Dünýäde ählumumylaşmak hadysasynyň ýitileşmegi ýurdumyzyň daşary söwda-ykdysady ulgamyny döwrüň talaplaryndan ugur alyp ösdürmekde täzeçil çemeleşmeleriň ulanylmagyna şert döredýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen ýylda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde tassyklanan Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasy daşary ykdysady gatnaşyklary döwrebap derejede ösdürmek ugrunda ädilen möhüm ädimleriň ýene biri boldy. Milli ykdysadyýetiň önümçilik we eksport mümkinçilikleriniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna ýardam berjek bu Strategiýanyň durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm orun eýelejekdigini ynam bilen aýtmak bolar.
Daşary ykdysady syýasat hem hemişe ýurduň milli bähbitlerinden ugur alýar. Mazmuny boýunça syýasatyň bu ugry syýasy, ykdysady, durmuş mümkinçiliklerini pugtalandyrmak we dünýä ykdysadyýetine netijeli gatnaşmak üçin daşary ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek we ulanmak boýunça döwletiň anyk maksada gönükdirilen işini aňladýar. Döwlet tarapyndan daşary ykdysady aragatnaşyklary ösdürmegiň maksatlarynyň we wezipeleriniň kesgitlenilmegi ykdysadyýeti döwletiň kadalaşdyrmagyny aňladýar. Çünki dünýä ýurtlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek we işjeňleşdirmek häzirki döwrüň möhüm meselesi bolmak bilen, ony üstünlikli amala aşyrmak wezipesi döwletiň paýyna düşýär.
Dünýä ösüşiniň häzirki şertlerinde hiç bir döwlet beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmezden, milli ykdysadyýetini özbaşdak ösdürmäge ukyply däldir. Bu ählumumylaşýan ykdysadyýetiň esasy häsiýetleriniň biri bolup, ol dünýä ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady çygyrda hyzmatdaşlyk etmegiň täzeden-täze ugurlarynyň ýüze çykmagyna şert döredýär. Dünýä ykdysadyýetiniň depginli ösüşi döwür bilen aýakdaş gitmek, halkara söwdanyň ösüş meýillerinden ugur alyp, milli söwda ulgamyny strategiýalaýyn ösdürmek wezipesini döwrüň wajyp wezipeleriniň birine öwürýär. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçen ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «Biz daşary ykdysady strategiýamyzda daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine, söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berýäris» diýip, aýratyn nygtap aýdan sözleri ykdysady durnuklylygy üpjün etmekde we ýönekeý bolmadyk häzirki şertlerde ony saklamakda söwda ulgamynyň ähmiýetli ugurlaryň biri bolup durýandygyny aňladýar. Şol forumda ýurdumyzyň bagtyýar geljegini üpjün etmekde ähmiýeti ýokary täjirçilik we söwda strategiýasyny işläp taýýarlamaga-da badalga berlendigi bellenilip geçilse, ýerlikli bolar.
Dünýä ykdysadyýetiniň depginli ösýän häzirki şertlerinde döwlet syýasatynda daşary söwda ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilmegi, ilkinji nobatda, onuň ýurduň ösüşiniň esasy makroykdysady görkezijilerine özüniň uly täsirini ýetirýändigi bilen baglanyşyklydyr. Mysal üçin, eksport edilýän önümleriň möçberiniň artmagy diňe bir ýurdumyza altyn pul akymlarynyň gelmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmen önümleriniň daşary bazarlara çykarylmagy ýerli öndürijilerimiz tarapyndan bäsdeşlige ukyply önümleriň has-da köp öndürilmegini höweslendirýär. Netijede, jemi içerki önümiň, şol sanda öndürilýän ýokary hilli önümleriň möçberi artýar. Mundan başga-da, söwda gatnaşyklarynyň oňyn netijeleri, öz gezeginde, önümçiligiň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagynda, işgärleriň hünär başarnyklarynyň ýokarlanmagynda, täze iş orunlarynyň döredilmeginde özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Bu aýratynlyklar daşary söwdanyň netijeli guralan, işiň oýlanyşykly ýola goýlan ýagdaýynda ýurduň ykdysady we durmuş taýdan ösüşine oňyn täsirini ýetirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistan halkara zähmet bölünişiginde öz serişde, senagat we ylmy mümkinçiliklerine doly laýyk gelýän orny eýelemäge çalyşýar. Bu strategik wezipäniň amala aşyrylmagy daşary ykdysady, şol sanda söwda gatnaşyklarynyň döwlet tarapyndan kadalaşdyrylmagyny, ýagny daşary ykdysady syýasatyň oýlanyşykly işlenilip taýýarlanmagyny, degişli institutlaryň ösen ulgamynyň we dolandyryş mehanizminiň bolmagyny talap edýär.
Türkmenistanyň daşary söwda Strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin syýasy we ykdysady häsiýetli birnäçe şertleriň bardygy aýratyn bellärliklidir. Daşary söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde biziň ýurdumyz bu gün bitaraplyk hukuk derejesinden ýerlikli peýdalanýar. Bu halkara hukuk derejesi söwdada özara bähbitli we deň hukukly hyzmatdaşlygy amala aşyrmak üçin amatly içerki we daşarky şertleriň birnäçesini döredýär. Ýurdumyzda syýasy durnuklylyk, bir tarapdan, içerki önümçiligi ösdürmäge, ýagny baý tebigy serişdelerimizi senagat taýdan gaýtadan işlemegiň esasynda täze innowasion önümleri öndürmäge ýardam berse, beýleki tarapdan, ýurdumyzyň Ýewropanyň we Aziýanyň, Gündogaryň we Günbataryň çatrygynda geografik taýdan amatly ýerleşmegi içerki ösüş üçin, şeýle hem giň halkara hyzmatdaşlygyň bähbitlerine hyzmat edýän möhüm esas hökmünde çykyş edýär. Häzirki döwürde ýurdumyzy Merkezi Aziýanyň ulag giňişliginiň «Demirgazyk — Günorta» we «Gündogar — Günbatar» üstaşyr ulag halkasyna öwürmek ugrunda giň gerimde alnyp barylýan işler halkara söwdanyň işjeňleşmegine oňyn täsirini ýetirýär. Şunda «Demirgazyk — Günorta» ugry ýük akymlarynyň Demirgazyk Ýewropadan Pars aýlagyna, «Gündogar — Günbatar» ugry bolsa Günorta we Merkezi Ýewropadan Günorta we Günorta — Gündogar Aziýa ýurtlaryna hem-de Hytaýa ýükleriň üstaşyr geçirilmegini üpjün edýär. Bu şertler daşary söwdada hyzmatdaş hökmünde Türkmenistany has-da özüne çekiji edýär.
Ýurdumyzyň daşary söwda gatnaşyklaryny täze derejä çykarmak üçin, ilkinji nobatda, ýurtda öndürilýän harytlaryň köp görnüşliligini we hiliniň ýokarylygyny üpjün etmek zerur bolup durýar. Munuň üçin milli ykdysadyýete maýa goýumlaryň has-da köp möçberde çekilmegi, şeýle-de türkmen işewürleriniň eksporta gönükdirilen we importy çalyşýan önümleri öndürmäge çalyşmaklary täze mümkinçilikleri açýar.
Häzirki döwürde ykdysady strategiýada ýurduň önümçilik we söwda kuwwatyny artdyrmakda türkmen işewürleriniň mümkinçiliklerini has doly ulanmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Kiçi we orta telekeçilige ýardam bermek we olary ösdürmek çäreleriniň döwlet syýasatynda iň möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenmegi hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Türkmenistanda iş bilen meşgullanýanlaryň 75 göterimine golaýynyň döwlete dahylly däl ulgamda zähmet çekmegi onuň döwrüň möhüm meselelerini çözmekde uly güýç bolup durýandygyna we döwlet strategiýasyny amala aşyrmakda mümkinçilikleriň uludygyny görkezýär.
Ýurduň ýakyn we orta möhlete niýetlenen daşary söwda Strategiýasy, bir tarapdan, oýlanyşykly, maksadalaýyk hereketlerden ybarat bolsa, beýleki tarapdan, häzirki döwürde dünýäniň syýasy we ykdysady giňişliginde ýagdaýlaryň diýseň çalt üýtgäp durmagy netijesinde, öňünden kesgitläp bolmaýan wakalara we barha ýitileşýän bäsleşiklere tiz seslenmegiň usullarynyň hem göz öňünde tutulmagy wajyp meseleleriň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan «ýol görkezijiniň» işlenilip taýýarlanmagy ýaňy-ýakynda kabul edilen söwda Strategiýasynyň oýlanyşykly düzülmeginde möhüm hasaplanýar.
Daşary söwda strategiýasyny üstünlikli amala aşyrmak üçin ýurtda diňe bir eksporta niýetlenen ýa-da importy çalyşýan harytlary öndürmek ýeterlik bolman, eýsem, olary daşary bazarlarda öňe sürmegiň usullaryny hem dogry saýlamak möhüm meseleleriň biridir. Munuň üçin daşary ýurt tejribesinde öz oňyn netijelerini görkezen usullardan peýdalanmak, ýagny söwda sergilerini we hödürleniş çärelerini, ýöriteleşdirilen simpoziumlary we amaly maslahatlary guramak, şeýle-de türkmen harytlaryny, hyzmatlaryny, intellektual eýeçiligi dünýä bazarlarynda öňe sürmek boýunça çäreleri geçirmek netijeliligi ýokary usullar hasaplanýar. Mundan başga-da, häzirki döwürde Russiýada, Belarusda, Türkiýede we Hytaýda ýerleşýän ilçihanalaryň ýanynda hereket edýän söwda öýleriniň we wekilleriniň alyp barýan işiniň beýleki ýurtlarda hem göz öňünde tutulmagy döwletara söwda gatnaşyklarynyň has-da işjeňleşmegine ýardam berjek gural bolup durýar.
Häzirki sanly eýýamda maglumat üpjünçiligi ykdysady netijeliligi gazanmagyň gymmatly we ähmiýetli serişdeleriniň biri hasaplanýar. Bu jähetden, ýurdumyzda daşary ykdysady işi ösdürmek we onuň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin daşary söwda maglumatlar ulgamynyň döredilmegine uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda kabul eden Karary esasynda döredilen eksport-import amallary üçin, «Bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara toparyň esasy maksady sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly eksport-import amallary ýeňilleşdirmek üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdyr. Bu, öz gezeginde, şeýle söwda Strategiýasynyň netijeli amala aşyrylmagyna öz oňyn täsirini ýetirjekdigini alamatlandyrýar.
Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasynda synçynyň derejesine eýe döwlet bolup, bu dereje milli ykdysadyýetiň sazlaşykly ösüşini, daşary söwda gatnaşyklarynda eýeleýän ornunyň berkemegini, köptaraply hyzmatdaşlygyň giňemegini, daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmegi üpjün etmek bilen bir hatarda, bazar gatnaşyklarynda özgertmeleriň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin hem täzeden-täze mümkinçilikleri döredýär.
Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygynyň orunbasary, ykdysady ylymlaryň kandidaty.