Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, onuň halkara abraýyny has-da belende götermek boýunça beýik işler durmuşa geçirilýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ösüşi, täze belentliklerine tarap öňe gitmegi biziň eziz Diýarymyza bolan buýsanjymyza buýsanç goşýar, ony has-da gülledip ösdürmek üçin belent maksatly işlere goşant goşmaga höweslendirýär.
Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň geçen döwründe geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçirilen duşuşykda, soňra Hökümetiň nobatdaky mejlisinde we ýakynda geçirilen iş maslahatynda belleýşi ýaly, özgertmeler üstünlikli amala aşyrylyp, ýokary we durnukly ykdysady ösüş ýeterlik derejede üpjün edilýär.
Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak we bu senäni zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrmak üçin işleriň giň gerim bilen ýaýbaňlandyrylan häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şunda milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugry hökmünde telekeçiligi ösdürmäge ähmiýet berilýändigini-de bellemek gerek.
Bu hakynda hormatly Prezidentimiz: «Häzirki döwürde ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi, hususy başlangyçlary sazlaşykly hem-de netijeli ösdürmek üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Telekeçiler ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga saldamly goşant goşýarlar. Daşary ýurt harytlarynyň ornuny tutýan we beýleki döwletlere iberilýän bäsleşige ukyply önümleriň önümçiligi barha ösdürilýär» diýip belleýär.
Ýurdumyzyň telekeçileriniň işi, ösüşiniň rowaç ýoly barada gürrüň edilende, anyk sanlara we maglumatlara salgylanmak ýerlikli bolsa gerek. 2021-nji ýylyň iki aýynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüşi 122 göterime, senagat önümleriniň öndürilişiniň ösüşi 101,7 göterime deň boldy.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň altyn gaznasy hasaplanylýan telekeçileriň bitirýän işlerine ýokary baha berilýär, olara uly ynam bildirilýär, durmuş-ykdysady ösüşiň, halkymyzyň abadan, bagtyýar, bolelin durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen taslamalaryň, şol sanda iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi olara ynanylýar. Munuň özi «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Maksatnamany», Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmekde olara uly ynam bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolup durýan telekeçileriň alyp barýan işleri, durmuşa geçirýän taslamalary möçber taýdan-da, ähmiýeti babatda-da uludyr. Şeýle iri taslamalaryň biri-de Aşgabat —Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoludyr. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine buýrujy hem-de baş potratçy hökmünde çykyş etmek bilen, bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň we onuň desgalarynyň taslamasyny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak, şeýle hem olary dolandyrmak boýunça işleri ýerine ýetirmäge ygtyýar berildi. Bu babatdaky Karar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köpugurly ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek arkaly Türkmenistanyň geoykdysady mümkinçiliklerini has doly peýdalanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde hususy pudagyň tutýan ornuny artdyrmak maksady bilen kabul edildi.
Häzirki wagtda uzynlygy 600 kilometr, umumy bahasy ABŞ-nyň 2 milliard 300 million dollaryna barabar bolan bu taslama durmuşa geçirilýär.
Şeýle iri taslamalaryň hatarynda Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezini — täze şäheri hem bellemek bolar. 2019-njy ýylyň 10-njy aprelinde hormatly Prezidentimiz onuň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşyp, Türkmenistanda täze nusgadaky şäheriň gurluşygyna badalga berdi.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kärhanalar özlerine ynanylan işleri üstünlikli ýerine ýetirýärler. 2020-nji ýylyň 10-njy noýabrynda ýurdumyzyň paýtagtyny ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan durmuş-medeni maksatly desgalar toplumy munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şol taryhy gün Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde 12 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 6-sy, 72 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 10-sy, şeýle hem medeni maksatly desgalar ulanylmaga berildi. 2020-nji ýylda türkmen telekeçileri tarapyndan Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda 200 orunlyk Ýokanç keseller hassahanasynyň, towuk etini öndürýän kärhananyň, paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynda bezeg metal gurnama önümlerini öndürýän kärhananyň, Büzmeýin etrabynda 600 orunlyk orta mekdebiň we beýleki desgalaryň gurlandygyny-da bellemek gerek.
Ýeri gelende, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy gurluşyk kompaniýalarynyň tagallasy bilen Moldowa Respublikasynda çagalar bagynyň, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda orta mekdebiň gurlandygyny-da belläsimiz gelýär.
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga saldamly goşant goşýan telekeçileriň tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary we durmuş maksatly beýleki desgalar gurlup yzygiderli ulanylmaga berilýär. Türkmen telekeçileri milli ykdysadyýetimiziň beýleki ugurlarynda hem netijeli işleýärler. Olar obasenagat toplumynda, syýahatçylyk, söwda, dokma pudaklarynda, azyk senagatynda, hyzmatlar ulgamynda hem netijeli işleri alyp barýarlar. Telekeçilerimiz önüm we haryt bolçulygynyň döredilmegine saldamly goşant goşýarlar. Hususy pudagyň işgärleriniň tutanýerli zähmeti bilen azyk, oba hojalyk, senagat önümleriniň bolçulygy döredilýär. Olar öz harytlary, önümleri bilen dünýä bazarlaryna çykýarlar. Bularyň hemmesi türkmen telekeçiliginiň özgertmeler we ösüş ýolunyň üstünliklere beslenýändigini görkezýär.
Hawa, hormatly Prezidentimiziň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bildirýän ynamy uly, olaryň netijeli işlemekleri üçin döredýän mümkinçilikleri, milli ykdysadyýetimizi, şol sanda hususy pudagy ösdürmek boýunça öňde goýýan wezipeleri türkmen telekeçiliginiň ösüşiniň rowaç ýoluny üstünliklere besleýär.
Tirkeş MÄMMEDOW,
«Mugallymlar gazeti».