16-njy martda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça amala aşyran iş saparynyň barşynda şäheriň birnäçe desgalaryndaky hem-de welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Milli Liderimiz Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde gurulýan Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde ilatyň döwrebap durmuş amatlyklarynyň hözirini görüp ýaşamagy, netijeli işlemegi we okamagy, göwnejaý dynç almagy, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleriň üpjün edilmegi bilen baglylykda, sanly tehnologiýalaryň we intellektual ulgamlaryň esasynda kadaly şäher giňişliginiň döredilmeginiň esasy ýörelge boljakdygyny nygtady. Ýagny bu ýerde adamlaryň ýaşamagy üçin has oňaýly smart siti — «akylly» şäher gurlar.
Şu ýerde döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenen taslamalaryň sanawy hem-de olaryň gabaralary haýran galdyrýar. Olar: başlangyç hem-de orta hünär okuw mekdepleri, ýörite sungat we çagalar sungat mekdepleri, saglyk öýi, 720 orunlyk orta mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy, köpugurly sport toplumy, 10 müň orunlyk stadion, suw toplumy, seýilgählerdir dynç alyş zolaklarydyr. Şeýle hem bu ýerde oba hojalyk, maliýe-ykdysadyýet, senagat-kommunikasiýa toplumlaryna degişli binalar, «Türkmenistan» we «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banklarynyň welaýat şahamçalary, Merkezi bankyň welaýat dolandyrmasy, myhmanhana, Döwlet sirki, Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebi, atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, söwda we dynç alyş merkezi, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň edara binasy, 360 orunlyk köpugurly hassahana, 150 orunlyk onkologiýa merkezi, 150 orunlyk enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş hem-de «Tiz kömek» merkezleri ýerleşer. Bu ýerde ähli amatlyklary özünde jemleýän 7 gatly 28 öýli, 56 öýli, 42 öýli, 9 gatly 54 öýli, 5 gatly, 30 öýli we 40 öýli ýaşaýyş jaýlary, şeýle hem welaýatyň çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi gurlar, ýerüsti geçelgeler, yşyklandyryjy ulgam, ýol-ulag düzümine degişli bezegler dörediler.
Şunlukda, ykjam we sazlaşykly işleýän, adamlaryň döwrebap hem-de oňaýly ýaşamagy üçin sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze megapolis gurşawy emele geler.
Elbetde, biz bu sanawy ýöne ýere getirmedik, çünki şeýle edilende, taslamanyň hakyky möçberlerine doly derejede akyl ýetirmek mümkin. Elbetde, munuň özi mähriban halkynyň oňaýly, rahat hem-de döwrebap durmuşyň hözirini görüp ýaşamagyny ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň jöwher pähim-paýhasynyň miwesidir.
***
Häzirki wagtda bütin dünýäde sanly ykdysadyýetiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýan smart siti — «akylly şäher» näme? Biz bu jümle bilen teleýaýlymlardyr metbugatda has köp ýüzbe-ýüz bolýarys.
Bu adalganyň, hususan, soňky ýyllaryň «önümidigini» nekirtläp oturmagyň hajaty ýok, many-mazmun gerimi babatda dürli pikirleriň orta atylýandygyny nazarda tutsaň, onuň täze dörän, janly, hereketdäki düşünjedigi mälim bolýar. Bu, edil şäherleriň özi kimin, ösýän, kämilleşýän düşünjedir.
Her niçigem bolsa, bilermenler şeýle taslamanyň 8 sany esasy aýratynlygyny öňe sürýärler. Ine, olar: «akylly» dolandyryş, «akylly» energetika, «akylly» öý, «akylly» ykjamlyk, «akylly» şäher gurşawy, «akylly» tehnologiýa, «akylly» saglygy goraýyş we «akylly» raýat.
BMG-niň maglumatlaryna görä, 2030-njy ýylda dünýä ilatynyň 60 göterimden gowragy ýarym milliondan geçýän ilaty bolan uly şäherlerde ýaşar. Bütin dünýäde bireýýämden bäri urbanizasiýa — şäherleşmek hadysasy güýçli depginde dowam edýär. Onsoň, döwletlere çalt köpelýän ilatly şäherlerde adamlaryň durmuşynyň amatlylygyny we abadançylygyny üpjün etmek üçin çözgütleri gözlemek esasy orna çykýar, şu ýerde-de tehnologiýalar kömege gelýär.
Dünýäniň barha artýan ilatynyň doly derejeli üpjünçiligini gazanmak üçin bolsa tygşytlylyk möhümdir. Şeýle şäherler elektrik togunyň we suwuň ýerlikli sarp edilmegini gazanmaga, elektrik ulaglaryna doly geçmek arkaly ýangyjy tygşytlamaga, galyberse-de, hojalyk hyzmatlaryny onlaýn usula geçirmäge, hasaplaýjy enjamlardan maglumatlary öý eýesiniň gatnaşmagyny aradan aýyrmak arkaly almaga we gaýry ýeňillikleri gazanmaga mümkinçilik berer. Sada dilde aýtsak, öý eýesi, ýagny «akylly şäheriň» ýaşaýjysy ykjam telefony arkaly öýdäki, edaradaky ähli işlerini dolandyryp, gözegçilik edip biler.
Dünýäde şeýle şäherleriň hatarynda Barselona, London, Oslo, Amsterdam, Şanhaý, Sýurih, Boston, Nişşe, Stokgolm, Moskwa we beýlekiler bar. Mysal üçin, Singapurda «akylly» tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy köçe-ulag hereketini kadalaşdyrmaga mümkinçilik berdi. Bu şäherde «akylly» ýol yşyklary goýuldy, ulag akymynyň gysbylygynyň derejesini kesgitlemek arkaly döräp biläýjek dyknyşyklaryň deslapdan öňi alynýar. Barselonada bolsa suwuň, elektrik togunyň sarp edilişini tygşytlamak, howanyň hapalanmagynyň öňüni almak, zir-zibilleri äkitmek we gaýtadan işlemek, şäheriň asudalygyny gazanmak, ulag goýalgalary babatdaky meseleleri çözmek mümkin boldy.
Hawa, «akylly» şäher ýaşamaga oňaýly, howpsuz ýerdir. Bu ýerde ähli işlere gözegçilik edilýär, kämilleşdirilýär. Smart siti tygşytly megapolis bolmak bilen, onda ähli gorlar akylly-başly we ýerlikli ulanylýar, adamlaryň wagtyny netijeli peýdalanmagy üçin amatly şertler üpjün edilýär.
Bilermenler şeýle-de bu öňdebaryjy pikiriň üznüksiz kämilleşdirilmäge degişlidigini, özem bu işiň ädimme-ädim geçilende, şäherleriň ýaşaýyş üçin has-da ygtybarly bolup durýandygyny nygtaýarlar.
***
Bular barada hormatly Prezidentimiz hem iş saparynyň barşynda aýratyn, jikme-jik durup geçdi. Elbetde, şeýle döwrebap şäherleriň aýrylmaz bölegi amatly ekologiýa gurşawynyň döredilmegi bolup durýar.
Ekologiýa meselesi Gahryman Arkadagymyzyň ýöredýän il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli syýasatynyň iň wajyp ugurlarynyň biridir. Bu barada söz açyp, milli Liderimiz täze şäher taslamasynyň çäginde wajyp düzüm bolan elektromobilleriň hereketi, awtoulaglary goýmak üçin niýetlenen «akylly» awtoduralgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly meselelere ylmy esasda çemeleşmek barada hem görkezme berdi. Döwlet Baştutanymyz şäherlerde we ilatly ýerlerde arassaçylygyň berjaý edilmeginiň wajypdygyny belläp, «akylly» şäher konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, zir-zibiller üçin «akylly» gaplary ornaşdyrmak barada-da aýtdy. Munuň özi ekologiýa meselesiniň oňyn çözülmegini hem-de şäher abadançylygynyň baş şertini emele getirer diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Bir söz bilen aýdylanda, Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezi, milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, şäher medeniýeti babatda hem-de ekologiýa nukdaýnazaryndan nusgalyk bolmalydyr.
***
Biz ösen tehnologiýalar dünýäsinde ýaşaýarys. Mundan o diýen uzak bolmadyk döwürde bu günki bolup geçýän tehnologik-innowasion ösüş biziň üçin hyýaly bir zat, misli erteki bolup görünse-de görnerdi, emma häzir beýle däl.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dünýäde gazanylýan tehniki-tehnologik öňegidişliklere tiz seslenýär, döwrebap innowasion pikirleri milli ykdysadyýetiň pudaklaryna, durmuşa ornaşdyrmaga ähmiýet berýär. Ýurdumyzda gazanylýan şeýle ösüş-özgerişler bolsa, elbetde, häzirki zaman dünýäsinde bolup geçýän ýagdaýlara çuňňur düşünýän hormatly Prezidentimiziň ýöredýän juda oýlanyşykly we öňdengörüji syýasatynyň miwesidir.
Şonuň üçin geçmişde azym-azym döwletler gurlan türkmen topragyny ýakyn geljekde döwrebap, «akylly» şäherleriň bezejekdigine birjik-de şübhelenmese bolar.
Hemra HUDAÝGULYÝEW.
«Türkmenistan».