Durnukly ösüşiň belent maksatlaryna ýetmegiň ýolunda ähli pudaklar sazlaşykly ösüş ýoluna düşüp, täze önümçilik kuwwatlyklary emele geldi. Sanly ulgamyň peýda bolmagy bilen ykdysady ösüş belent derejelere çykdy. Ýaşlaryň bilim almagyna, ylym öwrenmegine barha giň ýol açyldy. Gahryman Arkadagymyz eziz Diýarymyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde, ylym hem-de önümçilik gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda ýokary bilimli işgärleriň taýýarlanylmagyny üpjün etmegiň möhümdigine hemişe ünsi çekýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak Konsepsiýasyna laýyklykda, halk hojalygynyň ähli ugurlary bilen bir hatarda ylym ulgamynda hem degişli işler ýola goýulýar. Sanly tehnologiýany giňden ulanmak arkaly ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arasyndaky özara baglanyşygy has-da işjeňleşdirmek, milli ykdysadyýetimizdäki sanly özgertmeleri ylmy-tehniki we intellektual taýdan üpjün etmek göz öňünde tutulýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiz ählitaraplaýyn ösdürilýär. Şeýle uly, beýik ösüşlerde sanly ulgamyň ähmiýeti has-da uludyr. Bu babatda döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň täze gazananlaryna esaslanmak baş ugur bolup durýar. Şeýle hem ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti kemala getirmekde elektron senagatynyň ösdürilýändigi bellärliklidir. Sebäbi innowasion, ýokary tehnologiýalara esaslanýan önümçilikleriň ýola goýulmagy sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm ugurlarydyr. Şunda bilim mümkinçilikleriniň artdyrylmagy, bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagy ýaly ugurlara aýratyn üns berilýär. Munuň özi durmuşa geçirilýän işleriň toplumlaýyn häsiýete eýe bolýandygyny, sanly ykdysadyýetiň berk binýadynyň goýulýandygyny aýdyň görkezýär. Sanly ykdysadyýete geçmegiň esasy serişdesi hökmünde kesgitlenen kompýuter tehnologiýasyny giňişleýin peýdalanmakda we döwrebap aragatnaşyk ulgamyny kemala getirmekde döwletimizde oňyn öňegidişlikler gazanyldy. Önümçilik binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy bu ugurdaky ösüşlerimize doly şaýatlyk edýär.
Sözüň doly manysynda ulgamlaýyn düzüme goşulan sanly, kompýuter tehnologiýalary ykdysadyýetiň ösüşiniň möhüm şerti hem-de halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň netijeli işleriniň möhüm bölegi bolup durýar. Häzirki döwürde ähli maglumat ulgamlary sanly tehnologiýalaryň esasynda işleýär. Şu nukdaýnazardan, döwrebap düşünjeli kompýuter enjamlaryndan baş çykarýan, kämil tehnologiýalara erk edýän ýaşlary ýetişdirmek döwrüň möhüm talabyna öwrüldi. Şonuň üçin eziz Diýarymyzda pudaklaryň we orta hünär okuw mekdepleriniň bilelikdäki tagallalary netijesinde edara-kärhanalaryň binýadynda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ýörite okuwlaryň guralmagy esasynda sanly ulgama geçmek işi netijeli häsiýete eýe bolýar.
Başymyzyň täji, gözlerimiziň röwşeni ata Watanymyzda eýelenýän şeýle ýokary sepgitler, gazanylýan üstünlikler, ilkinji nobatda halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, bir başa bakmak ýol-ýörelgesiniň barha rowaçlanýandygynyň nyşanydyr. Agzybirlik, jebislik we bitewilik ýörelgesi ýurdumyzda döwlet syýasatynyň iň bir ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ähli üstünliklerimiziň hem rowaçlyklarymyzyň seresi bolan bu mukaddes ýol-ýörelgäniň häzirki bagtyýarlyk döwrümizde has-da ösdürilýändiginiň şaýady bolmak her bir ildeşimiz üçin diýseň guwandyryjydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz rowaçlyklara beslenip, göwünleri galkyndyrýar. Durnukly ösüşiň belent maksatlaryna ýetmegiň ýolunda milli Liderimiziň alyp barýan giň gerimli netijeli işleri halkymyzyň bagtyýarlygyna, ýurduň gülläp ösmegine gönükdirilendir. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylýan şöhratly ýylymyzyň her bir güni, her pursady ýatda galyjy toý-baýrama, şanly wakalara beslenýär. Bu hakykat ajaýyp döwrümiziň adyna mynasyp bagtyýarlyk döwri bolup, bu günki gün agzybir jemgyýetimiziň bagtyýarlygynyň, abadan döwletimiziň berkararlygynyň mizemezdiginden habar berýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramçylygynyň bellenilýän, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ösüşi täze belentliklere göterilýär. Biz muny halkymyzyň bagtyýar durmuşynda, Diýarymyzyň rowaçly gadamlarynda aýdyň görýäris. Il-halk bähbitli şeýle döwletli işleriň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, irginsiz zähmeti, halkymyza bolan belent söýgüsi bar. Goý, ata Watanymyzy ösüşiň şaýoly bilen öňe alyp barýan hormatly Arkadagymyzyň jany sag, beýik işleri rowaç bolsun!
Ýazgül MOLLAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 75-nji orta mekdebiň mugallymy.