmegi, özgerdilmegi netijesinde iň kämil, döwrebap enjamlary ornaşdyrmak we olar üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär.

Bazar şertlerinde kärhananyň gurluş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýokary talap bildirilýär. Pudaklaýyn edaralaryň we kärhanalaryň dolandyryş gurluşynyň öz wagtynda özgerdilmegi olaryň içerki we daşarky bazarda bäsdeşlige ukyplylygyna mümkinçilik berýär.

Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we ykdysadyýetiň hojalyk subýektleriniň ösüşini goldamak maksadyndan ugur alyp, bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmaga ýykgyn etmegiň uly manysy bardyr. Milli Liderimiz ykdysadyýetiň her bir pudagyny döwrüň talabyna laýyk ösdürmek üçin ähli zerur tagallalary edýär.

Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirýän iş maslahatlarynda edara-kärhanalaryň maliýe-ykdysady ýagdaýlaryny, önümçilik we hojalyk işlerini yzygiderli seljerip, önümçilikleriň doly kuwwatynda, bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek boýunça möhüm wezipeleri kesgitleýär. Şeýle hem çykdajylary seljermek we olaryň zerur bolmadyklaryny aradan aýyrmak arkaly önümiň, işleriň we hyzmatlaryň özüne düşýän gymmatyny peseltmek çäreleriniň yzygiderli geçirilmegine berk gözegçiligiň amala aşyrylmagynyň zerurdygyny nygtaýar.

Türkmenistanyň häzirki döwürde täze ösüş ýagdaýyna tarap hereketi hormatly Prezidentimiz tarapyndan yglan edilen, ýurdy senagat-innowasion taýdan ösdürmäge we ähli ugurlar boýunça döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen syýasata laýyklykda amala aşyrylýar. Geljekki ykdysadyýetçileri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebiniň wekili hökmünde bu işlere goşant goşmak biziň mukaddes borjumyzdyr.

Babamyrat TAGANOW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/23495